11:25 Döwlet gursañ türkmeni çagyr | |
DÖWLET GURSAŇ TÜRKMENI ÇAGYR
Taryhy makalalar
• Gadymy we orta asyr türkmen döwletleriniň dolandyryş ulgamy barada Türkmenlerde nesilbaşymyz Oguz han Türkmeniň jöwher paýhasyndan dörän, asyrlar boýy mynasyp nesiller tarapyndan ösdürilen we kämilleşdirilen, döwründe dünýä nusga bolan kämil döwlet dolandyryş ulgamy bolupdyr. Bu ulgam taryhymyzyň gadymy döwürlerinde ýüze çykyp, asyrlaryň talapkär tejribesinden geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Nesilbaşymyz Oguz han Türkmen adamlary döwletdäki we jemgyýetdäki eýeleýän orunlaryna ukyp-başarnyklaryna görä, biri-birinden tapawutlanýan durmuş toparlaryna bölüpdir. Taryhy maglumatlardan çen tutsaň, türkmen jemgyýetinde şindi gadym zamanlarda üç sany durmuş toparynyň – (1) emeldarlaryň (akyldarlar, bilimliler we hasapçylar), (2) harbylaryň (batyrlar we çakgan kişiler) we (3) döwlete salgyt töleýän hem-de zähmet borçlaryny ýerine ýetirýän ilatyň (bilimsiz, sada kişiler) bolandygy görünýär. Eýsem-de bolsa, bir görseň täsin nusga, unudyp bolmajak dessur, bir görseň keramat bolup görünýän bu düzgüni Oguz han näme üçin, nähili maksatlaryň hatyrasyna girizdikä? Döwletlilik taryhy müňýyllyklar bilen ölçelýän türkmenleriň döwleti edara etmek dessurynda, durmuş sazlaşygy meselesi hemişe hökümdarlaryň üns merkezinde bolupdyr. Oguz han tarapyndan esaslandyrylan bu gurluş asyrlar boýy dowam edip, diňe bir türkmen döwletleri üçin däl, eýsem dünýäniň köp ýurtlary üçin hem nusga bolup hyzmat edipdir. Çünki jemgyýeti dolandyrmagyň şeýle usuly islendik döwletiň içinde saklamasy örän kyn bolan durmuş sazlaşygyny emele getiripdir. Durmuş sazlaşygy bolsa, döwletiň daşky howpsuzlygy bilen bir hatarda, onuň içki howpsuzlygyny hem-de rowaç ýaşaýsyny üpjin edýän baş şertleriň biridir. Jemgyýetiň içki bitewiligini emele getirýän üç sany durmuş topary bilen bir hatarda, döwletiň ilatyny sany boýunça deň derejede iki golda ýerleşdirmek (çep we sag gollar ýa-da ganatlar) tejribesiniň hem uly ähmiýeti bolupdyr. Bu düzgün boýunça döwletiň ýerini, ýurdumyzyň häzirki döwürde welaýatlara bölünişi ýaly, tutýan meýdanyna we ilat sanyna görä deň ikä bölýärdiler. Türkmen jemgyýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan dürmuş toparlarynyň – gatlaklarynyň sany hem gollaryň - ganatlaryň ikisiniň içinde hem birmeňzeş bolupdyr. Bu örän oňaýly dolandyryş usuly hasap edilýär. Göç edilende, ýörişlere gidilende ýa-da söweşlerde halka hem-de goşuna öwretmek gerek däldir: begler, töreler, aksakallar we serkerdeler buýruk berilmezden derrew öz durmaly, ýerleşmeli ýerlerini, gollaryny, ganatlaryny kynçylyksyz tapyp bilýärdiler. Çünki bu düzgünler müňýyllyklardan gelýän üýtgewsiz dessurlardy. Oguzlaryň gadymy dessur esasynda «iç oguzlary « we «daş oguzlary « bolup oturmak däbi hem hut şu dolandyryş ulgamyndan gelip çykýandyr. Oguzlaryň 24 taýpasy Oguz han tarapyndan öz ata-baba ýurdunda ýerleşdirilişi, türkmen döwletiniň dolandyrylyşy we edara edilişi barada köp maglumatlar saklanyp galypdyr. Şol taýpalar ýerleşişlerine görä iki goldan – sag hem-de sol goldan durupdyrlar. Oguzlaryň gadymy däplerine görä, tagtyň mirasdary hemişe sag goluň häkimi wezipesini eýeläpdir, çep goluň häkimi bolsa baş serkerdäniň ornuny tutýardy. Ýokarda şekillendirilen çyzgydan görnüşi ýaly, türkmenler ýurt tutunyp oturyşlaryna görä, iki goly ýa-da iki ganaty, her gol bolsa öz içinde biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly üç sany durmuş toparyny emele getiripdir. Jemgyýetiň üç sany durmuş toparyndan ybarat bolmagy, döwletiň bolsa şeýle usul bilen iki ganatda ýerleşdirilmegi, onuň dolandyryşyny we edara edilişini ýeňilleşdiripdir, howsalaly döwürlerde döwletiň howpsuzlygyny üpjün edipdir hem-de ýurduň ähli raýatlaryny bir maksada gönükdirip, olary bir hökümdaryň daşyna jemläpdir. Meşhur hytaýly taryhçy Syma Sýanyn ýazmagyna görä, Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwleti hem ýerleşişine we onuň goşunlarynyň düzülişine görä, iki goldan ybarat bolupdyr. Taryhçynyň aýdanlaryny onuň hun döwletindäki wezipeler hakynda berýän maglumatlary hem tassyk edýär. 1) Gündogar we Günbatar Toky begi, 2) Gündogar we Günbatar begi, 3) Gündogar we Günbatar beýik serkerdesi 4) Gündogar we Günbatar duýuýy, 5) Gündogar we Günbatar Danhu, 6) Gündogar we Günbatar Gutlugy. Wezipeleriň we derejeleriň öňünde «Gündogar we Günbatar» sözleriniň getirilmeginiň sebäbi, bu döwlet iki ganatdan – sag (Günbatar) we çep (Gündogar) ganatlardan durupdyr. Geçmişde milletimiziň Oguz han tarapyndan esaslandyrylan bu özboluşly dessuryny ulanmaga synanyşan halklar az bolmandyr. Basybalyjy Çingiz han hem bu ulgamyň gürrüňsiz artykmaçlygyny görüpdir. Ol öz döreden wagşy döwletini şu düzgün boýunça edara etmäge çalşypdyr, nesillerine-de şony wesýet edipdir. Emma maksat-myradyň, niýetiň-päliň düzüw bolmasa, nähili kämil gurluşy kabul edeňde-de onuň peýdasy ýok! Üstesine-de, ýoýlan, ýasama zatlar uzak dowam etmeýär. Şonuň üçin hem ýykgynçy nesil tarapyndan Zeminiň dürli künjeklerinde döredilen «mongol döwletleri» diýilýänleri, döreýişleri ýaly hem dünýä taryhynda ýakymsyz yz galdyryp, tiz ýitip gitdiler. Geçmişde türkmenleriň döwleti edara etmek, adamlary jemgyýetdäki eýeleýän orunlary boýunça ýerleşdirmek däpleri, dünýäniň köp ýurtlaryndakydan düýpli tapawut edýärdi. Elbetde, Gündogaryň gadymy döwletleri bolan Hytaýda, Yaponiýada, Koreýada, Wizantiýada, Sasany döwletinde we başgalarda hem jemgyýeti gatlaklara bölýärdiler. Emma bu ýurtlardaky jemgyýetçilik bölünişigi, esasan adamy adamyň ezmegine we sütem etmegine daýanýardy.Yaman ýeri, jemgyýetçilik durmuşynyň iň kyn wezipeleri hem ilatyň köp bölegini öz içine alýan öndürijileriň (daýhanlar, maldarlar, senetçiler, hünärmentler) boýnuna düşýärdi. Ýurtda haryt bolçulygyny döretmek we salgyt tölemek wezipesi boýnuna ýüklenen öndürijileri hatda göşun gulluguna-da alýardylar. Dogrusy, goşun hem esasan şolaryň hasabyna düzülýärdi. Ady agzalan döwletlerde, asyrlaryň dowamynda bolup geçen köpsanly halk gozgalaňlarynyň sebäplerini hem adatça hut şeýle adalatsyz durmuş gurluşyndan gözleýärler. Halkymyzyň taryhy tejribeleriniň hatarynda, onuň döwründe dünýä nusga bolan köpmilletli döwleti dolandyrmak tejribesiniň hem uly ähmiýeti bolupdyr. Oguz hanyň guran türkmen döwleti, soňra asyrlaryň geçmegi bilen Oguz türkmenleriniň Beýik Hun, Göktürkmenleriň, Gaznaly, Beýik türkmen Seljuk, Yrakdaky we Rumdaky Seljuk, Osmanly, Sefewi döwletleri, Delidäki türkmen soltanlygy ýaly başga-da ençeme köpmilletli döwletlere öwrülipdir. Aslyýetinde, türkmen döwletleri diýlende, Zeminiň çar künjeklerinde döredilen köpmilletli döwletler göz öňüne gelýär. Şu döwletleriň içki gurluşy içgin öwrenilende-de, Oguz hanyň jemgyýeti dolandyryş tejribesini aýdyň görmek bolýar. Ýöne, türkmen jemgyýetiniň içindäki şol üç durmuş toparyny syýasy-ykdysady taýdan pugta özara baglanyşdyrýan gural hem iňňän zerur bolupdyr. Şol gural bolsa, Oguz hanyň işläp düzen hem-de Oguz döwletini dolandyrmak üçin saýlap alan nusgalyk dolandyryş ulgamydyr. Dürli müňýyllyklarda we asyrlarda ýaşap geçen türkmen döwletlerinde şol dolandyryş ulgamyny dürli hili atlandyrypdyrlar. Ýöne, nähili atlandyrylanda-da, neneşi usul bilen durmuşa ornaşdyrylanda-da , olaryň ählisi mazmun taýdan birdir – meňzeşdir. Oguz han Atamyzyň esaslandyran dolandyryş ulgamy Beýik Seljuk döwletinde, Rumdaky Seljuk döwletinde «ikta», Osman türkmenleriniň imperiýasynda «sypaýy», «sypahyçylyk», Delidäki türkmen soltanlygynda bolsa «jagir» diýlip atlandyrylypdyr. Oguz han Türkmeniň dölweti dolandyrmak dessurynyň iň kämil derejelere ýetirilen we ösdürilen türkmen döwletleriniň biri-de, Osman türkmenleriniň döwleti bolupdyr. Bu döwletde ähli gatlaklaryň bähbitleriniň sazlaşygyny döretmek we her toparyň durmuşdaky ornuny anyk kesgitlemek üçin osmanly jemgyýetinde üç sany durmuş toparyny döredipdirler. Bu durmuş gurluşy taryh ylmynda «sypaýy ulgamy» ýa-da «sypahyçylyk» ady bilen bellidir. Sypahyçylyk ulgamy türkmen halk döredijiliginde belli bir derejede yz galdyrypdyr. «Gül-Senuber» dessanynda şeýle setirler göze ilýär:»Imdi sypahyçylyk öwrengil diýdi». Bu barada Abdysetdar Kazynyň «Jeňnama» eserinde-de aýdylýar:»Eger maňa ýene bihet1 sypahy». Sypaýy ulgamy boýunça ilatyň içinde 1) «galam adamlary», 2) «gylyç adamlary», we 3) «raýatlar» diýlip atlandyrylýan durmuş toparlary döredilipdir. Mysaldan görnüşi ýaly, bu toparlaryň her biriniň jemgyýetdäki orny gadymy däpler esasynda Osmanly soltanlary tarapyndan kesgitlenilipdir. Kanun boýunça gylyç adamlary ýorişlere gatnaşmalydy, ýurdy goramalydy, galam adamlary soltanyň hökümetini dolandyrmalydy, ýurdy edara etmelidi. Raýatlar bolsa önüm öndürip, döwlete salgyt tölemelidi. Başky iki gatlakdan tapawutlylykda, raýatlar dolandyryş işlerine, goşun gullugyna alynmaýardy, ýörişlere gatnaşdyrylmaýardy. Ýagny, olar diňe önüm öndürmek we haryt bolçulugyny döretmek bilen meşgullanýardylar. Türkmenleriň döreden bu ulgamy döwletiň umumy işleriniň bähbitleri üçin soltanyň her bir raýatynyň bähbitlerini sazlaşykly bir ýere jemläpdir we birikdiripdir. Türkmenler özleriniň ýurt edinen ýerlerinde däp bolup gelýän milli dolandyryş usullaryny berkarar etmek bilen, aýratyn hem Wizantiýanyň we Balkanlaryň isaýy (hristian) ilatynyň durmuşynyň düýpgöter gowulaşmagyna ýardam etdiler. Türkmenler bu ýerlerde dowam edip gelen baş-başdaklygy we ynsany ynsanyň kemsitmegi ýaly ýowuz düzgünleri ýok etmek bilen çäklenmän, ençeme halklary Ýewropada kemala gelen we asyrlar boýy dowam eden zulumdan – sütemden hem azat etdiler. Osman imperiýasynyň düzümine giren hristian halklarynyň ýaşaýyş durmuş şertlerini, Günbatar we Gündogar Ýewropanyň «krepostnoý» daýhanlarynyňky (gul ýaly ezilýän) bilen deňeşdireniňde, olaryň emläk we hukuk derejeleriniň arasynda uly tapawudyň bardygyny görmek bolýar. Zähmetkeş adamynyň durmuşynyň orta asyrlarda kyn bolandygyna garamazdan, osmanly raýatlaryň ýagdaýy, ýewropaly daýhanlaryňkydan düýpgöter tapawutlanyp, olar iş ýüzünde-de, hukuk taýdan-da hiç haçan özleriniň erkinligini ýitirmändiler. Ýeri işläp bejerýän daýhanyň ýeri kanun boýunça gylyç adamlaryna ýa-da galam adamlaryna berilýärdi. Şunda daýhan salgydy döwlete däl-de, kanun boýunça ýaňky ady agzalan adamlara töleýärdi. Adalatly ýeri, bu iş iki tarapyň hem razylygy boýunça amala aşyrylýardy. Eger-de daýhan öz yerini taşlap, başga bir işiň başyny tutsa, onda ol sypaýylara «çift bozan» (ylalaşygy bozan manyda) salgydyny tölemelidi.Ýagny, daýhanyň sypaýa ýetiren zyýany tölenilmelidi. Eger-de, sypaýy hem daýhan babatynda öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanyp, düzgüni bozsa, şeýle emeldarlara we serkerdelere haýal edilmän çäre görlüpdir. Şeýlelikde, sypaýy bilen raýatyň arasyndaky gatnaşyklar deňhukukly ýagdaýda bolupdyr. Sebäbi kanun olaryň ikisi üçin hem deňdi. Eger-de sypaýy özüne berlen wezipeden hyýanatçylykly peýdalansa ýa-da eden-etdiliklere ýol berse, raýat hem öz borçlaryna sowuk-sala garasa, olary ýerine ýetirmekden boýun gaçyrsa, onda olaryň ikisine-de soltanlar tarapyndan temmi berlipdir. Bu durmuş gurluşynyň ylymda «sypaýy ulgamy» («sipahi» – «harby») diýilip atlandyrylandygyny biz eýýäm belläpdik. Şu ulgam Orta asyrlarda dünýäde ulanylan dolandyryş tejribesiniň iň ynsanperwer usuly hasap edilýär. Sebäbi köp ýurtlaryň alymlarynyň ýazmagyna görä, bu gurluş «synplaryň we gatlaklaryň bähbitleriniň özara sazlaşygyny» («synpy garmoniýa») emele getirýärdi. Sypaýy ulgamy Osman döwletiniň merkezleşmeginde we onuň döwründe dünýäniň iň kuwwatly döwletine öwrülmeginde uly hyzmat görkezdi. Käbir alymlaryň ýazmagyna görä, bu ulgam Osman imperiýasyny «bitewi bir uly soltan mülküne öwrüpdir». Türk taryhçysy H.Ynaljyk bolsa «osmanlaryň ekerançylyk ulgamy döwletiň harby isleglerini daýhanlar babatynda durmuş adatlylygyny üpjin etmek bilen bagtly baglanşdyrypdyr» diýip tassyklaýar. Goşa dyrnagyň içindäki jümleleriň manysy, sypaýy ulgamynyň imperiýany bitewi bir agzybir maşgala öwrendigini aňladýar. Osmanly döwletinde asyrlar boýy dowam eden dolandyryş ulgamy we jemgyýetçilik gurluşy türk taryhçylary tarapyndan hem içgin öwrenilipdir. Belli taryhçylar O.L.Barkan, Y.H. Uzynçarşyly, H.Ynaljyk, T.Gökbilgin, M.Akdag bu meselelere aýratyn üns beripdirler. Sebäbi bu meseleleriň ylmy taraplary bilen bir hatarda, olary öwrenmekligiň syýasy sebäpleri hem bardy. XIX-XX asyrlaryň sepgitlerinde we XX asyryň başlarynda, Osman imperiýasynyň düzüminden çykyp, özbaşdak bolan käbir slawýan ýurtlarynda bu türkmen döwletiniň taryhyna kembaha garamak ýaly ýaramaz meýiller ýüze çakyp başlady. Bu ýurtlaryň käbir alymlary taryhçylaryň halkara maslahatlarynda Osmanly döwletiniň taryhy bilen baglanyşykly esassyz pikirleri orta atmaga synanyşýardylar, her hili ýollar bilen osmanly döwletiniň dünýä taryhyndaky ornuny peseltmäge çalyşýardylar. Bu ugurdan aýratyn hem rus, bolgar we serp taryhçylary «işjeňlik» görkezýärdiler. Şonuň üçin hem XX asyryň 60-70-nji ýyllarynda türkiýeli hem-de günbatarly taryhçylar halkara ylmy maslahatlarynda türkmen taryhynyň bähbitlerini gorap çykyş etmek bilen şeýle meýilleriň esassyzdygyny subut etdiler. Taryhçylaryň XII Halkara kongresinde T.Gökbilgin öz garşydaşlarynyň osman döwletiniň taryhy bilen baglanşykly tekrarlamalarynyň nädogrydygyny görkezdi. Ol «osmanlaryň ekerançylyk ulgamy öz döwrüniň ölçeglerine laýyklykda, durmuş adalatlylygyny gazanmaga gönükdirilipdi we hiç haçan hem şu ulgamda dolandyryjylar bilen dolandyrylýanlaryň arasynda oňşuksyzlgyň ýuze çykmagyna bahana döretmändi» diýip belläpdir. Beýleki türkmen imperiýalary ýaly, Osman döwleti hem ägirt uly ýerleri öz içine alýan köpmilletli döwletdi. Ýöne, asly arassa, adyl türkmen soltanlary içeri syýasatda milletçilige, dinparazlyga ýol bermeýärdiler, raýatlara sütem etmeýärdiler. Adamlaryň diline, dinine, milletine garamazdan hemmeler döwletiň öňünde deňdiler. Şonuň üçin hem osmanly köşgünde, welaýatlary dolandyrýan «sanjak begleriniň» edarasynda türkmenlerden başga-da dürli halklaryň wekillerine-de köp duşmak bolýardy. Olar türkmen dilini öz ene dilleri ýaly bilip, osmanly döwletine wepadarlyk bilen gulluk edýärdiler. Şeýle adalatly dolandyryşyň netijesinde üç kontinentde - Aziýada, Afrikada we Ýewropada ýerleşen bu ägirt uly türkmen döwletiniň taryhynda milletara we dinara, aýratyn hem gatlaklar arasyndaky çaknyşyklar hiç haçan bolmandyr. XIX-XX asyrlarda dünýä taryhy, şeýle hem türkmen taryhy-da örän syýasatlaşdyryldy. Şunda köp zatlar düýpgöter ýoýuldy. Russiýanyň we Gündogar Ýewropanyň slawýan taryhçylary, hamana osmanly türkmenleriniň Gündogar Ýewropada ýaşaýan slawýanlary we slawýan däl halklaryny, hamana 500 ýyllap «ezendikleri» we «gulçylyga sezewar» edendikleri barada ýazmak bilen taryhy hakykatdan daş düşýärdiler. Taryhda geň galaýmaly hadysalar bolýar. Osmanly türkmenler Gündogar Ýewropany eýelemänkäler, bu ýerlerde gulçylyk döwründen miras galan «krepostnoýçylyk» düzgüni dowam edýärdi. Bu düzgün boýunça döwletleriň ilaty özleriniň az sanly begzadalarynyň elindedi. Halk köpçüliginde ne emläk, ne-de hukuk bardy. Olara edil mal kimin eýeçilik edip, öldir ýaly işledýärdiler, eýeleri islän wagtlary olaryň hatda janyny hem alyp bilýärdiler. Slawýan we slawýan däl isaýy begzadalarynyň «birinji nika gijesine bolan hukuklary» aýratyn ýigrenji dessur bolup, ol ynsanlaryň mertebesini we namysyny depeleýärdi. Osmanly türkmenler tarapyndan Gündogar Ýewropa eýelenenden soň bu ýaramaz düzgünler, ýek görülýän dessurlar ýatyryldy. Bu ýerleriň öňki ähli hukuksyz ilaty («krepostnoýlar») «raýat» diýlip yglan edildi. Mälim bolşy ýaly, raýat diýlip döwletiň doly hukukly adamlaryna aýdylýar. Raýatlyk düzgüni boýunça ýerli begzadalaryň krepostnoýlara bolan ähli hukuklary ýatyryldy. Deňeşdirip görüň, slawýanlara «hossar» çykan Russiýanyň özünde hem krepostnoýçylyk hukugy 1861-nji ýylda ýatyrylypdy! Slawýanlar bilen dinibir, ganybir garyndaş bolmasalar-da, türkmenler ynsany kemsidýän, onuň adamçylyk mertebesini depeleýän bu düzgüni Gündogar Ýewropada baryp XIV asyrda ýatyrypdylar ahyryn! Gündogar Ýewropanyň millionlarça ilaty öz milletlerinden bolan «bir jan – bir ten» ezijilerinden azat boldy. Olar indi başga dinlidiklerine garamazdan, türkmen soltanlarynyň musulman raýatlary bilen deň hukuklydylar. Asyrlaryň gulçulygyndan çykyp, jemgyýetiň doly hukukly agzasyna öwrülen täze raýatlar, ýylyň dowamynda diňe bir gezek soltana salgyt töleýärdiler. Şunuň bilen hem olaryň döwletiň we jemgyyetiň öňündäki ähli borçlary tamamlanýardy. Öňler uruşdan gözi açylmaýan adamlary, täze eýe bolan döwletlerinde, indi goşunçylyga-da almaýardylar, ýörişlere-de äkitmeýärdiler. Şonuň üçin hem diňe bir Türkiýäniň taryhçylary däl, eýsem Günbatar Ýewropanyň hem köpsanly alymlary Kiçi Aziýada we Balkan ýarym adasynda oturan isaýy halklaryň Osman imperiýasynyň düzümine girizilmegini, şol halklaryň gulçulyk – krepostnoýçylyk zulmundan azat edilmegi hökmünde häsiýetlendirýärler. Oguz han, Gorkut ata we Görogly eýýamlarynda türkmenler dünýäde halkara gatnaşyklaryny kesgitleýän halklaryň esasylarynyň biridi. Bu döwürlerde aýry-aýry künjeklerde häkimiýet ugrunda çykyşlar bolaýmasa, halk çykyşlary düýbünden diýen ýaly bolmaýardy. Sebäbi döwletiň edara edilşi, jemgyýetiň guralyşy türkmenleriň Oguz han tarapyndan kesgitlenilen gadymy däpleri esasynda alnyp barylýardy. Gynançly ýeri, XVIII-XIX asyrlardan başlap türkmenleriň ata-baba hökümdarlyk eden Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň içki işlerine Ýewropa döwletleriniň gatyşyp başlamagy bilen, halkara gatnaşyklaryny kesgitleýän syýasy merkezler üýtgäp başlady. Sebitiň kä o ýerinde, kä bu ýerinde milletara, dinara we döwletara dawalary, keseki halklary bakna etmek ýaly ýaramaz syýasat öňe sürülip başlandy. Çünki ýewropalylar türkmenler tarapyndan döredilen we asyrlar boýy ulanylan bu taryhy tejribäniň ähmiýetine we ornuna düşünmeýärdiler.Olar asyrlar boýy dünýäniň ägirt uly giňişliklerinde höküm sürüp gelen türkmen döwletleriniň içinde ýaşap oturan halklary merkezi häkimiýete garşy küşgürýärdiler, olarda milletçilik ýaly ýaramaz gylyklary öjükdirýärdiler. Netijede, osman imperiýasynyň ýykylmagy bilen emele gelen milli döwletleriň aglabasy soňra içki oňşuksyzlyklara we döwletara jenjellerine ulaşyp gitdiler. Bu ýagdaý tä XX asyryň ahyrlaryna çenli dowam etdi. Ýugoslawiýadaky we Yrakdaky howsalaly wakalaryň dowamynda, ýewropaly we amerikaly syýasatşynaslar türkmenleriň bu sebiti asyrlar boýy dawa-jenjelsiz, agzybirlikde nähili dolandyryp bilendiklerine haýran galýardylar. Bu ýerde geň galar ýaly zat ýok. Onuň bar syry türkmenleriň tertip-düzgünli we adalatly hökümdarlygynda. Sebäbi türkmen döwletleriniň düzümine giren beýleki halklar hem şu adalatly nusga boýunça dolandyrylýardy. Netijede, döwletleriň köpmilletlidigine garamazdan, hemmeler soltanyň öňünde, onuň milletine, dinine we diline garamazdan deňdiler. Türkmen soltanlarynyň köşklerinde türkmen begzadalary bilen bir hatarda, dürli milletleriň wekillerini hem görmek bolýardy. Olar türkmenler bilen birlikde, köşgüň islendik uly wezipelerini eýeläp bilýärdiler. Oguz han Türkmeniň dolandyryş ulgamynyň kämillik derejesine ýetirilen ýerleriniň biri hem türkmenleriň Delidäki döwleti (1206-1526) boldy. Aýbeg Soltan (1206-1210) tarapyndan esaslandyrylan bu türkmen döwletinde ýurdy dolandyrmak üçin gadymy ýörelgeleriň esasynda «jagir ulgamy» işlenip düzüldi we Hindistanda döwleti dolandyrmagyň esasy hökmünde kabul edildi. Jagir ulgamy boýunça Hindistanyň welaýatlaryna «jagirdarlar» iberilýärdi. Jagirdarlar tanymal serkerdeler ýa-da döwlet emeldarlary bolupdyrlar. Her bir jagirdar öz welaýatynda kesgitli mukdarda nöker saklamalydy, döwleti goramalydy hem-de döwlet hazynasyna raýatlardan salgyt ýygnamalydy. Bu ulgam boýunça türkmen soltanlary hindi jemgyýetini üç topara bölýärdiler: 1) jagirdarlar (harbylar), 2) zemindarlar (ýerli begzadalar), 3) raýatlar (önüm öndürip, salgyt töleýänler). Jagirdarlar Türkmenistanyň hem-de onuň bilen sebitdeş ýerlerden soltanyň özi bilen Hindistana gelen türkmen begzadalarydy, serkerdeleridi we ýönekeý nökerlerdi. Bu adalganyň ýüze çykmagy hem türkmenleriň Hindistana gelmekleri we ýurt tutunmaklary bilen baglanşyklydyr. Şol döwrüň türkmen dilinde «jagir», «jagir edinmek» - ýerleşmek, jaý tutmak, ornaşmak, ýurt tutunmak ýaly manylary aňladypdyr. Türkmeniň meşhur weziri, serkerdesi we şahyry Muhammet Baýram handa şeýle setirler bar: «Musulmanu-hinduga bardyr mydam, Işiginde jagir üçin bagyň.» Zemindarlar şindi türkmenler Hindistana gelmänkäler, bu ýurdy edara eden ýerli begzadalar we gurply adamlar bolupdyrlar. Raýatlar hakynda gürrüň edilende bolsa, olary Hindistanyň salgyt töleýän ilaty bolan daýhanlar, senetçiler, hünärmentler, söwdagärler emele getirýärdiler. Jagir ulgamy boýunça, Delidäki türkmen soltanlygynda ýaşaýan ilatyň jemgyýetdäki orny kesgitlenýärdi. Jagirdarlar döwleti dolandyrmaga we goramaga gatnaşýardylar. Has düşnükli edilip aýdylanda, olar serkerdeleriň, nökerleriň we emeldarlaryň wezipesini eýeleýärdiler. Soltan çagyran mahaly jagirdarlar özleriniň häkimlik edýän ýerlerinden soltan tarapyndan kesgitlenilen mukdardaky nökerleri bilen paýtagta gelýärdiler. Jagirdarlar adatça 500-1000 sany nökeri getirmäge borçly edilýärdi. Şunça mukdardaky goşuny jagirdaryň ekläp-saklap bilmegi üçin, soltan olara «jagir ýerlerini» berýärdi. Giçkiräk döwürde jagirdarlyk ýerli halk bolan hindi bezgadalaryna hem berlipdir. Olar hem edil türkmen jagirdarlary ýaly, soltan üçin kesgitli mukdardaky nökerleri saklamaga we getirmäge borçly edilýärdi. Kähalatlarda uzakdaky jagirdarlar öz çykdajylaryny azaltmak we girdejilerini artdyrmak maksady bilen soltan tarapyndan kesgitlenilen mukdardan az nöker saklaýardylar. Emma türkmen soltanlary jagirdarlaryň öz gulluk wezipelerini neneňsi ýerine ýetirýändiklerini barlamak üçin häli-şindi ýerlere barlagçylary iberýärdiler. Bu meselede aýratyn hem türkmen soltany Alaỳeddin Halaç (1296-1320) berk syýasat ýoredipdir. Alaỳeddin Halaç hindi jagirdarlarynyň hökümeti aldamazlyklary üçin olaryň nökerleriniň atlaryny tagmaladýar eken. Öňler atlar tagmalanmaýarka, barlagçy gelende 500 nökeriň ornuna 250 nöker saklaýan jagirdar, öz goňşy jagirdaryndan 250 atlyny çagyryp getirip hem-de olary öz nökerleri bilen goşup, soltanyň barlagçylaryna görkezýär eken. Soňra ol öz 250 nökerini, «kömege» gelen 250 nökeriň üstüne goşup, goňşy jagirdary «halas etmäge» ugradypdyr. Şeýdip, öňler ýerli açgöz jagirdarlar soltany aldaýar ekenler. Indi, atlar tagmalanandan soňra, jagirdarlarda beýle mümkinçilik bolmandyr. Sebäbi her jagirdaryň nökerleriniň atlaryna hökümdaryň buýrugy bilen aýratyn tagma basylypdyr. Türkmen soltanlary jagirdarlardan köşk we wezipeli adamlary hem jemleýärdiler. Olar döwleti edara etmek we dolandyrmak işlerinde soltana ýakyndan ýardam edýärdiler. Zemindarlar, ýokarda bellenip geçilşi ýaly, ýerli hindi begzadalaryndan we gurply adamlardan düzülip, olar özlerine zemindarlyga (eýeçilige) berlen ýerlerden soltanyň haýryna salgyt ýygnaýardylar. Zemindarlar ýygnalan salgydyň soltan tarapyndan kesgitlenilen möçberini özlerinde alyp galyp, galanyny döwletiň hazynasyna tabşyrýardylar. Zemindarlaryň jagirdarlardan tapawudy, olar harby we köşk gullugyna alynmandyr, olaryň esasy wezipesi soltana raýatlardan salgyt ýygnap bermekden ybaratdy. Raýatlar türkmenleriň hökümdarlyk eden Hindistan ýurdunyň iň köp sanly ilatydy. Olar edil Osmanly döwletindäki ýaly, goşun gullugyna alynmandyr, ýorişlere we uruşlara gatnaşdyrylmandyr. Olaryň baş wezipesi döwletde we jemgyýetde önüm öndürmek we haryt bolçylygyny döretmekden ybaratdy. Raýatlar daýhandygyna, senetçidigine, hünärmentdigine we söwdagärdigine garamazdan, şerigatda görkezilen we soltan tarapyndan kesgitlenilen mukdarda we ölçeglerde döwlete salgyt töleýärdiler. Mysallardan görnüş ýaly, jagir ulgamynda-da Oguz han Türkmeniň jemgyýeti adalatly dolandyrmak däbiniň yzlary mese-mälim görnüp dur. Bu ulgam Hindistanda asyrlar boýy dowam edipdir we özüni dolandyryşyň iň kämil hem-de netijeli usulydygyny görkezipdir. Bu ulgam Delidäki türkmen soltanlygynyň 300 ýyldan-da gowrak wagt dowam eden taryhynda çalşyp bolmaýan, oňyn usul hökmünde ýaşapdyr. Hindistanda Delidäki türkmen döwletiniň ornuna gelen Beýik Mogollaryň döwletinde-de bu usul türkmenleriň ajaýyp mirasy hökmünde üýtgewsizligine kabul edilipdir we bu döwlet ýykylandan soň hem (1859) tä XIX asyryň ahyrlaryna – XX asyryň başlaryna çenli dowam edipdir. Hindistanyň taryhyny öwrenen dürli ýurtlaryň alymlary jagir ulgamynyň Ekber soltanyň (1556-1605) dolandyran döwründe has-da kämilleşdirilendigini biragyzdan belleýärler. Şu ýerde bir hakykaty boýun almaly: meşhur türkmen serkerdesi we döwlet işgäri Muhammet Baýram han Türkmen Ekberiň terbiýeçisidi. Ekber şindi kämillik ýaşyna ýetmänkä, mogollaryň döwletini Baýram han edara edipdi. Owganly serkerdeleriň Ekberiň kakasy Humaýynyň elinden häkimiýetini almaklary bilen ýurduň dolandyryş ulgamy bozulypdy. Şonuň üçin hem Sefewi türkmenleriniň kömegi bilen häkimiýetini gaýtaryp alan Humaýyn, dolandyryş işlerini ýola goýmaga ýetişmedi. Ol aradan çykandan soň, Hindistanda dolandyryş ulgamyny täze patyşanyň ýaşlygy üçin Baýram han ornaşdyrmaly bolupdy. Hut şunuň üçin hem Mogol döwleti Ekberiň döwründe rowaç aldy. Türkmenleriň dolandyryş ulgamyny iňlisler hem belli bir derejede ulanypdyrlar. Hindistany Angliýa öz koloniýasyna öwreninden soň, bu usul iňlis dolandyryjylary tarapyndan belli bir derejede kämilleşdirilipdir we kabul edilipdir. Hindistanda XVIII asyryň ahyrlarynda iňlisleriň girizen «zemindary» we «raýatwari» ulgamlary hem türkmen soltanlary tarapyndan barypha XIII asyryň başlarynda girizilen jagir ulgamynyň esasynda kemala gelipdir. Mysallardan görnüşi ýaly, Delidäki türkmen soltanlygynda girizilen bu oňaýly usul hindi jemgyyetinde durmuş sazlaşygyny emele getiripdir. Sebäbi bu düzgün boýunça jemgyýetde her bir adamynyň, her bir gatlagyň orny kesgitlenilipdir. Dogry, bu düzgün boýunça adamlar öz ukyp-başarnyklaryna görä, bir durmuş toparyndan beýleki bir durmuş toparyna geçip hem bilipdir. Meselem, başarjaň, zähmetsöýer we gurply raýatlar zemindarlara öwrülip bilipdirler ýa-da tanymal hem-de täsirli zemindarlar jagirdarlyk derejelerini alyp bilipdirler. Diýmek, tertip-düzgüniň nähili berk bolandygyna, durmuşda we işde her kimiň öz ornunyň kesgitlenendigine garamazdan, adamyň durmuş we hukuk derejeleri üýtgewsizliginde galmandyr. Ýagny, ol emele gelen ýagdaýa görä, kämilleşdirilip we üýtgedilip bilnipdir. Türkmenleriň Hindistanda girizen we asyrlar boýy ulanan bu oňyn düzgüni hindi jemgyýeti tarapyndan oňlanylypdyr. XX asyrda Hindistanyň taryhy boýunça A.Ý.Aly, K.M.Aşraf, Ý.H.Han, P.N.Çopra, M.Ýasin ýaly ýerli musulman we indus taryhçylary küt-küt kitaplary ýazdylar. Ýöne, şol kitaplaryň hiç birinde-de bu oňyn düzgün hakynda ýaramaz zatlar aýdylmaýar. XX asyr hindi taryh ylmynyň gözbaşynda duran we onuň kerwenbaşysy hasaplanylýan Jatunath Sarkar ýaly «indusçyl» taryhçylar hem türkmenleriň döreden we Hindistanda asyrlar boýy ulanan bu dolandyryş ulgamyna uly baha berýärler. Galyberse-de, bu ulgam Hindistanyň merkezleşmegine we onuň häzirki zaman araçäginde örän uly döwletiň emele gelmegine-de oňyn täsir etdi. Sebäbi Delidäki türkmen soltanlygy esaslandyrylmanka, Hindistanda biri-birinden üzňe, özara oňuşmaýan köp sanly ownujak döwletler bardy. Türkmenleriň Hindistanda döwlet esaslandyrmaklarynyň we bu ýurdy edara etmekleriniň netijesinde şol döwletleriň ählisi merkezleşdirilen bitewi bir döwlete birikdirildi. Hawa, gadymy hem müdümi milletimiziň nesilbaşysy Oguz han Türkmeniň pähim-paýhasy bilen kämil we nusgalyk dolandyryş ulgamy döredilipdir. Bu ulgamy ösdürmek we asyrlaryň taryhy tejribesinden geçimek işini Oguz hadan soň Ärsak şa, Mete han, Bumyn han, Bilge Kül Kadyr han, Mahmyt Gaznaly, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Soltan Sanjar, Saltyk Gazy, Meňgüýçli Gazy, Gara Ýusup, Uzyn Hasan, Osman Gazy, Aýbeg Soltan, Alaeddin Halaç ýaly beýik hökümdarlar dowam etdiripdirler. Jumadurdy ANNAORAZOW, taryh ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |