21:47 Başgyrt mifologiýasynda Humaý guw perisi | |
BAŞGYRT MIFOLOGIÝASYNDA HUMAÝ GUW PERISI
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Başgyrt mifologiýasynda gözelleriñ gözeli, ýüzünden nur dökülip duran Humaý atly guw guşunyñ aýratyn orny bar. Humaý guşunyñ başgyrtlaryñ enesidigi baradaky ynanç oñon hökmünde seredilýän guwlary öldürmegiñ gadagan edilendigi hakyndaky kanunda ýañzydyldy. Başgyrt mifologiýasynda gündogar türk tradisiýasyndan tapawutlylykda Humaý eneleriñ we çagalaryñ penakäri däl. Şeýle-de başgyrtlarda bu personažyñ şaman mifleri we urp-adatlaryna degişli ýeri ýok. Başgyrt folklorynda Humaý esasanam guw, ördek ýa-da seýrek ýagdaýda jadyly äpet guşuñ keşbinde sypatlandyrylýar. Bu personažyñ añyrsy "Ural batyr" eposyna baryp direýär. Bu eposda Humaýyñ hem Günüñ gyzy, hem ýer ýüzüni owadan sary saçlary bilen ýagtyldýandygy üçin Günüñ hut özi hasaplanýar. Humaý Samrau diýilýän guşlar ýurdunyñ eýesi. Bu ýurtdaky ähli adamlar, guşlar we janly-jandarlar parahatçylykly, agzybirlikde we yrsgal-bereketiñ içinde ýaşaýarlar. Baky diri Humaý guwa öwrülip bilýär, ol asmanda ýaşaýan ganatly ak at Akbuzatyñ hem eýesidir. Eposda Humaý asman giñişliginiñ eýesi, enesi we penakäri hökmünde janlandyrylýar. Ol ýagşylygyñ hudaý Ural batyryñ aýaly. Şonuñ üçinem ol ýaşaýşyñ, yrsgal-berekediñ, bagtlylygyñ hudaýy hökmünde görülýär. Bu ynanjyñ düýbünde başgyrtlarda ýörgünli adam ruhunyñ ördek ýa-da guw bilen baglanyşyklydygy baradaky ynanç ýatyr. Bu ynançdan hususanam ideal zenan owadanlygynyñ tarypy-da öz gözbaşyny alýary Başgyrt mifologiýasynda Humaý guşunyñ Gün bilen baglanyşdyrylmagy bu personažyñ iññän gadymy mifologik kökleriniñ bardygyna yşarat edýär. Şol sanda "Ural batyr" eposynda hem ýeri we asmany ýaradan iki guw barada legenda bar. Bu iki guwuñ biri Humaý, beýlekisi bolsa Aý gözeli Aýhylu. Humaý bilen Aýhylu Günüñ we Aýyñ siwmoly. Humaý we Aýhylu personažlary dünýäniñ gurluşy baradaky garaýyşlary ýañzydan iki ýüzli zenan hudaý Umaý bilen baglanşyklydyr. Aýratynam başgyrt mifologik dessanlarynda we legendalarynda gahrymanyñ güneş gyzy sebäpli suwasty dünýäsinuñ eýesi bilen çaknyşygynyñ hekaýaty esasy orun eýeleýär. Bu hekaýatyñ juda gadymydygyny we mifologik tradisiýalaryñ biri-birine düýpden ýakyndygyny şeýle rowaýatyñ hindileriñ Weda mifologiýasynda gabat gelmegi hem aýdyñ görkezýär. Orta Aziýa halklarynyñ medeni gymmatlyklarynda-da guş gyzynyñ obrazyna duş gelinýär. Bularyñ ählisi başgyrt halkynyñ medeni gymmatlyklarynyñ biri hökmünde goralýan, ilkinji nobatda Günorta Ural sebitleri bilen birlikde Ýewraziýa halklarynyñ mifologik tradisiýalarynda Umaý-Humaý zenan hudaýy obrazynyñ arhaik eýýamlara çenli uzaýandygyny açyk-aýdyñ görkezýär. #yenidenergenekon | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |