MÄHIR SIÑEN ŞEKILLER
■ Orta asyrlarda rowaç alan suratkeşligiň «Türkmen mekdebi» barada söhbet
Orta asyrlarda Türkmenistanda, Merkezi Aziýanyň beýleki ýerlerinde, Eýranda, Hindistanda, Osman türkmenleriniň döwletinde patyşalaryň köşgüniň ýanynda gadymy kitaplar saklanylýan we ýokary çeperçilik bilen bezelýän golýazmalary döredýän ýörite döwlet edarasy işläpdir. Şol edaralar öz döwründe «kitaphana» diýlip atlandyrylýardy. Olar häzirki zaman kitaphanalaryndan düýpli tapawut edýärdi. Sebäbi şol kitaphanalarda öz döwrüniň ylymly-bilimli adamlary işläp, olar özboluşly sungat mekdepleridi. Kitaphanalara patyşa tarapyndan bellenilýän «kitapdar» baştutanlyk edip, kitaplary ýazmaklyk, olary owadan suratlar we nagyşlar bilen bezemek we jiltlemek işleri kitapdaryň gönüden-göni ýolbaşçylygynda amala aşyrylypdyr. Kitapdar golýazma kitaplaryny döretmäge gatnaşjak hatdatlary belläpdir, suratkeşiň çekjek suratynyň mowzugyny, suratyň golýazmanyň içinde ýerleşjek ýerini kesgitläpdir, nakgaşlara nagyşlaryň görnüşlerini, jiltçilere sahypalaryň we golýazmanyň daşynyň bezeginiň nähili bolmalydygyny görkezipdir. Şeýle hem kitapdar kitap üçin zerur bolan ýokary hilli kagyz, syýa, reňk, dürli görnüşli ýelim, galam, çotga, jilt üçin gön we şuňa meňzeş zerur zatlary öndürýän ussahanalaryň işine-de jogap beripdir.
Biziň gürrüňimiz sungatyň inçe ugurlarynyň biri bolan suratkeşlik hakynda. Irki döwürlerde suratkeşlik binagärçiligiň we hatdatçylygyň aýrylmaz bir bölegi bolup durýardy. Gurulýan ajaýyp ymaratlar, neşir edilýän eserler nagyşlar, dürli hili suratlar, Gurhany Kerimden we Hadysdan alnan mukaddes süreler bilen bezelýärdi. Wagtyň geçmegi bilen Orta Gündogarda, şol sanda Türkmenistanda hem suratkeşlik kämilleşip we ösüp sungatyň aýratyn bir pydagyna öwrülip başlady. Bu işde türkmen suratkeşleriniň bitiren işleri aýratyn bellemäge mynasypdyr. Çünki türkmen suratçylary Orta we Ýakyn Gündogarda suratkeşlik sungatynyň kemala gelmegine, onuň kämilleşmegine we ösmegine uly itergi berdiler we musulman medeniýetiniň bütün dünýäde tanalmagy üçin beýik işleri bitirdiler.
Ylym-bilime we sungata sarpa goýan türkmen hökümdarlary geçmiş mirasymyz barada aladalanypdyrlar. Olar ylym, medeniýet we sungat ussatlaryna howandarlyk edip, olaryň döredijiligi we gaýtalanmajak ajaýyp eserleriň dünýä inmegi üçin gowy şertleri döredipdirler Olaryň käbirleri bu işe başardyklaryndan öz goşantlaryny hem goşupdyrlar. Orta Gündogaryň meşhur hökümdarlary Soltan Söýün ( Hüseýin Baýkara ) we Tahmasp şa diňe bir sungat we söz ussatlaryna howandarlyk etmek bilen çäklenmän, bu işde öz güýçlerini hem synap görüpdirler. Köşgüň ýanyndaky gadymy golýazmalaryň saklanýan we olaryň täze nusgalary ýazylýan kitaphanalarda meşhur hatdatlar, suratkeşler, nakgaşlar, sahapçylar, jiltçiler we başgalar işläpdirler. Patyşalaryň buýurmasy esasynda hatdatlar Gündogaryň beýik söz ussatlarynyň golýazmalaryny göçüripdirler, suratkeşler, nakgaşlar, sahapçylar we jiltçiler bolsa olary eserleriň mazmunyna laýyk gelýän suratlar we nagyşlar bilen bezäpdirler. Şunda olar reňkleriň dürli görnüşlerini we öwüşgünlerini ussatlyk bilen ulanypdyrlar.
Golýazmalar adatça kitapdaky gürrüňi edilýän wakanyň mowzugy bilen baglanyşykly suratlar bilen bezelipdir. Şeýle suratlar şekillendiriş sungatynda «miniatýura» diýlip atlandyrylýar. Şu görnüşdäki Gündogar suratlarynyň öz aýratynlygy bolýar. Olarda bir zadyň şekili çekilende, onuň kölege düşýän we ýagtylyk düşýän ýerleri görkezilmeýär. Suratçy şekilleri adat boýunça dikligine ýerleşdiripdir: golaýdaky şekiller aşakda, aňyrdakylary bolsa ýokarda. Üstesine-de, öňdäki we aňyrdaky şekilleriň ölçegleri deň bolupdyr. Gündogar suratlary özüniň inçeligi, reňkleriň sazlaşygy we baý many-mazmuny bilen hem aýratyn tapawutlanýarlar. Bu bolsa suraty görenlerde joşgunly duýgulary döredýär. Gündogar suratkeşleriniň suratlarynda esasan altynsow, gyzyl we sary öwüşginler agdyklyk edýär.
Türkmen soltanlarynyň gönüden-göni howandarlyk etmeginde sungat ussatlary suratkeşligiň kämillik mekdepleriniň birnäçesini döretmegi başarypdyrlar. Şolaryň iň kämili türkmen suratkeşleriniň Töwriz mekdebi hasaplanýar. Töwrüz mekdebi sungaty öwreniji alymlaryň pikirine görä öz gözbaşyny XIII-XIV asyrlardan alyp gaýdýar. Bu mekdepde garagoýunly we akgoýunly türkmenleriň döwründe hem kämil sungat eserleri döredilipdir. Bu mekdebiň döredijiligine Hyrat mekdebiniň belli bir derejede täsir edenligini görmek bolýar.
Töwrüzdäki kitaphananyň haçan döredilendigi barada taryhy çeşmelerde aýdylmaýar. Ýöne, 1502-nji ýylda Sefewi türkmenleriniň döwletini esaslandyryjy şa Ysmaýyl (1502-1524) Akgoýunly türkmen döwletiniň hökümdary Elwentden (1499-1502) üstün çykyp, Töwrüzi eýelände köşgüň ýanynda akgoýunlylaryň kitaphanasy bar eken. Bu kitaphanada köp ýyllaryň dowamynda ajaýyp sungat eserleriniň ençemesi döredilipdir. Häzirki döwürde Stambulyň Topgapy muzeýinde saklanylýan Nyzamynyň (1141-1209) «Hamsasynyň» bir nusgasy Pir Pudak Akgoýunla sowgat bermek üçin başlanyp, soňra onuň inisi Halyl beg üçin dowam etdirilipdir. 1481-nji ýylda bu iş tamamlanylyp, ol Ýakyp Akgoýunla sowgat berlipdir. Golýazmanyň bezeg işleri we ondaky ajaýyp suratlar Abdyrahman Horezimli tarapyndan ýerine ýetirilipdir. Golýazmada jemi 19 sany surat ýerleşdirilipdir.
Akgoýunly türkmenleriň döwründe Töwrüz mekdebinde döredilen nusgalyk suratlaryň arasynda 1500-nji ýylda çekilen «Şa gyzy» eseri aýratyn üýtgeşik we ünsi çekiji. Suratda akgoýunlylar neslinden bolan şa gyzynyň şekili ýerleşdirilip, gyzyň ýüz keşbi, oturşy, onuň lybaslary häzirki zaman türkmen gelin-gyzlarynyň egin-eşiklerine örän meňzeş.
XV-XVI asyrlaryň türkmen suratkeşleriniň arasynda iň ýiti zehinlisi, Töwrüz mekdebiniň işini kämilleşdiren we ösdüren, suratkeşlik sungatynda öz ýoluny döredip bilen, şa Ysmaýyl tarapyndan «ussat» ady berilen Kemaleddin Begzadadyr (1455-1536). Begzada 1455-nji ýylda Hyratda doglupdyr. Ýaşlykdan ýetim galan, sungata höwesli oglanjygy döwrüniň belli suratkeşi Mirek Nakgaş ony öz howandarlygyna alypdyr we onuň sungat ugrundan bilim almagy üçin aladalanypdyr. Ýöne Kemaleddiniň halypasy akgoýunly türkmenleriniň köşk suratçysy meşhur Pir Seýit Ahmat Töwrüzli hasap edilýär. Bu suratçynyň özi bolsa asly buharaly ussat Jahangiriň şägirdi bolupdyr.
XV asyryň 70-nji ýyllarynda Begzada eýýäm özüni kämil suratkeş hökmünde tanatmagy başarypdyr we ol indi Soltan Söýüniň köşgündäki iň abraýly suratçylaryň biridi. Belli taryhçy Hondemir Kemaleddin barada: «Onuň döreden eserleri Älemiň ähli suratkeşleriniň eserlerini ýoga çykarýar we onuň gaýtalanmajak genisi adamzat nesliniň iň meşhur suratkeşleriniň hemmesiniň suratlarynyň üstünden atanak çekýär» diýip ýazmak bilen, Begzadanyň öz döwründe nähili uly abraýa eýe bolandygyny we onuň döredijiligine nähili uly sarpa goýulandygyny belleýär.
Öz zehininiň kämilleşmeginde Begzada beýik şahyr Alyşir Nowaýynyň şahsy howandarlygyna borçly bolupdyr. Sebäbi Nowaýy ony özüniň sungata sarpa goýan dostlarynyň hataryna goşupdyr we ol Soltan Söýüniň köşgüniň arzylanýan adamlarynyň birine öwrülipdir. Kemaleddin Begzada Hyratda 1507-nji ýyla çenli özbek hökümdary Şeýbany han şäheri basyp alýança ýaşapdyr. Şeýbany han hem bu suratkeşiň sungatyna uly sarpa goýupdyr we ony özüniň şahsy üpçinçiligine alypdyr. Ýeri gelende aýtsak, Begzada bu hökümdaryň häzirkizaman sungaty öwrenijileriniň ýokary bahasyna mynasyp bolan ajaýyp portretini çekipdir. Suratda Şeýbany han şäher adamsynyň geýminde şekillendirilipdir. Ulanylan reňkleriň görnüşleri bu hökümdaryň ýönekeý ýaşandygyna we onuň şäher näzikligine we zynatlaryna kembaha garandygyna şaýatlyk edýär. Onuň öňünde ýatan sowatlylygyň alamatlary bolan syýadan, kitapça, galam Şeýbany hany diňe bir basypalyjy hökmünde däl, eýsem döwlet permanynyň üstünde oýlanyp oturan syýasy işgär, ylym-bilimiň we edebiýatyň howandary hökmünde görkezýär. Diňe halynyň üstüne oklanylan gamçy we ýaýdan atmak üçin sag eliniň barmagyna geýdirilen ýüwse ony esger we hökümdar hökmünde suratlandyrýar. Suratda Begzada esasan gyzyl, ýaşyl, gara, ak we mawy reňkleri sazlaşykly ulanypdyr. Hyratda ýaşan ýyllary Kemaleddin ajaýyp eserleriň ençemesini döredipdir. Onuň döreden«Ýolbars» (Sankt-Peterburgyň Saltykow-Şedrin kitaphanasynda saklanylýar), «Hywa galasynyň gabawy» , «Söweş», «Metjidiň gurluşygy» (XV asyryň 80-nji ýyllary), «Patyşa Dariý we çopanlar» (1488), «Mejnun we Leýli çölde» (XV asyryň ahyry-XVI asyryň başy), «Soltan Söýüniň portreti» (XV asyryň ahyry), «Şeýbany hanyň portreti» (1507) we başga-da onlarça eserleri suratkeşlik sungatynyň ajaýyp nusgalary hasap edilýär. Kemaleddiniň eserleri bilen ýuzbe-ýuz bolan döwürdeşleri onuň suratlarynyň görülmedik durmuşy we dogruçyl häsiýetini bellemän durup bilmändirler. Begzadanyň ýaş döwürdeşi, şahyr Wasifi bu barada şeýle ýazypdyr: «Begzadanyň şöhraty we sungaty her gün, her sagat beýgelýärdi. Ussat bir gezek beýik wezir Alyşiriň [Nowaýynyň] mejlisine durmuşyň bir pursatyna bagyşlanyp çekilen suratyny getiripdir. Onda gül-pürçüge beslenen bag, şahalarynda her dürli guşlar saýrap duran agaçlar şekillendirilipdir. Nirä seretseň ýakymly duýgulary döredýän bagy-bossanlyk, akyp ýatan çeşmeler we açylan güller. Suratyň ortarasynda hasasyna daýanyp Alyşiriň özi dur, öňünde bolsa halka paýlamak üçin goýlan içi altyn-kümüşli gap-gaçlar. Haçanda bu görnüşi onuň aly hezretleri Mir [Alyşir Nowaýy] görende ýüregi guwançdan doldy we «Ajaýyp» diýip seslendi. Soňra ol ýygnananlara ýüzlenip: «Şu ajaýyp şekiller barada aýdylan öwgülerden we berlen bahalardan soň siz nähili pikir edýärsiňiz?» diýip sorady. Alyşiriň halypasy, Horasanyň meşhur adamlarynyň biri Möwlana Fasiheddin: «Haçanda men bu açylyp duran gülleri görenimde elimi uzadyp, olaryň birini ýolup, selläme gysdarysym geldi» diýdi. Alyşiriň nedimi we onuň hemişelik söhbeteşi Möwlana Sahypdar: «Mende-de edil şeýle isleg döredi, ýöne men, eger-de, güllere elimi uzatsam, guşlar uçup giderler diýip pikir etdim» diýdi. Alyşir bilen hemişe degişip-gülüşip ýören, Horasanyň ilatynyň köp öýkünýän adamsy, danalaryň halypasy Möwlana Burhan: «Bu şekillere seredip men dymmaly we gymyldamaly däl, bolmasa aly hezret Mir gahar-gazaba münip ýüzüni kürşerder diýip pikir etdim» diýdi. Alyşiriň «şorta sözleri dörediji» adyny dakan we onuň bilen hemişe gülüşip-degişip ýören Horasanyň belli wäşileriniň biri Möwlana Muhammet Badahşi: «Eý, Möwlana Burhan, şeýtmeklik edepsizlik bolmasady, men Aly hezretiň suratdaky hasasyny alyp, seniň kelläňe bererdim» diýdi. Muňa hemmeler gülüşdi. Onuň Aly hezretleri Mir aýtdy: «Hormatly söhbetdeşler ajaýyp pikirleri aýtdylar. Eger-de, hakykatdan hem Möwlana Burhan şeýle edebsizlik etmedik bolanlygynda men şu gap-gaçlaryň içindäki altyn-kümüşleri siziň üstüňizden seçeýin diýyip durdum» diýdi. Muňa ýene-de gülüşdiler. Şundan soň Alyşir Begzada atarylan at, mejlise gelenleriň her birine bolsa don peşgeş berdi».
Wasifiniň «Ýatlamalaryndan» alnan bu waka Begzadanyň döredijiliginiň döwerdeşleri tarapyndan nähili çynlakaý kabul edilendigine we olarda şeýle janly duýgulary döredendigine şaýatlyk edýär. Sebäbi köpçülige hödürlenýän suratlardaky şekiller halkyň islegine we onuň ruhy dünýäsine ýakyn bolup görünipdir. Elbetde, Begzadanyň umumyadamzat medeniýetindäki orny we hyzmaty ulydyr. Sebäbi onuň döredijiligi Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem iň gowy isleg-arzuwlaryny, aňyýetini we ruhy dünýäsini çuňňur beýan edip bilipdir.
XV asyryň ikinji ýarymynda Begzada bilen Hyratda işlän meşhur suratkeşleriň biri-de Hojamuhammet Nakgaş bolup, ony belli alym G.A.Pugaçenkowa «Gündogaryň Leonardosy» diýip atlandyrypdyr. Gynançly ýeri zehinli suratkeş heňiz ýaşka aradan çykypdyr.
Begzadanyň şägirtleriniň iň zehinlileriniň biri Kasym Aly hasap edilýär. Ol suratkeş hökmünde Begzadanyň Hyratdaky ussahanasynda işläpdir, XVI asyryň 20-nji ýyllarynda şa Tahmaspyň sungat mekdebine işe durupdyr. Döwürdeşleri ony portretçi hökmünde häsiýetlendirýärler we onuň suratlarynyň çekiliş usulynyň Begzadanyňka golaýdygyny belleýärler. Emma taryhçylaryň belleýşi ýaly «Bilermen onuň eliniň döreden eserini beýlekilerden islendik wagt tapawutlandyryp bilipdir»
1510-nji ýylda Şeýbany han Merwiň eteginde Sefewi türkmenleriniň hökümdary şa Ysmaýyl Hataýy tarapyndan öldürilenden soň, ýeňiji şa at-owazasy uzaklara ýeten Kemaleddin Begzadany Töwrüze alyp gidýär. Kemaleddin Begzada Töwrüze gelenden soň şa Ysmaýyl ony öz döreden mekdebine ýolbaşçy edip belleýär. Bu meşhur türkmen patyşasy Begzadany hormatlapdyr we oňa uly sarpa goýupdyr. Osmanly türkmenler bilen 1514-nji ýylda bolan Çaldyran söweşinden ýeňlip, agyr ýaradar bolup gelen şa Ysmaýyl öňi bilen Kemaleddiniň ýagdaýy bilen gyzyklanypdyr. «Onuň ynjalyksyzlyk bilen gyzyklanan birinji adamsy Begzada boldy»-diýip, «Şa Ysmaýylyň taryhy» eseriniň näbelli awtory ýazypdyr. Şa Ysmaýylyň permanlarynda Begzada öz döwürüniň ajaýyp şahsyýeti, şöhratly ussat we beýik halypa hökmünde hasiýetlendirýär. Ýeri gelende aýtsak, Begzadanyň köpsanly syratlarynyň içinde «Şa Ysmaýylyň portreti» hem bardyr.
Töwüz mekdebini gaýtadan dikelden şa Ysmaýyl öz ogly şazada Tahmaspyň sungat bilen meşgullanmagyny isläpdir. Sefewiler döwletiniň türkmen taryhçylary Isgender beg Türkmen, Hasan beg Rumly, Pudak münşi, Sadyk beg Awşar dagylar öz işlerinde şa Ysmaýylyň ogly Tahmaspa suratkeşligi we hatdatlygy öwretmek maksady bilen Begzada, Aga Mirege we Soltanmuhammede ýorite tabşyryk berendigini, ýaşajyk şazadanyň köp wagtyny ady tutulan ussatlaryň ýanynda geçirendigini belleýärler. Tahmaspyň (1524-1576) ýaşlykdan sungata bolan söýgüsini Isgender beg Türkmen şeýle beýan edýär: «Aly hezret şindi ýaşajykka bu senede bolan güýçli höwesi we söýgüni başdan geçirdi. Öz işiniň ussatlary ussat Begzada, ussat Soltanmuhammet, Aga Mirek onuň ajaýyp kitaphanasynda işleýärdiler. Onuň Aly hezretleri şeýle adamlara örän ýakyn durýardy we olara sarpa goýýardy. Her gezek dolandyryşyň hysyrdylaryndan we döwlet işlerini ýola goýmagyň aladalaryndan sypynanda, ol adatça suratkeşlik bilen meşgullanyp, dunç alýardy».
Begzada Hyradyň, Töwrüziň we Şirazyň sungat mekdepleriniň tejribesini ösdürmek bilen çäklenmän türkmen suratkeşliginde öz ýoluny – «Begzadanyň ýoluny» döretmegi başarypdyr. Töwrüzde işlän ýyllary türkmen taryhçylarynyň ýazmagyna görä, ol wagtyny esasan şägirt ýetişdirmäge sarp edipdir. Suratkeşleriň işlerine ýolbaşçylyk etmek bilen öz tejribesiniň ulanylmagyny we dowam etdirilmegini gazanypdyr.
Gündogar suratkeşliginiň umumy ösüşinde Begzadanyň hyzmaty jedelsizdir. Begzada bilen döwürdeş we soňky eýýamlaryň gündogar ýazarlarynyň dilinde onuň ady çeperçilik sungatynyň çürbaşy hökmünde häsiýetlendirilýär. Begzada diňe bir Hyradyň, Töwriziň we Şirazyň çeperçilik mekdepleriniň ajaýyp sungat ussatlarynyň tejribesini özleşdirmek we kämilleşdirmek bilen çäklenmän, sungatyň täze bir ugrunyň öňbaşçysy hökmünde çykyş edipdir. Begzadanyň döredijiligi çeperçilik sungatynda gazanylan uly netijeleriň umumy bir toplumydyr. Onuň döredijilik ýolunda birnäçe döwürler bolup, onda diňe bir ussatlygyň ösüşi däl, eýsem suratkeşiň ruhy dünýäsiniň, onuň gözlegleriniň we onuň içki kämilliginiň özgerýändigi hem açyk görünýär.
Töwrüz mekdebiniň suratkeşleri esasan Nyzamynyň, Nowaýynyň, Ferdöwsiniň, Hafiziň, Sädiniň we Gündogaryň beýleki söz ussatlarynyň eserlerindäki wakalary janlandyrmaga ýykgyn edýärdiler. Aýratyn hem Ferdöwsiniň we Nyzamynyň eserlerine çekilen suratlar köp duş gelýär. Aýry-aýry golýazmalarda suratlar has hem köp ýerleşdirilipdir. Stambulyň Topgapy muzeýinde saklanylýan Nyzamynyň bir golýazmasynda 74 sany surat, beýleki nusgasynda 24 sany surat ýerleşdirilipdir. Golýazmalar meşhur hatdat Ýary tarapyndan ýazylypdyr. Suratlary çeken bolsa, ussat Kemaleddin Begzada hasap edilýär. 1524-nji ýylda şa Ysmaýyl aradan çykandan soň, 10 ýaşlyja Tahmasp tagta çykýar. Ýaşy ulaldygyça onuň sungata we sungat ussatlaryna goýan sarpasy artypdyr. Onuň döwründe Töwrüz mekdebi has hem ulalyp, onda ençeme ussatlar döredijilik işi bilen meşgul bolupdyrlar. Şa Tahmaspyň dolandyran ýyllarynda Töwrüz mekdebinde Begzadadan başga-da Rüstemaly, Şyhmuhammet, Abdylla, Dost Muhammet, Aga Mirek, Soltanmuhammet, Muhammet Kadimi, Abdylgapbar, Masut, ussat Hasanaly, Hoja Kaka we başgalar işläpdirler.
Töwriz mekdebiniň meşhur suratkeşleriniň biri-de, Begzadanyň döwürdeşi we kärdeşi Soltanmuhammet bolupdyr. Ol Begzada bilen bilelikde şa Tahmasp üçin niýetlenilip döredilen Nyzamynyň «Hamsasyna», Ferdöwsiniň «Şanamasyna», Hafiziň «Diwanyna» we Nowaýynyň «Diwanyna» suratlary çekipdir. Hafiziň we Nowaýynyň golýazmalary Tahmaspyň inisi Sam Mürze üçin doredilipdir. Ýeri gelende aýtsak, Hafiziň «Diwany» köp ýyllarynyň dowamynda ABŞ-da E.Rotşildiň kolleksiýasynda saklanylypdyr. 1959-njy ýyldan bäri bolsa A. Hogtonyň (ABŞ) hususy kolleksiýasynda saklanylýar. Çeperçilik taýdan deňi-taýy bolmadyk bu golýazma 258 sany surat bilen bezelipdir. Amerikan alymy S. K. Uelç 1971-nji ýylda şu golýazmadaky suratlaryň 78 sanysyny neşir edipdir. 1972-nji ýylda bolsa ýanynyň 27 sany suraty we olaryň aýry-aýry şekilleriniň ulaldylan görnüşindäki birnäçe suratlary bilen şu golýazma barada gymmatly ylmy iş çap edipdir.
Soltanmuhammediň suratlary reňkleriniň açyklygy we çekilen adam suratlarynyň täsin inçeligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Sungaty öwrenijileriň bellemeklerine görä, zehinli suratkeş Soltanmuhammet 256 sany surat döredipdir. Onuň çeken käbir suratlary Sankt-Peterburgyň Saltykow-Şedrin adyndaky kitaphanasynda hem saklanylýar. Onuň suratlarynda köşk durmuşy ussatlyk bilen beýan edilipdir. Ussat aýratyn hem gül-pürçege bürenip duran baglaryň aşagynda oturan ýaş ýigitleriň suratlaryny çekmegi söýüpdir. Umuman Soltanmuhammet türkmen köşgüniň gaýgy-gamsyz, şadyýan durmuşynyň suratçysydyr.
Soltanmuhammediň şägirtlerinden ussat Muhammedi öz halypasyndan tapawutlylykda, halk durmuşyndan alnan pursatlary janlandyrmagy söýüpdir. Meýdanda öküz bilen ýer sürüp ýören daýhan, ýany itli çopan, tans edip duran masgarabazlaryň we beýleki durmuşy suratlar Muhammediniň döredijiliginiň özenini görkezýär. Adamlaryň ýuz keşbi, tebigatyň gözelligi ussat Muhammediniň işlerinde özüniň durmuşy hakykylygy we çuňňur beýan edilmegi bilen tapawutlanýar.
Töwrüz mekdebiniň köp sanly sungat ussatlarynyň arasynda asly merwli suratkeş gelin Bibijäniň hem ady tutulýar. Gynançly ýeri, taryhy çeşmelerde onuň nähili suratlary çekendigi barada maglumat berilmeýär.Türkmen suratkeşleri tarapyndan döredilen ummasyz baý mirasymyzyň içinde belki onuň hem döreden eserleri bardyr. Sebäbi döredilen suratlarynyň arasynda haýsy suratkeş tarapyndan çekilendigi anyklanylmadyk eserler hem az däl.
Begzadanyň okuwçylaryndan özüniň ussatlygy bilen Aga Mirek tapawutlanypdyr. Ol Nyzamynyň «Hamsasynyň» köpsanly nusgalarynyň biriniň surat bezeglerini ýerine ýetiripdir. Eger-de, Begzadanyň suratlarynda gelin-gyzlaryň şekilleri seýrek gabat gelýän bolsa, Aga Miregiň eserleriniň bezegi perizat mysaly gözellerdir.
Töwrüzli türkmen ussatlarynyň galamyndan çykan ajaýyp eserler görenleri aňk edipdir. Gündogar sungatyny öwreniji alymlar G. A. Pugaçenkowa, O.F. Akimuşkin we başgalar olara örän ýokary baha beripdirler. O. F. Akimuşkiniň beren bahasy örän ýerlikli. Ol türkmen suratkeşleri tarapyndan Töwrüz mekdebinde döredilen suratlara «özüniň çeperçilik gymmaty we ýerine ýetirijilik usstlygy boýunça dünyä tejribesinde deňi-taý bolmadyk» eserler diýip baha berýär. Bu hakykatdan hem şeýle. Giçki döwürde Nyzamynyň «Hamsasyna» eýe bolan bir günbatarly sungaty söýüji «entäk beýle gözellige wagtyň nazary düşmändi» diýip öz geňgalyjygyny saklap bilmändir. Hakykatdan hem biziň ata-babalarymyzyň döreden şol ajaýyp mirasy hemişe-de görenlerde uly joşgun we haýran galmak duýgularyny doredip bilipdir.
Beýik ussat ömrüniň ahyrynda Hyrada dolanyp gelipdir we 1536-njy ýylda aradan çykypdyr. Minnetdar ildeşleri ony uly hormat bilen jaýlapdyrlar. Begzadanyň Hyradyň «hatyra» diýlip atlandyrylan, meşhur adamlaryň jaýlanan ýerindäki mazarynyň üstüne goýlan daş owadan suratlar bilen bezelipdir.
Taryhy çeşmeleriň şaýatlyk etmegine görä, XVI asyryň ortalarynda Töwrüz mekdebi ýapylýar. Bu döwürler türkmenleriň Sefewi we Osmanly döwletleriniň özara bäsleşikleriniň iň ýitileşen ýyllarydy. Paýtagt şäher Töwrüziň Osman türkmenleriniň döwletiniň serhetlerine golaý ýerleşmegi we onuň garşydaş tarapyň eline birnäçe gezek geçmegi şa Tahmaspy ynjalykdan gaçyrypdyr. Şonuň üçin hem 1548-nji ýylda Tahmasp şa döwletiň paýtagtyny Kazwine göçürýär. 1598-nji ýylda bolsa şa Abbas paýtagty has howpsyz ýere - Yspyhana geçiripdir.
Türkmen suratkeşlik sungaty we ondaky «Begzadanyň ýoly» belli sefewi türkmen patyşasy şa Abbasyň (1587-1629) döwründe has hem kämilleşipdir. Sefewi türkmenleriniň soňky paýtagty Yspyhanda ol çeperçilik akademiýasyny döredipdir.
XVII asyryň başlarynda şa Abbas öz döreden çeperçilik akademiýasynyň esasynda suratkeşlik mekdebini esaslandyrýar. Onuň esasy suratkeşleri Begzadanyň elinden çykan ussatlar ýa-da olaryň şägirtleri bolupdyr. Suratkeşligiň inçe syrlaryny öwrenmek we ony has kämilleşdirmek maksady bilen şa Abbas zehinli suratçylary italýan sungatyny öwrenmek üçin Rime iberipdir. Şa Abbasyň mirasdüşerleri hem onuň yzyna eýeripdirler. Rimde okap gelen suratkeşleriň iň ussady Muhammet Zaman hasap edilýär. Ol XVII asyryň 40-nji ýyllarynda Rimde bolmak bilen köp zatlary öwrenipdir. Ol şa Abbas II (1629-1642) köşgünde işläpdir. Soňra ol Hindistanda mogol patyşasy şa Jahanyň we beýleki hindi-musulman hökümdarlarynyň köşgünde ençeme eserleri döredipdir. 1679-njy ýylda ol Hindistandan ýurduna dolanyp gelip, Ferdöwsiniň we Nyzamynyň golýazmalaryna ençeme suratlary çekipdir. Muhammet zaman italýan hudožnikleriniň hem bir näçesiniň işleriniň göçürmesini döreden suratkeşdir. Netijede, XVII asyryň ahyrlarynda türkmen suratkeşleriniň döredijilik tejribesi has kämilleşipdir we onda indi - «pereň» - täsiri (Gündogarda şol sanda Türkmenistanda hem orta asyrlarda ýewropalylary – «frank» – «pereň» diýip atlandyrýardylar) hem duýulýardy. Pereň täsirinde döredilen işleriň hatarynda «Körler», «Isanyň ölümine gözýaşlar» ýaly suratlary görkezmek bolar.
XVII asyryň ussat suratkeşleriniň biri-de Ryza Abbasy (1635-nji ýylda aradan çykan) bolup, onuň suratlary diňe bir Gündogar ýurtlarynda däl, eýsem XVII asyryň 30-njy ýyllaryndan başlap Günbatar Ýewropada-da giň meşhurlyga eýe bolupdyr. Onuň suratlary Ýewropada guralýän sergilerde häli-şindi görkezilipdir. Ryza Abbasynyň galamyna 100-den gowrak surat degişlidir. Olaryň ählisi diýen ýaly ajaýyp nusgalar hasap edilýär. Onuň «Derwişleriň tansy», «Erkek adamyň portreti» we «Şa Abbasyň portreti» dünýä suratkeşlik sungatynyň altyn fonduna giren eserler hasap edilýär. Ryza Abbasynyň meşhur döwürdeşlerden töwrüzli Muhammet Ryza (1627-nji ýylda aradan çykan) bellemäge mynasyplaryň biridir. Yspyhanda we Stambulda işlän ýyllarynda onuň zehininden nusgalyk eserleriň ençemesi dünýä inipdir. Ryza Abbasynyň eserlerine tomaşa eden sungat muşdaklary onuň suratlaryndaky sypaýy ýigitleriň we gözel gyzlaryň şekilleriniň öňünde uzak wagtlap eglenipdirler.
Türkmen suratkeşleriniň Töwrüz mekdebiniň ussatlary Gündogarda sungatyň bu ugrunyň ösmegine we uzaklara ýaýramagyna uly täsir edipdirler. Begzadanyň kämilleşdiren we ösdüren Töwrüz mekdebiniň esasynda soňra Buhara, Yspyhan, Kazwin we Şiraz mekdepleri döräpdir. XVII asyryň ahyrlarynda - XVIII asyryň başlarynda Sefewi türkmenleriniň döwletiniň gowşamagy bilen Kemaleddin Begzada ýaly ussat suratkeşleriň zehini we yhlasy bilen kemala gelen bu sungat mekdebiniň işinde döredijilik çökgünligi başlaýar. Ýöne bu ýol ýitmändir. Türkmen ussatlarynyň döreden ajaýyp mekdebinde kemala gelen suratkeşlik tilsimleri soňra Merkezi Aziýada, Beýik Mogollaryň we Osman türkmenleriniň döwletinde bu inçe senediň ösmegine we kämilleşmegine uly täsir edipdir.
Türkmen suratkeşlik mekdebiniň ussatlary Gündogaryň meşhur şahyrlarynyň eserlerine köp sanly suratlary çekýärler. Suratkeşler esasan hem beýik söz ussady Nyzamy Genjewiniň «Hamsasyna» köp ýüzlenipdirler. Bu iş Beýik şahyr dünýäden ötüp, birnäçe asyrlar geçen soň hem dowam edipdir. Asyrlaryň dowamynda suratkeşler, hatdatlar we nakgaşlar onuň «Hamsasynyň» ençeme ajaýyp bezegli golýazmalaryny döredipdirler.
Nyzamy Genjewiniň senet ussatlarynyň elinden çykan çeper bezegli golýazmalarynyň biri-de «Hamsanyň» 1539-1543-nji ýyllarda belli türkmen hökümdary şa Tahmasp üçin niýetlenip döredilen nusgasydyr. Seýrek duşýan bu golýazmanyň daşyna owadan nagyşlar bilen altyn çaýylypdyr. Golýazmanyň umumy möçberi 396 sahypadan ybaratdyr. Jildiň iki tarapyna-da «nastalik» usuly bilen hat ýazylan. Golýazmanyň kagyzy petlenilip ýaldyradylan we onuň şirmaýy reňki bardyr. Her bir sahypanyň gyrasyndaky boşluklar dürli jandarlaryň - tilkileriň, towşanlaryň, sugunlaryň, ördekleriň we dürli ýabany we ýyrtyjy haýwanlaryň kölege şekilleri bilen ussatlarça bezelen. Golýazmanyň sahypalarynyň gyralaryndaky nagyşlaryň we boşluklardaky şekilleriň hemmesi nagyşçy Mürze Aly Töwrüzli tarapyndan ýerine ýetirilipdir. Golýazmada jemi 17 sany nakys-nakgaşçylyk eseri bolup, olaryň 14-si golýazmanyň özi bilen bilelikde döredilipdir, üç sany surat bolsa 150 ýyl töweregi soňra XVII asyryň meşhur suratçysy Muhammet Zaman tarapyndan çekilipdir. Golýazmanyň jildiniň könelendigi üçin 1737-nji ýylda onuň daşy goparylyp, gaýtadan jiltlenilipdir. Bu gymmaty golýazma 1880-nji ýyldan bäri Angliýanyň Britan mirashanasynda saklanylýar.
Bu eseri kagyz ýüzüne göçüren «Zerrin-galam» («Altyn galamly») lakamyny alan belli hatdat Nyzameddin Şa Mahmyt bolup, ol ony dört ýylyň dowamynda (1539-1543) ýazyp gutarypdyr. Golýazma iňlis alymlary T.B.Arnold, A. Binýon, F. R. Martin, W. A. Smit tarapyndan öwrenilipdir. Golýazmanyň surat bezegi meşhur türkmen sungat ussatlary Aga Mirek, Soltanmuhammet, Mürze Aly, Mir Seýidaly we Muzapbar Aly tarapyndan ýerine ýetirilipdir. Biziň indiki gürrüňimiz şol ajaýyp suratlar barada.
Nyzamynyň «Hamsasyna» surat çeken meşhur ussatlaryň biri Aga Mirek Nakgaşdyr. Taryhy maglumatlara görä, ol ussat hökmünde sefewi türkmenleriniň paýtagty Töwrüzde kämilleşipdir, Kemaleddin Begzada ýaly köşgüň meşgur suratçylarynyň birine öwrülipdir. Isgender beg Türkmeniň bellemegine görä, ol şa Tahmaspyň suratçysy hökmünde onuň ýürekdeş dostlarynyň birine öwrülipdir.
Şa Tahmaspyň inisi Sam mürze «Tohfe-i-Sami» («Samyň sowgady») eserinde 1550-nji ýylda Aga Müregiň köşkde işleýändigini, suratçy hökmünde oňa taý geljek ussadyň ýokdugyny belleýär. Onuň şägirtlerinden, soňra belli senet ussady bolup ýetişen Şaguly Töwrüzliniň we Welijan Töwrüzliniň atlary tutulýar. Şaguly Töwrüzli bilen Welijan Töwrüzli soňra Osman türkmenleriniň meşhur soltany Süleýman Kanunynyň köşgündäki belli suratçylaryň birine öwrülipdir.
Nyzamynyň gürrüňi edilýän «Hamsa» eserinde onuň çeken birnäçe suratlary ýerleşdirilipdir. «Anuşirwan we baýguş», «Şapuryň gaýdyp gelmegi», «Hysrowa täç geýdirilişi», «Hysrow we Şirin kenizleriň gürrüňini diňleýär», «Mejnun ýabany haýwanlaryň arasynda» atly suratlar Aga Miregiň zehininden dörän ajaýyp eserler hasap edilýär.
Aga Miregiň «Mejnun çölde ýabany haýwanlaryň arasynda» atly suraty özüniň gözelligi we onda tebigatyň ajaýyp beýan edilişi bilen tapawutlanýar. Suratda Mejnunyň çekýän yşky heseriniň garşysyna tebigatyň baky gözelligi goýlupdyr. Daglaryň we gaýalaryň arasyndan akyp geçýän çeşme, onuň boýundaky güller we gyrymsy agaçlar suratyň bütin ýokarsyny tutup dur. Serwi agajy we gülläp oturan dürli ösümlikler Mejnunyň hasrat çekip oturan şekiliniň tersine, surata özboluşly şatlyk alamatyny çaýýar.
Suratda Aga Mirek Nakgaş 29 sany ýabany haýwanlary şekillendirilipdir. Gyzykly ýeri, şol haýwanlaryň möjekden başgasy jübüt (erkek we ene) görnüşde berlipdir, özi hem şol haýwanlaryň her bir jübüti özlerine mahsus bolan ýerde şekillendirilipdir. Meselem, guw bilen ördekler daglaryň depesinde, bulutlaryň aşagynda, dag goçlary gaýalarda, keýikler otluk çemenliklerde, sugunlar çeşmäniň boýundaky agajyň kölegesinde hamana Mejnunyň heserli aýdymyny diňläp ýatan ýaly görnüşde suratlandyrylypdyr. Umuman alanyňda, suratda Aga Mirek gözel tebigatyň ajaýyp pursadyny inçelik bilen beýan etmegi başarypdyr.
«Şapuryň gaýdyp gelmegi» suraty Nyzamynyň «Hysrow we Şirin» poýemasyndan bir pursaty - sasany patyşasy Hysrow II Perwiziň (590-628) dosty Şapuryň şanyň gelinligi, häzirbegjanly şazada gyzy Şiriniňkiden dolanyp gelşini janlandyrýar. Suratda dostunyň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýan ýaş şazada meýlis gurap, şady-horram bolup, aýdym-saz diňläp otyr. Öň hatarda, açyk meýdanda dikilen ýarym aý görnüşdäki çadyrlarda köşk adamlary we sazandarlar otyrlar. Elleri mejimeli hyzmatkärler myhmanlara her dürli nazy-nygmatlar hödürleýärler. Myhmanlaryň öňündäki gaplar miwelerden, iýer–içer ýaly zatlardan doly, şerapçy bolsa howlukmaçlyk bilen boşan badalary şerbetden doldurýar. Ýarym aý şekilli bezemen çadyryň ortarasynda eli badaly Hysrow otyr. Suratda Hysrowyň töwereginde alakjap ýoren hyzmatkärlerini, maňňalda çişlik bişirip duran aşpezini, suratyň çep tarapynda elleri gurally sazandalaryny (depçi, gyjakçy, tüýdükçi we başgalar) görýäris. Suratyň ýokarsynda alaňlaryň aňyrsynda, atly esgerleriň arasynda Şapuryň şekili hem görkezilýär. Şapur suratda sefewi türkmenleriniň lybasynda şekillendirilipdir. Aga Miregiň bu suraty «Hysrow we Şirin» poýemasyna özboluşly görk berip, Gündogarda asyrlar boýy ýaşap gelen hekaýaty döwürdeşleriň göz öňünde janlandyrýar.
«Hysrowyň başyna täç geýdirilişi» suratynda uly märekäniň gatnaşmagynda dabaraly pursatda Hysrowyň şa tagtyna göterilişi şekillendirilipdir. Suratda bezelen we nagyşlanan küňreli sütünleriň aşagynda ýerleşdirilen tagtda Hysrow öz köşk adamlarynyň arasynda suratlandyrlypdyr. Suratda görkezilýän belent sütünler, onuň öňünde jemlenen myhmanlar, ýokary gatlagyň wekilleri we serkerdeler bu pursatyň dabaraly äheňini has hem güýçlendirýär. Ymaratyň aňyrsynda jemgyýetiň dürli gatlaklaryndan bolan tomaşaçylar hem görünýär. Küňreli köşgüň töwereginde gül-gunça beslenip oturan baglar, serwi agaçlary, köşgüň öňünde serhowuz, onuň töwereginde bolsa dürli görnüşli güller şekillendirilipdir. Suratdaky bu görnüşler şa Tahmaspyň «Döwlethana» köşgüniň we onuň töweregindäki ajaýyp seýilgähi ýada salýar. Bu ýöne ýerden däldi. Sebäbi Aga Mirek suratdaky küňräniň ýüzüne şa Tahmaspy şöhratlandyrýan arap dilinde öwgi sözlerini ýazypdyr. Onda şeýle diýilýär: «Eý, Hudaý! Soltanyň ogly Soltanyň, ýeňiji Soltanyň ogly Soltanyň, adalatly we rehimdar Hanyň, Beýik Soltanyň, şa Tahmasp al-Hüseýni as-Sefewi Bahadur hanyň patyşalyk sürýän ýyllaryny baky et!». Bu sözleri yazmak bilen Aga Mirek öz howandaryna minnetdarlyk bildermek isläpdir. Isgender beg Türkmeniň ýazmagyna görä, Nyzamynyň «Hamsa» eseriniň golýazmasy şa Tahmasi üçin döredilipdir. Üstesine-de, suratçy sungata belent sarpa goýan şa Tahmaspyň golaý adamlarynyň biridi.
«Hysrow we Şirin kenizleriň hekaýatlaryny diňleýärler» suraty Hysrow bilen Şiriniň gijeki meýlisini beýan edýär. Bu suratda nagyşlar bilen bezelen küňreli sütünleriň arasynda altyndan ýasalan giň tagtyň üstünde Hysrow bilen Şirin otyrlar. Olaryň çep tarapynda Şiriniň kenizleri gezekli-gezegine Hysrowy wasp edýän hekaýatlary aýdyp berýärler. Nyzamynyň «Hamsasynda» olaryň onusynyň hem atlary getirilýär: Pereňgyz, Suheýl, Ejepnuş, Peleknäz, Hamilýa, Humaýyn, Sementürk, Perizat, Hatan-Hatyn we Göwher-mülk.
Suratda garamtyl gök reňkiň ulanylmagy, tagtyň öňündäki şemleriň we otly kesindileriň, öwüşgünleriň we agaç ýapraklarynyň açyk reňki suratçynyň garaňky gijäni şekillendirmäge synanşandygyny görkezýär. Şol döwrüň suratkeşliginiň şertli-bezeg usuly suratça garaňky gijäni doly beýan etmäge mümkinçilik bermedik hem bolsa, Aga Mirek dürli serişdeler, alamatlar we ussular bilen beýan edilýän pursaty anyklaşdyrmaga jan edipdir. Suratyň çep tarapynda aýallaryň, sag tarapda bolsa erkek adamlaryň şekillendirilmegi tomaşaçynyň bar ünsüni eseriň baş gahrymanlary Hysrow bilen Şirine tarap gönükdirýär.
«Hamsanyň» bezeg işlerine gatnaşan meşhur türkmen suratçylaryň biri-de Soltanmuhammet Töwrüzli bolupdyr. Belli hatdat we meşhur şahsyýetler barada eser döreden Kazy Ahmet özüniň «Hatdatlar we nakgaşlar hakynda kitap» eserinde, şindi Kemaleddin Begzada Hyratdan Töwrüze gelmänkä, Soltanmuhammediň Töwrüzde şa kitaphanasynda işländigini we şazada Tahmaspa suratkeşlikden sapak berendigini belleýär. «Ussat [Soltan] Muhammet paýtagt şäher Töwrüzden gelip çykan. Haçan-da ussat Begzada Hyratdan Häzirbegjana gelende, ussat Soltanmuhammet Şa [Ysmaýyl] kitaphanasynda işleýärdi we dört yklymyň Hysrowyny [Tahmasp] okatmak bilen meşgullanýanýardy. Ol Jenneti Alyhezret [Tahmasp] bolsa, ondan nakys nakgaşlygy öwrenýärdi. Ussat Soltanmuhammet sefewileriň boluşlaryny beýlekilerden gowy şekillendirýärdi. Ol paýtagt şäher Töwrüzde aradan çykdy»- diýip Kazy Ahmet belleýär.
Soltanmuhammediň döredijiligine Abbas I taryhçysy Isgender beg Türkmen hem uly baha berýär. Ony Begzada bilen bir hatarda goýmak bilen taryhçy bularyň ikisiniň hem sungat äleminde ýokary derejelere ýetendiklerini belleýär. Günbatar Ýewropanyň F. Martin (1912), W. Şuls (1914), A. Sakasian (1929) we başga-da käbir alymlaryň belemeklerine görä, Soltanmuhammet hytaý küýzegärçilik önümçiligini ýola goýmaga synanyşyk edipdir we çeper bezegli deprekli sagat ýasapdyr.
Gürrüňi edilýän golýazmada ussadyň «Soltan Sanjar we kempir», «Hysrowyň Şirin bilen ilkinji duşuşygy», «Bähram Gur ýolbars awlaýar», «Pygamberiň asmana göterilmegi» suratlary ýerleşdirilipdir. Onuň «Soltan Sanjar we kempir» eseri Nyzamynyň «Syrlar hazynasy» poýemasyny bezemek üçin çekilen suratdyr. Golýazmanyň tutuş bir sahypasyny tutup duran bu suratda, ýer üstüniň özboluşly görnüşinde Soltan Sanjaryň baştutanlygynda atlylar topary gidip barýarlar. Ýolagçy soltany hasasyna söýenip duran garryja kempir saklap dur. Kempir öz döwri üçin ýaşuly nesle häsiýetli bolan ak eginbaşda suratlandyrylypdyr. Altynsow reňk bilen şekillendirilen daglyk ýerde bezemen bedewiň üstünde Soltan Sanjar we onuň ýanyndaky wezir-wekilleri şekillendirilipdir. Soltanyň edil yzynda gara atyň üstünde onuň hyzmatkärleriniň biri Sanjaryň üstüne saýawan tutup dur. Onuň yzyndan soltanyň ýarag göterijileri barýar, olaryň biri gara gatyryň üstünde elinde içi şerbetli gaby, egninde bolsa soltanyň eplengi donuny saklap dur. Yzda atlylaryň biri elinde soltanyň elguşyny saklap dur, ol Soltanyň egindeşleriniň biri bolmaly. Suratyň çep tarapynda gaýalaryň aňyrsynda ýene-de iki sany adamynyň şekili ýerleşdirilipdir. Iň öňden bolsa şeýle ýörişlerde ýolagçylara ýol arçaýan eli aýpaltaly şatyr barýar. Päsgelçilik döretmez ýaly onuň donunyň etegi guşagyna gysdyrylypdyr.
Suratyň çeperçiligine tebigatyň gözelliginiň goşulmagy ony has hem bezeýär. Gaýalaryň depesindäki käkilikler, Günüň öňüni tutup duran kiçeňräk bulutlar we Günüň dag gaýalarynyň aňyrsynda ýerleşdirilmegi säher çagyny ýatladýar. Gülläp oturan agaçlar, gyrymsy ösümlikler döwrüniň bagtly we şadyýan durmuşyndan habar berip, tomaşaçylarda joşgunly duýgulary döredýär.
«Hysrowyň Şirin bilen ilkinji duşuşygy» suraty hem Soltanmuhammediň ajaýyp eserleriniň biridir. Şekilleriň umumy ýerleşişi, ulanylan reňkleriň täsin öwüşgünleri – bu belent we arassa duýgulary döredýän suratyň häsiýetli aýratynlygydyr.
Suratyň mazmuny şeýleräk: Arranyň şa aýaly Şamiranyň (Mehin Banu) dünýäde gözellikde deňi-taýy bolmadyk Şirin atly ýegeni bolupdyr. Sasany patyşasynyň ogly Hysrow öz suratçysy hem dosty Şapuryň gürrüňlerinden Şirine gaýybana aşyk bolupdyr. Şapur arranly melike (şa gyzy) Şirine Hysrowyň suratyny görkezenden soň ol hem juwan şazada aşyk bolýar. Ep-esli wagt geçenden soň Şirin Hysrowyň gözleginde sasanylaryň paýtagty Medaine ugraýar. Uzak aralygy geçip, ýadan Şirin çeşmejik akyp duran çemenlikde dynç almagy ýüregine düwýär. Şol wagtlar Hysrow hem Şirini görmek arzuwy bilen paýtagtdan çykyp demirgazyga tarap ýola düşüpdir. Ýolda Hysrow çeşmede suwa düşünip duran Şirini görüp, onuň gözelligine, kaddy-namatyna haýran galypdyr. Suwa düşunip duran Şirin nätanyş ýigidi görüp, utanyp suwdan çykýar we «Şebdiz» («Tümýaly») atly atyna atlanyp gidýär.
«Hysrow we Şirin» poemasyndaky bu pursat suratda Soltanmuhammet tarapyndan iňňän inçelik bilen beýän edilipdir. Gahrymanlaryň içki duýgulary we tebigatyň gözelligi dürli reňkleriň we öwüşgünleriň ussatlyk bilen ulanylmagy netijesinde doly aýdyňlygy bilen görkezilýär. Suratda Şebdiz kişňäp suwuň içinde ýarym ýalaňaç halda oturan Şirine tarap boýnuny öwrüp, nätanyş adamynyň ýetip gelýändigini habar berýän ýaly edilip şekillendirilipdir. Suratyň sag tarapynyň ýokary çüňkünde gülgün reňkli atyň üstünde Hysrowyň şekili ýerleşdirilipdir. Onuň agzyna barmaklaryny degirip durşy, Hysrowyň çeşmede suwa düşünip duran gyzyň gözelligine haýran galýandygyny beýan edýär. Hakykat ýüzünde poýemada «Şebdiz» Hysrowyň, «Gülgün» bolsa Şiriniň aty bolmaly. Suratda Soltanmuhammet öz islegine görä gahrymanlaryň bedewlerini çalşyrypdyr.
«Bähram Gur ýolbars awlaýar» eseri «Ýedi gözel» poemasyna çekilen surat bolup, onda Bähram V Guruň (421-438) bir okda ýolbars bilen gulan awlap duran pursaty şekillendirilipdir. Poýemada aýdylşyna görä, Bähram Gur gulan awlamaklyga uly sarpa goýupdyr. Hatda bir gezek ol ýolbarsy we onuň awlan gulanyny bir okda urupdyr. Aslyýetinde taryhçylar Bähramyň «Gur» lakamynyň «U-Gur» - «Gulan» sözünden gelip çykýandygyny belleýärler. Sebäbi aw-şikaryň ölemen aşygy Bähram Gulan awlamagy diýseň söýüpdir. Inçe sungata sarpa goýan Bähram Gur Hindistanda ýaşaýan, göçüp-gonup, ömrüni saz-söhbetde geçirýän sygan taýpalaryny hem Eýrana goýberipdir. Syganlaryň soňra dünýä ýaýramagyna Bähram Gur sebäp bolupdyr diýýärler.
Poýemada Bähramyň ýolbars bilen gulany awlaýşy Soltanmuhammediň çeken suratynyň mowzugy bolup hyzmat edipdir. Waka daglyk ýerde janlandyrylyp, onda ýolbarsyň yzyndan atly kowalap barýan Bähram Gur, onuň iki gapdalynda bolsa köşk adamlary we söýgüli sazandasy Fitne atlaryny ýüzün salyp barýarlar. Penjeleri bilen gulana ýapyşyp ýatan ýolbarsyň şekili täsin hakykylygy we ynandyryjylygy bilen özüne çekýär. Ýolbarsyň arkasynda, ýolbarsyň we onuň awlan gulanynyň içinden parran geçen peýkamyň ujy görünip dur. Ýokarda, çep tarapda Bähramyň guşçusy eline deriden edilen ellik geýip, elguşy saklap dur. Suratdaky ähli görnüşler, şekiller we olary janlandyrmak üçin ulanylan reňklerdir öwüşgünler täsin sazlaşykda. Suratçy waka degişli bolmadyk zatlary ulanmak bilen öz ýurdunyň tebigatyna we onuň gaýtalanmajak gözelligini görkezmäge çalşypdyr. Suratyň aşagynda «Ussat Soltanmuhammediň işi» diýlip suratkeşiň ady görkezilipdir:
Töwrüz mekdebiniň ussat nakgaşlarynyň biri-de Mürze Aly Töwrüzli bolupdyr. Onuň ömri we bitiren işleri barada suwytly maglumat galmandyr. Kazy Ahmediň işinde: «Möwlana Mürze Aly ussat Soltanmuhammediň ogly bolup, suratkeşlik sungatynda kämilleşip, hiç kim onuň bilen deňleşip bilmändir. Kakasy diri wagty ol Hanyň [Tahmaspyň] kitaphanasynda ösüp ulaldy» – diýlip aýdylýar. Mürze Aly barada XVI asyryň belli osmanly türkmen ýazary Mustapa Aly hem agzap, ajaýyp suratçy we nagyşçy hökmünde onuň adyny getirýär. Mürze Aly Nyzamynyň «Hamsasynda» ýerleşdirilen «Şapur Şirine Hysrowyň suratyny görkezýär» we «Barbet Hysrowa saz çalyp berýär» eserlerini döreden suratçy bolupdyr.
Mürze Alynyň «Şapur Şirine Hysrowyň suratyny görkezýär» eseri onuň bize mälim bolan az sanly işleriniň biridir. Nyzamynyň golýazmalaryndaky beýleki suratlar ýaly, Mürze Aly hem poemanyň mazmunyndan birneme sowulýar. Poemada Hysrow tarapyndan Şiriniňkä iberilen Şapur, onuň ýanyna çemenlikde öz kenizleri we gyrnaklary bilen gezelenç edip ýören mahaly barýar. Pursat peýläp Şapur, bildirtmän Şiriniň ýanyna barýar we oňa Hysrowyň söýgüsi barada gürrüň berýär. Mürze Alynyň suratynda bolsa bu waka başgarak beýan edilip, onda köpsanly köşk adamlarynyň ýanynda Şirin söýgülisiniň suratyny Şapuryň elinden kabul edip alýar. Wakalar açyk meýdanda bolup geçýär. Gül-pürçege beslenip oturan baglar we asmandaky bulutlar, uçup ýören durnalar ýaly tämiz bahar paslyny göz öňünde janlandyrýar. Suratyň öňünde adaty ýerden ep-esli ýokary galyp duran, daşy aýlawlyja seki görünýär. Sekiniň aňyrsynda her-hili gülläp oturan agaçlar we serwi agajy ösüp duran ýapgyt seýilgäh, serhowuzyň üstünden akyp ýatan durnaň gözi ýaly arassa suw çekilipdir. Ýaşyl kerpiçler düşelen meýdançadaky tagtyň üstünde Şirin otyr. Ol Hysrowyň suratyny aljak bolup, öňünde oturan Şapura tarap elini uzadýar. Bag tarapda Şiriniň köp sanly boýdaşlary we gyrnaklary geň galyjylyk bilen olara seredip durlar. Meýdanyň töweregine ýygnanan köşk adamlary we myhmanlar hem bolup geçýän waka barada özara söhbet edip durlar. Hyzmatkärler howlukmaçlyk bilen nahar taýýarlaýarlar, içer ýaly zat äberýärler.Ýokarda attutar Şapuryň atyny saklap dur. Suratçy nagyşçy hökmünde suraty owadan nagyşlar bilen hem bezäpdir. Suratyň ortaarasynda kölege etmek üçin dikilen pürsüň ýüzüne çekilen baý mazmunly nagyşlar munuň aýdyň şaýatnamasy. Pürsüň üstüni örtüp duran halynyň nagyşlary hem örän owadan we özüne çekiji.
Suratda gadymy döwür hakynda gürrüň edilýän bolsa-da, onuň gahrymanlarynyň ýüz keşbi we lybaslary Mürze Alynyň ýaşan döwri bolan sefewi türkmenleriniň zamanyndaky ýaly görnüşde suratlandyrylypdyr. Eseri döredijiniň ady golýazmanyň surat ýerleşdirilen sahypasynyň aşagynda ýazylypdyr: «Ussat Mürze Alynyň işi».
«Barbed Hysrowa saz çalyp berýär» suratynda hem Hysrow açyk howada meýlis gurap oturan şekilde beýan edilipdir. Öňüne owadan germew edilip, ýerine kerpiç düşelip, baý bezelen küňre we gülýaka şekilinde çekilen serhowuz suratyň nepisligini has-da güýçlendirýär.
Sazandalar küňräniň öňündäki howluda ýerleşdiripdir. Olaryň şirin owazyny goňşy öýleriň ikinji gatynda ýaşaýan ýaşaýjylar hem diňläp durlar. Bezelen halynyň üstünden ýazylan halyçada Hysrow otyr. Şazadanyň öňünde tirmeden edilen saçak ýazylgy, onuň üstündäki her dürli gaplar miwelerden we nazy-nygmatlardan doly. Küňräniň öňünde meşhur sazanda Barbed eli sazly otyr, onuň ýanynda bolsa ýanamaçy depçi suratlandyrylypdyr. Nyzamynyň şaýatlyk etmegine görä, aýdym-sazyň ölemen aşygy Hysrow, Barbediň her ýerine ýetiren sazyna merjen däneleri bilen bezelen don («gaba») sowgat berýär eken. Mürze Alynyň şu suratyndaky şekiller hem poemanyň şol wakasyny janlandyrýär: köşk adamlarynyň biriniň elinde düwünçek, beýlekisinde bolsa sazanda berlen şa serpaýyny - ýüpek dony görýäris. Eli serpaýly bu adamlary sefewi türkmenleriniň köşgünde möhüm wezipeli adamlaryň biri bolan eli «degenekli» (hasa) «işikagasybaşy» ugradýar. Bulardan başga-da girelgede egni ýaýly «kemandar» we guşçy elguşy elinde saklap dur. Aşakda sag çüňkde we ortada iki sany şerapçy («saky») myhmanlara hödür edýärler. Mürze Alynyň eseri ösüp oturan her hili güller we agaçlar bilen hem baý bezelipdir.
Türkmen nakys nakgaşlyk sungatynyň görnükli wekilleriniň biri-de Muzapbar Aly bolupdyr. Ol barada Kazy Ahmet «Möwlana Muzapbar Aly, hatdat möwlana Rüstemalynyň aýal doganynyň ogly bolupdyr. …Onuň kakasy (Haýdar Aly) ussat Begzadanyň gowy şägirtleriniň biri eken. Kämillik derejesine ýetensoň, adamlar ony Begzada bilen deňeşdirip ugradylar. Suratkeşlikden we hat göçürmekden başga-da onuň täsin ýazuw usuly bardy. Ol «nastalik» hatyny gowy ýazýardy, zerlemekde we nagyş çekmekde ussatdy…» diýip ýazýar.
Isgender beg Türkmeniň eserleriniň birinde şa Tahmasp I patyşalyk süren ýyllarynyň meşhur suratkeşleriniň hatarynda Muzapbar Alynyň hem ady tutulýar. «Möwlana Muzapbar Aly onuň Alyhezretleri Şa (Tahmasp I) aradan çykandan soň, şu sungatyň ähli ussatlarynyň arasynda taryhymyzyň sahypalaryny bezän, öz döwrüniň ýeke-täk ussady bolupdyr. Ol özüniň inçe senedi bilen ýokary wezipeli adamlaryň portretlerini döredipdir. Onuň ussat Begzada bilen garyndaşlyk gatnaşyklary bardy, onuň elinde tälim almak we senet öwrenmek bilen suratkeşlik sungatyny ele aldy we kämillige ýetdi. Ähli meşhur ussatlar we portretçiler ony bu sungatda deňsiz-taýsyz hökmünde ykrar etdiler. Ol ajaýyp nakgaşdy we deňäp bolmajak suratçydy. Şa köşgündäki we «Kyrk sütün» mejlisler zalyndaky diwar suratlary hem onuň elinden çykan ajaýyp şekilleridir. Ol onuň Aly hezretleri, merhum şa aradan çykandan soň dünýäden gaýtdy»-diýip Isgender beg «Älemiň bezegi Abbasyň taryhy» eserinde ýazypdyr.
XVI asyryň ahyrlarynyň XVII asyryň başlarynyň belli suratkeşi we taryhçysy Sadyk beg Awşar: «…ol beýik senediň ussadydy we hoşniýetli ynsandy. Ol «begzadaçylyk galamynyň» mirasdarlarynyň biri bolup, onuň şägirtliginden Begzadanyň özi hem müň mertebe razydy. Ol kimdir birini şekillendirse, onuň tebigy sypatyny dikeldýärdi: hiç kim onuň çeken şekilini, sypatyndan, ol gymyldaýmasa, tapawutlandyryp bilmeýärdi» - diýip suratkeşlik sungatynda öz mugallymy bolan, nakys nakgaşlyk, haşamçylyk we hatdatlyk sungatlarynyň bu meşhur ussadynyň döredijiligine şeýle häsiýetnama berýar.
Sadyk beg Awşar başga bir eserinde «Biziň halypamyz – ussat Muzapbar Aly şa-Nakgaşy, Begzadanyň uýasynyň agtygy bolupdyr. Onuň kakasyna Haýdaraly diýýärdiler. Muzapbar Aly dürli senetlerden baş çykaryp bilýärdi. Men merhum şadan (Tahmaspdan), ony Begzadadan öňde goýandygy barada birnäçe gezek eşidipdim. Hatdatlygyň ussatlary möwlana Myralynyň we möwlana Soltanalynyň ýazgylaryny göçurende, olar ýazgylaryň haýsynyň özleriniňkidigini, haýsynyň Muzapbar Alynyňkydygyny tapawutlandyryp bilmeýärdiler. Şonuň üçin hem olar oňa öz ýazgylarynda «şa-Nakgaşy» diýip gol çekmegi buýurdylar… Ol Kazwinde aradan çykdy we şazada Hüseýiniň öwlüýäsinde jaýlandy» diýip Muzapbar Aly baradaky maglumatlary has hem baýlaşdyrýar.
Nyzamynyň «Hamsasynda» Muzapbar Alynyň ýeke-täk işi – «Bähram gulan awlaýar» eseri ýerleşdirilipdir. Surat «Ýedi gözel» poemasyndan bir wakany beýan edýär. Bir gezek Bähram Gur awa çykanda onuň sazandasy Fitne ondan: «Bir okda gulanyň yzky toýnagyndan we gulagyndan urup bilermiň?» diýip sorapdyr. Bähram Gur kesek bilen gulanyň gulagyna urupdyr. Gulagyna kesek degen gulan gulagyny gazalamaga durupdyr. Şol pursat Bähram ýaýyny çekip, gulanyň toýnagyny gulagyna peýkam bilen çüýläpdir.
Poemadaky wakany janlandyrýan bu suratda gahrymanlardan başga-da dört sany atly, iki sany gulan we bir keýik şekillendirilipdir. Eli sazly Fitnäniň atynyň julawyny ýaş attutar saklap dur. Öň hatarda şekillendirilen Bähram gyzyl atyň üstünde çapyp barýar, ol eýýäm ýaýdan oky sypdyrypdyr we onuň atan oky gulana degip, onuň toýnagyny gulagyna çüýläpdir. Türkmen suratkeşlik mekdebiniň eserleri üçin häsiýetli bolan tebigatyň gözel keşbi Muzapbar Alynyň suratynda hem özüniň gözel beýanyny tapyp bilipdir.
Meşhur nakgaş Kemaleddin Begzadanyň zehinli okuwçylardan Mir Seýidaly suratkeşlik sungatynda yz galdyran ussatlaryň biri bolupdyr. Begzadanyň elinde suratkeşligiň inçe syrlaryny öwrenipdir we soňra belli ussat bolup ýetişipdir we nakgaş hökmünde uly şöhrata eýe bolupdyr. Ol barada Sadyk beg Awşar: «Mir Seýidaly müsewwir (suratçy), öz sungatynyň ugrundan asyrlaryň şöhradyny gazanan Mir Müsewwiriň ogly bolupdyr. Ol merhum şanyň (Tahmasp) kitaphanasynyň işgärleriniň biridi. Mir Seýidalynyň özi hem ussat nakgaş we suratçydy. Ol Hindistana gitdi we Jelaleddin Ekberiň köşgünde işledi… «diýip ýazýar. Kazy Ahmet hem bu ussat barada käbir maglumatlary berýär. Onuň ýazmagyna görä «Mir Seýidaly kakasyna görä has zehinlidi. Olar Hindistana gitdiler… şol ýerde-de aradan çykdylar». Şol döwürler käbir söz hem-de sungat ussatlarynyň Hindistana gitmekleriniň öz sebäbi bardy. Çünki Hindistanda Töwrüzdäki türkmen suratkeşlik mekdebiniň ussatlaryna isleg hem-de sarpa uludy. Aýdylanlary Sadyk begiň bir garyp adama öz suratlaryny berip: «Söwdagärler meniň işlerimiň her bir sahypasyny Hindistanda satmak üçin üç tümenden satyn alýarlar, seret, ondan arzan beräýmegin!» diýen sözleri hem tassyk edýär. Mogol patyşasy Humaýyn 1555-nji ýylda Delidäki tagtyny gaýtaryp alandan soň, Mir Seýidalyny köşgüne çagyrypdyr we oňa Nyzamynyň «Hamsanyň» surat bezegini buýurupdyr. Ajaýyp hyzmatlary we zehini üçin Humaýyn oňa «Nedir ul-Mülk» («Döwletde seýrek [duşýan adam]») derejesini beripdir.
Humaýynyň köşgünde Mir Seýidaly Abdysamat Şirazy bilen patyşa üçin ýüzünde teýmirler nesilşalygynyň wekilleri şekillendirilen uly diwar suratyny (panno) çekipdir. Ussatlaryň işine seredip Humaýyn we onuň ogly Ekber hem bu inçe senedi öwrenmäge we öz güýçlerini synap görmäge çalşypdyrlar. Bu suratçylar Beýik Mogollaryň meşhur patyşasy Ekberiň (1556-1605) döreden çeperçilik ussahanasyna-da ýolbaşçylyk edipdirler, ussatlaryň ýolbaşçylygynda ýerli hindi suratçylary hem kemala gelipdir. Olardan Daswanta bilen Basawan aýratyn tapawutlanypdyrlar we ýokary kämillige ýetipdirler. Mir Seýidaly Hindistanyň mogol suratkeşler mekdebini esaslandyryjylaryň biri hasaplanylýar.
Mir Seýidalynyň «Mejnun Leýliniň çadyrynyň öňünde» suraty adyndan mälim bolşy ýaly «Leýli we Mejnun» dessanyndaky bir pursaty beýan edýär. Dessanda Mejnun hossarlarynyň berk gözegçiliginde saklanylýan Leýlini görmek üçin bir usul oýlap tapýar. Boýnuna zynjyr dakylan guly idip barýan garrynyň ýanyna baryp, Mejnun garrydan guluň ýerine özüni almagy soraýar. Ol şeýdip öz söýgülisi bilen duşuşmaga mümkinçilik almak isläpdir.
Suratda biz Mejnunyň boýnuna zynjyr salyp, ony idip barýan garryny görýäris. Olaryň öňünde, baýyrlaryň arasynda bezemän çadyrlar görünýär. Mejnunyň suratdaky lagar düşen keşbi, pursata azda-kände hesret öwüşgünini çaýýan bolsa-da, ähli gam-gussa haýran galdyryjy öwüşünleriň arasynda ýitip gidýär we surata seredýän tomaşaçylaryň bar ünsini, esasan bezegli-nagyşly çadyrlara we töweregi gallap duran geýnüwli märekä çekýär. Içi-daşy owadan bezelen çadyrlarda ýerleşdirilen zenanlar Leýliniň ýalňyzlygyny gorap durlar. Bu çadyrlaryň yzynda hyzmatkärler üçin dikilen ýönekeý çadyrlar hem bar. Olaryň töwereginde nahar taýýarlanyp dur, goýun sagylýar we başgalar. Iň öňdäki çadyrda Leýli Mejnuna seredip dur, ondan birneme aňyrrakda bolsa Leýliniň joralary. Leýli eliniň yşaraty bilen idilip gelýän Mejnuny ýanyna çagyrýan ýaly edilip görkezilipdir. Mejnun Leýlini görüp, edil dessandaky ýaly huşy başyndan uçup ýene-de däli-telwe bolýar. Çadyrlaryň öňünde we aňyrsynda boýny zynjyrly Mejnuna geň galyp seredýän aýallar görünýär. Üç sany oglanjyk Mejnuna daş zyňýar, kiçijik gyzjagaz bolsa gorkusyna üçünji çadyrda goňşusy bilen gürleşip duran ejesiniň gujagyna gaçyp girýär. Ak güjük nätanyşlara tarap üýrüp dur. Gyralary her hili otlar we güller ösüp oturan çeşmeden suw alyp duran aýal hem bolýan waka howsalaly halda seredip dur. Suratyň ýokarsynda ala donly goja hasasyna söýenip ig egirýär. Öňde, daşyň üstünde oturan çopan bolsa saz çalýar. Bir aýal goýun sagyp dur, beýlekisi bolsa, oňa çadyryň içinden süýt üçin ikinji bir gaby uzadýar. Çetki goňras çadyryň aňyrsynda boýunlaryna jaň dakylan goçuň we geçiniň kelleleri görünýär. Suratdaky goýunlar, geçiler we goçlar biri-biriniň golaýynda dürli ýagdaýda şekillendirilipdir: birleri gaşanyp dur, beýlekileri ot iýýär, ýene birleri mäläp guzularyny çagyrýar, ala owlajyk enesini emip dur.
«Jedelkeş danalaryň ýaryşy» suratynyň çeperçiligi we bezegi hem edil gürrüňi edilen suratdaky ýaly. Ýöne, Mir Seýidalynyňky hasaplanylýan bu suratyň kimiňkidigi jedelli. Belli sungaty öwreniji alym A.Ý. Kazyýew bu suratyň Aga Mirek tarapyndan çekilendigini belleýär we öz gelen netijesini dürli mysallar bilen delillendirýär. Suratyň wakasy Nyzamynyň «Syrlar hazynasy» dessanyndan alnan we onda gadymy grek lukmanlary Eshil bilen Ewripidiň ýaryşy beýan edilýär. Lukmanlaryň bäsleşiginiň maksady olaryň özleri tarapyndan taýýarlanylan zäheri, özlerinde synamakdan we ahyr netijede diri galmakdan ybarat bolupdyr. Suratda hekimleriň biri beýlekisine zäherlenen derman, beýlekisi bolsa öz garşydaşyna ýaňja ýolnan bägüli berýär. Bägüli eline alan hekim, güle ynamsyzlyk bilen seredip, şindi güli ysgamanka gorkusyndan ölýär. Ozüni diýseň ynamly saklan ikinji hekim özüne berlen awyny içse-de hiç zat bolmaýar.
Bu surat hem nakgaşyň ajaýyp eserleriniň biri hasap edilip, onda beýan edilen wakalar örän ynandyryjy. Suratdaky üsti garly daglar, akyp ýatan dury suwly çeşmeler, ösüp oturan güller, dürli derejedäki we görnüşdäki gahrymanlar Mir Seýidalynyň eseriniň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrýar.
Umuman aýdylanda, beýik akyldar Nyzamy Genjewiniň edebi mirasy we onuň türkmen senet ussatlary tarapyndan döredilen gyzyldan-da gymmat golýazmalary köp müňýyllyk taryhy, ruhy we maddy mirasy bolan halkymyzyň döreden ajaýyp gymmatlyklarynyň biridir. Nesilden-nesle, asyrlardan asyrlara geçip gelen şol mirasy öwrenmek we wagyz etmek bolsa biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Jumadurdy ANNAORAZOW,
taryh ylymlarynyñ kandidaty.
Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty