«GÖZÜM BILEN GÖRENLERIM...»
Gaýgysyz Serdarowiç Atabaýew Türkmenistan özbaşdak respublika diýlip yglan edilenden soň hökümet başlyklygyna bellenilipdi. Atabaýew bu uly jogapkärli wezipede on üç ýyllap – 1937-nji ýylyň ortalaryna çenli işledi. Şondan soň ol «halk duşmany» hökmünde tutulyp, Lubýankanyň zyndanynda elli ýaşynyň içinde wepat bolupdy.
Şondan soň Türkmenistan hökümetine ýolbaşçylyk etmek şol wagt partiýanyň Aşgabat raýkomynyň birinji sekretary Aýtbaý Hudaýbergenowa ynanyldy. Şol wagt onuň bary-ýogy ýigrimi sekiz ýaşy bardy. Ol dokuz ýyl töweregi TSSR HKS-ne ýolbaşçylyk etdi. Onuň hökümet başlygy bolup işlän ýyllary ýurdumyzyň başdan geçiren iň bir agyr döwrüne gabat gelipdi.
Häzir 81 ýaşly Aýtbaý Hudaýbergenow Daşoguz şäherinde ýaşaýar. Otuz ýyl mundan öň, ýagny elli ýaşly A.Hudaýbergenow saglyk ýagdaýy sebäpli, pensiýa çykypdy. Onuň işde bitiren hyzmatlary Lenin ordenleriniň ikisi, «Hormat Nyşany» ordeni, medallaryň sekizisi bilen bellenilipdi.
Bu taryhy-publisistik oçerkde A.Hudaýbergenowyň durmuş ýoly yzarlanylýar. Onda bu hakda A.Hudaýbergenowyň özi gürrüň berýär. Şeýle hem onuň işdeş ýoldaşlarynyň birnäçesiniň ol hakdaky ýatlamalary peýdalanyldy.
* * *
Men 1909-njy ýylda Porsynyň Seýitnazar obasynda doguldym. On ikinji ýylda şo etrapda açlyk başlanypdyr. Şonda biziň atamyz, mamamyz ýogalypdyr. Ejem bolsa üç çaga bilen galýar. Şo wagtlar uly agamyz Daşoguzda pekarnýada işleýän eken. Şonuň üçinem ol bize howandarlyk edip bizi Daşoguza göçürip getirýär. Biz Daşoguza gelenimizde ol dörtburç galady. Atyşhanasy hemem dört derwezesi bardy. Derweze Gün batansoň ýapylardy, Gün dogansoň hem açylardy. Galada üç sany pagta zawody, dokuz sanam çörek bişirilýän pekarnýa bardy. Galada türkmen ýok diýen ýalydy. Bu ýerde ýaşaýanlaryň köpüsi özbekdi.
Galanyň bary-ýogy iki sany esasy köçesi bardy. Biri demirgazykdan günorta, beýlekisem günbatardan gündogara çykýardy. Başgasynyň hemmesi petik köçelerdi. Soň şol uly köçeleriň birine Swoboda, beýlekisine-de Birinji Maý diýen at dakyldy.
Galada uly bir un zawod hem bardy. Bolşewik gelende ol işleýärdi. Başga zawodlaryň hemmesi ýykylypdy. Häzirki işläp duran zawod şo wagtlar atyşhanady. Gala bir basmaçylaryň, bir-de bolşewikleriň eline geçýärdi. Soň şo zawod partiýa mekdebi boldy, soň rabfak, soňam okružkomyň jaýy bolup hyzmat etdi.
1925-nji ýylda partiýanyň Daşoguz okružkomy döredildi. Annaguly Artykow hem onuň jogapkär sekretary boldy. Rewkomyň başlygy Çary Pürliýewdi, sekretary Aşyr Kyýathanowdy. Soň ol okrononyň müdiri bolup işledi. Aşgabada işe gaýdanda bolsa onuň deregine bir rus ýigidini goýdular.
Hojaýynym tatar adamsy maňa bir gezek «okuwa gir» diýdi. Men onuň diýenini edip, likbezde okadym. Bu ýigrimi dördünji ýylyň başydy. Men, Balyş Öwezow, Beki Seýtäkow, Gaýyp çolak Nepesow dagy likbezde okadyk. Bir tataryň pagsa tamynda likbez açyldy. Şonda okadyk. Şorsuwdan Togalakow diýen biri bardy. Olam biziň bilen okaýardy. Ýaňy aýdyşym ýaly, Aşyr Kyýathanowy TSSR Magaryf halk komissarlygyna işe aldylar. Ýigrimi dördünji ýylyň ahyrynda olAşgabatda okadar ýaly okuwçy ýygnamak üçin Daşoguza geldi. Okap otyrdyk. Tatar direktorymyz bilen bir garry mugallym bize harplyk öwredýärdi. Aşyr Kyýathanow klasa girip:
– Okuwçylaryňdan gowy okaýany barmy? – diýip sorady.
Men dogrusyny aýtsam, Geldiýewiň elipbisini ýatdan öwrenipdim. «Şu oglan bar» diýip meni görkezdiler. Aýdyp berdim. Togalakowa-da aýtdyrdylar. Kyýathanow: «Kim okuwa gitjek?» diýip sorady. «Men gitjek» diýdim. Togalakow hem «Menem gitjek» diýdi. Ikimiz gidermen bolduk. «Şu iki oglany Aşgabada okuwa iberiň» diýip, Kyýathanow tabşyryp, çykyp gitdi. Ýöne, başga ýoldaşlarymyzdan okuwa gitjek tapylmady. Tä 40-njy ýyla çenli Daşoguzdan Aşgabada okamaga gelýän oglan gaty seýrekdi.
Aşgabada geldik. Salgy bilen halk komissarlygyny tapdyk. O ýerde-de bir gyz Kyýathanowyň kabinetini salgy berdi. Ol derrew ikimiziň elimize hat berdi. Köşiň bagçylyk mekdebinde bäş ýyl okadym. Komsomol ýaçeýkasynyň sekretary, Aşgabat raýkomkomsomolynyň çleni boldum. Büzmeýin bilen Gäwers aralygynda bolmadyk obam ýokdy. Okuwyň daşyndan adamlara sowat öwredýärdik. Özem paý- pyýada.
1925-nji ýylyň fewralynda aýynda Kalinin Aşgabada geldi. Gurultaýda men okuwçylaryň adyndan gutlag bilen çykyş etdim. Şonda mekdebimiziň adyny üýtgedip, Kalininiň adyny dakmagy haýyş etdim. Bu mekdep ozal general Kuropatkiniň adyny göterýärdi.
Direktorymyza Hromow diýýärdiler. Soň direktor Solonýak diýip, bir nemes boldy. Köşüli iki sany kommunistiň kepil geçmegi bilen men ýigrimi sekizinji ýylda partiýa hataryna girdim. 30-njy ýylda oba hojalyk we zooweterinariýa instituty açyldy. Alty oglan bilen bizi şoňa kabul etdiler: Akmämmet Saryýew, Gurthanow, Töräýew...
TKP MK-niň häzirki jaýynyň ýerinde umumy ýaşaýyş jaýymyz bardy. Nekrasow mekdebi okuw jaýy boldy. Ilkinji direktor Döwlet Mämmedowdy. Institut soň Baýramala geçdi. Häzirki sanatoriýaň jaýyna «Kyrk işik» diýilýärdi. Ol ýatakhanamyz boldy. Ol ýerde meni partbýuronyň sekretary edip saýladylar. Direktorymyza hem Karpow diýerdiler. Ýaşuly adam. Bir gün konferensiýa boldy. Meni agitasiýa we köpçülik işleri boýunça müdir saýladylar. Özümem býuro çleni.Otuzynjy ýyllar basmaçylar hasam öjügip ugradylar. Şonuň üçinem «Kommunistik otrýad düzmeli» diýen habar geldi. Meni raýkomyň guramaçylyk bölüminiň müdiri Kostenko ýanyna çagyryp: «Institutdan 15 sany adam ýygnamaly. Özüňem komotrýadyň komissary bolmaly» diýdi. Şolardan diňe Jumanyýazow bar. Häzir ol Daşoguzda ýaşaýar.
Komministik otrýad düzüldi. Otly bilen Aşgabada gaýtdyk. Çary Wellekow Aşgabatda ýygnak geçirdi. Opera we balet teatrynyň häzirki ýeri metjitdi. Onuň arka tarapy milisiýanyň jaýydy. Bir şinel, bir başatar, 90 ok bilen wagona salyp, bizi Bäherdene iberdiler. 47 adam. 15-imiz student, galanlary baýramalyly işçiler.
Bizi Bama iberdiler. Nohuryň ýoly Bamyň üstünden geçýän eken. Bize tabşyryk – şo iki ortany saklamaly. Biz şo ýerini bir aýlap sakladyk. Şo wagtyň içinde hiç hili üýtgeşik waka bolmady. Birden «Basmaçy Durdy murt 45 atlysy bilen Eýrandan Nohuryň üsti bilen guma geçjekmiş. Ýoly saklamaly. «Kömege barýas» diýen habar geldi. Bizem 47 adam. Komandir 15 adamy dagyň üstüne çykardy, 10-ny başga tarapa iberdi, 10-nam o ýana çykardy. Galanymyz bolsa dagyň eteginde galdyk.
Dagyň üstündäkiler atlylary goýberip, yzlaryndan atmalydy. Biz bolsa olaryň garşysyndan atmalydyk. Ahyr birwagt wagyrdy eşidildi. Özem daňdanlardy. Yzyndan atmalylar ortadan atypdyrlar. Basmaçylaryňam yzda galanlary yza çekilýär. Öňdäkileri öňe okdurylýar. Olaram biziň üstümizden geldi. Kim nirä atýar? Alla bilsin! Görüp bolanok. Ok bary atyldy. Daňa ýakyn ok sesi ýatyşdy. Hiç zat ýok. Görsek, bir at, birem basmaçy ölüp galypdyr. Biz basmaçylaryň yzlaryndan kowup Nohura bardyk. Aksakallaryň birnäçesini ýanymyza çagyryp gürleşdik. Olardan biz basmaçylaryň yzlaryna tarap gaçanlaryny bildik.
Ýöne biz «kömege bararys» diýen buýruk alsak-da, hiç hili kömek gelmedi. Şol söweşde biz institutyň komsomol ýaçeýkasynyň sekretary Ýelistratowdan jyda düşdük. Markow diýip, gowy okaýan student bardy. Olam şo söweşde wepat boldy. Garaz, şondan biz institutda bile okaýan dört sany student ýoldaşymyzy ýitirdik.
Soň Bäherdenden 120 kilometrde «Gultakyr guýusyna gitmeli» diýen buýruk aldyk. 90 düýe bilen şoňa gitdik. Ýükümizem un,çaý, gant we ş.m. O wagtlar gumda magaziniň jaýy nirde ýerleşse, şo ýeri merkez hasaplanýardy. Basmaçylaryň aldaw-ündewine ynanyp, şolaryň tarapyna geçenler bilen gürrüň geçirmek, basmaçylara garşy göreşmek, gerek bolsa, olar meýletin ýaraglaryny tabşyrsalar, Sowet häkimiýeti olaryň günäsini geçjekdigini düşündirmek bize tabşyrylypdy. Gökdepeden Nepes işany alyp, ýanyna-da üç adam goşup töwellaçy iberdik. Garaz, haýsy guýuda basmaçy bar diýip eşitsek, şo ýere wekil iberýäris. Çary Babaýew diýip, raýkomyň instruktorynda tegelek peçat bardy, operatiw toparyň ýolbaşçysy Krylow hemem men üçümiz arapça hat ýazyp, oňa-da peçat basyp, gol çekip, wekillerden iberýärdik. Şonda 30 adam dagy boýun bolup geldi. Şäherden «Boýun bolanlary iberiň» diýen buýruk aldyk. Nädip ibermeli? Kim bilen ibermeli? Zordan komsomolyň Merkezi Komitetiniň instruktory Durdyýewi göwnetdik. Oňam bir kiçijik sapançasy bardy.
30 adamy düýä mündürip, Durdyýewi hem olaryň ýanyna goşup iberdik. Olara biz başda «Hökümet size ýer-suw berjek, ulag, tohum berjek» diýip aýdypdyk. Olaram bize ynam bildirdiler. Durdygylyç han diýeniň aýaly bir çagasy bilen bildirmän kerweniň yzy bilen giden eken. Bäherdene baranlaryndan NKWD işgärleri otuz adamyň otuzysyny hem ortada oturdypdyrlar. Şonda Durdygylyç eline taýagyny alyp, aýdym aýdýan kişi bolupdyr. «Bar habar ýetir. Biz gutardyk. Indi biziň ölümizi alaýmasaňyz, ölümizem bermezler. Bar git- de aýt, gaýdyp ynanmasynlar» diýip düşündiripdir. Garawullar «bu aýdym aýdýady-ow» diýip, kän ünsem bermändirler.
Aýaly onuň aýdanlaryny bek belleýär-de, göni yzyna – guma tarap gaýdýar. Biz bolsak o ýerde galyň bendäni ynandyrypdyk. Başda bize öwredilişi hem şeýledi. Hiç hili aldamak niýetimizde ýokdy.
Aýaly iki günden soň guýa gelip, bolan zady habar beripdir. Şondan soň bir adam hem bize boýun bolmady.
Gultakyrda Esenak baý diýip biri bardy. Dört ogly, dört gelni bardy. Iki gyzy bardy. Ikem giýewsi, ikem batragy bardy. Yzlaryndan adam iberildi, «Gelsinler» diýip. 12 atla ýolbaşçy edip bir tatar oglanyny belledik. Olar barypdyrlar. Otrýad baýyň iki batragyna duşup, gürleşipdir. Maksatlaryny aýdypdyrlar. Olaram: «Bolýa, häzir habar ederis. Geleris» diýip, söz berip gidipdirler.Batraklar baýyň aýalyna habar berýärler. Ol gaty agyzly aýaldy. Olaram derrew zatlaryny düýä ýükläp, gaçmak bilen bolýarlar. Bärden baran atlylaram köliň içinde garaşyp duranlar.
Baýyň maşgalasy bularyň üstünden gelýär. Olaryň biri komandir-da diýip, göni nyşana alýar. Ok atyň agzyndan parran geçýär. Komandir ýykylýar. Atlylar yza çekilýär.
Bularam düýäň öňüni sowýa-da, biziň iki sany düýekeşimizi alýalar-da gidiberýärler. Oňa baýyň aýaly ýolbaşçylyk edýär. Özlerem on alty atly soň ol aýal biziň ýanymyza bir aksakaly bir köne omurma tüpeň bilen iberipdir. «Siz gidiň. Guma özümiz jogap bereris. Siziň towugyňyza tok diýilmez» diýip, ol sargyt iberipdir. Bize barybir olary boýun egdirmek başartmady.
Bir gezek 45 atly basmaçy bizi aňtap üstümize gelýän ekeni. Şo wagtlar bize kömege tatar oglanlaryndan düzülen bir otrýad hem iberilipdir. Biziň ýokarymyzda, ýedi kilometrlikde bir oba bardy. Olar oba gelenlerinde ýerli ilatyň bolşuna, geýnişine, oturyşyna haýran galyp, şo ýerde düşläpdirler. Wagt agşamara golaýlaberende otrýadyň komandiri, politrugy hem-de ýol beledi üçüsi bize tarap gaýdýarlar. Otrýada-da «Sizem biziň yzymyz bilen geliberiň» diýýärler.
Şol üç adam biziň ýanymyzda daň atynça boldular. Görseler otrýad gelenok. «Näme boldukan?» diýip komandir yzyna gitdi. Barsa 32 adamyň ählisini gyrypdyrlar. Şo 45 sany basmaçy bulary gyryp gidipdir.
Olar Daşkendiň Lenin mekdebiniň kursantlary eken. Basmaçylar olary arka tarapyndan atypdyrlar. Biz muny olaryň arkan ýykylyp ýatyşlaryndan çen tutup bildik. Çünki ok adamyň yzyndan atylsa, adam arkan ýykylýan eken. Basmaçylar olaň ähli zatlaryny özleri bilen äkidilipdirler. Diňe bir el pulemýotynyň yzyna gabat geldik. Onam yzarladyk. Pulemýoty otrýadyň komandiriniň orunbasary bir kilometr dagy süýräp äkidipdir. Şo ýerde-de jan beripdir biçäre. Bu aýylganç waka hakda Bäherdene habar berildi. O ýerdenem samolýot geldi. Üçüsinem äkitdiler. Galanlarynam gumda jaýladyk.
Indi basmaçylardan ber habary. Atyşykdan soň olar bir guýyň başyna baryp dem-dynç alýarlar. Şo wagtam Daşoguzdan bir polk gelýän eken. Olar basmaçylaň üstünden gelýär. Şol polk basmaçylaryň altysyndan başgasynyň hemmesini atyp öldüripdir. Alty atlyň biri –Taýly baýtal gaçypdyr. Polk geldi. Bizem baýdan alan bir gowy ahal- teke atymyz bardy, şony polkuň komandirine sylag berdik. Bir gije- gündiz bolansoňlar olar Bäherdene tarap ýola düşdüler. Şo alty atlyny bir aýlap dagy ele salmak başartmady. Ikiden-üçden razwedkaçylary çopan eşigini geýdirip iberýäris. Guýyň başynda ýaňy oturypdyrlar. Alty atyň, taýyň yzy bar, heniz ýelem pozmandyr, nirä gidenleri weli belli däl. Olar baran ýerlerini talaýardylar. Soňam biziň adamlarymyzy görüp, hemme zatlaryny taşlap gaçyp gidýärdiler. Olaň talan zatlaryny biz Bäherdene iberýärdik. Haly-palasyň sany-sajagy ýokdy. Süri-süri goýun diýermiň! 15 müň goýun sürüldi Bäherdene. Düýäni weli sürüp bilmedik. Düýe suwsasa, turzup bolmaýan eken.
Ahyrynda ol atlylaram ýok boldy.
Üç ýarym aýdan soň biz instituta gaýdyp geldik. Okap ýörün. Kän wagt geçmänkä meni Aşgabada çagyrdylar.
Batyr Ataýew çagyrdy. Özem daýaw adam. TK(b)P MK-nyň oba hojalyk bölüminiň müdiri. Ikinji kursy gutaryp, üçünji kursdadym. «Sen 34-nji ýylyň başynda Porsa, MTS-e işe gitmeli» diýdi. «Men okuwçy, okuwym bar» diýsemem, «Ýok sen gitmeli. MK-nyň karary şeýle» diýdi. Gitmeli boldum. Uly MTS. Özem 1929-njy ýylda gurlupdyr. 80 müň hem bergisi bar. Ýekeje manadam ýok. Ýekebara hojalyklaryň seýalkasyny, dagysyny remont edip, şondan düşýän puldan awans berip, saklap ýörün.
Raýkomyň birinji sekretary Mämmet Gönibegow bilen men ozal tanyş. Bir gezek böwedi suw ýykypdyr. Ol maňa «Sen git» diýdi. Gitdim. Barsam ýykylan böwediň töwereginde 8 öýli gazak galypdyr. Başga adam ýok. Sapar Gomak diýibem oba şurasynyň başlygynyň orunbasary bar. Atly-abraýly adam. Men oňa «Hany, adamlaňňy ýygna, suwy baglaly» diýdim. Ýykylan böwet bir metr. Emma ony on sekiz adam bolup baglap bilmedik. Ahyrynda çöp basyp, suwy bekledik. Gaýtdym. Raýkoma bardym. Barsam TK(b)P MK-nyň ikinji sekretary Çary Wellekow otyr. Salamlaşdym. Garşysynda raýon NKWD-siniň naçalnigi otyr.
– Ýoldaş Gönibegow, ýykgyn bir metr eken. Bagladyk. Ýöne, suw syzyp dur. Eger şu mahal çäre görmeseňiz, soň okrugy ýygnasaňyzam öňüni almak başartmaz – diýdim.NKWD-niň naçalnigi meni tananok. Özümem okuwçy eşiginde. Ol:
– Bu oglan dowulçy. Beýle bolmaga haky ýok – diýdi. Onuň beý diýenine gaty gaharym geldi. Ýöne dişimi gysyp:
– Gitmek mümkinmi? – diýdim. Gönibegow «gidiber» diýdi. Ýöne çykmazymdan öňünçä Çary Wellekowa ýüzlenip:
– Şumatdan alada edilmese, soň başartmaz – diýdim-de, göni çykyp gaýtdym.
Gaharyma bolýan ýerime bardym-da ýatdym. Bu gün ýatdym. Ertirem işe barmadym. Sagat on ikilerde MTS-iň howa telefonyndan «Böwet ýykylypdyr» diýip gygyryp başladylar.
Meni tapmadylar, raýispolkomyň Popow diýip daýaw başlygy bardy, şony iberipdiler.
Üç-dört sagat geçensoň, «Ind-ä maňa azar bermeseler gerek» diýip, MTS-e bardym. Gijara: «Suwuň böwsen ýeri 10 metr, soň 15 metr, ertesi 25 metr boldy» diýip habar geldi. Ony-muny iberdiler bolmady.
Daşoguzda NKWD-niň polky bardy. Komandirine Polýakow diýerdiler. Polky sürdüler. Soldatlaryň ikisi suwa gidipdir. Okrug boýunça adamlary sürdüler. Atabaýewiň özem üçlügiň başlygy bolup geldi. Atabaýew meni Baýramalydakam tanaýardy.
– Hudaýbergenow, ho ýerde ýykgyn bar. Sen MK-nyň instruktory Polýanskiý bilen şo ýykgyny sakla – diýip tabşyrdy.
O ýykgyny men bir gije-gündiz sakladym. Garşymyzda öňi güjüm agaçly bir tam bardy. Beýik başy suwdan ýaňa görünmän ugrady. Ýokarymyzda bolsa bir alaň bar. O ýerde-de 3-4 sany aksakal otyr. Şolaryň ýanyna baryp «Şu alaňy suw böwsermi?» diýip soradym. Ýaşulularyň biri:
– Eger, oglum, şu alaňy suw böwüsse, onda ahyrzaman gopdugy biläý – diýdi. «Bolýa» diýip arkaýyn boldum. Gijara Polýanska: «Şu alaňyň üstüni barlap göreli-le» diýdim. Olam «Bolýa» diýdi. Bir kiçijik atym bardy. Şoňa atlanyp gidip barýardym weli, atyň aýagy şypyr- şypyr edýär. «Näme barkan?» diýip, aşak eglip görsem, suw ýylan ýaly okdurylyp gelýär! Polýanska: «Çalt öwrül. Suw gelýär» diýdim. Aty çapdyryp, alaňdan ötdük. Ýüz metr çemesi geçemizden soň, günbatardan tüpeň sesi çykyp başlady. Köneürgenjiň çägem ýykylypdyr. Atabaýewiň ýanyna bardym.
– Ýoldaş Atabaýew, Köneürgenjiň çägi hem ýykyldy. Suw böwsüp biziň çägimize goşuldy – diýip habar berdim.
Şo wagtlar Özbegistanyň territoriýasynda-da ýykgyn emele gelen ekeni. Atabaýew meni şo ýerik iberdi. Bardym. Özbegiňki bilen biziň ýykgynymyz birleşip gidipdir. Ýol-ýoda ýok. Geldim Atabaýewiň ýanyna:
– Ýykgynlar birigipdir – diýdim. Onda ol:
– Gämä münüp, Daşoguz MTS-niň direktory Ganiýansa habar ýetir. Aňyrsyny saklasyn. Suwy Kyrkgara diýen obadan geçirmesin – diýdi.
Men Porsynyň MTS-ine işe gelemde Ganiýans, Balikow, Dolgow dagy uçastok agronomy bolup, meniň garamagymda işlediler. Olar Baýramaly tehnikumyny gutarypdylar.
Ganiýansa habar ýetirdim. Gepiň küle ýeri, böwedi köp azap çekilenden soň ýapmak başartdy.
Iş agyr. Okuwdanam galyp barýan. Bur gün harby komissaryň ýanyna bardym. «Meni goşuna alarmyň?» diýdim. Derrew komissiýadan geçirdiler. Goşun gullugyna aldylar. Mary polky. Ysmaýylow polkownikdi, Baýnazarow komissary. Ýerli milletden sowatly adam az. Meni polk mekdebine okuwa aldylar. Ony gutaramsoň politruk etdiler. Şo wagtam Halk Komissarlar Sowetiniň kararyny tapdym. Ol kararar görä ýokary okuw jaýda okaýan studentleri ekzamenleriň öňüsyrasy goşun gullugyndan boşatmalydy. Institutyň direktoryna Anberg diýerdiler, milleti polýak. Häzir Orenburg şäherinde ýaşaýan bolmaly. Şoňa hat ýazdylar. Derrew jogabyny alyp, Baýnazarowyň ýanyna bardym. Gormanow diýip bir tatar ýigidi bardy, ol polkda politruklar bilen okuw geçýärdi. Sowatly ýigitdi. Şoňa tabşyrdy. Olam buýruk berdi. Gurban Pälwanow şo wagt bölümde işleýärdi. Polkuň komandiri Ysmaýylow dynç alşa gidipdi-de, şoň ýerine galypdy. Ýüwrüp geldim ýanyna. Olam biziň bilen gumda köp azap çekipdi. Derrew gol çekip berdi.
Aşgabada geldim. Institutda okap ýörün. 35-nji ýylyň ahyrynda stahanowçylaryň respublikan slýoty çagyryldy. Slýoty gutlamaly boldum. Direktor:– Hudaýbergenow, sen türkmenleriň adyndan gutla, ruslardanam Fýodorow bar, şo gutlar – diýdi.
Birinji men çykdym. Prezidiumda-da ýolbaşçylaň birnäçesi otyr. Gutlap başladym. Prezidiumda oturanlar gülşüp başlady. «Bu nirden çykdy-da, bu nirden çykdy» boluşdylar. Gutlap bolup ýerime geçdim. Direktora-da «Indi okuwy gutaryp boldum öýdýän» diýdim.
Şondan kän wagt geçmänkä direktoryň ýerine Fomkin geldi. On-on bäş gün dagy okandyryn-da, MK-nyň Partiýa guramaçylyk işi bölüminiň müdirine Wareýkis diýerdiler. «Pylan sagatda MK gelmeli» diýip, şoň goly bilen instituta hat gelipdir. Bardym. MK-nyň birinji sekretaryna Popok diýerdiler. Gowy sekretardy. Respublikada birinji bäşýyllygyň üstünlikli geçmeginde Popok bilen Atabaýewiň hyzmaty uludyr.
Wareýkis meni yzyna tirkäp, Popogyň ýanyna eltdi. Äýnekli otyr. Äýneginiň üstaşyry – Hudaýbergenow, geldiňmi? – diýdi.
– Geldim.
– Sizi Mary partiýa guramasy soraýar – diýdi.
– Ýakow Abramowiç, men instituty tamamlap barýan, özümem agronom, gowy görýän kärim. Men instituty gutaraýyn – diýdim.
– Meň aýdýanyma düşündiňmi, seni Mary soraýar – diýdi. Bar git, Wellekowyň ýanyna äkit – diýip, Wareýkise tabşyrdy.
Çary bilenem ozal birküç gezek duşuşypdyk.
– Ýoldaş Wellekow, sen gepleşip bersene, okuwymy gutaraýyn – diýdim. Olam:
– Sen nähili adam, Hudaýbergenow. Ol birinji sekretar, menem ikinji. Meniň onuň buýrugyny ýatyryp bilmejekdigimi bileňokmy? – diýdi. – Sen gowusy Mara git. Ertir ýanyňa adam goşaryn.
Ertir otla mündürdiler. Plenum bar eken. Mary raýkomynyň ikinji skeretary edip saýladylar. Filip Sawelýewiç Kostenko birinji sekretar, aýaly raýkomda partkabinetiň müdiri.
Işläberdik. Şo wagt Sakarçäge, Wekilbazar uçastoklary Mara degişlidi. Şäher bilen Wekilbazara Konstenko aýlanýardy. Sakarçäge-de meniň uçastogymdy.
Basha-baslygam başlandy. Her gezek obalara aýlanaňda «o basyldy, bu basyldy, nämüçin beýle bolýarka» diýip, menden soraýardylar. Men hem olara «Şuny siz menden soramaň, menem aýtmaýyn.Hemmesem bile işleşip ýören adamlarymyz. Başymyza düşse görübereris» diýip aýdýardym.
Bir gezek obalara aýlanmaga gitdim. Şonda yzymda üç sagat dagy garaşypdyrlar. Popogyň aýaly Aşgabat şäherinde partkabinetiň müdrii bolup işleýärdi. Popok Powolžä işe iberilipdi. Ine, şoň aýaly Kostenko jaň edipdir. Onam tapman aýalyna tabşyrypdyr. Olam meni gözläp tapmandyr. Basa-baslyk güýçli. Basanlarynda-da çagyryp tutýarlar. Birwagtdan soň gelsem, Kostenko bilen aýaly ýüzlerini aşak salyp, dymyp otyrlar. Olar Murgabyň boýunda ýaşaýardylar. Özleriniňem iki sany çagasy bardy. Men «Çagalarynyň biri suwa akandyr» diýip gorkdum. Soramagam birhili. Menem gürlemän otyryn, hiç geplänoklar. Bir wagtdan soň Kostenko aýalyna:
– Nämeçün çagyranlaryny soramadyňmy? – diýdi.
Olam:
– Telefonda hiç zat aýtmady. Ýöne hökman gelmeli – diýdi.
– Ýanym bilen nähili material almaly?
– O hakda-da hiç zat diýmedi.
Onda ol aýalyna:
– Aşgabada jaň edip sorap gör – diýdi. Olam Aşgabada jaň etdi. Aňyrdanam, «Sorap göreýin, soň jaň ederin» diýipdir. Jaňam gelmedi, zadam. Ugramaly wagtam golaý geldi. Wagtam gije. Ertir sagat 10-da Aşgabatda bolmaly. Ahyry hoşlaşyp, razylaşyp ýola düşermen boldum. Ertir irden sagat 9-da Merkezi Komitete geldim. Birinji sekretaryň kabulhanasynda Kokarewa diýen sekretar-maşinistkasy oturan eken. Uzyn, daýaw aýal. Ol ozal maşinistka bolup hemişe Atabaýewiň ýanynda bolardy.
Ol maňa Ýakow Abramowiç Çubiniň garaşýandygyny aýtdy. Ýakow Abramowiç Çubin Türkmenistana BK(b)P MK tarapyndan iberilipdi. Özem on dördünji ýylda podpolýede işläpdir. Ony men soň bildim. Bardym ýanyna.
«Özüň bilen gürleşmän, Han Atamyşewiň hödürlemegi bilen seni Merkezi Komitetiň oba hojalyk bölümine instruktor edip işe aldyk» diýdi. Menem «Kagyz işini oňaramok. Meni öwrenen ýerime raýona iberiň» diýdim. Ol maňa «Atamyşewiň ýanyna bar. Näme etmelidigini aýdar» diýdi. Barsam Atamyşewiň özi ýok eken. Sekretary «Ol işde birigün bor. Şonda geläý» diýdi. Merkezi Komitetden çykypdem-dynjymy alamsoň, Mara, Kostenko jaň etdim. Olam degşip «Hä, onda bizi barlamaga geljek-dä» diýdi.
Atamyşew işe çykdy. Bir stoluň başynda oturtdy. Öňüme-de bir topar dokument berdi. Haýsyndan başlajak? Edil tümlükden ýörän ýaly. Bir aý işledim. Moskwadan BK(b)P MK-nyň instruktory geldi. Milleti latyşdy öýdýän. Meni çagyrdylar birinji sekretaryň ýanyna. Olam «Şu adam bilen Aşgabat raýonyna gitmeli» diýdi. «Öň işlän ýerlerime aýlanaryn, görerin» diýip begendim. Moskwaly «meň ýanyma agşam sagat altyda gel» diýdi. Sagat alty bolandan maşyna münüp, raýona tarap ýola düşdük. Raýkoma bardyk. Barsak raýkoma adam bary ýygnanypdyr. Grişin diýip, raýkomyň ikinji sekretary garşy aldy. Ýygnak başlandy. Birinji meseläni gutaryp, ikinji meselä geçildi. Ol guramaçylyk meselesi. Merkezi Komitetiň wekili çykyş edip «biz MK-nyň býurosynda bu meselä garadyk. Hemem raýkomyň býuro çlenlerine sala saldyk. Raýkomyň birinji sekretarlygyna Aýtbaý Hudaýbergenowy hödürlemegi makul bildik. Niçik görýäňiz?» diýdi. Oturanlaram «Hudaýbergenowa belet. Ol ozal biziň raýonymyzda bäş ýyllap işledi» diýdiler. Üç adam çykyp gepledi. Şeýdibem tassyk etdiler.
Menden öň birinji sekretar bolup Ilbaýew işläpdir. «Halk duşmany» diýlip basylan eken. Işläp ýörün. Bir gün obalara aýlanyp, gaty ýadaw öýe geldim. Derrewem uklap galypdyryn. Birinji maý köçesiniň ugrunda ikinji etažda ýaşaýardym. Gije sagat ikilerde biri aýagyma depýär. Tursam aýal maşgala. «Sizi sekretar çagyrýar» diýdi. Sagadyma seretsem, gije sagat ikileň töweregi. Göwnüme gelen zat, «meni aldap çagyryp, ýolda basjaklar-ow» diýen pikir boldy. Çykdym, maşyna mündük. Maşyn göni Merkezi komitete bardy. Çubin oýaly-ukuly irkilip oturan eken. Özem gaşlak adam. «Hywaly Babaýewi komwuzdan aldyk. Merkezi Ispolnitel Komitetiniň başlyklygyna belledik. Seni hem Halk Komissarlar Sowetiniň başlyklygyna belledik» diýdi. Men ör-gökden geldim. Bu işi düýbünden oňarmajakdygymy kesgitli aýtdym. Muňa onuň gaty gahary geldi. Öňündäki telegrammany eliniň tersi bilen zyňyp goýberdi.
– Bu telegrammany kim üýtgedip biler? – diýdi.Telegrammany okap gördüm. Onda Stalin hem Molotowyň goly bilen Aýtbaý Hudaýbergenowyň TSSR HKS-niň başlyklygyna bellenýändigi ýazylypdyr.
Telegrammany okap görüp, sesimi çykarman oturyberdim.
– Ertir sagat 10-da gelersiň – diýip Çubin aýtdy. Aýdylan wagty bardym. Çubin öňüme düşüp, HKS-niň başlygynyň kabinetine alyp bardy. Kabinetde ýigrimi adam dagy oturan eken. Özlerem daýaw- daýaw adamlar, hondan bärsi bolup otyrlar. Çubin meň oturmaly ýerimi görkezip, iki-baka gezmelemäge başlady. Soňam «Şu ýoldaş Hudaýbergenow Aýtbaý. Siziň başlygyňyz, üstünlik arzuw edýärin» diýdi-de, çykyp gidiberdi. Menem nämeden başlajagymy bilmän, birsalym dymyp oturdym-da, oturanlara «Baryň, işli-işiňiz bilen boluberiň» diýdim.
Ine, şeýdip Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy hökmünde işe girişiberdim. HKS-nyň apparatynda 160 adam işleýän eken. Ýöne ýekeje-de ýerli milletden işgär ýok.
Bäşim Durdyýew diýip bir sowatly ýigit bardy. Ony men özüme kömekçi edip işe aldym.
Üç aý geçip-geçmänkä «Moskwa Molotow çagyrýar» diýdiler. Ýanyma Bäşimi aldym-da, hiç hili dokumentsiz, zatsyz gidiberdim. Kremliň derwezesinden bardyk. Polkownik dokumentimizi sorady. Dokument nirede, zat nirede? «Goýberjek däl» diýensoň, menem: «Goýbermeseň gaty gowy-da. Yzyma gaýdyberjek» diýdim. O wagtlar men entek ýüzüne urlup görmedik adam. Känbir çekinibem durmadym. «Men arz bilen gelemok. Iş bilen çagyrypdyrlar» diýdim. Ahyry Bäşim onuň ýanyna baryp bir zatlar düşündirdi. Şondan soň jaň edip başladylar. Aňyrdan buýruk gelendir-dä, derrew bizi goýberdiler. Birtopar gapydan geçmeli boldum. Barsam bir daýaw sekretar aýal otyr (Kabulhanada gepleşilmeýär eken). Diňe üm bilen «Otur» diýip yşarat etdi. Oturdym. Başga-da garaşyp duranlar bar. Menem egin-eşigim olaňky bilen deňeşdireniňde gaty ýönekeý. Ep-esli wagt geçensoň jaň geldi. Maňa «gir» diýdiler. Girdim. Salamlaşdym. Hal-ýagdaýymy sorady. «Hudaýbergenow, respublikanyň öňki ýolbaşçylarynyň üstünden arza bar. Aşgabatda bir bag bolmaly. Şo bag çapylyp, ýerine jaý salynýar. Özem 10 million manada durýar. Şonuň 70 prosentine çenli kemeldilmeli. Pul başga zerur zatlar üçin gerek.Ýanyňa bir inžener al. Hasaplap görüň. Soň ýene meň ýanyma gelersiň» diýdi.
Molotowyň ýanyndan çykyp, Aşgabada gaýtdym. Aleskowskiý diýip bir güýçli inžener bardy Aşgabatda. Ol graždanlyk urşy döwründe Frunze dagy bilen bile söweşipdir. Aleskowskiý şo wagt Halk Komissarlar Sowetinde işleýärdi. Şony ýanyma alyp, Köşi bagyna bardyk. Dogrudanam baglar çapylyp, olaň ýerine-de iki gat, üç gat jaýlaryň gurluşygy gidýän ekeni. Her jaýyň öňünde ikiden-üçden suw fontany. Garawulhanasy bar. Fransuzmy ýa-da italýan stilinde salynmaly eken. Atabaýew üçin niýetlenen jaýyň gatynda tans meýdançasy bolmaly eken. Şo on millionyň üç millionyny kemedik. Çykaran hasabymyzy alyp, ýene Molotowyň ýanyna gitdim. Molotow dokument bilen tanşyp «Az» diýdi. Aşgabada gelip ýene 600 müň kemeltdik. Indi üç million 600 müň manat boldy. Ýene Molotowyň ýanyna gitdim. «Indi şundan artyk kemesek, onda o jaýlara mal salaýmasak, adam ýaşar ýaly boljak däl» diýdim. «Bolýar. Ýöne jaýlary bahymrak gurup gutaryň» diýdi. Zol-zol Kremle gatnamsoň, garawulda duran ofiserleriň özara gürrüňini eşitdim: «Mundan öň Orta Aziýadan hökümet başlyklarynyň hiçisem beýle ýygy-ýygydan gelenokdy» diýip haýran galýardylar.
Täze jaýlaram salnyp gutaryldy. Ýöne bir topar adam onda ýaşamaga göwünjeň bolmady. Ýalňyşmasam, Garajaýewa, Altybaýewa dagy şo jaýa göçmäge razylyk berdiler öýdýän.
* * *
Maryda kyrk müň gektar meýdanda inçe süýümli gowaça ekmeli bolduk. Ozal amerikan sorty ekilýärdi. O gowaçaň boýy uzyn bolýardy. Proýektini taýýarlap, boldum etdik. TK(b)P MK-nyň birinji sekretary Fomin, men, Gosplanyň başlygy Saakýan, suw hojalygy halk komissary dagy bolup proýekti hem öz ýanymyza Moskwa ugradyk. Gazagystana baramyzda, yzymyzdan «Fonin Aşgabada gaýtmaly, Hudaýbergenowyň bir özi gelmeli» diýip, Moskwadan telegramma aldyk. Fonin Aşgabada gaýtdy. Bizi Moskwada Mikoýan kabul etdi. Ol proýekti gözden geçirip bolandan soň maňa ýüzlenip: «Sen, Hudaýbergenow, şu proýekte dahylly halk komissarlaryň ählisiniň razylygyny al» diýdi. Ýer işleri halk komissary Wenedtikowdy. Ol derrew gol çekdi. Beýlekileriňem razylygyny aldym. Iň soňundan SSSR maliýe halk komissary Zwerewiň ýanyna bardym. Ol gol çekmedi. «Bolýa, men gepleşip geleýin» diýip, oň ýanyndan çykyp gaýtdym. Iki-üç sagada golaý onda munda gezim edip, arakesmeden soň ýene oň ýanyna gitdim. «Ine, Sizden başga beýleki halk komissarlary proýekte gol çekdi. Staliniň ýanyna barsam «Zwerewiňem goly bolsun» diýdi. Çekseň-ä çek, çekmeseňem Staliniň ýanyna barjak» diýdim. «Haý, sen-ä oňardyň-ow» diýýän äheňde ýüzüme çiňerilip seretdi-de, derrew gol çekdi. Staliniň ýanynda bolmak nirde, zat nirde! Mikoýan gol çekilen proýekti görüp, «Indi Molotow bilenem gepleşeli» diýdi. Ol Molotow bilen jaňlaşdy. «Ertir Halk Komissarlar Sowetiniň mejlisi bar. Meseläni şonda seretjek. Ýöne taýýarlan. Näçe traktorçy taýýarlamaly, näçe pagta guradyjy agregat gerek we başga-da näme zerur zatlar gerek bolsa aýdarsyň şo ýerde» diýdi. Ertesi mejlise bardyk. O wagtlar mejlis gidip durka mesele bilen çagyrylsaň, gapydan ok ýaly bolup girmelidi. Mesele gutaran dessine-de şoň ýaly bolup çykmalydy. Kagyz galamyňy ýygnajak bolup oýkanyp oturmak gadagan. Otyryn garaşyp. Bir mesele gutardy, ikinji mesele-de gutardy. Men ýoldaşlaryma «Mejlise giremde ýanymda boluň» diýip tabşyrypdym.
Üçünji mesele-de biziňki. Derrew okdurylyp girdim-de, Molotowyň oturan ýerine golaý durdum. Olam Mikoýan bilen bileräk otyr. Gözümiň gytagy bilen seretsem, ýoldaşlarym iň yzda otyrlar. Durun. Ilkinji gezek şeýle mejlise gatnaşyşym. Gören zadym däl. Gözümi aýlap goýberdim. Görsem Woroşilow, Budýonnyý, Stalin, Bulganin, Hrusew, Wosnesenskiý... ýolbaşçylaryň hemmesi bar. Sussum basyldy. Gowy derledim. Öz bolşuma özüm haýran. Mikoýanyň «Proýekt bilen halk komissarlary tanyş. Hemmesi oňa gol çekdi. Nädeliň! Hudaýbergenowyň dokladyny diňlärismi ýa-da proýekti tassyklarysmy?» diýen sesini eşidýän. Şo wagtam Budýonnyý «Hudaýbergenowyň birinji gelşi, dokladyny eşideliň» diýdi. Şeýle diýenden meni ýene der basdy. Her niçigem bolsa özümi dursäp, aýdyp başladym. Gürrüň traktor hakdaky meselä baranda men respublika üçin 1500 sany traktorçynyň gerekdigini aýtdym. Şo wagt Mikoýan meniň sözümi bölüp: «Hudaýbergenow, respublikada näçe türkmen ýaşaýar?» diýip sorady. Menem «Respublikanyň jemi I million 700müň ilaty bar. Şoňam 700 müňi türkmen» diýdim. «Näme ýylda bir müň bäş ýüz traktorçy taýýarlap, siziň hemmäňiz traktorçy boljakmy?» – diýdi. «Bizde häzir ýekeje-de traktorçy ýok» diýsem-de, ol «Ýaryny aýyr» diýdi. Bu mesele-de şeýdip çözüldi. Başga meseleler hakda aýdyp başladym. «Daşoguzda pylança pagta guradyjy agregat guramaly, şunça-da serişde gerek» diýdim. Mikoýan ýene meň sözümi böldi-de: «Dur, dur» diýdi. «Men Türkmenistanda iki gezek boldum. Birinji gezeg-ä türmede boldum, bir gezegem iş bilen geçip gitdim. Garagumda ot ýakman nahar bişirýäler. «Sen näme, munça agregat bilen türkmenleri güne ýakjakmy?» diýdi. Bu mesele aýryldy. Şeýlelikde proýekt tassyk edildi.
Anyk ýadyma düşenok, otuz dokuzynjy ýyl bolsa gerek. Moskwa çagyryldyk. Plenum açyldy. Bada Ýežowy daşy sakçyly türmeden getirdiler. Hiç kim geplemedi. Stalin ondan «Nämüçin beýle köp adamy zaýaladyň?» diýip sorady. Olam «Maňa ynandyňyz. Menem öz etjegimi etdim» diýip jogap berdi. Başga zat diýmedi. Stalin «Kimde sowal bar?» diýip, Plenuma gatnaşyjylardan sorady. Hiç kim sowal bermedi. Stalin «Äkidiň» diýdi. Ýežowyň elinden partbildini alyp, ýene yzyna äkitdiler. Bu gitdi. Litwinow – daşary işler halk komissary çykdy. Gaty dilewar adam eken. Iki sagat dagy dawalaşdy. Soň Stalin çykyş edip, käbir zatlary onuň boýnuna goýdy. Ony Plenumyň, MK-nyň çlenliginden boşatdylar. Ondan soň Molotowyň aýaly Žemçužinany tribuna çykardylar. Men ony öňem tanaýardym. 1936-njy ýylda Maryda işleýärkäm gelipdi. Şonda ol bolýan wagonyna çagyryp, menden raýonyň ýagdaýy hakynda sorapdy. Çepiksije, hor aýal eken. Wagona giremden meniň egnimdäki eşiklerimi görüp ýüregi ýaryldy. Aýagymda ädik, egnimde-de penjek. «Bu geýimde nädip yssa çydaýaň?» diýip sorady. Ol şo wagtlar Bütinsoýuz baş parfýumeriýanyň başlygy bolup işleýärdi.
Plenumda ol «Ýoldaşlar, meni okadanam, adam edenem partiýa. Emma men bir ýerde ýalňyşlyk goýberipdirin. Meniň bir işgärim daşary ýurda gidende düzgüni bozan eken. Muny men öz wagtynda bilmändirin. Şu meselede men günäkär. Näme çäre görseňiz, men şoňa kaýyl» diýdi. Hiç kimdem ses çykmady. Sese goýdular. Molotowdan başga hemmämiz el galdyrdyk. Molotow bolsa Stalin bilen ýanaşyk otyrdy. Şeýdip Jemçužina hem partiýa hataryndan çykaryldy. GezekTK(b)P MK-nyň birinji sekretary Ýakow Abramowiç Çubine ýetdi. Ol ýaşuly adamdy. Dogrusyny aýtsaň, ol gaty-gaýrym söz aýdyp ýören adamam däldi. Ýöne iş talap edýärdi. Men şo ýerde bir zada göz ýetirdim. Şo tutha-tutluk wagty her respublikada gizlin üçlük bar eken. Oňa respublikanyň Merkezi Ispolnitel Komitetiniň başlygam, Halk Komissarlar Sowetiniň başlygam girmeýän eken. Men ony şo Plenumda bilip galdym. Üçlüge respublikanyň Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary, Içeri işler halk komissary hemem respublikanyň prokurory girýän ekeni.
Ýene Stalin sowal berdi. «Çubin, siz nämüçin maslahatsyz zatsyz, getirilen spisogy derňemän, adamlaryň basylmagyna, atylmagyna gol çekdiňiz?» diýip sorady. Şonda Çubin «Düzgüne görä, üç adamdan başga hiç kim bilmeli däl. Şonuň üçinem men hiç kimden soramadym. Prokuror bilen NKWD materiallary getirdi. Meň olara gol çekmezlige hakym ýok. Ýöne men bu meselede ýaşlyk edipdirin» diýdi. Stalin oňa «Sen on dördünji ýylda Ukrainada podpolýede sekretarlyk etdiň. O nähili ýaşlyk edýämişin?» diýdi. Çubin ikinji gezek ýene «Men şu işde ýaşlyk edipdirin, ýoldaş Stalin» diýip jogap berdi. Munam Plenimyň hataryndan çykardylar. Garaz, şonda on sekiz adam Plenumyň hataryndan çykaryldy.
Stalin Plenumda çykyş edip, ýerlerde basylan adamlaryň jenaýat işini togtatmagy, ol işlere täzeden garamagy tabşyrdy. Biz hem Aşgabada gelip, işe girişdik. Maňa Daşoguz okrugy tabşyryldy. Işler bilen tanşan wagtym, gozgalaň jenaýat işleriň köpüsine okrug NKWD- siniň naçalnigi Fodçenko gol çekipdir. Şo günüň özünde ol işinden boşadyldy. Partiýadan çykaryldy. Soň ol Ukraina göçüp gitdi öýdýän. Habarym ýok.
1939-njy ýylda BK(b)P-niň ХVIII gurultaýy bolup geçdi. Men hem onuň delegaty bolup gatnaşdym. BK(b)P-niň Derňew komissiýasynyň çlenligine saýlandym.
* * *
Taryhy şahslar