10:14 Aždarhadyr ýuwdarhadan geçiren / ýumoreska | |
AŽDARHADYR ÝUWDARHADAN GEÇIREN
Satiriki hekaýalar
Goly hasaly, pygamber ýaşyny bir wagt arka atan goja haý-haýly otaga gireninden, üsti telefon apparatyndan doly uzyn hatar stoluň aňyrsynda ýatan zemzen haýbatly, şir ýaly arlap oturan “başlyk” diýilýän adamdan bu gezegem sussy basyldy. Üşütme tutýan adamynyň geplejek bolşy ýaly, tutuş göwresi bilen saňňyldap, üzlem-saplam samyrdady: - O... ne-me... o-oglum, gaýrat et-dä! – diýip, elini saňňyldada-saňňyldada haty uzatdy. Alkymy garşydaş duşmanyny gören zemzeniňki ýaly ýel alyp duran epeý pyýada gözleri bilen gojany iýäýjek boldy: - Men saňa türkmen dilinde näçe gezek aýtdym, şoň gapdalynda ýene bir kagyz bolmaly diýip. - Maňa diňe şu kagyz bolýa diýdiler-dä. - Diýen bolsalar, şol diýenlere gol çekdiriber. - Olaryň gollary bolmyýa, siziň goluňyz gerek… - Şony bilýän bolsaň, onda diýlenini et. Goja ýalbardy. Ýalbardygyça, ol adamynyň kellesinde tüweleý turdy: - Ýaşşuly, indi sen meni işlemäge goýjakmy ýa-da goýjak däl. Hany, gürrüňiňi azalt-da, jaýy boşat. Meniň seniň bilen lakgyldaşyp durmaga wagtym ýok. Senden başga-da müň bir işim bar. Halys bolmajagyna göz ýetiren goja lapykeç halda daş işige çykdy. Gam-gussa batyp, aýaklary ädilmän, ysgynsyz göwresini kaşaň jaýyň basgançaklarynyň biriniň üstüne goýberdi-de, gamgyn halda kellesini tutup oturdy. Şol pursat garaşylmaz ýerden asmandan gara bulut peýda boldy. Birdenem ýyldyrym çakdy-da, tüweleý towlandy. Şol tüweleýiň arasyndan gudrat bilen çykan Görogly nadyl oturan goja edep bilen salam berdi. - Eşider bolsaň, agam, maňa Adybeg soltanyň ogly Görogly diýerler. Dogrusy, men Göroglynyň ruhy. Ýaňy asmanda gaýyp ýörkäm, birden seniň gamgyn halyňa gözüm düşdi-de, bu goja nä döw çaldyka? Näme üçin beýle lapykeçkä diýdim-de sowlaýdym. Aýt, agam, kim göwnüňe degdi?! Gojanyň ysgynsyz göwresine jan girip, gözleri ýiteldi: - Wah, arkadagym Görogly jan, bu ýerde bir başlyk bar, şoňa gol çekdirsem bolany welin, nijeme gün bäri şol gatnadyp ýör. Ynha, bu gün ýene-de yzyma gaýtaryp goýberdi – diýip, ýaşuly gara zähmetden ýaňa jaýryk-jaýryk bolup giden, her jaýrygynda-da guş ýumurtgalabermeli bolan elleriniň aýasyny Görogla görkezdi. - Çeker çekmezi bolarmy boluny. Hany, şol kagyzyňy maňa ber bakaly – diýip, onuň elindäki kagyzy alan Görogly başlygyň kabinetine girdi: - Inim, ýaňky ýaşulyň şu kagyzyna goluňy çekip goýbersene. - Şoňa-ha gol çekilmez. - Näme üçin çekmersiň?! - Näme üçindigini men ol ýaşulyň özüne aýdandyryn. - Men Görogly – diýip, özüni tanyşdyryp, hemle atdy. Onuň bujagaz haýbatlary üçin başlygyň müň tüýünden ýekejesem gymyldamady. Görogly ýeli giden pökgä dönüp pyssardy. Şondanam daş işige çykyp, gurşundan guýlan kenek ýaly göwresini çala dykylan çaýyrly halta dönderip, ýaşulynyň gapdalyna gelip çökdi-de, iki eli bilen kellesini tutup, öwfüldäp dem aldy. Şeýdip otyrka-da, onuň kellesine bir pikir egeldi. Syçrap ýerinden turdy-da: - Ýaşuly, agam jan, munça bolanyna görä maňa garaş. Gidişim bilen gelişim des-deň bolar – diýdi. Şol pursat onuň töwereginde tüweleý towlandy-da, göz açyp-ýumasy salymyň içinde gözden gaýyp bolup gitdi. Ara o diýen wagt düşürmänem, idenekledip ülhüdi çykan bir kempiri alyp geldi-de: - Ine, indi bir çäresi tapylar – diýdi. - Haý, bilmedim-dä, Görogly beg. Saňa per bermedik ol başlyga seni bi eleşan kempiriň nä çäre edip biljekmişin?! - Ony beý diýme, ýaşuly. Biler bolsaň, bu ýöne-möne kempir däldir. Gyr atymy garagyma basyp alyp gaçan kempirdir bü. Arşda-kürsde, asmanda-zeminde, ýedi gat ýeriň astynda ýylan gäwüşese bilýän Zulman kempridir bü. Häzir ol bu işimiziňem bir çäresini tapar. Zulman kempir çynlakaý keşbe girdi: - Ýaşuly galdyr başyňy ýerden. Onuň üçin birjigem müýnürgejek bolma. Bu ýerde sende zerre ýalyjygam ýazyk ýok. O-ol ýigriminji asyryň käbir başyna giden başlyklaryna men beletdirin. Olar seniň aždarhaňdan-da, ýuwdarhaňdan-da, ýene beýlekiňden-de çekinmezler. Niresinden nähili barmalydygyna men beletdirin olaryň – diýip, kempir nämedir bir zat gözleýän ýaly, töweregine göz aýlady. Ine-de, ol özüniň şol agtarýan zadyny tapdy. Ol ýerde ýatan birje bölek kagyzdy. Ol ýeke ýol çüfläninde, onuň elindäki kagyz şakyrdap duran ýüz dollara öwrüldi. Kempir ony Göroglynyň eline tutdurdy-da: - Hany, bar-da şol gol çekilmeli kagyz bilen şuny başlygyň eline tutdur. Onsoň nädýärkä, göreli, bakaly – diýdi. Görogly başlygyň kabinetina baryp, gol çekilmeli kagyz bilen ýüz dollary onuň stolunyň üstünde goýdy. Gaşlary biri-birine tapyşyp oturan başlygyň şol demiň özünde ýüzi açyldy. Dylmyldap erni gulaklaryna ýetäýjek boldy: - O-ho-o-ow, gözüme görünýän bolmasa, bu Görogly agamyzyň hut özi ýaly-la. Näme beýdip aýak üstünde dursuňyz. Geliň, geçiň, oturyň ahyryn – diýip, ol ýerinden turup, Göroglyny gujaklap diýen ýaly boş oturgyçlaryň birinde oturtdy. Öz ýerine geçip oturybam, ýaşulyň kagyzyna goluny çekdi-de, gapdalyndaky gara düwmejige barmagyny ýetirdi. Şol pursat iç işikde sekretar gelin peýda boldy: - Göreňokmy, Görogly agam gelipdir ahyry, hany, derrewjek gyzgyn kofe alyp gel. Sekretar gelin baş atyp çykyp gitdi. Başlyk ýene bilbil ýaly saýramaga başlady: - Görogly agam, agam jan, heý sen bir zat diýersiň-de, bizem oňa ýok diýerismi?! Biraz wagtdan Görogly dylym-dylym edip, gol çekilen kagyzy depesinde bulaýlap, kaşaň ymaratyň daş işiginde peýda boldy-da: - Mama jan, ýaňky dollar diýeniň-ä ol arlap duran şiriňi edil maýmyn edip bökdüriberendir – diýip söýünjiledi. Arslan MÄTEROW. “Adalat” gazeti, 21.09.2001 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |