13:56 Aýjemal ejäniñ semenisi / hekaýa | |
AÝJEMAL EJÄNIÑ SEMENISI
Hekaýalar
Bahar paslynyň bosaga gelendigini ilki baglar duýup, pyndyk ýardylar. Sährada owlak-guzularyň naşyja sesleri eşidildi. Guş-gumrular höwürtge gurup başladylar. Daýhanlar bolsa ýaz ekişine başlamak üçin sähetli güni saýlap aldylar. Baharyň şol bahaly günleriniň birinde Aýjemal eje ertir namazyny okap semeni taýýarlamagyň aladasyna berildi. Çünki küren obanyň ilaty bu işi her ýyl Aýjemal ejä ynanardy. Olar bu üýtgeşik tagamy taýýarlamagyň ussasydy. Aýjemal eje ilki bilen aşhanada saklanýan ak bugdaýly çuwalyň “bismilli” diýip, bogdagyny çözdi. – Alla jan, ýeneki ýyllarda-da gyşyny gyşlap, başy bitin, ýazyna çykmak, asudadalykda, agzybirlikde Äşe-Patmanyň aşyny taýýarlamak, ýagşy dileg-töwür etmek ähli türkmen ili bilen bize-de nesip eýle! – diýip, doga-dileg etdi. Elindäki agaç tabaga ak bugdaýyň semeni üçin ýeterlik mukdaryny guýdy. Guşgursak däneleri suwda ezensoň, saraýdaky arassa tagtanyň üstünde, gün şöhlesiniň gowy düşýän ýerinde endigan ýazyp goýdy. Onuň üstüne her gün suw sepeläp, ýedi günüň içinde şineletdi. Milli bahar baýramy gelip ýetende garry ene göm-gök bolup şinelän bugdaý dänelerini täzeden gözden geçirdi. Soň bolsa olary gadymdan miras galan agaç sokuda az-azdan döwmäge girişdi. Ol bu ýylam obadaşalaryna “Aýjemal ejäniň taýýarlan semenisi tagamly bolupdyr” diýdirmekçidi. Her Milli bahar baýramynda obanyň gelin-gyzlary Aýjemal ejä kömege gelerdiler. Bu gezek hem şeýle boldy. Mäjum edilen bugdaý çoýun gazana atylan soň, ot alawlap başlady. Gyz-gelinler ojagyň oduny bir kada getirip, tagamyň düýbüniň ýanmazlygy üçin ony nobatma-nobat bulap başladylar. Semeni giç agşamdan daňdana deňeş taýýarlanýar. Uzyn gije gelin-gyzlara degişmek-gülüşmek üçin näçe diýseň wagt tapylýar. Şonda zenanlar bir-birlerine degşip-gülşüp, göwün solpusyndan çykýarlar. Ilki bilen gürrüňe çoýun gazany bulap duran Zöhre başlady. Ol: Duzsuz bişen aş gördüm, gäwişäp duran daş gördüm. Kim bilmeşek, kim bilmişek? diýip, tapmaça aýtdy. Bahar atly gelin hamala diýersiň bu sowala öňden garaşyp duran ýaly: – Zöhrejan, ol semene bilen degirmen daşy bolmaly-diýip, jogaby nagt berdi. – Aý, gyzlar, semene näme üçin duzsuz taýýarlanýarka diýen Mahym atly uly gyz bu sowaly eşiden käbir gelinleriň syrly ýylgyrýandyklaryny görüp, ýerliksiz bir zat aýdan ýaly müýnürgedi. Gelin-gyzlar bu sowalyň jogabyny bilselerem dil ýarmadylar, ara dymyşlyk aralaşdy, ümsümligi bozmak maksady bilen, Aýjemal eje ardynjyrady. Her bir meseläniň çözgüdini Aýjemal ejäniň agzyndan eşitmegi endik edinen oba zenanlary bu gezek hem nobaty oňa berdiler. Aýjemal eje Mahyma mylaýymlyk bilen seredip, agras gürledi: – Bilmeýän zadyňy soramagyň hiç bir aýyby ýokdur, gülüm! Sen bu gün peri-peýker ýaly owadan gyz bolsaň, enş alla bir gün goýuny torsuk ýalyjak posalak çagaly gelin bolarsyň. Zenanyň iň owadan mahaly hem, iň bagtly wagty hem hamylalyk döwrüdir. Göwreli gelin ýaňy gunça düwen bägüli ýatladýar. Türkmen hamyla zenanlara “toýly” diýýandir. ... Ir zamanlarda Muhammet Pygamberiň gyzlary Äşe bilen Patmanyň agyzlary bimaza bolupdyr. Şonda olar: “Duzsuz aş, gansyz et iýesimiz gelýär” diýip, Alla tagalladan dileg edipdirler. Hudaýtagalla hem zenanlaryň bu isleglerini kabul edip semeni bilen kömelegi ýaradypdyr. Özem şonda: “Eý, adamzat, eger-de sen agzy bimaza gelniň göwün-küýsegini kanagatlandyryp bilseň, ýalkan bendelerimiň biri bolarsyň” diýenmiş. Görýäňizmi ondan bäri köp wagtyň geçendigine garamazdan, zenanlar semeni taýýarlamagy, erkek adamlar bolsa agzy bimaza zenanlaryň göwün-küýsän tagamyny tapyp bermegi hergiz unutmandyrlar. Uzak gije çoýun gazanda, pessaý oduň üstünde gaýnan semeni daňdana ýakyn kem-kemden goýalyp, toşaba meňzäp ugrady. Ahyrsoňy taýýar boldy hasap eden Aýjemal eje: Äşe-Patmanyň ruhuna bagyş etdik! diýip, gazanyň aşagyndaky ody öçürdi. Soň bolsa zenanlara taňyrýalkasyn aýdyp, olary öýli-öýlerine ýola saldy. Şertleşige görä, gelin-gyzlar ir gözünden ýene-de Aýjemal ejäniň öýüne ýygnandylar. Çoýun gazanyň gapagyny seresaplyk bilen açanda enäniň ýüzi ýagtylyp gitdi. Tagamdaky ýygyrtlar adam elniň şekiline çalym edýärdi. – Äşe-Patma biziň taýýarlan semenimizi kabul edipdir-diýip, Aýjemal eje çaga ýaly begenip, muny gelin-gyzlara buşlady. Hawa, toý gününde okaralara guýulan semeni ilki bilen hamyla zenanlara, hassalara, garrylara we çagalara paýlandy. Garaz, şol gün obamyzda Aýjemal ejäniň taýýarlan semenisinden datmadyk adam galmady. Olaryň ählisi “Aýjemal ejäniň taýýarlan semenisi bu gezek hem örän datly bolupdyr” diýip, onuň alkyşyny ýetirdiler. Şahymerdan SARYOGLY. | |
|
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |