11:40 Japbaklaryñ täze başdan geçirenleri: Dymma | |
DYMMA
Satiriki hekaýalar
Japbaklaryň obasynda bolan toýlaryň birine bir bolgusyz bagşy geldi. Sesi on ädime hem ýetmeýän ol bagşysumak tamyň depesinde sesi güýçlendirýän usilitel goýdurdy. Ol aýdyma başlandan bütin obany zenzele bilen doldurdy. Gije ýarymdan agandan soňam ol aýdymyny gutarmady. Hemişe arkaýyn ukusyny alýan Japbaklar bu gohdan ýaňa ýatyp bilmediler. Eýläk agdaryldylar, beýläk agdaryldylar, bolmady. Gulaklaryna pagta dykyp uklajak boldular, bolmady. – Biz şunça uzakda ýatyp bilemzok. Goňşy-golamlarynyň dat gününe – diýip, Mapbak, zeýrendi. – Bagşynyň o zatlar nä aladasyna, pul alsa bolýa-da. – Wah, oňa pul tutýanyň kellesi ýok. Japbaklar bagşyny goýdurmaly diýip karar etdiler. Ýöne nädip goýdurmaly? Munuň üçin olar esli wagtlap kelle döwdüler. – Men tapdym! – diýip, Topbak çapak çaldy. – Näme tapdyň? – diýip, Japbak ýelken gulaklaryny Topbaga öwürdi. – Tapan zadyňy bize-de görkez – diýip, Ýapbak tutuş göwresi bilen öňe omzady. – Hany, aýt diňläli – diýip, Mapbak Topbaga golaý süýşdi. Japbaklar Topbagyň pikirini makulladylar-da, tirkeşip ýola düşdüler. Olar baranda obanyň süwümsiz, kelpeň ýigitleri bagşynyň daşyna üýşüp, onuň her aýdymyna pul tutup otyrdylar. Japbaklar hem bagşynyň alkymyna dykylyp bardylar. Bagşy bir aýdymyny gutardym edenden: – Bagşy dost, eger gulak assaň, biziňem bir haýyşymyz bar – diýişdiler. – Aýdyberiň, diňleýän – diýip, bagşy hondan bärsi bolup gomparyldy. – Bizem pul tutup, saňa bir aýdymjyk buýraýsak diýýäs. – Puluňyz bolsa, oklaberiň. Geregiňiz aýdym bolsun. – Biziň her haýsymyz bir aýdym buýurjak. Ýöne ol aýdym gaty kyn bolansoň, ilki aýtjagyňa söz beräýseň gowy boljak. – Biziň ýanymyzda aýdymyň kyny bolmaz. Islän aýdymyňyzy buýruberiň – diýip, bagşy öňe-öňe omzady. – Hökman aýdyp berjekdigiňe söz ber ilki. – Söz berýän. Japbak jübüsinden on manat çykaryp, bagşynyň öňüne oklady: – Bir sagat dymmany aýdyp ber. – O nähili aýdym bolýa? diýip, bagşy gözüni tegeledi. – Bir sagat dymyp berseň, şol dymma aýdym bolar. «Pul bolsa bolýa-da» diýip pikir öwreň bagşy dymmaga mejbur boldy. Soňra Ýapbak, Mapbak, Topbak üçüsi hem yzly-yzyna şol şert bilen şol «aýdymy» buýurdy. Onýança-da gündogardan lowurdap gün dogdy. Japbaklar töweregine seretseler, özlerinden başga bir jemende hem galman eken. Arslan MÄTEROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |