10:06 Magtymguly -2/ romanyñ dowamy | |
2.
Taryhy proza
Gün ýaşyp, töwerek garaňkyrapdy. Magtymguly tamynda, bagryny ýassyga berip, kakasynyň golaýda tamamlan setirlerini, «Wagzy-azat» eserinden parçlary okap otyrdy. Çig kerpiçden salnan ýeke gat tam şahyryň gowy görýän ýeridi. Ol eli sypynsa tama girýärdi, kitap okap, galam ýöredip, sagatlap ýerinden turman oturýardy. Gyşyna ýyly, tomsuna salkyn bu tam şahyryň özi salypdy. Ol Hywada bolan ýyllary kerpiç guýmagyň, diwar dikeltmegiň tärini ürç edip öwrenipdi. Hajygowşana gelip bolsa, agalarynyň kömegi bilen häzirki oturan tamyny salypdy. Obda şondan başga tam ýokdy, nirä seretseň öýdür kepbedi. Olam sebäpsiz ýere däldi: belli bir ýerde mekan tutup, ine-gana oturyp bolanokdy, gyzylbaşyň zoruna çydap bilmän ýurdy terk edip, baş alyp gidilýän wagtlaram bolýardy. Göçüp-gonmak üçin öýdür kepbeden amatlysy ýokdy. Magtymguly şol tamy zähmetini gaýgyrman, dagdan ýörite agaç getirip, göwnüniň höwesine görä salypdy. Tam giňdi, gündizlerine ýagtydy. Düýp böwürde kitap goýar ýaly giň tekje ýasalypdy. Häzir ol tekje kitapdan doludy. Tamyň içine ýörite örülen gamyş düşelip, onuň üstünden keçe bary atylypdy. Şahyryň adaty oturyp-turýan ýerine — düýp böwre, gülleri ýylgyryşyp duran, owadan haly düşelipdi. Ynha, häzir şahyr şol halynyň üstünde, bagryny ýumşak ýassyga berip «Wagzy-azatdan» parçalary okaýardy. Magtymguly onuň onlarça setirini ýatdan diýen ýaly bilýärdi, kakasynyň zehinine, ukybyna ýürekden guwanýardy. Oňa guwanman kime guwanjak? Döwletmämmet ilat arasynda «ýetmiş iki bilimi»¹ sahypalap çykan alymlardan saýylýardy. Onuň çuň manyly, öwüt-ündewe ýugrulan goşgy-gazallary uly ile meşhurdy. Ol Gurhanyň sürelerini, şerigaty, tarykaty, mirifaty, hakykaty² ýatdan bilişi ýaly, Eflatunyň³, Nesiminiň, Firdöwsiniň, Nyzamynyň, Nowaýynyň eserlerini-de ylham alyjylyk bilen öwrenipdi. Döwletmämmet diňe öz güni, diňe öz tünegi bilen ýaşaýanlardan däldi. Ol töwereginde gopýan wakalara ser saljak bolup çalyşýardy. Onuň göwnüne bolmasa, dünýäniň barha bereketi gaçýardy, durmuşyň barha lezzeti kemelýärdi. Ganly çaknyşyklryň, tozgunçylykly heläkçilikleriň bir tarapy sowulsa, ikinji tarapy abanyp gelýärdi. Millet tükeniksiz mahrumçylygyň ýapyşyk batgalygynda hopugýardy. Nätmeli? Döwletmämmet bu sowala jogap agtarýardy: pikir ýöredýärdi, çak urýardy, nesihat berýärdi. Ol belli-beterem patyşadyr soltanlary, ýurduň ykbal jylawyny gysymyna gysan hökümdarlary duýgurlyk bilen, sahawatlylyk bilen hereket etmäge, milletiň göwnüni tapmaga, onuň maňlaýyndan diremäge çagyrýardy: Patyşah alsa ragaýat köňlüni, Dost tutarlar bes ragaýýatlar ony... Bu köňlüniň, şişesin her kim döger, Durmaý anyň üstüge lagnat ýagar... Hawa, Magtymguly kakasynyň golaýda tamamlan setirlerini, ünsüni tijäp, dykgat bilen okaýardy. Okadygyça höwesi artýardy, ruhy ýöterilýärdi. Ol «Wagzy-azady» bir çetde goýup, başga bir kitaby eline aldy, ony sahypalap başlady. Bu Hakanynyň⁴ kasydalarydy. Daşardan aýak sesi geldi. Salym geçmänkä bolsa Döwletmämmediň sesi eşidildi: — Magtymguly... Aý, Magtymguly! Magtymguly oturan ýerinden gygyrdy: — Men bärde, kaka. Ol okap oturan setitlerini belleşdirip, daşary çykjak bolanam şoldy welin, Döwletmämmediň özi içeri girdi. Ol iç işikde aýak çeldi-de, oglunyň ýüzüne gönüläp garady: — Mämmetsapa nirede? Abdylla-da görnenok. — Olar bagşy diňlemäge gitdiler. — Sen näme üçin gitmediň? — Hakanynyň1 kasydalaryny gutarjak bolýan. — Gowy edýäň oglum. — Döwletmämmet oglunyň ýüzüne içki guwanç bilen garady. — Hakany dana şahyr! Döwletmämmet ogullaryna mähirde tapawut goýmasa-da, iň kiçi ogluna — Magtymgula ýaşyndan ýokary hormat goýýardy, oňa aýratyn uly umyt bilen garaýardy. Dogrusy, onuň keşbinde özüni syzýardy. Olam kakasy kimin ylym yşkyndady, şahyrdy. Döwletmämmet ony bilim almak üçin, dünýäniň alymdyr şahyrlarynyň eserleri bilen tanyşdyrmak üçin Hywa, meşhur Şirgazy hanyň medresesine okuwa iberipdi. Magtymguly bu gün-erte ýene-de şol tarapa atlanmalydy, ýola taýynlyk görüp ýördi. Emma bir ýagdaý onuň aýagyndan gara daş bolup asylýardy: Meňli gyz «gitme» diýýärdi. Gözüne ýaş aýlap, jibrinip «gitme» diýýärdi. Ol gorkýardy. Satylaryn öýdüp gorkýardy. Nätmeli? Magtymguly pikirlenýärdi, gijelerine kirpigini çatman diýen ýaly pikirlenýärdi, derdini paýlaşmaga hemra agtarýardy. Kim bilen paýlaşsyn? Asla ony Meňliniň özünden başga adam bilen paýlaşyp bolarmyka? Ol her näçe oýlansa-da, söýgülisi bilen wagtlaýynça hoşlaşmakdan başga ugur tapanokdy. Kakasy bolsa howlukdyrýardy. Argyşa gidenler Hywdan gelipdiler, garaşara wagt ýokdy. Döwletmämmet oglunyň ýüzüne ýene bir gezek guwançly ýarady-da: — Ýassyn namazam golaýlap ýörendir — diýip, çykyp gitdi. Magtymguly gaýtadan bagryny ýassyga berdi, soňlaman goýan setirlerini okamaga durdy. Şol mahal Mäti peýda boldy, gapydan kellesini uzadyp durşuna, şahyryň öz setirlerini wäşisiräp ýatlady: Bir dilbere duş boldum, Gamzasy ok, gaşy ýaý. Gün haýrandyr görkünden, Hyjalatda dolgan aý... Magtymguly dostuna içerik girmegi, töre geçmegi mürähet etdi. Mäti içerik girdi, emma dyzyny epmedi. Şahyr dikelip pturdy-da, dostunyň höwesden doly gözlerine gönüläp garady: — Görýän weli, keýpiň kök-öw? — Näme kök bolman! Walla, tiziräk atlanasym gelýä. Ýol sökesim, gylyç syrasym gelýä. — Birden älem-jahany gana çaýkaýma. — Çaýkaryn! Öňi bilenem seni çaýkaryn! — Mäti sen-men ýok Magtymgulynyň bilinden ýapyşdy, ýokary göterdi. — Jan aga diý! — Onsuzam «aga» diýdirýän az däl. Sen bir çek eliňi! Mäti elini çekdi, başyny ýaýkady: — Dogry aýdýaň, Magtymguly. Aga köpelipdir. Ynha, indi Adna hanam aga. — Şoň bir adyny tutmasana! — Bolýa adyny tutmadygym bolsun. — Mätiniň gözleri aladaly agyp-döndi. — Ýogsa-da eşitdiňmi: ol şu gün Meňlilere sawçy iberipdir. Emma Meňli «dilim-dilim edip itiň öňüne taşlasaňyzam, men Adna hana barmaryn» diýipdir. — Barmaz! — Magtymguly ol habary eşidipdi. Onda-da gaharly jogap berdi. — Öldürselerem barmaz! — Aý, kim bilýä... Bu zamanda baýlygyň etdirmeýän işi barmy? Ata-enesiniň töweregine goýundyr geçiden agyl çekseler... Wessalam! — Mäti sag elini howada galgadyp goýberdi. — Meňli nätsin? Gözüni sykmakdan başga, näme edip biler öýdýäň? — Ýok, ýok! — Magtymgulynyň eserdeň gözlerinden ýalyn çabrady. — Sen Meňlini tanaňok. — Meňlini tanamasamam, zamana belet. Birden aňňalak gapaýma! Magtymgulynyň keşbi üýtgäp gitdi. Mäti dostunyň ýarsyna duz sepenligini duýdy, onuň ünsüni başga ýana sowjak bolup çalyşdy: — Hywadan argyşa gidenlerem gelipdirler. Saglyk bolsa, bileräk ugrarys. Biz Gandagara, sen Hywa... Gaýgy etme, Magtymguly. Muňa dünýä diýerler. Dünýäniň soňuny görüp gelen ýok diýip özüň aýdýaň ahyry. — Golaýdan gyzlaryň lälesi eşidildi. Mäti has hem janykdy. — Eşidýäňmi? Meňlem şo taýdadyr. Gideli... — Magtymguly ýerinden gozganmady. Mäti onuň golundan tutdy-da, batly çekdi. — Tursana aýt! Olar tirkeşip daşaryk çykdylar. Tebigat tukatdy, ýumşakdy. Egsigine dogan aý töwerege ölügsi şöhle saçýardy. Ýyldyzlaryňam ýüzi tutukdy. Soluksy ýagtylyk jümle-jahana birhili üýtgeşik görk berýärdi. Obanyň hysyrdysy ýatypdy, Sary gawun bişipdir, Sapagyndan düşüpdir. Meniň joram, aý, gyzlar, Ýat illere düşüpdir... Magtymguly aýak çekip, gyzlaryň tomaşasyna diň saldy. Olaryň içinde, elbetde, Meňlem bardyr, hatda onuň tanyş sesi ýigidiň gulagyna degen ýaly boldy. Ýene-de läle kakyldy. Läläniň soňy bolsa gülkä ýazdy. Hawa, gyzlar gülüşýärdiler, bigamlyk bilen, joşup gülüşýärdiler. Magtymguly elini dostunyň çignine atdy, uludan bir dem aldy: — Mäti diýýän-ä... Şu wagt polatdan ganatyň bolsa. Islän ugruňa pel-pelläp uçsaň. Birje gün bolsa-da, göwnüň höwesine görä dem alsaň! — Onda-da Meňli gyz bilen... — Mäti dostunyň ýüzüne duýgudaşlyk bilen garady. — Ýa-da başga höwesiň barmy? — Derdimi gozgama, şepäm. — Gyzlar töweregi hoş owazdan doldurdylar. Magtymguly birhowa diň salyp durdy-da, perişan dillendi. — Dünýäniň gurluşyna seret: sanly ädimlik ýer. Onda-da eliň aýasy ýaly tekiz meýdan. Emma göni baryp bolanok. Iki aralykda, göýä diýersiň gat-gat dag bar ýaly. Ýürek tarsyldap urýa, höwes dag çeşmesi bolup joşýa. Emma aýak diýen edenok. Muňa näme diýjek! — Gyzlar, göýä diýersiň ýigide uzakdan tomaşa edýän ýaly, ýene joşup güldüler. Magtymguly şol bir sussypeslik bilen dowam etdi: — Ýüzbe-ýüz durup, aç-açan göwün döküşer ýaly, zynjyrsyz-kösseksiz, erkana durmuşam bolarmyka? — Bolar... Ahyrýet bar ahyry. Köpräk sogap gazanyber. — Ahyrýet