08:56 Üzärlik | |
ÜZÄRLIK
Goşgular
Saýlap ýeriň ýagşysyn bitişinde kerem bar. Ýaz gögerip, güýze çen ýetişende kerem bar, Topragy bagyrtlap ýatyşynda kerem bar, Göze diýseň ýakymly sataşanda kerem bar, Müň bir derdiň dermany sygynanym üzärlik. Dert getirmez golaýňa, şypalydyr tüssesi, Gözi düşen ynsanyň zym-zyýat bor gussasy, Derrew galar tirsegne köne dertleň hassasy, Bişen wagty düwmeläp, göýä dagyň pissesi, Lukman kimin güýjüne ynananym üzärlik. Gökkä ýaşyl reňki ýuwaş-ýuwaş saralar, Il içinde meşhurdyr, kän küýseler, soralar, Demir gapda tütedip aýlar ene-mamalar, Gözden-dilden goralsyn täze dogan balalar, Täze öýde-ojakda-da ýananym üzärlik. Oty melhem ýuwunsaň tämiz suwda gaýnadyp, Çaga suwa düşende, ýapragyn at owradyp, Derleder, maza berer kim ulansa dogry edip, Pederlermiz peýdasyn gidendirler öwredip, Alkyş aýdyp topraga, guwananym üzärlik. Ysyn alsa mör-möjek gelip bilmez golaýa, Bir dessesin asyp goý, peýda bolar her öýe, Gorap seni dümewden, tiz öwrüler haraýa, Hossar bolup herdaýym ula-kiçä ýaraýa, Bimar bolsam ýorulyp oýananym üzärlik. Göz agyryp, dem gyssa ýa-da gury agyry, Barysyna em bolar, bilip ulan tabyny, Ýygan wagtyň ägä bol, sogurmagyn düýbüni, Boýag üçin serişde, ulan al-da ýagyny, Enem aýtdy: «Boýagda ulananym üzärlik». Ibn Sina, Jürjany, nusga alyň Gaýmazdan, Kitap ýazdy Arkadag, asyl soňa goýmazdan, Içgin öwren häsiýetin, soňra «wah» diýmezden, Çagajyklaň gülküsi gelip dursun öýmüzden, Sagdynlygna il-günüň begenenim üzärlik. Nowruz GURBANMYRADOW. | |
|
√ «Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 20.07.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Bazar oýlanmalary / Goşgular - 07.09.2024 |
√ «Ta» harpy / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Öwün / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Heýkeltaraş Saragt Babaýewe / Goşgular - 17.11.2024 |
√ «Bürgüt küýsäp çykdym daga...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Durmuş toýunda okalan goşgy / Goşgular - 24.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |