04:05 Magtymguly -5/ dowamy | |
5.
Taryhy proza
Garaňkylyk dumly-duşy entek bagryna doly basmandy. Emma Hajygowşan eýýäm irkilip ugrapdy. Çowdur hanyň atlylary Gandagara ugraly bäri obanyň öňküligi ýokdy, durmuşyň akymy birhili haýallan ýalydy, töwerekde birhili ýakymsyzsusluk duýulýardy. Hemişeler ýigit-ýetginjekler agşamlaryna Ýekedepäniň töweregine üýşüp goh turuzýardylar. Indi olam galypdy. Her kim Gandagar tarapdan täze habaryň gelerine mähetdeldi. «Atlylar pylan dagdan aşypdyrlar, pylan ýere ýetipdirler...» Dereden derä, obadan oba uçup gelýän habarlar agyzdan agza geçýärdi. Şeýle göräýmäge tukatlanmaga ullakan sebäp ýokdy. Gandagardan diňe hoş habar gelýärdi. Onda-da ýüzler tutukdy, ýürekler bükgüldilidi. Her kim tiziräk ýatyp, dünýäniň dert aladasyndan, wagtlaýynça bolsa-da, arany açanyny kem görmän duranokdy. Magtymguly soňky günler gijäniň agramyny tamyndan çykman, işläp geçirýärdi. Ol Hywa atlanmaga iň soňky taýynlygy görüpdi. Öten agşam shelçe salym Meňli bilen duşuşypdy, söýgülisiniň şanyna bagş edip, golaýda düzen setirlerini oňa gowşurypdy. Duşuşyk tukat bir ýagdaýda geçipdi. Meňli birje gezek-de söýünçli dillenmändi, birje gezek-de ýylgyrmandy, gülmändi. Her näçe janygyp gürlese-de, her näçe özelense-de, Magtymguly söýgülisinden uzak ýola pata alyp bilmändi. Meňli gabagyny galdyrman, gözüne ýaş aýlap durşuna, diňe iki sözi gaýtalaýardy: käte «gitme» diýse, käte «gorkýan» diýýärdi. Nämeden gorkýanlygy barada-da anyk bir zat aýdanokdy. Meňli, elbetde, satylaryn öýdüp gorkýardy. Beýle gorkynyň barlygyny şahyryň özem duýýardy. Nätsin? Magtymguly bütin gijäni pikir öwrüp, kirpigini çatman diýen ýaly geçiripdi. Ol her näçe oýlansa-da, täleýe bil baglamakdan başga ýol tapanokdy. Onuň nalaç göwni diňe bir zat isleýärdi: Meňli bilen göwnaçyklykda, umyda ýol arçap hoşlşsam diýýärdi. Olam bolmandy. Döwletmämmet ýassyn namazyny okady-da, Magtymgulynyň ýanyna bardy. Onuň ogly bilen gürleşesi, pikir alşasy gelýärdi. Ol Magtymgulynyň bu sapar Hywa göwünsiz atlanýandygyny, onuň söýgi tutanynyň heläkçiligini çekýändigini bilýärdi. Bu barada Magtymgulynyň ejesi birki günlükde ýene-de söz açypdy, soňky günlerde eşidenlerini oňa gürrüň beripdi. Döwletmämmet aýalyny, onuň sözüni bölmän, dykgatly diňläpdi. Ahyrda-da, sesini çykarman, uludan bir dem alyp, turup gidipdi. Näme diýsin? Olam bialaçdy. Häzir toý-tomaşnyň wagty däldi. Galyberse-de, gurby çatsa, ilki Mämmetsapany, ortanjy ogluny öýermelidi. Magtymgulynyň ykbal toýy barada pikir ederden entek irdi. Şonuň üçin-de, oglunyň ýaýdanjyramagynyň asyl sebäbini duýsa-da, o barada söz açasy gelenokdy. Magtymguly kakasynyň içerik girenligini görüp, okap oturan kitabyny bir gapdala goýdy, dikelip otyrdy. Onuň golaýynda kitap bary çaşyp ýatyrdy. Döwletmämmet oglunyň gabadyna ýerleşdi, onuň uzadan ýassygyny goşa dyzynyň üstünde goýup, egilip oturdy-da, daşyna mahmal çekilen kitaby aldy, onuň ilki sahypasyny açdy. Esli wagt, keşdelenip ýazylan harplaryndan nazaryny sowman, pikirlenip oturdy. Soňra kitaby ýapdy, onuň könelişen mahmalyny ýogyn barmaklary bilen sypalady-da, alan ýerinde goýdy. Kitap Seýit Ymameddin Nesiminiň diwanydy. Döwletmämmet ony bir zaman Buharada satyn alypdy, telim gezek üns bilen okapdy. Magtymguly onuň sahypalaryny birin-birin agdaryp çykypdy. Ýene-de ony golaýyndagoýupdyr. Näme, Hywa äkitmek hyýaly barmyka? Döwletmämmet ýaňyja ýerde goýan kitabyny nazar bilen salgy berip gepledi: — Nesimini özüň bilen Hywa äkitmekçimi, oglum? — Ýok... — Magtymgulam kitaba bakan göz gytagyny aýlady. — Nesimi üýtgeşik şahyr. Ony okadygyňça okasyň gelýä. Döwletmämmet birbada sesini çykarmady. Soňra uludan bir dem alyp gepledi: — Nesimi gowy şahyr. Emma, bendäň, täleýi ters ekeni. — Täleýiniň tersligine ol günäkär däl. — Magtymguly kakasynyň ýüzüne dikanlap garady. Ol «eýse kim günäkär» diýen sowala garaşýardy. Ýok, Döwletmämmet sesini çykarmady. Magtymguly sözüniň üstüni ýetirdi. — Bäsdeş adamlary güýçli bolupdyr. Ýogsam ol beýdip, gynalyp öldürilmeli däl. Ynsanperwerlikden başga onuň etmişi näme, dabanyndan depesine çenli hamyny soýup öldür ýaly? Bu sapar Döwletmämmet oglunyň ýüzüne dowamly garady. Ol Buharadyr Hywada tälim alan talyplaryň Nesiminiň ejirli ykbaly barada wagtal-wagtal çyndan jedelleşýändiklerinden, olaryň käbiriniň Nesiminiň hak işiniň hatyrasyna gurban bolan, gaýduwsyz göreşiji saýýandyklaryndan, hatda onuň filosofiýasyna ýykgynlyk edýändiklerinden habarlydy. Buharadyr Hywanyň tüm garaňkylygynda beýle töwekgelçiligiň uly betbagtçylyga sezewar edäýmeginiň ähtimallygynam duýýardy. Şonuň üçin-de ýumşaklyk bilen oglunyň syýyndan çekesi, Nesiminiň ykbaly ýaly irnik meseleler barada söz açylanda habardar bolmagyň, ätiýaçly geplemegiň gerekligini oňa duýdurasy gelýärdi. Ol öwrüm beribrägeden gepledi: — Ynsanperwerlik, elbetde, gowy zat. Ýöne welin, ynsanyň özüniňem Allatagalanyň merhemeti bilen ýaşaýanlygyny unutmaly däl. — Elbetde... — Magtymguly kakasynyň sözlerini baş atyp makullady. — Külli älem, yns-jyns Allatagalanyň merhemeti bilen dem alýar. Emma Taňrym ynsana eden garaşygyny janly-jandaryň hiç birine etmändir, oňa beren aňyny, ukybyny hiç kime bermändir. Ynsana aýratyn gadyr goýupdyr. Biziň onsuzam gysyp-gowrup barýan dünýämizde bolsa ynsanyň gury çöpçe gadry ýok. Nesimini kösendiren, belkem, şu dertdir? Döwletmämmet Nesimili meseläniň çylşyrymly ugra ýazýanlygyny duýdy. Ynsana gury çöpçe gadyr goýulmaýandygyny ol häli-şindi gpzi bilen görýärdi. Diňe bir görmegem däl, ynsanyň ykbalyna söýget bermegiň ýoluny agtarýardy. Hany, ol ýol? Ony «ynha» diýip görkezen ýokdy. Ynsnyň aglabasynyň bolsa gününe it aglaýardy. Döwletmämmet esli wagt sus oturandan siň, oglunyň ýüzüne nazar bilen garady. — Taňrym her kimiň ykbalyny onuň maňlaýyna ýazypdyr. Bu dünýäde rysgalyny tapmdyk, o dünýäde renjiniň eşretini görer. O dünýä... Ahyrýet... Kim ony görüpdir? Kim onuň yssysyny-sowugyny syzypdyr? Görenem ýokdy, syzanam. O dünýä bardaky sözler Magtymgula ymsyndyryjy umyt ýaly bolup görünýärdi. Emma kakasyna bu hakykaty aç-açan aýtmaga dili baranokdy, çekinýärdi. Döwletmämmet soňky ýyllar o dünýä barada ýygy-ýygydan söz açýardy. Belkem, garrylyga üstüni basdyrandyr? Belkem, bu dünýäniň tükeniksiz galdyr-basdyrlyklaryna jany ýanyp, olar bilen göreşmäge gurbaty çatman, nalaçlykdan o dünýä salgylanýandyr? Kim bilýär. Her halda, o dünýä baradaky gürrüňler Magtymgulynyň juwan kalbynda ýiti duýgy oýandyranokdy, çylşyrymly sowallaryň döremegine sebäp bolýardy. Ol, pikirlenip oturşyna, golaýda düzen setirlerini içinden ýatlady: Mollalar ahyrýet sözün sözlärler: «Müňkür olma, geljek işdir, eýlärler». Kim bilerki ahyrýetde neýlärler, — Iýip, içip, münüp, guçup öt ýagşy! Magtymguly bu setirleri özi ýaly joşgun ýürekli ýoldaşlaryna, Çowdur han ýaly üýni alşan ýigitlere okap berýärdi. Goşgy heniz ýyly tamyň dört diwaryndan daşaryk çykmandy. Emma onuň bu gün-erte giň sähra ýaýramagy ähtimaldy. Agyzdan gaçan sözi tutup bolýarmy näme! Magtymguly kakasynyň öz äheňinde, ýumşaklyk bilen gepledi: — Taňrym bu dünýäde-de ine-gana ýaşamak üçin gerekli nygmaty beripdir. Bar zat şondan peýdalanyp bilişimize bagly. — Makul gep aýdýaň, oglum... Makul gep aýdýaň. — Döwletmämmet taýly gezek başyny atdy. — Taňrynyň berenine kaýyl bolup, imi-salalykda, rahat ýaşalanda bu günki gözgynyçylyklar boljakmy näme? Taňrynyň salgy beren ýoly bilen gidilenok, halaýygyň aladasy edilenok. Köpräk kerwensaraý gurulmaly, guýy gazdyrmaly, köpri saldyrmaly, metjit-medrese gurdurmaly. Mal-gara arkaýyn agyp-döner ýaly, ekin-tikin rowaçlanar ýaly ýagdaý döretmeli. Hiç biri edilenok. Oňa-da özümiz günäkär. Milletiň başyny birikdirip bolanok. Il-ulus bir agyza garap, hak tygy adyl hökümdara tabşyrylsa... Onda bu günki derdeseleriň köpüsini ýoldan sowmak aňsat düşerdi... Adyl hökümdar... Adyl patyşa... Magtymguly kakasynyň eserini, «Wagzy-azady» okanda bu sözlere köp duş gelipdi. Eger gabadynda oturan kakasy däl-de, başga biri bolaýan bolsa, ol patyşalaryň adyllygy barada hoz agajynyň saýasynda ýoldaşlaryna, Mäti bilen Ýagmyra beren gürrüňüni, ähtimal, gaýtalardy. Şonda aýdan sözleri diliniň ujuna