diýsene... Gowusy şu dünýäde ýaşajak bolmaly. Iý, iç, mün, guç... Ahyrýeti görüp gelen ýok. — Dogry aýdýaň Magtymguly. Şu dünýäden paýymy alaýyn... Onsoň meni gylsyratdan taşlaýsynlar! — Bu sapar ýigit-ýetginjekleriň gowgasy giň meýdany ýaňlatdy. Mäti öňe gadam goýdy. — Ýör, ýigitleriň ýanyna baraly. Dostlar haýal ýöräp, guşakgapdy oýnaýan ýigit-ýetginjekleriň ýanyna bardylar. Juwanlar Magtymguly bilen Mätini şowhun turzup, öz toparlaryna goşdular. Ýigitleriň biri mäkäm işilen, ujy çowly guşagy Magtymgulynyň eline tutdurdy-da: — Hany, Magtymguly, şuny hywadan çykar ýaly et — diýdi. Magtymguly guşagy bat alyp zyňdy. Beýleki tarap ony gapjak bolup goh turuzdy. Kimse ýykyldy, kimse büdredi... Emma guşagy hiç kim gapyp bilmedi. Utulan tarapyň ýigitleri bükülişip, eşekçi bolup geldiler. Mätem ylgap geldi, Magtymgulynyň öňünde ýegşerilip durdy: — Hany, mün tiziräk, ilden galmaly. Magtymguly dostunyň kebzesine dözümli kakdy: — Bar, mündügim bolsun. Mäti ýalandan haýbat atdy: — Bilmedim diýme: biz utaýsak, walla, gerşiňe atlanyp münerin, tä öýe barýançak düşmerin. Magtymguly biparhlyk bilen elini salgylap goýberdi: — Göreli bakaly... Bu sapar guşagy beýleki tarapyň oýunçysy — Mäti zyňdy. Ol şeýle bir zarp bilen zyňdy, guşak depäniň beýle ýüzüne, gyzlaryň oýnaýan ýerine patlap düşdi. Oglanlar şol tarapa eňdiler. Gyzlar bolsa alagykylyk turzup, oba tarap dyr-pytrak boldular. Olaryň içinde Meňli bilen onuň jorasy Nabadam bardy. Olar oba tarap däl-de, ilerligine, derýa tarap çekildiler. Şol barmana bolsa ot küdesiniň arkasynda gizlendiler. Meňli demini dürsedi-de, tolgunyp gepledi: — Geçen gije myrtar düýş gördüm. Bu günem bolsa... Nabat jorasynyň näme üçin tolgunýanlygyny bilýän bolara çemeli. Ol oňa dertdeşlik bildirip gepledi: — Şol telpegi agana barandan, ýere gömlen gowudyr. Bolsa bolupdyr-da han! — Wah, şonuň hanlygam gursun, özem! — Meňli öňküden-de beter ot aldy. — Magtymguly Hywa ötägitse... — «Gitme» diý. Şol wagt Magtymguly göründi. Ol Meňliniň nirede garaşjagyny bilýärdi. Şonuň üçin-de töweregini garanjaklap, küdä bakan gelýärdi. Ony ilki Nabat gördi. Ol Meňliniň gulagyna çawuş çakdy: — Hanha, gelýär... Aýtgyn. Men gitdim... Nabadyň gapdalyndan geçenligini görüp, Magtymguly ylgap diýen ýaly Meňliniň ýanyna bardy, onuň goşa golundan tutdy. Ýigidiň endamyna elektrik toky ýaýran dek boldy, bütin durky birden gyzdy. Ol emaý bilen gyzy goltugyna gysdy, gyzgyn demini onuň näzik ýüzüne çabyradyp, sandyraklap durdy. Meňliniňem ýüregi gursagyny ýaraýjak boldy. Ol ýüzüni aşak salyp, doňam ýaly bolup durdy. Olar esli wagt bir göwre, bir ruh bolup durdular. Ahyrda Magtymguly dillendi: — Meňlim! Hany, gaşyňy galdyr. Eşidýäňmi? — Meňli bir durkundan üýtgemän durdy. — Eşitdim... Baryny eşitdim. Berk dur, ezizim. Ykbalyňy debsiletme! Meňli