«BAGYR OBASYNDA GÖRDÜM ÖZÜNI»
— Gel, inim, saňa gyzykly bir wakany gürrüň bereýin. Ol waka baryp-ha 1838, 1840-njy ýyllar töwereginde meniň garry atam Amanguly han Annahal ogly 8-10 ýaşlaryndaka bolup geçipdir. Ony kakam Nurly Işangulyýewe atam gürrüň beripdir diýip, Ruhabat etrabynyň Bagyr obasynda ýaşaýan belli ekerançy Öwez Nyrlyýew gürrüňe başlady:
«Köpetdagy goltuklap oturan Bagyr obasynyň keşbi bahar paslynyň ähli gözelliklerini özünde jemleýän ýaly diýseň owadan görünýärdi. Obany deň ikä bölüp geçýän akaryň çüýşe ýaly dury suwy harsaň daşlaryň üstaşyry geçende bir hili, ownuk daşlaryň üstünden geçende bolsa, başga hili owaz edýärdi. Akaryň üstünde gurlan tagta sekiniň boş wagty bolmazdy. Onda adamlar egin direşip küşt oýnardylar, degişerdiler, gülüşerdiler. Gök çaýyn, ýagly palowyň mazasyny görüp, golaý-goltumdan, alysdan gelen bagşylaryň ýakymly owazyna diň salynýan pursatlaram az däldi.
Bir gün ertiriň guşluk çaglary deň-duş oglanlarym bilen gyzykly bir oýna gümra bolup ýörkäk uly adamlaryň «Mollanepes şahyr gelipdir» diýip, kowçum-kowçum bolup şahyr bilen görme-görüşe barýanlaryna geň galyp, olara goşulyp gitdik.
Owadan halylar bilen tagta sekiniň ortasynda ak ýüzli, uzyn boýly, örän görmegeý bir adam oturan erinden bir dyzyna galyp, şeýle bir joşgun bilen goşgy aýdýardy. Onuň owazy mylaýym sesi töweregi dolduryp durdy. Şahyryň elinde bir sapaga düzülen ep-esli uzynlykda tesbi bardy. Ol tesbiniň bir ujuny berk tutup, beýleki ujuny öňe tarap oklaýardy, soňam çaltlyk bilen yzyna çekýärdi, tesbiniň hereketine goşubam şygyr aýdardy.
Şahyryň görmäge gelen märeke ymgyr kändi. Biziň ýaly ýetginjekleriňem sany-sajagy ýokdy. Biz uly adamlaryň arasyndan gysylyşyp şahyra has golaý barmagy başardyk. Ol biziň geň galyjylyk bilen balkyldaýan gözlerimize esli wagt garap oturdy. Soňam ortadaky düýe ýüňinden dokalan saçakdaky bugdaý çöreginden bir döwüm aldy-da oňa dem saldy. Ol çöregi ap-ak eliniň uzyn barmaklary bilen owradyp, «bissimilla» diýdi-de suwa sepip goýberdi. Edil şol pursat haýsy ýerden gelenini-hä bilmedik welin, çörek owuntyjygynyň oklanan erinde dürli ululykdaky balyklar toparlanyşyp böküşip başlady. Çaga-çaga bolýa-da. Biz hiç zada üns bermän balyklara topulýadyk. Olardan köýnegimiziň etegine salyp ýapdan çykyberjek bolanymyzda şahyryň özümize seredip, ýylgyrjaklap oturanyny görip, gaty utandyk. Şonda şahyr oglanlar balyklary suwa goýberiň, ýogsa barymyz ýaradanyň öňünde ýazykly bolarys. Biz balyklary suwa goýberdik. Öwez aga sözüne dyngy berip, birsellem oturandan soň ýaňadan gürrüňe başlady.
Bagyr obasynyň myhmansyz şahyrsyz, bagşy sazandasyz güni bolmandyr. Onsoň kakam Mollanepesli gürrüňi her gezek bir bahana bilen gaýtalap, atama sowal berer eken. Bir gezek ol şeýle diýipdir:
- Kaka, şol Bagyra geldi diýýäniňiz Molladurdy, Molla Hojaly, Molla Püri, Mollanepesiň ogullary Molla Rahym, Mämmädreým dagy bolaýmasyn?
Bu soraga garry atam az-kem ynjandyr soňam pert-pert jogap beripdir:
- Ýok. Ol hut Mollanepesiň özi. Şol duşuşykda şahyr «Zöhre-Tahyr» atly dessanyny görkezdi. Oňa özüniň, aýaly Bossantäjiň hem gatnaşýandygyny gürrüňem berdi ahyry.
Hawa, Mollanepes şahyr biziň obamyza gelipdir. Bu barada 1830-njy ýylda doglup, 102 ýaşap dünýäden öten garry atam görüpdir — diýip Öwez aga ertekä öwrülip barýan hakykaty gürrüň berdi.
Nowruz GURBANMYRADOW.
Ýatlamalar