18:25 Başga planetalylar barada | |
Başga planetalylar (UFO) hakyndaky düşünjeler
Geň-taňsy wakalar
Başga planetalylar barada köp maglumatlar aýdylýar. Geçen asyryñ ortalarynda Maltada 2,5 müñ ýyl mundan öñ daglyk ýerde gurulan ýerasty şäher kysymly obýektler tapyldy. Bu elbetde adam güýji bilen gurulandygyna şübhe döredýär. Alymlar ony başga planetalylar elektrik kysymly maşynlaryñ kömegi bilen gurandyrlar diýip hasaplaýarlar. Hemde ol kosmiki baza bolmagy mümkin. Fransuz alymlary NASA bilen birlikde sputnigiñ kömegi bilen barlag geçirenlerinde şeýle obýektler Russiýanyñ Altaý, Sibir sebitlerinde şeýle obýektler Russiýanyñ Altaý, Sibir sebitlerinde hem barlygy anyklanyldy... Awstraliýada we ýene-de köp ýerlerde 10 müñ ýyl mundan öñ daglaryñ, gowaklaryñ ýüzüne çekilen suratlar tapyldy. Ol suratlarda uçýan tarelka meñzeş obýektler, näbelli jandarlaryñ bolmagy, geñ ýeri hem ol suratdaky jandarlaryñ adamlara meñzeş bolman başga planetalylara meñzeş bolmagydyr. Ol suratdaky adam kysymly jandaryñ gözi ullakan, kellesinde hem skafandr, ýagny kosmiki kaskasyna meñzeş geýimler bar. Köpleriñ aýtmaklaryna görä, olar diñe adamlaryñ fantaziýasy boýunça, ýagny toslama görnüşde çekilen bolmaly. Ýöne alymlar bu pikiri red edýärler. Sebäbi dürli ýerlerde çekilen suratlaryñ ählisiniñ bir görnüşde bir jandara meñzeş bolmagy mümkin däl. Hindileriñ öz hudaýlarynyñ asmana täsin enjamlary bilen uçandyklaryny rowaýatlarda gürrüñ berýärler. Gadymy suratlarda hem uçup ýören hudaýlaryñ keşbi çekilgi. Belki gadymy adamlara başga planetalylar bilen duşuşmak miýesser edendir. Olaryñ (gumanoidleriñ) özlerinden güýçli bolmagy hem adamlarda olara bolan garaýyş ''Hudaý'' derejesinde görlen bolmagy ähtimal. Eger hakykatdanam müñlerçe ýyl ozal başga planetalylar bar bolsa, näme üçin olar şu wagta çenli adamlara özleriniñ barlygyny anyk ýagdaýda subut etmeýärlerkä? Ýa-da olar adamlardan gorkýarlarmyka, ýa-da adamlaryñ akyl taýdan ösüş derejelerini barlap görýärlermikä?! Belki adamlara öwrülip, olaryb biziñ aramyzda ýaşap ýörenlerem bardyr? Başga planetalylar barada bilesigelijilik elmydama hem adamlary gyzyklandyryp gelipdir... Biziñ döwrümizde örän köp dürli ýerlerde dürli adamlar tarapyndan düşürilen wideorolikler bar. Alymlar soñky döwür şol obýektler görünensoñ, şol görünen ýerlerde betbagytçylykly hadysalar bolýandygy anyklandy. Ýa wulkan atylýar, ýa ýer titreýär, ýa awariýa bolup, köp adamlaryñ ölmegine getirýät eken. Meslem Ýaponiýada ýadro elektrik stansiýasynyñ bir bölümi ýarylanda, ýarylça bolup geçen ýerde 10 sany ak reñkli uçýan obýekt görünipdir. Olar ýagny, başga planetalylar şular ýaly erbet hadysany özleri gurnaýarmyka ýa betbagtçylygyñ öñüni almaga gelýärlermikä. Bu bolsa näbelli. Başga planetalylaryñ hakykatdan hem barlygy öñe sürülýär. Elbetde köpler muña ynananok. Olar hakykatdanam bar bolsalar, onda haýsy planetada ýaşaýarlarka, nähili enjamlaryñ kömegi bilen biziñ ýerimize uçup gelýärkäler. Biziñ ýaşap ýören planetamyzyñ golaýynda ýaşaýyş bar bolan planeta ýok (ýa-da şol planetadakylar bize görünenok). Onda hakykatdanam uçup gelýän bolsalar onda örän uzakdan gaýdyp, örän güýçli ylmy esasda ýasalan enjamlaryñ kömeginden täsirlenýän bolmaly. Entek bu soraglara anyk jogap tapylanok. Ýöne olaryñ adamlardan has ýokary ösen pikirleriniñ, siwilizasiýasynyñ bardygy belli. Alymlar adamlaryñ hem geljekgi 200 ýylyñ içinde şeýle derejä ýetjekdiklerini çaklaýarlar. Belki bu derejä has öñ ýetiler ýa-da tersine, asla ýetilmez. Igor Propokenkonyñ çykyşlaryna salgylanyldy. | |
|