balyny çala galdyrdy: — Senem gidýäňmi? — Nirä? — Çowdur han bilen. — Ýok... Men Hywa gitmeli. — Gitme! — Näme üçin? Meňliniň gözünüň öňüne Adna hanyň hyrsyz keşbi geldi, depesinden buzly suw guýlan ýaly, on iki süňňi elenip gitdi. Ol: — Gitme! — diýip, hamsykdy-da ýigidiň golyndan sypyp, oba bakan okduryldy. Magtymguly birbada nätjegini bilmän, ýaýdanjyrap durdy. Soňra Meňliniň yzyndan ylgajak boldy. Şol wagt küdäniň beýle tarapyndan bir ýetginjek çykdy, bukdaklap depä bakan gaçdy. Magtymguly onuň ýöne ýere bukdaklap barmaýandygyny duýdy, yzyndan ýetip, ýakasyndan ildi: — He, jürjene... Küdäniň ýanynda näme iş edýäň? Diň saldyňmy? — Ýok, ýok... Öwlüýä kessin... Gyzylymam ursun... Hiç zat eşidemok! — Ant içme! Sensizem ant içip, awy ýalaýan az däl. Güm bol! Ýetginjek Magtymgulydan ep-esli arany açdy-da: — Eşitdim... Baryny eşitdim! — diýip, oba bakan ökjäni göterdi. Ýetginjegiň sesi Magtymgulynyň gulagyna çala ildi. Onuň gulak perdesini başga, has ötgür ses, Meňliniň sesi sarsdyrýardy: — Gitme! — Gitme! * * * Töwerekden aýak çekilipdi. Meňlileriň öýünde-de çyra sönüpdi. Bu gün onuň kakasy öýde ýokdy, oduk-buduk ýetirmek üçin Kümmethowza gidipdi. Ejesem rahat dem alyp ýatyrdy. Emma Meňliniň gözüne uky gelenokdy. Ol sessiz aglaýardy, hem ykbalyndan nalaýardy, hem-de Magtymgulynyň biagyrlygyna jany ýanýardy. Adna hanyň sawçy üstüne sawçy iberýänligini bilýär ahyry. Ýene-de çyndan agyry edinenok, Hywa gitjek bolýar. Belki, göwnünde başga hyýal bardyr? Ýok, ýok! Meňliniň beýle pikiri golaýyna getiresi gelenokdy. Ol ýigidiň söýgüsiniň saplygyna ynanýardy. Şonuň üçin gözüniň ýaşy diňenokdy, gyzgyn mähriň hatyrasyna özüni oda atmaga taýýardy. Emma Magtymguly... Ol, näme üçindir, howluganokdy, arkaýyndy. Meňli horkuldap aglanyny dduýman galdy. Birdenem bolsa: — Ýok, ýok. Gitme! — diýip, hopugyp gygyrdy. Gyzyň ejesi Ogulgerek allaniçigsi bolup başyny galdyrdy: — Meňli jan... Näme boldy, gyzym? Basyrgandyňmy? Meňli öňküdenem beter ot aldy, içi-içine sygman, horkuldap aglady. Ogulgerek dessine çyrany ýakdy, gyzyny gujaklady, onuň başyny galdyryp, ajy ýaşdan doly gözlere garyşyk bir duýgy bilen garady. Ol gyzynyň näme sebäpli aglaýandygyny bilýärdi. Onda-da bihabarsyrap gepledi: — Aglama gyzym... Gara basdymy? Meňli ejesiniň boýundan asyldy: — Kowuň, şolary, eje. Kowuň! — Kimi, gyzym? Meňli jogap ýerine şol bir janyýangynlyk bilen eňredi. Ogulgerek ýene-de özüni sadalyga saldy. — Alla! Al-arwaha sataşaýdymmyka? Taňrym, ýamanyndan özüň sakla. Hudaý ýoluna bir goýun! __________ 1 Gurhana görä, müçtähitler ýetmiş iki bilimden habarly bolmalymyşynlar. 2 Sopuçylygyň (sufizmiň) basgançaklary. 3 Platon — gadymy grek alymy. 4 Afza-ad-din Badil Hakany — on ikinji asyrda ýaşan şirwanly şahyr. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |