12:41 "Dükan" keseli / satiriki hekaýa | |
"DÜKAN" KESELI
Satiriki hekaýalar
Her döwrüñ bir ýokanç keseli bar diýseler ynanaýyñ. Ho-ol urşuñ yzysüre açlyk, garahassalyk keseli adam baryny agyr güne goýan bolsa, durgunlyk diýilýän ýyllarda birek-biregi aldamak, işsizlik, işlemän iýjek bolmak ýoñ boldy. Hudaýa şükür, o zatlaryñ ählisi birýanýüzli boldy diýsek, ynha, indi başga bir "kesel" adam baryny aldym-berdime salyp ýör. Ol hem "dükan" keseli. Bir-birine çalymdaş, towuk ketegiñ öñüni dolan hütdüjekler diýermiñ ýa-da penjiresi goparylan, böwri deşilen ýaşaýyş jaýlarymy, garaz, dükan azlyk edenok. Özem bu kesel şeýle bir çalt ýaýrady welin, diýil aýdar ýaly däl. Gol doly çagasy bilen güzeranyny zordan dolap oturan, ýuwaşdan ynanjañ goñşymyz Garlydyr onuñ aýaly Dürlä-de bu kesel degdi oturyberdi. Är-aýal myhman jaýlarynyñ penjiresiniñ ýokarsyna "Dükan" diýen haýbatly ýazgyny asyp, ýakyndan-daşdan synlap gördüler. Gyşyn-ýazyn ak bilen üpjün edip oturan häsiýetli sygyrlaryny gölesi bilen deger-degmezine satyp, dükany bezäp biljek harytlardan satyn aldylar. Ýaşaýan ýerleri uly ýoluñ gyrasy bolansoñ täze dükanyñ gelim-gidimi az bolmady. Ömründe eline aýlygyndan başga pul degmedik Garly söwdasy oñansoñ tas begendik bolupdy. Haryt bolsa pul boljakdygyna kemsiz ynanansoñ aýaly bilen maslahatlaşyp, öý goşlaryndanam käbirini satyp, soñ täzesini almagy ýüregine düwdi. Onuñ ilki baha ýazylan ýarlyk alany aýalynyñ çykyp gelende getiren daşary ýurt garnitury boldy. Eline petde-petde pul alyp, haryt gözläp ýören täjir gytmy? Geldi bir daýaw pyýada, garnitury görendenem edil ot alaýdy. Aman-zamanyny bermän, diýlen puly sanap berdi. Är-aýal oturyp, ýoñsuz puly gaýta-gaýta sanadylar. Olaryñ gözüne öýüñ boşap galany telim günden soñ göründi. Aýaly otursa-tursa ärine iñirdäp başlady. - Wah, negözel garniturymyzdan dyndyk. Öýmüzi towga ýükläýmeli etdik. Baryna sen günäkär. - Bes etsene-how, şol gaty agaç bolmanda-da ýitirýän zadymyz ýok-la - diýip, äri her näçe giñlige salsa-da özem az gynanmady. Igenje çydamadyk Garly bir gün şäherdäki ähli dükanlary aýlanyp, ahyry daşary ýurt garniturynyñ üstünden bardy. Bahasynyñ çökder gymmatdygyna garamazdan satyn alyp öýe getirdi. Onuñ sünnälenip ýasalan kagyz gapyrjaklaryny görenler haýran galdylar. Gapyrjagy elläp-elläp görüp, "Gaty nepis zat bolsa gerek bi" diýşip, öwran-öwran gaýtaladylar. Är-aýal hem muña begenip dylym-dylym etdiler. Ýöne olaryñ begenji uzaga çekmedi. Haşamly gapyrjagyñ bir gyrasyny açyp içine seredensoñlar-a huşlary başyndan uçdy. Ähli gazananlaryny sarp edip alan bu harytlary hakyt özleriniñ ozalky satan garnituralary bolsa nätjek! Garly gahardan ýaña saññyl-saññyl edip, jaýynyñ arka ýüzüne aýlandy. Aýalynyñ aşagyna kerpiç baryny üýşürip, "Dükan" diýen ýazgyny goparyp taşlady. Nowruz GURBANMYRADOW. "Watan" gazeti, 1996 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |