21:26 Uçýan obýektler hakynda | |
UÇÝAN OBÝEKTLER BARADA
Geň-taňsy wakalar
Uçýan tarelkalar barada soñky XIX-XXI asyrlaryñ maglumatlary köpelip başlady. Uçýan tarelkalar barada wideomontajlar, fotosuratlar olaryñ hakykatdan-da bardygyny subut edýän bolsa gerek. Başga planetalardan gelýän gelmişek adam sypatly haýwan pisint ýüz, ýa-da mahluk şekilinde añ derejesi ösen kişiler barada soñky döwürler het hili gürrüñler, bolan wakalar ýaýrap başlady. Türkmenistanyñ neşirýat gullugy tarapyndan 2001- njy ýylda çap edilen okuw kitaby Astronomiýanyñ awtorlary H.Meläýew we H.Hydyrow dagy şeýle maglumatlary galdyrypdyrlar: ''Soñky döwürde Ýeriñ howasynda peýda bolýan näbelli hadysalar adamyñ ünsüni özüne has-da çekýär. Ol hadysalaryñ biri hem ''uçýan tarelka'' baradaky maglumatlary baryp biziñ eramyzdan 600 ýyl ozal Iýezekil pygamber aýdypdyr. Ol ýaşlygynda Iýerudalim ybadathanasynda işläpdir, ýöne ýesir edip Ýewfrat derýasynyñ boýyndaky kiçijik oba äkidipdirler. Şol ýerde her hili geñ hadysalar bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr. Hat-da ol ýagtylanyp uçan arabanyñ tigrine meñzeş jisimiñ gelendigini hem görüpdir. ''Samaranga sutradhara'' diýilýän gadymy sanskrit golýazmasynda şeýle diýýär: ''Arabanyñ tizligi hakynda aýdylanda, ol şeýledi: ol bada-bat asmanyñ merjenine öwrülýärdi. Onuñ tigirleri bilen Ýeriñ adamlary howa galyp bilýärler, asmanyb adamlary hem Ýere düşüp bilýärler. Bu arabada Günüñ we ýyldyzlaryñ sebitine uçup bilýärler'' ''. 09.07.1975-nji ýylda şlýapa görnüşli uçýan tarelkanyñ surata alynandygyny internet habarlarynda ýaýrapdyr. 18. 12. 2010-njy ýylda takmynan sagat gije 6-lara Türkmenistanyñ paýtagtynda uçýan tarelkanyñ aýlanandygyny görenler bar. 2012-nji ýylyñ gyş aýlarynda meñ özümem dumanlyga bürenen uçýan obýekti gözüm bilen görüpdim. Ol wagt men Aşgabat Obiznoýda ýerleşen firmalaryñ birinde garawul bolup işleýärdim. Şol wagt ýokary dumanlykdy. Agşamlykdy. Takmynan sagat 19 ýa 20 - 21. Ümürlikde sessiz sedasyz dik uçara meñzeş gyralary gyzyl-ýaşyl yşykly, ol yşyklar göýä poliseý maşynlarynyñ depesindäki howsala yşyklaryny ýadyña salýardy. Ol dik öñümde 20-30 metrlikde, ýokarda saklanyp günorta tarap ýiti yşygy tutdy. Megerem olar gapyny açyp ýere düşjek boldylar. Belkäm kim bilýär düşendirlerem. Soñ yşyk ýapyldy-da birdenem ýañky yşykly obýekt sessiz sedasyz gaýyp boldy. Ony sosial saýtlarda menden başga-da görenler bardy. Bir kişi blok paýlaşyp Aşgabadyñ demirgazygynda uçýan obýekti görendigini aýtdy. Indi pikir edip görseñ Obiznoý Aşgabadyñ demirgazyk taraplary bolýar. Onuñ anyk nirede durandygy bolsa meni diýseñ gyzyklandyrýardy. Bilşimiz ýaly uçarlar (somalýot) aeroporta tarap geçip gidenlerinde olar günbatardan gündogara uçup geçýärler. Mysal hökmünde Marydan Aşgabat aralygyndaky uçarlary mysal getirse bolar. Şonda depäñden uçup barýan uçaryñ aşagynda ony günortadan demirgazyk aralygynda aşagyndan batly ylgawda kesip geçseñ ol señ bilen bile ýöräp barýan aralykda ýaly görünýän ýaly. Ýöne hakykatda ol öz ugruna gidip barýar. Diýjek bolýanym bu meñ gören uçýan obýektim hem meñ ýakynymda bir ýerlerde gonjak bolan bolmaly. Özem boşluk ýere. Ýöne töweregimde uçar ýaly obýekte gonmaga ýer ýok diýen ýaly. Belkäm ol Garadamagyñ añyrsyndaky gektarlyga gonjak bolandyr. Umuman bu şeýle. Görünen näbelli jisim illýuziýa däldi. Bu edil hakyky uçýan tarelkady. Ikinji jahan urşynda harby howa güýçleri tarapyndan hasaba alynan maglumatlar hem munuñ aýdyñ beýanydyr. Ýüzi ýañy dogan owlagyñ keşbinde gözleri uly, elleri we aýaklary adama meñzeş, süñkleri inçeden gysga, beýnisi süýriden ýasy bir jandaryñ şol tarelkany dolandyrýandygy barada maglumatlar bar. Uçýan tarelka Ýeriñ atmosferasyndan çykanynda görünmeýändigini öwrendiler. Bu tehniki obýektiñ şeýle çalt gözden ýitmesi hemmeleri haýrana goýýar. Uçýan obýekt öz tizligi bilen göz açyp ýumasy aralygynda şeýle gözden ýitirim bolýan enjam haýsydyr bir planetadan gelýär ýa-da şolar ýaly älemde köp planetalar bar. Uçýan tarelkalar we ony dolandyrýan adama meñzeş ösen beýnili adamlar Ýer şaryna näme üçin gelýärkä diýen soraglar ör-boýuna galýar. Belki bizem şeýle uçýan tehnalogiýanyñ formulasyny tapyp ony ulanmagy başararys. Ýöne munuñ üçin belli bir wagt talap etse gerek. Taýýarlan: Peşeñ ogly Afrasyýap | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||