22:41 Aýtsamam hakdyr, aýtmasamam hak | |
AÝTSAMAM HAKDYR, AÝTMASAMAM HAK
Goşgular
![]() Tanamak isleseň adam ogluny, Diňle onuň özge hakda sözüni, Şol sözleriň ýakjagyny özüňi, Aýtsamam hakdyr, aýtmasamam hak. Ugursyza boş geçer aýdan sözüň, Biparhlygyn görseň ýummagyn gözüň, Kül edip biljegni ömrüňi seniň, Aýtsamam hakdyr, aýtmasamam hak. Ýalandan doýaňsoň ýuwdarmyň çyny? Ajydyr, eger-de ýuwdaýsaň ony, Bagryň eretjegin, ýakjagyn jany, Aýtsamam hakdyr, aýtmasamam hak. Eginleň üstünde bolmasa kelläň, Dirije gurjaksyň elinde özgäň, Ötjegiňi öz ýoluň bardygny bilmän, Aýtsamam hakdyr, aýtmasamam hak. Sogaplar ýazylar bakyp netiňe, Ynangyn puluň däl Azan sesine, Ýogsa öwrüljegiň adam pesine, Aýtsamam hakdyr, aýtmasamam hak. Kyýamata galman soralar hasap, Edenlerňe munda berersiň jogap, Hersi üçin bir-bir çekjegiň azap, Aýtsamam hakdyr, aýtmasamam hak. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |