20:49 Türkmeniñ Çyn-Maçyndaky taryhy çeşmeleri | |
TÜRKMENIÑ ÇYN-MAÇYNDAKY TARYHY ÇEŞMELERI
Taryhy makalalar
Türkmen halkynyň baý taryhy geçmişi barada asyrlaryň dowamynda dürli dillerde ummasyz köp ýazgylar toplanypdyr. Arap, pars, grek we hytaý çeşmeleri halkymyzyň şöhratly geçmişini öwrenmekde gymmatly maglumatlar berýär. Türkmen halkynyň gadymýetini öwrenmekde daşary ýurt çeşmeleriniň arasynda gadymy hytaý ýazgylary aýratyn orun eýeleýär. Bu ýöne ýerden däl. Uzak ýyllaryň dowamynda biziň halkymyzyň döreden döwletleri bolan Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň, Göktürkmenleriň döwletiniň we başgalaryň Hytaýdaky döwletler bilen goňşyçylykda ýerleşmegi we özara syýasy-ykdysady we medeni gatnaşyklaryň alnyp barylmagy bu ýurtda gadymy taryhymyz hakynda gymmatly ýazuw çeşmeleriniň toplanmagyna getiripdir. Gadymýetde goňşy oturan halklar bolan türkmenler we hytaýlylar asyrlaryň dowamynda biri-birine her hili atlary beripdirler. Hytaý ýazuw çeşmelerinden mälim bolşy ýaly, hytaýlylar oguzlary-türkmenleri «hunnu», «gunnu», «sýunnu», «dulga», «týukýüe» ýaly atlar bilen atlandyrypdyrlar. Gadymy oguz-orhon ýazgylaryndan mälim bolşy ýaly türkmenlerem hytaýlylary «tabgaç», «kytaý», «hytaý», olaryň ýurduny bolsa, birneme giçkiräk döwür «Çyn-Maçyn», ýagny «Çin-Beýik Çin» diýip atlandyrypdyrlar. Ýogsam, hytaýlylar özlerini we öz ýurtlaryny hiç haçan beýle atlandyrmandyrlar. Olar öz milletlerini häli-häzire çenli «han», ýurtlaryny bolsa «Jungo» ýagny «[Älemiň] merkezindäki döwlet» ýa-da «Týansýa», ýagny «Asmanyň (Taňrynyň) huzuryndaky [döwlet]», diýip atlandyryp gelýärler. Hytaýda gadymy döwürlerden başlap ýurduň taryhyny ýazmak däbe öwrülipdir. Ösen medenýetli we sowatly hytaýlylar öz ýurtlarynyň taryhyndan başga-da, Hytaýyň çar tarapynda oturan goňşy halklaryň taryhyny hem başardyklaryndan ýazmaga çalşypdyrlar. Hytaýlylarda taryh «Şu» diýlip atlandyrylyp, ol «Nesilşalyklaryň taryhy» («Goşu») görnüşinde ýazylypdyr. Sebäbi müňýyllyklaryň dowamynda Hytaýyň ýerinde ençeme döwletler we olary dolandyran nesilşalyklar (dinastiýalar) bolupdyr. Däplere wepaly hytaýlylar şol döwletleri dolandyran nesilşalyklaryň tas hemmesiniň diýen ýaly taryhyny ýazypdyrlar. Üstesine-de, Hytaýda taryhyň belli bir döwrüniň wakalaryny beýan edän ýyl ýazgylarynyň («Ganmu») hem ençemesi ýazylypdyr. «Nesilşalyklaryň taryhynda» hytaýly awtorlar diňe bir öz ýurtlary hakynda däl, eýsem Hytaý bilen goňşuçylykda ýaşaýan halklaryň taryhyny hem ýazypdyrlar. Sebäbi hytaýlylaryň nädogry düşünjeleri boýunça Hytaý dünýäniň merkezi bolup, goňşyçylykda ýaşaýan ähli halklary özleriniň ýapjalary ýa-da raýatlary hasap edipdirler. Şol sebäpden hem hytaýlylar özleriniň «keseki raýatlary» hakynda ýazmaklygy «agalyk» borçlary hasaplapdyrlar. Adatça, şol halklar baradaky maglumatlar «Nesilşalyklaryň taryhynyň» ýörite baplarynda ýerleşdirilipdir. Gadymy ata-babalarymyz hakynda gürrüň berýän iň irki hytaý ýazuw ýadygärligi bu «Taryh kitaby» («Şan-şu») eseridir. Bu eser b.e.ö. VI asyrda ýazylypdyr diýlip hasap edilýär. «Taryh kitabynda» şindi Ýao we Şan döwründe (b.e.ö III müň ýyllyk ) hytaý bilen goňşyçylykda Man, I, Di, Žun, diýlip atlandyrylan halkylarynyň ýaşandygy bellenilýär. Hytaý ýazuw çeşmeleri türki dilde gepleýän halklaryň öz köklerini «Di» diýlip atlandyrylan halkdan alyp gaýdýandyklaryny belleýär. Han nesilşalygynyň agalyk eden asyrlarynda (b.e.ö. III – b.e. III asyrlar). Hytaý diňe bir öz goňşulary bilen däl, eýsem uzakdaky ülkeler bilen hem gyzgalaňly gatnaşyklara girip ugraýar. Biziň gadymy ata-babalarymyzyň döreden Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwleti bilen alnyp barylýan uruşlar döwründe hytaý patyşasy köşk adamlarynyň birini – Çžan Sýany Horezme ilçi edip iberýär. Çžan Sýanyň maksady Horezmi hunlara garşy uruşda Hytaýyň tarapyna çekmek bolupdyr. Çžan Sýan b.e.ö. 140-126-njy ýyllar aralygynda Horezmde bolmak bilen Merkezi Aziýanyň halklary barada gummatly maglumatlary galdyrypdyr. Eýäm bellenilip geçilişi ýaly, Hytaýda asyrlaryň dowamynda han nesilşalygynyň döwründen başlap her nesilşalygyň dolandyran ýyllary hakynda taryhy eserler ýazylypdyr. Häzirki döwürde HHR-de 26 sany nesilşalygyň taryhy saklanylýar. Şol nesilşalyk taryhlarynyň aglaba köpüsinde biziň ata-babalarymyzyň taryhy hakynda möhüm maglumatlar berilýär. Hytaýyň «nesilşalyk taryhlarynyň» sanawynda meşhur taryhçy Syma Sýanyň (b.e.ö. 145-90) «Taryhy ýazgylar» ( «Şi-szy») eseri birinji orunda durýar. «Taryhy ýazgylaryň» 110-njy baby («Szýuany») dolylygyna biziň gadymy ata-babalarymyz bolan hunlaryň taryhyna bagyşlanýar. «Taryhy ýazgylaryň» gymmatly tarapy ol türkmeniň 5 müň ýyllyk taryhynyň bardygyny tassyk edýän birinji ýazuw çeşmesidir. Merkezi Aziýanyň halklary hakyndaky hytaý çeşmelerini rus diline terjime eden N.Ý. Biçurin bu barada «Hunlar Sýan Çžonyň ýazmagyna görä, patyşa Ýaonyň döwründe (b.e.ö. III müň ýyllyk) «Hunýuý», Çžou nesilşalygynyň döwründe «Hýan-ýun», Sin nesilşalygy döwründe bolsa «Hynnu» diýlip atlandyrylypdyr» diýip ýazmak bilen türkmeniň bäş müň ýyllyk taryhynyň bolandygyny subut edýär. «Taryhy ýazgylarda» Syma Sýan Oguz türkmenleriň Beýik Hun döwletini dolandyran sekiz sany hanyň döwrüniň taryhyny beýan edýär. Awtor hunlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ussatlyk bilen beýän etmegi başardypdyr. Ol ýazypdyr: «Hunlar otuň-suwuň ýagdaýyna görä, mallary bilen göçüp-gonup ýorler, olar gapysy gündogara tarap bakdyrylan tegelek gara, ak öylerde ýaşaýarlar. Iýmitleri et, içgileri gymyz, egin-eşiklerini dürli reňkli ýüň matadan edýärler. Kim batyr, güýçli we jedelli meseleleri çözmäge ukyply bilsa, ony özlerine han saýlaýarlar» diýip belläpdir. Syma Sýan öz eserinde hunlaryň iň gowy tohum atlary köpeldýändiklerini bellemek bilen «Ýaý atyp bilýanleriň hemmesi atly goşunda gulluk edýärler. Parahatçylyk döwürde olar adatça