10:37 Japbaklaryñ täze başdan geçirenleri: Toýda | |
TOÝDA
Satiriki hekaýalar
Bir gezek Japbaklar goňşy obada bir toýa bardylar. Toý görüp, aýdym-saz diňläp, gije-bir çene barandan soň olar gaýdarman boldular. Ulag gözlegine çykdylar. Emma ulagly mesele başa barmady. Sebäbi bu toýda wezipeliräk adamlar öýüniň daşlygyna-ýakynlygyna garalman, maşynly äkidilýän eken-de, beýleki adamlar barada alada edýänem ýok eken. Gaýdarman Japbaklar munuň şeýledigini aňdylar. «Ine, wezipäň bolmasa şeýle günde galarsyň» diýen manyda, Japbak Ýapbaga garady, Ýapbak Mapbaga garady, Mapbak Topbaga garady, Topbak hem Japbaga garady. Şeýdip, olar bialaç pyýadalap ýola düşdüler. Ýüzlerini sallaşyp, göwünli-göwünsiz gadam urdular. – Ýol eslije bardyr. Beýdip pyýada gaýtmamyz-a bolanok – diýip, Topbak ýol kesdi. – Etjek alajyň näme, biz wezipeli adamlar däl ahyry. – Wezipeli bolmamyzda näme, biz Japbaklar ahyry. – Japbaklar bolaňda näme? – Japbaklar bolsak, Japbaklarça-da gaýtmaly. – Ynha Japbaklarça gaýdyp barýarys-da. – Mundan Japbaklarça gaýdyldygy bolmaz. Japbaklarça gaýtjak bolsak, maşynlyja gaýdalyň. Topbak olara nädip maşynly gaýtmalydygyny düşündirdi. Japbaklar ony el çarpyşyp makulladylar. Doganlar täzeden toý ýerine gaýdyp geldiler. Tegelenişip oturdylar-da, öňlerine nahar alyp, «akmämmetden» adam başyna elli gramdan süzdüler. Aradan salym geçmänkä hem dört ýüz elli gramlyk serhoşlyk satyp başladylar. Şobada hem «Japbaklar serhoş bolupdyr» diýen habar toý eýeleriniň gulagyna ýetdi. Olar gelip görseler, dogrudanam, Japbaklar töwereklerindäki adamlar bilen ýaka tutluşarly görünýär. Bu ýagdaýy gören toý eýeleri haýdan-haý bir maşyn tapyp geldiler-de: – Japbaklar, bizi sylap toýa geleniňize sag boluň. Eger gaýtmak meýliňiz bolsa ulag-a bardyr – diýip, olara hoşamaýlyk edip ugratmagyň aladasy bilen boldular. – Sagza bozzuň, biz gaýtzak däl. Biz entek toý gezzek – diýip, Japbaklar arkan gaýyşdylar. Toý eýeleri Japbaklara Gaty-gaýrym zat diýseň, has bulaşjakdygyny bilip, ýerli-ýerden hoşamaýlyk bilen ýalbardylar. Ýöne Japbaklar aňsatlyk bilen razy bolaýmadylar. Ýalbara-ýakara, ahyry olary maşyna mündürdiler. Şofýora hem pugta sargyt etdiler: – Göni öýlerine eltgin. Bu ýerde bular toýy bulajak. Ýolda-yzda hem seresap bol. Birden gaňryşlaryna gaýdaýma. Serhoş adamlarda kelle bolmaz. Maşyn gapylaryna gelip saklananda, serhoş bolan bolup çaýkanyşyp oturan Japbaklar ýeke-ýekeden böküp düşdüler-de, şofýoryň ýüzüne ýylgyryp garadylar: – Sagja bol, şofýor dost. – Meýliň bolsa, düşüp, çaý içip git. – Belki, nahar iýersiň, şofýor dost. – Onda sag-aman bar, şofýor dost. Japbaklaryň serhoş däldigini gören şofýor, olaryň «oýnuna» şu ýerde düşünip galdy. Başyny ýaýkap ýylgyrdy-da, ýola düşdi. Arslan MÄTEROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |