14:54 Bagtymyzyñ başy bolsun-da... / hekaýa | |
BAGTYMYZYÑ BAŞY BOLSUN-DA...
Hekaýalar
Garagum derýasy.... Öz bagtymy derýadan tapdymmy? Beýle bolar öýdüp ýatsam-tursam kelläme-oýuma gelmeýärdi. Şu çaka çenli känbir pitiwa bermesem-de, derýa, onuň daş-töweregi gözüme diyseň mähirli görünýärdi. Ho-ol ilerki kenarda - gözýetimde giniş görünýän raýyşa gözümi dikip otyryn. Şo taýda joralary bilen Aýjemal peýda bolmalydy. Gyzlar raýyşda göründigem, motorly gaýygym bilen baryp, olary bärki kenara geçirmelidim. Öýümiz derýanyň kenaryny alkymlap oturansoň, bizde suwda ýüzmek üçin motorlyja gaýyk bardy. Elbetde, kämahal zerurlygy çykýandygy sebäpli, kakam edinendir-dä. Ozallar ynanmayan bolsa-da, indi 10-njy synpa geçenimden soň-a, kakam gaýygy maña ynanýa. Gaýyk sürmäge diýseň höwesek-dä men. Gaz berip motory güwledip basýan welin, gaýygyň öňi suwa kä degse, kä degmän, hut uçup barýandyr. Yzynda bolsa, gom döräp, soñam tolkunlar örküç-örküç bolup ho-ol yza uzalyp gidýär-dä. Derýanyň suwundan şeýle ajaýyp görmüş döredenimde, özümiňem göwnüm galkyp, guş bolup asmana uçuberesim gelýär. Kakam bir iş bilen goňşy oba gitmeli bolansoň, bu gün kärendeçileri derýadan men geçirmelidim... Gyzlar derýanyň kenaryna gelende, ýaňy jahan ýagtylyp ugrapdy, Gözlerimi owkalap gaýyga tarap ylgadym. - Aýu, oglan! Sen bizi o kenara geçirmelimi? - diýip, gyzlaryň ekabyrragy sorady, Jogap berip ýetişmänkäm: - Gyýw, oglan! Sen entek gögele ýaly-la. Bizi suwa gark etman geçirersin-da, hernä... - diýip, gyzlaryň ýene biri dillendi. Beýleki gyzlar hem olara goşulyp, maña degme kemini goýmadylar. Dilleri dek durýamy olaryň! Teýenell geplerini gulagmyň deñinden geçirdim-de, ýene gyzlara göz aýladym. Diñe Aýjemal sesini çykaranokdy. Utanýamy ýa çekinýä, çym-gyzyl bolan ýüzüni ýokaryk galdyranokdy. Gyzlar degşip-gülşüp gaýyga mündüler. Kenara berkidilen zynjyryny aýyrdym da, menem böküp gaýyga mündüm. Motoryny işe girizdim. Demir kükregi bilen suwy dilip, gaýyk ilerki kenara tarap okduryldy. Birdenem kelläme pikir geldi. «Gel, oýun edip, şu gyzlary gorkuzaýyn-la». Kenara yetiberende gaýygy birdenkä saga, soñam çepe burdum. Gaýyk güýçli çaýkandy. Gayygyň badyna dörän tolkunlardan kä çepinden, kä sagyndan üstümize suw syçrady. «Wi-iý-ý...» edişip, gyzlar aşak ýapyryldylar. Olar gaýyk agdarylar öýden borly. Birdenem, nä dow çaldy, gaýygyň motorynyň sesi sem boldy, Hasyr-husur motora ýapyşdym. Ony işe girizmekçi boldum. Bolmady. Teý, otlananok-da. Derýanyň suwy bolsa, akymyň ugry bilen bizi ho-ol uzaklara alyp barýardy. Indi gyzlar has-da howsala düşdüler. Olar gorkuly gözlerini tegelap, gaty-gaty gürlap, maña käýinýärdiler. Diñe Aýjemal sesini çykaranokdy. Kämahal bolsa, maña tarap nazaryny aýlaýardy. Gyz her gezek seredende, onuň nazaryndan ynam hem umyt uçgunlaryny duýýaryn... Ahyryn motory işe girizdim-de, gaýygy derýanyň ilerki kenaryna diredim. Gyzlar howlukmaçlyk bilen gaýykdan düşdüler. Minnetdarlyk bildirmekden-ä geçen, gaýta maña igendiler. Indi beýle boljak bolsa, gaýdyp gaýyga münmejekdiklerini maña duýdurdylar. Diňe Aýjemal çalaja ýylgyrdy-da, hoşallyk hökmünde başyny yrady. Ayjemalyñ şol çalaja ýylgyryp bakysyndan kalbym lerzana geldi. Ýüreğim içime sygman "Ýarow, jana..." zowladyberesim geldi... Aýjemal öz obamyzyñ gyzydy. Ony tanaýan bolsam-da, entek ýüregime beýle howsala salmandy. Munuňam sebäpkäri ejem boldy. - Ho-ol gaýraky köçeden Annajemalyň gyzy Aýjemalam-a gowuja gyz. Asylly ýerden çykan maşgala. Şo gyzy dagy gelin edinip, törüne geçirip bolaýsa... Alla jan, soň-a bi ýalançy dünýede armanym galmazdy. Guda bolmaga sawçylyga baraýsam... Annajemala ýogam diýmese gerek, gyzyň özi göwnese. Ejem Aýjemal barada ýanyndaky aýallara gürrüň berýä nem bolsa, bu gep maña degişlidi. Sebäbi öýlenip, bu öýde töre gelin geçirmeli diñe mendim. «Be-e, ejemiň beýle taryplaýany nähili gyzkan-aý? Ejem diýa gutardy, onuň maña ýamanlygy ýokdur». Şondan soň Aýjemal serimden gitmedi. Ýygy-ýygy ýatlaýardym. «Şo gyza öýlenäýsem, ejem bi ýalançydan armansyz gitmäge yrza bolsa. Onda menem bagtly borun-da». Aýjemal... Gyzyň ady eýýäm dilimiň senasyna, kalbymyň owazyna öwrülipdi. Arzuw edeniň bilen iş bitýärmi? Ilki gyzy görmeli, gürleşmeli. Soň... Aýjemal bolsa ýüregimde barha-barha ornaşýardy... Aýjemalyñ Abadan diýen gyz jigisi bar. Mekdepde görýärin, aşaky synpda okaýardy. Abadandan ulusy Aýjemal, birki ýyllykda mekdebi tamamlady. Pagta kärendesi bar, şu wagt şonda işleýär» diýşip, oglanlar öz aralarynda gürrüň edýärdiler. Şol gürrüñlerden çen tutup, göz önüne getirmäge synanyşýardym. «Mekdepde her gün Abadany görenimde, sen göz öňüme gelýärsiň, Ayjemal» Serwi boýly, ak ýüzli, görmegeý gyz gara gözlerini güldürip, mähir bilen ýüzüme seredip dur...» diýip, hyýalymda gyz bilen gürleşýärin. Aýňalyp özüme gelenimde, mekdebiň gapysyna ýetip gelýän sen däl-de, jigiň Abadandy. Gyz maña gara gözlerini güldürip bakmady. Başyny dik tutup, ýuwaşja ýöräp deñimden geçip gitdi. ...Indi men Aýjemalyň boý-syratyny gördüm. Ony joralary bilen derýanyñ ilerki kanaryna geçirenim ömür ýadymdan çykmaz. Çalaja ýylgyryp maña seredende bolsa, ganat baglap ýedi gat asmana uçana dönüpdim. Şonda yzyma gaýygy ýüzdürip däl, uçuryp gaýtdym. "Men bagtymy tapdym. Men bagtly!" diýip, uly ilim bilen gygyrasym geldi. Emma nämüçindir gygyrmaga gurbat tapmadym. Näme-de bolsa, sesimi daşyma çykaranymy duýman galdym. "Men bagtymy tapdym. Men bagtly!" Şol pursat hem şemal turdy. Şemal gaýa öwrülip, bol suwuň tolkunlary örküç-örküç bolup, biri-birini kowalap. barha ulalyp başlady. Gaharly ýaly güwläp gelen derýa gomy şarpyldadyp dulugyma urdy. Üstüm öl-myžžyk boldy. Hamala derýa: "Sen entek bagtly däl. Bagtly bolmak üçin göreşmeli, bagta ejir çekip ýetmeli... Bagtly bolmak üçin kötel-kötel ýollary geçmeli" diýýän ýalydy. Munuň bilenem oňmadym. Öýüň gapdalynda duran ýerinden kakam gyzlary gaýykly alyp gidişimi, soňra akymyň ugruna akyp gidişimizi synlap duran bolsa nätjek?! - Sen doňuz... Edýän işiň name? Demimi dartman kakamyň käýinjini diňläp durun. Gorkýan ýerim, «Indi gaýdyp gaýygyň ýanyna baraýma» diýse näderin. Kakam käýeme kemini goýmady. Soňra: - Bar, o gyzlary yzyna-da geçir. Indi gaýdyp, şeýle bolgusyz iş edäýseň. boýnuñy sograryn! - diýdi. Derýanyň kenaryna çykdym. Günüň bataryna garaşdym. Entek gyzlar işini goýmazlar. Olaryň gün batýança işleýändiklerini bilýärin. Wagtymy geçirmek üçin bir zada güýmenesim geldi. Kenaryndaky garnyşlar adam boýuna ýetipdir. Şol gamyşlardan tüýdük yasamaga synanyşdym. Gamyş yzyna gamyş, bogun yzyna bogun kesýärdim. Ilkibaşda bolmasa-da, teý ahyry gamyşcian ses çykyan bir zad-a ýasadym. Üfläp-üfläp öz göwnüme, saz çaljak boldum. Tüýdükden owaz çyksa-da, entek saza çalym edenokdy... * * * Garagum derýasy... Deryanyň belent raýyşynda, çägäniň üstünde otyryn. Lemmerlenip akýan suwy synlap oýlanýaryn... Derýanyň bol suwy şo-ol akyp dur. Hut şu suwuň akyşy ýaly durmuşam akyp gidip otyr. Şu gün ir saherden bolup geçen wakalar telewizoryň ekrany dek göz öňünden aýrylanok. Olary serimden geçýärin. "Meniñ bagtym..." diýmage gorkýaryn. Ýöne her niçik bolsa-da, özümi köşeşdirýärin. Näme bolsa, bahbit bolsun!» diýip, diňe gowulyga uýýaryn. Oñatlyga ýorup, ýagşy umytlar bilen içimi gepletdim: "Men taýýar! Bagtym üçin göreşmäge, bagtyma yetmek üçin ejir çekimäge-de men taýýar. Wah, senden dilegim, Alla jan! Hernä şü derýadaky duşuşygymyz, bagtymyň başy bolsun-da..." Ýagmyr HUDAÝGULYÝEW. | |
|
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |