TOÝ SÄHEDI BELLENDI
- A gyz, bütüki ''Akyşyň sakgalyny'' çyzaýaly-da.
- Ýaňy ''Jemalyň burnuny'' aýyrdym, besdir şol.
- Beý diýmesene, gyz, men-ä ýeke o däl, ''Atabaýyň dişini'' aýraýsaň diýjek bolup otyryn.
- Siz-ä ýüz berilse, halys ýüzin düşer edýäňiz muny.
Ýigit tarapynyň wekilleri aýal naýynjar gürledi:
- Oňuşaýaly-da, guda jan.
- Ýeri bolýa-la, ''guda jan, guda jan'' diýýäň-de ugymy ýekeläýýaň-dä. Şol ýaňky diýen iki haladyň üstünem çyzsaň çyz welin, aşak ýüzündäki ''Jimi-jimi'' bilen işiň bolmasyn...
Gudaçylyk gyzdy. Spisokdaky salgyt salnan halatlaryň üstünden bir çyzyldy, bir ýazyldy. Ahyrynam iki tarap ylalaşyga geldim etdi. Indiki nobat pulunyňkydy.
- Ylaýjak on bäş müň.
- Goýaweri, guda jan, bäş ýagşy, on ýagşy, soňky bäşiň nämedi?!
- On müňä öz salgydymyz, bäş müňem diplom haky.
- Köp bolmaýamy, guda jan.
- Bäş ýyllap okatdyk, her ýylyna müňje manat, onsoň niresi köp bolýarmyşyn onuň...
- Onyňam dogrudyr welin, gel, şony üç edäýeli-le.
- Aýdýanyň näme gyz. Iki sany üç müň-ä giriş ekzamenine-de gitdi şonuň...
Çekeleşik eslije wagta çenli dowam etdi. Iň soňunda gyz tarapy diplom hakynyň ujundan müň manadyny aýyrmaly boldy. Şondan soň toýuň sähedini öňdäki däl-de, ondan aňyrdaky ýekşenbe gününe bellediler.
Arslan MÄTEROW.
"OWADAN" žurnaly, 1992 ý.
Satiriki hekaýalar