01:34 Başga planetalylar | |
BAŞGA PLANETALYLAR
Geň-taňsy wakalar
''Planetamyzdan daşarda, (biziñ) töwereklerimizde ynanyp bolmajak kosmiki medeniýetler kändir. Olar her dürli keşbe girip bilýärler. Aslynda biziñ bilýän düşünjelerimize görä maddanyñ ýokdugyny bütin jogapkärçiligim bilen açyklaýaryn. Madda ylymsyzlygymyzdan çeşmelenen bir illýuzondan başga hiç zadam däl. Şol sebäpdenem olar (başga planetalylar) bize her dürli şekillerde görünýärler. Bizi ürkütmezlik üçin has tanyş kabul ediljek keşpde görünýärler. Meselem men 2008-nji ýylyñ Bahar aýlarynyñ soñlarynda kesellänimde olary kiçeñiräk gyzyl reñkli jandarlar keşbinde gördüm. Saglygyma gowuşmagym üçin aýratyn kömek berdiler. Olaryñ keşpleri kellämde galypdyr, çünki ybadathananyñ (hristiýan buthanasy) iç diwarlarynda olary şeýle suratlandyrypdym. Wanga üçin bolsa olaryñ bir kysymy yşyk nokatjyklarydy''... Bütin beýleki medeniýetler biziñ bilen aragatnaşyk saklamak üçin dyrjaşýarlar. Edil kiçijek çagalar bilen suratlar arkaly dil tapyşjak bolşumyz ýaly, bize ekin meýdanlarynda şekilleri çyzyp görkezýärler, şol surat şekilleriniñ üsti bilen özlerini görkezip, düşündürmäge synanyşýarlar we Tañrynyñ söýgüsine ýakynlaşmagymyz üçin bize ellerini uzatýarlar. Olaryñ ýeke täk maksady bize kömek etmekdir. Hiç hili erbetlik, nejislik olarda ýok. Renan Seçkin. ''Gitleriñ we KGB-niñ yzarlan WELISI WANGA'' kitabyndan gysgaldylyp alyndy. Terjime eden: PEŞEÑ ogly Afrasyýap | |
|
Teswirleriň ählisi: 6 | ||||||
| ||||||