geldi, emma olary tiz ýuwutdy. Ol kakasynyň adyl hökümzar baradaky pikiriniň çuňňur ynanç bilen baglydygyny, beýle adyllygyň bolmagynyň mümkinligine ýürekden ynanyp ündeýändigini bilýärdi. Bu mesele öňem gep arasynda gozgalypdy, sypaýylyk bilen birek-biregiň taryna kakylyp görlüpdi. Döwletmämmet göwnaçyk, mylakatly, ýumşak adamdy. Magtymgulynyň göwnüne bolmasa, ol dünýäniň näsazçylyklarynam tebigatyna mahsus bolan ýumşaklyk bilen, gowga-galmagalsyz, ine-ganalykda çözmegiň ýoluny agtarýardy. Patyşadyr soltanlary adalatlylyga çagyryşy ýaly, barly toprlardan açlary doýurmagy, ýalaňaçlary geýindirmegi, garaşykly, rehimli bolmagy talap edýärdi. Heý, akyla sygasy zatmy! Patyşanyň adalatly bolanlygyny, baýyň garyby doýuranlygyny kim görüpdir? Dünýäni bereketden salýan şolaryň birehimligi, şolaryň açgözlügi dälmi! Magtymguly ynsan baradaky söhbeti dowam etdiresi gelýärdi. Özünem kakasynyň göwnüne degmez ýaly bir terzde dowam etdiresi gelýärdi. Ol uzak geçmişe salgylanyp gepledi: — Sopy Abu-Bakr aş-Şibli dünýäniň eşretini görmejek bolup gözüne duz sepipdir, kör bolupdyr. Ynsan bu dünýäni görmejek bolsa, onuň eşretine guwanmajak bolsa, onda ýalança inmegiň ne hajaty bar? Taňrym goşa göreji duz sepmek üçin beren däldir. Döwletmämmet bu dünýäniň gözelligini görmejek bolup, oňa gyzykmajak bolup çalyşýan sopysumklardan däldi. Ýok! Ol baharyň al-elwan tebigtyna höwy bilen guwanyp tomşa edişi ýaly, güýzüň aram, ýumşak howasyndanam geregiçe lezzet alýardy. Ol garran-da bolsa toýlara gatnaşýardy, bagşylara diň salýardy, ýigit-ýetginjekleriň bil tutuşlaryna, ýaglyga böküşlerine höwes bilen tomaşa edýärdi. Elbetde, bir wagtky şähdaçyklyk, çalasynlyk, gujurlylyk indi onda ýokdy. Tenem gowşapdy, ýüregem. Ýürek garramaýarmyşyn diýýärler. Ýok, garraýar ekwn. Neneň garramasyn! Durmuşyň tükeniksiz musllatyna ýene ýürek çydýar. Emma kynlyk bilen çydaýar. Ýylsaýyn onuň dartgyny artýar. Käte bolsa inçe tary gyrylara golýlaýar. Her ýyl şeýle. Ýok, her ýyl däl, her gün diýen ýaly şeýle. Neneň onsoň ol asgynlamasyn, garramasyn! Magtymguly içinden pikir öwrüp, sesini çykarman otyrdy. Ol kakasynyň dil ýararyna garaşýardy. Döwletmämmet bolsa howluganokdy, ogluna berjek jogabyny içinden ölçäp-biçýän ýaly, barmaklarynyň ujy bilen sakgalyny dyrmalap otyrdy. Ynha, ol ahyrym oglunyň ýüzüne pikirli bir garaýyş bilen garady: — Şu Gürgen derýamyz näme... Şoňa-da her kim abyny-tabyny bilip, ätiýaçly çümüp çykýar. Durmuş bolsa, iki kenary görnüp duran derýa däl. Ol möwç urup ýatan, düýpsiz derýa, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän, ýudarha-apat. Oňa, gulaçlap ýüzmäge milt etmän, kenardan tomaşa edýänem bar, soňuny saýman, onuň düýbüni boýlajak bolup, ýerliksiz