BARYBIR...
O ýedide galan göwnüň ýanynda
«Altmyş nedir, ýetmiş nedir, ýüz nedir?».
Göwnüň gallaç bolsa baky ýaşlykdan,
Baý bolsa-da, garrylykdan üzňedir.
Degme, geçsin ýyllar.
Olaň işi şol,
Ýaş üste ýaş düşübersin söbüge.
Sen barybir eneň üçin çagajyk,
Sen barybir ataň üçin gögele.
Käte daşyň hümer.
Başga gün bolsa,
Galarsyň öz-özüň bilen ikiçäk.
Sen barybir dogan üçin ýalňyzsyň,
Sen barybir aýalyňa ýeke-täk.
Dag ýaly gujuram myhmandyr bile,
Ýogsam näme, ýaşyň ýaşdan parhy bar.
Sen barybir ogluň üçin ― iň güýçli,
Sen barybir gyzyň üçin gahryman.
Gatyrganma, «daýy» diýen gyzlara,
Gyýylma deň-duşlaň «aga» diýseler.
Görseň, bürenendir başga bir dona,
Bir mahalky söýgi diýlen pişe-de.
Bu gün daýy bolup söýülýänsiň sen,
Bu gün sylanýansyň aga ornunda.
Şolar şeý diýmese niçik bolardy,
Her ýaşyň öz gyzygy bar, gör, munda.
Ýaşaber ýyllara pitiwa etmän,
Ýaran bolsun öz pikiriň, öz ünsüň.
Ýyllaň kär etmejek hakykaty bar ―
Sen barybir şol öňküje özüňsiň.
Goşgular