awçylyk edip, mal yzynda gezýärler, zerur wagty bolsa çozuşlary geçirmek üçin türgenleşýärler. Olaryň dogabitdi häsiýetleri şeýledir. Olaryň uzyn ýaraglary gylyç bilen demir saply naýza, kelte ýaraglary bolsa ok-ýaý. Iş şowuna bolanda öňe okdurulýarlar, şöwsuzlyk bolsa haýal etmän yza çekilärler. Gaçmagy özlerine utanç hasap etmeýärler («Göroglynyň»gaçyşym bar – kowuşyma berimsiz» söweş tilsimi öz gözbaşyny şol döwürlerden alyp gaýdýan bolmaly)» - diýip hunlaryň örän söweşjeň halk bolandygyny ýazypdyr. Biziň gadymy ata-babalarymyzyň taryhy barada gymmatly maglumat berýän eserleriň biri-de, belli taryhçy Ban Gu (32-92) tarapyndan ýazylan «Irki han nesilşalygynyň taryhy» («Sýan Han-şu») kitabydyr. Ban Gu öz kitabynda Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletini dolandyran 17 sany hanyň döwrüniň wakalaryny beýan edipdir. Hunlar hakyndaky maglumatlar Ban Gunyň kitabynyň 94 a we 94 b baplarynda beýan edilýär. Bu kitapda aýratyn hem Hun döwletiniň gowşak döwürleri has gowy beýan edilipdir. Şonda Ban Gu Hytaý tarapynyň ýapjalygy kabul etmek baradaky teklibine hanlaryň garaýşyny şeýle beýan edýär: «Bu mümkin däl»- diýip ýaşulylar aýtdylar. -At üstünde oturup söweşmek biziň artykmaçlygymyzdyr. Hut şonuň üçin hem ähli halklar bizden çekinýärler. Bizde entek edermen ýigitler gutaranok. Emma indi iki süýtdeş dogan tagt üstünde dawa edýärler. Bu gün bolmasa ertir tagty ýa kiçisi alar ýa-da bolmasa ulysy alar. Şu ýagdaýda öleniňem gowudyr. Biziň nesillerimiz hemişe-de halklaryň üstünden agalyk edip gezerler. Hytaý näçe güýçli bolaýsyn, ol biziň ähli ýerlerimizi eýeläp bilmez. Han nesilşalygynyň ýapjasy bolmaklyk – dünýäden öten hanlarymyzyň abraýyny dökmeklikdir, goňşy halklara bolsa üstümizden güldürmekdir». Hunlar hakynda möhüm maglumatlary özünde jemleýän eserleriň biri-de, Fan Ýeniň (398-445) «Giçki han nesilşalygynyň taryhy» («Hou Han-şu») kitabydyr. Ata-babalarymyz hakyndaky maglumatlar eseriň 119-njy babynda ýerleşdirilip, onda biziň eýýamymyzyň 25-215- nji ýyllary aralygynda Günorta Hun imperiýasyny dolandyran 20 sany hanyň döwri hakynda gürrüň edilýär. Elbetde, Fan Ýe-niň eseri göwrümi we mazmuny boýunça-da Syma Sýanyň we Ban Gu-nyň eserinden soňda durýar. Ýöne, muňa garamazdan, «Giçki han nesilşalygynyň taryhy» eseri hem hunlar hakyndaky düşünjelerimizi artdyrýar we aýratyn hem olaryň taryhynyň giçki döwrüni çuňňur beýan etmäge mümkinçilik berýär Türkmen taryhynyň möhüm döwürleriniň biri-de, Göktürkmenleriň döwletiniň ýaşan asyrlarydyr (552-745). Bu döwürler barada-da gymmatly hytaý çeşmeleri bardyr. Göktürkmenleriň döwleti hakynda maglumatlar, esasan Weý-şou (VI asyrda ýaşan) tarapyndan ýazylan «Weý nesilşalygynyň taryhy» («Weý-şu»), Li Ýan-şou (VII asyrda ýaşan) tarapyndan ýazylan «Demirgazyk nesilşalyklarynyň taryhy» («Beý-şi»), Weý Çženiň (VII asyrda ýaşan) «Suý nesilşalygynyň taryhy» («Suý-şu»), Ouýan Sýu-nyň (XI asyrda ýaşan) «Tan nesilşalygynyň taryhy» («Tan-şu») we käbir beýleki «nesilşalyk taryhlarynda» jemlenendir. Hytaý çeşmeşynaslygynda «Tan nesilşalygynyň taryhynyň» iki sany görnüşi bardyr. Olaryň birinjisi «Tan nesilşalygynyň köne taryhy» («Szýu Tan-şu») bolup, ol 941-945-nji ýyllarda Lýu Heý tarapyndan ýazylypdyr, ikinjisi «Tan nesilşalygynyň täze taryhy» («Sin Tan-şu») bolup, ony Ouýan Sýu 1045-1060-njy ýyllarda ýazypdyr. Ýöne, ylymda bu iki eser bir meselä bagyşlanandyklary üçin «Tan nesilşalygynyň taryhy» ady bilen bellidir. Ady agzalan eserleriň içinde iň abraýlysy we ylmy taýdan ähmiýetlisi «Tan nesilşalygynyň täze taryhydyr». Adyndan mälim bolşy ýaly, eser Hytaýyň taryhynda uly yz galdyran Tan nesilşalygynyň (618-907) taryhyna bagyşlanandyr. Göktürkmenleriň taryhy bilen baglanyşykly maglumatlar eseriň 215 a we 215 b baplarynda ýerleşdirilipdir. «Tan nesilşalygynyň taryhy» eserinde Göktürkmenleriň döwleti hakyndaky maglumatlar iki bölege bölünip berilär. Onuň birinji bölüminde Gündogar Göktürkmenler döwletini (552-745) dolandyran 21 sany hanyň döwri beýan edilýär, ikinji bölüminde bolsa Günbatar Göktürkmen döwletini (600-766) dolandyran 28 sany hanyň döwri hakynda gürrüň berilýär. Göktürkmenleriň taryhy boýunça möhüm çeşme bolmak bilen, eser göktürkmen halkynyň döreýşi, bu halkyň urp-adatlary, dini ynançlary, durmuş taýdan bölünişi, döwlet gurluşy, hojalygy, şeýle hem döwletiň daşary we içeri syýasaty barada örän gymmatly maglumatlary berýär.. Göktürkmenleriň döwründe möjek milletiň oňony bolupdyr. Şonuň üçin hem göktürkmenleriň baýdagyny möjegiň altyndan edilen kellesiniň şekili bezäpdir ýa-da bolmasa, göktürkmen hanlarynyň «janpenalary» hem «börüler» (möjek) diýlip atlandyrylypdyr. Bu maglumatlary bize diňe hytaý çeşmeleri berip bilýär. Hytaý çeşmeleriniň ata-babalarymyzyň mertligi we gaýratlylygy barada berýän maglumatlary aýratyn ynandyryjy we buýsandyryjy. «Tan nesilşalygynyň taryhy» eseriniň awtory göktürkmenleriň tebigy häsiýeti barada «Olar uruşda ölmegi şöhrat, keselden ölmegi bolsa masgaraçylyk hasap edýärler» - diýip ýazypdyr. Indi hytaý çeşmeleriniň dili hakynda. Hytaý gadym döwürlerden bäri taryhy ösüşlerde özünden yza galan halklar bilen goňşyçylykda ýerleşipdir. Şol sebäpden hem «ösen» hytaýlylar «ýabany» goňşularynyň ýer-ýurt we adam atlaryna öz dillerinde ýaňsy bilen aýdypdyrlar, ýazanlarynda-da ýaňsyny aňladýan belgileri ulanypdyrlar. Şol sebäpden hem çeşmelerde getirilän gadymy ata-babalarymyzyň atlary hakyky bolmalysyndan düýpli tapawut edýär. Üstesinede, hytaý dilinde «r» harpynyň örän seýrek ulanylýandygyny bellesek, bu has düşnükli bolar. Mysal üçin, göktürkmen hany Ýetdi hanyň (581-587ýý) tagt ady Yşbara han bolupdyr. «Yşbara» ady hytaý hatyna geçirilende «Şabolo» görnüşinde ýazylmaly. Emma ata-baba öz göwnüne ýaramaýan adamlara ýaramaz at dakmak endiklerine wepaly hytaýlylar «şabolo» sözüniň soňundaky «lo» goşulmasyny «lio» goşulmasy bilen çalşyrypdyrlar. Netijede, bu merdana göktürkmen hany hytaý taryhy eserlerinde «şabolio» - «talaňçy» ady bilen görkezilýär. Şeýlelikde, göktürkmenleriň taryhyna degişli XIX-XX asyrlaryň ähli ylmy işlerinde ady «güýçli», «gujurly» manylary berýän Yşbara han «Şabolio» ady bilen atlandyrylýar. XVIII asyryň ahyrlarynda Pekinde dürli milletleriň wekillerniň (hytaý, mançžur, mongol, uýgur we tibet) alymlaryndan ybarat ýörite edara döredilipdir. Edaranyň wezipesi gadymy hytaý taryhy kitaplaryndaky atlary degişli halkyň öz dilinde aýdylyş ýagdaýyna getirmeklik bolupdyr. Edaranyň alymlary Sun, Liao we Ýuan «nesilşalyklaryň taryhyndaky» (916-1368) atlara düzediş beripdirler. Nebsimiz agyrsada, irki döwürleriň «nesilşalyk taryhlaryndaky» atlar bolsa, düzedilmän galypdyr. Şol sebäpden hem hunlaryň we göktürkmenleriň döwrüniň köp adam atlary henize bu güne çenli duşnüksiz bolup galýar. Belli rus alymy N.Ýa.Biçurin (1777-1853) hytaý «nesilşalyk taryhlaryndaky» oguz türkmen adalgalarynyň käbirlerini türkmen dilindäki aýdylyş derejesine getirmegi başarypdyr. Muňa mysal edip kehan-kagan, katun-hatyn, dele-tegin, şehu-ýabgu, şa-şat, tutun-tutuk, dagan-tarhan, be-beg, mohe-baga, mohedu-bahadyr, gudulu-gutlug, bigýa-bilge, dynli-taňry we başgalary görkezmek bolar. Indi hytaý çeşmeleriň ähmiýeti hakynda. Bu çeşmeleriň belli bahasy ýokdyr. Türkmenistyanyň taryhyndan belli bolşy ýaly, halkymyzyň gadymy taryhy baradaky ýazuw çeşmeleri b.e.ö. VI – b.e. VI – VIII asyrlaryna degişli bolup, olar örän az maglumatlar berýärler. Üstesine-de, olar yzygiderli däl. Bu çeşmeleriň hatarynda ahemeniler döwrüniň şine şekilli ýazgylary, antiki awtorlar Gerodotyň, Strabonyň, Ptolomeýiň we başgalaryň işlerini görkezmek bolar. Aleksandr Makedonskiniň döwriniň çeşmelerindäki maglumatlar birneme köpelýär (Kwint Kursiý, Arrian). Giçkiräk döwrüň ýazgylarynyň hatarynda wizantiýaly we ermeni awtorlaryň işlerini (Menandr Protektor, Prokopiý, Feofilakt Simmokat), siriýaly hristian awtorlarynyň (Ýeşu Stilit, Zahariý we başgalar) işlerini, käbir sasany ýazgylaryny (Paýkulynyň we Şapuryň ýazgylary) we olar bilen baglanyşykly pehweli dilinde ýazylan edebiýaty (Awesta, Bundahşin), gadymy oguz-orhon ýazgylaryny (Költegin, Toňýukuk baradaky ýazgylar) görkezmek bolar. Halkymyzyň gadymy taryhy barada möhüm maglumatlary Sogdy arhiwiniň (Güregiň şahsy arhiwi), gadymy Horezim arhiwi, aýry-aýry gadymy türki dilli ýazgylary, köp sanly epigrafiki ýazgylar berýärler. Taryhy taýdan uly ylmy ähmiýeti bolan çeşmeler arap we pars dilli edebiýatda, şeýle hem sak, tohar we tibet ýazgylarynda-da saklanýar. Emma olarda VII-VIII asyra çenli bolup geçen wakalar barada maglumatlar örän az berilýär. Üstesine-de, şol maglumatlar beýan edilýän wakalardan has giçki döwürleriň ýazgylarynda beýan edilýär. Bu birinji nobatda arap-pars edebiýatyna degişlidir. Ýokarda ady tutulan çeşmelerden tapawutlylykda, hytaý çeşmeleri gadymy ata-babalarymyzyň taryhyny doly we sene yzygiderliliginde berýär. Olarda beýan edilýän adam, ýer-ýurt we tire-taýpa atlary, halkyň hojalygy, medenýeti, dini ynanjy, aýry-aýry wakalar biziň gadymy taryhymyza bezeg berär. Üstesine-de, hytaý çeşmeleri anyk ýazuw çeşmelerine esaslanýarlar. Türkmenistan baradaky irki ýazuw çeşmesi Han döwrüniň ilçisi Çžan Sýanyň b.e.ö. 140-126-nji ýyllarda Horezime saparynyň esasynda dörän ýazgylardyr. Çžan Sýanyň şol ýazgylaryny Syma Sýan özüniň «Taryhy ýazgylarynda» peýdalanypdyr. Biziň gadymy ata-babalarymyz hakyndaky goşmaça ýazuw çeşmelerini «Han nesilşalygynyň taryhy «eseriniň awtory Ban Gu hem ulanypdyr. Syma Sýanyň biziň ata-babalarymyz hakyndaky ýazgylaryny sözme-söz göçürmek bilen Ban-Gu goşmaça maglumatlary getirýär. Meselem, Beýik Hun patyşasy Mete hanyň Han imperator aýaly Gaohouň adyna ýazan hatyny görkezmek bolar. Goşmaça maglumatlar «Giçki han nesilşalygynyň taryhy» eserinde hem getirilýär. Türkmenleriň ýurdy hakyndaky maglumatlar serkerde Ban Çaonyň 94-96 –njy ýyllardaky ýörüşleriniň esasynda toplanylypdyr. Şu ýörüşiň döwründe tä Sinhaýa - Hazar deňzine çenli hytaý jansyzy Gan In iberilipdir. Onuň ýazgylary hem «Giçki han nesilşalygynyň taryhynda» öz ornuny tapypdyr. Şeýle hem, bu işde Merkezi Aziýa bilen goňşulykdaky Hytaý welaýatlarynyň häkimleriniň maglumatlary hem giňişleýin ulanylypdyr. «Weý nesilşalygynyň taryhy» üçin möhüm maglumatlar bolup V asyryň oprtalarynda Merkezi Aziýanyň köp ýerlerini aýlanan hytaýly ilçiler Tun Ýuanyň we Gao Miniň ýazgylary hyzmat edipdir. Aslyýetinde, bu işde biziň ata-babalarymyz hakynda berilýän maglumatlar has düşnükli we anyk bolandygy üçin ondaky maglumatlar giçki döwrüň ensiklopediýalaryna (meselem, XIV asyryň awtory Ma Duan-liniň taryhy entiklopediýasy) girizilipdir. Suý we Tan nesilşalyklarynyň taryhy hem esasan ýazuw çeşmelerine esaslanýar. Şunda aýratyn hem hytaýly budda zyýaratçylarynyň ýazgylary gyzyklydyr. Şeýle maglumatlaryň arasynda Merkezi Aziýanyň üstünden geçip giden hytaýly budda zyýaratçylaryndan Fa Sýanyň (400), Sun Ýunyň (518-522), Weý Szonyň (605-616), Sýuan Szanyň (629-648), I Sziniň (673-695), Hoý-Çaonyň (723-729), U Kunyň (751-790) ýazgylaryny görkezmek bolar. Aýratyn hem Sýuan Szanyň ýazgylary ähmiýetlidir. «Nesilşalyklaryň taryhyndan» başga-da, biziň gadymy ata-babalarymyz hakynda dürli görnüşdäki ensiklopediýalar, ýygyndylar, taryhy-geografiki ýazgylar hem köp maglumatlar berärler. Olardan «Hekaýatlar ummany» («Şohaý»), «Hytaýyň demirgazyk araçäginiň doly beýany» («Şofanbeýçen») ýygyndylary, şeýle hem ensiklopediýa bolan «Umumy teswir» («Tunçži»), «Imperator kitaphanasyndaky uly pyşdyl» («Sefuýunguý»), «Jemleýji maglumat» («Wensiýantunkao»), «Kämil derejede ýazylan düýpsiz aýna kimin ensiklopediýa» («Ýuan Sziýanleýhan»), «Dasin imperiýasy barada jemleýji maglumat» («Dasinitunçži»), «Köne we täze döwürleriň kitaplarynyň we suratlarynyň doly ýygyndysy» («Tuşusziçen»), «Günbatar göktürkmenleriň taryhy boýunça maglumatlar» («Si-týukýue-şilýao») we başga eserleri görkezmek bolar. Biziň gadymy ata-babalarymyz hakyndaky hytaý çeşmelerini ylmy esasda öwrenip başlanlar fransuz alymlarydyr. Olar XVIII asyrda Hytaýda iş alyp baran fransuz missiýonerleridir – din ýaýradyjylarydyr. Biz bu gün Ž.Dýugaldyň, Ž.Deginiň, Wisdelunyň, M.Malýanyň, Erbelonyň, Žerbilýonyň, Gobiliň, de Maýýanyň we başgalaryň atlaryny hormat bilen tutýarys. Bu alymlar hytaý we mançžur dillerini suwara bilmek bilen biziň gadymy ata-babalarymyz bolan hunlar, göktürkmenler we olar bilen goňşyçylykda ýaşan köp sanly halklaryň taryhyna degişli maglumatlary fransuz diline geçirmek bilen bütin Ýewropany Merkezi Aziýanyň taryhy bilen içgin tanyşdyrdylar. Bu awtorlaryň arasyndan Ž.Deginiň (soňra Sarbonna uniwersitetiniň professory) 1756-njy ýylda neşir edilen «Gunlaryň, türkleriň we beýleki tatarlaryň umumy taryhy», Erbelonyň 1777-nji ýylda neşir edilen «Gündogar kitaphanasy», M.Malýanyň «Hytaýyň öz arhiwleriniň esasyndaky umumy taryhy» (11 tomlyk), de Maýýanyň «Hytaýyň umumy taryhy» eserleri aýratyn bellemäge mynasypdyr. Öwrenilýän mesele bilen XIX asyryň birinji ýarymynda fransuz alymlary A.Remýuza we Ý.Klaprot uly işleri amala aşyrypdyrlar. 1820-nji ýylda Parižde A.Remýuzanyň «Tartarlaryň (oguzlaryň) dili boýunça barlaglar», 1825-nji ýylda bolsa Ý.Kloprodyň «Aziýanyň taryhynyň hranologiýasy» kitaplary neşir edildi. Bularyň ikisiniň hem işleri anyk taryhy çeşmelerine esaslanyp, olarda gadymy ata-babalarymyzyň taryhy aýdyň beýan edilýär. Gadymy ata-babalarymyzyň taryhyna degişli hytaý çeşmelerini öwrenmekde uly işleri bitiren alymlaryň biride, meşhur rus sinology Nikita Ýakowlewiç Biçurindir (1777-1853). N.Ý.Biçurin ençeme kitaplaryň awtorydyr. Ýöne oňa aýratyn şöhrat getiren iş onuň «Gadymy döwürlerde Orta Aziýada ýaşan halklar hakynda maglumatlar ýygyndysy» (1851) eseridir. Bu eser N.Ýa.Biçuriniň uzak ýyllaryň dowamynda terjime eden hytaý taryhy çeşmeleriniň esasynda döredilipdir. Bu işe rus ylmy jemgiýetçiligem, Ýewropa ylmy jemgiýetçiligi hem ýokary baha beripdir. Biziň ata-babalarymyzyň taryhyna degişli Hytaý çeşmelerini nemis we iňlis dillerine tarjime etmekde Plat, Pfismaýýer, Waýli we Parker tapawutlanypdyrlar. Plat we Pfismaýýer 1863-1874-nji ýýllarda Wenada we Münhende ýörite işleri neşir etdirdiler. Waýliniň «Hunlaryň Hytaý bilen gatnaşyklary», Parkeriň «Türk – skif taýpalary» we «Tartarlaryň (oguzlaryň ) müň ýyllygy» atly işleri aýratyn gyzyklydyr. Bu işler XIX asyryň ahyrlarynda Hytaýda iňlis dilinde neşir edilipdir. Umuman alanyňda, hytaý çeşmeleri halkymyzyň Oguz han we Gorkut ata döwürleriniň taryhyny öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly ýazuw mirasymyzdyr. Hytaý çeşmeleri taryhymyzyň gadymy döwrüni gürrüňsiz baýlaşdyrýar we oňa aýratyn bezeg berýär. Jumadurdy ANNAORAZOW, taryh ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |