ŞÄHRIM BOSSAN IÇINDE
■ ýa-da Türkmenistanyň Orta asyr şäherleriniň hojalygy barada söhbet
Islendik döwletiň, jemgyýetiň ýaşaýşynda ykdysady durmuşa hemişe-de aýratyn uly ünüs berlipdir. Çünki adamzat ýaşaýşynyň gözbaşy ykdysadyýetden, önüm öndürmekden başlanýar. Hytaýly akyldar Konfusiniň «erkek ýer sürmese, ekin ekmese – aýal ik egirmese, dokma dokamasa, ýaşaýyş bolmaz» diýip, mundan iki ýarym müň ýyldanam ön aýdan pähimi, henize bu güne çenli öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Gadymy hem müdümi Watanymyz Türkmenistan adamzat nesliniň iň irki ýer sürüp, ekin eken, ik egrip, dokma dokan topragy. Bu toprak iňňän gadymy döwürlerde ynsanlaryň ilkidurmuş dünýäsiniň tümlüginden çykyp, sarp ediji hojalykdan, önüm öndürýän hojalyga geçen ezeli ýurdy. Bu toprak Yer togalagynda oba-kentleriň, şäher-galalaryň hem ilki dörän ýeri.
Ýer ýüzünde ösen ykdysady we hojalyk gatnaşyklarynyň kemala gelmegi köp babatda şäherleriň ýüze çykmagyna bagly boldy. Kämil ykdysadyýeti hem-de ýokary derejede gurnalan önümçilik gatnaşyklary bolan şäherler, milli döwletiň kemala gelmeginde, onuň halkara gatnaşyklarynyň deňli-derejeli agzasy hökmünde orta çykmagynda-da möhüm ähmiýete eýedir. Adamzat taryhynda gadymy döwletler hem şäherleriň ýüze çykmagy bilen döredi. Aslyýetinde şäherleri bolmasa döwleti göz öňüne-de getirmek kyndyr. Ỳöne, şäher diýlende, diňe sypaýy geýnen adamlaryň ýaşaýan ýa-da bolmasa nepis senetçilik önümleriň öndürilýän, harytlaryň alnyp–satylỳan ỳeri hökmünde düşünmeli däl: şäher döwleti, milleti dürli syýasy, medeni we hojalyk gatnaşyklary arkaly bir ỳere jemleỳän möhüm merkez hem bolup durỳar. Şonuň üçin hem şäher diỳlende, öňi bilen döwletiň oýlanyşykly gurnalan syýasy, ykdysady we medeni merkezi göz öňünde janlanýar. Şäherler milli döwletiň ýaşaýşy üçin iňňän wajyp bolan, ösen jemgyỳetçilik-syýasy gatnaşyklaryny we çylşyrymly durmuş gurluşyny döredỳän zerur gural bolup hem hyzmat edỳändir.
Şäherleriň syýasy hem-de medeni merkezlerdigini düşündirip oturmagyň hajaty ýok. Emma köplenç ýagdaýlarda, şäherler öňi bilen ykdysady merkezler – senetçiligiň, söwdanyň we pul-haryt gatnaşyklarynyň merkezi hökmünde ýüze çykypdylar. Döwletiň syýasy merkezi ýa-da has gönüläp aýdanymyzda, paýtagt bolup bilmeklik bagty köp şäherlere miýesser eden däldir. Şonuň üçin hem şäherler hakynda gürrüň edilende, birinji nobatda ykdysady merkezler göz öňüne gelýär. Bu ýöne ýerden däldir, sebäbi şäher önümçiliginiň ýagdaýy döwletiň we adamzat ýaşaýşynyň ykdysady hem-de jemgyýetçilik öşüşiniň derejesini görkezýär. Diýmek, öňümçilik gatnaşyklary näçe ösen hem çylşyrymly ýagdaýda gurnalan bolsa, jemgyýetiň syýasy we medeni taýdan ýeten derejesi hem şonça-da ýokary bolýar. Köplenç halatlarda, taryhçy alymlar hem hut şäher önümçiliginiň ýeten derejesinden we şäherlerde kemala gelen zähmet bölünişiginiň ýagdaýyndan ugur alyp, ol ýa-da beýleki jemgyýetiň adamzat taryhyndaky ösüş döwürlerini, onuň syýasy hem-de medeni taýdan ýeten derejesini kesgitleýärler.
Oba bilen deňeşdirilende, şäherde «zähmet bölünişigi» diýlip atlandyrylýan jemgyýetçilik hadysasy hem ýokary derejede bolýar. Obada ekerançylyk, maldarçylyk we hünärmentçilik daýhan hojalyklary tarapyndan bir wagtda alnyp barylýar, bu bolsa obada öndüriji güýçleriň ösüşine, zähmet bölünişiginiň kämilleşmegine päsgel berýär. Emma şäherde beýle däl, aýratyn hem ösen şäherlerde. Şäherde her kim önümçiligiň haýsy hem bolsa anyk bir ugry ýa-da görnüşi (täjir, demirçi, külalçy, tikinçi, degirmençi, zergär, dokmaçy, ädikçi we başgalar) bilen meşgullanýar, şondanam güzeranyny aýlaýar. Şäherleriň ýene-de bir aýratynlygy, olar obanyň hakyky ykdysady «howandyry» hökmünde hem çykyş edýärler. Çünki hojalykda, durmuşda öndürmesi kyn hem çylşyrymly hasap edilýän önümler esasan şäherde öndürilýär, üstesine-de obada öndürilýän oba hojalyk harytlarynyň aglaba görnüşleri şäherlerde gaýtadan işlenýär we şäher ilaty tarapyndan sarp edilýär.
Ýer ýüzünde şäherleriň we şäher önümçiliginiň ilkinji ýüze çykan ezeli mekanlarynyň biri hasaplanylýan türkmen topragynda, geçmiş taryhymyzda köp sanly meşhur şäherleriň bolandygyny bu gün dünýä bilýär. Asyrlaryň dowamynda dünýäniň men diýen ýazarlary tarapyndan ýazylyp galdyrylan ençeme taryhy çeşmeler aýdylanlary doly derejede tassyk edýär. Köp sanly ýerli we daşary ỳurt alymlarynyň Türkmenistanda uzak ýyllaryň dowamynda alyp baran gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, atlary dünýäniň Gadymy we Orta asyrlar taryhynda öçmejek yz galdyran Altyndepe, Goňurdepe, Dehistan, Merw, Şähirslam, Nusaỳ, Köneürgenç, Sarahs, Amul, Abywert, Änew ýaly şäherlerimizde kämil şäher hojalygynyň bolandygy anyklanyldy. Olardan Nusaý, Merw, Köneürgenç bolsa, döwründe türkmenleriň Beýik Parfiýa, Beýik Seljuk we Köneürgenç türkmenleriniň döwleti ýaly jahan şalyklarynyň paýtagty bolupdylar. Biziň gürrüňimiz nepis önümleri bilen türkmeni dünýä tanadan meşhur ykdysady merkezlerimiziň ösen şäher hojalygy hakynda.
Alymlaryň hasaplamalaryna görä, geçmişde biziň ýurdumyzda onlarça şäherler bolupdyr. Ýöne, häzirki döwürde bolşy ýaly, olary ähmiýeti we ululygy boýunça birnäçe toparlara bölüpdirler. Mysal üçin, (1) «uly şäher» - oňa Köne Nusaý, Merw, Köneürgenç; (2) «şäher» - oňa Nusaý, Sarahs, Abywert, Amul, Merwerut, Dehistan, Sinjabat; (3) «kiçi şäher» - Gireňk, Kunigird; (4) «şährek» - oňa Daňdanakan, Mäne, Bawan, Ahnaf, Dize; (5) «kiçijik şäherjik» - oňa Şawaşkan, Peşan, Zark, Kişman, Hormuzfar, Şabaranç we Keýf degişli bolupdyr.
Şäherleriň ähmiýeti köp babatda olaryň tutýan meýdanyna-da bagly bolupdyr. VI-VIII asyrlarda Merkezi Aziýanyň uly şäherleriniň tutýan meýdany şeýleräk bolupdyr: Merw- 200 ga, Samarkant – 65 ga, Buhara – 35, Termez - 20 ga, Penjikent – 13-14 ga, Warahşa – 19 we başgalar. Mysaldan görnüşi ýaly, Merw tutýan meýdany boýunça, Merkezi Aziýanyň iň uly şäherleriniň biri hasap edilýän Samarkantdan hem üç esseden gowrak uly bolupdyr.
Orta asyr taryhçylary we gezendeleri şäherleri ähmiýeti boýunça üçe bölüp, olary şeýle atlandyrýardylar: «mysr», «kasaba» we «medine». Taryhçy al-Mukaddesi şaherler hakynda gürrüň edende şeýle meňzetme ulanýar: «mysrlar - patyşalar, kasabalar - serkerdeler, medineler bolsa esgerler ýaly». Meňzetmeden görnüşi ýaly, mysr kysmyna degişli şäherler paýtagt, patyşalar tarapyndan bellenilýän hajyplaryň ýa-da serkerdeleriň oturýan ýeri welaýat merkezi, esgerleriň gulluk edýän galalary bolsa medine bolupdyr. Türkmen topragynyň Nusaý, Merw we Köneürgenç ýaly şäherleri geçmişde «mysr» bolup bilen şäherlerdir.
Türkmenistanyň şäherlerinde önümçiligiň ýokary derejede bolandygyna şaýatlyk edýän köp mukdardaky maglumatlar şaklanyp galypdyr. Apbasy halyflygy döwründe Merkezi Aziýanyň şäherlerinden gelýän salgytlaryň mukdary şeýleräk bolupdyr: Merwden – 6 mln 200 müň, Samarkantdan – 2 mln 200 müň, Nişapurdan – 1 mln, Abywertden – 400 müň, Nusaýdan – 300 müň, Buharadan – 210 müň, Merwerutdan – 60 müň dirhem salgyt gelipdir. Bu sanlar şäherleriň ululygyny, baýlygyny we önümçilik kuwwatlyklarynyň derejesini görkezýän maglumatlardyr.
Orta asyrlarda Türkmenistanyň ýerinde bar bolan şäherleriň we galalaryň umumy sany barada anyk bir zat aýtmak kyn, sebäbi olar örän köp bolupdyrlar. Belli arheolog-alym A. Gubaýew araplaryň gelen döwründe Türkmenistanda tutýan meýdany 2-12 gektara barabar bolan ençeme şäherleriň we 60-a golaý galalaryň boşap galandygyny belleýär. Üstesine-de, bu döwürde ençeme täze şäherler we galalar gurlupdyr, ençeme köne şäherlerdir we galalar bolsa ýaşamagyny dowam etdiripdir. Maglumatlardan çen tutsak, onda bu döwürde biziň ýurdumyz dünýäniň iň gür ilatly we önümçiligi ýokary derejede gurnalan şäherli ülkeleriň biri bolupdyr.
Al-Istahrynyň we al-Mukaddesiniň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanda VIII-XII asyrlarda onlarça ululy-kiçili şäherler bolupdyr. Olardan ýurdumyzyň günortasynda: Merw, Küşmeýhan, Hurmuzfar, Sinj, Sinabady, Kyrank, Daňdanakan, Tilistan, Karyneýn, Başan, Harak, Faz, Şawaşkan, Genugirt, Sahba, Sanjan, Merwerud, Ahnaf, Dyzah, Lawkara, Baban, Bagşur, Zark, Kaýf, Nusaý, Sarahs, Aşfinakan, Jarmugan, Paraw, Abywert, Küfen, Meýhene; Günbatar Türkmenistanda: Dehistan, Ahur, Abeskun, Jürjan; Demirgazyk Türkmenistanda: Gürgenç, Waragdeh, Yzmykşir, Nuzwar, Suburna, Jigerbent, Dargan, Tahiriýa, Mizdahkan; Türkmenistanyň gündogarynda: Amul, Farap, Nawidah, Zemm, Ahsisek we Kelif şäherleri bolupdyr. Mysallardan görnüşi ýaly, orta asyrlarda Türkmenistan ösen şäherleri we kämil derejede gurnalan şäher hojalygy bolan ýurtdy.
Diňe bir ýurdumyzda ýa-da sebitde däl, eýsem dünýäde iň uly şäherleriň biri Merw bolupdyr. Şeýle uly şäherleri häzir «megapolis» diýip atlandyrýarlar. Uly şäher bolşy ýaly, Merw ösen önümçiligiň hem mekany bolupdyr. Onda içerki we daşarky bazaryň maksatlary üçin harytlaryň ýüzlerçe görnüşleri öndürilipdir. Şäherde misgärleriň, demirçileriň, pul çalyşýanlaryň, zergärleriň, külalçylaryň, neçjarlaryň, aýakgap ussalarynyň mähelleleri bolupdyr. Orta asyrlar döwrüniň megapolisleriniň biri hökmünde Merwde köp sanly köçeler hem bar eken. Merwli alym as-Samany şäheriň ýigrimä golaý esasy köçeleriniň atlaryny agzap geçýär. Eger-de Merkezi Aziýanyň şertlerinde orta ölçegdäki şäher hasap edilen Nusaýda 70 sany köçe bar bolan bolsa, onda Merwiň köçeleriniň umumy sanyny göz öňüne getirmek hem kyn. Merwde mähellelerden başga-da Zurnuk, Rindi, Şadurwan, Selma, Sabir, Salamy, Anbar, Zarjeýn, Karykly, Yshak Kowus, Razabat, Harunabat, Abdylkerim, Hubbin, Abu Muazza, Diwan, Sadaka, Esgeri, Deriçiler, Mawutçylar ýaly uly köçeler bolupdyr. Bu köçeler diňe bir adamlaryň ýaşaýan ýerleri bolman, olar şäher önüçiliginiň hem baş merkezleri hasap edilipdir.
Soltan Sanjaryň hökümdarlyk eden ýyllary Merwiň taryhy ösüşde iň ýokary derejä ýeten döwridir. Uly Massonyň hasaplamalaryna görä, Merw bu döwürde Heläkiň Çili (Gilýakin Çilburç) diýlip atlandyrylan gorag çiliniň içinde 60 inedördül kilometr meýdany tutupdyr. Şonuň üçin hem alymlar:«Eger-de döwürdeşleriň şäher diýip hasap eden ähli ýerlerini goşsak, onda XI-XII asyrlarda Merwiň tutýan meýdany 1500-1800 gektara barabar bolardy. Elbetde, bu kabul edilen ölçeglerden kiçidir, emma şu ölçegde-de ol Orta Aziýanyň iň uly, musulman Gündogarynyň bolsa iň uly şäherleriniň biri bolup galýar» diýip belläpdirler. Bu mysal Merwiň hakykatdan hem öz döwrüniň ägirt uly megapolisi bolandygyna şaýatlyk edýär.
X-XII asyrlarda Türkmenistanyň Nusaý we Sarahs ýaly şäherleriniň tutýan meýdany hem musulman Gündogarynyň Damask (105 ga), Halap (112 ga) we Iýerusalim (100 ga) ýaly belli şäherleriniň tutýan meýdanyndan has uly eken. Hatda Görogly eýýamynda ortaça ululykdaky şäher hasap edilen Nusaý, tutýan meýdany we şäher önümçiliginiň ýagdaýy boýunça Ýewropanyň şol döwürlerdäki uly şäherleri hasap edilen Parižiň (439 ga - XIV asyryň başlary), Bolonýanyň (419 ga - XIV asyryň başlary), Milanyň (234 ga), Palermo bilen Neapolyň her biriniň (200 ga - XIII a.) we Pizanyň (114 ga - XII a.) tutýan meýdanyndan uly bolupdyr.
Gurluşyk pudagy şäher önümçiligiň esasy ugurlarynyň biri hasaplanypdyr. Sebäbi köp işçi güýjüni talap edýän bu pudakda şäher ilatynyň uly bölegi zähmet çekýärdi. Üstesine-de VIII asyrdan tä XIII asyryň başlaryna çenli Türkmenistanyň şäherleri dynuwsyz ösýärdi hem-de ulalýardy. Taryhy maglumatlar kerpiç örüjileriň, suwagçylaryň, gurulýan binalaryň içki bezegini ýerine ýetirýän neçjarlaryň we nakgaşlaryň bolandygyny habar berýärler. Şeýle hem şäherlerde «kärgär» ýa-da «muzdwar» diýlip atlandyrylýan köp sanly gara işçiler hem bar eken. Neçjarlar şäherlerde köp duşýan we il içinde hormatlanýan adamlar hasap edilipdir. Olar ýerli tutdan, söwütden we derekden her hili agaç önümlerini öndürýärdiler. Aslyýetinde, agaç gurluşyk çig maly hökmünde gymmat harytlaryň hatarynda durupdyr. Şonuň üçin hem kyn günde, jaýyň üstüne atylýan pürsler, garyp adamlaryň iň soňky gymmat bahaly baýlygyna öwrülipdir.
Şaher hojalygy hakynda gürrüň edilende, öňi bilen senetler seresi dokmaçylyk barada söz açylýar. Sebäbi dokmaçylyk şäher önümçiliginiň giň ýaýran görnüşi, söwdanyň we alyş-çalyşyň iň ýörgünli harydy bolupdyr. XX asyryň başlaryna çenli dokmaçylykda senetçileriň esasy köpçüligi zähmet çekipdirler. Dogry, dokmaçylyk senetçiligiň möhüm pudagy hökmünde, obada-da giň ýaýrapdyr, ýöne obadan tapawutlylykda, şäherlerde iň gymmat hem-de nepis dokmaçylyk önümleri öndürilýärdi. Ýewropa ýurtlarynda hil taýdan pes we arzan matalar obada öndürilip şäherlere getirilýär eken. Merkezi Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň mata önümçiligi barada aýdylanda bolsa, mata önümçiligi bilen esasan şäherlerde meşgullanypdyrlar. Däp bolup gelşi ýaly, matalar ýüňden (ondan esasan arzan matalary dokaýardylar), kenepden, pagtadan (ol kem-kemden kenepden dokalýan matalary önümçilikden gysyp çykarypdyr) we ýüpekden öndürilipdir.
Dokma önümçiligi Türkmenistanyň Gadymy we Orta asyr şäherleriniň hemmesinde alnyp barlypdyr, ýöne ýokary hilli matalaryň ösen önümçiligi aýry-aýry merkezlerde jemlenendi. Şol merkezler esasan Merwde, Nusaýda, Sarahsda, Abywertde, Köneürgençde, Amulda we Dehistanda ýerleşipdir. Dünýäde mata dokmaçylygynyň ykrar edilen merkezi Merwdi. Şäheriň şeýle ýokary derejä ýetmegi, köp babatda onuň ösen ýüpekçilik we ýokary hilli pagtaçylyk önümçiliklerine bagly bolupdyr. Merwde ýüpekçilik hojalygynyň kämil derejä ýetmegi bilen, ýüpek gurçugynyň tohumyny alys ýurtlara-da äkidipdirler. XII asyrda Merwde ýüpek gurçuklaryny köpeldýän ýörite kärhana-da bar eken.
Türkmen matalary ýurdumyzyň çäginden daşarda, tä Magribe (Demirgazyk Afrikanyň häzirki Marokko, Alžir we Tunis ýurtlary) çenli aralykda uly şöhrata eýe bolupdyr. Aýratyn hem Merwiň matalary söhratlanypdyr. Taryhçy as-Salyby «araplaryň Horasandan getirilýän her hili galyň matalary «merwiňki», şol ýerden getirilýän her hili ýuka matalary bolsa «şahyjany» diýip atlandyrmak endigi bar eken. Merwi olar Horasan şäherleriniň enesi hasap edipdirler, şonuň üçin hem ony «Merw aş-şahyjahan» diýip atlandyrýarlar. Ýukajyk matalaryň «şahyjany» diýlip şeýle atlandyrylmasy biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Merwi şöhratlandyrýan zatlaryň hataryna mahmal matalary hem degişlidir» diýip ýazýar. Türkmenistanyň şäher bazarlarynda mata dükanlary adatça misgärleriň, atyr önümlerini öndürýänleriň we zergärleriň dükanlarynyň ýanynda ýerleşipdir.
Türkmenlerde mata-marlakdan tikilýän egin-eşiklere diňe bir ynsan synasyny örtýän adaty haryt hökmünde seredilmeýär. Türkmen üçin geýim-gejim, ynsan durmuşyny dabaralandyrýan, onuň däp-dessurlara baý durmuşyny bezeýän gymmatlyk hökmünde hem görülýär. Iň bärkisi türkmenleriň adama hormat goýmagyň ýokary derejesi hasap edýän halat-serpaý ýapmak däbini alyp göräýeliň. Geçmişde geýim-gejimiň jemgyýetde tapawutlandyryş alamaty hem bolupdyr. Halyflaryň Merwdäki dokmaçylyk ussahanalarynda ýüzüne arap elipbisinde halyfyň ady we matanyň dokalan yeri hem-de wagty görkezilen mahmal matalar - tiraz dokalypdyr. Gazuw-agtaryşlar döwründe Müsüriň öwlüýäleriniň birinden tapylan hijriniň 260-njy ýylyna (miladynyň 873-874-nji ýyly) degişli tiraz matasynyň ýüzünde:«Bu [mahmal mata] iki ýüz altmyşynjy ýylda, musulmanlaryň işlerini dolandyryjy, dindarlaryň hökümdarynyň dogany, emir Abu Ahmet al-Muwaffak Billahy tarapyndan berlen perman esasynda Merwde, onuň özüne degişli ussahanada dokaldy» diýlip ýazylan ýazgylar saklanyp galypdyr.
IX asyryň ahyrlarynda – X asyryň başlarynda Merw, abbasylar halyflygynyň düzüminden çykyp, ilki Tahyrylaryň, soňra bolsa Samanylaryň döwletiniň düzümine giripdir, emma şäheriň mata ussahanalary halyflaryň şahsy eýeçiliginde galmagyny dowam etdiripdir. Tiraz matasyny öndürmekligiň diňe bir önümçilik ähmiýeti bolman, onuň syýasy ähmiýeti hem bolupdyr. Hazynada ýüzüne halyflaryň ady ýazylan tiraz matalarynyň bolmaklygy, ähmiýeti boýunça hökümdarlyk alamatlary hasap edilýän pul zikgelemek we hökümdaryň adyna hutba okalmagy bilen deňleşdirilipdir. Sebäbi ol ýa-da beýleki hökümdarlaryň dolandyran ýyllarynda öndürilen tirazlaryň ýüzüne, teňňe zikgelenendäki ýaly, hökman halyfyň ady ýazylýar eken. Harun ar-Reşidiň ogullary Amin bilen Mamunyň arasyndaky ylalaşyk boýunça, Mamun Horasanyň hökümdary we tagtyň mirasdary bolup galypdyr. Aminiň döwründe Merwde öndürilýän tirazlaryň ýüzüne Mamun dogany halyf Aminiň adyny ýazdyrýar eken. Emma Amin wadasynda durmandyr we Mamuna derek ogly Musany mirasdüşer diýip yglan edipdir. Şonuň üçin hem Mamun mundan beýläk Aminiň adyny Merwiň tirazlarynyň we zikgelenilýän teňňeleriň ýüzüne ýazdyrmandyr. Müsüriň türkmen hökümdary Ahmet Tulun hem 882-nji ýyldan başlap merw tirazlarynyň ýüzüne halyflaryň adyny ýazdyrmagy bes edipdir.
Merwiň tiraz matalary halyflaryň hazynasyna tabşyrylyp, olary satuwa çykarmandyrlar. Tiraz matalaryny emirleri, serkerdeleri we döwlet işgärlerini goşmaça höweslendirmek, şeýle hem daşary ýurtly belent mertebeli myhmanlary sylaglamak üçin ulanýardylar. Şol sebäpden hem halyflaryň hazynasynda Merw matalarynyň ummasyz köp mukdary saklanylypdyr. 946-njy ýylda halyf al-Mustakfi ölende onuň hazynasyndan merw matasynyň 63 müň topy we merw sellesiniň 13 müň sanysy hasaba alnypdyr. Taryhy çeşmelerde Merwde we Sarahsda iňňän gymmatly hasaplanylýan aýal başatgyçlarynyň öndürilendigi barada-da aýdylýar. XIII asyryň başlarynda Sarahsda selleler we ýüpek hem-de altyn sapaklar bilen nagyşlanan aýal başatgyçlarynyň öndürilendigi belli edildi. Dokmaçylyk Nusaýda-da ýokary derejelere ýetipdir. Haçanda mongollar Nusaýy eýelänlerinde, şäheriň ýaşaýjylaryndan 10 müň gez ýüpek mata talap edilipdir.
Külalçylyk Türkmenistanyň şäher önümçiliginiň giň ýaýran ugurlarynyň biri. Goňşy sebitlerden tapawutlylykda, külalçylykda Türkmenistanyň öz ýerli aýratynlygy bardy. Alymlar Merkezi Aziýanyň külalçylygy barada gürrüň edenlerinde «Dürli etraplaryň VI-VIII asyrlardaky külalçylygyk önümleri deňeşdirlip görlende, Sogdagyň gap-gaçlarynyň Usruşananyňky, Çäçiňky [Daşkent], Ýedisuwuňky [Gyrgyzystan] bilen golaý gelýändigini we meňzeşdigini, Günorta Gazagystanyňka belli bir derejede meňzeşdigini, ýöne Merw bilen Horezmiňkiden bolsa düýpgöter tapawut edýändigini bellemek gerek» diýip ýazýardylar. Türkmenistanyň Milli muzeýinde saklanýan «Merw golçasy» ady bilen tanalýan meşhur külalçylyk önümi hem biziň topragymyzda ata-babalarymyz tarapyndan öndürilen, ýerli aýratynlygy bolan nepis senetçilik önümidir.
X-XII asyrlarda ýurdumyzyn şäherleriniň külalçylyk önümçiliginiň ösüşinde täze alamatlar hem ýüze çykyp ugraýar. Bu döwürlerde 10-15 adam işleýän ussahanalar ýa-da ýewropa önümçiliginde aýdylyşy ýaly, «manufakturalar» – kiçi kärhanalar peýda bolupdyr. Külalçylygyň ösmegi şäher gurluşygyna-da uly täsir edýärdi. Wagtyň geçmegi bilen külalçylykda täze önümler özleşdirilip ugraýar. Şaherlerde suw geçirijilerini we hapa suwlary äkidýän ulgamlary gurmakda zerur bolan küýze tokurtgalar, suwaryşda ulanylýan jykyr küýzeleri, IX asyrdan başlap bolsa, Türkmenistanda şäher gurluşygy üçin zerur bolan bişen kerpiçler, ýüzi syrçalanan bezeg ülňüjikleri hem öňkülere görä has köpçülikleýin öndürilip başlapdyr.
Aýna we çüýşe önümlerini öndürmeklik orta asyr senetçiliginiň iň çylşyrymly ugurlarynyň biri hasaplanýar. Sebäbi bu önümleri öndürmeklik senetçilerden aýratyn hünär endiklerini we çuňňur özleşdirilen tilsimleriň ulanylmagyny talap edýärdi. Ösen hünärmentçiligiň mekany bolan Türkmenistanda bu önümleriň hem her hili görnüşleri öndürilipdir. Aýna we çüýşe önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan ussalary «abginegär» – «çüýşeçi» diýip atlandyrýardylar. Gorkut ata we Görogly eýýamlaryna degişlili aýna we çüýşe önümleri hem-de olaryň galyndylary Nusaýdan, Şasenemden, Tilictandan we Ortadepeslik şäherjiginiň ýerinden tapyldy.
IX-XII asyrlarda Nusaỳ Türkmenistanyň özboluşly önümçilik gatnaşyklary balan ösen şäherleriniň biri hasaplanýardy. Onuň ululygy edil Sarahsyňky ỳaly bolupdyr. Al-Mukaddasiniň öz ỳazgylarynda «Nusaỳyň baglara basyrylyp oturan 70 sany köçesi bar» diỳip bellemegi, onuň Merw ýaly jahan şäheri bolmasa-da, Merkezi Aziýanyň iri ykdysady merkezleriniň biri bolandygyna şaýatlyk edýär. Nusaỳ birnäçe şäherleri özüne birleşdirỳän aỳratyn etrap bolup, onuň düzümine Isfinakan, Jarmukan, Paraw we Şähristan ýaly ýerli ähmiýeti bolan «şährekler» giripdir.
Nusaýda öndürilen IX-XIII asyrlara degişli bulgurlar, badalar, aýna golçalar, çüýşe turbaçyklary, käseler we tabaklar nepis senetçilik önümleridir. Olaryň aglaba köpüsi sarymtyl we gögümtil-mawy aýnadan ýasalypdyr. Gazuw-agtaryşlar döwründe Nusaýda IX-X asyra degişli kiçijik, görňüşi boýunça armyda meňzäp duran, sary reňkli aýnadan ýasalan golçajyk tapyldy. Golça suwuk aýnany üflemek usuly bilen ýasalypdyr, sebäbi onuň küti diwarlarynyň içinde howa galan düwmejikler görünýär. Agzy gapaklyja golçanyň boýny inçe, agzy giň edilip ýasalan, her böwründe bolsa iki sany naşyja gulplary bar.
Nusaýdan XIII asyryň başlaryna degişli gögümtil reňkli ýene-de bir golçajyk tapylypdyr. Agzy gapaklyja, tokgaja golçanyň içinden Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň hökümdary Muhammet şanyň ady bilen zikgelenilen mis pul hem tapylypdyr. Golçanyň daş ýüzi arynyň öýjügine meňzeş nagyşlar bilen bir enaýy edilip bezelipdir. Aýratyn bellemäge mynasyp tapyndylaryň biri-de, Nusaýdan IX-XIII asyrlara degişli penjire aýnalarynyň bölekleriniň ýüze çykarylmagydyr. Bilşimiz ýaly, ir döwürlerde gurulýan binalaryň penjirelerini aýnalamak gurluşygyň amal etmesi iň kyn işi bolupdyr. Muňa garamazdan, aýnaçy ussalar bu wezipäniň hötdesinden gelmegi başarypdyrlar. Dogry, Orta asyrlarda penjire aýnalaryny öndürmek işi, häzirki döwrüň aýna önümçiliginden düýpli tapawut edipdir. Ol zamanlar aýna aýratyn gymmat haryt bolandygy üçin onuň uly bolmadyk bölejiklerini ýasaýardylar. Soňra şol aýna böleklerini germew we gözenek görnüşde edilen penjireleriň öýjüklerine oturdýardylar. Wejit Aly han tarapyndan köne golýazma kitaplarynyň esasynda ýazylan «Matla-ul-ulum majma-ul-funun» («Ylymlaryň talaby we edebiýatyň jemi») eserinde aýnanyň öndürilişi barada gymmatly maglumatlar berilýär. Eserde berilýän düşündirişe görä, aýna we çüýşe önümleri toýun bilen natriý, magniý, kaliý, kalsiý, margenş duzlarynyň birleşdirilmeginiň esasynda öndürilipdir. Türkmenistanda penjire aýnalarynyň her hili reňkdäki görnüşleri gabat gelýär.
Çüýşe gaplary esasan däri-dermanlary, atyrdyr gülap suwlaryny, sürme we wesma ýaly gymmat bahaly parfýumeriýa önümlerini saklamak üçin ulanylypdyr. Seýrek ýagdaýda çüýşeden hojalyk gap-çanaklary hem ýasalypdyr. Reňkli aýnalary öndürmegiň syrlary Hytaý ýaly alys ýurda hem Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň şäher önümçiliginden geçendigine alymlar güwä geçýärler.
Demirçilik hem şäher hojalygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Kätmen, pil, orak, gaýçy, gyrkylyk, azal, palta, çekiç, ýekedaban, külüň, sandal, gulp, açar, tagan, gazan, telbe, myh, çüý, zynjyr, gaňyrçak, bilekse, araba tigirleri we başga-da oba hojalygynda, senetçilikde we durmuşda gündelik ulanylýan magdan önümleri köp mukdarda öndürilipdir. Sarahsda demirçileriň mähellesi, Merwde bolsa demirçileriň bazary bolupdyr. Demirçiler dürli görnüşdäki ýaraglary we harby esbablary hem öndürýärdiler. Taýyn çig maldan peýdalanýan ýönekeý demirçilerden tapawutlylykda, ýarag ýasaýan ussa gizlin usullary ulanmak bilen ýarag ücin zerur bolan polady özi ýasamaly bolupdyr. Ony öndürmegiň usullary bolsa önümçilik syry hökmünde gizlin saklanypdyr. «Zerrat» diýlip atlandyrylýan ussalar sowut hem-de galkan, «kardgär» diýlip atlandyrylýan ussalar bolsa jöwher pyçaklary öndüripdirler. Demir önümleri öndürilmezden öň olary magdan alynýan ýerden uzak bolmadyk ýerde ýörite körüklerde eredýärdiler we çig mal görnüşinde dürli ýerlere ugradýardylar. Türkmenistanda arheologlar tarapyndan VI-VIII asyrlara degişli körükler häzirki Daşoguz welaýatyndaky Soltanyzdagyň eteklerinde ýüze çykaryldy.
Magdan önümlerini gaýtadan işlemekde misden we galaýydan önüm öndürýän ussalar, demirçilerden soň ähmiýeti boýunça ikinji orunda durupdyrlar. Olary «misgärler», «saffarlar», «ruýgärler» diýip atlandyrýardylar. Misgäriň öndürýän önümleri hem durmuşda giňden ulanylypdyr. Misden, bürünçden, galaýydan edilen çyralar, käseler, okaralar, şemdanlar, gazanlar, kündükler, suw gaplary, açardyr gulplar öndürilipdir. Aýratyn hem sary misden edilen gazanlar giň ýaýrapdyr. Öýde gündelik ulanylýan zatlar bolandyklary üçin bu önümleri aratyn nepislik bilen bezeýärdiler. Bu önümleriň arasynda gymmat bahaly daşlar bilen bezelenleri hem köp duş gelýär. Şol sebäpden hem olaryň bahasy adatça, demir önümlerinden has gymmat bolýar. Şeýlelikde, ussahanalaryň gurluşy, demirden edilen önümleri öndürmek üçin ulanylan esasy enjamlalaryň häsýeti, aýratyn hem körükleriň enjamlaşdyrylyşy, önümleriň görnüşleri – bularyň bary birleşip Türkmenistanyň şäherleriniň magdan işläp bejerýän hünärmentçiliginiň we onuň beýleki senetçilik ugurlary bilen deňeşdirilende aýratyn orun eýeländigini görkezýär.
Şäher önümçiliginiň esasy ugurlarynyň biri-de zergärçilikdir. Zergärçilik easasan şäher önümçiligi üçin häsýetlidir. Häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň dakynýan şaý-sepleri Türkmenistanyň şäherlerinde öndürilen nepis senetçilik önümlerdir. Arheologiki barlaglar döwründe Türkmenistanyň şäherlerinde zergärçilik ussahanalarynyň köp sanlysy ýüze çykaryldy. Zergärçilik ussahanalarynda ýüzüne gymmat bahaly daşlar dakylan altyndan, kümüşden, misden, bürünçden edilen her hili bezeg şaý-sepleri we esbaplar öndürilipdir. Olaryň her biri hakynda gürrüň etmegiň zerurlygy ýok bolsa gerek, sebäbi şanly Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde türkmen gyz-gelinleriniň şaý-sepleri halkymyzyň medeni durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Arheolog-alymlar tarapyndan ýüze çykarylan tapyndylar, altyn-kümşüň oda çydamly ýörite toýundan edilen uly bolmadyk gapjagazlarda eredilendigine we galyplaryň hem-de ülňüjikleriň kömegi bilen her hili zergärçilik önümleriniň öndürilendigine güwä geçýär. Zergärçilik önümleriniň hataryna erkek adamlaryň altyndan we kümüşden edilen kemerlerini, tokalary, jaňjagazlary hem goşsa bolar. Türkmenistanyň ýerinden kemer tokalarynyň dürli görnüşleri tapyldy. Altyn-kümüş we gymmat bahaly daşlar bilen iş salyşýan zergärler senetçileriň iň gurply ýaşaýan bölegi bolupdyr. Şonuň üçin hem zergärleriň ýaşaýan mähelleleri Türkmenistanyň şäherleriniň ählisinde bar eken.
Ösen maldarçylyk hojalygy bilen şöhratlanan türkmen topragy özüniň nepis deri önümleri bilen hem tanalypdyr. Dürli döwürleriň ýazarmanlary güneşli ülkämiziň tohum mallaryndan iňňän gowy deri önümleriniň we dokmaçylyk üçin zerur çig mal bolan ýokary hilli ýüňüň öndürilendigini belläpdirler. Nusaýda, Köneürgençde, Merwde we Sarahsda köpsanly deri eỳleỳän ussahanalar bar eken. Şäherlerde aýakgap tikilýän ussahanalar köp bolupdyr. Aýakgap tikýän ussalary «köwüşgyran» diýip atlandyrýardylar. Merwdäki depeleriň biriniň «Köwüşgyran» diýlip atlandyrylandygy belli edildi.
Deri eỳlemek üçin zerur bolan aşgarlar esasan ýerli çig maldan taýýarlanypdyr. Aşgarlaryň aýratyn ýokary hillilerini bolsa Bulgardan we Ỳewropadan getirilen çig mallardan taỳỳarlaỳardylar. Deriden köwüş, ädik, mesi, çokaý, çaryk, çepek ýaly aýakgaplaryny, jylaw, uýan, çeki, eýer ýaly at esbaplaryny, gyn, kemer, gamçy ýaly önümleri öndürýärdiler. Bu önümleriň hiliniň gowy bolandygy üçin olary iki-üç nesliň wekilleri ulanyp bilýärdiler.
Horezmde arheologiki gazuw-agtaryşlar döwründe burny jaýtaryp duran ajaýyp köwşüň galyndylary tapylypdyr. Häzir Ýaponiýanyň Şasoýin muzeýinde VII-VIII asyrlara degişli, gyzyl reňkli gönden tikilip, baý bezelen bir jübit köwüş saklanýar. Alymlar şol köwşüň Horezmde öndürilendigine güwä geçýärler. Käbir taryhy çeşmeler göniň dürli hilli görnüşleri barada-da maglumat berýärler. Hytaýyň taryhynyň tan döwrüne (VII-X asyrlar) degişli çeşmede Horezmden gönüň gyzyl reňkli, ýüzi tüýjümek, ýukajyk görnüşiniň iberilendigi barada aýdylýar. Arap taryhçysy at-Tabary araplar bilen Merkezi Aziýanyň ilatynyň baglaşan şertnamalarynda olaryň kimuht diýlip atlandyrylan geçiniň ýa-da goýnuň derisinden edilen ýukajyk gön bolan - mişi ugratmaga borçlanandyklary barada aýdýar.
Deriniň gön, teletin, mişi, ýuzi tüýjümek hem-de ýukajyk begres we pamazy ýaly ençeme görnüşleri öndürilipdir. Teletin deriniň galyň görnüşi bolup, adatça ol öküz hamyndan edilýär. Teletinden edilen zatlar, asyrlarboýy zaýalanman, bir durkuny saklamaga ykyply bolýar. Gönden edilen dürli görnüşdäki önümleri türkmen suratkeşlik sungatynyň eserlerinden hem görmek bolýar. Bularyň ählisi şäherleriň deri eýleýan we aýakgap ussahanalarynda öndürilen önümlerdir. Şol suratlarda biz aýal we erkek adamlaryň aýaklarynda aýratyn nepislik bilen tikilen köwüşleri we ädikleri görýäris. Olar dürli reňkdäki aýakgaplardyr. Erkek we aýal aýakgaplarynyň esasy görnüşi ökjesiz gonçly ädik – mesi bolupdyr. Suratlarda aýratyn hem çepek we hokga görnüşindäki aýakgaplar ünsi çekýär. Olar dürli reňkler bilen reňklenip, monjuklar, demir tokalar we bagjyklar bilen baý bezelipdir. Şeýle aýakgaplary göreniňde olaryň gürrüňsiz şaher önümleridigini anyklap bolýar. Türkmenistanda we Merkezi Aziýada gymmat bahaly aýakgaplaryň öndürilendigini at-Tabari hem belläpdir. Araplar Mawerannahry eýeleýän döwründe Sogdagyň ihçidiniň aýaly yza çekilinýän döwürde bir taý ädigini galdyrypdyr. Soňra şol bitaý ädige çarwa araplar 200 müň dirhem baha kesipdirler. Eger-de, şol döwürde tohum atyň bahasynyň 200 dirheme barabar bolandygyny göz öňünde tutsak, onda bu aýakgabyň nä derejede gymmat haryt bolandygy düşnüklidir.
Ýokarda görkezilen mysallar, deri işläp bejermegiň, şeýle hem gönden haryt öndürmekligiň şäher önümçilginiň esasy pudaklarynyň biri bolandygyna şaýatlyk edýär. Bu önümçilikde bolsa deriçiler, aýakgap tikýänler, ýonaçylar, gönden harby esbaplary ondürýän hünärmentler zähmet çekipdirler. Gön işläp bejermekde, aýratyn hem taýyn önümleri öndürmekde senetçilere, önümçiligiň beýleki ugurlarynyň önümleri hem zerur bolupdyr. Şonuň üçin hem deri işläp bejermek we önüm öndürmek bilen meşgullanýan ussalar senetçiligiň beýleki ugurlarynyň ussalary bilen bileleşip zähmet çekmeli hem bolýardylar.
Çeküw daşlary, soky, owguç, el hem-de suw bilen işledilýän degirmen daşlary, ige – bularyň bary şäherleriň daş işläp bejerýän ussahanalarynda taýynlanylýan önümlerdir. Degirmen daşlary bugdaý üwemekde giňişleýin ulanylýan enjam. Gäwürgalada gazuw-agtaryş işleri geçirilýän döwürde degirmen daşlarynyň bir ýerde ýygnanan üýşmegine gabat gelindi. Bu bolsa şäherde degirmen daşlaryny ýasaýan ussahananyň we merkezleşdirilen görnüşde bugdaý üwelýän kärhananyň bolandygyny aňladýar. Türkmenistanyň muzeýlerinde örän seýrek duşýän, iňňän nepislik bilen ýasalan dürli ölçeglerdäki degirmen daşlary saklanylýar. Bu degirmen daşlary ýöne bir elujy ýasalan gödeňsi daşlar bolman, daş-töweregi ýylmanan, taraplarynyň ölçegi takyk edilen we nepis nagyşlar hem-de hatlar ýazylan gymmatly sungat eseridir.
Şaherlerde adaty durmuşy saklamagyň baş şerti, onuň çörek, et-ýag, süýt-gatyk, gök we bakja önümleri bilen üpjün edilmegine bagly bolupdyr. Bugdaý üwäp un etmek şäherleriň özboluşly önümçiligidir. Aýratyn hem çörek önümlerini öndürmeklik möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Çörek bişirmek üçin zerur bolan un şäherleriň içinden akyp geçýän derýalaryň, ýaplaryň boýunda ýerleşýän suw degirmenlerinde öndürilýärdi. Merwiň Zerjeýn mähellesinde gyzgalaňly bugdaý söwdasy alnyp barlypdyr. Taýýar un «nanbaýlar» we «nanfuruşlar» diýlip atlandyrylýan çörek söwdasyny edýän adamlar tarapyndan satyn alnyp, olardan dürli görnüşli çörek önümleri taýýarlanylypdyr. Merwiň uly mähelleleriniň biri bolan Tannurgyranda (tamdyrçylar) tamdyr ýasaýardylar. Çöregi aýry-aýry mähellelerde nerkezleşdirilen görnüşde-de, ýekabara hojalyklarda-da öndürýärdiler. Nusaýda, Sarahsda, Köneürgeňçde, Amulda we Abywertde dürli görnüşdäki süýji-köke harytlaryny, tagamly naharlary öndürýn kiçi kärhanalar, ýekebara hojalyklar köp bolupdyr. VII-X asyrlarda Merwde nabat (gant) satylýan özbaşyna bazar hem bar eken. Lezzetli hem-de siňňitli türkmen milli naharlarynyň biri bolan ýarma şol döwürde-de ýörgünli bolupdyr. Bu nahar «harysa» diýlip atlandyrylypdyr. Ol barada taryhy çeşmelerde «harysa, döwlen bugdaý bilen etden bişirilýän özboluşly palowdyr. Harysa bilen aýratyn hem Merw şöhratlanýar» diýlip aýdylýar. Harysa Hindistan bilen Müsüriň aralygyndaky şäher bazarlarynda satylýan iň ýörgünli tagamlaryň biri bolupdyr.
Ekerançylyk önümlerini gaýtadan işlemiklik hem şäher önümçiliginiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli bolupdyr. Türkmenistanyň käbir şäherlerinde senetgär ussalar jyklaryň kömegi bilen künji ýagyny öndürýärdiler, ösümlik külüni ýag bilen garyp sabyn gaýnadýardylar, şekerpalaçdan nabat, ýaglaryň käbir görnüşlerinden, otlardan hoşboý ysly ýaglary we suwlary, ýerli çig maldan kagyz öndürýärdiler.
Türkmen taryhynyň Gorkut ata we Görogly eýýamlarynda şäher önümçiligine döwlet tarapyndan ýörite bellenilýän «muhtesip» gözegçilik edipdir. Muhtesipler şäherlerde öndürilýän önümleriň mukdaryna, hiline, köçeleriň, bazarlaryň tertip-düzgünine, harytlaryň satylyşyna, satyn alnyşyna, terezileriň we çeküw daşlarynyň düzüwligine jogap berýärdiler. Muhtesipleriň hukuklary we borçlary hakynda Soltan Sanjaryň hökümet diwanynda kätip al-Juweýni tarapyndan döredilen «Atabat al-kataba» («Kätipleri kämilleşdirmegiň basgançaklary») atly permanlar we hatlar ýygyndysynda gymmatly naglumatlar berilýär. Soltan Sanjaryň Mazendaranyň muhtesibi wezipesine bellemek baradaky permanynda «Muhtesip haryt satylanda we satyn alnanda musulmanlaryň aldawa düşmezligi, zyýan çekmezligi üçin, çeküw daşlaryny we terezileri barlamakda we deňlemekde aýratyn eserdeňlik görkezmelidir» diýlip aýdylýar.
Mysallardan görnüşi ýaly, XIII asyryň başlaryna çenli türkmen topragy dünýäniň ykdysady taýdan iň ösen ülkesi bolupdyr. Emma mongol basybalyjylarynyň wagşyçylykly ýörişlerinden soň, asyrlar boýy dünýäniň syýasy, ykdysady we medeni ösüşleriniň merkezi bolan türkmen ilinden bereket göterildi.
Täze Galkynyşlar we beýik özgertmeler zamanynda mähriban Diýarymyzyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşiniň ähli ugurlarynda haýran galdyryjy üstünlikleri gazanylýar. Sanlyja wagtyň içinde ýurdumyz ykdysady yzagalaklygyň girdabyndan çykyp, dünýäniň önüm öndürýän öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşuldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurnbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň baş şertleriniň biri bolan ykdysadyýete – has ýönekeýleşdirip aýdanymyzda, önüm öndürmeklige ägirt üns berýär. Senagat we oba hojalyk önümlerini öndürmek, olary halkymyza elýeterli bahalardan ýetirmek, türkmen harytlaryny dünýä bazarlaryna çykarmak döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatynyň baş maksadyna öwrüldi. Çünki ýurdumyzy kuwwatlandyrýan, döwletimiziň halkara at abraýyny beýgeldýän, raýatlarymyzyň bolelin durmuşyny üpjün edýän esasy güýç, onuň ýylda 20-22% göterim netije görkezýän ösen ykdysadyýetidir. Şeýle netijäni häzirki döwürde dünýäniň hiç bir döwleti hem görkezip bilenok.
Garaşsyz Diýarymyzyň halk hojalygynyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, sowet döwründe egnini gysyp oturan, öňki göýdük şäherleriň ornuna, bu gün Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat, Balkanabat, Daşoguz, Mary ýaly, ösen ykdysadyýetli, baý medenýet ojaklary bolan, milli keşpli, häzirkizaman şäherleri kemala geldi. Beýik Galkynyşlar zamanynda Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen Ak şäherimiz Aşgabatda önümçilik, ýaşaýyş-durmuş we dolandyryş maksatlary üçin ýüzlerçe binalardyr desgalar, köçeler, suw, elektrik, gaz, lagym ulgamlary guruldy. Ýene-de sähel wagtdan Aşgabadyň ilaty 1 million adama ýeter. Şonda dünýä kartasynda gysga taryhy döwrüň içinde tanalmaz ýaly özgerdilen we ösdürilen Aşgabat atly täze megapolisiň peýda bolandygy barada guwanç bilen gürrüň ederler… Şohratly geçmişimizden - şanly gelejegimiz görünýär.
Jumadurdy ANNAORAZOW,
taryh ylymlarynyñ kandidaty.
Taryhy makalalar