12:33 Dilewaryñ dilinden | |
DILEWARYÑ DILINDEN
Degişmeler
Türkmenistanyñ Halk artisti Juma Ýazmyradowyñ şadyýan gürrüñlerinden. Urşuñ soñ ýanyndaky gytçylygy günleridi. Bir garryja aýal goñşymyz bardy. Bir gün şol eline käsesini alyp geldi. Ejem onuñ habaryny aldy. - Ýagjagazyñ bolsa birazajyk beräýseñ diýip geldim. Ol şeý diýip, habaryny aýdanyndan soñ, ejem ýag tüññürini eline aldy. Onuñ düýbünde sähelçejik ýag galan ekeni. Ol döwürde hiç kimde-de artyp ýatan üýşe-taşa zat ýokdy. Ýag diýlenem şonuñ ýalydy. Şeýle-de bolsa dilege gelen goñşusyny boş goýbermezlik üçin ejem tüññürinde galan ýagyñ syryntgyjygyna çenli syryp, onuñ käsesine guýdy. Şondan soñ olar oturyp, özara gürrüñe başladylar. Gürrüñe mazaly kelleleri gyzan pursatynda ýañky goñşymyz hemişeki endigine görä, öñ ýanynda duran çäýnegi alyp, käsesine dikbaşaşak tutdy. Çäýnekde çaý ýokdy. Daman bolsa, birki damja damandyr-da. Oña üns bermän gürrüñ edip oturyşyna käsesini eline alyp, ondan owurtlady. Şol bada-da tüýkürinjiräp: - A gyz diýýän-ä, şu soñky döwrüñ çaýynda-da tagam-tagsyr galmandyr - diýip, käsesiniñ içindäki ojak başynyñ takyr ýerine sepip goýberdi-de, diläp alan ojagaz ýagyndan dyndy oturyberdi. Görgüli özüne çaý içip oturandyryn öýdüpdir-dä. * * * Ýaş wagtlarymyz ýaşuly adamlaryñ ellerini arkasyna tutup ýörmekleriniñ manysyna düşünmezdik. Ýaşyñ elliden agansoñ, arka tutulan elleriñ adama söýgetdigine düşünip galýarsyñ. Bir gün tanyş polisiýa işgärleriniñ birki sanysy bilen barýardyk. Öñümizden çykanlar geçiberjek ýaly edýärdiler-de, bize tarap seredişip "Be-e, bu bendänem ýygnaýan ekenler-ow" diýişýär ekenler. Asyl olaryñ biri-hä ony meniñ özüme eşitdiribem diýdi. Diýmezçe-de däl ekeni. Özara gürrüñleşip barşymyza, olaryñ hersi meniñ bir gapdalyma geçen ekeni. Menem ol ikisiniñ arasynda ellerimi arkama söýget edinip barsam nädersiñ. Toplan: Arslan MÄTEROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |