18:42 Arzuw / hekaýa | |
ARZUW
Hekaýalar
- Doktor, doktor! Heý, umyt barmy? Ol maňa tarap nazarynam öwrümedi. Ýagşydan-ýamandan sesini çykarmady. Näsaglaryň arasyndan çykyp, öz kabinetine ugran ak halatly ýaşulynyň yzyndan galmady. Ol sägindi-de gür gaşlaryny çytyp, nazaryny maňa dikdi: - Alada edib-ä ýörüs. Ýaşuly wraçyň dilujyndan aýdan bu jogaby meni kagatlandyrmady. Tirkeşip, onuň kabinetine girdim. Ol agyr, ýadaw göwresini diwana goýberdi. Maňlaýyny tutup, birsalym dymdy. - Görýän welin, sen gönümelligi gowy görýän ýigit borly. Ikimiz erkek adam. Senden hakykaty gizlemäýin. Seniň dostuň keseline medisina ejiz gelýär... Bu jogap meni el-aýakdan düşürjek ýaly etdi. Mert durup, özümi dürsedim: - Merkezi keselhana ibermelimi ýa däri-derman tapmalymy?.. Bir alajyny edip bolmazmyka? Gaýrat ediň, doktor! - Bir edilýän em bolsa, bary edildi. Indi, ýagşy ýigit, başa düşenini görmekden başga çäre ýok. Gutardy. Indi wraç bilen gürleşip oturanyň hajaty ýok. Dynç güni bolansoň, Jepbaryň ýanynda uzakly gün boldum. Öýe gaýtmaga hyýal edenem bolsam, ýene Jepbaryň ýanyna bardym. Ondan sähelçe daşlaşsam, bir bolmaz iş bolaýjak ýaly bolup dur. Jepbar gözümiň öňünde ak düşege siňip barýardy. Keselhana umyt bilen gelenem bolsa, ýagdaýy gün-günden erbetleşýärdi. Sanlyja günde onuň daýaw göwresi suwy sykylan kaka döndi. Jepbar hemişe gelenimdäki ýaly, bu gezegem ýylgyryp garşy aldy. - Halypa, men-ä sen öýe gaýtdyňmykaň öýdüpdim. - Ýok-la, şu ýerde. Şu wagt wraç bilen gürleşdim – diýenimi duýman galdym. Dilimden sypdyraýypdyryn! “Näme diýdi?” diýip sorasa, ýalan sözlemeli bor-ow! Çaklaýşym ýalam boldy. - Wraç näme diýýä? - “”Gowy bolar-a” diýdi. - Halypa, meniň-ä gün-günden ugrum gaçyp barýan ýaly bolup dur, öz-ä... - Aý, göwnüňedir, Jepbar! Hä diýmän, aýak üstüne galarsyň. Soň Jepbardanam, mendenem ses çykmady. - Halypa, men-ä, senden bir zady haýyş etjek. Kyn görmersiň-dä! - Ýok, ýok. Hiç zadyň kyny bolmaz, Jepbar. Şu mahal Jepbar “dagy göçür” diýse-de, “ä-ä” diýjek dälddim. Onuň nähili haýyşy bolsa bolubersin, başarsam-başarmasam, ýüregim bilen topuljagym hakdy. - Şu gün aýdan on bäşi bolsa gerek. - Hüm-m.. - Her aýyň on bäşien ejeme 50 manat pul iberýärdim. - Onuň müşgili bolmaz, Jepbar. Ertir iberildi biläý. - Onda meniň ýaşaýan jaýyma bar. Çemodanda... - Ýok, ýok. Pul özümde bar. - Dur, entek. Çemodanda gyzyl kitapça bardyr. Şonuň arasynda pul bolmaly. Özüňden iberjegiňe ynanýan. Ýöne, halypa, öz gazanjymdan ibermesem, ýüregim ynjalmaz. - Bor, jepbar. Diýşiň ýaly ederin. Onuň ýanyndan gaýdanymda, köçe garaňkyrapdy. Sowhozyň umumy ýaşaýyş jaýyna pyýadalap gaýtdym. Jepbar şol ýerde ýaşaýardy. Jepbar bize işlemäge, umuman, sowhoza baharda gelipdi. Gelenine geçse, üç aý geçendir-dä. Özem Don boýundaky Rostow şäherinden geldi. Ýyl töweregi şol ýerde Atommaş-yň gurluşygynda işläpdir. Gele-gelmäşe özüni gowy mehanizator hökmünde tanatdy. Täze skrepere berkitdik. Özüm ýer özleşdirijiler uçastogynda ussa bolup işleýärdim. Onuň işleýşine, adamkärçiligine bada-bat synym oturdy. Şolam biziň ysnyşygymyza, dostlaşmagymyza sebäp boldy. Atommaş-da ýyl töweregi näme sebäpden işläni meniň üçin düşnüksizdi. Komsomol putýowkasy bilen gidipdir. Gowy edipdir. Işläbermeli eken. Özi gürrüň beripdi: “Obada garry ejem bar. Ýekeje özi” diýip. Ozal-a şol sebäpli gaýdandyr öýdüp pikir edýärdim. Soň bu pikirimden el çekdim. Ejesi sebäpli Atommaş-dan gaýdan bolsa, öz obasynda işlärdi ahyryn. Bu ýerdenem obasyna, ejesiniň ýanyna ýetjek bolsa, taýýar ulagyň bolanda-da 15-16 sagatlyk ýoly sökmeli. Maý aýynyň geldigi yssy düşýär. Jöwzanyň aralaşmagy bilen Jepbaryň boldumsak eginleri çöküşen ýaly boldy. Ýüz-gözi suslanana meňzedi. Näme-de bolsa, ol özüni şadyýan alyp barjak bolup jan edýärdi. Ynha, birdenem işläp ýören ýerinden ýykyldy. Keselhana alyp gelmeli boldy. Onuň ýaşaýan otagyna gelemde, ýanynda bolýanoglan – Gutly eýýäm ýorgana giren eken. Gapyny açanymdan bärsine öwrüldi. Jepbaryň ýanyndan gelenimden Gutly habarlydy. - Nähili, Jepbar gowulaşýamy? Gutlynyň ýüregini howsala salmajak bolup, ýalan sözlemeli boldum. - Hawa, indi öňküsinden ganymat. Men-ä Jepbaryň çemodanyny açmakçy. “Pul bolmaly, ejeme iber” diýip, haýyş etdi. - Çemedanmy?! Hon-ha, kerebadyň aşagyndadyr. Özüň açaý. Meniň näme maksat bilen gelenimi bilen, Jepbaryň ýagdaýyndan ynjalan Gutly aňyrsyna öwrülip, başyna ýorgany çekdi. Çemodany açdym. Gyzyl depderçe ýüzde eken. Içini açanymdan listleriň arasyndan sypan fotosurat aýamyň aşagyna gaçdy. Emaý bilen ýerden göterdim. Ala gözli görmegeý gyz ýüzüme seredip, ýylgyryp dur. Ýeňsesine öwürdim: “Jepbara ömürlik ýadygärlik. Öz Maýagözeliň...”. Gyzyl depderçäniň arasynda bir petde puldan başga ýene dört eplenen kagyz bardy. Epinlerini ýazyp, göz aýladym. Öz gözlerime ynanmajak boldum. Gaýtadan okadym. Doňup galdym... Kagyz Jepbary kesel zerarly wraçyň hemişelik ýarawsyz eden hatydy. Bu kesele yssy, gurak howa ölüm howpludy. Jepbar bu kagyzy hiç kime görkezmän, gizlap saklapdyr. Şu pursatda nämüçin Jepbaryň Atommaş-da işländigi aňyma ýetdi. Beýnimde bulaşyk pikirler at çapýardy: “Näme üçin Jepbar öz-özüne kast edýärkä?!.” Belki, çöli özleşdirmegiň arzuwy kalbyna sdiňendir. Jepbaryň: “Wah, tutuş Garagumy özleşdirip bolsady” diýen sözlerini kän eşidipdim. Ah, nejis kesel! Jepbaryň arzuwlarynyň kalbynda doňup galmagyna sen sebäp bolduň! Hasyrdap daş çykdym. Ýüzümi garaňka tutup, keselhana tarap ylgadym. Näçe urunsam-da, Jepbaryň keseliniň öňüni alyp bilmejegime akylym ýetýär. Ýöne, onuň arzuwyny amala aşyrjakdygymyz welin, hak. Şuňa Jepbaryň öňünde kasam ederin. Hut şonuň üçinem, keselhana, Jepbaryň ýanyna howlukdym. Ýagmyr HUDAÝGULYÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 31.12.1982 ý. | |
|
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |