16:37 Deňiz | |
DEŇIZ
Goşgular
Deňiz näme diýip soranda gyzym, Ýylgyrdym-da diýdim: - Diňle, ezizim: Deňiziň ajaýyp gök köýnegi bar, Gözüm bilen gördüm öten ýyl özüm. Tylla ýaglygy bar säherde örtýän, Kä gijlere kümüş donuny geýýär. Deňiz balyklaryň öýi, mekany, Deňizde akula, týulenler-de bar. Deňiz gaharlansa çaýkanýar her ýan, Akja guşlara-da öňe uç diýýär. Pagşyl-pagşyl edip güwleýän suwlar, Kenarda ýarylyp gaýtmaga taýýar. Aňyrsyna-bärisine göz ýetmez, Belli däl reňkde suwlary onuň. Korablllar gat-gat gözel jaý ýaly, Gözüňi gamaşdyr göräýseň seniň. Maýagy bar kenarlaryna barsaň, Uzakdan görünýän ot ýaly gyzyl. Heýjan elek diýip girseň goýnuna, Jana ýakymlydyr suwlary hezil. Deňiziň düýbünden nebit-de çykýar, Deňizde işleýär güýçli adamlar. Örän köp wyşkalar hatarma-hatar, Demir gala ýaly enaýy olar. Deňize özüňem gidersiň ynha Görersiň sen ony, hökman görersiň. Akja ýelekleriň ýaýyp howada, Maýaklaň ýanyna gezip babarsyň. Maýaklaň ýanynda maýaga meňzäp, Duraňda gaýlaryň mümkin bolmagy. Deňiz ýaly bolgun çydamlyonda, Başargyn ýerinde aglap-gülmegi. Akmejal OMAROWA. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1958 ý. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |