07:32 Babyl diñi näme üçin guruldy? | |
BABYL DIÑI NÄME ÜÇIN GURULDY?
Geň-taňsy wakalar
"Harut, Marut atly iki perişde Babyl guýusynda çaýa düşdüler". Magtymguly Pyragy. Babyl (Wawilon) şumerleriñ Uruk şäherinde ilki köşkde hyzmatkärlik eden akkadly Sargonyñ b.e.öñ XXIII asyrda häkimiýeti ele geçirmegi bilen orta çykan döwletdir. Olaryñ iñ meşhur patyşasy Hammurapidir. Babyl sözi pers dilinde Babiruş, ibrany dilinde Bawel, grek dilinde Babylon diýip ýazylypdyr. Babyl sözüne ilkinji gezek b.e.öñ üçünji müñýyllygyñ soñlaryna degişli akkad ýazgylarynda duş gelmek bolýar. Emma onuñ düýbüniñ tutulan wagty mundan has öñ bolandygy çaklanylýar. Çünki şäheriñ başky ady şumer dilinde "Ka-dingir-ra" (Ka - gapy, dingir - Tañry, ra - nyñ, ýagny "Tañrynyñ gapysy" -t.b.) bolup, Babyl sözüniñ akkad diline edilen terjime sözdügini bilmek kyn däl. Babyl Ýewfrat derýasynyñ kenarynda, Yragyñ häzirki paýtagty Bagdadyñ 88 km günortasynda we häzirki Hilla şäheriniñ demirgazyk tarapynda ýerleşipdir. Babyl diñi "Babylyñ asma baglarynyñ" ortarasynda bina edilipdir. Häzirki wagtda arheologik taýdan diñe degişli hiç hili yz ýa-da galyndy ýok. Babyly basyp alan Tikulti-Ninurta Sargon, Sanherip, Aşurbanipal diñlerini ýumrupdyr. Babylly hökümdarlar Nabypallasor we Nabukadnesar ol diñleri gaýtadan bina edipdir. Emma b.e.öñ 479-njy ýylda Babyly basyp alan pers hökümdary Kserksiñ bu diñleri ikilenç ýykmagyndan soñ, olary ýañadandan dikelden bolmandyr. Diñe Aleksandr Makedonskiý Babyla gelende weýran bolup ýatan diñe haýran galmak bilen ony öñki durkuna getirmegi niýetine düwüpdir. Ol bu maksat bilen 10 müñ işçini iki aýlap işledip ýykan-ýumran bolup ýatan galyndylary arassaladypdyr. Emma Makedonskiniñ biwagt ölmegi zerarly diñiñ gurluşygy hem goýbolsun edilýär. Akkad dilinde "Bab-ilu" (Hudaýyñ gapysy) sözi "Babel" diýip ýazylýar. Bu söz ibrany (köne ýewreý dil dilindäki "Bawel" sözünden gelip çykýar we "Töwratda "gapma-garşylyk, bulam-bujarlyk" manysynda teswirlenýär. Taryhy şäher hökmünde "Töwrat", "Injil" "Gurhan" ýaly ylahy kitaplarda-da ady agzalýan Babyl şäheriniñ ady hakynda aýdylýan gep-gürrüñler onlarça asyrlap adamlarda gyzyklanma döredip gelipdir. Bolçulygyñ we günädir etmişiñ iñ ýokary derejä çenli ösüp ýeten şäheri hökmünde ady dillere dessan bolan Babylyñ "Asma baglary" we "Babyl diñi" indi taryhy adalgalar hökmünde öwrenilýär. Injilde "bütindünýä jelepleriniñ we adamyñ iñ ýigrenji edim-gylymlarynyñ çykan ýeri" hökmünde suratlandyrylýan Babylda Iştar, Ereşkigal, Marduk (Baal), Nabu, Hadat we Tammuz ýaly but hudaýlara çokunylypdyr. Şäher b.e.öñ XVI asyrdan başlap müñ ýyllyk çöküş döwrüne giripdir. B.e.öñ VI asyrlarda taryhyñ iñ meşhur asma baglarynyñ we Babyl diñiniñ orta çykandygy çak edilýär. Babylda dürli-dürli hudaýlaryñ adyna gurlan ybadathanalaryñ jemi 53 sanysy bolupdyr. Bu ybadathanalardan başga-da diñe hudaý Mardugyñ adyna gurlan 55 sany gurban ediş merkezleri bolupdyr, başga-da dürli but hudaýlaryñ adyna 1.300 sany gurban ediş ýerleri bolupdyr. Babylyñ hökümdary Hammurapi özüniñ meşhur kanunlaryny özüne hudaý Mardugyñ ýazdyrandygyny aýdypdyr. Taryhçy Samuel Reýnah Hammurappiniñ ýazgylary bilen ýewreý kanunlarynyñ arasyndaky meñzeşlige ünsi çekip Mardugyñ ýewreýleriñ Ýehowasy bilen birdigini öñe sürýär. Dünýäniñ ýedi täsinliginiñ biri hasap edilen we "Babylyñ asma baglary" (ýa-da "Semiramidanyñ asma baglary") kompleksiniñ içine girýän Babyl diñi Mardugyñ hormatyna dikilipdir. Bu asma baglar hakynda şahyr Nartäç Ýusupdurdyýewanyñ döredijiliginde şeýle setirler bar: Ol ýedi gudratyñ ýene-de biri, Semiramidanyñ asma baglary. Patyşa aýalyna sowgat edipdir, Hoş geçirmek üçin ajap çaglary. Çünki patyşa aýal - gözel Amita, Bag-bakjaly ýurdun küýsäp nalapdyr. Wawilon şasynyñ ajap bagyny, Isgender hem ýüreginden halapdyr. Onuñ galyndysy Yrak çäginden On dokuzynjy asyrlarda tapylan. Iki ýüz kwadrat metre deñ bolan, Bag-bakjalar bir-birine seplenen. Elbetde, Nartäç şahyr bu kompleksiñ gurluş maksadyny biraz ýoýýar. Ýöne bu onuñ günäsi däl. Günä bu ýedi täsinligiñ birini bize ýalñyş manyda teswirlän alymlarda we daşary ýurtly çalasowat Injil terjimeçilerinde. Sebäp diýseñ, edil Babyl diñi ýaly asma baglaryñ hem düýp maksady haýsydyr bir patyşanyñ aýalyna eden sowgady ýa-da özünden soñky nesillere at galdyrmagy däl-de, düýbünden başga zatdadyr. Makalanyñ aşakky bölümlerinde biz muny giñişleýin düşündirip geçeris. Diñ şol bir wagtyñ özünde Zemini Asmana birleşdirýän mukaddes agajy alamatlandyrypdyr. Babyl diñiniñ her gaty Hudaýa barýan ýolda bir menzile yşarat edýärdi: onuñ 1-nji gaty - daşy, 2-nji gaty - ody, 3-nji gaty - ösümligi, 4-nji gaty - haýwanlary, 5-nji gaty - adamzady, 6-njy gaty - Güni we asmany, 7-nji gaty - perişdeleri añladýardy. Taryhyñ çañly sahypalaryna gömlüp galan bu şäher boýunça ilkinji gezek arheolog Robert Koldeweý tarapyndan üsti açylansoñ gazuw-agtaryş işleri başlandy. Taryhyñ atasy hasaplanylýan Gerodot hem birwagtlar "Babylyñ owadanlygy ýer ýüzüniñ ähli şäherleriniñ owadanlygyndan hem zyýatdyr" diýipdir. Gerodot şäheriñ daşky diwarlarynyñ uzynlygynyñ 80 km, galyñlygynyñ 25 metr, boýunyñ 97 metr belentlikde bolandygyny we onuñ üstünde dört sany atly arabany agaýana sürüp bolýandygyny ýazypdyr. Ýöne şäheriñ içki diwary o diýen galyñ däl eken. Diwarlaryñ arasynda altyndan ýasalan uly heýkelli şäherçeler we ybadathanalar bolupdyr. "Taryhyñ atasynyñ" aýtmagyna görä Babyl diñi sekiz gatdan ybarat eken. Emma häzirki arheologik barlaglar diñiñ ýedi gatly bolandygyny anyklady. Aşurbanipal kitaphanasyndaky toýun ýazgylaryñ habar bermegine görä Babylda 53 sany uly, 650 sany kiçi, jemi 703 sany ybadathana, 360 sany gurban ediş merkezi, 2 sany dini dessurlaryñ ýerine ýetirilýän merkezi, 24 sany uly köçe we 3 sany emeli kanal bolupdyr. Şähere gelýän myhmanlaryñ ilkinji gözüne ilýän zat - gala diwarlarynyñ içinden ýokarlygyna beýgelip gidýän Iştar derwezesidi. Iştar derwezesi şäheriñ sekiz baş derwezesinden biri bolupdyr. Derwezäni boýdan-başa şähere penakärlik ediji hudaýlaryñ hormatyna çekilen 575 sany öküz we aždarha şekilleri bezäpdir. Nemes arheology Robert Koldeweýe Babyl harabalygynyñ içinde üýtgemän galan Iştar derwezesini ilkinji bolup tapmak nesip etdi. Şäheriñ ikinji üns çeken binasy bolsa Babyl diñidi. Diñiñ bofy 91 metr bolşy ýaly, Gerodotyñ aýdyşyça sekiz gatlydy. Diñe galdygyñça gatlar daralypdyr. Iñ ýokarky gat Babylyñ hudaýy Marduk üçin gurulypdyr... Babyllylar Mardugyñ adamlara diñe şol ýerde görünýändigine ynanypdyrlar. Şonuñ üçin çokunmaga gelýän halk köpçüligi birinji gata çykyp bilipdir, ýokarky gatlara bolsa diñe ruhanylar çykypdyr. "Birwagtlar ýer ýüzüniñ ähli halkynyñ ýeke-täk dilde gepländigini" gürrüñ berýän rowaýatlara dünýäniñ islendik künjünde duş gelmek bolýar. Ylahy kitaplar hem ähli adamzadyñ ilki-ilkiler ýeke-täk dilde gepländigini, günlerde bir gün olaryñ men-menlik edip asmana uzaýan diñ galdyryp başlandygyny, olary jezalandyrmak islän Hudaýyñ bolsa diñi ýykyp adamlary biri-biriniñ diline düşünmez ýaly edendigini ýazýar. Häzirki dünýä dilleri şonuñ üçin biri-birinden uzaklaşypdyr, gepleşilen "ilkinji diliñ" fonetikasyndan we ylahy manysyndan daşlaşypdyr. Şol günden bäri din alymlary hemmeler üçin ylahy we ýitirilen bu dili tapmaga çalşypdur. Musulmanlaryñ pikiriçe bu dil jennetiñ dili bolan arap dilidir. Hristianlara görä bolsa jennetiñ dili ibrany, grek we latyn dilidir. Hristianlaryñ pikiriçe üstünlik bu dillerdedir. Dilleriñ arasynda ýüze çykan bu tapawutlylyklar il-uluslaryñam biri-birinden bölünip gitmegine sebäp bolupdyr. Babyl diñi Hudaýa ýetmek üçin bina edilen diñdir. Nuhuñ ogullary dünýäni suw basyp, apy-tupan sowlandan soñ Sinar ülkesine ýerleşipdir, bu ýerde bir şäher we asmana göterilen beýik diñ salmak isläpdir. Hudaý özüni görmek isleýän adamlaryñ bolşuna gahary gelipdir we şol wagta çenli bir dilde gepleýän adamlaryñ dillerini garym-gatym edip, biri-birlerine düşünmez ýaly edýär. Diñiñ ýumrulyşy hakynda "Töwratda" kelam-agyz söz ýok. Emma "Jubiless" ýa-da "Leptogenesis" atly ýewreý ýazgylarynda Hudaý tarapyn öwsen güýçli ýeliñ diñi ýer bilen ýegsan edilişi gürrüñ berilýär. "Soñra "Özümize ýörite şäher guralyñ" diýdiler, "Göge göteriljek diñ gurup at gazanalyñ. Şeýtsek ýer ýüzüne dagap gitmeris.". Hudaý adamlaryñ guran şäherini we diñini görmek üçin ýere inip, şeýle diýdi: "Bir bitewi halk bolup bir bitewi dilde gepleşip şular ýaly zatlary etmäge başlan bolsalar, bular her kellesine gelen zatlaryny eder we çäkden çykarlar. Geliñ, aşak inip olaryñ dillerini bulaşdyralyñ, goý, olar biri-birine düşünmesinler. Şeýdip Hudaý olary ýer ýüzüne pytradyp, şäheriñ gurluşygyny togtatdy. Şonuñ üçinem şähere Babyl diýip at berdiler, çünki Hudaý adamzadyñ dilini şol ýerde garym-gatym etdi we olaryñ ýer togalagynyñ çar künjüne dagatdy". ("Ýaradylyş", 11:4-9); IX asyryñ yslam taryhçysy Tabarynyñ "Pygamberleriñ we patyşalaryñ taryhy" atly kitabynda Nimrod (Nemrut) atly hökümdaryñ Babylda diñ gurandygy aýdylýar. Alla bu diñi ýykyp, şol wagta çenli bir dilde geplän adamlaryñ dilini ýetmiş iki dile bölýär. XIII asyryñ yslam taryhçysy Ebu el-Fida hem şu hekaýaty agzap, Ybraýymyñ atasy Huta öz gepleýän dili bolan ibrany dilini goramaga rugsat berlendigini ýazýar. Sebäbi Hut diñiñ gurluşygyna gatnaşmandyr. Adamzat Babyl diñini Hudaýa şükür etmek duýgusynyñ tersine, öz gazanýan üstünliklerinden bady-howalanyp gurupdy. Emma Perwerdigär adamlaryñ ýüreginde bular ýaly basdaşlyk duýgusynyñ döremegine ýol berip biljek däldi. Adamlaryñ bolşuny ýokardan synlap oturan Hudaý binanyñ çaltlyk bilen nähili tutumda beýgelşini görüp otyrdy. Hudaý adamlaryñ içinde öz ýerleşdiren ruhunyñ neneñsi beýikdigine we adamzadyñ agzyny alardyp dynmasañ olarda munuñ öñüni saklap bolmajak mümkinçiligiñ bardygyna düşünipdi. Şeýlelikde Hudaý adamzat jemgyýeti ösüp, hudawy derejelere galmasyn diýen niýet bilen bu binanyñ gurulmagyna päsgel bermegi makul bildi we şeýle diýdi: "Öz aralarynda agzalalyk döredeliñ, goý, hiç kim başgasynyñ diline düşünmesin". Bu rowaýat beýik akyldar Magtymguly Pyragynyñ: Depderler içinde bir kitap gördüm, "Kysasyl enbiýa" atly ýaranlar - - diýip waspy ýetirilen Burhaneddin Rabguzynyñ "Kysasyl-enbiýa" atly ensiklopedik eserinde (türkmen dilinde) hem agzalýar. "Injilde" adamlaryñ bir gijäniñ içinde binanyñ gurluşygyna dowam edip durkalar birdenkä bir-birleriniñ diline düşünmän başlandyklaryny beýan edilýär. Biri-biriniñ diline düşünmän başlan adamlar birek-birekden öýkeläp, iş gurallaryny dumly-duşa zyñyşdyryp özara dawa-jenjele başlapdyr, yzyndanam gurup oturan binalaryny taşlap dagap gidipdirler, adamlaryñ her biri öz öýüne we obasyna dolanypdyr. Şondan soñ her kim öz ýurduna we ýaşaýan ýerine seredip, diñe öz ýurduny we dilini söýüp başlapdyr. Şonluk bilen ähli adamzadyñ bilelikde gurmaga başlan Babyl diñiniñ gurluşygy togtap, öz-özünden ýykylyp-ýumrulyp gidipdir. Dini nukdaýnazardan seredeniñde, Hudaý bilen deñleşmäge çalyşmagyñ nähili soñlanýandygyny görmek üçin bu rowaýatyñ terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. ■ Babyl diñine berilen başgaça teswir "Dünýäniñ gysgaça taryhy" atly kitaplar tapgyry bilen tanalan şumerolog Zahariýa Sitçin Babyl diñiniñ gurulyş maksady hökmünde dini tekstleri teswirleýänleriñ öñe sürýän "meşhurlyk gazanmak", "at galdyrmak" ýaly tutaryklaryñ nädogrydugyny aýdýar. Sitçiniñ pikiriçe "Şem" sözüniñ däbe öwrülen "At" görnüşinde terjime edilmegi wakanyñ düýp maksadyna düşünmegi kynlaşdyrypdyr. Ybadathanalaryñ içki otaglaryndan, hudaýlaryñ asman ýolagçylyklaryndan, ýa-da ölenleriñ göge uçmagy ýaly zatlaedan söz açýan mesopotamiýa tekstleri şumer sözüniñ ýerine "Mu" ýa-da sami dilindäki "Su-Mu" (ýagny "bir mu bolan"), Şam, ýa-da Şemi ulanýar. Adalga şol bir wagtyñ özünde "adamyñ yzynda ýatlanýan ady" manysyny berýändigi üçin bu söze "at" diýip düşünilmegine getiripdir. Şeýdibem howada uçulanda ulanylýan haýsydyr bir jisimden söz açýan ýazgylara "at" manysynyñ berilmegi gadymy ýazgylaryñ hakyky manysynyñ undulmagyna getiripdir. Şol sanda G.A.Barton hem "Şumerleriñ we akkadlaryñ patyşalyk ýazgylary" ("The Royal Inscriptions of Sümer and Akkad") atly ylmy işinde Gudeýanyñ ybadathanasynyñ tarypyny ýetirýän "Mu - ýurtlary şapakdan şapaga gujaklajakdyr" diýen sözlemi "Ady ýurtlara dolar" diýen görnüşde terjime edipdir we muña hiç kim garşy çykmandyr. Işkura baglanan, onuñ arşyñ beýikliklerine çykyp bilen "şuglaly Mu-syny" wasp eden goşgy hem şular ýaly ýoýulyp berilipdir: "Seniñ adyñ parlar durar, Arşyñ çürbaşyna çykar". Injil terjimeçileriniñ "Şem" sözüne her duşan ýerlerinde "At" sözüni goýma hötjetligi mundan bir asyr öñ ýaşap geçen G.M.Redslobyñ "Nemes gündogarşynaslygy" ("Zeitchırift der Deutschen Morgenlandischen Gessellshaft") žurnalynda çap edilen ylmy monografiýasyny görmezlige salýar. Makalada Şem we Şamaim (asmanlar) adalgasynyñ "belentde bolan" manysyny berýän "Şamaş" sözünden dörändigi görkezilýär. Birnäçe mesopotam ýazgylarynda geçýän Mu ýa-da Şem sözüni "at" däl-de "asman ulagy" görnüşinde okamagyñ gerekdigine göz ýetirensoñ, Injildäki "Babyl diñi" hekaýaty bilen birlikde başga-da birnäçe gadymy hekaýatlaryñ hakyky manysyna düşünmegiñ ýoly açylýar. "Tekwin" kitabynyñ 11-nji bölümi adamlaryñ "Şem" dikjek bolşuny gürrüñ berýär. Injildäki beýanat taryhy wakany gysgaça gürrüñ berýän manyda berlipdir. Gynansak-da soñky nesilleriñ bisowat terjimeçileri bu hekaýata diñe allegoriki many berip oñdular, çünki olaryñ düşünişiçe bu hekaýat adamzadyñ özünden soñ "at galdurmak" arzuwy bilen baglanyşykly hekaýatdan başga zat däldi. Bu çemeleşme wakany hakyky manysyndan uzaklaşdyrdy: Şemiñ hakyky manysy boýunça gelinen netije, wakany gadymy döwrüñ halklaryna mahsus zat ýaly edip görkezdi. Bir zada üns bermek gerek: Eger bu halkyñ bar islegi "at goýmakdan" ybarat bolsa, bu synanşyk Hudaýy näme üçin şolar ýaly derejede ynjalykdan gaçyrdyka? "At" ösmek, Hudaý tarapyndan näme üçin "olar üçin etmäge synanyşjak her bir işiñ kynçylygy bolmaz" diýen ýaly artykmaç mümkinçilik hökmünde görüldikä? Şyrrygy çykan düşündirişler Hudaýyñ näme üçin aşak inip adamzadyñ bu synanşygyna nokat goýmak üçin ady agzalmaýan beýleki hudaýlary çagyrmagy müwessa bilendigini düşündirmekden ejiz gelýär. Injiliñ ibrany dilindäki asyl nusgasynda ulanylan Şem sözi üçin "at" sözüniñ ýerine "gökde uçan ulag" goýup okanyñyzda, bu soraglaryñ jogabyny alyp bilersiñiz. Diýmek hekaýat adamzadyñ ýer ýüzüne ýaýyldygyça biri-birinden daşlaşyp gitjekdigini gaýgy bilen dile getirýär. Şonuñ üçin olar "gökden uçýan ulag" döretmek we özleri-de şol uçýan ulagda Iştar hudaýy ýaly "ähli ýurtlaryñ üstünde" Mu bilen bile aýlanmak üçin, bu ulagy uçurýan diñ (ýagny biziñ dilimizde aýdanda, aeroport ýa-da kosmodrom t.b.) gurmagy makul bilýärler. Bu bolsa şol maksat bilen hudaýlar tarapyndan ulanylan çäkde uçuş diñini gurmak adamzat üçin barypýatan hetdenaşma bolup durýardy. Galyberse-de, öñem bu ýeriñ ady Babyl, ýagny, "Hudaýlaryñ gapysy" diýilýärdi. Injil hekaýatyny we oña getirilen bu teswiri goldaýan başga delil barmy eýsem? B.e.öñ III asyrda dünýä taryhyny ýazan babylly taryhçy we ruhany Beros "Ýurduñ ilkinji ýaşaýjylary öz güýçlerine bäs gelibilmän... "depesi" göge ýetjek bir diñ gurmaga girişdiler. Emma diñ hudaýlar we güýçli ýeller tarapyndan ýykyldy. Hudaýlar şol wagta çenli bir dilde gepleýän adamlaryñ arasyna dürli dilleri sokdular" diýip ýazypdyr. B.e.öñ I asyrda ýaşan Aleksandr Poligistor hem owallar ähli adamzadyñ bir dilde gepländigini ýazýar. Şeýle-de bolsa "käbir toparlar "asmana çykmak" üçin boýy göge direýän belent başly diñ gurmaga girişýär. Emma baş Hudaý güýçli tüweleý ugradyp olaryñ niýetine garşy çykýar, her taýpa bir dil berilýär. Munuñ bolup geçen ýeri bolsa Babyldy". Adamzadyñ elinde şol wagtlar häzirki döwürdäki ýaly ösen tehnologiýa enjamlary ýokdy. Şonuñ üçin olar bu tutumly işe gönükdirip biljek tejribeli bir hudaýyñ (Anunnaki) kömegine mätäçdiler. Emma şeýle hudaý adamlara kömek etmek üçin beýleki hudaýlaryñ garşysyna gitmäge töwekgellik etdimikä? Hut bir şumer möhürinde hem adamlar tarapyndan bina edilen bir ymaratyñ üstünde hudaýlaryñ özara ýaragly çaknyşygy suratlandyrylýar... Parižiñ Luwr muzeýinde saklanýan we daşyñ ýüzüne çekilen şumer freskasy "Tekwin" kitabynda gürrüñ berilýän wakany suratlandyrýar. Bu daş freskalar B.e.öñ 2300-nji ýylda akkad patyşasy Naram-Sin tarapyndan çekdirilipdir. Alymlar bu kartina hökümdaryñ duşmanlaryna garşy gazanan ýeñşini suratlandyrýar diýip çaklaýar. Emma suratyñ ortasynda duran bir şekil adam hökümdaryñ däl-de, haýsydyr bir hudaýyñ keşbidir. Çünki şekiliñ kellesinde buýnuzlar bilen bezelen başgap bar. Bu bolsa diñe hudaýlara mahsus alamatdyr. Has takygy, ortadaky şekil özünden asgyn gelen adamlaryñ hökümdary däl-de, olary aýak astyna alyp depgileýän ýaly bolup görünýär. Onuñ töweregindäki adam şekilleri hem haýsydyr bir ganly garpyşygyñ içinde däl-de, ortadaky şekile tarap ýöräp barýan we hudaýyñ ünsüni özlerine jemlän görnüşde öwwelişip durlar. Elinde bir ýaý we gama bolan hudaý ortadaky uzyn küñrä haýran galmakdan ötri, gahar-gazap bilen seredýär. Konus görnüşindäki küñre üç asman jismine tarap uzaýan şekilde çekilipdir. Eger ölçegi, biçüwi we maksady munuñ Şem-digine güwä geçýän onda bu kartina Şemiñ dikilmegini mübärekleýän adamlary depgileýän gaharly we dişinden dyrnagyna çenli ýaraglanan hudaýy şekillendirýär. Başga bir pikire görä diñim gurluşygyna ýolbaşçylyk eden Anunnaki Mardukdyr. Beýleki anunnakiler bilen bäsdeşlige giren Marduk şertleşigi bozup babyllylary kosmos gämilerini we uçýan ulaglary uçuryş nokatlaryny (Babyl diñini) döretmäge gatnaşdyrdy. Babylyñ häkimi Marduk gurluşyga gönüden-göni özi guramaçylyk edipdir. Enlil bolsa nämeleriñ bolup geçýändigine düşünip diñiñ gurluşygyny togtadypdyr. Babyllylaryñ we olaryñ adatdan daşary güýçler bilen gatnaşygy hakynda musulmanlaryñ, şol sanda türkmen halkynyñ arasynda hem giñden ýaýran rowaýatlar bardygyny belläp geçmek gerek. Harut we Marut perişdeler baradaky rowaýat şolardan biridir. Rowaýata görä Babylda bir guýy (zyndan) bolup, günä edendikleri üçin, Harun we Marut atly perişdeler şol guýuda başaşak asylyp goýlupmyş. Bu barada beýik Magtymguly Pyragynyñ goşgularynda hem agzalýar. ■ Harut we Marut hakda hekaýat Babyl guýusyna salnan Harut we Marut hakynda Feridetdin Attaryñ "Bilbilnama" poemasynda hem agzalyp geçilýär. Aşakda şol poemadaky hekaýaty berýäris: "Harut hem Marutyň başyndan geçen wakalar barada eşitdiňmi? Olaryň bar işi Allaha ybadat etmekdi. Ilkibaşda olar perişde hökmünde asmanda ömür sürdüler. Soňra olaryň endam-jany, döwleriňki ýaly, gam-gussa öwrüldi. Olar nebisden we şöwketden uzak durdular, serhoşlyk diýen zady bilmediler, günä etmediler. Allah Adam atany ýere gönderende, olaryň kalbynda bir ot tutaşdy. Olar Allatagalanyň huzuryna gelip, içlerini dökdüler. Başda olar şeýle diýdiler: «Belki, ýerdäki orunbasaryň bolmak Adama laýyk bolsa-da bolandyr, emma onuň nesilleri azgynçylyga we ganhorlyga ýüz urdy, ýeriň ýüzi bulagaýlykdan doldy». Olar özüni adamdan artyk saýdylar we şol sebäpli hem ýagşylyk garasyny görmediler. Allatagala olara gonalga berdi, dünýäniň paýtagtyna ýollady. Ajaýyp Zöhräniň ýüzüni görüp, öz gutulyşlarynyň üstüni galam bilen çyzdylar. Oňa aşyk boldular-da, bar zady unutdylar, gündizlerini elewräp geçirdiler, gijelerini ýatman geçirdiler. Olar başda azgynçylyk etmediler, adam öldürmediler, emma şerap içenlerinden soň, şol işleriň ikisini hem etdiler. Olar Zöhrä Ismi-Agzamyň syryny açdylar we daş ýaly bolup, hasrat guýusynyň içine gütläp düşdüler. Zöhre Ismi-Agzamy öwrenen badyna, bu ismi-şerif ot ýaly bolup, ony çirkizdi. Ol bu ady agzyna alan badyna asmana göterildi, Aý onuň gapy garawuly, Gün – janpenasy boldy. Olar duşmanlar tarapyndan harlanan, serhoşlykdan başlary sämäp duran, gözgyny halda Ýerde galyberdirler. Haýyr-da, şer-de täleýe bagly. Olar şerap içip, täleýiň kararlaryny yzyna aldyryp bilmediler. Serhoşlykdan aýňalanlaryndan soň, olar lapykeçlige düşdüler. Uludan dem aldylar. Agyzlaryndan çykan dem oduň tüsseden saýlanyp duran alawyny ýatladýardy. Bir işiň gaýdansoň, uludan dem alanyň peýdasy näme? Olar: «Hata – guldan, ata (bagyşlamak) – patyşalardan» diýip, günälerini geçmegimizi diläp ýanymyza geldiler. «Biz eden işimize şeýlebir utanýarys welin, hatda günämizi geçmegiňizi haýyş etmäge-de çekinýäris. Bize jezamyzy şu ýerde ber, çünki beýleki tarapda düýn hem, şu gün hem, ertir hem ýok» diýdiler. Olar Babyldaky guýularyň birinde başaşak asylgy durlar we lapykeçlik gözýaşlaryndan başga içere şerap tapanoklar. Adamlar säher çagy olardan jadygöýligi öwrenmek üçin guýynyň başyna gelýärler. Olardan islän zatlaryny öwrenýärler we göwünleriniň isleýşiçe zorlukdyr adalatsyzlyk edýärler."* *Seret: Feridetdin Attar "Welilar hakda rowaýatlar", TDNG, Aşgabat-2015, 16-17 sah. ■ Zahariýa SITÇINiñ "12-nji saýýara" kitabyndan we internet maglumatlaryndan peýdalanylyp taýýarlanyldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||