11:12 Magtymguly -10/ romanyñ dowamy | |
10.
Taryhy proza
Hywanyň hökümdary Gaýyp hany gutlamaga atly emeldarlar, ile belli handyr töreler, ahundyr mollalar üýşüpdi. Han her ýyl tagta çykan gününi uly dabara bilen ýatlaýardy. Oňa telim aý öňünden taýýarlyk görülýärdi, her kim hanyň merhemetini gazanmagyň, onuň nazaryna ilmegiň ýoluny agtarýardy. Gymmatbaha haly dokadýan-da bardy, üýtgeşik ýarag-esbap taýynlýan-da. Han üçin bolsa iň gymmat, iň gadyrly sowgat serwi kamatly, gunça kimin näzik gyz maşgalady. Il içinde «han her çirten gülüni ikinji gezek ysgamaýarmyşyn» diýip, onuň azgynlygy baradaky myş-myş gürrüňler ýöne ýere ýaýranokdy. Hawa, hanyň köşgüne ýurduň men diýen adamlary üýşüpdi, galapynam ýaşy bir çene baran, başlary ak selleli, eginleri parça donly, aýaklary täze mesili, garynlary güberip duran, çişik pyýadalardy. Düýp böwürde, gymmat bahaly daşdyr tylla bilen onuň bezelen tagtyň üstünde Gaýyp han gaýşarylyp otyrdy. Onuň keýpi kökdi, gasyn-gasyn etlek ýüzi açykdy, mes gözleri ýygy-ýygydan ýylgyrýardy. Tagtyň golaýynda dabarany alyp barýan wezir bilen onuň kömekçileri gol gowşuryp, hyzmata taýýar bolup durdylar. Olaryň iki gözi Gaýyp handady, ol nazaryny hanjak sowsa, olaram şol tarapa ýüzlerini öwürýärdiler. Üsti dürli naz-nygmatdan doly pessejik stollar iki hatar edilip goýulypdy. Orta boşlaňdy. Tagtyň gabat böwründe, üstüne owdan türkmen halylary atylan giň sekiniň üstünde sazandalar, aýdymçylar, şahyrlar otyrdylar. Olaryň arasynda Magtymgulam bardy. Olam ýagdaýyna görä bezemen geýnipdi. Egninde täze ýüpek don, başynda ak selle, aýagynda lowurdap duran mesi bardy. Magtymguly dabara öz halkynyň lybasynda — egni gyrmyzy donly, başy ak telpekli, aýagy gara ädikli barmak isläpdi, emma pir rugsat bermändi. Ilki sazandalar saz çaldylar, bagşylar aýdym aýtdylar. Soňra, ýörite geýindirilen ýaş gelin gyzlar tans etdiler. Ahyrda nobat şahyrlara ýetdi. Magtymgulynyň, näme üçindir, endamy dyglap gitdi üstüni sowuk der basdy. Ol ömründe beýle şaglaňy görmändi. Gaýyp hanam, onuň köşgünem ilki sapar görüp durşudy. Töwerek-daş onuň üçin geňdi, üýtgeşikdi. Neneň onsoň endamyň dyglamasyn! Ilki bolup köşk şahyry Mahmyt orta çykdy. Magtymguly onuň adynh eşidýärdi, emma özüni görmändi. Mahmyt şahyryň beýle dabarany köp görenligi, özüne göwni ýetýändigi duýulýardy. Ol gdamyny ynamly göterip, Gaýyp hana golaý bardy, iki bükülip tagzym kyldy. Soňra ýakymly, dury sesi bilen hanyň şanyna goşn goşgusyny okady. Ony hanlaryň hany, adyllaryň adyly, mertleriň merdi, batyrlaryň batyry hökmünde wasp etdi. Dumly-duşdan alkyşlaýyjy sesler gopdy: — Merhaba! — Aperin! — Berekella! Goşgy Gaýyp hana-da ýaran bolara çemeli. Ol mertebesine laýyk tekepbirlik bilen çala başyny yrdy, hoşal ýylgyrdy. Dabara serenjmlyk edýän wezir bolsa şahyryň egnine zerli don atdy. Ýene iki şahyr orta çykdy. Olaram hany öwüp, arşa çykardylar. Emma olaryň okan goşgulary oturanlara Mahmyt şahyryňky ýaly täsir etmedi. Ine, nobat Magtymgula ýetdi. Ol ozalky orta çykan şahyrlardan has ýaşdy. Şonuň üçin bolsa-da bolar, pessejik stollaryň arkasynda gabarlyşyp oturan agalar şahyry geňirgenişip, şübheli bir nazar bilen synldylar. Olaryň arasynda üç-dört sany gaba telpekli türkmenem bardy. Olardan biri: — Ýüň sakal edäýmegin! — diýip, töweregine eşitdirip gygyrdy. Magtymguly hökümdara golaý bardy, baş atyp, tagzym kyldy. Gaýyp han dabara serenjmlyk edýän wezire ýüzlendi: — Şol gökleňli şahyrmy? — Hawa, kyblaýy älem. Muň kakasam ile belli şahyr. Gökleňiň atly ýaşullaryndan biri... Han Magtymgulyny gaýtadan dykgat astyna aldy, ony boýdan-başa synldy. Soňra ýumşaksyrap gepledi: — Men seni beýle juwansyň öýtmeýärdim. Hany, golaýrak gel... — Magtymguly hana golaý bardy. Giň mejlishananyň içi şeýle ümsümlikdi, siňek wyzzyldasa eşidiljekdi. Oturanlaryň barynyň iki gözi han bilen Magtymgulydady. Gaýyp han bu sapar bogazyna bat beribrägeden gepledi: — Gökleň bolsaň, ilatyňyza aýt: gyzylbaşdan türkmene howandar bolmaz. Bärik geçsinler. Men olara ýer diýseler — ýer bererin, suw diýseler — suw. Meň üçin ilki Taňry, soňra raýat. Pessejik stollaryň arkasynda oturanlar «merhaba-da, merhaba» bolşup, özleriçe hana goltgy berdiler. Magtymguly sesini çykarmady. Onuň dymmagy hana ýaramadyk bolara çemeli. Ol sowuk dillendi: — Hany, oka, näme ýazan bolsaň. Magtymguly hanyň ýüzüne eda bilen garady: — Men geçen gije düýş gördüm. Irden turubam, şony kagyzyň ýüzüne geçirdim. Rugsat berseňiz, kyblaýy älem, şony okamakçy. Han Magtymgulyny dikanlap, ýogyn barmaklary bilen çalaran sakgalyny dyrmalap oturşyna, kinaýaly gülümsiredi: — Düýş gördüm diýsene. — Hawa, düýş gördüm. — Irden turubam şony kagyzyň ýüzüne geçirdiňiz. Şeýlemi? — Hawa, kyblaýy älem. Han golaýyndaky nökerleriniň ýüzüne «Eşidýäňizmi?» diýen bir garaýyş bilen garady. Olar erginlerini gysdylar, ýarymsaklyk bilen gülümsirediler. Han ýene sowuk dillendi. — Hany oka. Göreli, nähili düýş gördüňkäň. Magtymguly uludan bir dem alyp, birhowa ýaýdanjyrap durdy. Soňra taýynlan setirlerini ýatdan okady: Ýazygym ýat edip ýüzüm hak edip, Säher nalyş bilen boldum girýana. Dideden ýaş döküp, synam çäk edip, Telbe dek özümni urdum her ýana. Köňlümi geçirdim jümle-jahandan, Ne jahandan, belki, el üzdüm jandan. Hezreti Isadan, Şahymerdandan, Hümmet istäp, bakdym suýy-asmana. Asmanyň ýüzünden kähkeşan uçdy, Nägehan üç äre nazarym düşdi. Iki ýaşyl geýmiş, bir sepitpoşdy, Gözüm gördi, tilim gelmez permana. Magtymguly demine çala aram berdi, hana bakan göz gytgyny aýlady. Onuň bir gapdalyna gyşaryp, agrslanyp oturandygyny görüp dowam etdi: Biri gelip, elin göksümge urdy, Biri bir tyg bilen ýüregim ýardy. Agzyma agz goýup, biri dem urdy, Diýdiler: «Arzyň diý Şahymerdana!» Bular beýle diýgeç, tilim açyldy, Gana-gana meý muhupbet içildi. Köňlüme ýedi dur sowal göçüldi, Diýdim: «Rugsat bolsa, gelsin zybana». Iki uzyn ärdir, bir gysga kaddyr, Diýdiler: «Hoş wagtdyr, ýagşy pursatdyr. Sözüň bolsa sora — diýdi — rugsatdyr, Köňle gelen sözüň gelsin beýana!» Diýdim: «Gökden agyr, ýerden mert nedir? Derýdan baý nedir, daşdan saht nedir? Otdan ýakyjyrak, buzdan sert nedir? Zäherden ajyrak nedir bu jana?» Diýdi: «Ýaman töhmet agyr asmandan, Gaharsyz ýagşy söz giňdir aasmanda. Mynapygyň köňli sahtdyr daşdan, Ähli kanyg meňzär bahry ummana. Jebir etgiji soltan-ýakyjy közden, Bahyldan dilemek — sowukdyr buzdan. Pakyra jebr etmek — ajy zäherden, Öwütdir bu sözler bizden nyşana». Bular beýle diýgeç... Şol wagt hanyň nökerlerinden biri, tanapdan boşan ýaly, kürsäp içeri girdi, keman kimin bükülip tagzym kyldy. Baş wezir ýerinden laňňa galyp, onuň habaryny aldy. Nöker onuň gulagyna nämelerdir pyşyrdady. Weziriň dullugugyna çalnan dek boldy, ýüzünden ýalyn öwüsdi. Ol moýmuldap baryp, eşidenini hana habar berdi. Gaýyp hanyň dabanyna ot basylan dek boldy. Ol ýerinden syçrap galyp, bogazyna sygdygyndan gygyrdy: — Häziriň özünde atlanyň! Obalaryna ot beriň! Ýaşullarynyň boýnuna tanap salyp getiriň! Haýwanlar! Eşşekler! Han tasanjyrap turup gitdi. Wezirler onuň yzyndan ylgadylar. Ör boýuna galyp, geň-taň bolup duran märeke birbada nätjegini bilmän, doňan ýaly bolup durdy. Şol barmana dabara serenjamlyk berýän weziriň sandyrwuk sesi eşidildi. — Dargaň öýli-öýüňize! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |