20:45 Keremli ýaýlanyñ ogly | |
KEREMLI ÝAÝLANYŇ OGLY
Teatr we kino sungaty
Wäşilik däpleri ýylsaýyn kämilleşip, soňlugy bilen bu sungatyň aýratyn bir ugry hökmünde uly ösüşlere eýe boldy. Başlangyjyny halk döredijiliginden alyp, Türkmen ýazyjy-dramaturglarynyň galamynyň astyndan çykan gülküli eserleriň köpsanlysy talapkär tomaşaçylara ýetirildi. Şu ýerde bir zady aýratyn bellemegimiz gerek. Ýörüte komediýa janrynda ýazylmadyk eserlerimiziň içinde hem wäşi adamlaryň keşplerniň bolmagy, olaryň keşpleriniuniň aýry-aýry aktýorlarymyz tarapyndan ussatlyk bilen döredilmegi birinhjiden, şol eserleriň täsirliligini artdyrýar, ikinjiden, aktýorlarymyzyň hertaraplaýynlygyny görkezýär. Üçünjiden hem ol eserleriň hakyky durmuş wakalaryndan alnandygyna güwä geçýär. Durmuş diýlen düşünjäniň örän giňdigini, onuň diňe bir, şatlyk, gapma-garşylyk, agy ýa-da iýmisalalyk bolman, pbu zatlar bilen bir hatarda gülkiniň hem bardygyny, onuň zerurdygyny ykrar edýär. Diýmek diňe bir gülküden doly manyly ýaşaýyş bolman ony bezeýän, ony emele getirýän, oňa sebäp bolýan, ony halaýan ýa-da halamaýan taraplaryň hem bolmak zerurlygy bar. Bu ýagdaý diňe bir gülkä degişli bolman durmuşyň ynsana bagyş eden beýleki taraplaryna hem degişlidir. Olaryň ählisi birleşip, tutuşlygyna bir bitewiligi döredýär. Türkmen milli teatrynyň sahnasynda goýlan ençeme drama eserlerinde, döredilen kinofilmlerde gülküli keşpleriň bolmagyny sungatyň özboluşly aýratynlygy diýip aýtsa bolar. Ýeri gelende Gylyç Berdiýew,Ata Durdyýew, Sary Garryýew, Akmyrat Bäşimow ýaly sungat ussatlarymyzyň hem ýörüte ýazylan komediýa eserinde däl-de, adaty, dramalarda gülküli keşpleri döredip, hakyky ussatlyklaryny görkezip, at-abraýa eýe bolandyklaryny aýtmak gerek. Diňe bir teatr ýa-da kino sungatynda däl, eýsem, türkmen milli telewideniýasynyň doremegi bilen gülki janrynyň tomaşaçylara ýetirilişi ep-esli derejede meşhurlyga eýe boldy. Teleýaýlymda görkezilen “Ýartygulak”, „Naýza“, ”Satira we ýumor”ýaly gülki paýlaýan gepleşiklerdir telejurnallaryň yzygiderli ýaýlyma çykmagy netijesinde adamlarda gülki janryna bolan teşneligi gandyrmaga goşant boldy. Gysgajyk sahnalarda berilýän eserlerde çykyş edýän aktýorlaryň sany artdy. Üstesine-de olaryň ussatlygy kämilleşdi. Döredilen, sahnalaşdyrylan eseriň halkylygy, halka, ýürege ýakynlygy, diliniň çeperligi, ondan başga-da artistleriň yhlas bilen oýnamaklary sahnajygyň täsirini has artdyrýar. Tomaşaçy oňa ýüregi bilen berilýär, ynanýar. Şeýle bolansoň şol keşpleri döredýän adamlaryň artistlerdigini hem unudyp, olaryň hakyky atlaryna derek döreden keşplerindäki atlary dakýarlar. Mysal üçin: Gurbannazar Atakgaýew—Poşalak, Juma Ýazmyradowa—Topulak, Nurtäç Toýgulyýewa—Eneküti, Orazgül Apbasowa—Ýalpyl, Berdi Aşyrowa—Emenek, Akmyrat Bäşimowa—Pökgi Wala, Orazdurdy Hojaýewe — Atow ýaly atlaryň berilmegi, olaryň döreden keşplerindäki gahrymanlaryň atlarynyň has ýörgünli bolup galmagy sungatyň güýjüdir. Aktýorlarymyzyň öz kärlerine ussatlygynyň netijesidir. Çeper döredijilik diýilýän zat bir ýerde durmaýar, ol ösýär, özgerýär. Adamlara täsir ediş ýollary köpelýär. Şol bir wagtyň özünde hem, durmuşyň akymyna,girim-çykymyna uýgunlaşýar. Ýuýgunlaşýar diýenimizde onuň döwrebaplygyny göz öňünde tutýarys. Teleradioýaýlymlarda berilýän gülküli eserleriň haýsy birini alsaňyz alaýyň. Ol hökmany suratda durmuşyň ol ýa-da beýleki ugruda bolup geçen ýa-da bolup biläýjek wakalaryň beýanydyr. Aýry-aýry adamlaryň özlerini alyp barşy ýa-da olaryň pikir ýöredişi hakyndaky edebi ýazgylardyr. Durmuşdan alnan hereketlerdir. Artistlerimiziň juda ussatlyk bilen döreden keşpleriniň ýatdan çykmaýanlygynyň, olaryñ olaryň gülki keşbine girip aýlanyp ýörendiklerem her zada degýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri halypa şägirtlige giň ýol açdy. Durmuşyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly medeniýet we sungat ulgamynda hem bu meselä düýpli üns berildi. Şonuň netijesinde satira sungatynda, wäşilikde ýakasyny tanadan adamlaryň başlangyçlary täzeden janlandy. Wäşilik sungatyna bir topar täze zehinler gelip goşuldylar. Gysga döwrüň içinde bu janryň howasy düýpgöter täzelendi, örüsi giňeldi. Ýurdumyzyň teatr sungatyna, onuň hem wäşiler toparyna bir topar ýaş artistler gelip goşuldylar. Muňa mysal edip: A.Saparmuhammedow—Şypýapyş, A.Sallandyýew—Şammy-şum, Ç.Hommadow—Çary çukur, H.Ýegendurdyýew—Hoja Hojaýewiç, T.Amangulyýew—Çepbe, A.Mämmetýazowa—Ämegül, O.Bekiýewa—Ýumşak gyz, A.Mämmedow—Garaja, Z.Atajanowa —Akja, Ö.Meredow—Tikgi, A.Çaryýew —Potdyş, Ý.Pirmedow—Gurban jan ýaly ençeme aktýorlary görkezmek bolar. Öz döreden keşpleriniň ady bilen tanalýan bu aktýorlaryň her biriniň döredijiligi barada aýratyn söz açsaň-da gelişmän durmazdy, ýöne biziň işimiziň çägi oňa mümkinçilik berenok. Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň edebiýatymyz we sungatymyz hem täze derejelere çykdy. Teleradioýaýlymlarymyzyň sany artdy. Olaryň maddy enjamlaýyn binýady pugtalandy. Berilýän gepleşikleriň, ekrana goýberilýän şekilleriň täsirliligi juda ýokarlandy. Şonuň bilen bir hatarda satira janryna bolan garaýyş hem üýtgedi. Satiranyň düýp maksady adamlaryň üstünden gülmek däl, olary güldirmek, lezzet bermek, şol bir wagtyň özünde hem durmuşdaky käbir bärden gaýtmalary gülki bilen bejermek bu sungatyň tebigatyna mahsusdyr.Bütin ömrüni sahna sungatyna bagyşlan Akmyrat Bäşimowyň adynyýň dilden-dile geçmegi, onuň döreden keşpleriniň ýatlanuylmagy hakyky sungatyň ömrüniň uzak bolýandygyna, onuň halk hakydasyndan çykmaýandygyna şaýatlyk edýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň öýsyrasynda Tärkmenistanyň Prezidentiniň „Türkmeniň altyn asyry“ bäsleşiginiň jemleriniýň yglan edilýän günlerinde aramyzdan ir giden meşhur sahna ussady Akmyrat Bäşimowa Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen "Türkmenistanyň halk artisti" diýen hormatla at dakyldy. Bu şatlylky habary tutuş halkymyz uly joşgun hem-de hoşallyk bilen garşyladylar. Bu sahawatly işi üçin ahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylýan alkyşly sözleriň hatary kemelenok. Şeýle pursatda ussat aktýoryň manyly ömrüniň pursatlary hakynda söhbet açasyň gelýär. ■ KEREMLI ÝAÝLANYŇ OGLY 1937-nji ýylda Kaka etrabynyň Gowşut obasynda doglan Akmyratlaryň maşlalasy ol üç ýaşyndaka Mäne-Çäçe obasyna göçüp gelýär. Gaýrasy gözbaşyny beýik daglardan alyp,belent baýyrlyklaryň içinden egrem-bugram bolup akyp ýatan gadymy Tejen derýasy, ilersi Köpetdagyndan gaýralygyna ýaýylyp gaýdan Mäne-Çäçe düzlüligi, gülli-güllälekli, keremli Mahmal ýaýlasy,sagyny Gaňňaly tokaýlygy, soluny Mäne çaýy serhetleýän toprakda oglanlyk ýyllary geçen Akmyradyň artist bolaryn diýen pikir hyýalynda hem ýokdy.Deň-duşlary bilen oýnanda, owlak-guzy bakanda onuň hereketlerine gäläp gyzyl-gyran bolýan oglançyklar sen artist bolarsyň diýseler ýokuş görerdi. Uruş ýyllarynyň agyr külpetleri, onuň yzysüre emele gelen açlyk-horluk hiç-haçan gülkä ýer goýmadyk ýalydy. Eklenç, güzeran görmek üçin başga ygurlarda işleseň kem dňl ýalydy.Maşgalanyň ahli agzalarynyň pikiri hem şeýledi. Onsoň Akmyrat hem olaryň gaňryşyna gaýtmak islemändi. Şonuň üçinem ol obadaky orta mekdebi tamamlandan soň Baku şäherindäki medisina institutyn epidemologiýa bölümine okuwa girýär hem-de ony 1959-njy ýylda üstünlikli tamamlap, Aşgabada gelýär. Paýtagtda alan hünäri boýunça ie başlaýar. Ýaş hünärmen üçin ol mahal saýlap alan käri hemme zatdan gymmatly görünýärdi. Ol yhlas bilen işleýärdi. Dünýäde başga kär bardyr öýdenokdy. Ýolbaşçylar onuýň işleşinden razydy.Onu ady gowularyň hatarynda tutulýardy. 1963-nji ýyl bolsa gerek. Ýaş, gujurly, işine çulum Akmyrady türkmen telewideniýesinde çykyş etmek üçin gepleşige çagyrýarlar. Şol gepleşikde Akmyradyň çykyşy, berýän gürrüňleri, hereketleri onuň ykbalynda uly özgerişlik döredýär. Şol gepleşige tomaşa edip oturan belli aktrisa Antonina Rustamowa täsin keşpli epidemiolog barada dessine ýaş relissor Myrat Gurbangylyjowa aýdýar.Diplom işi üçin filmi surata düşürmekçi bolup ýören rejissýor Amypat Bäşimowy idäp tapýar hem-de oňa kino surata düşmegi teklip edýär. 1963-nji ýylda düşürilen bu filmde Akmyrat kiçijik keşbi döredýär. Emma başlangyç artistiň döreden keşbi ýitip gitmeýär .Ol köpleriň ýadynda galýar. Aýratynam kinorejissýorlary ony nazarlaryndan sypdyrmaýar. Ilkinjileriň biri bolubam täjik kinorejissor Tahyr Sabyrow türkmen halk dessany esasynda döreden „Şasenem-Garyp“ filminde oňa şa aýalynyň janpenasynyň keşbini döretmegi ynanýar. Tomaşaçylar şol döwürde egnine demir sowut geýen, eli gylyçdyr galkanly ýasawulyň keşbini döreden artistiň Akmyrat Bäşimowdygyny tanamaýarlar. Emma onuň ”Şasenem- Garyp “filmindäki bitiren işi tejribeli kinoçylaryň nazaryndan sypmaýar. Bu filim ozallar diňe daş keşbi üçin dürli kinolarda çykyş etdirilen Akmyrat Bäşimowyň keşpleri ýerine ýetirişi köpleriň ünsüni çynlakaý çekip başlady.Kino ussatlary üýtgeşik keşpli artistleriň kinolarda surata düşürilmegi filmiň üstünliginiň elli göterimine deňdigini aýdýarlar. Türkmen kino sungatynda öçmejek yz galdyran adamlar hakynda gürrüň edilende Akmyrat Bäşimowyň hem ady ilkinjileriň hatarynda tutulýar. Asly kegp-käri başga bolsa-da ol özüni kino gungatyna juda ýakyn hasaplaýardy. Ykbal ony Alty Garlyýew, Baba Annanow, Artyk Jallýew, ýaly läheňler bilen bilen sataşdyranda onuň entek otuz ýaşy hem ýokdy. Meşhur türkmen ýazyjysy Berdi Kerbabaýewiňadybir romany esasynda surata düşürilen „Aýgytly ädim“ atly çeper filmde oňa Pokgi walanyň keşbini döretmekligiň ynanylmagy, ussat rejissýor Alty Garlyýewiň synçy nazarynyň ýene-de bir guýmagursak artistiň bardygyny äşgär edipdi. Aslynda türmen kino sungatynda many-mazmun babatynda hem, halkymyzyň milli aýratynlygyny açyp görkezmek, dilimiziň çeperçilik nusalaryna täzeden jan bermek babatynda hem şu filmiň bitiren hyzmaty bellärlikdir. Diňe Akmyrat Bäşimow däl, başga-da birnäçe keşpleri döreden adamlaryň ussatlyk derejesi hut filmden soň ýüze çykyp,uly meşhurlyga eýe boldular. “Aýgytly ädim” filmi surata düşürilip başlanan pursatynda Pökgi walanyň keşbi az wagt görünýärdi. Bu ýagdaý meşhur rejissýor Alty Garlyýewi kop pikirlendirýär. Ol Akmyradyň ussatlygyna guwanýar.Şonuň üçinem ol keşbiň kinoda köp görünmegini isleýär. Bu ýagdaýy halypa ýazyjymyz Berdi Kerbabaýew bilen maslahatlaşýar. Iki ussadyň birleşen tagallasy bilen Pöki walanyň keşbi yzçynyň keşbi bilen birikdirilip, onuň kinonyň bütin dowamynda diýen ýaly hereket etmegi gazanylýar. Şeýlelikde bu keşp türkmen kino sungatynda iň şowly keşpleriň biri hökmünde taryha girdi. „Aýgytly ädimiň“ ekrana çykmagy bilen Akmyrat Bäşimowyň haky adyna derek Pökgi wala ady has ýörgünli bolup başlady. Keşp döredip, ony tomaşaçylaryň adyl bahasyna mynasyp bolmak hemme kino düşýänlere başardýan zat däl. Aýgytly ädimden soň onda oýnan keşp döreden aktýorlaryň hakyky atlaryna derek Artyk, Aşyr, Pökgi wala, Gandym aga, Ezizhan, Artygyň ejesi, Aýna diýlip tutulmagy henize bu güne çenli dowam edip gelýär. Akmyrat Bäşimow ýaşan, işlän döwründe meşhur kinorejissor Alty Garlyýewiň adyny uly hormat bilen tutardy. Bu barada ussat bilen bile işleşen adamlaryň beren gürrüňlerinden duýmak kyn däl . “Maňa Alty Garlyýewdir Baba Annanowyň, Artyk Jallyýewdir Durdy Saparowyň, Muhammet Çerkezowyň halypalyk goldawynyň gymmatyny ölçär ýaly zat ýok. Olaryň her bir sözi, her bir hereketi, meniň üçin bir uniwersitetdi. Men artistlik hünärini okuw jaýynda okap almadyk hem bolsam, şu halypalar maňakemsiz öwretdiler. Men ykbalymdan şeýle ägirtler bilen sataşdyryp, olaryň tälimini alyp, bir ýerde işläp, keşp döredip,ňörenim üçin bagtlydyryn “ diýip, ussat habarçylaryň biri bilen şol ýyllarda eden söhbetdeşliginde aýdypdyr. “Şükür bagşy” filmini surata düşüren meşhur rejissýor Bulat Mansurow Akmyrat Bäşimowdaky entek hiç bir rejissoryň açyp bilmedik taraplaryny, mümkinçiliklerini açan rejissordyr. Bulat Mansurow Akmyrada “Ölüm ýokdur oglanlar” atly filminde oňa gazak ýigidi Kinzibaýewiň keşbini ynanyp, onuň herbap artistdigini subut etdi. Akmyrat Bäşimow türkmen kinotomaşaçylarynyň aňynda komiki artist hökmünde galdy. Rejissýorlar onuň komiki keşbini soňam az ulanmadylar. Tomaşaçylar ony rejissýor Kakow Orazsähedowyň “Japbaklar” filminde söwdagäriň keşbinde garşyladylar. Akmyrat Bäşimowyň özboluşly ýerine ussatlygynyň ýurdumyzyň çäklerinden çykyp gitmegi tebigy zatdyr. Çebäbi hakyky zehiniň öňünde serhedem, böwedem bolmaýar. Ol “Täjikfilm” kinostudiýasynda “Ak roýal”, “Hiç kim bolan”, ”Meniň ýeke-täk ömrüm”, ”Özbekfilm” kinostudiýasynyň surata düşürilen “Baş bermez guw” ýaly filmlerde dürli keşpleri döretdi. Hindistanyň “IGLZ-film kinostudiýasy “Aly baba we kyrk garakçy” atly filmini surata düşürmäge girişende synag etmezden esasy keşpleriň birine Akmyrat Bäşimowy tassyklapdy. Emma ýolugan agyr keseli oňa bu filmde surata düşmäge mümkinçilik bermedi. Kinorejissýor Muhammet Söýünhanowyň ýatlamalaryndan: —Akmyrat bilen işlemek juda ýeňildi.Men oňa “Geçigaplaň” atly filmi surata düşüremde ýene bir gezek göz ýetirdim. Oňa eýle-beýle diýip gorkezme bermek gerek däldir. Hatda: “Akmyrat sewn öz bolşuňa oýnaber. şo-da ýeterlik diýselerem, döreden her kşbine bir üýtgeşiklik girizerdi. Bu ýagdaý keşbe aýratyn bir bezeg bererdi”. Kinorežjissýor Halmämmet Kakabaýewiň beren gürrüňlerinden: — Akmyrat Bäşimow hem edil Sary Garryýew ýaly artistlik ugrundan ýörite okap bilim alan adam däldi. Bu iki ägirt bilen köp ýyllap bile işleşdim. Bularyň „Aýgytly ädim“ filminde döreden keşpleri aktýorlyk sungatynda kämil derejede döredilen keşplerdir. Akmyradyň döreden Pökgiwalasy aktýorlyk sungatynda nusgalyk derejede döredilen keşpdir.ol ussatdy. Döreden keşpleri biri-birinden düýpgöter tapawutlanardy. “Laçyn“filminde geçen asyryň 20-nji ýyllarynyň öň ýanlaryndaky wakalar beýan edilýär. Şona esasy gahryman Gulam çaýçynyň keşbini Akmyrat döretdi. Gulam çaýçynyň ýeke zürýady kesekileriň eline ýesir düşýär. Çaýçy ogluny halas etjek bolanda ok degip ýogalýar, Akmyradyň döreden bu keşbi gülküli däl. Ol drama eseri. Aýtjak bolýn zadym şu ýeke keşp bilen Akmyrat özüniň drama artistdigini subut edip bildi. Ol kino surata düşürilýän meýdançada işleýişi üýtgeşikdi. Rejissýora gowy düşünýärdi. Şu keşbi şeýdäýeli diýip bildigiň besdir. Eýýäm isleýşiň ýaly bolup durandyr. Ol guýmagursak zehinli adamdy. Rejissýor Allaberdi Meläýewiň ýatlamalaryndan: —Maňa telewideniýede Gurbannazar Atakgaýew, Juma Ýazmyradow,Akmyrat Bäşimow,Orazdurdy Hojaýew, Myrat Nyýazow dagylar bilen bile işläp başladym Bu adamlar eýýäm il içinde adygan adamlar bolansoň özümi birhili oňaýsyz duýdum. Şonda maýňa ilkinji ýakyn durup, goladw eden Akmyrat Bäşim boldy. Ol gaty alçakdy, wäşidi.Oýun etse-de çyna berimsizdi.Köp ýoldaş bolduk.Onuň degişmesiz güni geçmezdi. Türkmenistanyň halk artisti Gurbannazar Atakgaýewiň ýatlamalaryndan: —Gysgajyk sahnalaryň birinde men-ä edara ýolbaşçysy, Akmyradam işgärim bolup oýnady. Ilki keşp paýlananda Akmyrada berilen şol keşbi alan bolmady. Kime hödürleseler boýun gaçyrdy. Men rejissýorymyz Hommat Kakajanowa şol keşbi Akmyrada bermegini haýyş etdim. Olam;-Ber diýseň bereýin. Ýöne olam sözsüz diýip boýun gaçyramasa diýip ikirjiňläýmese diýdi. Ahyry bir netijä geldik. Akmyrada şu sahnada haýsy keşbi alsaä alaý diýmeli diýen neti jä geldik.Ol ýazgy bilen derrew tanyşdy. Soňam özüňiz maňa haýsy keşbi rowa görýärsiňiz-diýip şyg-şyg güldi. Biz oäa niýetimizi aýtdyk. Şonda onuäň ýüzi açylyp gitdi. Soň özara maslahatlaşdyk.Sahnanyň bir ýeri bardy. Ony özümiz goşduk. Rejissýora bildirmän, stoluň üstüne dökülen suwy başlykdan öňürti süpür diýip öwretdim. Akmyrat bolsa gaýta başlyga gökezip, stoluň üstüni ýeňi bilen süpürip başlady. Akmyradyň şol gezekki hereketini synlap gülmän saklanmak asla mümkin däldi. Ol hereketi bilen adamlary güldürmegiň ussadydy. Ol hakyky artistdi. ■ JEMLEME Meşhur artistiň aramyzdan gidenine kyrk ýyla basalykly ýyl geçenem bolsa ony tomaşaçylar hemişe ýatlaýar. Onuň kinofilmlerde, gysgajyk sahnalarda aýdan sözlerini gaýtalaýarlar, oýa öýkünýärler. Kino, teatr, telewideniýe işgňrleri ony hemişe ýatlaýarlar. „Wah, Akmyrat Bäşimiň gerek ýeri, Akmyrat bolsa şeýderderdi, Akmyrat Bäşimiň döreden keşplerini synlaň „ diýip ýaş aktýorlara aýdylýan ýerlerem azlyk edenok. Sungat adama ruhy lezzet berýär diýilýär. Hakyky sungat ýny döredýäne ömür berýär. Onuň ýaşyny uzaldýar. Sap ýüreklilik, yhlas, kanagatlylyk sungatyň kňmilliginiň ölçegine giýär. Akmyrat agany haüsy bir ýerde ýatlasalar, onuň kanagatlylyky, ak ýürekliligi, kiçigöwünliligi hakynda aýdýarlar. Onuň degişgenligi, edýän işine,onuň ahyrky netjesine ynamy hakynda görenler, bile işleşenler köp zatlary gürrüň berýarler. —“Aýgytly ädim“ filmi döredilenden soň şol manalky Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna hödürlenipdir. Emma dürli sebňplere görä baýrak berilmändir. Muňa käbir kinony doretmäge gatnaşanlar gatyrganjak boludyrlar. Şonda Akmyrat : „Gyssanmaň oglanlar, wagty geler, nesip bolsa baýrak bererler diýipdir “. Onuň bu sözleri ençeme wagtdan soň hasyl boldy. Arman, ol baýragyň gowşurlanyny onuň özem görüp bilmedi. Maşgalasyna gowşurdylar. Ol 1979-njy aradan çykdy - diýip. Artistiň aýal dogany Oguljeren eje ýatlaýar. Bu günem hopmartly halypanyň ojagynda şatlyk höküm sürüýär. Onuň ogly Nazar, gyzy Maýýa, gol doly agtyklary mähriban atalaryna berlen hormatly at üçin, Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş sözlerini aýdýarlar. Olaryň şatlygyna goşulmaýan ýok. Sebäbi meşhur kino ussady sungaty bilen, döreden keşpleri bilen ýaşap ýör. Ynsan üçin şundan uly bagt ýok. Nowruz GURBANMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |