* * *
Beýik Watançylyk urşy başlandy. Iýun aýynyň 22-ine biz Pöwrizededik. Hemmämiz Aşgabada gaýtdyk. Molotow radioda çykyş etjek diýdiler. Şol günleriň birinde Mikoýan gije sagat birlerde maňa jaňedip: «Hudaýbergenow, hemme kärhanalary harby işine öwürmeli» diýdi. Trubkany goýup, Fonine jaň etdim. Gosplanyň başlygyny, halk komissarlary derrew ýanyma çagyryp maslahat etdik. Haýdan-haý işe girişdik.
«Krasnyý molot» zawodynda granatyň demir gaby ýasaldy. Fabriklerde esgerler üçin egin-eşik tikilmäge başlandy. Soň türkmen diwiziýasyny döretmek barada buýruk aldyk. Diwiziýa üçin ähli gerek zatlary kolhozlardan ýygnaýardyk. Diwiziýada harby tertip-düzgüni ýola goýmak üçin bize Orta Aziýa harby okrugy köp kömek berdi. Ine, şeýdibem 87-nji aýratyn atyjylyk brigadasyny düzüp, fronta iberdik. Bu gitdi. Soň ýene yzly-yzyna diwiziýa düzmeli bolduk. Her günem fronta adam ibermek kyn düşdi. Ne gämi bar, ne samolýot. Ulag ýok. Soňra atly Çärjewiň üsti bilen ýygnap başlady. Özleri öz atlary bilen Çärjewe baryp ugradylar. Emma, işçi batalon üçin adam ýygnamak gaty kyn bolupdy.
Ýurtda uruş gidip dur. Bir gün telegramma aldyk. Bizi Fonin ikimizi Moskwa çagyrýarlar. Moskwa bardyk. Staliniň kabulhanasynda otyrys. Poskrebyşew girip-çykýar. Biziň bilen işi ýok. Meniň gözüm gapyda. Ýanymdaky Fonin bolsa irkilýär. Onuň şeýleräk häsiýeti bardy. Poskrebyşew gapyny açdy-da, «girmeli» diýen yşarat etdi. Ilki bilen men gapydan girdim. Uzyn stol. Men Staline tarap ýöneldim. Olam maňa tarap ýöneldi. Salamlaşdyk. Fonin yzrakda. Stalin diwardaky kartinanyň deňine baryp, «Köpetdagdan aňyrda näme bar? Görkez» diýdi. Men «Bilmedim, ýoldaş Stalin» diýip, boýun aldym. Onda ol elini şeýdip tutdy, bir tarapy Aşgabat-Daşoguz, bir tarapyny Köpetdag Krasnowodsk bilen Köneürgenje çenli geçirdi. «Şu ortaňyzda dünýäniň baýlygy bar» diýdi. Geplemän duruň. Stalin ýalan sözleseň ýa-da üstüne goşsaň ýaman görerdi. Derrew bilerdi. Dogryňy aýtsaň gowy görerdi. Oturdyk. Molotow, Mikoýan, Kaganowiç, Beriýa geldi. Nefedow diýip nebit senagaty halk komissary bardy. Ol geldi. Stalin kagyz çykaryp, «Pylan ýeriň nebit zawodyny Krasnowodskiniň pylan ýerinde gurmaly» diýdi. «Ol bize şu günki gün suw bilen howa ýaly zerur. Proýekti alyp, taýýarlaň dokumenti» diýdi. Proýekti aldyk. Bäş günden soň ýene Staliniň ýanyna bardyk. Okap gördi. Iki punktuna düzediş girizdi. Oňa gyzyl galam bilenem gol çekdi. Kaganowiçe «Her on günden barlap, maňa habar ber» diýdi. Beriýa «Sen gurluşygy ýesir bilen üpjün et» diýdi. Mikoýana «Amerikadan gyssagly inžener getirmek hakda gürleş» diýse, Nefedowa zawodda işlejekleriň azyk—suwuna seretmegi tabşyrdy.
Ozal Aşgabatdan Moskwa alty gije-gündiz, yzyňa-da şonça gün ýol ýöremelidi. Moskwadaky işlerimizi bolduk edip Aşgabada geldik. Fonin bilen zawodyň gurluşygynyň ýerini göreli diýip Krasnowodskä bardyk. Barsak, adamdan ýňa ýörär ýaly däl. Çaýhana, naharhana işläp dur. Eýýäm gurluşyk gidip dur. Gördük, gaýtdyk.
Partiýanyň Krasnowodsk obkomynyň sekretaryna Bondarenko diýýärdiler. Ol bir gün gurluşykda işleýän amerikan inženerini ýanyna çagyrypdyr. Inžener onuň kabulhanasynda bäş minut garaşypdyr. Kabul etmändir. Onda ol gapyda oturýan aýala «Jenaba meniň bäş minutdan bäri garaşyp oturanymy aýdyň» diýipdir. Olam baryp aýtsa, Bondarenko «Garaşsyn» diýipdir. Onuň jogabyny eşiden inžener işine gidiberipdir. «Maňa boýun bolanok» diýip, Merkezi Komitete bada-bat habar berýär. TK(b)P MK-nyň senagat boýunça sekretary Sergeý Ionyçew bilen ikimiz bu mesele bilen Krasnowodskä gitmeli bolduk. Inžener bilen gepleşdik. Ol «Biz şertnama baglaşdyk. Şonuň üçinem biziň her minudymyz hasaply. Siziňkiler ýaly iş wagty ýarym sagatlap çilim çekmek, ýarym sagatlap warsaky urup oturmaga wagtymyz ýok. Şertnama boýunça näme nägileligiňiz bolsa aýdyň, bolmasa-da işiňiz bilen boluň» diýdi. Näme diýjek? Onuňky dogrudy.
TK(b)P MK-nyň býurosynda Bondarenko gelşiksiz hereketi üçin käýinç yglan edildi.
Örän gysga wagtyň içinde nebiti gaýtadan işleýän zawod ulanylmaga berildi.
Şondan soň ýene «Bakuwdan nebit geçirmeli» diýen buýruk aldyk. Bäridenem fronta tank ugratmaly. Krasnowodski-de ne oňly demir ýol bar, ne zat. Kiçijik bir şaha. Eşek araba ýaly. Hiç zat syganok. Nemesleriň «Tigr» atly tankyna garşy Staliniň adyny göterýän tank çykaryldy. «Tigrden» kiçiräk. Ýöne ondan güýçlüdi.
Bakuwdan nebiti 10-15 sisterna alyp, deňizde gämä tirkäp, Krasnowodskä getirilýärdi. Bärde platforma goýulýardy. Sowet Soýuzynda bir-ä bizden nebit bar, birem Bakuwda. Başga ýerde nebit galmady. Nemesler eýeledi. Tankam geldi. Nätjegimizi bilemzok. OnamStaliningrada ibermeli. Ol bize Moskwa tarapdan gelýär. Bu zatlary ýerinde guramak üçin men Krasnowodska gitdim. Bir kiçijik demir ýol. Iki sany demirýolçy rus adamsy bar eken. Men olary ýanyma çagyryp, «nätmeli?» diýdim. «Eger mümkin bolsa «С-80» diýen iki sany traktor tap. Galan zady adamlar bilen guramak bolar» diýdiler. Derrew Aşgabat bilen gürleşdim. Aşgabat raýonyndan iki sany täze traktory getirtdik. Tanklary adam güýji bilen dogrulap, traktor bilen itekläp otla mündürdik. Şol traktorlar bize köp kömek berdi. Stalingrad söweşi gutarandan soň maňa «Stalingrady goranlygy üçin» diýen medal sylag berildi. 800 adam orden-medal bilen sylaglanyldy. TSSR Halk Komissarlar Soweti şonda 30 müň manat töweregi maddy kömek üçin pul serişdesini goýberdi.
Kaganowiçi samolýotly barlap ýörkä, Kaspi deňziniň içinden atdylar. Samolýota ok degdi, ýöne onuň özüne hiç zat bolmady.
Stalin orta boýly, daýaw adamdy. 40-50 minutdan uzak doklad etmezdi. Şo wagtyň içinde aýtjak zadyny aýdyp ýetişerdi.
Men onuň öýünde iki gezek myhman boldum. Swerdlowsk zalynyň sag gapdalynda Staliniň tamyna girilýän işik bar. Bir gezek Molotowy, Fonini, meni nahara çagyrdy. Beriýa, Žukow hem bardy. Žukow Leningraddan gelipdi. Žukow degşerdem, geplärdem. Şondan başga bir adam Staliniň ýanynda geplemezdi. Bir zat soraýmasa, başga zat geplemezdi. Stalin borşy gowy görerdi. Aşhanasynda ukrainleriň çoýundan ýasalan tegelek gazany bardy. Şonuň birinde borş goýardy, birinde lapşa goýardy. Özi borş guýup alardy-da, «Alyň, haýsyndan isleseňiz guýnup iýibermeli» diýerdi. Üstünde skatert ýazylmadyk ýönekeýje gök stol. Özümize nahar guýundyk. Biz Fonin ikimiz bir çemçe iýsek iýendiris, utanyp oň ýanynda nahar iýip bolýamy?! Žukow çekinmän, stoluň üstünde duran çakyrdan azajyk guýup içdem.