ýere heläk bolýanam. — Döwletmämmet ýogyn barmaklaryny gaýtadan sakgalyna ýetirdi, ony çalaja darady. — Ynsan dünýä inip, elbetde gury ötmejek bolmaly. Taňrynyň kysmat eden zadyndan peýdalanmaly. Emma nebsiňi çägä salyp, bu dünýäden bir owuç toprakdan başga zat äkitmejegini unutman peýdalanmaly! Ataly-ogul şeýdip, gijäniň birmahalyna çenli pikir alşyp oturdy. * * * Iň soňky gije. Magtymguly ertir alagaraňkydan ýola düşmelidi, töwerek bilen hoşlaşypdy. Şahyr ýadapdy, uzakly güni aýak üstünde geçiripdi. Onda-da gözüne uky gelenokdy, galamyny kagyzyň ýüzünde ýöretdigiçe höwesi artýardy. Setir-setire urnaşyp, täze bentler peýda bolýardy. Ynha, galam ahyr togtady, iň soňky bent tamamlandy. Şahyr söýgülisiniň, Meňliniň şanyna goşgy goşýardy. Dogrusy, oňa hoşlaşyk hatyny ýazýardy. Tolgunyp, söýgülisiniň gözel keşbini huşunda gezdirip ýazýardy. Ol şu gün onuň bilen duşuşaryn öýdüpdi, garaňky gatlyşandan soň adaty duşuşýan ýerlerinde — Ýekedepäniň töwereginde, köne jaryň kenarynda uzak wagtlap ondan-oňa aýlanypdy. Emma Meňli gara bermändi. Şahyr düzen setirlerini içinden okamaga durdy: Meňli hanym golun dişläp, Bizden ki uýat eýleýir. Kä daranyp, uz ýörüşläp, Bizden ki uýat eýleýir. Aşyk,gulak goýgul söze, Syýa zülp ýaraşar ýüze. Surme çalyp gara göze, Bizden ki uýat eýleýir. Geýipdir gyzyl-ýaşyly, Bilmen nedir ýar hyýaly. Göz edip ýomut, ahaly... Penjire tyrkyldan ýaly boldy. Magtymguly başyny howsalaly galdyrdy, diňirgendi. Çalaja eşidilen tarkyldy ony ör gpkden getiripdi. Ol, göýä diýersiň üstüni ýagy bassn ýaly, tarsa ýerinden galdy, ylgap daşary çykdy. Tyrkyldy tanyş tyrkyldydy. Meňliniň tyrkyldysydy. Daşarda adam-gara ýokdy. Eýýäm nirwk gidäýdikä? Magtymguly tamyň golaýyndaky ot küdesine tarap okduryldy. Meňli ýumşak, gury ota gysmyljyrap durdy. Nähili duşuşyk! Magtymguly jadylanan ýaly, demini dürsäp bilmän, sandyraklap durdy. Ol Meňlini goltugyna gysdy, onuň goşalap örülen saçlaryna elini ýetirdi, sarsgynly dillendi: — Ezizim... Meňli jan! Meňli, huşuny ýitirrn ýaly, ýüzüni aşak salyp, sarsman durdy. Magtymgulynyň ýüreginiň gyzgyny beýnisine urdy. Gyz birden garaşylmadyk bir çalasynlykbilen elindäki tahýany Magtymgulynyň kellesine geýdirdi-de: — Aman-sag baryp gel! — diýip, ýigidiň goltugyndan duýdansyz sypdy, öýlerine bakan tutdyrdy. Magtymguly aňk-taňk boldy. Onuň Meňliniň yzyndan ylgasy gelýärdi. Nirä ylgajak? Meňli eýýäm garaňkylyga çümüpdi. Ýigit esli wagt, hut ýere çüýlenen ýaly, geň-taň bolup durdy. Soňra başyndaky tahýany eline aldy, şöhlesi artan göreçlerini oňa dikip, çuňňur hoşallyk bilen dem aldy. Meňli oňa ak pata beripdi. Ýigit şu günlükçe maksat-myradyna ýetipdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |