22:11 Gojanyñ gahary / hekaýa | |
GOJANYŇ GAHARY
Hekaýalar
Rozygeldi aga pyntyk ýaran şahalardaky guşlar bilen deň oýandy. Baharyň hoştap howasyny işdämenlik bilen demine çekdi. Birsellem guşlaryň şadyýan jürküldisine diň salyp oturdy. Çalaja ardynjyrady. Döşüne gapak bolup duran sakgalyny eliniň bäşi bilen daraklaşdyryp, segsene ser uran goja başyny agraslyk bilen dikeltdi. Goja ýalpyldawuk tutawaçly gök gapa nazaryny aýlady. Iki egni bilen uludan dem aldy. Bu uly agtygynyň gapysydy. Şol gapydan çaganyň – ilkinji çowlugynyň jägildeýän sesiniň eşidilerine goja sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Agtygy Amana kän pisindi oturmasa-da, gelninden welin gojanyň göwni hoşdy. Dogrusy, gojanyň ilki-ilkiler ondan beýle tamasy ýokdy. Rozygeldi aga agtygyny öz obasyndan, öz gözüniň öňünde doglan, önüp-ösen, ata-enesine, neberesine belet gyzyna öýlendirmekçidi. Emma onuň bu niýeti başa barmandy. Aman «öz söýýänim» diýip, şol bir ýerini depip durupdy. Iki ýyl mundan öň bolsa ol öz söýýän gyzyna öýlenipdi. «Tüweleme, tüweleme, bolsa-da maňlaýymyzdan asylly maşgala çykypdyr – diýip, goja öz ýanyndan pikir öwürdi. – Indi iki ýyldyr, agzyndan bir telek söz çykanyny eşidemzok. Myradyň gelni ýalylardan hudaýym daş edewersin. Bir sözüňe iki jogap gaýtaryp, agzyndaky çiliminiň tüssesini göni ýüzüňe üfläp dur... Nämemiş ýokary bilimlimiş. Biziň gelnimiziňem, allanäme bilimi şonuňkydan pes-ä däl. Agtygymyz bilen bir mekdepde sapak berip ýör»... Ol hortaň, agajet aýaklaryny sekiden aşak sallap, ýere düşdi. Tagta sekiniň aşagyndaky suwly kündügi eline aldy. Yzly-yzyna gaty ses bilen ardynjyrady. Mellege tarap ýöneldi. Içerden çykan gelin düşekleri ýygnaşdyrdy. Çaý getirip goýdy. Goja çaýyny içip bolanda gün ýerden saýlanypdy. Ol mellegine çykdy. Gök parç bolup ýerden galan ekinleriň ter ýapraklaryna, begenjinden aglan gyzyň gabagynda galan gözýaşlary ýaly bulduraşyp duran säher çygyna syn etdi. Daragtlaryň pyntyk ýaran şahalaryna hyrydar nazar aýlady. Ýöne ol bu ýerde uzak saklanmady. Yzyna dolanyp geldi-de, kulterlengi ýüpi alyp, onuň bir ujuny biline orady. Kiçiräjik, ykjamja paltasyny oňa gysdyrdy. Agras gadam urup, sähra, giň çöle tarap ugrady. Rozygeldi aga gök mahmaly arkasyna atan ýapa çykdy-da, özüni aşak goýberdi. Bilindäki ýüpi aýyrdy. Aýagyndaky köwşüni çykaryp, içindäki çägesini silkdi. Tirsegini çägä urup ýaplandy. Telpegini çykardy. Çal başyny sypalady. Soňam töweregini, gözel sährany synlady. Esli wagtdan soň köwşüni geýip, ýerinden turdy. Paltasyny eline aldy. Guran töňňe bolan sazak diýmän, çalydyr çerkez diýmän, goparyşdyryp başlady. Goja ýygan odunyny bir ýere üýşürdi-de, çykamaga durdy. Ol aýagyny oduna diräp, ýüpi çekende, odunyň gabarasy kiçelen ýaly boldy. Soňra odun arkasyna çümmez ýaly, ýagyrnysynyň degjek ýerlerini depgileşdirdi. Ellerine tüýkürdi-de, arkasyny oduna ýaplap, ýüpi egninden aýlap aldy. Iki dyzyny ýere urup, öňe omzady. Odun arkasyna galandan soň, boş elini hem ýere urup, «ýa-a-a, pirim» diýip ýerinden galdy. Turandan soň gurbaty gaçan aýaklary sandyrajak boldy. Goja odunyň astynda birneme ýegşerse-de, oba tarap ynamly gadam basyp ugrady. Getiren odunyny howlynyň bir burçunda düşürdi. Odunyň üstünde birsellem oturdy. Kenara çykarylan balyk dek, süňklek eginleri bilen dem aldy. Biline guşan ýaglygyny alyp, ýüzüniň, boýnunyň derini süpürdi. Soňra gataňsy elleriniň aýasyny ýere diräp, agraslyk bilen ýerinden galdy. Odunyň ýüpüni çözüp aýyrdy. Agaç sekiniň aşagyndaky kündügi alyp, suwuny eline akydyp gördi. Aşak oturdy-da, ýüzüni, boýnuny ýuwuşdyrdy. Ýene bilindäki ýaglygy bilen süpürindi. Sekiniň üstündäki gülli keçäniň üstüne geçdi. Ýassyklary özüne tarap çekip, goltugyna aldy. Ýanyny ýere berdi. Aýagy agyr gelniniň goýup giden çaýyny öňüne süýşürdi. Derwezäniň daş işiginde maşynyň gürrüldisi eşidildi. Bir-iki gezek düýdüldedi. Maşynyň sesi gatalyp-peseldi. Ýene uzyn-uzyn signal howlyny ýaňlandyrdy. Ol kimdir birini öýden çykyp, derwezäni açmaga çagyrýardy. Aýagy agyr gelin howlukmaçlyk bilen derwezä tarap ugrady. Onuň derwezäni açaryna mähetdel gögümtil «Žiguli» armanly dek dazyrdap, garažyna tarap geçip gitdi. Tormozlarynyň jygyldysy garažyň içinden eşidildi. Maşynyň ýanyndan gaýdan agtygy ernindäki çilimini birki gezek sordy-da, beýläk taşlap goýberdi. Gele-gelmäne hem gara äýneginiň aňyrsyndan görünmeýän gözlerini gelnine tikip ajy ýylgyrdy: – Nä, uka gidäýdiňmi?! Agtygynyň bu bolşuna gojanyň gaşlary bürüşdi. Dodaklary mäkäm ýumuldy. Titreýän elindäki käsesini ýerde goýdy. Onýança Amanyň nazary üýşüp duran oduna düşdi. Ol elini iki tarapa serip, gowy bejerilen şar gara saçly kellesini ýaýkady: – Ata, seniň beýtmäň düýbünden bolýan zat däl. Şunça ogluň, agtygyň barka, arkaň bilen odun çekip ýörmäň näme? Il-gün näme diýer? Öýde ýakara odun ýokmy? Kolhozdan maşyn alaýmaly ahyry. Agtygynyň bu sözlerine gojanyň gyrtyjy has-da düýrüldi. Könelişen gözleri petredi. Sesi sandyrap çykdy: – Halal zähmetiň aýby bolmaz, köşegim. Soňra bir sözem aýtman dymdy. Atasynyň gahary gelende şeýle dymýandygyny bilýän Aman derrew onuň ýanyndan gitmek bilen boldy. Arada hem şunuň ýaly bir ýagdaý bolupdy. Rozygeldi aga, çaý süzüp, radioda ýaňlanýan dutar owazyna diň salyp otyrdy. Şol wagt aňyrdan keýpi kök gelen Aman derrew sazyň owazyny sem edipdi: – Ata, şu tiňňildiden näme lezzet alýaň? Sowremennyý sazlary diňlärler ahyry. Goja şonda-da dymypdy. Häzirem ol dymyp oturyşyna pikir öwürýärdi. «Arassa ahlak, päk zähmet ynsan balasynyň ýaraşygy. Şükür, agtygymda bu zatlar bar. Ýöne dereksiz çaldy-goýdulygy bar-da. Muňa pugta käýesemmikäm? Ýok, bolmajak bolsa, käýäniň bilenem bolmaz. Şu dymmagym onuň üçin uly käýinç bolmalydyr. Ol muňa düşüner». Rozygeldi aga uludan demini aldy. Duluklaryndaky duw-ak tüýleri gymyldaşyp gitdi. Çaýly käsäni agzyna ýetirdi. Ol häzir ajy gaharyny ajy gök çaý bilen ýuwdup otyrdy. Ýagmyr HUDAÝGULYÝEW. | |
|
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |