SYZGYRLYK
Çary Halylyň çopan goşuna ýygy-ýygydan gelýän Kerim çopan bilen itlerem öwrenişipdi. Hemişeler bir menzilden onuň garasy görnenden, ala-zenzele bolup eňýän goýun itleri indi göwünleri bir ýaly, äwmezlik bilen başlaryny galdyrardylar-da, bir gyra çekilip ýatybererdiler. Dilewarlykda öňüne adam geçirmeýän Kerim her gezek halypa çopanyňka gelende, onuň itlerini görenden tarypyny edip başlardy.
— Be, Çary jan, seretsene. It diýeniň şular ýaly bolar. Beren ýalyňa degýändir bular. Seret ýüzlerine daga, biz ýaly dogumy gözünden görnüp duran adam geläýmese, bir menzilinden geçseň, endamyňy düýrükdirýär-ä bular. Çarym, it-ä ýetişdirip bilipsiň. Wah, biziň oňarmaýan zadymyz-da.
Garaz, her gelende gep barynyň başyny agyrdyp, goýar ýerde goýmaýan Kerim soňky gelende Alabaýdan gözüni aýyrmady. It janawaram onuň hyýalyny aňýan ýaly çalmardan uzaga gitmän, garysyny ýassandy-da ýatyberdi. Itiň bolşuna her kim özüçe düşündi. Kerim çopan: «It meniň bilen kemsiz öwrenişdi. Indi muny halypadan diläp alaýyn» diýse, Çary aga: «Ýüzüne öwlenini halaman, gözüniň gytagyny aýlap ýatyşyna bir zat aňýana çalym edýär. Hany, «sakawyň soňuna seredibereli» diýip oýlanýardy.
Pikir edişi ýaly hem boldy. Kerim çopan matlabyny aýtdy:
— Çary jan, tüweleme, itleriňe sözüm ýok. Şu Alabaýy maňa beräý. Sen ussat ahyry. Ýene ýetişdirersiň, bilýän.
Çary Halyl her hili ýol bilen itiň berilmejegini aýtsa-da, Kerim gepe düşmedi. Şol tükezzibanyna tutdy oturdy. Çary aga «uly adamyň ýüzüni alyp oturmaýyn, aýdar goýar» diýip pikir etdi. Emma bolmady. Alabaýyň şol ýatan ýeridi. Parhsyz, ýöne eýmendiriji nazaryny Kerimden sowman ýatyrdy. Kerim ýene şol bir heňine başlady. Çary aga oňa: «Hany, şu ýerden gal!» diýäýesi geldi. Birdenem ömrüne adama gaty-gaýrym söz aýdyp görmedik ýaşuly hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady. Bu onuň «Ýürege düşdüň-aýt» diýdigidi.
Eýesiniň bolup oturyşyna dözmedimi nämemi, Alabaý atylyp ýerinden turdy. Çalmaryň agzyna has golaý gelip, erbet jabjynyp başlady. Itiniň mojuk bir iş etmejegine gözi ýetip duran Çary Halyl kemteresinden oňa çekilem diýmedi. Itiň bolşy Kerimi çeýnärlidi. Ýöne akylly janawar eýesiniň öwzaýyndan ünsüni sowanokdy. Huşy başyndan uçan Kerim sazanaklap durdy. It bolsa barha gazaply jabjynýardy. Onuň sesine beýleki itlerem gelip goşuldylar. Kerim ýüzüni ak tam edip, zordan ýerinden turdy. Çary aganyň ýüzüne delalat isläp bakdy. Çary Halyl bir agyz hem geplemän, oňa «Gidiber» diýip ümledi. Itler Kerim çopany gözden ýitýänçä «ugratdylar».
Hekaýalar