* * *
Günbatar frontuna Türkmenistandan on ýedi adam delegasiýa bolup gitdik. Ýegorow – TK(b)P MK-niň senagat boýunça sekretary, TSSR magaryf halk komissary Tagan Berdiýew, Bäşim Durdyýew – HKS-niň başlygynyň kömekçisi, Saparmuhammedowa – egirme-dokma fabriginiň direktory. Çärjewden kolhoz başlygy Hojaýew, Daşoguzdan kolhoz başlygy Orazgeldi Ärsaryýew, Marydan kolhoz başlygy Ýusup Gul, Gökdepe raýonynyň Telman adyndaky kolhozyndan Ogulgurban Amanjaýewa diýen bir gyz bardy. HKS-niň işgäri Kalinin hojalyk işlerine ýolbaşçylyk edýärdi. Edebiýat we sungat wekilleri ýokdy. Diňe Moskwadan bir suratçyny ýanymyza goşdular. On bäş günde Moskwa bardy. Meni BK(b)P MK-nyň sekretary A.Andreýew ýanyna çagyrdy. «Siziň türkmen diwiziýaňyzda üýtgeşiklik boldy. Komandirleriň baryny täzeledik. Çäre görüldi. Hytaýda attaşe bolup işlän Kuznesow komandir bellendi. Gowy komandir. Sen ýol ugruna türkmen diwiziýasyna baryp gör» diýdi. Gitdik. Gorka baranymyzda şäheriň komendanty Dubenko alyp barýan sekiz wagonymyzy saklatdy. Ýegorow şonda maňa «ojuk-bujuk beräýeli» diýdi. Men «hiç zat berjek däl» diýdim. Dubenko maňa «Onda seni komanduýuşiniň ýanyna alyp barjak» diýdi. Gitdik. Frontuň komanduýuşisi Timoşenko samolýot bilen öňki liniýa gidipdir aýlanmaga. Ştabda Ýasnow bilen aýaly oturan ekeni. Ol maňa «Sen näme işläp ýörsüň?» diýip sorady. «Biz hökümetiň karary bilen Leningrada ýigrimi bäş wagon zat alyp barýas. Moskwada Andreýew meni çagyryp, şeýle tabşyryk berdi. Indem ýigrimi bäş wagonyň sekizisini türkmen diwiziýasyna alyp barýas. Wagon sekiz bolsa-da içinde zat az. Bärde-de Dubenko gabat gelip, wagonlarymyzy alyp galjak bolýa» diýdim. Ýasnow meni diňläp «Irtyş stansiýasyndan aňryk geçirmäň. Nemesler bar. Guderianyň tank armiýasy gabapdyr. Şondan aýlanyp, bulary barýan bölümlerine alyp baryň. Bir gije-gündiz bolsunlar, gürrüňlerini geçirsinler, berjek sowgatlaryny bersinler. Ertesi şu wagonyň yzyndan ýetiriň» diýdi. Gaýtam gowy boldy. Alyp bardylar. Ikinji eşelondan düşdük. Düşen ýerimiziň bäş ýüz metr aňyrsynda nemesler bar eken. Türkmenistan delegasiýanyň gelendigi hakdaky habary eşidip, diwiziýanyň syýasy bölüminiň naçalnigi geldi. Diwiziýanyň komandiri Kuznesow «Şumat goşun duşmanyň üstüne hüjüm geçdi. Bagyşlasynlar. Irden ýa getirdeýin ýa-da özüm bararyn» diýipdir.
Gijesi şo ýerde bolduk. Haýrullin diýip ozal Telman raýkomynyň sekretary bolup işlän bir tanşym bardy. Olam şu diwiziýada söweşýän eken. Biz baramyzda ol ýaralanyp bir aýagyny, bir goluny aldyrypdyr.Meniň baranymy eşidip, «Ýaşuly gelsin» diýipdir. Menem bardym. Operasiýa edýän doktor gapydan girmänkäm, «Derrew girip, çykyň. Iň soňky demini sanap ýatyr» diýdi.
Girip salamlaşdym. Zordan gepleýär eken. «Arkaýyn bol, ýagşy bolýaň, häzir doktor gelýär, hemme zat düzeler» diýip, yzyma öwrüldim. Şo wagt daýaw bir esgeri stoluň üstünde ýatyrypdyrlar. Üç esgerem onuň üstünden basyp tutup durlar. Birdenem aýagyndan agaç kesýän aryny saldylar. Aýagyny kesip zyňyp taşladylar. «Dat, meni atyň» diýip esger gygyrýar. Kesilen ýerini daňdylar. Başga medisina guraly ýok. Bir burçda kesilen aýakmy, elmi üýşüp ýatyr. Hapa bolup daş çykdym.
Ertesi iki sanýa münüp öňki liniýa gitdik. Kuznesow garşy aldy. Bagşy Ataýewi we onuň esgerlerini çagyrdy. Olara sowgatlarymyzy gowşurdyk. Front meýdanynda biz wepat bolan türkmen esgerleriniň onlarçasynyň jesetlerini gördük. Heniz olar jaýlanmaga-da ýetişmändir. Nemesleriň goranyş liniýasyny hem gördük. Goranyş liniýasyny çöp-çalamdan ýasapdyrlar. Emma her on metrden pulemýot goýan ekenler. Ortasynda-da alty-altydan atyjy goýupdyrlar. Komandiriň duran punktuny, ölen esgerleriniň eşiklerini gördük. Ýukajyk gök şinel ekeni. Orsýediň sowugynda bolar ýaly däl. Şo ýerde Aýdogdy Tahyrowyň jesedini görmäge gitdik. Iki frontuň arasy ýa 200, ýa-da 300 metr. Biziňkiler blindažda, olar çöpden goragda, 60- 70 metr uzynlykda iki adamlyk garym gazylypdyr. Şo ortada oturylsa iki tarapdanam şygyrdy bolsa gowy eşidilýän eken. Garawulçylyk çeken wagtlary Aýdogdyň ýoldaşy çylym üçinmi ýa başga zat üçinmi, yzyna gaýdypdyr. Aýdogdy ýeke özi galýar. Şo wagtlar faşistler bildirmän gelip, derrew Aýdogdyny güpbasdy edýärler. El-aýagyny daňyp, tüpeňiň naýzasy bilen urup ýençýärler. Endam-janyny gök- dalak edip öldürip taşlap gidipdirler. Jesedi şo ýerde ýatyrka biz onuň üstüne bardyk.
Diwiziýanyň komandiri Kuznesow bize Tahyrowy Sowet Soýuzynyň Gahrymanlygyna hödürlejekdigini aýtdy. Menem Aşgabada gaýdyp gelemsoň, onuň maşgalasyna ýörite pensiýa belledim.
Leningrada bardyk. Bizden on gün öň bu ýere Ahunbabaýewiň baştutanlygynda Özbegistanyň delegasiýasy gelip giden eken. Duşmanlar şäheri bomdalanda Ahunbabaýew agyr ýaralanypdyr. Kirow obkomynyň sekretary wepat bolupdyr. Bardyk. Öňümizden Baltika flotunyň wekilleri çykdylar. «Wagonlary demir ýol bilen ugradarys. Ýöne sizi otly bilen iberip biljek däl. Ladoga kölüniň üstünden maşynly gitmeli. Bu Ždanowyň buýrugy» diýdiler. Wagonlary ugratjak boldular. Öňünden ýarag ýüklenen wagonlar gidip barýardy. Ony 9 kilometrde urdular. Biziň wagonlarymyzy yza çekdiler. Hemmämiz bir maşyna mündük. Her ýüz metrden bir ýol görkezýän aýal dur. Bombalanan wagty snarýad düşen ýer doňmaýan eken. Baramyzdan soň Ždanowyň özi kabul etdi. «Siz – diýdi – myhmanhanada boljak bolmaň. Çünki häli-şindi şäher bombalanyp dur. Gämide ýerleşiň. Soň gepleşeris» diýdi.
Baltika flotunda Nikolaý patyşanyň gyzy üçin niýetlenip gurlan «Polýarnaýa zwezda» atly gämi bar eken. Flotuň komandiri bizi şo gämide kabul etdi. Öňümizde çorba bilen kükürt gabynyň ululygynda gaty çörek goýdular.
Tagan Berdä «Bar-da, bir maşyn ýükledip iýmit getirt» diýdim. Getirdiler. Admiral bizi ýaňadan kabul etmeli boldy. Iki bölek bolup gämide ýaşadyk. Trewoga wagty suwasty gämisi taýýar dur. Içine girýäs. Suwuň aşagyna çökýär. Hiç zat eşdilenok. Soň trewoga gutarandan soň «Näçe samolýot çozdy, näçesi uruldy, näçesi yzyna gaçdy» diýip habar berýärler.
Ermitažyň öňünden uly köçe geçýär. Şu köçeden gidip barýan adam, soň sowulýa-da oturýar. «Wah» diýýä-de jan berýär. Muny men näçe adamyň şeýdip jan berenini öz gözüm bilen gördüm. Iki sany esger gelýä-de, göterip äkidýär. Adam gaty köp öldi. Ertesi gaýtmaly günümizden bir gün öň Ždanow bilen duşuşjakdygymyzy aýdypdym. Olam öz kömekçisine: «Bagyşlasynlar, men öňdäki liniýa aýlanmaly. Delegasiýa bilen seň özüň hoşlaş» diýip oňa tabşyrypdyr.
Moskwa gelenimizde Türkmenistandan telegramma geldi. «100 million manat pul geçirildi. Front üçin samolýot satyn almaly» diýlipdir. Moskwada goşuny ýarag bilen üpjün edýän ýörite edara bar. Telegrammany alyp, şo ýerik bardym. «Ertir gel» diýdiler. Ertir bardym. Ýanyma bir polkownigi goşdular. Onuň bilen Kuýbyşew şäherine geldik. Obkomda bolduk. 18-nji zawod ýaňy gurlypdyr. Samolýot ýasap ugranyna-da köp wagt geçmän eken. Tokaýyň içinde. Galyň garyüstünde iki hatar guran ýaşlardyr garrylar işläp otyr. Her kim bir zat taýýarlaýar. Konweýer hem işläp dur. Ullakan bir saraýa barýan eken. O ýerde-de bir tarapdan ganat gelýär, bir tarapdan guýruk gelýär, bir tarapdan tigir gelýär. Motordan başgasy ýygnalýar. Motor agyrrak. Kran bilen motory samolýotyň içinde goýýarlar. Goýup ýakyp görýärler. Soň itekläp çykaryp goýberýärler. Ho ýerde ullakan dag ýaly bir zat üýşüripdirler. Elli metr bäri ýanyna baryp, samolýotdan şony atýarlar. Atan wagty samolýotyň çarhyna ok degmese bolany. 12 sany samolýot satyn aldyk. Aerodromda bir samolýota adamlary mündürip, surata düşdük. «Türkmenistanyň delegasiýasy samolýot satyn aldy. Samolýotlar Günbatar fronta ugradyldy» diýip gazetde ýazdylar.
Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen halky dürli frontlara 360-a ýakyn wagon sowgat iberdi. Gaty köp altyn-kümüş ýygnaldy. Baýramalydan kolhoz başlygy Ýusup Gul 110 müň manat berdi. Kolhoz başlygy Çoluk Eminow 106 müň manat berdi. Garrygaladan Hommat Pälwanow 100 müň manat pul berdi. Gaty kän egin-eşik tikilip fronta iberildi. Saragtly bir garry aýal altyn-kümüş şaý-sepleriniň hemmesini goranmak fonduna tabşyrdy. Zorluk bilen alandyrlar diýen habar geldi. Şony barlamak üçin TSSR MIK-niň başlygy Hywaly Babaýew Saragta iberildi.
Ýaňky aýal Hywaly Babaýewe «Meniň beren şol şaý-seplerim Gitleriň ýüregine ok bolup degsin. Uruş gutaransoň alyp dakynaýarys» diýipdir. Bu aýalyň edermenligi hakynda Kalinin hem ýazdy. Şonuň ýaly söz aýdan aýallar bir ýa iki däldi. Olar onlarça, ýüzlerçedi.
* * *
Men şu ýerde uruş ýyllarynda bolyp geçen bir wakany ýatlasym gelýär. 1942-nji ýylda biz bile işleşen ýoldaşymyzdan jyda düşdük. Hywaly Babaýewiň ölümi maňa gaty agyr degipdi. Bu waka şeýle boldy.
Şertnama esasynda 1939-njy ýylyň ahyryna çenli biziň territoriýamyzda Eýranyň mal sürüleri bakylýardy. 100 goýundan 5 goýun, 100 gara maldan 5 mal almak şerti bilen. Bütin Aşgabadyň töweregi bilen Kaka, Gökdepe aralygynda şolaryň sürüleri bakylýardy. Şowagtlar Aşgabadyň et ýagdaýy gaty gowudy. Goýnuň bahasy arzandy. Çopana bir köne balak berip, bir guzy alyp bolýardy.
Emma urşuň başlanmazynyň öň ýanynda Eýran tarapy şertnama boýun egmejek boldy. Salgytlaryny tölemän gaçyp gitjek boldular. Ýöne biz hakymyzy gidermedik. Almaly zatlarymyzy alyp, serhedem ýapdyk. Urşuň başlanmagy bilen Eýrana Germaniýanyň içalylary gelip başlady. Bizem ozalky şertnama esasynda öz goşunlarymyzyň bir bölegini Eýrana geçirmeli bolduk. Goşun Aşgabada geldi. Olary ýerleşdirmek meselesi ýüze çykdy. Harby komissariatyň jaýyny wagtlaýyn şo goşunyň ştabyna bermeli bolduk. Başga amatly jaý ýok. Hywaly Babaýewem şo golaýyndaky köçede ýaşaýardy.
Ştab we harby enjamlar ýerleşdirilenden soň TK(b)P MK-da agşam býuro geçirdik. Býuronyň karary boýunça şo köçeden ýokaryk hiç kimi, hatda Merkezi Komitetiň sekretarymy ýa hökümet ýolbaşçysymy, tapawudy ýok, goýbermek gadagan edildi. Şol agşamyň ertesi irden men işe gitdim. Salym geçmänkä «Hywaly Babaýew ölüpdir» diýip öýdýän jaň geldi. Derrew geldim, gelsem atylypdyr. Bu şeýle bolan ekeni. Hywaly işe ugranda ştaby goraýan ýaş esgeriň üstünden geçjek bolupdyr. Garawul esger «Bu ýerden geçmek gadagan» diýip, onuň öňünde durupdyr. Ol bolsa gaharlanyp, esgeri itekläp, ştaba ýönelipdir. Ştabda bolsa ir sagat bolansoň adam tapmandyr. Soň yzyna öwrülip, şofýor tarapdan maşyna münüp, «Sür maşynyňy» diýipdir. Esgerem maşynyň tekerinden atjak oky Hywaly Babaýewiň hemem şofýoryň ýagyrnysyndan degipdir. Maşyn şo bada hem baryp köçäň gyrasyndaky elektrik sütünine urýar.
* * *
Indi birki agyz şo döwürde geçirilýän TK(b)P MK-nyň býurosy hakda aýdaýyn. Býuroda her bir çlen ýa-da beýleki mesele hakda öz pikirini aýdardy. Ahyrynda-da Merkezi Komitetiň birinji sekretary býurony jemlärdi, şoň bilenem gutarardy. Ýöne biziň býuromyzyň çlenleri sowatsyzrakdy. Aýdaly MK-nyň ikinji sekretary Allaberdi Berdiýew tüýs partizan diýilýänlerdendi. Ýöne ýedi klas bilimi bardy. Gürlände zat edende syýasy taýdanam bir dogry geplemezdi. Nädip ikinji sekretar bolupdyr, aklyň haýran.Men Lenin raýonyna işe barmazymdan öň Allaberdi şo ýerde birinji sekretardy. Daşoguz oblastynyň Lenin raýonynyň täze açylan wagtlary raýon merkezi diýlip bellenen ýerde at ýatagyndan başga ýekeje-de oňly jaý ýok eken. Allaberdi işe başlanda şo at ýatagyny raýkomyň jaýy edip beripdirler. Ol bolsa öz partizanlygyny edip, (kanunyňam gaty berk tutulýan döwri şo wagt) tagtamy, çüými, fanermi alyşdyryp, at ýatagynyň içini aýry-aýry kabinet edipdir. Özem gurluşyk 150 müň manada durupdyr. Daşy weli at ýatak. Men bolmasam, ony muň üçin basýadylar. Men bardym. Aýlanyp gördüm. Dogrudanam eden işi gowy. Sebäp diýende, o wagtlar jaý gurmak örän kyndy ahyryn. «Bu eden işi bolanok» diýseň-de aýagyňy sallap gidibermeli. Ýöne kanuna laýyklasaň hem ap-ak bolup galybermeli. Pikir edip, öz-özüme «Eger şu jaýam edilmedik bolsa, raýkomy nirde ýerleşdirjek» diýdim. Karar çykardyk. Şo at ýatagy altmyşynjy ýyllara çenli raýkomyň jaýy boldy.
* * *
Urşuň ilkinji aýlarynyň bir güni Mikoýan maňa jaň edip, «Türkmenistan 75 müň adam kabul etmeli» diýdi. Respublikada ewakuasion komitet döredildi. Men olary garşylap, ýerleşdirmek üçin Krasnowodskä gitdim. Bize Mikoýanyň aýdyşy ýaly, 75 müň däl-de, 25 müň adam iberildi. Olaryň hem köpüsini Daşoguz we Çärjew oblastlarynda ýerleşdirdik.
Adamlar hil-hil bolýar. Kimsi başa düşen agyr günleri mertlik bilen geçirýär, kimsi ejizläp, öz mertebesini peseldýär. Şol gelen adamlaryň arasynda-da men her hilisine gabat geldim. Bir waka ýadyma düşýär. Daşoguz oblastynda komandirowkadakam göçürilip getirilen bir aýal maşga gün-güzeranynyň agyrlygyndan zeýrenip, aglady. Men ony köşeşdirip, kömek etjekdigimizi aýtdym. Birki gün geçdi. Bir gyzyň brilliant ýüzügi bir çörege çalşandygy hakda milisiýa habar gowşupdyr. Bu habar meňem gulagyma degdi. Anygyna ýetmek üçin milisiýanyň naçalnigini barlamaga iberdik. Dogrudanam, bir gyz çörek bişirip oturan özbek aýalynyň ýanyna baryp, «Daýza, şu ýüzügi al-da, maňa bir çörek bersene» diýipdir. Ol aýalam ýüzügi alman, oňaçörek beripdir. Şo waka bolan wagty ýanynda birki sany aýalam bar eken.
Milisiýanyň naçalnigi barlan wagty ejesiniň ýanyndan üç litrlik çüýşe doly gyzyl-kümüş şaý-seplerini tapýar. Şo zatlaň eýesi hem meň ýanyma aglap gelen aýal eken. Munça zady ýanynda göterip ýörse ogurladaýmagynyň mümkindigini ol aýal düşündirdik hem-de onuň zatlaryny öz razylygy bilen wagtlaýynça banka tabşyrdyk. Ýöne ýene bir zat aýdaýyn, şol şaý-sepleriň hemmesiniň dokumenti düzüw eken.
* * *
Uruş ýyllarynda Türkmenistanda harby gospitallaryň onlarçasyny döretmeli boldy. Bu gospitallarda ýaraly sowet esgerleriniň müňlerçesi öz saglyklaryny dikeltdiler.
Şu ýerde men respublikanyň şol wagtky saglygy saklaýyş halk komissary Myrat Gapaýewiç Berdigylyjowyň adyna minnetdarlyk sözlerini aýtmakçy.
Harby gospitallary döretmek köp azap çekildi. Ýer işleri halk komissarlygyň, medinstitutyň we gaýry ençeme edaralaryň jaýlaryny boşadyp, gospital etmeli boldy. Wraç ýetenokdy.
Türkmen generaly Ýakup Kulyýewi men ýakyndan tanaýardym. Onuň inisi Gulam Kulyýew uruş döwründe azyk senagaty halk komissary bolup işledi. Şoh ýigitdi. Ýöne sowady ýeterlik däldi. Ol ozal Maryda raýkomyň birinji sekretary bolup hem işläpdi. Men ondan soň şo raýkomyň ikinji sekretary bolup işläpdim.
Baýramalyda atly diwiziýa döredip, Ýakup Kulyýew Stalingrad söweşine gitdi. Rugsada gelende ol meniň ýanyma salamlaşmaga geldi. Gürleşip otyrkak, ol şonda maňa: «Ýaşuly, biz tizden hüjüme geçmeli. Atyşyp ölseň-ä armanyň ýok. Ýöne bir çawup gelen gülleden ölseň, armanly boljak» diýip degişdi. Hoşlaşyp gitdi. Bir gün «Ýakup Kulyýew wepat bolupdyr» diýen ajy habar gelip gowuşdy. Ol hüjümiň öňüsyrasy söweşiň öňki liniýalaryna aýlanyp gelýärkä, ýolda nemesleriň bir samolýotyna gabat gelýär. Generalyň ýanynda-da adýuganty bar eken. Nemes lýotçigi maşyny sypdyrman asmandan pulemýot okuny paýradypdyr. Şo oklaryň biri hem Ýakup Kulyýewiňaýagyna degýär. Golaýdaky meýdan medsançasta-da sowulman, generaly göni uly gospitala aşyrmaly edilipdir. Olam 6-7 sagatlyk ýol bolmaly. Ýolda aýagyndan gan kän gidip, gospitala-da ýetmän Ýakup wepat bolýar. Soň onuň jesedini adýutanty Aşgabada getirdi. Şo ýerdenem Mara äkidip, köne raýkomyň jaýynyň ýanynda ýas mitingini geçirdik. Murgabyň ýakasynda-da jaýladyk. Oňa meň özüm gatnaşdym. Ýakup Kulyýewiň ölümi barada men onuň öz adýutandyndan eşitdim.
* * *
Uruş gutardy. Ähli ýurtda bolşy ýaly, respublikada-da urşuň salan ýaralaryny dikeltmäge girişildi. Günleriň birinde Moskwadan, Partiýa kontrollygyndan wekil geldi. Foniniň buýrugy bilen oňa fontda saklanylýan gadymy halylardan birnäçesini sowgat bermeli edilipdir. Men oňa bu halylaryň belli bahasynyň ýokdugyny, halkyň gadymy medeni baýlygydygyny düşündirjek boldum, bolmady. Soň NKWD-ä «Halylardan bir kemçilik tapyň» diýlip tabşyrylypdyr. Bir gün NKWD‑den gelip: «Ýaşuly, haly artelinde dokalan halylarda faşistleriň haçly nyşany bar» diýdi. «O nähili nyşan?» diýip, geň galdym. Emma buýruk MK-dan baransoň arteldäki halylary sökdürip başlapdyrlar. Haly arteline bardym. Annamyradowa diýen arteliň başlygy: «Şeýle buýruk geldi. Merkezi Komitetdenem adam bar, organlardanam bar» diýdi. Barsam halylary sortlap duran ekenler. Sakladym. «Bular heniz faşistiň ady ýok wagty dokalan halylar. Türkmeniň gadymy nagşy bu. Eger şeýle bolýan bolsa baryň Hywa. Hywanyň ähli ýadygärliklerini ýykybermeli onda. Telim asyr mundan ozal salnan ymaratlar» diýdim. Halylary sökmekligi gadagan edip gaýtdym. Bu MK-nyň birinji sekretary Foniniň gulagyna degýär. Bir gün meni ýanyna çagyrdy. Ikiçäk oturyp gepleşdik. «Nämüçin gadagan etdiň?» diýip, nägile äheňde sorady. «Bu halylar gadym döwürde dokalan. Sökseň öňki owadanlygyny gaýtaryp bolmaz» diýip düşündirdim. «Buýrugy ýatyrmaly däl eken» diýdi. Menem «Sökdürmegem bolanok» diýdim. «Eý, bolýa» diýdi. Şeý diýenden soň onuň näme diýjek bolýanyna düşündim. Şondan soň ol kadr meselesinde maňa sala salman başlady. Şo wezipä golaýyndan getirer ýaly däl adamy tassyk edip,maňa iberýär. Gol çekmän gaýtaryp goýberýän. Ýagdaýyny aýtsamam «Çagyrarys, gepleşäýeris, düzederis» diýip, müň bahana tapýar.
Bir günem Daşoguzda komandirowkadakam, soraman-azat etmän, meni gaýybana partiýa mekdebine ýazypdyr. Özüniň-ä bary- ýogy ýedi klas bilimi bar. Menem tehnikumy, instituty gutaranlygym hakda diplomym bar. «Hudaýbergenow okuwa gitjekmiş» diýibem myş-myş ýaýradyp goýberdiler.
Bir gün Pöwrizä gitjek bolanda «Menem äkit. Maşynym ýok» diýdim. Gitdik. Ýolda düşdük. «Nämüçin beýdýäň? Aýdaý beýdip ýörenden. Ýa bir zat güman edýäňmi? Berlen halylar hakda men gürrüň edemok. Ýöne dokalan halylary sökdürmek hiç bir heňe gelenok. Dostuňa iki haly, üç haly ber. Ýöne soňky hereketiň bolanok. Ýaramaýan bolsam hem «Özüňe iş tap» diýip, aýt. O başga gep» diýdim.
Munda-da ol oňly zat diýmedi. Soň görüp otursam, NKWD-ä meň bilen bolan bir işi anyklamagy tabşyrypdyr. Bu waka uruşdan öň bolup geçipdi.
Amyderýanyň ýakasynda ullakan iki sklad bardy. Her sklady iki- üç tamça bardy. Aşgabada telegramma geldi: «Amyderýa joşdy, uny halas etmek üçin 20 maşyn bilen 80 teker we ş.m. beriň» diýlip habar berilýär. Derrew Merkezi Komitetiň býurosy çagyryldy. TK/b/P MK- nyň ikinji sekretary Allaberdi Berdiýewe «Daşoguza gitmeli» diýilse, ol «Ýanyma ýene iki sany býuro çlenini goşuň» diýdi. TSSR MIK- niň başlygy Hywaly Babaýewem «Men o ýeriň diline düşünemok» diýdi. Gaharym geldi. «Men gideýin. Eger belli sagadynda transport bilen üpjün etmese, şol ispolkomyň başlygyny işden aýyrsam, çäre görsem meňkini tassyk edersiňiz. Eger raýkomyň sekretary gedemlik edip boýun egmese, wezipesinden aýyrsam, onda muny býuronyň karary diýip hasap edýäňiz. Maňa şeýle ygtyýar berseňiz-ä gidýän, ýogsamam kimi iberseňiz şony iberiň» diýdim. Oturanlar maslahat etdiler. Sagat ikä golaýlaberende maňa şeýle ygtyýarlyga kepil geçýän dokument berdiler. Býurodan çykdym. Tanyş generalym bardy. Oň Akdepede gizlin samolýotynyň barlygyny bilýärdim. Men oňa Daşoguza gyssagly uçmalydygyny, şo samolýot bilen meni uçuryp goýbermegini haýyş etdim. Ol «Bilseler, meni atarlar» diýdi. «Hiç kim bilmez. Daşoguzda aerodromdan bärde gondursyn. Onsoňam oýerde diňe «U-2» samolýotyny bilýärler. Bu samolýoty hiç kim bilenok» diýdim. Ol ahyry razy boldy.
Daşoguza ýigrimi bäş minutda geldim. Aýdyşym ýaly, aerodromdan bärde düşdüm. Pyýadalap hem şäheriň myhmanhanasyna bardym.
Ozal Aşgabatdan uçmankam okrispolkoma, okružkoma jaň edip «Ýygnaň adamlaryňyzy. Barýan» diýip jaň edipdim. Olar: «Aý, samolýot üç ýarym sagatdan uçýar. Entek gelmez-le» diýip arkaýyn bolupdyrlar.
Gelsem ýekeje adam ýok. Dym-dyrslyk. NKWD-ni çagyrdym. Ol «Aşgabatdan jaň edýäňizmi» diýip sorady. Men «Ýok, Daşoguzdan. Myhmanhanadan jaň edýän» diýdim. Ol: «Ýaňy okružkomda maslahat boldy. Size ýene «Üç sagatdan geljek» diýip aýtdylar» – diýdi. Derrew adamlary ýygnadyk. Her raýonda üçlük düzdük. Haýsy raýon näçe araba ýük daşamalydygyny anykladyk. Köşüli Bäşim diýen ýigit okrispolkomyň sekretary bolup işleýärdi. Gowy ýigitdi. Maşyny gowy sürýärdi. Howa-da sowuk. Sagat 10-da Bäşim bilen maşyna münüp, ýola düşdük. Maşyny Bäşimiň özi sürýär. Orta ýolda Kalinin raýonynyň territoriýasynda maşynymyz döwüldi. Ikimiziňem başymyz çykanok. Nätmeli? Maşyndan düşdüm. Görsem aňyrdan bir atly adam gelýär. Çagyrdym. Ozal bu raýonda işlämsoň: «Bar, oba Sowetine aýt, atyny gamçysy bilen getirsin» diýdim. Oba Sowetiniňem bir ýorgasy bardy, maşyndanam çalt gidýä. Oba Sowetiniň başlygynyň özi geldi. «Atyň bilen gamçyňy maňa ber. Maşyna-da eýelik et» diýdim.
Derýa ýakasyna çykdym. Howa sowuk, alyp barýar. Ýekeje adamam ýok. Bir gazak garawul bar. Arabaly adamlaram gelşip başlady. Buýruk berdim: «Araba dörtden, düýä-de ikiden ýükläň, öz raýonyňyza tabşyrmaly. Arabanyň, düýäň öňi geldi. Yzy raýonlarda – Tagtada, Kalininde, Leninde...
Iki sagat ýükledemden soň, Aşyr diýen okrug sort tohum edarasynyň başlygy ýanyma geldi:
– Ýaşuly, 10 tonna tohum bar. Nädeýin? Gidip barýar – diýdi. O wagtlaram ýorunja tohumy daşary ýurda altyn pula satylýardy.
– Sen uny ýüklet. Galan arabalara bolsa tohumy ýüklediber – diýdim.
Oba Sowetiniň başlygynyň öýüne geldim. Nahar edindim. Gaýtdym. Şonda bir halta un zaýalanmady, ýekeje halta unam ogurlanmady. Gürrüň ýok, gep ýok. Näçe ýyl geçenden soň bu waka foniniň gulagyna degipdir, şuň ýaly iş etdi diýip. Olam «Dogrumy, dogry dälmi, şony barlap görüň» diýipdir. Munda-da sesimi çykarmadym. Bir gün ýanyna baryp:
– Bu hereketleriň nädogry. Eger okamaly bolsa, onda soň özüň okamaly. Galyberse-de, meniň saňa hiç hili ýamanlygym ýok. Eger ýamanlygym bar bolsa, onda men seniň ejeňi nemesleriň eýelän territoriýasyndan Aşgabada getirmezdim. Komissarym bilen iki gije-gündiz agtaryp, ony ýykyk jaýlaryň arasyndan zordan tapdym. Görýän welin, sen biriniň gepine gidýäň öýdýän. Eger şeýle bolsa, onda ýalňyşýaň – diýdim.
Ol:
– Muň ýaly zat ýok – diýdi.
Ahyry Staline «Meni çagyr, işim bar» diýip hat ýazdym. Olam Poskrebyşewe «Malenkowa aýtdym. Şoň ýanyna barsyn. Meseläni şoň bilen çözsün» diýipdir. Meni Malenkow kabul etdi. Men Malenkowa:
– Işläp biljek däl – diýdim. Olam:
– Näme sebäpden? – diýip sorady. Sebäbini aýtmadym. «Oba hojalygynda, öz ugrumdan işlejek» diýdim. Şo wagtlaram aýalymyň ejesi ýogalypdy. On ýedi baş maşgala onuň kakasy seretmeli bolýardy. Raýona gitjek bolmagymyň hem bir sebäbi şudy. Galyberse-de, esasy sebäbi Merkezi Komitetiň birinji sekretary fonin bilen düşünişip işlemek barha kyn düşýärdi. Ýöne men bu zatlar hakynda oňa hiç zat aýtmadym. Ahyry ol bu meseläni TK/b/P MK-nyň Plenumynyň çözmelidigini aýtdy we ýanyma BK/b/P MK-nyň bölüm müdirini goşdy. Onuň bilen biz Aşgabada geldik. Plenum çagyryldy. Plenumda çykyş edip men: «Kärim agronom. Oba hojalygyna işe gitjek. Onda‑da Daşoguzda işlejek» diýdim.
Köp soradylar, ýöne sebäbini aýtmadym. Altybaýewa we ýene‑de birnäçe adam çykyş edip, «Sebäbini aýtmasa, bolanok. Bu ýerde bir düşünişmezlik bar» diýdiler. Plenum meniň meselämi çözüp bilmedi. Ýene Moskwa gitmeli boldy. Ýene sebäbini soradylar. Ýene‑de şol öňki aýdanyma tutdum. Partiýa mekdebinde okamagy teklip etdiler. Oňa-da razy bolmadym. Soň partiýanyň Mary obkomynyň ikinji sekretarlygyny hödürlediler. Razylyk bermedim. «Daşoguza gitjek» diýdim. Zorlap Mara iberjek bolup, meni iki aýlap sakladylar. Daşoguza ibermejek bolýanlarynyň hem sebäbi obkomyň birinji sekretary Şemişkeýewiçden çekinýärler. Olam Foniniň dostlarynyň biri. Ahyrynda «Daşoguza näme işe gitjek?» diýip soradylar. «Nähili iş bolsa-da gitjek» diýdim. Şondan soň partiýanyň Lenin raýkomynyň birinji sekretary edip işe iberdiler.
Şemişkeýewiç diýilýän adam on metrden kassadan pul çykaryp bilýän gözbagçydy. Adamy oturan ýerinde doňduryp goýýardy. Şo wagtlar towuk fermalaryny döretmek ýörgünli boldy. Başlyklaryň öýüne baraňda o wagt goýun soýmak diýlen zat ýokdy. Gaýrat etse bir jüýje öldürerdi.
Bir gezek bir başlyk jüýje öldürdi. Şemişkeýewiç «Sen jüýje öldürdiň. Nämüçin towuk ferma döredeňok» diýip, başlygy ata ters mündürdi. Ol ata ters münüp «çüw» diýip haýdap ýör.
Bir gezek Tagta gitdik. Raýkomyň sekretary hem ýaş ýigit. Şemişkeýewiç ondan «sagadyň barmy?» diýip sorady. «Bar». «Hany?» Görkezdi. Ol sagady alyp kisesine saldy. Birazdan soň «sagadyň barmy?» diýdi. Görse sagady ýok. Şemişkeýewiç kisesinden çykardy sagady. Haýran bolup otyrys. Şondan soň ol sekretary doňduryp goýdy. Gözi açyk, kirpigini ýumanok. Naharam iýenok. Biz nahar iýip bolduk, turduk. Bu otyr. Daş çykjak bolamyzda «Şemişkeýewiç, beýtme» diýip, zordan sekretary özüne getirdik.
Şo wagtlar on ýylyň dowamynda hutor tipli jaýlary posýologa göçürmek barada karar bardy. Meniň işe baran raýonym boş meýdan. Akdepe. Raýon merkezem ýokdy, hiç adam ýokdy. Baran wagtym ekişiň öň ýanydy. Başlyklary çagyryp, «Posýolok gurmaly. Köpräk bag ekmeli» diýip aýtdym. «Her kolhozda-da üç gektar miweli bag ekmeli. Kim şuny etjek däl diýse, onda peçady goýsun» diýdim. Ýer köp. Derrew göçdüler. Şäheriň içinde gazak öýleri köpdi. Düýe, goýun saklaýarlar, olara-da «Düýeleriňizi çete çykaryň. Jaý salyň» diýdim. Raýon merkezinde «ine, şu bolýar» diýdim. Raýonda suw az. Ýok diýen ýaly. Ne guýy bar, ne ýap bar. Olara ölçäp uçastok berdik. Orazgeldi Ärsaryýewe-de «Raýon merkeziniň ýanyndan bir daş guýy gazyp ber» diýdim. Bir işandan galan jaý bardy. Bişen kerpiçden. Ýykylyp, soň ol MTS bolupdy. «Şondanam kerpiç al» diýdim. Merkezden gowy guýy gazdyrdym, suwuny üpjün etdim. Gazaklara-da ýer paýlap berdim. Çarwa gazagyna çenli agaç ekdirdim.
Bir baýdan galan jaý bardy. Gaty gowy jaýdy. Töweregem gowaça meýdany. Başlygam kakasynyň jaýy bolansoň şo jaýda ýaşaýardy. Men oňa «Inim, başlyk bolýan bolsaň, ile görelde bolup, şo tamy ýyk» diýdim. Ýykar ýaly däl, ýöne gowaçaň ortarasynda. Alajy näme, ýykdy. Bir gezek TKP MK-nyň ikinji sekretary Sennikow geldi. Ozal ol meniň orunbasarym bolup işläpdi. Aýlandy, zat etdi. Köçeleriň iki tarapyna-da agaç ekilen. Ahyry ýaňky ýykylan jaýyň ýanyna geldi. Öýe geldik. «Kolhoz başlygy şo jaýy nähili ýykdy?» diýdi. «Özi meýletin ýykdy. Posýologa göçdi» diýdim. Biljek bolup ýene sowal berdi. Ahyr ol «Dogryňy aýt» diýdi. «Dogrymy aýtsam, şeýle. Özi kolhoz başlygy. Aňyrsynda-da guýrugy bar. Şo görelde bolmasa, hiç kim posýologa göçjek däl. «Ýyk» diýdim. Ýykdy. «Aý, şony oňarmansyň. Jaý köp ýyl durjak eken» diýdi.
Lenin raýony oblastda ilkinji bolup baglyk raýona öwrüldi. Orazgeldi Ärsaryýew dagy üç ýyldan soň, miwelerini satmaga ýer tapmady. Häzirem şo döwürden galan bir kolhoz bar. Şu wagtlar onuň 40 gektar bagy bar. Özem atly kolhoz başlygy bolup ýetişdi. Sapyş Çerkezow. Häzir ol kolhoz Ýylanly raýonyna geçdi. Gurply kolhoz. Her ýyl 600-700 tohum mal ýetişdirýär. Oty zady özünden önýär. Sapyş Çerkezow kyrk altynjy ýyldan bäri şo hojalyga ýolbaşçylyk edip gelýär.
Men raýkomyň birinji sekretary bolup kyrk altynjy ýylyň ortasyndan tä elli ikinji ýylyň ortasyna çenli işledim. Soň «Türkmenwodostroýda» işledim. Baş türkmen kanalynyň gurluşygyna başlanypdy. Ilki ähli materiallar daşalyp taýýar edilip kanalyň gurluşygyna soň başlamaly diýildi. Kanalyň ilki proýekti Nukusdan Kaspä çenlidi. Şasenem galasynyň üstünden geçmelidi. Stalin ölenden soň kanalyň gurluşygy ýatyrylmaly edildi. Kanalyň gurluşygy üçin getirilen ähli materiallara Özbegistan eýe çykdy. Özbegistan şonda elli ýyllyk gurip aýdar ýaly ýekeje-de oňly jaý ýokdy. Raýkomyň, raýispolkomyň işgäri obadan gatnaýar. 11-12‑de işe gelýär. Sagat 2-lerde «obamyz daş» diýip, öýüne gaýdýar. Bir gün apparatyň işgärlerini ýygnap: «Islän ýeriňizden şu ýerden ýer alyň. Uçastogyňyza «gara öý guruň, jaý gurunyň, isläniňiz. Ýöne şu ýerden işe gatnaň. Onam etmejek bolsaňyz, onda işden gidip bilersiňiz» diý
luşyk zadyny aldy. Bize bolsa hiç zat galmady. Men «Türkmenwodostroýda» agaç ekdirilýän bölüme ýolbaşçylyk etdim.
Bu edara ýapylandan soň Daşoguz raýonynyň MTS-niň ilkinji partiýa guramasynyň başga işlerden boşadylan sekretary bolup işledim. Soň şäherde un zawody ýola salyndy. Oňa ýolbaşçylyk etdim. Bu ellinji ýyllaryň ahyrydy. Işläp ýörün welin, zawodda maňa düşnüksiz zatlar bolup geçýär.
Bir gezek zawoda gelen ýigrimi wagon bugdaýdan bir wagony kem çykdy. Men bada-bat şäher milisiýasynyň naçalnigini çagyryp ýagdaýy düşündirdim. Ol barlaman zat etmän, partiýanyň şäher komitetine «ýiten wagony Hudaýbergenowyň özi ýok edipdir» diýip habar berýär. Menem, demir ýolunda işleýän bir özbek ýigidi bardy, «ýiten wagony tapmaga kömekleş» diýip, şondan haýyş etdim. Bir wagon bugdaýy ol Labak stansiýasyndan tapyp getirdi. Soň partiýanyň şäher komitetiniň birinji sekretary bilen söhbetdeş bolup, ýagdaýy aýtdym. Milisiýanyň naçalniginiň hereketiniň nädogrudygyny düşündirsem, ol «Aý, diýse diýipdir-dä, känbir üns bermezler» diýdi.
Soňam «şäherkomdandyryn», «obkomdandyryn» diýip, gelip durlar. Bölüm müdiri gelýä-de, «Towugyma iki halta iým ber» diýýär. Pulunam berenok, zadam berenok. Zadam diýip bolanok. Nätjek? Düzgüni bozsaňam ýene öz boýnuňda.
Şäher partiýa konferensiýasy boldy. Çykyş etdim. Şonda şäher milisiýasynyň başlygynyň hereketi hakda ýüz görmän aýtdym.
Soň Daşoguza TSSR Ministrler Sowetiniň başlygy Balyş Öwezow geldi. «Balyş, saglygymyňam ugry ýok. Meniň pensiýa çykmagyma kömek et» diýdim. Olam: «Pensiýa çyksaň oňmarsyň» diýdi. «Oňmasam, açlygymdan öläýeýin. Ýöne gapyňdan iş sorap barman» diýdim. «O manyda aýdamok. Sen işe öwrenen adam. Işsiz durup bilmersiň» diýdi.
1960-njy ýylyň başynda pensiýa çykdym. 120 manat pensiýa bellediler. Respublikan ähmiýetli personal pensioner. Şondan bärem işlämok.
Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy bolup işlämde aýlygym şo döwrüň pulundan bir müň manatdy. Şu ýerde men ýene bir zady aýdaýyn. Başda gürrüňimiň bir ýerinde Halk Komissarlar Sowetinde işe başlamda HKS-niň apparatynda ýekeje-de türkmen ýok diýipdim. Muny men öwünmek üçin aýdýar diýip düşünmäň, ýöne işläp başlamdan gözlegim sowatly türkmen ýigitleri boldy. Şaja Batyrow «Sowet Türkmenistany» gazetinde işleýärdi. 1937-nji ýylda «Baýyň ogly» diýip ony işden çykardylar. TSSR HKS-inde işe başlamda, ýerli milletden bolan adamlardan kadr ýygnajak bolýan. Oraz serdaryň ogluny tapyp, işe aldym. Frontdan gelen eken. Gaty sowatly ýigitdi. Ýöne ady häzir ýadyma düşenok. Asly kakaly, garadaşly serdarynyň ogludy. Orazowdy familiýasy. Akmyrat bolaýsyn gerek. Agsagrakdy. Kömekçi edip işe aldym. Bäşim ikisini sowatly türkmen ýigitlerini tapyň diýip, ýerlere iberýärdim.
Bir ýerden Şajany tapdylar. Şaja türkmeniň sowatly adamydy. Sungat işleri uprawleniýesiniň naçalnigi edip tassykladyk. Gowy oglan. Ilki işe almazymyzdan öň Börmä bardym. Kakasyny tapdym. Bir kepbesi bar. Dört tarapyny gamyşdan örüp, iki ýanynam suwapdyr. Tama meňzeş kepbe. Bir otag. Nanyny, çaýyny berýän eken. Şo çaýdan alan puluna-da ýaşaýan eken. Garyp adam. Men onuň kakasynyň baý däldigini subut edip, ony uprawleniýa naçalnik etdik.
Bir ýerden Gara Alyýewi tapdym. Traktor hakynda kitap ýazypdyr. Ony awtomobil ministri etdik. Inisi Aman frontdan geldi. Olam gaty sowatly ýigit. Oňa-da jogapkär iş tabşyrdyk. Öwezgylyjow demir ýolda işleýän eken. Onam Halk Komissarlar Sowetine işe aldym. Soň ol Daşoguz okružkomynyň sekretary, soň awtomobil ministri bolup işledi. Derýa Amanow suw ugrundan inženerdi. Ony işe aldyk. Mämmetdurdy Annagurdow, Aždar Parajew... hemmesi HKS- niň apparatynda işledi. Gepiň gysgasy, HKS-de işleýän türkmeniň sanyny 80-e ýetirdim.
1939-nji ýylda Moskwada BK/b/P MK-nyň Plenumy geçenden soň Stalin Soýuz respublikalaryň HKS-niň başlyklaryny alyp galyp: «Haçana çenli siz bukja bilen adam alyp işletjek. Ýerli milletden bolan kadrlary işe çekmeli» diýdi. Aşgabada gelip men iki kömekçimem – Bäşim Durdyýewem, Akmyrat Orazowam ikisinem ýerlere ugratdym. Maksat, ýerli sowatly kadrlary işe çekmek. Şaja Batyram ine, şonda tapdyk.
Şaja Batyrowy soň TK/b/P MK-nyň sekretarlygyna hödürlenende, ýene şol köne materialy gozgaldy. Barlap-barlap, alty aýdan soň ony TK/b/P MK-nyň sekretarlygyna saýladylar.Birki agyz indi şo döwürde respublikanyň planynyň tassyklanyşy hakda.
Respublikanyň planyny tassyk etmek üçin Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Döwlet planynyň başlygyna, ýer işleri halk komissaryny we gaýry degişli adamlary ýanyna alyp, Moskwa gidilerdi. O ýerde bir aý töweregi bolnardy. Esasy meseleleri Stalin, Mikoýan, Andreýew, Woznesenskiý dagy bilen çözlerdi. Gaýry ownuk-uşak meseleler hakda boş wagtymyz aýlanardyk. Baş parfumeriýa edarasynyň başlygy Žemçužinanyň ýanyna baryp, çäýnek-käse sorardyk. Şowuna bolsa bererdi, bolmasa-da «ýok» diýip goýbererdi. Respublikada dokalýan halylar az bahadan satyn alynýardy. Pile-de şeýledi. Çeken azabyňa degenokdy. Onuň nyrhyny ýokary galdyrmak üçin A.A.Andreýewiň aýaly Dora Moiseýewnanyň ýanyna kän gezek gatnaşmaly boldy. Ol şu ugurdan soýuz boýunça glawkanyň başlygydy. Ilki halynyň özüne düşýän nyrhyny, soňam piläniň bahasyny az-kem ýokary galdyrmak bize başartdy.
Plan tassyk bolup geçensoň, ony amala aşyrmak, oňa gözegçilik etmek Halk Komissarlar Sowetiniň garamagyndady. Oňa Merkezi Komitet tarapyndan kem-käs üýtgeşme girizmek hem gadagandy. Gepiň gysgasy, respublikanyň hojalyk meselesine Merkezi Komitet gatyşanokdy. Oňa Halk Komissarlar Soweti jogapkärdi. Ine, aýdaly raýonlaryň birine geldiň. Plan boýunça salynmaly mekdebiň gurluşygyna başlanmandyr diýeli. Şu golaýda bu ýerde onuň gurluşygyna girişiljegi-de belli däl. Halk Komissarlar şu ýagdaýy göz öňünde tutup, oňa goýberilen serişdäni, mümkünçiligi bar raýona geçirip goýbererdi. Munuň üçin soňky döwürdäki ýaly Merkezi Komitete sala salnyp oturylmady. Meň diýjek bolýan zadym, şo döwürde Halk Komissarlar Sowetiniň özbaşdak mesele çözmäge giň mümkünçiligi bardy.
Merkezi Komitetiň esasy işi ideologiýany ýöretmekdi, halky terbiýelemekdi. Onuň HKS-niň işine «pylan ediň, pismidan ediň» diýip, gatyşmaga düýbünden haky ýokdy.
HKS-niň başlygynyň öz fondunda ýylda 300 müň manady bolardy. Şonuň 30 müň manady MK-nyň birinji we ikinji sekretarlaryna, HKS-niň başlygyna we onuň birinji orunbasaryna ýeňillikler bellenmek üçin niýetlenilerdi: daçasyna saklamak, iýmit we ş.m. Şogoýberilen puldan ýekeje manat artyk harçlamak bolanokdy. Hojalyk meselesi bilen bir adam MK ýüz tutanokdy. Hemme zat HKS-niň ygtyýarynda bolýardy.
Ýerlerde hem ähli ygtyýarlyklar ýerli Sowetleriň elindedi. Kolhoz başlyklaryny bellemek we aýyrmak hem oba Sowetleriniň ygtyýaryndadyr. Raýkom, raýispolkom bu işlere goşulmazdy. Prokuror, milisiýa işgärleri oba Sowetiniň territoriýasynda, onuň başlygyndan rugsatsyz hiç hili barlag işlerini geçirip bilmezdiler. Sowet apparaty diýseň güýçlüdi. Bu zatlar soň gowşady.
Hatda Halk Komissarlar Sowetiniň başlygyna ýerlerde bolanda uzak günüň dowamynda iş üstünde aýlansa-da ýerli guramalaryň biriniň öýüne baryp bir käse çaý içmek gelşiksiz hasap edilerdi. Eger ozal bile işleşen ýa-da ýakyndan tanap ýören kolhoz başlygyň öýüne baraňda, uly hormat edende bir jüýje öldürilýärdi. Şondan artyk hezzet-hormat edilmezdi.
Soňky elpe-şelpelikler altmyşynjy ýyllrda ýüze çykdy. «Toý paýy» diýip, düwünçegiň ujuna pul düwüp bermek, baraňda goýun soýmak soň çykdy. Bu zatlaryň hem soňunyň näme baryp ýetendigini bolsa özüňiz menden gowy bilýänsiňiz.
Täzegül Mäşeribowa: Men 1937-nji ýylyň dekabr aýynda ilkinji çagyrylyş SSSR Ýokary Sowetine deputat saýlandym. Milletler Swoetine, Aýtbaý bolsa Soýuz Sowetine deputatdy. Moskwada sessiýada bolamda arakesmede Nadežda Konstantinowna Krupskaýa bilen surata düşdük. Sessiýadan gelemsoň meni Daşoguz okrugynyň ýüpekçilik edarasyna başlyk edip bellediler. Birki ýyl işlämsoň men Aşgabada komwuza okuwa gaýtdym. 1939-njy ýylyň 7-nji noýabrynda Aýtbaý bilen durmuş gurduk. Uruş ýyllary kyn boldy. Aýtbaý öýe myhmandy. Biz Atabaýewiň ýaşan jaýynda ýaşadyk. Uly oglum Batyr «Nämüçin kakam gelenok?» diýip, garşy-garşy soraýardy. Ýagdaýyň şeýle kynlygyna garamazdan, öýümiz hemişe adamlydy. Bir gezek öýümizde ýigrimi bäş adam dagy ýaşady. Aýtbaýyň öz-ä Çärjewe komandirowka gitdi. Aşgabatda uly bir ýygnak boldy-da, respublikanyň dürli ýerlerinden onuň tanyş-bilişleri biziňkä myhman geldi. Howlynyň içi ýöne adam bolup dur. Bir hepde geçdi, gaýdanoklar. Özümiňem elimde suw ýaly çagam bar. Kiçi oglum Myradyň bolanyna-da on-on bäş gün bolupdy. Myhmana-da özüm hyzmat etmeli. Bir gün Çärjewden Aýtbaý jaň edýär. «Täzegül, myhmanlaryňy ugratdyňmy?» diýip soraýar. Menem «Ýok, gaýtmaga ulag tapanoklar» diýdim. Ol şo ýerden Aşgabadyň aeroportyna jaň edip, «hersini ugratmaly ýerine ugradyň» diýip tabşyrypdyr. Şol günüň özünde olar öýli-öýüne gaýtdylar. Olaryň ýol hakam öz boýnuma düşdi.
Aždar Paražew, partiýa weterany, altmyşynjy ýyllarda Türkmenistan oba hojalyk institutynyň direktory:
– Men Halk Komissarlar Sowetinde 1942-nji ýylda işledim. TSSR HKS-niň başlygy çalasyn, tutanýerli, açyk göwün adamdy. Ol hemişe biziň aramyzdady. Arakesme wagty kabinetlere aýlanyp, hal- ýagdaýymyzy soraşdyrardy. Ol edarada wagty gelýän hatlara, jogaplara gol çekilmän ýatmazdy. Bir hata gol çekdirmäge baraňda, bu hakda degişli adamlar bilen gepleşeniňi bilip, haýal etmän gol çekerdi. Emma ol komandirowkada bolanda ýazylan hatlar hepdeläp ýatardy. TSSR HKS-niň başlygynyň birinji orunbasary Georgiý Iwannikowdy. Iş bilen ýanyna barsaň, elten hatyňy papka salyp, «Ertir geliň» diýerdi.
Aýtbaý Hudaýbergenowyň synag üçinmi, kadrlary oňat tanamak üçinmi ýa-da onuň başarjaňlygynyny bilmek üçinmi, seniň alyp barýan ugruňa laýyk däl ýumuşlaram tabşyran mahallaram bardy.
Bir gezek ol meni ýanyna çagyryp:
– Şagadamda suw turbalary gurýalar, onuň üçin 30 kilogram gön gerek. Şony tapyp, samolýot bilen gyssagly ugratmaly – diýdi.
Men bu işiň kime degişlidigini bilýärdim. Emma başlyk tabşyrandan soň, ýerine ýetirmegiň meniň borjumdygyna düşünýärdim.
Ýene bir gezek ol meni ýanyna çagyryp: «At zawodyna serhetçiler giripdir. Atlary bolsa «Saýwan» sowhozyna kowupdyrlar» diýip eşitdim. Sen şu meseläni iki günüň içinde jikme-jik öwren-de maňa aýt» diýdi.
Başlygyň bu tabşyrygy menem taňkyratman durmady. Derrew maldarçylygy alyp barýan Syçewanyň ýanyna baryp, ýagdaýy sorasam, ol:
– Başlyk maňa bu hakda berk käýedi. Ýaňam Moskwadan telegramma geldi. Oňa bu telegrammany görkezmäge-de gorkýan – diýdi. Men telegrammany okadym. Onda şeýle ýazylypdyr: «TSSR HKS‑ne, Hudaýbergenowa. 69-njy at zawodyny Gazagystana beriň. Woroşilow».Muny okap, men öňküden beter gyssandym. Haýal etmän meseläni öwrenmäge başladym. Bu hakda birnäçe adam bilen pikir alyşdym. Şonda olaryň biri maňa Gazagystanda komandirowkada bolanda stansiýalaryň birinde iki eşelondan ahal-teke atlaryny düşürip, olaň deregine öz atlaryny ýükleýändiklerini görendigini gürrüň berdi. Telefon üsti bilen degişli edaralardan sorasam, dogrudanam Aşgabat bilen Marydan ahal-teke atlarynyň fronta iberilýändigini bildim. 69‑njy at zawodynyň direktory Gabyş Mämişi tapyp sorasam:
– Ýaşyl papaklylar bizi kowup, jaýymyzy eýelediler – diýdi. Men:
– Nämüçin wagtynda habar etmediň? – diýip sorasam, ol:
– Men bu ugurdan işleýän gyza aýtdym. Hudaýbergenow habarlydyr diýip, onuň ýanyňa-da barmadym – diýdi.
Men öz kabinetime baryp, Moskwa, Woroşilowyň adyna telegrammany aşakdaky mazmuna ýazdym: Moskwa, Kreml, Woroşilowa. Türkmenistan hökümeti 69-njy zawodynyň Gazagystana bermäge razy däl. Hudaýbergenow. Telegrammany ýörite blankada maşynkada ýazyp, papka salyp, gijara Aýtbaý Hudaýbergenowyň huzuryna bardym. Ýagdaýy öwrenendigimi aýtdym.
– Eýýäm tanyş bolaýdyňmy? – diýip, ol menden sorady. Men hem öz gezegimde:
– Bu mesele gijä goýar ýaly däl ahyry. Bir atyň bilen bir halyň bar. Olaram eliňden giderseň, başyňa gyňaç daňynaýmaly boljak – diýdim.
– Hany parsyňy türküle – diýenden, men Moskwadan iberilen telegrammany görkezdim. Ol telegrammany okandan soň, ýerinden ör turdy. Men oňa bizden fronta iberilen atlara gazaklaryň wagonlardan düşürip, ýerine öz ýabylaryny iberenlerini aýdanymdan soň, ol:
– Derrew ýoldaş Woroşilowa at zawodyny gazaklara bermäge razy däldigimiz hakda telegramma ýaz – diýdi. Şeý diýenden men bada-bat taýýarlan telegrammany oňa uzatdym. Ol:
– Munam eýýäm taýýarladyňmy? – diýip, gol çekdi-de, sekretaryny çagyryp:
– Tiz iber – diýdi. Soňra:
– Ertir agşam sagat sekize serhet okrugyny ýanyňa çagyr-da, «Gysga wagtda Magtymgalany boşat» diý. Olara Pöwrizedäki obahojalyk tehnikumynyň jaýyny teklip et. Eger-de razylaşmasa, onda meniň ýanyma alyp gel. Men öz kabinetimde bolaryn – diýdi. Muňa meňem guşum uçdy.
Men serhet okrugynyň naçalnigi Kuznesowa jaň edip, TSSR HKS-niň başlygynyň adyndan çagyrdym. Ertesi göni agşam sagat sekizde geldiler. Okrugyň täze naçalnigi general-maýor eken. Familiýasy Katomin. Deşli, daýaw, owadan adam eken. Men hökümet başlygynyň buýrugyny aýtdym weli, ol ör-gökden geldi-de:
– Meni frontdan Türkmenistanyň paýtagtyny goramaga ýörite iberdiler. Häzir Eýranda nemesler köp toplanýar. Olaryň Aşgabada hüjüm etmekleri mümkin. Şoňa görä-de men at zawodynyň jaýyny amatly gördüm – diýdi.
– Size serhede has ýakyn ýerden jaý berilýär – diýsem, ol ýanyndaky Kuznesowa:
– Haýal etmän Woroşilow we Budýonnyý ýoldaşlara telegramma ýaz – diýip buýruk berdi.
Men oňa:
– Ýoldaş Katomin, siz partizançylyk etmäň, öňi bilen Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň ýanyna gelmelidiňiz – diýip, telefon trubkasyny göterip:
– Aýtbaý Hudaýbergenowiç, ol ylalaşmaýar – diýdim. Olam:
– Ony meň ýanyma alyp gel – diýdi.
Men:
– Ýoldaş Katomin, sizi ýoldaş Hudaýbergenow çagyrýar – diýenimde, ol:
– Men hemme obýektleri kabul edenimden soň, onuň ýanyna geljekdim – diýdi.
Hudaýbergenowyň kabinetine öňürti general, soň Kuznesow, onsoň men girdim. General düzgün boýunça sag elini papagynyň golaýyna ýetirip:
– Ýoldaş TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy, Siziň çagyrmagyňyz boýunça Türkmenistan serhet goşunlary okrugynyň naçalnigi general-maýor Katomin huzuryňyzda – diýip, doňan ýaly bolup dur. Başlyk kada boýunça ýerinden turup, onuň bilen görüşmeli, oturmaga ýer görkezmeli. Emma ol ýerindenem turmady. Birhaýukdan soň ol:– General, siz Sowet hökümetine boýunmy? – diýip sorady. General düşündiriş berjek bolanda, ol:
– Men düşündiriş soramok – diýdi. General ýene-de düşündirip başlady. Aýtbaý Hudaýbergenow onuň sözüni böldi-de:
– General, siziň bilen haýsy dilde gepleşmeli – diýip, sesini gataltdy.
General şonda:
– Hawa, men Sowet hökümetine boýun – diýip jogap berdi.
Hudaýbergenow:
– Onda nämüçin biziň buýrugymyzy kabul edeňzok? – diýdi. Ol:
– Berilýän möhlet az.
TSSR HKS-niň başlygy maňa ýüzlenip:
– Näçe gün möhlet berdiňiz? – diýdi.
Men:
– Bäş gün – diýip jogap berdim. Ol şonda generala:
– Size näçe gün gerek? – diýip sorady.
General:
– On gün gerek bor – diýdi. Aýtbaý Hudaýbergenow bolsa:
– Bäşem däl, onam däl. Men saňa ýedi gün berýän. Şu ýedi günüň içinde Magtymgalany boşadyp, ýykan jaýlaryňyzy öňküsi ýaly edip oňaryn. Özüňize görkezilen ýer hakdaky pikiriňizi hut özüňiz maňa aýdarsyňyz. Düşündiňizmi? – diýdi.
Olam «düşündim» diýse-de ol: «gaýtalap aýdyň» diýdi. General hökümet baştutanynyň aýdan zadyny jikme-jik gaýtalady weli, Hudaýbergenow:
– Düşüneniňize ynanýan. Indi gidip bilersiňiz – diýdi.
Biz başlygyň kabinetinden çykyp, meň oturýan jaýyma girdik.
General şonda:
– Men Orta Aziýada birinji gezek. Ýöne, beýle başlyga duş gelerin diýen pikirim ýokdy. Munuň ýaly başlyk bilen işleşmek mümkin – diýip, Kuznesowa ýüzlenip: – Moskwa telegramma ibermek gerek däl – diýdi.
Ertir sagat 10-da Pöwrizedäki jaýy görmäge gitmegi wadalaşdyk.
Ýedi günden soň general bilen Hudaýbergenowyň ýanyna bardyk.
General çest berip:
– Ýoldaş Hudaýbergenow, buýrugyňyzy berjaý etdim. Oňat ýerleşdik – diýen badyna, ol general bilen görüşip, oňa oturmaga ýer görkezdi-de: – Geçen sapar Siziň bilen gatyrak gepleşdim. Gaty göräýen dälsiňiz-de! – diýende general:
Ýok, ýoldaş başlyk, günä mende. Siz örän dogry etdiňiz – diýdi.
Şonda Hudaýbergenow oňa:
– Meniň beren sowalyma oňat düşünen bolsaňyz, beýle bolmazdy. Başda gelip maslahat soramalydyňyz. Bizi äsgermän, özbaşdaklyk etdiňiz – diýdi.
General şonda öz günäsini ak göwünden boýun aldy.
TSSR HKS-niň maslahaty azyndan aýda bir gezek geçirilýärdi. Her maslahatda 20-30 meselä seredilýärdi. Halk komissarlyklaryndan we beýleki edaralardan gowşan meseleler ilki bilen Halk Komissarlar Sowetiniň özünde seredilip, düzedilenden soň, maşynkadan geçirilip, maslahatyň üç gün öňünden paýlanylyp berilýärdi. Olar eltilen materiallar we kararlaryň proýektleri bilen tanşyp, goşjak hem-de aýyrjak zatlaryny belläp gelmelidiler. Maslahaty TSSR HKS-niň başlygynyň özi alyp barsa garalmaga degişli meseleler üç-dört sagadyň dowamynda gutarýardy. Çünki ol boş gürrüňe ýol bermezdi. Eger çykyş edýäniň gürrüňi garalýan mesele degişli bolmasa, şonda ol onuň sözüni bölýärdi-de:
– Şu mesele goşjak ýa aýyrjak ýa-da başga teklibiň barmy? – diýip soraýardy. Çykyş edýän «ýok» diýse, «oturyň» diýip, sözi başga birine bererdi. Eger-de maslahaty onuň orunbasary alyp barsa, garalmaly meselelere seretmek iki güne, käte bolsa üçünji güne-de geçerdi...
1990. Iýun
Taryhy şahslar