22:02 Kosmosa gidenler hakda ballada | |
KOSMOSA GIDENLER HAKDA BALLADA
Geň-taňsy wakalar
• ''Gelenler entäk gidenoklar'' Ýigriminji asyryñ epiteti az däl. Oña atom asyry, elektrik ýa-da tizlik asyry diýýärler. Indi ''kosmos asyry'' hem diýilýär. ''Elektrik asyry'' wagtynda ㅡ ähli zatlary, hatda söýgüni-de ''elektrik'' täsiri bilen düşündirýärdiler. Haçan-da ''kosmos asyry'' başlananda hemme zady ''kosmosdan gelenler'' bilen baglanyşdyryp başladylar. Munuñ özi örän oñaýly boldy. Bardy-geldi bir ýerden sähelçe düşnüksizräk delje zat tapylsa, meselem, guýydan çelek tapylyşy ýaly diýeli, derrew çaklama peýda bolýardy: ''Kosmosdan gelenleriñ işi. Wah hawa-la, şol gadyrdanlar! Alymlar gatyrganýardylar, köplenjem dymýardylar. Başga planetalardan gelenler modasy olara enaýy we zyýansyzja görünýärdi. Emma... 1976-njy ýylda amerikan ruhanylary E. Rili hem-de U. Makkridi ABŞ-da mistikanyñ ýaýraýşyny öwrenmek boýunça sosiologik barlag geçirip gördüler. Psihiatorlaryñ nukdaý nazaryndan seredeniñde, netije howply: orta hasapdan amerikanlaryñ her ondan dördüsi öz ömründe haýsydyr bir ''gudratly'' hadysanyñ şaýady bolupdyr. Kimdir biri şeýtan görüpdir, başga biri ㅡ perişde, üçünji biri ㅡ arwah, dördünjisi ㅡ tarelka münüp, kosmosdan gelenleri görüpdir. Hut şeýle. Bir zady öñünden gepleşeliñ: biz kosmosdan gelenler ideýasyna garşy däl. Tersine, şonuñ aýgytly tarapdary. Ýöne, islendik çaklamany tassyklamak üçin faktlar gerek, ine, şolaryñ welin, tä 50-nji ýyllardan başlap şol öñküligi ㅡ özem oñaýsyz, ynanarlyksyz, akyla sygmajak zatlar... Eýsem-de bolsa, bu ugurdan ýazylan esasy işleriñ biri metafizik M.M.Agrestin paleogaltaşyklar temasyndan ýaýbañlandyrylan makalasy islendik nukdaýnazardan seredeniñde-de ýeterlik çynlakaýdy. ''Gelenleriñ'' bolaýmagynyñ mümkindigini tassyklaýan zatlar tertipleşdirýärdi: 1. başga planetadan gelen ekspedisiýanyñ gös-göni galdyran yzlary (mysal tektitler); 2. ''gözi bilen görenleriñ'' tassyklamalary (mysal injiliñ teksti); 3. dürli döwürlerde salnan ''gurup bolmajak'' ymaratlar hem-de düzülen zatlar (mysal ㅡ Baalbek eýwany); 4. ''wagtyndan öñ'' bilinen zatlar. Şonda kosmosdakylaryñ Ýere wizitiniñ bolandygyna şaýatlyk edýän zatlary anyklap, örän aktiw barlamaga we köptaraplaýyn degşirip görüp, akyl eleginden geçirmäge bolan zerurlyk hakynda aýdylýardy. Emma tiz wagtdan soñ ''kosmosdan gelenler'' problemasy bilen ygtybary kem ýazyjysumaklar meşgullanyp başlady. Bularyñ jemlemesi hökmünde Erih Fon Denikeniñ kitaby esasynda surata düşürilen (GFR) ''Geljek hakynda oýlanmalar'' atly reklama roligi peýda boldy. Owadan edip düşürilen ajaýyp filme bir demde seredip görýärsiñ. Emma, zehinini galkyndyrmak bilen ol özüni ''eger-de birden'' diýip, goýan örän köp sowallaryna jogap bermeýärdi, hut şonuñ üçinem ol degerli we degersiz tankyda artykmaç sezewar boldy. Gynansak-da, bu tankyda M.M.Agrest tarapyndan düzülen shemadan tapawutlylykda, başly-baratlyk mahsusdy. Ol diñe aýry-aýry faktlary inkär etmäge çalyşýardy. Şeýlelikde, mistikanyñ dumany selçenlemän, gaýtam barha we barha goýalýardy. Şonuñ üçin-de köp faktlaryñ bireýýäm esassyzdygy subut edilen-de bolsa, makaladan makala, kitapdan-kitaba geçip ýörendigine geñ galybam oturasy zat ýok. Bölek-büçek ýalana çykarmalar, nädogry çaklamalaryñ üýşmegini, onda-da jedelkeş şowhunçynyñ öz sowalyna, öz soragy bilen jogap bermek ýoly arkaly tassyklan zatlaryny açyk-aýdyñ ederden ejiz gelýär. Ýene-de gyzgyn jedeliñ şowhuny asmana galýar. ''Galtaşma bolupmy, ýa-da ýok?''. Ýaşlar jedel edýärler. Özem başarnyksyz ''kosmosdan gelenler'' bar ㅡ diýip, biri tassyklaýar, şol bir wagtyñ özünde-de, eýýäm haçan tankytlanan faktlary delil getirýär. ''Ýok! Kosmosdan gelen ýok!'' ㅡ diýip, ikinji biri gygyrýar ㅡ olam şol faktlary örän oñaýsyz we başarnyksyz ''tankyt'' edip başlaýar. Bu iki fanatigiñem şeýle zat kellesine-de gelenok. Belki hakykatdan-da kosmosdan gelnendir, ýöne olaryñ ''gelendigi'' başga faktlar arkaly subut bolýandyr. Belki-de ol faktlar Ýer ýüzünden bireýýäm ýitip gidendir. • Kosmos köne-küşülleri Gürrüñ mümkin bolan paleowizit hem-de paleogaltaşyklar, ýagny biziñ planetamyzyñ geçmişi hakynda gider. Şonuñ üçin-de anyklanmadyk, uçýan zatlar AUZ, Atmosferadaky Anomal Ýagdaýlar AAÝ hem-de kosmosyñ beýleki siwilizasiýlary bilen radio ses alyşmasy hakda gürrüñ etmeris. Biz akyl ýetirmesi juda kynçylyk döretmeýän zatlar: syrly ymaratlar, gurlan zatlar hem-de şekiller bilen çäkleneris. Paleowizitiñ bolandygyny tassyklaýjak zatlary iki topara: anyk-aýdyñ we oña dahylly bolan zatlara böleliñ. Anyk diýlende kosmos gämisi, wezdehody, olaryñ zapas şaýlaryny, priborlary we başga zatlara düşünmek bolar. Anyk-aýdyñ faktlaryñ ikinji bir toparyna degişli diýip ㅡ biziñ ata-babalarymyzyñ ýyldyzara uçujy kosmos gämilerini, olaryñ peýdalanan beýleki enjamlaryny, gaýry planetalylaryñ özüniñ görlendiginiñ faktlaryna düşüneliñ. Dahylly zatlara uçujy apparatlaryñ ýa-da işleýän dwigatelleriñ Ýere gonanda galdyran yzlaryny, aýakgaplaryñ oltañ yzyny, ýa-da ýasalan zatlaryñ galyndylaryny degişli edeliñ. Dahylly zatlaryñ ikinji topary ㅡ ''Yzlaryñ yzy, ýagny, tapylan, emma biziñ günlerimize çenli ýetip gelmedik, ýitirilen ýa-da sumat bolan zatlar hakyndaky rowaýatlardyr. Hindi ýogasy, tibet medisinasy, Hytaý iññesançmasy we şuña meñzeş bilimleriñ täsin sistemasy bar. Käbir zatlarda olar hatda häzirki zaman ylmyndan-da öñe geçendir. Öñe geçipdir ㅡ ýöne, nähilelik bilen? Gadymkylaryñ bilimleri empiriki, başly-barat, ''mañlaýyñy urup görmek'' metody bilen toplanypdyr. Eger-de olaryñ üstünliklerini çişirip görkezmesek, onda ýetmezçiligiñ-de köpdügine añsat göz ýetirýäris. Iññe sançmakda meselem, Huan fu Mýe çenli (256 ý.) ösümlik bilen bejermekde hem Ibn Sina (X a.) çenli we başga-da birnäçe ugurlarda hiç hili sistema ýokdy. Empiriki faktlary toplamagyñ, bilesigelijilikli mysaly hökmünde dogonlaryñ ''akyla sygmajak'' astronomiki bilimleri hakda aýtmak bolar. Fransuz etnografy M. Griolyñ habar bermegine görä, olar gurşap alan dünýä örän oñat göz ýetirýärdiler: olar Galaktikanyñ spiral görnüşlidigini, Gün sistemasynyñ gurluşyny, Sirius sistemasyny we başga zatlary bilýärdi. Öz-özünden şeýle sowal ýüze çykýar: birden-de ''wagtyndan öñ bilnen zatlara'' degişli bolan fakt öz gözbaşyny asmanda gizleýän bolaýmasyn? Emma dogonlaryñ miflerinde ýerli gözegçiniñ nukdaýnazary aýdyñ duýulýar, özem örän ünsli adamyñky. Şeýlelikde, gürrüñ kosmosdan gelen filantroplaryñ ýokary bilimliligi hak-da däl-de, eýsem dogonlaryñ özüniñ astronomiki gözegçilige ussatlyklary barada barýar. Şol bir wagtyñ özünde-de olar optiki gurallardan peýdalanmadyk bolsalar gerek: häzirki wagtda astronomlaryñ birnäçe esse ulaltmak arkaly görýän zatlaryny geçmişde käbir gözi ýiti adamlar hiç hili guralsyz görüp bilipdir. Ulaldyjy gurallary peýdalanman, tüwi ýa-da gülälek dänelerine çekilen nagyşlar ㅡ adam ukybynyñ örän giñdigine şaýatlyk edýär. Onsoñ hem gyzyl reñkiñ, turşy tagamyñ, käbir yslaryñ, gipnotiki ýagdaýyñ, aýratyn beden maşklarynyñ ㅡ adamyñ görejini ýiteldýändigini bellemelidiris. Dogonlaryñ biliminiñ esasynda olaryñ sirius sistemasyndan ''gelenler'' bilen bolan gatnaşygy ýatyr diýip tassyklaýanlar az bolmady. Emma olaryñ astronomiki açyşlarynyñ aglabasyna göz ýetirmek üçin ýönekeýje teatr binokly ýeterlikdir. Galyberse-de, dogonlar Ýupiteriñ diñe dört sany hemrasyny ㅡ iñ ulularyny bilýärdi. Olar diñe antiki dünýä mälim bolan planetalary bilýär. Uran, Neptun, Pluton hakdaky düşünjeler bolsa ýatlaryna-oýuna-da gelenok... Dogonlar Saturnyñ halkalary hakynda bilýän bolsalar-da, bu planetanyñ hemralarynyñ bardygyndan habarsyz. Dogonlaryñ Sirius W-nyñ örän dykyzdygyny bilýändiklerini alymlar şübhe astyna alýarlar: olaryñ dilindäki degişli termin ol ýyldyzyñ, has dogrusy ýerden görünýän ululygyny görkezýär. Günüñ, Aýyñ ýyldyzlardan bize ýakyndygy eýýäm Ýewropanyñam, Aziýanyñam gadymy astronomlaryna mälim eken. Onsoñam Siriusyñ ''Älemiñ göbegi'' hasaplanmagyna geñ galyp oturasy zat ýok: sebäbi ol örän alysda hem bolsa, juda ýagtylyp görünýär. Dogonlaryñ ''Siriusmerkezleşmesi'' ㅡ bary-ýogy kosmologiýanyñ mümkin bolan wariantlarynyñ biridir. Özem hakykata laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar. Syryñ derejesi şeýlelik bilen ep-esli pese düşýär. ''Kosmosda'' bolanlygyndan ýerdäkä öwrülýär. Geliñ köp wagtdan bäri biziñ ýerimize kosmosdan gelenleriñ bolandygyny tassyklaýan esasy mysallar hökmünde ýatlanýan maglumatlara seredip geçeliñ. • Taýganyñ üstünde bolan partlama A.P.Kazansewiñ ''Partlaýyş (1946 ý.) atly hekaýasy çap edileli bäri guralan ekspedisiýany sanap tükeder ýaly däl. Özem şol ekspedisiýalarda başga planetadan gelen zwezdolýotyñ gonjak wagty awariýa düşendigi hakdaky pikir öñe sürülýärdi. 1908-nji ýylyñ 30-njy iýun güni ir bilen nähilidir bir syrly kosmiki obýekt Minusinsk ülkesiniñ üstünde atmosfera girmek bilen ýarylypdyr. Güýçli urgy hatda partlamanyñ bolan ýerinden 30 km. daşlykdaky çopan çatmasyny hem-de ewenkleriñ çumysyny dargadypdyr. Dik asmana göterilen tüssäni 450 kilometr uzaklykdan hem görüpdirler. Tungus obýekti bilen obýekti bilen näme bolup geçendiginiñ sebäbini düşündirmäge synanyşýan çaklamalar ýüzden-de geçdi. Emma, heniz belli bir pikire gelnenok. Ýeterlik maglumatlaryñ ýokdugy zerarly A.P.Kazansewiñ gipotezasyny häzirki döwürde ýalana çykarmak mümkin däl. Ýöne ''Tungus täsinligini'' meteoritiñ döreden bolmagynyñ mümkindigi hakykata has ýakyn ýaly görünýär. Belki-de 1986-njy ýylyñ martynda ''Wega ㅡ I'', ''Wega ㅡ 2'' hem-de ''Djotto'' stansiýalaryndan alnan maglumatlar bu zadyñ añyrsyna ýetmäge ýardam eder. • Aýdan gelen aýnajyklar (tektitler) ''Kosmosdan gelenler'' hakdaky gürrüñleriñ rowaç döwründe ''paleowizitiñ'' tarapdarlarynyñ ünsüni tektitler diýilýän bir zat hem çekdi. Tektitleriñ düzüminde alýumininiñ hem-de berillinin radioaktiw izotoplary bardy. Bu termin 1900-njy ýylda awstriýaly geolog E.Zýuss tarapyndan döredildi. (''Tektos ㅡ grekçe eredilen diýmek) Çüýşäniñ aýnasyna meñzeş ýarym açyk ýaşylymtyl ㅡ gara reñkli jisimleri Filippinlerden, Indoneziýadan, Günorta-Gündogar Aziýadan, Awstraliýadan, Çehoslowakiýadan tapýarlar. Olaryñ görnüşleri dürli-dürlüdi ㅡ şar, almurt, ''ganteljik'' we ş.m. şekillerde. Demirgazyk Aralyñ eteklerinde, Jamanşin diýen ýerde, tektitleriñ ýakylan, eredilen, gara ýanyk, ini bir metre çenli bolan bölekleri-de bardy. Barlaglar tektitleriñ ýerde döremeginiñ mümkin däldigini görkezdi. Olar meteoritlerem, wulkanyñ emele getiren jisimleri-de däl. Ilkinji hem-de esasy orunda durýan gipotezalaryñ biri ㅡ olar Aýyñ üstünde Meteorit ýaganda ýa-da wulkan ýarylanda döräp, Ýere erän görnüşinde ýetip gelipdir hem-de özboluşly elliptik şekil alypdyr. Ikinji çaklama boýunça tektitler ägirt uly meteorit, osteroid ýa-da kometa ýarylanda emele gelipdir. Iñ gyzykly ýeri-de Demirgazyk Amerikadaky tektit meýdany howanyñ 20 gradus sowan döwrüne, eosene gabat gelýär. Bu wakalar mundan 34 million ýyl ozal bolup geçendir. Dj. O'Kidiñ (ABŞ) çaklamasyna görä, howanyñ sowamagy Ýeriñ daşyny tektit halkasynyñ gurşap alandygy üçin bolupdyr. Bu wagtlaýyn bezeg soñlugy bilen dargap hem-de ýere dökülip aýrylan bolsa gerek. Köp wagtlap adamlary başga bir syrly fakt alada goýup geldi: Tektitler köplenç elektrik liniýalarynyñ ugrundan tapylýardy. Ýöne, muña-da başga planetadan gelenleriñ dahyly ýok. Görlüp oturylsa, olaryñ ýylpyldysy guşlaryñ ünsüni özüne çekipdir. Şeýle bolansoñ, sarlardyr gargalar tektitleri simleriñ üstüne ㅡ öz dynç alýan ýerine eltýän ekeni. • Ýerasty ruhlaryñ güýçleri (gazylyp alynýan gatlaklardan tapylýan predmetler) Ýer astyndan tonnel geçirilende, şahtalardan, kanallar çekilende gaty toprakdan nämeler tapylmady diýsene! Altyn simjagaz çykyp duran daş bölegi; Odessa daş käninden, mundan millionlarça ýyl öñ metal gurallar bilen işlenen süñkler, bir bölek dag jynsyna çümen polat çüý; gatan çäge tokgasyndaky ''çüý'' tyllasowut kwars bölegindäki ''çalaja pos basan'' çüý... Ýene-ýeneler we şuña meñzeşler... Bu sensasion tapyndylary resmi taýdan ykrar etmek üçin käbir ýagdaýlar päsgel berýär. Olar aşakdakylardan ybaratdyr. 1). Hünärli adamlar tarapyndan ýasalmandyr; 2). ''çüýler'' köplenç demirden, olary pos basypdyr (pos ýokary tehnologiýanyñ alamaty däldir). 3). şol zatlaryñ tapylan ýeri hem-de ýagdaýy anyk däl. Biziñ pikirimizçe, ummasyz kosmos giñişliginde, ýönekeý materiallardan ýasalan apparaturalarda uçmak ㅡ örän howply çäredir. Syryñ derejesi ýene-de aşaklaýar: Özem kosmosdan ㅡ Ýere çenli. Ýeriñ taryhy birnäçe million ýyldan ybaratdyr. Adamzadyñ añly durmuşa şonuñ 6-7 müñ ýyly degişlidir. Eger-de daş guralyndan lazere çenli adamzada 6-7 müñ ýyllyklar geçip gitdi. Belki-de gadym zamanlarda häzirki Ýer ýüzüne howp salýan ýadro heläkçiligi ýaly ýalñyşlyga ýol berlendir. Muny hatda göz öñüne getirmegem gorkunç. Geliñ göwnüçökgünlik etmäliñ. Çüýe meñzeş zatlar adamsyz hem döräp biler, tebigatda jynslaryñ garyndylarynyñ kristallaşmagy ýaly hadysa bolaýjak zat. Fulguritler näme? (ýyldyrym oklary), düzüminde demir bolan dag jynslaryny ýyldyrym uranda olaryñ ''gulajygyndan'' tutup sogrup alaýmaly (Dogrusy, fulguritler büdür-südür, turba şekilli, çüýşä meñzeşräk bolýar). ''Çüýleriñ'' döremegini meteoritler bilen hem baglanyşdyryp bolardy: meteoritleriñ bölejikleri urgudan soñ dargap, dag jynslaryna siñýär (goý, suwa bolsun diýeliñ) şonda ol ''öz döreden'' kanaljyklaryny metaldan doldurýar. Bu ýagdaýy başga hilli hem düşündirmek bolardy. Şonuñ üçin geliñ, zerurlygy bolmasa-da ''kosmosdan gelenleri'' biynjalyk etmäliñ. • Aelitanyñ nyşanjygy (Zalsburg parallelepipedi) 1985-nji ýylda Wolfzegeden goñur kömüriñ arasyndan bir metal predmet tapyldy. Öz döwründe ''Zals parallelepipedi'' diýip, saklaýan muzeýi ýerleşen şäheriñ adyny alan bu metal bölegiñ töwereginde uly şowhun turupdy. Bu zadyñ şekili adyna juda laýyk gelip baranokdy. Gyralary egrelendi, ''ýassyk'' şekillidi. Onuñ aşagynda, ''ekwatoryndan'' bir çyzyk bardy. Egerde ol predmeti taýaga dañsañ onda çekij ýaly bir zat emele gelerdi, ululygy takmynan 67x62x47 ml; agramy 785 g. Geolog F.A.Gurlt, ony barlap görüp, demir meteorit diýip kesgitleme berdi. Sebäbi onuñ meteorit demrine mahsus bolan ýemşikleri bardy. Eger-de Ýere her günde ýüzlerçe tonna meteoritiñ ''dökülip'' durandygyny göz öñünde tutsañ, olaryñ arasyndan has özboluşlylaryny-da tapmak başardardy. Onsoñ hem, şol jisimkislota batyrylanda onda ak garjagaza meñzeş Widmanştetten düzümleri peýda bolmady. Munuñ özi şol jisimiñ gaty gyzgynlyga sezewar bolmanlygyny görkezýär. Şeýlelikde onuñ kosmosda dörändigine şübhelenýärsiñ. 1973-nji ýylda bolsa Bakuwyñ golaýynda läbik wulkanynyñ döreden Bulla adasynda geolog Ý.Mammedow ''täsin'' parallelepipediñ ýerde döränlerini-de tapdy. Olar hem ýassyk şekillidi, şara meñzeşdi. Özüniñ-de daşyny çyzyk gurşap alypdy. Olaryñ göwrümleri-de meñzeşdi. Köp taraplarynyñ deñ gelmegi, olaryñ döreýşinde-de bir umumylyk bar diýen pikire itekleýär. Munuñ özi entek sowap ýetişmedik ýadronyñ daşynyñ gatap başlan halaty ondan ''bölünen'' kristaljygyñ çalt sowap düwme şekiline geçmegini ýatlatmaýarmy? Biziñ pikirimizçe Ç.Fortun (1920) parallelepipediñ başga planetada dörändigi hakdaky gipotezasy ynandyryjylykly däl. • Neandertal adamsyna atylan ok (Okuñ kelleçanakda döreden deşigi) Fantast ýazyjysy A.P.Kazansew tarapynda ok degendäki ýaly tegelek deşikli kelleçanaklaryñ tapylandygy ýazylypdy. Rodeziýada 1948-nji ýylda Broken ㅡ Hill gurşun käninde, çep çekgesine zeper ýeten neandertal adamsynyñ şeyle kelleçanagy tapylypdy. ''Gazylyp tapylan kelleçanaga koltdan atylan ok degipdir diyseler ynanar yaly däl'' diýip yazyjy belläpdi. Beyleki bir tarapdan, näme üçin ynanmaly däl. Biolog K.K.Flerow bizonuñ Ýakudystandan tapylan kelleçanagyny görkezdi. Mañlaý süñk ㅡ deşilipdir, onuñ gyralarynda ösüp ýetişen süñkler ýaranyñ bitip ýetişendigini görkezýärdi. Bu tapyndyny b.e.öñki 40 ýyllyga degişli diýip kesgitlediler. Umuman, bu kellesüñküni naýza bilenem urup şeýle deşip bolardy, ýöne şol naýza uran batyra näme bolandygyny aýtmak kyn. Tebigatda adamdan başga şeýle deşikleri deşip biljek güýç barmy? Bir sebäbiniñ meteorit bolmagy mümkin. Argentinada megateriýanyñ (ägirt leniwes) skeleti tapylypdy. Ony million ýyla golaý mundan öñ meteorit degip öldüripdir. Braziliýada 1830-njy ýylda goýunlar meteorit ýagşyna duçar bolupdyr. 1880-nji ýylda ABŞ-da hem meteorit eşege degipdir, 1911-nji ýylda bolsa Ýegipetde (Müsür) meteorit hakyt ite degip öldüripdir. ''Kosmosdan gelen'' adamy-da aýap goýaýmandyr: ''1511-nji ýylda Milanda iki sany adamy öldüripdir; Saksoniýada bolsa, 1823-nji ýylda birbada birnäçe adamy heläkläpdir; 1906-njy ýylda Meksikada gozgalañçylar armiýasynyñ generalyna gelip degipdir. Has giçki döwüre degişli-de maglumatlar bar. Şeýlelik-de bu tapylan, deşik kelleçanagyñ haýran galarlyk zady ýok bolsa gerek. Galyberse-de ýyldyrym bar wulkanyñ atýan daşlarydyr, tupan-tüweleý bar. Amerikan meteorology D.Faýlliniñ maglumatlaryna görä tupan-tüweleýiñ emele getiren bokurdagynda şemalyñ tizligi sesden ozup geçýär. Käbir tüwleýlerden soñ onuñ ortasyna düşen towuk ýumurtgalary tapylypdyr. Şonda bob agajynyñ gury şahajygy onuñ gabygyny döwmän deşip geçip gidipdir. Başga bir gezek, daş bölejigi aýnany döwmän deşip geçip gidipdir. Sypal bölejiginiñ galyñ tagtany gös-göni deşip geçen halatlaryna, şeýle-de uly bolmadyk tagta bölejikleriniñ agaja gös-göni baryp çümen halatlaryna duş gelinipdir. Sent-Luisde (1896) tupan-tüweleý wagtynda sosna taýajyk galyñlygy 1 santimetr bolan demir listi deşip geçipdir. Tupan wagtynda ýüzlerçe jandarlar heläkçilik çekýärler. Şonda olaryñ maýypçylygy fantastiki görnüşlere eýe bolýan halaty-da bar. Mundan añry düşündiriş artykmaç bolsa gerek. • ''Kosmoslylaryñ aýakgaplarynyñ'' yzy Wagtal-wagtal metbugatda aýakgaply ýa-da ýalañaç aýak yzlaryna duşulandygy barada habarlar peýda bolýar (Transwal, Şri-Lanka we beýlekiler). Şeýle ''yzly'' daşlar etnigraflara giñden mälim. Köplenç olar ýol ugruny territoriýanyñ çäklerini, beýleki aýratyn nokatlary görkezýär. Ýöne kähalat şeýle ''yzlaryñ'' gazylyp alynýan gatlaklarda duşulýandygy hakda hem aýdylýar. A.P.Kazansew sowet-hytaý paleontologlarynyñ 1959-njy ýyldaky ekspedisiýasy döwründe Gobi çöllüginde ädigiñ ökjesiniñ gakdyran yzyna meñzeş yzlara duşupdyr. Gynansak-da jandarlaryñ köpüsiniñ gazylyp alnan galyndylarynyñ şeýle yzlary galdyranyna az duşulmady (şol sanda hyrly yzlar hem). Şeýle yzlary meselem, gadym eýýamdaky balykgulak şekilli ýyrtyjy iterigotusyñ we öwripterusyñ hem-de trilobitleriñ köp görnüşleriniñ galdyrmagy mümkin. Böküp ýöreýän şeýle jandarlar gurap barýan ýumşak (soñlugy bilen gatap galan) ''gumanoidleriñ'' yzlaryna meñzeş hatara yz galdyryp gidip bilerler. Gazylyp tapylan, özem üýtgän ýa-da azda-kände ýitip ugran şeýle yzlary biziñ uzak garaşýan, juda ösen siwilizasiýanyñ wekili diýýänimiz yzlary hökmünde kabul edilmegi mümkin. Ýeri gelende ýatladyp geçsek, ýañy-ýakynda şeýle bir sensasion çaklama ýalana çykaryldy: hamala adam dinozawrlaryñ ýaýnap ýaşap döwründe-de bar ekenmiş. Muña esas hökmünde ýasyrak, şübheli yzlary görkezýärdiler. Soñlugy bilen has anyklanyp öwrenilende bu yzlar ýa-ha maýdaja dinozawrlaryñ, ýa-da haýsydyr bir jandaryñ guýrugynyñ yzy, kähalat bolsa ýöne gizlinlik bilen daşda oýup ýasalan galp yz bolup çykdy... • Eýsem bulary yzlar hökmünde kabul edip bolarmy? Geliñ aýdylanlary azajyk jemlejek bolalyñ. Paleowizite göni şaýatlyk edýän zatlar juda ynandyryjy däl. Uly bolmadyk tablisa düzeliñ. Dikligine zatlary we hadysalaryñ atlaryny ýazalyñ: A ㅡ ýasanlar; B ㅡmaterialy; B ㅡ gurluşy; G ㅡ ýerleşen ýeri (tapylan ýeri). D ㅡ şol zadyñ peýda bolan wagty. Keseligine 2.1 ㅡ Tungus hadysasy; 2,2 ㅡ tektitler we ş.m. Indi bolsa ''goşmak'' hem-de ''noljagazlar'' oýnuny oýnalyñ. Egerde ''kosmosdan gelenleriñ'' ideýasynyñ peýdasyna bolsa goşmak, tersine bolsa noljagaz goýalyñ egerde maglumatlar ýeterlik bolmasa ýöne nokat goýalyñ. Ýasan adama ''A'' eger-de şol zat diñe ýasamak arkaly döräp biljek bolsa, ''+'' goýalyñ. Eger-de ol zat tebigy ýagdaýlarda döräp biljek bolsa ''o'' goýalyñ. Eger üns berseñiz şu setirde ''Tungus hadysasyndan'' başgasynyñ duşunda diñe noljagazlar peýda bolar. Ikinji setirde ㅡ materiallar. Egerde ol tebigatda duşulmaýan bolsa (plastik, kompozit, splaw) onda goşmak goýarys, bardy geldi material ýönekeý bolsa (daş, süñk, demir, altyn) ㅡ onda nol. Bu ýerde çylşyrymly zat ýok. Dördünji setirde ㅡ tapylan ýeri. Egerde şol zadyñ tapylan ýerinde adamlar ýaşan bolsa nol. Bardy geldi şol zat anyk ýasalan bolup, özem şol ýerde köp adamlar ýaşamadyk bolsa hökman ''+'' ol hakda maglumat mälim bolmadyk halatynda nokatjyk. Görseñiz şu setir durşuna nokat bolar durar. Eger-de şol zadyñ dörän wagty adam entek peýda bolmadyk bolsa ''+'', tersine bolsa nol goýalyb. Kim bilýär, ol ýerlere şol guraly alyp azaşan adam gelen bolsa. Ine emele gelen aýdyñ ýagdaý: 2.1 2.2 2.3 2.4 2.5 2.6 A. 0. 0. 0. 0. 0. 0 B. 0. 0. 0. 0. 0 W. 0. 0. 0. 0. 0. 0 G. D. D. 0. D. 0. ㅡ. ㅡ. 0. ㅡ Görşüñiz ýaly, seredilip görülýän hadysalaryñ we zatlaryñ sanyny artdyrmak hem bolardy. Ýöne häzirlikçe köplenç noljagazlar we nokatlar agdyklyk edýär. Bardy geldi mezozeý gatlagyndan haýsydyr bir jandaryñ, bar trisepatopsyñ diýeli, şahyna berkidilen kinniwanja radioperedatçik tapylan bolsady, onda bizde şübheden nam-nyşan galmazdy. Ol zady gümansyz goşmaklar bilen bellärdik. Gynansakda, tapylan zatlaryñ arasynda häzirki zaman derejesinde-de zat ýok. Şonuñ üçin-de ýene iki ''subutnama'' hakda durup geçeliñ. Bular, ural derýalarynyñ kenaryndaky gaýalara çekilen ''himiki formulalardyr''. Bu ýazgylar aýry-aýry bölejiklerine çenli häzirki zaman brakonýerleriniñ balyk tutýan torlaryna meñzäp dur (gadym zamanlar üçin kanuny zatdyr): ondaky şekiller ilkidurmuş reñkleri bilen çekilipdi. Gan garylan ohra bolsa gerek. ''Beýleki planetadan gelenlerde'' hatda olar awariýa düşen bolanlarynda-da ''üýtgeşigräk'' bir zat tapylardy. Şeýle-de E.Denikeniñ hamala Hytaýdan tapylan 316 sany galyñlygy iki santimetr, özem '' aýratyn şöhle berlen'' granit, tarelkalary hakyndaky habary mälimdir. Ol tarelkalarda haýsydyr bir ýyldyzlara uçuşlar ekspedisiýasy hem-de ''onuñ'' heläk boluşy, kosmos gämileriniñ döwülişi hakdaky maglumatlar beýan edilýärmiş. Näme üçin tarelkalar granitden, olara nädip şöhle beripdirler? Özem dagap barýan gämide ㅡ düşüner ýaly däl. Onsoñ hem bu tarelkalar hakda E.Deniken A.P.Kazansewe aýdyp beripdir, aradan birnäçe wagt geçensoñ bolsa onuñ özi ähli zady tersine öwrüp awtor hökmünde A.P.Kazansewe salgylanyp başlaýar. • Biziñ ata-babalarymyz kim bilen duşuşupdyr? (Kosmosdan gelenleriñ ýazgylary) Öñki düzen klasssifikasiýamyza eýermek ýeñil düşenok. Ýöne ony çylşyrymlaşdyryp oturmagyñ-da hajaty ýok. Indi gürrüñ anyk-aýdyñ zatlaryñ ikinji topary, ýagny, biziñ ata-babalarymyzyñ syn eden zatlary, özem ''dokumentleşdirilen'', biziñ günlerimize çenli ýetip gelen, hem-de ''kosmosdan gelendigine'' ynanýanlaryñ bolandygyny tassyklaýar diýýän faktlary hakynda bolar. Dogrudan-da, biziñki paleogaltaşyk meselesinde çüwmedik hem bolsa, belki bu wagt biziñ ata-babalarymyza miýesser bolandyr. Paleogaltaşyklar gipotezasynyñ tarapdarlary, kosmosdan gelenleriñ keşbiniñ nähiliräk bolandygyny görkezýän maglumatlaryñ birnäçesini toplapdyr. Bu olara nähiliräk başardypdyr? Geliñ, synlap göreliñ. Ganat, Poeziýa, Şöhrat, Ýeñiş ýaly dürli allegoriki şekillere-de mahsusdyr (allegorid munuñ özi ㅡ haýsydyr bir abstrakt obrazyñ predmet arkaly añladylmagydyr). Şeýle suratlary Gadymy Grasiýada, humlarda, daş tabaklarda, diwarlarda çekmek giñden ýaýrapdyr. Meselem: Troýanyñ eteginde heläk bolan urşujy. Sarpedony göterip barýan ölüm hem-de Uky gatanly şekillendirilipdir. Ýeñşiñ Hudaýy Nike we Mifleriñ köp beýleki personajlary-da ganatly şekillendirilipdir. Wawilonlylaryñ miflerinde-de Marduk, Tiomat, Iblis Labortu we beýlekiler arkasy ganatly şekillendirilýär. Käwagtlar bize, guşa münüp uçup barýan adamlaryñ suratlary duşýar. Eger-de bu erteki bolmasa, ýa-da başga planetadan gelen adamlaryñ uçuş serişdeleri bolmasa, onda olar näme? Olar mümkingadar guş şekilinde ýasalan planerler bolsa gerek, belki-de guşuñ özüdir. Paleontologlara ganaty 6 ㅡ 7 metre ýetýän guşlaryñ galyndylaryny gazyp-agtaryp tapmak köp gezek miýesser bolupdyr, emma adamyñ dörän wagtyna çenli ýaşadymyka? Ony aýtsañ, häzirki zamanda hem adamy göterip alyp gidip biljek uly-uly bürgütlere duşulýar. Ýeri gelende aýtsak bir Gadymy Gündogar ertekisinde patyşa şeýle bir bitirmesi kyn ýumuş buýrupdyr. Ýagny ol: ''Asmandan köşk salmaly'' diýipdir. Ertekiniñ gahrymany bu işe uzak eglenmän girişiberipdir. Ol bürgütleri eldeki edipdir. Bürgütler oglanjygyñ münüp oturan halysynyñ dört çüñkünden tutup, ýeñillik bilen asmana galypdyr. Oglanjyk ýokardan ''Kerpiç alyp beriberiñ!'' diýip gygyrypdyr. Ýöne ýerdäkileriñ hiç biriniñ bu işi başaryp bilmändikleri üçin samsyk hem zalym patyşa aldanypdyr. Belki biz hem paleogaltaşyklar meselesinde şeýle ýagdaýa düşünýändiris. Muny geljek görkezse gerek. • Bir bar eken bir ýok eken Marsly Hudaý bar eken (Tassiliýadaky diwara çekilen şekil) ''Kosmosdan gelenler'' baradaky gürrüñleriñ iñ meşhury ''Marsdan gelen Beýik Hudaýyñ'' gaýanyñ ýüzüne çekilen skafandrly alty metrlik şekildir. Ol örän özüne çekiji bolup, şu günki güne çenli ''Ylym we din'' jurnalynyñ ''Sensasiýanyñ añyrsynda näme bar?'' diýen rubrikasyny bezäp gelýär. Bu şekiliñ kosmosdan gelenleriñ'' hasabyna goşuımagynyñ taryhy şeýle: 1957-nji ýylda A.Lot diýen fransuz Tassili-n-Andjer (Aljirde, Sahara çölünde) diýen ýerde barlag geçirýär. Şonda ol gaýanyñ ýüzüne çekilen adamlaryñ, piliñ, jirafanyñ, antilopanyñ, öküziñ şekillerine duş gelýär. Gaýadaky şekilleriñ arasynda aýratynam irki döwürde çekilen, ýüz keşbi anyk bildirmedik, stilleşdirilen, ýönekeýje adam şekilleri has köp eken. A.Lot şeýle diýip ýazypdy: ''Bu şekiller örän ýönekeýje. Togalak kellesiniñ ortasynda iki sany deşik bar. Biz köplenç daş görnüşinden olara marslylar diýýäris. Marslylar! Gör, sensasion reportaj üçin nähili mowzug!''. ''Reportaj'' baradaky teklip göwünlerden turdy. Degişmäni hakykat diýip düşündiler. Şeýlelik bilenem ''Marsdan gelen Beýik Hudaý'' hakdaky çaklama döredi. Geliñ. Şekillere has anygrak seredeliñ. Dogrudanam skafandra ýaly togalak şlýom bar, onuñ hamala görmek üçin ýörite edilen deşigi-de bar. Şonuñ bilen birlikde adagy ilkidurmuş zatlary-da bar. Meselem: aýaklaryndaky we ellerindäki seçekli bilezik, golundaky ok-ýaý, syrtyna dañylan guýruk, ýalañaç ýagyrnysy. Beýleki suratlara seredeniñde ''göz üçin ornuñ'' haýsydyr maskanyñ, papagyñ, takyrlanyp syrylan kellä çekilen alamat-nyşanyñ ýa-da toplanyp goýlan saçyñ bir detalydygyna göz ýetirýärsiñ. Soñkusy aýratyn belläp geçmäge mynasypdyr. Kelledäki ''göz üçin ornuñ'', ''kosmosdan gelenleriñ'' aýal jynsa degililerine mahsusdyr. Demirgazyk Afrikada şu günki güne çenli aýallar saçlaryny depesine düýrläp pişge ýaly toplap, güýçli dartdyryp dañýarlar. Şonda olaryñ kellesinde ''bölek-bölek'' saçsyz ýerler galýar. Bu bolsa ''Marsly hudaýyñ'' kellesindäki ''göz üçin orna'' örän meñzeýär. Alyn saçlaryny hem deñ üç bölege bölüp ýogyn edip örýärler. Soñ olary dañyp, sag hem-de çep tarapyndan sallap goýýarlar'' diýip Saharany öwrenijileriñ biri A. Gaudio ýazýar. Onsoñ hem käbir beýleki suratlar has-da geñ. Olarda togalak şlemyñ (anyklap geçişimiz ýaly ㅡ kellesi) üstünde telewizoryñ antennalaryna meñzeş zatlar çykyşyp dur. Şol suraty tutuşlygyna däl-de, umumy suratdan aýryp, bölekleýin seretseñ, geñ galdyryjy täsir döredýär. Ýöne depesi antennaly ''marslylar'' özüni adaty adamlar ýaly ýönekeý alyp barýarlar: tans oýnap bökjekleşip ýörler. Köp aýallaryñ göwüsleri açyk, sagrysy giñ, boýnuna monjuk, ellerine bilezik, billerine dañy dakypdyrlar. Hut şonuñ üçin-de olar ''marslylar'' däl-de, adam eken. Kellelerinde göterip ýörenleri-de antenna däl-de, küýze ýa-da sebet diýen netije öz-özünden gelip çykýar. Galyberse-de Aziýada we Afrikada aýallaryñ şeýle sebetleri depesinde ökdelik bilen göterip ýörendigini häzir hem görmek bolýar. • ''Dogular'' näme üçin ýumjarýarlar? (dogularyñ statuetkalary) Beýleki planetalardan gelen paleowizitçileriñ skulptura portreti hökmünde ''dogularyñ'' özboluşly,keramikadan ýasalan skulpturasyny görkezýärler. Olar neolit zamanynyñ (b.e.öñ IV-II asyrlar) ''Dzemon'' döwrüne degişlidir. ''Dzemon''ㅡ ýüp bilen çekilen nagyş diýen manyny añladýar. Şol döwrüñ zatlarynda köplenç şeýle nagyşlar bolany üçin, oña şu ady beripdirler. Käbir barlagçylar olary aýnlar diýilýän halkyýetiñ ata-babalary döredendir diýip çaklaýarlar. Ýapon taryhçylary we sungaty öwrenijileri, şol sanda Ienaga Saburo, dzemon döwrüni ilkidurmuş ýapon medeniýetine degişli diýýärler. Emma, biziñ pikirimizçe, birinji çaklama hakykata has ýakyn bolsa gerek. Dogular ㅡ ullaka, egri aýakly, gurjaga meñzeş figuralardyr. Kosmosdan gelenleri söýüjileriñ'' pikiriçe, olar çeññekler kemerjikler, gözenejikler doly bolan özünde-de spiral şekilli galaktikanyñ suraty çekilen skafandr geýnipdir, kellelerinde bolsa ullakan gözäýnegi hem-de dem almagy ýeñilleşdirýän süzgüç bolan sopbaç bardy. Onuñ süzük gözleri Tassiliýadaky freskalary ýatladýardy. Statuetkanyñ kostýumy, balagy bilen goşup tikilen halada meñzeýärdi. Umuman, köp statuetkalar ''adama'' has ýakyn çalym edýärdi. Onuñ süzük (gündogarlynyñky) gözlerinden başga-da burny, agzy, aýal göwüsleri, giñ ýanbaşy, ellerinde barmajyklary-da bar. Şol statuetkalaryñ köpüsinde aýaldygyny bildirýän alamatlar bar. Munuñ özi onuñ matriarhat döwrüne degişlidigindem habar berýär. Ol wagtlar döreýşi, hasyllylygy, ýaşaýşy aýalyñ obrazy bilen baglanyşdyrýardylar. Eger-de ''aýnalar çaklamasyndan''ugur alsak, onda ''spiral şekilli galaktika'' hem düşnükli bolýar. Bu bary-ýogy geýime salnan nagyşdyr ýa-da ýylany añladýan tagma-bellikdir. Ýylan ýa-da ''çuf-kamun'' (Kuýaşyñ hökmdary) aýnlarda Günüñ hojaýyny hasaplanypdyr. Düýrlenip ýatan ýylan günüñ tegelegini, süýnüp barýan ýylan hem, ýyldyrymy añladypdyr. Spirallar Güne çokunýan köp halkyýetler üçin mahsusdyr. Süzük gözler näme? Bu diñe hudojnigiñ suratyñ täsirliligini artdyrmak üçin ulanan täri bolsa gerek. Süzük gözler Altyn depeden (Türkmenistan), Ifden (Sudan), Urdan tapylan statuetkalarda hem bar eken. Käbir ylmy-barlagçylar ''gelenleriñ'' garşysyna, şeýle çaklamany öñe sürýärler. Ýagny, olar garyn hem-de günüñ ýagty şöhlesinden goranmak üçin Mongoliýada, Tibetde hem-de bizde ㅡ Demirgazykda ulanylýan agajyñ gabygyndan ýasalan äýnekdir diýip çaklaýarlar. • Ýelek dakynan marslylar (papaklar hem-de antennalar) Käbir awtorlaryñ öz işlerinde beýleki planetalylaryb paleowiziti hakdaky, ol ýa-da beýleki bir maglumaty ýatlatmagy, ýañzytmagy okyjylaryñ pikirini garjaşdyrýar. Gynansak-da kähalatlarda bir zat hakda ýarym-ýarty aýdyp goýmak, onsoñam ''şol bir zady ýüzlerçe gezek gaýtalap durup bolmaza'' hem ''kosmiki mistizme'' getirýär. Düşünilmedik, çala düşünilen, barlanmadyk faktlaryñ özi örän köp eken. Göräýmäge bu juda bir zyýansyz zat hem däl eken. Emma, düşündirmezlik we düşnüksizlik, olara düşünibem, düşündiribem bolmaýar diýen ynamy döredýär. Gümana hasaplanýan faktlaryñ çeşmeleri bize örän oñat mälim. Olaryñ biri-de ''Kosmosdan gelenler'' babatynda aktiwist, ''Geljek hakda oýlanmalar'', ''Ýyldyzlara tarap yza'', ''Hudaýlaryñ at arabasy?'' atly kitaplaryñ awtory E. Denikendir. Ol galplaşdyryjy däl, ýöne şu mesele bilen juda bagry badaşan adamdyr. Kosmosdan gelenleriñ birini E.Deniken Gindenstruptda (Daniýa) kümüş tabakdan ''tapypdyr''. Ol tabakda kellesinde haçjaly antennasy bolan, eline ýylan alyp duran adamynyñ şekili bar eken. Onuñ gapdalynda sugunyñ şekili bolup, kellesinde edil adamdaky ýalyn ''antenna'' bar eken. Astronawt-kosmosdan gelen däl-de, eýsem, keltleriñ hudaýy Kernunnos bolup, sugun hem hut şonuñ simwolydyr. Wol Kamonikadan (Italiýa) tapylan figura hem ''kosmosdan gelenleriñ'' hataryna geçirilen şeýle zatlaryñ biridir. Ýöne haýran galmaly. ''Üç doganlar'' (Fransiýa gowagyndan tapylan, sugunyñ şahlary çykyp duran hamyny geýnen dünýä belli ''jadygöýüñ'', ''kosmosdan gelenleriñ'' hataryna goşulmaýşyny diýsene. Ýeri gelende aýtsak, dürli halklaryñ baýramçylyklarynda sugunuñ, geçiniñ sygyryñ şahlary giñden peýdalanylýar. Bökjekleşip ýören adamlar jynlaryñ, arwahlaryñ, ruhlaryñ, döwleriñ, öküzleriñ beýleki elhenç zatlaryñ keşbine meñzeş eşikleri we maskalary geýýärler. Orta Aziýadaky derwüşler we Rusdaky şatyrlar ''geçiniñ'' ( we öküzüñ) keşbine girip bökjekleşer eken. Dürli taýpalaryñ owadan, her reñkdäki ýelek gysdyrylan papakly ritual oýunlaryny oýnandyklary hemmelere mälimdir. Häzirki awçylaryñ papaklaryna ýelek gysdyrmasy hem şol döwürlerden gelip ýeten ''endikdir''. Stilleşdirilen suratda ýelegi dogrudan-da antennalardan tapawutlandyrmak kyn. Munuñ özi oñaýly. Şonuñ üçin-de Inwodaky (ABŞ, Kaliforniýa) surat hem astronawtlaryñ hasabyna geçdi. Ol suratda ''indeýleriñ'' kümbetindäki özboluşly egrem-bugram çyzyklar bolsa-da, ýelekleri ýogyn-ýogyn antennalaryñ toplumy diýip kabul edýärler. Braziliýadaky sekiz metrlik suratlary hem ''ýyldyzlardan'' gelen myhmanlaryñ hataryna goşýarlar. Ýogsam olaryñ ellerinde we aýaklarynda günorta amerikaly indeýleriñ adaty bezegleri mese-mälim bildirip dur. Tassiliýadaky E.Denikeniñ aýratyn söýgi bildirýän ''ýüzýän şekilini'' hem, şulara ''dörtantennalylara'' goşmak bolar. Olaryñ kellesindäki dört örülen saçyny antenna hökmünde kabul edýärler. Ýöne olaryñ haýran galmaly ýogyn elleri skafandryñ ýeñini ýada salyp kesel, çişden habar berýän bolsa gerek. Awstraliýadaky iki sany kosmosdan gelen diýilýäniñ üstümizden gülüp durana meñzeýän şekillerinde-de ýabany taýpalarynyñ adamlarynyñ tumşuklary hem-de billeri bildirip dur. Şu topara Ýapon fantastlarynyñ hem ''kappa'', ýagny suwub astynda gizlenip ýörän ''gamyş adamlary'' hem degişlidir. Kappalaryñ'' aýagynda ýüzgüçleri ㅡ lastylar, ellerinde-de ýüzüş ellikleri bar. Bu zatlaryñ ikisi-de deñiz ýakasy ýurtlarda has gadymdan bäri mälim bolup, bir wagtlar Leonardo De Winçi tarapyndan beýan edilendir. ''Kappalaryñ'' gözlerinde ㅡ ýönekeý ýüzüş äýnekleri bar. Şeýle äýnekleri Orta ýer Deñzindäki guwwaslar peýdalanar eken (XVI asyr) ''Kappalaryñ'' dem alýan turbalarynyñ ýönekeýligi, olaryñ ýerlidigini aýdyñ görkezýär. Kellelerindäki örülen saça meñzeş antennalary, çuw ýalañaç bolup dür gözleýän hem-de adam garasy görnenden zym-zyýat bolýan ýapon aýallary hakdaky pikire itekleýär. Kosmonawtlaryñ esasy alamatlarynyñ biride skafandralaryndaky gorag şlemydyr. Geliñ ''elhençligiñ atasy'', Gizadaky Herfen sfinksynyñ, hem-de Tutanhamonuñ tylla maskasyny alyp göreliñ. Olaryñ kellesinden çykyşyp duran zat näme? B-ee, olar dogrudanam ýüzünden aýnasy aýrylan skafandryñ şlemymyka?! Her zat oýlamak mümkin, ýöne gynansakda beýle däl. Ol ''klaft arap ýurtlarynda erkek adamlaryñ kellesine dañýan ýaglygy. Isledigiñçe fantaziýa urup oturmaly. Hudaýlar Sohmetiñ, Hathoruñ, Ranyñ, goý ýene-de Tutanhamonuñ hem diýeli kellesindäki düşnüksiz papaklar näme? Ýerlileriñkä meñzänok! Antennalar-a ㅡ ujy egremçeli gañyrçaklar, şöhle serpikdirijileriñ ㅡ ýöne ullakan ýeleklerdigini, lokator diýilýäniñ ㅡ Günüñ simwoliki şekilidigini ''antennalarynda'' ýa-ha goçlaryñ çyrmaşyp giden şahy, ýa-da Orta Aziýa kepjebaşlarynyñ täsin aralaşan guýrugy bilen kellesidigini añmak bolýar. Kelläñe geýilýän şeýle ''papaklaryñ'' parslarda, meselem Kiriñ guburynda... bolandygy mälimdir. Şeýlelikde ''astronawtlaryñ'' aslyna ýetmek kyn däl. Ýöne gözleg gerek... • Ol adama meñzeş bolupmyka? (köp-ellilik we başgalar) Fantast-ýazyjylaryñ eserlerinde biz beýleki planetalylary dürli şekilde görýäris. Ägirt uly we kiçijik elsiz we köpaýakly ㅡ aý garaz nähilisi ýok diýsene. Teratologiýa ýüz tutsañ (grekçe ''Teras'' ㅡ elhenç sözünden) täsin zatlar az däl. Gündogar Aziýanyñ medeniýetini ýatlalyñ. Bu ýerdäki diniñ köpýüzliligi we täsinligi ýewropalylary haýrana goýýardy. Buzddizmiñ hem-de induizmiñ hudaýlary (Budda, Kali, Şiwa we başgalar) düşnüksiz we geñ görünýär. Osminog ㅡ adamlar ýaly olaryñ birnäçe eli bar. Şeýle köp elliligi ''kän zat başarmagyñ, köpkelliligi-de, ähli zady görmegiñ'' hem-de köp bilmegiñ simwoly hökmünde kabul etmek bolar. Eger-de birden bu ýöne simwol däl bolsa näme? Talañçylaryñ we ganhorlaryñ howandary hasaplanan dört elli hudaý Kali ㅡ fantaziýamy, simwoliki obrazmy, ýa-da birwagtlar bolup geçen hadysanyñ ýañymy? Her näçe geñ görünse-de, soñkusy mümkin ýaly görünýär. Sebäbi köpelli ýa-da köpkelleli adamlaryñ dogulaýmagy bolup biljek zatdyr. Onsoñ hem, şeýle ýek-tük hadysanyñ gadymy ekreñleriñ halky, hökümdarlary gorkuzmak üçin, şonuñ bilen birlikde-de öz hökümdarlygyny berkitmek üçin peýdalanan bolmaklary juda mümkin. Soñlugy bilen bilen bu ýagdaý ajaýyp ertekileriñ, rowaýatlaryñ, täsin statuýalaryñ we barelefleriñ döremegine getirendir. Adamzadyñ taryhynda mediklere haýsydyr bir kemsi bolan: ösgün saçly, hamyteññel, guýrukly, ýekegözli, dörtaýakly dörtelli we ş.m. onlarça, ýüzlerçe - çagalaryñ dogulan halaty duş gelipdir. Meselem: Şotlandiýada bir göwrede iki kellesi bolan ýetginjegiñ ýetişendigi mälimdir. Ony daşyndan synlan adamlar elheder alypdyrlar. Üstüsine-de onuñ her kellesi öz başyna birnäçe dil bilýän eken, hersi ökde sazanda bolupdyr, kähalat olaryñ ikisiniñ höwesi ters gelýän eken, şeýle ýagdaý köplenç dawa bilen gutarypdyr. 1965-nji ýylda (No 8) ''Tehnika ㅡ molodeji'' jurnaly, çatalbadan ýokarsy iki sany meñzeş aýratyn göwre, aýaklary bolsa diñe iki bolan gyz uýalaryñ bir organizm ýaly bolup ýaşandyklary hakda ýazypdy. Şeýle-de ''iki ýüzli Ýanus'' ýaly çagalaryñ we başga-da şuña meñzeş şekilde doglan çagalaryñ bolan halaty hakynda ýazypdylar. Ýeri gelende aýtsak şeýle ekizlerden adamlar örän gorkupdyrlar, hem-de olary keramatly hasaplapdyrlar. Olaryñ adyna bir zodiak nyşanynyñ berilmegi-de muña şaýatlyk edýär. Iki kelleli adamlaryñ,haýwanlaryñ suratlary we statuetkalary-da seýrek däl. Biziñ günlerimizide-de, döwürleýin metbugatda ýabany tebigatda ýa-da oba hojalygynda ㅡ iki kelleli ýylanlaryñ, çarlaklaryñ jüýjeleriniñ, köp aýakly we şahly, goýun, geçileriñ, sygyrlaryñ, jandarlaryñ dogulýandygy hakyndaky habarlar peýda bolup durýar. Bizi geñ galdyrýan zatlar, ata-babalarymyza hem täsin görünipdir. Sestroreñk zawodynyñ masterewoýy I. Ponrujew tarapyndan getirilen iki kelleli göle Peterburg Kunst - Kamerasynyñ ilkinji eksponatlaryñ biri boldy. • Kosmonawtlar her ýerde bir hili Käwagtlar biz elimize çaganyñ çeken suratyny alyp synlanymyzda, onuñ manysyny diñe awtoryñ özi düşündirip bilýär, onda-da şol suraty çeken günleri: Ýeriñ ýüzünde düşündirişi ýitip giden suratlaryñ näçesiniñ bardygyny göz öñüne getirmek hem kyn. Şonuñ üçin-de ''Kosmosdan gelenleri'' ideýasynyñ tarapdarlary ''Ähli zada'' düşündiriç talap edip özleri üçin amatly, has dogrusy ýeñillikli ýagdaýy eýelediler. Sebäbi käbir zatlary inkär etmek köplenç mümkin däl. Loşka laýyklykda çemeleşýärler. ''Okkam almazyny'' peýdalanmak isleýärler. Olar mysal alnan fakty real zatlar bilen düşündirmäge synanyşýardylar. Emma, Okkam almazynyñ täsirinden daşarda-da ''dürli'', örän çylşyrymly fantastiki apparatlary bolan gipotezalaryñ uly çägi galýar. Şeýle ''çäkden daşary'' gipotezalaryñ biri-de adamlar üçin düşnüksiz wakalaryñ we hadysalaryñ ''kosmosdan gelenler'' wersiýasy bilen düşündirmäge synanyşylmagydyr. Diýeliñ: köp rowaýatarda niredendir bir ýerlerden duýdansyz bolýan we ýitip gidýän täsin adamlar hakda ýatlanylýar. Ýöne derrew munyñ sebäbini Ýerden daşardan gözlemek gerek däl: Ýer uly, gadym wagtda adamlar öz taýpasy bilen goñşy ýaşaýan taýpalar we halklar hakynda hiç zat bilmeýär eken. Onsoñ hatda XIX asyrda-da kim bilýär, nämeler çaklanmadyk, uzak ýerler hakda gürrüñ hem edip oturmalyñ... Galyberse-de biziñ Ýer planetamyz ㅡ togalakdyr. ''Nireden geldiñiz?'' ''Şeýleden'' diýip ''gelenler'' elini gorizontdan añryk salgaýar. Şol döwrüñ öýdeçileriniñ düşündirişlerine görä, gorizontdan añyrda asman bar eken. Ol biçäreler gorizontdan añyrda ''dünýäniñ aýak ujynda'', görülmedik ýurtlaryñ, deñizleriñ, şäherleriñ döwletleriñ bardygyny nireden bilsinler. Şeýlelik bilenem '''Asmanyñ ogullary'', ''Günüñ perzentleri'' hakdaky legendalar döräpdir. Şeýle legendalaryñ arasynda ''beýleki planetalylar'' hakynda hakykat hem bolaýmagy mümkin, ýöne ony nädip açyk ㅡ aýdyñ etjek? Geliñ ýewropaly syýahatçylary nähili garşylandyklaryny, olar hakda nähili täsin zatlar gürrüñ edendiklerini ýatlalyñ. Olar üçin adaty gaýyklar hem-de arabalar, atlar we itler örän geñ, gorkuly görnüpdir. Ulaltmalar az bolmandyr. Ýöne köp zada akyl ýetirse boljak. Ertekilerdäki ''mis'' we ''demir '' adamlar başga planetadan gelenleriñ skafandry däl-de, söweşijiniñ demir sowutlarydyr. Eliñ ujundaky otlar ㅡ lazermi? Belki-de grek ody fakeldir? Belki ýalpyldaýan gylyçdyr? Ýada Sama? Geliñ N.N.Mikluha-Maklaýyñ papuaslaryñ onuñ goşlaryna seredişleri hakynda aýdanlaryny ýatlalyñ. Şonda ''Gelenlere'' degişli edilýän köp zatlar düşnükli bolar. Onsoñam, iñ esasy zat bu däl. Haýran galmaly, biz näme üçin olary özümiz ýaly adamlardyr öýdýäris?!... Olar adama meñzeşdir, özleri-de adam ýaly oýlanýan bolmaly diýen pikir nireden tapyldy? Şuny aýratyn bellemek gerek, sebäbi ''myhmanlaryñ'' gelendigi bilen baglanyşdyrylýan ähli zatlar adamyñ tebigata, äleme, aragatnaşyga bolan garaýşynyñ çäklerinde degşirilip görüldi. ''Adam bilen baglanyşyksyz'' faktlar näme? Biz olary hasaba alýarysmy? Biz ''gelenleriñ'' özüni we yzyny (AUZ) hakdaky habarlardan ugur alyp, şolar-a biziñ golaýymyzda bir ýerde bolmaly diýip, aktiw gözleg işlerini, alyp baryp bileris. ''Gelenleriñ'' nirededir bir ýerde yz galdyryp, özem şony bilgeşleýin edip giden bolmaklaram, onuñam göze dürtülip duran mese-mälim zat bolmagyda-da ahmal. Ýöne adamlaryñ şol yzlary düşünmäge ''ösüp ýetişmändigi'' ýa-da ol yzlary duşundan geçip giden ösüş ýolumyzyñ başga bolanlygy sebäpli bolmagymyz, şonuñ üçinem ony hiç wagt tapmazlygymyz mümkin. Her halda biz olara garaşýarys, şeýle duşuşyga umyt bildirýäris. Sizi bizi eşidýäñizmi ''kosmosdan gelenler?'' Duşuşyga çenli! A.Arefýew, L.Fomin. (''Tehnika - molodeji'' jurnalyndan). Terjime eden: Arazbaý ÖRÄÝEW. ''Ýaş kommunist'' gazeti, 1987. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |