23:20 Japbaklaryñ täze başdan geçirenleri: Sapak | |
JAPBAKLARYŇ TÄZE BAŞDAN GEÇIRENLERI
Satiriki hekaýalar
▶ SAPAK Durunlylar Guldurdy atly orta ýaşan adamyny kolhoza başlyk edip saýladylar. Täze başlyk ilkinji işe başlan günlerinden öýe gündelik gerek bolýan et, un, çaý, köke, süýji ýaly zatlary kolhozyň skladyndan alyp başlady. Sklad müdiri ol zatlaryň hasabyny ýöretjek bolanda bolsa başlyk oňa gözlerini alardyp haýbatly garady: – Meniň adyma ýazan-bozan bolup ýörme-de, özüň düzläber... Işden boşadylaryn diýen gorky bilen, sklad müdiri başlygyň alýan zatlaryny oňa harçlandy, muňa harçlandy diýip, galp dokumentler bilen düzläp başlady. Bolsa-da bu iş oňa gaty agyr düşýärdi. Ahyry ol bir gün Japbaklaryň ýanynda: – Äl, şu başlyk bolýanlar ýöne iýibermelidir öýdýärler. Olar-a iýmeli, yzlarynda bir adamam iýilmedik ýaly etjek bolup, ser-sepil bolup ýörmeli. Şu boluşdan-a eliňe pil alyp, suw tutanyňam gowumyka öýdýän – diýip zeýrenjiredi. Mapbak: – Başlygyň beýle gylygy bar bolsa, bize öňräkden aýtsaň bolmadymy? – diýip, gyzmaçlyk bilen seslendi. – Wah, aýdanymda siz oňa näme edip biljek, Mapbak? – Aýdan bolsaň, biz oňa jemgyýetçilik emlägine el garmaly däldigini mazalyja düşündirerdik. – Onda aýtdygym bolsun şu. – Aýtdygyň bolsa, agam, şol başlygy gaýdyp şu skladdan zat almaz ýaly ederis. Şeýle dälmi, Japbaklar? – diýip, Mapbak doganlaryna ýüzlendi. Doganlar şol gün tegelenişip, uzakly gün pikir etdiler. – Mapbak, Sen bu işi boýun-a alansyň welin, nädip bu başlygy egri ýoldan sowup bolarka? – diýip, Japbak onuň ýüzüne garady. Mapbaga derek Ýapbak jogap berdi: – Göni başlygyň ýanyna bararys-da, bolşuny bolşy ýaly aýdaýarys. Mapbak oňa garşy çykdy: – Onuň bolşuny bolşy ýaly her kimem aýdyp biler. Biz oňa Japbaklarça aýtmaly. Doganlar Mapbagyň aýdanyny makul bildiler. Ýöne nädip Japbaklarça aýtmaly? Meseläniň şu tarapy olary ýene-de oýlanmaga mejbur etdi. Agyr oýdan soň Topbak böküp ýerinden turdy: – Men bildim! Doganlar Topbagyň pikirini makul bildiler. Olar şol gün agşam nahar wagty başlyklara geldiler. Är-aýal doganlary güler ýüz bilen garşylap, dürli nygmatlar bilen hezzetledi. Japbaklar şondan soň her gün nahar wagty diýlende başlyklarda peýda bolup başladylar. Öý eýeleri ikinji, üçünji günlerde-de olary oňat garşylap, naharladylar. Ýöne soň welin ýüzlerini turşadyp başladylar. Emma olaryň bu bolşy Japbaklaryň azaryna-da däldi. Olar edil öz öýlerine gelen ýaly, öýde bar bolan zatlardan özleri alyp, özleri iýip-içişip, garynlaryny doýuryşyp gezdiler ýördüler. Şeýdip aradan iki hepdä golaý wagt geçdi. Kejebesi darygan başlygyň aýaly bir gün nahar wagty Japbaklara eşitdiribräk ärinden sorady: – Bularyň näme etdigikä? Indi bizi sypdyrjak dälmikäler? – Men-ä haýrandyryn – diýip, äri boýun aldy. Japbaklar hem tamdyra gyzanda ýap diýenlerini edip, olara eşitdiribräk özara gürleşip başladylar: – Iýiberiň, aňyrsy özümiziňkidir. – Sen näme ony başlyk bilýändir öýdýäňmi? – Näme bilmän. Mugt zat ýokdugyny bilýändir-ä. – Ýok-how, ol biziň sklad müdiri bilen dilleşenimizi, onuň başlyga biziň adymyza ýazyp zat goýberýändigini bu bilýänem däldir. Mugt alyp gaýdýandyryn öýdüp ýörendir. – Bize-de geregi şol-da. Gelnejem nähili tagamly naharlar bişirýär! – Ýuwaşrak how, bu gürrüňleriňizi başlyk agamyz eşider-de, onsoň skladdan zat almasyny goýar. Bizem süýji-süýji nahardan galarys. – Aý, başlyk şeýtse, bizem oňaýmaly bolarys-da... Japbaklaryň gürrüňinden özüniň tora düşenini bilen başlyk şol günden başlap kolhozyň skladyndan mugt zat almasyny goýdy. Japbaklaram başlyklara gelmesini kesdiler. Arslan MÄTEROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |