08:45 Bähram Par | |
UNUDYLAN SERKERDE
Taryhy şahslar
• ýa-da şöhratly serkerde Bähram Par hakynda söhbet Türkmenler adamzat taryhynyň dürli döwürlerinde ençeme alysu-ýakyn döwletleriň harby, jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşynda örän uly yz galdyrypdyrlar. Türkmenleriň söweşjeňligine we batyrlygyna sarpa goýýan kese ýerli hökümdarlar türkmenleri goşuna, serhet we köşk nöker gullugyna göwünjeňlik bilen alýardylar. Olary dürli döwürlerde her hili atlandyrypdyrlar. Türkmenlerden düzülen köşk nökerleri ýerli hökümdarlaryň häkimiýetini we olaryň şahsy howpsuzlygyny gözsüz batyrlyk bilen goraýardylar. Seýle nökerlerden soňra meşhur emirler, serkerdeler hatda özbaşdak döwlet döreden meşhur hökümdarlar hem çykypdyr. Hakykatdan hem taryhyň dürli döwürlerinde dünýäniň köp halklary türkmenler bilen ýüzbe-ýüz bolanlarynda, olaryň islendik millet bilen umumy dil tapyp we özlerini ynamdar adamlar hökmünde tanadyp bilýändiklerine, olaryň birsözlüdiklerine, dostluga we kasama wepalydyklaryna, gözsüz batyrdyklaryna göz ýetiripdirler.Türkmenler özleriniň bu dogabitdi häsiýetlerini diňe bir öz ýurtlarynda däl, eýsem ýat illerde-de ýitirmän saklapdyrlar. Olar beýleki halklaryň wekillerinden tapawutlylykda, ykbalyň islendik pursatynda-da şu häsiýetleri bilen at-abraý gazanyp bilýärdiler. Türkmenleriň ata-baba hüý-häsiýetleri barada dünýäniň köpsanly taryhçylary ummasyz köp maglumatlary galdyrypdyrlar. XII asyryň taryhçysy Fahreddin Mübärek şa: «Türkmenleriň maňlaýýna ýazylan şöhratyň we işirowanlygyň syryny kim aýdyp biler. Jogap: her bir taýpa ýa-da adamlaryň topary öz halkynyň, garyndaşlarynyň arasynda we öz şäherlerinde ýaşap ýörkäler sylag-hormatdan peýdalanyp bilýärler, haçan-da, syýahat edenlerinde ýa-da saý-sebäp bilen keseki ýurda düşenlerinde, olary ýigrenýärler we olar öz ýurtlaryndaky sylag-hormatyň hiç birini hem gazanyp bilmeýärler. Emma türkmenler babatynda beýle däl: olar öz ýurtlarynda ildeşleriniň arasynda ýaşap ýören mahallary, olaryň güýjüne we kuwwatyna hiç kim mätäç bolmaýar. Haçan-da, olar öz öýlerinden, garyndaşlaryndan we öz illerinden näçe alys ýurtlara düşseler, şonça-da olaryň güýji hem-de gadyr-gymmaty artýar. Olar emirlere we serkerdelere öwrülýärler. ...Türkmen edil deňiz balykgulagynyň içindäki belli bahasy bolmadyk merjen dänesi ýaly, öz öýünde ýaşaýarka onuň arzysy bolmaýar, emma deňiz balykgulagynyň içinden çykdygy bes: ol patyşalaryň tagtynyň, köşk gelinleriniň boýnunyň we gulagynyň bezegine öwrülýär» diýip ýazypdyr. Gaýry ýurtlaryň, şeýle hem şöhratly taryhymyzda öçmejek yz galdyran, men-men diýen ýazarlaryň eserleriniň bezegi bolan merdana türkmen gerçekleri bir ýa-da iki däl, olar onlarça. Hytaýyň, Hindistanyň, Sasanylar döwletiniň, Wizantiýanyň, Arabystanyň we beýleki ençeme döwletleriň taryhy barada ýazylan köpsankly işlerde saklanyp galan maglumatlar aýdylanlara doly güwä geçýär. Asyrlaryň şohraty siňen türkmen şahslarynyň biri-de meşhur serkerde Bähram Pardyr. Musulman we isaýy ýazarlary Bähram Paryň ömür ýoly barada gymmatly maglumatlary berýärler. VI asyrda ýaşap geçen serkerdäniň ömür ýoly barada öz döwrüniň hem, birneme giçkiräk döwrüň ýazarlarynyň eserlerinde hem has giň we jikme-jik beýan edilipdir. Ýöne, ol eserleriň köpüsi biziň günlerimize gelip ýetmändir. Par serkerdesi Bähram hakynda at-Tabary (838-923), Balami (974-nji ýylda aradan çykan), Mirhond (1433-1498) gymmatly maglumatlary galdyrypdyrlar. Beýik Seljuk türkmen döwletiniň döwründe, 1126-njy ýylda näbelli ýazar tarapyndan ýazylan «Mujmal at-Tawarih wal kysas» («Taryhlaryň we kyssalaryň ýygyndysy») eserinde hem bu meşhur sekerde barada möhüm maglumatlar berilýär. At-Tabarynyň arapça neşirini pars diline terjime eden Balami: «Muhammet ibn Jarir at-Tabari Bähram Çubiniň (Par) taryhyny doly beýan etmändir. Men onuň taryhyny Eýranyň taryhy baradaky kitapdan tapdym. Men ony şol kitap boýunça-da beýan etdim» diýip ýazýar. Balaminiň «Eýranyň taryhy» diýip atlandyrýan kitaby 632-651-nji ýyllarda Danyşwar tarapyndan orta pars dilinde ýazylan «Hwadaý-namak» («Hudaý-nama» – «Patyşalar hakynda kitap») eseri bolmaly. Diýmek, Bähram Par hakyndaky gürrüňler «Hudaý-namada» has giň we doly berlen bolmaly. Gynançly ýeri, bu eser hem saklanmandyr. Bähram Paryň ömri bilen baglanşykly anyk hem-de gyzykly maglumatlary, taryhy hakykatdan daşlaşandygyna, türkmeniň şöhratly geçmişini belli bir derejede ýoýandygyna garamazdan, Abulkasym Ferdöwsiniň (934-1025) «Şanama» eserinden hem alyp bolýar. Bähram Paryň ýaşan döwri we onuň ömür ýoly barada bar bolan şol maglumatlar dürli ýyllarda köpsanly taryhçy alymlar tarapyndan içgin öwrenilipdir. Meşhur serkerdäniň ýaşan döwri barada ýewropaly taryhçylardan Wiwýen de-San-Marten, E.Şawann, I.Markwart S.P.Tolstow, L.N. Gumilýow we başga-da ençeme alymlar göktürkmen, hytaý, arap, ermeni, gürji, grek hem-de pars çeşmelerini ulanmak hem-de deňeşdirmek bilen ençeme eserleri döredipdirler. VI asyryň ahyrynda halkara gatnaşyklary diýseň çylşyrymlaşypdyr. Bu döwürde dünýäde esasan üç sany döwlet bolup, dürli sebäplere görä olaryň arasy bozulypdyr. Olar Göktürkmen, Sasany, Wizantiýa döwletleridi. Gadymy dünýä şol döwürler esasan şu üç döwletiň arasynda paýlaşylandy. Hytaýda entäk bitewi döwlet kemala gelmändi. Bar bolan ownujak hytaý döwletleri bolsa Göktürkmenleriň tabynlygyndady. Göktürkmen hanlaryny sasanylaryň we araplaryň «Hakany çin» («Hytaýyň hany») diýip atlandyrmaklary hem şunuň bilen baglanyşyklydyr. Göktürkmenleriň döwleti Sary deňizden tä Gara deňzine çenli aralykdaky ýerlere, Wizantiýa bolsa Kiçi Aziýa we Ýewropanyň köp ülkelerine eýelik edip, bular esasy uly döwletler hasaplanýardy. Sasanylaryň döwleti Göktürkmenleriň döwletiniň Günorta-Günbatarynda, Wizantiýanyň bolsa Günorta-Gündogarynda ýerleşýärdi. Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, döwletara gatnaşyklary halkara söwdasynyň esasynda çylşyrymlaşdy. Sebäbi söwda päsgel berýän ýagdaýlar ýüze çykdy. Ol döwürler halkara bazaryna çykarylýan ýüpek esasan yklym döwleti bolan Göktürkmenleriň ýurdunda öndürilýärdi we satuwa çykarylýan ýüpek Göktürkmenleriň döwletiniň üsti bilen Eýrana we Wizantiýa ugradylýardy. Netijede Göktürkmenleriň döwletinde ýüpegiň ummasyz köp mukdary ýygnanypdyr. Elbetde, ýüpegi göktürkmenleriň islendik mukdarda satmaga mümkinçilikleri bolupdyr. Emma sasanylar muňa päsgel beripdirler. Ýüpege bolan islegiň ýokarydygyna garamazdan, sasanylar bu gymmatly harydy öz ýurtlarynda satmagy gadagan edýärdiler. Has beteri-de, sasanylar arzan we köp ýüpegiň Wizantiýa satylmagyny islemeýärdiler. Sasany tarapynyň şeýle hereketi Göktürkmenleriň we Wizantiýanyň güýçli närazylygyny döretdi. Şundan soň göktürkmenler Sasany döwletiniň gündogar we demirgazyk araçäklerine tarap hüjüm edip ugradylar. Netijede sasanylar iki oduň arasynda galdy: günbatardan Wizantiýa, gündogardan bolsa göktürkmenler hüjüm edýärdiler. Bularyň üstesine-de çarwa araplar hem günortadan hüjüm edip başladylar. Sasanylaryň Günbatar ýurtlaryna ýüpek geçirmek islemeýändiklerini araplar hem aňypdyrlar. Araplar öňler sasanylaryň ýaranydy. Ýöne, olar örän ygtybarsyz ýaranlar bolupdyr. Sebäbi araplar kim ýüpek mata berse, ol sasanylarmy ýa-da Wizantiýamy, tapawudy ýok, göwünjeňlik bilen gulluk edýärdiler. Çarwa araplar Abbas Egriniň we Amr Gökgözüň baştutanlygynda sasanylaryň günorta araçäklerine çozuşlary geçirýärdiler. Köşk begzadalarynyň nädogry syýasatynyň netijesinde Sasany döwleti halkara ýekirilme syýasatyna sezewar boldy. Göktürkmenler özara ýüpek söwdasyny açmak we ösdürmek üçin sasanylar bilen ylalaşmaga çalyşýardylar, onuň özara bähbitli ugurlaryny agtarýardylar. Sebäbi göktürkmenler we sasany nesilşalyklarynyň arasynda pugta garyndaşlyk gatnaşyklary bardy. Anuşirwan Adylyň aýaly göktürkmenleriň hökümdary Istemi hanyň gyzydy. Göktürkmenleriň meşhur serkerdesi Ýaňsowuk Tegin bilen sasany patyşasy Hormizd (579-590) Istemi hanyň agtyklarydy. Emma garyndaşlyk gatnaşyklary hem bu meseläniň çözgüdine täsir edip bilmedi. Dogry, türkmen ýüpegini Wizantiýa aşyrmak üçin demirgazykda-da ýol bardy. Ýöne, Hazar deňziniň demirgazygyndan gitmek birinjiden-ä ykdysady taýdan bähbitsizdi, sebäbi ol ýerleriň bazary gowşakdy. Ikinjiden, bu ýol uzakdy, üçünjiden bolsa howplydy. Şonuň üçin hem Sasany döwletiniň içi bilen ýüpek äkitmek has amatly we peýdaly hasaplanýardy. Sasany döwlet işgärleri hem türkmen ýüpeginiň Wizantiýa köp äkidilmegini islemeýärdiler. Sebäbi köp ýüpek onuň bahasyny arzanladypdyr. Bu bolsa halkara söwdasy bilen baglanyşykly begzadalar üçin bähbitsizdi. Olar şuny göz öňüne tutýardylar. Üstesine-de, sasany begzadalary assyranlyk bilen iki garyndaş Hormizd şa bilen göktürkmenleriň hanyny, taryhy çeşmelerde Tamgan han, Türksanf (grek çeşmelerinde) hem-de Garaçör («gara gumalak» – «Çörli» türkmenlerde gadym zamanlardan bäri giň ýaýran at bolup, onuň köpelgiçlik manysy bardyr) lakamy bilen tanalan türkmen hökümdaryny çaknyşdyrmak isleýärdiler. Sebäbi Hormizd şa Gara Çör hanyň aýal doganynyň ogludy. Sasany köşk adamlary Hormizd öz daýysynyň täsirine düşer öýdüp gorkýardylar. Sasanylaryň döwletine dürli taraplardan zor salynýan şeýle çylşyrymly döwürde taryhy sahnada par neslinden bolan serkerde Bähram peýda bolupdyr. Bähram Par kim bolupdyr? Näme üçin Ferdöwsi öz milletiniň wekili bolmasa-da, ony «Şanamada» öwüp-arşa çykardyka? Pars çeşmelerinde Bähram Çubin ady bilen tanalýan bu meşhur serkerde gadymy türkmen taýpasy bolan parlardan gelip çykypdyr. Parlar Beýik Parfiýa döwletini esaslandyran neberedir. 224-nji ýylda Parfiýa döwleti sanypdyr we onuň ýerinde gelip çykyşy boýunça Pars welaýatyndan bolan Sasany urugy hökümdarlyk edip ugrapdyr. Parfiýa döwleti ýykylsa-da, parlar Sasany döwletinde-de öz orunlaryny we ähmiýetini ýitirmändirler. Par ýigitleri sasany goşunynda gulluk edýärdiler, şeýle hem şindi Parfiýa döwründe-de täsirli nebereler hökmünde tanalan parlaryň sürenler, karanlar we mähranlar ýaly atly begzada maşgalalary sasanylar döwründe-de uly abraýdan hem-de täsirden peýdalanypdyrlar. Sasanylaryň döwründe Türkmenistanyň ýerinden dünýä belli medeniýet, döwlet we harby işgärler ösüp ýetişipdirler. Üstesine-de giçki döwürde türkmenler bilen sasanylaryň arasynda garyndaşlyk gatnaşyklary hem ýola goýlupdyr. Bähram serkerde parlaryň ýokarda ady tutulan mähranlar diýlip tanalan meşhur begzadalar neberesinden bolupdyr. Meşhur serkerdäniň ömrüniň irki döwürleri barada kän zatlar bilinmeýär. Bar bolan maglumatlara görä, ol ömrüni at üstünde geçiripdir. Sasanylaryň goşunynda gulluk etmek bilen wizantiýalylar, gürjiler, araplar we Demirgazyk Kawkazyň halklary bilen sasanylaryň alyp baran köpsanly ýörişlerine gatnaşypdyr. VI asyryň 80-nji ýyllarynda hyzmatlary göz öňünde tutulyp, Sasany döwletiniň serhetleriniň iň howply ýeri bolan Wizantiýa we Kawkaz araçäklerine goşun serkerdesi edilip bellenilipdir. Iň soňunda bolsa oňa Ermenistanyň we Häzirbegjanyň marzbanlygy ynanylypdyr. Marzban hem welaýat häkimi, hem-de serhet serkerdesidi. Bähram Paryň edermenlikleri barada gürji ýyl ýazgylarynda şeýle maglumatlar getirilýär: «Wizantiýanyň imperatory gürji patyşasy Guaram Bagratide köp pul berip, demirgazyk halklaryny hakyna tutup, olary Eýranyň üstüne ibermäge höküm etdi. Guaram hökümi berjaý etdi. Ol oslary, dzurduklary we didoýlary çagyryp, olary gürji eristawlarynyň (serkerdeleriniň) eline berip, Häzirbegjana ugratdy. Şeýdip olar tä bu ýerde Bähram Çubin atly serkerde peýda bolýança talaňçylyk bilen meşgul boldylar. Eýrana çozan grek goşunlary barada aýdylanda bolsa, olar Gresiýa yza çekilmäge mejbur boldylar». Bähram Par çarwa araplaryň serkerdeleri Apbas Egri bilen Amr Gökgöziň goşunlaryny hem derbi-dagyn edipdir. Agyr zarba duçar bolan çarwalar Arabystan ýarym adasynyň jümmüşine gaçyp gidipdirler. Sasanylaryň günbatar araçäklerinde asudalyk ýola goýlan-da bolsa, ýurduň gündogar serhetlerinde howsalaly ýagdaý ýüze çykdy. Sebäbi göktürkmenleriň göşunlary Balhda peýda boldylar we bu ýerler türkmen döwletiniň düzümine göşuldy. Sasanylaryň gündogar serhetlerindäki göktürkmen goşunlaryna Gara Çör hanyň ogly Ýaňsowuk Tegin serkerdeliik edýärdi. Ýaňsowuk Teginiň ýetip gelmegi sasanylarda uly aljyraňňylyk döredipdir. Köşk adamlary Hormizde goşun ýygnamagy we göktürkmenlere gaýtawul bermegi maslahat beripdirler, göktürkmenler bilen garyndaşdygyna garamazdan patyşany urşa itekleýärdiler. Gysga wagtyň içinde 100 müňe barabar atly we pyýada goşun ýygnanypdyr. Wizantiýa barada aýdylanda bolsa, Hormizd şindi kakasy Anuşirwan Adyl döwründe Wizantiýadan basylyp alnan galalary gaýtaryp beripdir. Bu hereket Hormizd şanyň uly syýasy ýalňyşlygydy. Sebäbi öz garyndaşlary bilen dil tapmagyň ýerine, ol Wizantiýa döwletine uly eglişik edipdir. Elbetde, Hormizde bu hereketleri köşk adamlary, aýratyn hem onuň aýalynyň garyndaşlary etdirýärdiler. Pähimdar patyşalaryň wezirleri arabozar bolanda hemişe-de şeýle bolýar. Ýaňsowuk Teginiň hem Hormizd bilen urşasy gelmändir. Emma sasany tarapynyň Wizantiýa tarapa ýupek geçirmezligi ony harby-syýasy basyş etmäge mejbur edipdir. Sasany begzadalary Ýaňsowuk Teginiň öňünden çykyp, oňa garşylyk görkezip biljek we onuň öňe süýşmegini bökdäp biljek serkerde gözläpdirler. Emele gelen ýagdaýa baha bermek we sasany goşunlaryna baştutanlyk edip biljek serkerdäni gözlemek üçin Hormizd diwan çagyrypdyr. Mejlisde oturan begzadalaryň biri: - «Eý hökümdar! Meniň kakam şeýle adamy bilýär. Kakam häzir halys garrady, döwlet işlerinden galyp, öýde otyr» diýip aýdypdyr. Hormizd: - Men seniň kakaňy gowy tanaýaryn. Ol meniň kakam Hysrowyň döwründe ejemi Türküstandan Eýrana getiripdir. Sen indi kakaň diýýän zatlary barada näme aýdyp bilersiň? – diýip sorapdyr. Begzada dowam edipdir: «Haçan-da, kakam menden hökümdara Sawe şanyň (Ýaňsowuk Tegin) garşysyna ugratmak üçin edenli serkerdäniň gözlenýändigi hakyndaky gürrüňleri eşidende, ol maňa «men bu barada hökman hökümdara aýtmaly» diýdi». Bu gürrüňleri eşidenden soň Hormizd şa şol gojany ýanyna getirmekligi buýrupdyr. Begzadanyň kakasynyň Hormizd hökümdara beren gürrüňi barada taryhçy Mirhondyň eserinde şeýle maglumat getirilýär: - Ol döwürler Adyl patyşamyz Hysrow Anuşirwan meni Türküstana, Istemi hanyň gyzyna söz aýtmak üçin sawçylyga iberdi. Istemi han meni uly hormat bilen garşylady, hökümdarlyk aladalary bilen gurşap, görülmedik hezzetler etdi. Meniň näme maksat bilen gelenimi eşidenden soň han gyzlaryny maňa görkezmegi buýurdy. Men hanyň gyzlarynyň birini Anuşirwan Adyl üçin saýlamalydym we Medaine (Ktesifon) alyp gaýtmalydym. Emma, eý Ýeriň-Suwuň we Älemleriň hökümdary! Siziň garry mamaňyz, babaňyz Istemi hanyň bolsa ejesi asylzada agtygyndan aýra düşmek islemedi we bu nika garşy çykdy. Şonuň üçin hem ol hanyň asylzada gyzlaryny hem-de kenizlerini men tanamaz ýaly gowy bezemegi, olaryň gaşlaryna wesme, gözlerine sürme çekmegi, hökümdaryň aýratyn zyýada gyzlarynyň birini bolsa ýönekeýje lybaslarda oturtmagy buýrupdyr. Şundan soň ähli gyzlary maňa görkezdiler. Emma olaryň arasynda Istemi hanyň gyzlarynyň biri hiç hili bezegsiz, şaý-sepsiz otyrdy. Ýöne, men Beýik hanyň edil özüne meňzäp duran, şol päkize Merjeni saýladym. Muňa hanyň özi hem bozuldy, onuň bar keýpi gaçdy. Soňra han ýanyna köşk gurrundazyny getirmekligi buýurdy. Han gurrundazdan şol ajaýýp Ýyldyzyň täleýine garamagy, oňa Eýranda nähili ykbalyň garaşýandygyny anyklamagy buýurdy. Dykgat bilen öwrenenden soň gurrundaz hana hasabat berdi: «Ýyldyzlaryň asmandaky ýerleşişine görä, bu ajaýyp zenan sasany şasyndan gysga boýly, uly gözli we pähim-paýhasly ogul dogurmaly, özi hem kakasynyň patyşalygy oňa miras galar. Şu ýurtdan biri onuň ýurduna goşun çekip barmaly (Ýaňsowuk Tegin). Emma Beýik hanyň gyzyndan doguljak şol Bagtyýar hökümdar (gürrüň şu ýere ýetende, goja Hormizde garap «şol Hökümdar Siz bolmaly» diýipdir), oňa garşy uzyn boýly, giň maňlaýly, buýra saçly, gür gaşly, açyk ýüzli, bugdaý reňkli, agaç etli, gaharjaň bir serkerde kişini (Bähram Par) iberer. Şol serkerde bolsa onuň döwletini ýykylmakdan halas eder». Haçanda Beýik han asman syrlaryna doly göz ýetirenden soň, gyzyny patyşalyk baýlyklary bilen ýola saldy. Men ony Medaine alyp geldim.» Bu gürrüňlerden soň goja begzada aradan çykypdyr. Ýeri gelende aýtsak, 554-nji ýylda Anuşirwan Adyl tarapyndan Istemi hanyňka sawçylyga giden ýaňky goja begzada hem parlaryň mähranlar neberesinden bolupdyr. Taryhy çeşmelerde onuň ady Mähran-sitad («sitad» başda köşk işgäriniň wezipesi bolup, ol giçkiräk döwürlerde «ustad», häzir bolsa «ussat» manyda ulanylýar) diýlip atlandyrylýar. Patyşa-da, begzadalaram, aýdylanlara geň galypdyrlar. Şundan soň Hormizdiň hökümi bilen begzadalar gürrüňi edilýän näbelli serkerdäniň gözlegine çykypdyrlar. Begzadalar ahyr şeýle adamy gözläp tapypdyrlar we «gurrundazyň aýdan şol serkerdesi Bähram Par bolmaly» diýip, patyşa aýdypdyrlar. Ýokarda aýdylyşy ýaly, Bähram Par mähranlar nesline degişli we şindi Hysrow Anuşirwanyň döwründe-de özüni tanadan belli serkerde bolupdyr. Gürrüňi edilýän howsalaly döwürde bolsa ol Ermenistanyň we Häzirbegjanyň marzbanydy. Hormizd Bähram serkerdäni çagyryp getirdipdir we ony Ýaňsowuk Teginiň öňünden çykmak üçin Gündogar Horasana iberipdir. Bähram Par göktürkmen goşunlarynyň hüjümini duruzmak üçin özüne 12 müň sany esger sorapdyr, özi hem esgerleriň hökman 40 bilen 50 ýaş aralygynda bolmalydygyny aýdypdyr. Hormizd ondan «sen şeýle az goşun bilen nädip üç ýüz müň ärleri bolan göktürkmenleriň öňünden çykyp biljek» diýip geň galyp sorapdyr. Bähram Par patyşa: «Eý, Beýik Hökümdar! Öten-geçen beýik serkerdeler diňe 12 müň esger bilen hem sansyz goşuny ýeňip bolar diýip aýdypdyrlar» diýip jogap beripdir. Bähram Par 40 bilen 50 ýaş arasyndaky esgerleri ýöne ýere soramandyr. Bular kän uruşlary gören, ýarag ulanmaga, aýratyn hem ýaý çekmäge ussat esgerler bolupdyr. Adatça, taryhyň ähli döwürlerinde-de bolşy ýaly, uruşlarlarda esasan gowşak esgerler köp pida bolýardylar, güýçli hem-de tejribeli esgerler bolsa köplenç diri galýardylar. Ýogsam, esgerler adatça uzak ýaşamandyrlar. Diýmek, Bähram Paryň soraýan esgerleri onuň özi ýaly, köp uruşlary gören, weteran esgerler bolmaly. Şeýdip, Bähram Par özuňiň 12 müň weteranyny alyp, Ýaňsowuk Tegin bilen söweşmäge ugrapdyr. Edil Bähram Paryň özi ýaly, Ýaňsowuk Tegin («Ýaňsowuk» – «uly sowuk», «güýçli aýaz», «aňzak» manylarda ) hem şöhratly serkerde bolupdyr. Sasanylar bu türkmen serkerdesini «Sawe şah», «Şaba şah» ady bilen tanaýardylar. Ýöne, onuň sasanylaryň arasyndaky has ýörginli ady «Şiri Kişwar» - «Il Arslany» bolupdyr. Sasanylarylar ony «şa» diýip nädogry atlandyrýardylar. Sebäbi «Tegin» sözünden mälim bolşy ýaly, ol «şa» däl-de şazada bolupdyr. Ýaňsowuk Tegini Hytaýda-da giňden tanaýardylar. Hytaý çeşmelerinde ol «Ýansu-dele» («Ýaňsowuk tegin») diýlip atlandyrylýar. Bähram serkerde Gündogar Horasana gidenden soň, Hormizdiň köşk adamlary göktürkmenler bilen sasanylary çaknyşdyrmak we taraplaryň ikisini hem güýçden gaçyrmak üçin döwlet emeldary Hurrat Burzini Ýaňsowuk Teginiňkä ilçi edip iberipdirler. Hakykat ýüzünde, kezzaplykda ýakasyny tanadan Hurrat içaly bolupdyr. Onuň wezipesi Ýaňsowuk Teginiň ýanyna - Balha gelip, ony her hili pyssy-pujyrlyklar bilen aldamalydy, Bähram Paryň ýetip gelýändigini ondan gizlemelidi. Hurrat Burzin hamana Hormizd şanyň ilçisi bolan kişi bolup, Ýaňsowuk Teginiň Balhdaky düşelgesine gelipdir. Serkerde Hurrady ilçidir öýdüp, gowy garşylapdyr we onuň özüne aýratyn çadyr dikip beripdir. Hurrat Ýaňsowuk Tegine Bähram Par barada-da gürrüň beripdir. Bähram Pary göktürkmenleriň ýurdunda-da gowy tanaýardylar. Türkmenler ony «Pälwan» (pars çeşmelerinde «Pehlewan») diýip atlandyrýardylar. «Pälwan öz ýurdunda ýaman güne sataşdy. Onuň siziň ýurduňyza gaçyp geläymegem ahmal» diýip, Hurrat Ýaňsowuk Tegini aldapdyr. Sasany jansyzy Ýaňsowuk Tegine goşunlaryny Hyrada tarap sürmegi we ony eýelemegi maslahat beripdir. Ýöne, Hyrat eýelenenden soň, Ýaňsowuk Teginiň goşunyň öňünden gidýän nökerleri sasanylaryň goşunlaryny görüpdirler. Nökerler bu barada derrew öz serkerdelerine habar beripdirler. Göktürkmen serkerdesi haýal etmän Hurrady getirmeklerini buýrupdyr. Sasanylaryň hereketine gahary gelen Ýaňsowuk Tegin Hurrada azgyrylypdyr. Sebäbi göktürkmenleriň goşunlary Hyratdan çykyp, darajyk dag jülgesine giripdi. Şeýle ýagdaýda türkmen goşunlaryny ýeňillik bilen gabawa salmak boljakdy. Bir zatlary syzan serkerde: - Seni meniň ýanyma aldamak, duzaga düşürmek üçin iberen bolaýmasynlar. Eger-de biziň öňümizdäki ýygyn hakykatdan hem sasany goşunlary bolup çykaýsa, sen onda meni edil duşmanyň eline beripsiň-diýip aýdypdyr. Emma kezzap Hurrat baş egip, bil büküp, ant içip - awy ýalap: - Eý, Merdi-Merdan! Nähak müňkürlik etmäň, ol ýa-ha sasanylaryň Gündogar marzbanydyr ýa-da üsti ýükli geçip barýan kerwendir. Belki-de, seniň goşunyňa kömege gelýändirler. Kim şeýle Beýik serkerdäniň garşysyna topalaň turzup biler. Ynanmasaňyz barlap görmek gerek - diýip içaly şelaýynsyrapdyr. Şundan soň Ýaňsowuk Tegin birneme rahatlanypdyr we diýilýän goşunlara tarap ogly ýaşajyk Buýruk hany (pars çeşmelerinde «Parmuda» – «buýrujy») ugradypdyr. Hurrat bolsa garaňky düşenden soň özleriniňkä tarap gaçyp gidipdir. Buýruk han gelip görse, bu ýygyn sasany serkerdesi Bähram Paryň goşunlary bolup çykypdyr. Han ogly sasany goşunlarynyň ýanyna gelip, gepleşik geçirmegi teklip edipdir. Sasany esgerleri derrew Bähram serkerdäniň ýanyna çapar iberipdirler. Bähram Pary görenden Buýruk han sarç atyny segredip, serkerdäniň ýanyna gelipdir. Buýruk han: -Eý, şöhratly Pälwan! Ýurduňda seniň göwnüňe degipdirler diýýärler. Indem bize ýaran bolmak üçin Hyrada gaýdypdyr diýýärler. Dogrumy şol? - diýip sorapdyr. Bähram oňa: - Men Hormizdiň wepaly hyzmatkäri. Patyşa meni siz bilen söweşmäge iberdi-diýip jogap beripdir. Şundan soň Buýruk han yzyna dolanypdyr we bolan gürrüňleri kakasyna aýdypdyr. Ýaňsowuk Tegin haýal etmän Hurrady getirmeklerini buýrupdyr. Emma çapar onuň eýýäm gaçyp gidendigini aýdypdyr. Türkmen serkerdesiniň howsala düşmegi ýöne ýerden däldi. Sebäbi türkmen goşunlarynyň esasy bölegi Balhda galypdy. Hanyň ýanynda bolaýsa 20 müň atlysy, sasanylarda bolsa Bähram Paryň 12 müň sany weteranyndan başga-da, Gündogar Horasandaky 100-münlik goşuny hem bardy. Bu zatlaryň üstesine-de, göktürkmen goşunlaryň ýerleşişi hem diýseň amatsyzdy. Has dogrusy, Hurrat aldaw ýoly bilen Ýaňsowuk Tegini duzaga düşüripdi. Sebäbi Hyradyň ýerleşýän ýeri darajyk dag jülgesi bolup, onuň daş-töweregini Zynjyrdagy hem-de Amandagy tutýardy. Jülgäniň iki çykalgasy bolup, onuň birinjisi Tejen derýasynyň ugrunda ýerleşýän Bororan geçidi, ikinji bolsa jülgäniň günorta-günbataryndaky Amandag gerşinden geçýän dag geçididi. Aldawa düşen Ýaňsowuk Tegin darajyk Bororan geçidinden geçip, jülgä giripdir we geçit yzda galypdyr. Sasany goşunlary bolsa, Amandag geçidini yzda galdyryp, göktürkmen goşunlarynyň edil maňlaýýnda ýerleşipdir. Üstesine-de Bähram Paryň goşunlarynyň iki ganaty hem Ýaňsowuk Teginiň goşunlarynyň daşyna ýarym halka görnüşinde aýlanyp durupdyr. Emele gelen ýagdaýda, göktürkmenlere söweşmekden başga çäre galmandyr. Yza çekilmek asla mümkin däldi. Sebäbi Tejen derýasynyň kenaryndaky darajyk geçit, goşunlara haýal etmän yza dönmäge mümkinçilik bermeýärdi. Türkmen goşunlarynda 200 sany (käbir çeşmelerde 1200) söweş pili hem bolupdyr. Bu bolsa yza çekilmekligi has hem kynlaşdyrýardy. Göktürkmenleriň goşuny Balhdan Hyrada çenli aralygy hem geçipdiler. Esgerlerem, atlaram ýadawdy. Ýaňsowuk Tegin ylalaşmak işläpdir. Bähram Para Göktürkmenleriň döwletinde birinji weziriň wezipesini hödürläpdir. Emma Bähram ylalaşmandyr. Ol özüniň Hormizd şa kasam edendigini, sözünden dänmejekdigini aýdypdyr. Gönümel hem edermen serkerde, sasany begzadalarynyň özi hem-de ganybir garyndaşlary bolan göktürkmenler barada nähili pyssy-pujurlyk edýändiklerini entäk bilmeýärdi. Şeýle ýagdaýda amatsyz ýerde ýerleşýändigine, goşunynyň sasanylaryňkydan azdygyna garamazdan, Ýaňsowuk Tegin okgunly hüjüme başlapdyr.Onuň hüjümleri sasany goşunlarynyň öň hatarlarynda uly başagaýlyk döredipdir. Emma söweşe Bähram Paryň hut özüniň girmegi, sasany esgerlerini birneme galkyndyrypdyr. Ýaňsowuk Teginiň ikinji gezek eden hüjüminiň netijesinde sasanylaryň goşunlarynyň çep ganaty yza çekilmäge mejbur bolupdyr. Emma sag ganata we merkeze edilen hüjümler netije bermändir. Hüjümler yza serpikdirilipdir. Göktürkmenleriň hüjümi şeýle bir okgunly bolupdyr, hatda Bähramyň özi hem yza çekilmäge hyýallanypdyr. Emma Hyrat jülgesi diňe bir göktürkmenler üçin däl, eýsem sasany goşunlary üçin hem duzakdy. Sebäbi darajyk jülgäniň göktürkmenlere yza çekilmäge mümkinçilik bermeýşi ýaly, Amandagy hem sasanylara yza gaçmaga mümkinçilik bermeýärdi. Şonuň üçin hem Bähramyň hem söweşi dowam etdirmekden başga çäresi galmandyr. Atly goşunyň hüjümi garaşylýan netijäni bermäninden soň, Ýaňsowuk Tegin pilleri söweşe salypdyr. Söweş pilleri sasanylarda-da bardy. Emma olaryň pilleri pyýada goşunyň yzynda ýerleşip, şindi söweşe girizilmändir. Öňler göktürkmenler söweşde pilleri ulanmaýardylar. Ýaňsowuk Teginiň pilleri söweşe salmagy taktiki ýalňyşlykdy. Sebäbi Bähram Paryň ýaýçy weteranlary pilleri güýçli oka tutupdyrlar. Ýaýçylar peýkamyň ujuna nebitli esgi orap we ony otlap, pilleri güýçli oka tutýardylar. Atylýan peýkamlar pilleriň holtumyna, gözüne degip, olary dälilik hetdine ýetiripdir. Şeýlelikde, söweşe girizilen piller atly, pyýada esgerleri depelemäge başlapdyr. Şeýdip, iki tarap hem, aýratyn hem göktürkmenler uly ýitgi çekipdirler. Söweşde Ýaňsowuk Tegin wepat bolupdyr. Bähram Para uly kynçylyk bilen göktürkmenleriň hüjümini duruzmak başardypdyr. Hyradyň eteginde göktürkmen goşunlarynyň saklanylandygy baradaky habar Medaine ýetipdir. Biçäre Hormizdiň begenjiniň çägi bolmandyr. Ol henizem köşk adamlaryna ýüregi bilen ynanypdyr. Hyradyň eteginde göktürkmenleriň goşunlarynyň öňe süýşmesi togtadylandan soň, Bähram Par bu ýerde bir aý töweregi eglenipdir. Şu döwrüň içinde wepat bolan Ýaňsowuk Teginiň ogly Buýryk han Hyradyň eteginde aman galan esgerlerini ýygnap, sasany goşunlarynyň üstüne birnäçe gezek duýdansyz hüjüm edipdir. Emma Bähram Par Buýruk hanyň okgunly hüjümleriniň öňünde durup bilipdir. Şundan soň Buýruk han Bähram Par bilen gepleşik geçiripdir we Sasanylaryň paýtagty Medaine (Ktesifon – häzirki Bagdadyň töwereginde ýerleşipdir.) gitmäge we Hormizdiň özi bilen duşuşmaga rugsat sorapdyr. Bähram Par Buýruk han bilen ylalaşypdyr we ony Medaine çenli ugradypdyr. Hormizd şa daýysy Gara Çör hanyň agtygy Buýruk hany uly dabara bilen garşylapdyr we parahatçylykly şertnama baglaşylandan soň, ony hormat bilen Türküstana ugradypdyr. Gynançly ýeri, taryhy çeşmelerde Buýruk han bilen Hormizd şanyň arasynda nähili gürrüňleriň bolandygy barada maglumat berilmeýär. Şeýdip 589-njy ýylyň urşy tamamlanypdyr. Hakykat ýüzünde bu uruş Sasanylara-da, Göktürkmenlere-de gerek däldi. Sebäbi 552-nji ýylda dörän Göktürkmen döwleti tä 589-njy ýyla çenli kiçiräk çaknyşyklar ýa-da birek-biregi aýyplamak ýaly hereketler bolan bolaýmasa, iki döwletiň arasynda beýle uly uruş entäk bolmandy. Istemi han bilen Anuşirwan Adyl garyndaşlyk gatnaşyklaryny açanlaryndadan soň beýle ýagdaý asla bolmandyr. Hormizd şa hem kakasy ýaly adalaty hökümdar bolupdyr. Ýöne onuň aýalynyň iki sany dogany Bindoý bilen Bistam köşkde öz golaý adamlaryndan topar döredip, Hormizdiň garşysyna dildüwüşik taýýarlaýardylar. Olar her hili pyssy-pyjyrlyklar bilen Hormizdi göktürkmenler bilen çaknyşdyryp, iki garyndaş hökümdarlary gyrlyşdyrmak, şeýdibem göktürkmenleri gowşatmak, Hormizdi bolsa ýok etmek isleýärdiler. Munuň üçin olar hiç zatdan gaýtmaýardylar. 589-njy ýylyň urşy göktürkmenler üçin adaty söweşleriň biri bolupdyr. Emma bu söweş sasanylaryň ykbalyny çözen wakady. Sasany döwleti ajaýyp serkerde Bähram Paryň hyzmaty bilen synmakdan halas edilipdir. 589-njy ýylyň söweşininiň döwürdeşleri Bähram Paryň edermenligine uly baha beripdirler. Bu wakany Sasany döwletini derbi-dagyn bolmakdan halas eden waka hökmünde häsiýetlendiripdirler. Bu barada Hormizdiň geňeşdary Ýezenbahş «Eger-de Sawe-şah [Ýaňsowuk Tegin] Rumystana çenli giden bolsady, şonda Sasany döwletinden balarynyň öýjügi ýaly hem ýer galmazdy» diýip aýdypdyr. Emma bu waka Hormizd şanyň hem, meşhur serkerde Bähram Paryň hem başyndan agyr betbagtlyk bolup inipdir. Şöhratly serkerdäniň abraýy Bindoý bilen Bistama ýaramandyr we Bähram Par çetleşdirilip ugrapdyr. Bindoý bilen Bistam döwlet agdarylyşygyny geçiripdirler. Hormizd tagtdan agdarylypdyr, onuň gözi oýulyp, zyndana taşlanypdyr. Dildüwüşijiler Hormizdiň ogly, Bindoý bilen Bistamyň ýegeni ýaşajyk Hysrow Perwizi tagta çykarypdyrlar. Duzaga düşen Bähram Paryň ähli bitiren işleri puja çykypdyr. Oňa topalaň turuzmakdan başga çäre galmandyr. Ol Bindoý bilen Bistamy ýok edipdir, özüni Sasany şasy diýip yglan edipdir. Hysrow Perwiz bolsa Wizantiýa gaçypdyr. Emma Wizantiýanyň patyşasy Mawrikiý Hysrow Perwize goşun berip, Bähram Pary tagtdan agdardypdyr. Hemmeler tarapyndan taşlanan serkerde öz garyndaşlaryny ýanyna alyp kowumdaşlary bolan göktürkmenleriňkä gaçyp gelipdir. Göktürkmen hany Ýolly han ony myhmansöýerlik bilen garşylapdyr. Ýolly han onuň maslahatlaryna gulak asýar eken. Bähram Par onuň iň golaý dostuna we maslahatçysyna öwrülipdir. Ýolly han serkerdä ýurduna dolanyp barmak üçin goşun hem beripdir. Emma Bähram Para ýurduna dolanyp barmak başartmandyr. Bähram Par garyndaşlary bolan göktürkmenlere garşy söweşendigine çuňňur ökünipdir. Şu wakalardan 300 ýyl geçensoň şöhratly serkerdäniň nesilleri Samanylar döwletini (875-999) esaslandyrypdyrlar. Wizantiýalylaryň kömegi bilen patyşalygyny gaýtaryp alan Hysrow Perwiz Ýolly handan Bähram Pary öz eline bermegi birnäçe gezek talap edipdir. Türkmen hökümdary Hysrowyň her gezekki talabyna gahar-gazap bilen jogap berýär eken. Emma sasanylaryň jansyzyna Bähram Pary ýok etmek başardypdyr. Ýolly han Bähram Pary öldürmäge gatnaşan ähli adamlary jezalandyrypdyr. Meşhur serkerdäniň janyna kast edilmegi Göktürkmenleriň we sasanylaryň arasynda ýene-de uruş hereketleriniň başlanmagyna getiripdir. VII asyryň başlarynda sasanylaryň käbir serkerdeleri Bähram Par boljak bolup, oňa öýkünmäge çalşypdyrlar. 604-nji ýylda Balhyň ilaty sasanylara garşy gozgalaň turzupdyrlar. Hysrow Perwiz öz gopbamsy serkerdesi Smbat Bagratunini gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin ugradypdyr. Balhyň ilaty göktürkmenleri kömege çagyrypdyrlar. Göktürkmenleriň hany Gara Çörüň agtygy Beýik Ýabgu han (ermeni çeşmelerinde Jembuhu hagan) Smbat Bagratuniniň goşunlaryny derbi-dagyn edipdir. Ol zordan gaçyp gutulypdyr. Soňra Hysrow Perwiziň beýleki serkerdesi Datoýan hem derbi-dagyn edilipdir. Netijede göktürkmenleriň goşunlary Yspyhana we Reýe çenli ýetipdirler. Diňe göktürkmenleriň hanyndan buýruk gelenden soň göktürkmen goşunlary yza dolanypdyrlar. Ýolly han wepat bolan Bähram serkerdäniň dogan-garyndaşlaryna döwletiň Balh welaýatynda uly mülki peşgeş beripdir. Köp asyrlaryň dowamynda Bähram Paryň nesilleri Balhda oturypdyr. Bu barada belli rus alymy L.N.Gumilýow köpsanly taryhy çeşmelere esaslanyp: «Bähramyň nesilleri serkerde wepat bolandan soň VII asyrda Günbatar göktürk[men] hanlygynyň düzüminde bolan Balhda ýaşamaga galypdyrlar. Olary samanylaryň ata-babalary hasaplaýarlar. Türk[men]leriň arasynda ýaşap, aýratyn hukuklardan peýdalanan bu adamlara, türk[men] ilini emele getirýän taýpalaryň biri hökmünde garalypdyr» – diýip ýazypdyr. Görnükli alymyň çykarýan netijeleri «Unudylan şalyk» makalasynyň ýazary Juma Ataýewiň Samanylary türkmen döwletleriniň hataryna goşmagynyň ylmy hem-de taryhy esasynyň bardygyny görkezýär. Çünki bu döwletiň döremeginiň gözbaşynda duran Bähram serkerde par taýpasyndan bolupdyr! VII asyryň ortalarynda Sasanylaryň araplara garşy agyr söweşleriniň döwründe ýerli halk Bähram Paryň ruhuny kömege çagyrypdyrlar, onuň gaýdyp geljekdigine, araplara mynasyp garşylyk görkezip, olary ýurtdan çykaryp kowjakdygyna ynanypdyrlar. Hatda, patyşa bolmasa-da, patyşalaryň arasynda ady tutulyp, onuň suraty sasany teňňeleriniň ýüzünde şekillendirilipdir. Emma döwründe gadry bilinmedik, nähak töhmet ýüklenip, janyna kast edilen serkerde «gara bermändir». Şonuň üçin hem sasanylaryň «Beýik Rüstemiň goşuny» diýlip atlandyrylan ägirt uly ýygyny musulman araplary tarapyndan derbi-dagyn edilipdir we Sasany döwleti synypdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |