20:22 Nyýazguly pir | |
NYÝAZGULY PIR
Taryhy şahslar
Ady yslam dünýäsine ýañ salan Nyýazguly pir barada il arasynda rowaýata öwrülip giden gürrüñlerden başga häzirlikçe suwytly toplap bilen maglumatymyz bolmady. Muña garamazdan onuñ öz wagtynda Buhara emiri Şamyrat Welnamynyñ geñeşçisi bolup işländigini we tutuş Orta Aziýanyñ, Tatarystanyñ tanymal yslam alymlarynyñ ençemesini okadanlygyny göz öñünde tutsak, onda bu beýik pir barada Özbegistanyñ we beýleki doganlyk döwletleriiñ taryhy çeşmeleri agtarylsa, iññän gymmatly maglumatlaryñ üstünden baryljagy şübhesizdir. Beýik ruhy atamyz Magtymguly Pyragynyñ "Bilmezmiñ" goşgusyny Nyýazguly pir bilen bolan özara dialog esasynda ýazandygyny köpüñiz eşden bolsañyz gerek. Geliñ ilki bilen Nyýazguly piriñ kim bolandygyny anyklamaga synanyşalyñ we onuñ görkezen käbir keramatlaryny bilelikde okalyñ. • Palawdan çykyp giden üç aýakly pişik Nyýazguly pir Lebap welaýatynyñ Halaç etrabynyñ Esenmeñli obasynda doglupdyr we şol ýerde önüp-ösüpdir. Ol Idris babanyñ şägirdi bolupdyr. Başlangyç bilimi obasynda alansoñ birnäçe ýyllap Buharada okaýar. Juda sowatly bolansoñ Idris baba ony aýratyn sylapdyr. Onuñ Buhara göçüp gitmeginde hem halypasy Idris babanyñ täsiri az bolmandyr. Nyýazguly pir Buhara emiri Şamyrat Welnamynyñ döwlet we din işlerini dolandyrmaga işeññir gatnaşypdyr. Diñe şunuñ özi hem onuñ ýöne-möne adam däldigini görkezýär. Onuñ emiriñ hyzmatyna durmagy barada şeýleräk rowaýat bar. Idris babanyñ öz çakylygyndan ugurtapyjylyk bilen ýüz dönderip, ýerine şägirdi Nyýazgulyny hödürlemegi Buhara emiriniñ göwnüne ýaramandyr. Ol şonuñ üçin Nyýazguly piri synap görmek isleýär. Emeldarlary bilen maslahatlaşan emir pişik eti atylan palaw bişirdipdir. Ýagny olar oña haram haýwanyñ etini iýdirip, üstünden gülmek isläpdirler. Naharyñ bissimillasyny myhman hökmünde Nyýazguly almaly bolupdyr. Ol rejäniñ geñ däldigini añypdyr we ýektaýynyñ synyndan tutup, palawly çanagyñ üstünden aýlapdyr-da: - Pişt, pişt... Häý haram peläket, güm bol! - diýipdir. Çanakdan üç aýakly pişik çykyp, keýtikläp gidiberipdir. Nyýazguly pir hamala zat bolmadyk ýaly, sowukganlylyk bilen: - Naharyñ haramy gidip, halaly galdy, alyñ iýiberiñ - diýip, bissimilla bilen palawly çanaga el urýar. Muny görenler añk bolup galýarlar. Pişigiñ dördünj aýagynyñ nirdeligi soralanda, ol: - Ony aşpeziñ özi gowy bilýändir - diýip, jogap berýär. Soñ görüp otursalar, aşpezleriñ biri bir aýagy nahar ataryp durka, iýen bolsa näme... • Kölüñ üstünde gurlan metjit Nyýazguly pir medrese gurdurmak üçin emire birnäçe gezek haýyş bilen ýüzlenýär. Emiriñ beýleki emeldarlary onuñ maksadyny başa bardyrmajak bolup, oña suwly kölüñ ornuny maslahat beripdirler. Emirem köpmanyly ýylgyrypdyr-da, pire görkezilen ýeri berýändigini aýdypdyr. Olar bilen razylaşan Nyýazguly pir emirden şäheriñ ilatynyñ bir gijeläp öýden çykmagy gadagan etmegi sorapdyr. Perman ýerine ýetirilýär. Ertesi turup görseler, düýnki suwly kölüñ ornunda owadan medrese gözüñi gamaşdyryp durmuşyn. Özbegistanyñ taryhy ýadygärlikleriniñ merjeni hasap edilip bilinjek bu medrese häzirem bar we ony "Çar minar diýip atlandyrýarlar. • Nyýazguly Pir - ussat şahyr we terjimeçidir Nyýazguly piriñ Nyýazy lakamy bilen ýazan goşgulary biziñ günlerimize gelip ýetipdir. Onuñ Antguýynyñ hany bilen Gyzylaýak türkmenleriniñ ýaragly çaknyşygy barada ýazan poemasy hem bardyr. Şol sanda ol Möwlana Jelaleddin Rumynyñ Pygamberimize (s.a.w) bagyşlap ýazan poemasyny pars dilinden türki (çagataý-türkmen) diline terjime edipdir. • Nyýazguly Piriñ ömrüniñ soñky ýyllary Nyýazguly pir 1821-nji ýylda ýogalýar we Buharada jaýlanýar. Ony jaýlamaga Buhara emiri Mirhaýdaryñ hut özi gatnaşýar we şonda "Buharada iki emir bardy, indi biri galdy..." diýýär. Pire bolan sylag-hormaty şundan ýokary beýan edip bolmasa gerek. Onuñ nesilleri barada aýdanda bolsa, maglumat saklanyp galmandyr diýen ýaly. Ýöne Özbegistanyñ Namangan şäherinde onuñ neberelerinden bardygy aýdylýar. • Geljekki nesillere bergidar bolmalyñ! Döwrüñ bize beren mümkinçiliklerinden peýdalanyp, öz aslymyzy, merdana ata-babalarymyzy, milli gahrymanlarymyzyñ bitirip giden işlerini we görkezen edermenliklerini öwrenmeli we olary il-güne ýetirmeli. Täze döwür ozalky nesilleriñ, taryhymyzyñ, halkymyzyñ öñünde taryhçylarymyzyñ we edebiýatçylarymyzyñ baslygyp ýatan bergilerini üzmäge şert döretdi. Galan iş bolsa özümize bagly. Indiki nesilleriñ öñünde bergidar bolup galmajak bolsak, onda öz taryhymyzy, ärlerimiziñ-pirlerimiziñ adyny, öz mirasymyzy dikeltmäge borçludyrys. © Ýagmyr HUDAÝGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |