10:40 Ufologiýa Älemiñ syrlaryna tarap | |
UFOLOGIÝA ÄLEMIÑ SYRLARYNA TARAP
Geň-taňsy wakalar
Şu wagtlar Ufologiýa degişli görkezmeleriň bardygyna ynanýan adamlar ynanmaýanlardan gaty köpdir. Olar ilkinji nobatda şaýatlar, şeýle hem kosmiki siwilizasiýanyň problemalary we Ýerde ýaşaýyşyň döreýşi bilen gyzyklanýan adamlardyr. Ynanmaýanlaryň sany örän az, olaryň pikiriçe hiç hili näbelli uçýan obýekt ýok, aýdylýanlaryň hemmesi toslama, ýerliksiz degišme, ýa-da gallýusinasiýa. Mysal üçin Mary oblastynyň Ýolöten şäheriniň 1-njy orta mekdebiniň taryh mugallymy J.Gowaşow NUO barada gazetde çap edilen makalalara degişli özüniň otrisatel garaýşyny ýazýar. Onuň makalasyny okanyňda NUO meselesi bilen iş salyşýan adamlar paýhassyz hereket edýärler, wagt geler olar şeýle ýerliksiz zatlara baş goşanyna ökünerler diýen ýaly manyny alýarsyň. Ýöne ýoldaş Guwaşow 1990-njy ýylyň 22-nji iýulynda ''Trud'' gazetde çap edilen wakany nädip toslama, ýa-da ýerliksiz degişme diýip bolar. Ýolagçy gatnadýan samalýot näbelli uçýan obýekt bilen gabat gelipdir. Netijede ekipažyň birnäçe çlenleri aradan çykýar, birnäçesi bolsa ömürlik maýyp bolup galýar. NUO bilen bolan duşuşuga samalýotuň ähli ýolagçylary şaýatdyrlar. Eýsem şu toslama bolup bilermi? Geliň ýene bir wakany ýatlap geçeliň. 1990-njy ýylyň 21-nji sentýabrynda ''Raboçaýa tribuna'' gazeti Kuýbyşew şäheriniň etegindäki radiolokasion stansiýasyna ''belgiýa üçburçlygynyň '' gelendigi barada habar berdi. Üçburçlyk formaly näbelli obýekt harby bölümiň üstünde sessiz hereket edýär we gapdaldaky atyza düşýär. Šol gonan syrly ''üçburçlyk '' stansiýanyň gapdalynda iki sagatlap durýar. Şol wagtyň dowamynda dürli täsin hadyslar bolup geçýär. Stansiýanyň ähli işgärleri şu bolup geçen hadysanyň šaýady bolupdyrlar. NUO radar ustanowkanyň kömegi bilen hem registirlenipdir. Bu aýdylanlardan başga-da obýekt material täsirli yz hem galdyrypdyr. Agzalyp geçilen zatlary, faktlary degişmä, ýa-da toslama goşmak bolmaz. Muňa meňzeš ýagdaýlar başgada örän köp. Olar ymykly ylmy barlaglary talap edýär. Elbetde NUO degišli habarlaryň içinde toslamanyň hem bolmagy mümkin. Emma barlaglar netijesinde olar ýüze çykarylýar. Soňunda bolsa ylym üçin gymmatly material bolan hakyky faktlar galýar. Biziň Assosiasiýamyz Orta Aziýanyň çäklerinde NUO-leriň gelmegi bilen baglanyšykly ýagdaýlary derňeýär we öwrenýär. Bize aýry-aýry adamlaryň näbelli uçýan obýektleri görendikleri barada habarlar hem örän köp gelýär. Olaryň has täsin faktlaryny öwrenmek üçin bolsa biz şol ýerlere gidýäris. Daşoguz welaýatyndan Meretbaý Otuzow mugallymlar kollektiwiniň adyndan özleriniň bir gün 300 metr töweregi beýiklikde formasy boýunça dörtburçly, sessiz uçup giden obýektleri görendiklerini ýazypdyr. Onuň tassyklamagyna görä şol obýektiň 4 künjeginde 4 sany fonar we ortasynda bolsa güýçli ýagtylyk çeşmesi bar eken. Otuzow öz hatynda Türkmenistanyň territoriýasynda muňa meňzeş obýekti görenler başga-da barmy diýip soraýar. Şulara meňzeş habarlaryň köpdügini belläp geçesim gelýär. Çärjew şäherindäki Gilmanowlaryň mašgalasy NUO-i bir sagatlap synlanyklaryny habar berýär. Garaňky asmanda birden bir predmet peýda bolýar we ol gök, sary we gyzyl reňkler bilen öwşün atyp başlaýar. Obýekt bölekleýin liniýa boýunça hereket edýär. ''Tarelka ýok bolup gitmezden öň açyk ak ýalyn bilen ýaldyraýar we ýarylýan ýaly bolýar'' diýip olar hatynda ýazýarlar. ''Uçýan tarelkany'' görendikleri barada Çärjew şäherinden Mämmetjumaýewleriň maşgalasy hem belläp geçýär. Olar şol obýektiň suratyny-da iberipdirler. Täsin bir obýektiň hereketiniň Dänew raýonunyň 35-nji orta mekdebiniň okuwçylary Joşyýewa Gözel bilen Azymowa Gülçehra hem hatynda ýazypdyr. Şaýatlaryň sanynyň köplügi üçin, olaryň hemmesini agzap geçmek mümkin däl. Ýöne şol habarlaryň hemmesi ýörite hasaba alnyp yzygiderli öwrenilýär. Respublikamyzda NUO-leri öwrenýän, resmi taýdan hasaba alnan ýeke-täk gurama bar. Ol hem Çärjew şäheriniň Ufologlarynyň assosiasiýasydyr. Respublikamyzdaky we onuň çäklerinden daşardaky anomal hadysalar bilen bagly bolan habarlar şu Assosiasiýada jemlenilýär we giňişleýin öwrenilýär. Assosiasiýanyň uly geljegi bar. Men ýakyn wagtlarda onuň ''Türkmenufomerkez'' ylmy barlag birleşmesi boljagyna ynamym bar. Daşary ýurtlaryň ençemesinde NUO-lary öwrenýän şeýle birleşmeleriň bardygyny belläp geçmek zerurdyr. NUO-lar barada aýdanymyzda bolsa ol hemmetaraplaýyn barlaglary talap edýän fenomenleriň biridir. Alymlar tarapyndan teoretiki taýdan kosmiki siwilizasiýanyň bolmagy mümkinligi subut edildi. Eger-de, älem giňişliginde başga siwilizasiýa bar diýen çaklamadan ugur alsak, onda NUO-lar hem şolara degišli bolmagy mümkin. Men şeýle çaklamany hakykata has ýakyn diýip hasaplaýaryn. Sebäbi NUO-lary gören adamlaryň sany köp. Ýüzlerçe adamlaryň aýdanlaryny ''köpçilikleýin gallýusinasiýa'' hökmünde kabul etsek ol biziň ýalňyşdygymyzdyr. Ine şonuň üçinem NUO-ler çuňňur öwrenilmeli hadysalaryň toparyna girýär. Olaryň biziň Galaktikamyzdan we beýleki Galaktikalardan gelýän bolaýmagy-da gaty ähtimaldyr. Olaryň uzak aralygy näçe wagtda nädip geçýändikleri we energiýa çeşmesi hökmünde haýsy ýangyjy peýdalanýandygy bolsa syrlylygyna galýar. Bu babatda şu ugur bilen gyzyklanýan alymlaryň arasynda birnäçe çaklamalar bar. Emma şu ýerde gyzyklandyrýan pursatlaryň biri bolsa ''gelmişekleriň'' näme üçin köpçülikleýin kontakta girmeýänligidir. Gelmişekler bilen ýekeme-ýeke duşuşanalaryň sany az hem bolsa olar hakda bärde ýeterlik maglumatlar bar. Bizi gyzyklandyrýan ýeri bolsa duşuşyklar bolup geçende aragatnašykda bolanlaryň ýanynda hiç hili şaýadyň ýoklugydyr. Netijede bu şeýle habarlara ätiýaçly garamaga mejbur edýär. Şulara meňzeş habarlara men hem duş gelýärin. Şu ýerdäki bir ýagdaý mende käbir pikirleriň döremegine itergi berýär. Eger-de ''gelmişekler'' uzak aralygy esli wagtyň dowamynda geçip ýere gelýän bolsalar, olaryň biziň bilen duşuşuga girmän, yzyna gitmegi, duşuşaýanda-da ''olaryň'' adamlaryň ýeke wagty duşuşmagy düşündirilmesi kyn faktlaryň biridir. Eger-de, biz şu logika boýunça pikirlenmäni dowam etdirsek, onda biziň uzak aralyk we uzak wagt diýen düşünjämiz ''olar'' üçin hiç-hili rol oýnamaýar diýen manyny alarys. Metbugatda radioda we telewideniýede berilýän NUO-lere degişli habarlary yzygider synlanyňda, köp halatda ''Uçýan tarelkalar'' bilen bolan dušušuklaryň tragiki ýagdaýda gutaranlygy barada hem aýdylýan wagtlaryna duş gelýärsiň. Adamlaryň tragiki ýagdaýlara duçar bolmagynyň sebäplerini şol adamlaryň özlerinden gözlemeli diýip hasap edýärin. Meniň pikirimçe ''olar'' agressiw maksatlar bilen gelenok. Haçanda šeýle duşuşuklar ''gelmişekleriň'' öz inisiatiwasy bilen bolup geçende ''olar'' adamlaryň howpsuzlygy hakynda özleri alada edýärler. Şeýle duşuşuklar aragatnaşykda bolanlarda hiç hili zyýanly yz galdyrmaýar. Ýöne näbelli uçýan obýektleri adamlaryň özi tötänden görende ýa-da oňa duş gelende pikirlenmän hereket eden ýagdaýynda, olaryň netijesi köplenç gynançly wakalar bilen gutarýar. Sebäbi soňky ýagdaýda ''gelmişekler'' adamlaryň howpsuzlygy üçin bolan çäreleri görüp ýetişmeýärler. Ol hem bolsa agzalyp geçilen ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolup biler. Şonuň üçin hem men okyjylara duýdurmak isleýärin. Eger-de siz näbelli uçýan obýektlere duš gelseňiz, örän seresap boluň, pikirlenmän haýsydyr bir hereket etmekden saklanyň. Agressiw häsiýetli hereketlerden gaça durmagy we ätiýaçlylygy elden bermezligi maslahat berýäris. Şu maslahaty ýerine ýetirseňiz ''uçýan tarelkalar'' siziň üçin howply däldir. (Ý.K. 1991) | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |