20:27 "Oba ýatlamalary" / goşgular toplumy | |
«Oba ýatlamalary» goşgular toplumyndan
■ Iň uly sapak On ýyllap mekdebe gatnanja ýolum, Ynha, suwotuly ýalpajyk salma. Daş ýüzüne hatar igde ekilen, Iç ýüzüne bolsa şekerek alma. Uly ýol, çepiňde Hellew agalaň, Ýegşerlip oturan köne kepbesi. Sagyňda mekdebiň miweli bagy, Dünýäni gark edýär guşlaryň sesi. Gidip barýas gözlermizi çarhlap, Ähli umydymyz arakesmede. Jaň boldugy, agzymyzy suwardyp, Üzümli haýata egni gysmada. Ýene jaň kakylar, durşuna gözdür, Begenersiň. Kem däl ümsüm daganyň. El çekdir hyýaldan eli çybykly, Çepiksi göwresi Nazar aganyň. Şeýdip bize edep berdi ulular, Gorap çagalygyň ham-hyýalyndan. Şol boldy durmuşda iň uly sapak, Ýöremäge halallygyň ýolundan. ■ Öwwäniň bagy Bir agaç ekipdir Öwwe neresse, Ýagşy umyt bilen gitmänkä jeňe. Söweş meýdanyndan dolanmandyr ol, Daragt boý alypdyr, ýetipdir çene. Yssylana kemsiz saýa bolupdyr, Ötegçini goran ýagmyrdan-ýelden. Alkyş okapdyrlar ony ekene, Onuň ady asyl düşmändir dilden. Bir günem gurapdyr şol goja agaç, Şahalary döwlüp galan zoňtaryp. Gözgyny halyna dözmedik biri, Äkidipdir düýbi bilen goparyp. Küren oba muňa diýseň gynandy, Zol gaýtalap adyn ony ekeniň... Bir günem ol dutar bolup saýrady, Yhlasyndan ussa Meret Bekeniň. Obada bar «Öwwäň bagy» diýen ýer, Hem ondan ýasalan gara gazma bar. Şeýdip, jeňde atsyz-sorsuz ýitenden, Hemişelik galdy ýalňyz ýadygär. ■ Ata kesbi Ir ertir, giç agşam gelýär gulagma, Hassyldysy kömür ysly körügiň. Diýerdiler: «Hudaý beripdir oňa, Berjaý edýär ol Taňrynyň buýrugyn». Ýer sarsýar ýekedaban uranda, Gulagňy igledýär sandalyň sesi. Ata-babasyndan gelýän hünär bu, Ynha, indem bir özi däl eýesi. Agtyk bar, çowluk bar, uly hem kiçi, Seret howla, durşy alazenzele. Ussa bir ýylgyrýar synlap olary, «Ahyrynda eýe boljak sandala» diýip adyn tutýar olaň biriniň, Geçirensoň ençe gezek synagdan. Aladasy kesbiň ertiri hakda, Hünär ýiter pes otursa düýnüňden. Sesi çala çyksa ýekedabanyň, Öňküden pes bolsa körügiň howry, Ata-baba kesbe kast edildigi Aý-a aýdyň bolar, ussa-da «ogry». ■ Ejeme Ýoklugyňa ynanamok henizem, Çolarsa-da gap böwüri ak öýüň. Eneler bakydyr öýder ýörerdik, Ýada salman oýunlarny täleýiň. Ýene oba barýan, ýöne bir kişi, Maňa «Geläýdiňmi!» diýmejek ýaly. Indi beýle höwesli däl özümem, Garry öý öňki deý çoýmajak ýaly. Ýürek atygsaýar käbämi küýsäp, Ýok ýoluma garap duran pederem. Düýnem bardy olar, bu gün bolsa ýok, Indi bilýäs gelmejegni gideniň. Olar üýtgeşik bir dünýä ýalydy, Ýok indi olaryň ornuny tutjak. Ýatlap gussa batýan, bir owaz gelýär, «Wah, oglum, bu dünýe şeýle-dä, nätjek!». Siz bar diýip, arkaýyn gözümiz ýumduk, Bize aýan gyýylanyň, ynjanyň. Ýagşylykda ýatlasaňyz şo ýetik, Alyp gidýän hiç zady ýok ynsanyň. ■ Gojalykda «Çybyş, çybyş», assa ädilýär ädim, Gözleri — ümezli, kaddy ýaý beren. Günler, aýlar, ýyllar ýonupdyr ýadyn, Indi oňa oba nätanyş kileň. Her geçene garap gabak astyndan, Gözünden, sözünden tutýar ol misil. Tanap bilmedigniň tutýar destinden, Ýadynda aýlanýar tutuş bir nesil. Şondan soň soraga tapylýar jogap, «Gözüň — pylanyňky, gitmersiň uzak. — Wah, köşek, baryna gojalyk sebäp, Özüňem bilersiň gelende gezek. Şol gören gözlerim, tanyş ýüzlerim, Edil ýüzüňize goýulan ýaly. Bilersiňiz, aman-esen geziberiň, Şeýleräk-dä gojalygyň ahwaly. ■ Uruş döwrüniň poçtalýony Garry at goşulan köne araba Gidip barýar gumak ýoldan mytdyldap. Keselbent poçtalýon igenýär birne: «Bileňzokmy ile meňzeş hat ýollap». Her hata seredip, süňňi titräp, Näme ýazyldyka, ölüp direlýär. Kimler onuň gelerine garaşýar, Kimler görse kejebesi darygýar. Otyr uly-kiçi, gözleri ýolda, Dözenok nazaryna goňşy gyzyň. Diýýär: «Uruş aýylganç zat, şonda-da Hat paýlandan gowy söweşseň özüň». ■ Indi göz ýetirdim Öňler tiz ýeterdim oba ugrasam, Hem ýeňil gopardym gamak mysaly. Maňa tükeniksiz güýç berýär eken, Bir gysyma dönen enäň wysaly. Tä barynçaň ýoluňdadyr gözleri, Senem howlugarsyň oňa ýetmäge. Bararsyň, çaga dek bagryna basar, Sowal berer: «Geldiňmi, oglum, ýatmaga?». Sende-de alada ýetikdir ýetik, Dostlar garaşýandyr, toýdur ýa baýram. Wagtyň bolsa bir ýa iki günlükdir, Çakylykdan doly ileriň, gaýraň. Otursaň kaýyldyr azajyk salym, Çeňklenen çäýnekden çaý guýar käsä. Hemem ýüzleriňden aýyrmaz gözün, «Ýanymdajyk bolaý mütdetiň barka». Indi ökünýärin otursam-tursam, Delmuryp yzymdan bakyşyň ýatlap. Indi-indi göz ýetirdim bar zada, Enäň ýoklugynda bir ädim ätläp. ■ Kiçijik goşgy Indi obamyňam üýtgedi keşbi, Ähli zatlar özgeripdir gowluga. Ol eýledi, bu beýledi diýseňem, Ynananok agtyga ýa çowluga. Aýdanlarňa ertekidir öýdýärler, Asyl seni diňleýän ýok göwünjeň. Onsoň öz-özüňe basalyk bolýaň, Diýmeseler bolýar: «Garry öwünjeň». Nowruz GURBANMYRADOW. | |
|
√ Syzla / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Eý, beden patyşasy, janlaryň şasy... / Goşgular - 08.08.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Atilla! / Goşgular - 30.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |