08:35 Gara perreňiň ogly / hekaýa | |
«Ýagşydan at galar» diýýär türkmen. Ömrüni döredijilige bagyşlan ynsanlardan bolsa ýagşy atdan başga-da, ýazan eserleri okyjylara hemişelik ýadygär galýar. Halypa ýazyjy, žurnalist Nowruz Gurbanmyradow hem dürli temalara bagyşlanan eserleriň giden bir toplumyny döretdi. Ömrüniň soňky ýyllarynda ol «Garrybent» romanynyň üstünde işledi. Öz aýdyşy ýaly, romany «Indi gahrymanlary öýli-öýüne dagadaýmak galdy» diýen derejä ýetirdi. Göýä bir zada gyssanýan ýaly, romandan bölekleri hekaýalar toplumy görnüşinde, «Edebiýat we sungatyň» okyjylaryna-da hödürledi.
Hekaýalar
«Garrybent» hekaýalar toplumynyň «Gara perreňiň ogly» atly bölegini okamaga berende: «Inim, şuny bir okap gör-de, bolandyr hasaplasaň, okyjylaram okar ýaly et, kompýuterim sowamanka ýene bir bölegini taýynlap bereýin» diýse-de, halypa şonda ilkinji gezek maňa beren sözünde tapylmady. «Garrybendiň» galan bölekleri onuň kompýuterinde hemişelik «sowap» galdy. Bu gün bolsa Nowruz aganyň öz aýdyşy ýaly, «Gara perreňiň ogluny» «okyjylaram okar ýaly etmegi» makul bildik. GARA PERREŇIŇ OGLY Mapagyň kakasyna Gara perreň diýerdiler. Ol hünni gara adamdy. Uzyn boýludy, daýawdy. Daşyndan seretseň: «Şu adam janyny emgäp iş bir etdimikä?» diýdirerdi. Boldumly ýüzi, çekgeleriniň tüňňerip durmagy, ullakan gözlerini büräp duran ösgün gaşlary ony hyrsyz görkezýärdi. Onuň hakyky adyny bilýän ýokdy. Obada-ha ýörgünli ady Gara perreňdi. Perreň-ä düşnükli, tiresiniň atlandyrylyşy, Gara-da daş sypatyna görä berlen lakamdyr-da. Onuň Mäne çaýyndan gaýralygyna ýap çekip, ekin ekip ýörenine çärýek asyrdanam köp wagt geçipdi. Çaýdan demirgazyk gündogara çekilen ýabyň sürgünliligi onuň işiniň şowlamagyna täsir edipdi. Ekininiň bol hasyl bermegi ezeneginden galdyrypdy. Ilkibada ýakynlaryndan üç-dört öýli bolup göçüp gelen Garanyň töweregi ýylsaýyn güreldi. Oňa ýapja bolup gelenlerem jan çekýärdiler. Emma Garanyň pil tutuşam, işleýşem üýtgeşikdi. Piliniň gumhanasyny, ýognasdan uzyn sapyny gören haýran galardy. Töweregindäkileriň käsi: — Gara kaka, seň bu piliň bir özem biz ýalynyň ikisine ýük boljak, ony neneň göteribilýäň-aý? — diýip, oňa degerdi. Gara perreň bolsa şol bir äwmezligi bilen: — Muny daýhançylygyň keýpi göterýär, şonuň yşkyna düşmeseň, piliň çemçe ýaly bolsa-da, biliň ýaý berer durar — diýip jogap bererdi. Gara perreňiň töweregi sanlyja ýylda biri-birini yklap oturan hatar öýden doldy. Ol ýaşy otuza golaýlanda ýüzi düşen oglunyň adyna Mapak goýup, uly toý tutdy. Şondan soň onuň rysky has hem göterildi. «Alla jan, orta ýaşda ogul berdiň, rysgalynam bile berdiň, şükürim köpdür» diýip, otursa-tursa gaýtalap ýören Gara perreňi obadaşlary kethuda saýýardylar. Mapak many aňşyryp ugrandan kakasynyň yzyna düşüp, uly adamlaryň gürrüňini diňlärdi. Oturyşyny-turşuny şolaryňka meňzetjek bolup jan ederdi. Ol meýdan işine has ir başlasa-da, soňlugy bilen at-ýaraga höwesi artdy. Başardygyndan beýleki daýhanlaryň gözünden sowarak bolanyny kem görmedi. Ozal münüp ýören alaşasyna derek kakasynyň iň häsiýetli atlarynyň birini sorap aldy. Ekinde işläp surnugansoňam, düz meýdana çykyp at çapdy. Çapyp barýan atyň üstünde edýän oýunlary baradaky gürrüňler dilden-dile geçip, sähel wagtda kakasyna hem ýetdi. Gara ogluna guwandy: — Oglum, at ýigidiň myrady, onuň dilini tapyp, deň gopup bilmek aňsat däl. Tüweleme, görýän welin, bu saňa başardýan ýaly. Gysga wagtyň içinde öwrenen, baş çykarýan hereketleriňe göwnüm ýetýär. Daýhançylygam seniň biliň bekemegine, eginleriň ýazylyp, gollaryň berdaşlanmagyna az kömek etmez, dowam ediber — diýdi. Mapagyň bolşuna höwes eden başga-da deň-duşlary tapyldy. Aty bary aty bilen geldi, bolmadyklar Gara perreňden sorap alyp goşuldy. Soňlugy bilen atyň üstünde gylyç oýnatmagy, peýkam atmagy hem kemsiz öwrendiler. Bir günem Mapak dostlary bilen mekan tutan obalarynyň daşyna gala galdyrmagyň maslahatyny etdi. Maslahaty Mapagyň özi jemledi: — Oglanlar, agzymyzy bir etsek, başartmajak zat bolmaz. Suw bilen topur bolsa, çüýrük saman bar, on-onki bolup çytraşybersek bolubererd-ä. Diňe töwekgellik gerek. Bu teklibimizi ýaşulularam goldasa, işe girişibereris. Mapak ilki kakasyna sala saldy. Gara perreň oglunyň sözlerini diňläp, begenjinden gözüne ýaş aýlady. — Berekella, oglum, ine, munyň bolýar. Bu topraga näçe azabymyz siňdi. Seniň munyň döwletli iş, nesillere goýjak ýadygärligiň. Il üçin, Watan, toprak üçin çekilen zähmet yrýa bolmaz. Oba ýaşulularyna-da sala salaly, böwrüni diňlän bolmasa gerek. Gara perreňiň aýdyşy ýaly boldy. Şatlygy goşalanan oba adamlary baryp, gala salynjak ýeri ýüzlerine syldylar. Gazyk kakyp, ak pata berdiler. Möwlam aganyň: «Goý, bi gala Mapak janyň adyny göteräýsin. Mapakgala bolsun» diýen sözleri bütin töweregi doldurdy. «Ämin, ämin» diýen seslerden soň ak toýuna çüýrük saman garylyp eýlenen palçykdan galanyň ilkinji pagsalary goýuldy. Dört aý çemesi wagtdan soň, gala birmenzilden seleňläp görnüp başlady. Galanyň gurluşygy oglanlaryň dostlugyny berkitdi. Olar her bir işde Mapagy öňbaşçy tutundylar. Esasy kespleri ekerançylyk hem bolsa, beýleki işlerdenem güýç gaýgyrmadylar. Şeýdip Mapagyň adynyň yzyna serdar sözi öz-özünden goşuldy gidiberdi. Wagt diýeniň geçip durdy. Mäne çaýynyň suwy ekinleri bolluk bilen suwardy. Bu aglak oba üçin ýeterlikdi. Ýylyň-ýylyna ekerançylyk azda-kände giňeldilip durulsa-da, suwdan ullakan kösençlik çekilenokdy. Güýz gelip, ak ekiniň ekişine girişilen günlerde oba adamlarynyň biriniň getiren habary Mapagy alada goýdy. Mäne çaýynyň gözbaşynda dikilen 5-6 sany näbelli öýliniň nireden peýda bolandyklaryny bilmek üçin atlananda, oňuň ýanyna ýigitlerdenem goşulmakçy bolan tapyldy. Mapak serdar garşy çykdy: — Ýigitler, kimem bolsalar, üstlerine topar tutup barsak, gelşiksiz bor. Şoňa görä-de men ýeke gideýin. Mapak serdar Mäne çaýynyň gözbaşyna golaý ýerde dikilen on-on bäş öýüň göze gelüwliräginiň işiginde atdan düşdi. Del atlyny görüp, öýden çykan hataryň kethudasy ony garşy aldy. Çaý-suw mürähet etdi. Öý eýesiniň ýüz-gözünden gelen myhmany göwne makul kabul edip bilmeýänine çekinýändigini aňmak kyn däldi. Onuň ötünç soramakçy bolup hyýallananyny aňan Mapak serdar öňürtdi: — Gelen wagtyňyza onçakly wagt geçmedik ýaly. Aýyplaşara zat ýok. Indi ençeme wagt bäri şu ýabyň suwundan gözügara bolup ýörenimiz üçin geldik. Suwuň azlyk edýändigi, ilatymyzyň artýandygy bizi alada goýýar. Şol derdeserimiziň üstesine-de sizem gelip sorag-idegsiz ornaşyberipsiňiz. «Çaman ördek ýer alar» diýen ýaly... Öý eýesi Mapak serdaryň getiren nakylynyň manysyna düşünmese-de, äheňinden bir zatlar aňjak bolup üşerildi. Mapak serdar hol beýlede oýnap ýören aýakýalaň, başy açyk çagalara, ojagyň tüssesine boglup, bir ýyly-yssy taýýarlamak bilen başagaý bolup oturan aýala gözüni aýlady. Ejeleriniň çaltrak bir zat emlärine garaşyp, gözlerini tegeläpjik oturan çagajyklardan gözüni zordan sowup, ýüzüni aşak salyp birsellem oturan Mapak serdar şeýle diýdi: — Ýaňy şu çygra girenimizde güýzlük däne eken ýeriňizi gördüm. Köp ýer däl. Yhlas etseň, şujagaz çagalaryň rysky üçin bäş-on gadak däne almagyň mümkin. Şolaryň hatyrasy üçin, saňa hasyl ýygnalynça puryja bereýin. Soň bu ýerden rişdäňi üzmeli bolarsyň. Şoňa çenli üstüňizden guş uçmaz. Öý eýesi baş atdy. Şujagaz eken dänesini ýetişdirmäge beren puryjasy üçin hoşallyk bildirdi. Mapak serdar hoşlaşyp ýola düşdi. Öý eýesi serdar gözden ýitýänçä yzyndan seredip galdy... Töweregini şunça çolarak saklajak bolsa-da, onuň dogumlylygy, agraslygy, parasatlylygy, ugurtapyjylygy, gaýduwsyzlygy, birsözlüligi... hakdaky gürrüňleri eşidip, alysdan-ýakyndan topar-topar bolşup gelýänler sebäpli, Mapak serdaryň obasy barha ulalyp barýardy. Wagtyň bolsa öz hasabyny Mapak serdaryň ýöredýänlerine görä-de has aňyrdan aýlap alýardy. Ol serdaryň adyny alan galanyň galşynam, ýere siňip galyşynam gördi. Wagt etjegini edip, ötüp gidensoň bolsa il içinde diňe Mapak serdaryň galasydyr onuň edermenligi hakdaky gürrüňler galdy. © Nowruz Gurbanmyradow Çeşmesi: “Edebiýat we sungat” gazeti, 09.09.2022ý. sany. | |
|
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||