20:56 Kiçijik hekaýalar | |
KIÇIJIK HEKAÝALAR
Hekaýalar
• Toýda Toý gyzypdy. Birdenem başagaýlyk aralaşdy. Toýuñ eýesi hyzmat edip ýören iki-üç adama nämedir bir zatlar barada görkezme berişdirip, gazanlaryñ başyndaky eli kepgirli adamynyñ ýanyna geldi. - Hälki bagröýken nirede? - Şol goýan ýeriñde ellenmänjik durandyr? - Kellebaşaýak? - Olam taýýar. - Onda bagröýkenden dessine şara-şura ediñ. Soñam kellebaşaýagy aýratynja gaba salarsyñ. Çişligem çişi bilen-ä, üç-dört sanysyny, soñam aýratynlykda-da bäş-alty sanysyny, düşündiñmi?.. Toý eýesi aşpezlere ýene bir topar zatlary tabşyryşdyryp, aljyrañlylyk bilen akly-gyzylly çüýşeleriñ saklanylýan jaýyna sümüldi. Az salymdan içi haşamly otaglaryñ birine dürli-dümen naz-nygmatlar daşalyp başlandy. Dürli-dümen zatlardan saçagyñ ýüki ýetirilensoñ, ýañky arzyly otaga giren kolhozyñ başlygy bilen diñe toý eýesiniñ özi boldy. Jebis ýapylan gapa-da pitiwa etmän, daş işikde gözegçem goýdular. • Gürrüñdeşlik - Nähili, ýag iýýärmi? - Ýok, señki nädýär? - Meñkimi, soñky gezek haçan guýanymam ýadymdan çykyp gidipdir. - Onuñ ýaly bolsa gowy-la. - Aý, onda-da men-ä hyrydar tapsam ýelmärmikäm öýdýän. - O näme üçin, alanyñ ýañy dälmi?! - Alanym-a ýañy welin, motory dördünjiñki-dä. Öz motory bilen altynjyñ birini edinäýsem diýýän. - Şony şeýdäýmeg-ä, meniñem hyýalymda ýok däl... Bu gürrüñ gonamçylykda boldy. Şol gün uly iliñ sylaýan-hormatlaýan bir ýaşulysy aradan çykypdy. Merhum içki jaýda ýerleşdirilensoñ: "Ahaw inim, hany gel, beýdip, keseki ýaly bolup oturma-da, atañ üstüne bir pil gum okla. Adamlar saña garaşýar" diýip, ýañky maşynly gürrüñ bilen gümra bolup oturan ýigide ýüzlendiler. "Özüñiz atyberiñ, adamlar, rugsatdyr". Atasy iñ soñky ýoluna ugradylanda-da, ol ýigidiñ aladasy maşyn hakdady. • "Abraý" Myhmançylyga gelen bir epeý ýigit oturanlar bilen çalaja baş atyp salamlaşdy-da, abşarylyp töre geçdi. Her sapar ol adam gürrüñçilige goşulanda: - Şol gezek maña Pylany Pylanyýewiç şu zatlary aýtdy... Şunuñ ýaly ýerde Pylany Pylanyýewiç bilen otyrkak... - diýip, tanymal adamlaryñ atlaryny tutýardy. Olar bilen özüniñ ýakyn tanyşlygyny mazamlap, kesekiñ şöhratyndan özüne mertebe gazanjak bolýardy. Emma gapdalyndaky oturanyñ şol Pylany Pylanyýewiçdigini welin tananokdy. Sebäbi ol aslynda Pylany Pylanyýewiç dagy bilen heniz ýekeje gezegem ýüzbe-ýüz bolman eken. Arslan MÄTEROW. "Tokmak" žurnaly, 1990. | |
|
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |