07:44 Bäşim Nuraly | |
BÄŞIM NURALY
Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty
Leniniň suraty çekilen ilkinji halynyň dokalanyna indi hasaplap otursaň, bir är ömri geçipdir. 1935-nji ýylda partiýa we hökümet ýolbaşçylary Türkmenistanyň stahanowçy işçileriniň we kolhozçylarynyň wekillerini Kremlde kabul etdiler. Şonda Leniniň suraty çekilen haly portret türkmen halkynyň minnetdarlygynyň simwoly hökmünde hökümet we partiýa ýolbaşçylaryna gowşuryldy. Göni elli ýyl mundan öň gowşurylan bu haly portretiň eskiziniň awtory, ilkinji türkmen hudožnigi Bäşim Nuralydy. Halyny dokan onuň aýaly Amansoltan eje indi ýedi onlugy arka atdy. Ol özleriniň halyny dokaýyşlary hakda ine, şeýle ýatlaýar: – Bagyrda Muhat aga diýip, eşidipmidiň, Weli Muhat diýip, eşidipmidiň. Ine, şonuň ejesine halyň ýüňüni ertip berdik. Gowy edip, erşini Ogulnur ejä – Weliň ejesine egirtdik. Inçejik, gowy edip egiripdir. Haly soýuzyndan hem bir ustanowka tapdyk. Ýazgyny dik däldi. Dikde gowy dokap bolmaýar. Ejem pahyr bilen gowja edip, erşiň arasyna, deňje kagyz oradyk. Bäşimem kagyzyň daşyny galam bilen çyzyp berdi. Ejem ikimizem şo galamyň üstündenjik eriş ýüwürtdik. Hamyrjagaz çalyp, esgijik bilenem onuň üstüni ýapdyk. Gymyldamaz ýaly. Ynha onsoň öňüni-başyny tutduk. Onsoň bujagaz goçaga başladyk. Onsoň bujagazy etdik. Şeýdip iş önüberdi. Ynha, onsoň dokabermeli bolduk-da. Zähmeti köp berdi. Ýüpden ýasajak bolsaň, reňk bilen eden ýaly däl. On gyrym dagy ýalňyşypdyrys. Suratyna deňäp diýip edýäs, meňzeşem ýaly-da welin, üýtgeýýä-dä. Elimi temen bilen geçirdim, erşem tekstilnyý fabrikden bir kilo ýüpek aldyk, ikisine-de gowy ýetdi. Argajyň arasyndan temen bilen geçirdik. Bar hamymy soýdy. Hamymy soýdam, onsoň nähili etmelidigini bildim. Soň ýalňyşmadym, bäş aýda-da kesdik. «Otur- tur, kersen getiriň» arasynda. Bir gün men Bäşim pahyra «şu gün giçden soň unaş içesim gelýä» diýip, aş edindim. Gazanda gaýnadyp, içine-de bir gyzyl burç atdym. Onsoň Turanam bir topar garyndy (gülýär) atypdyr. Her bir iş aňsat däl-de, başarma gerek. Kän zähmet çekildi. Elimiň gyzyl gan bolşy ýatdan çykmaz. Emma eden işimize buýsanýan. Şumadam gözüm görse, dokajak. Ýöne gözüm görenok. Indiki ýatlama gezegi türkmen kino sungatynyň ýaşuly wekili, TSSR-iň singatda at gazanan işgäri Annamuhammet Geldiýewiňki. Ol B.Nuralynyň ilkinji türkmen kinofilmlerine gatnaşyşy hakynda ýatlaýar: – Bäşim aga ilkinji gezek «Ýedi ýürek» atly filmde oýnady. Düşnükli bolar ýaly, men gürrüňimi azajyk öňräkden başlaýyn. 1929-njy ýylyň ýazy. Aşgabadyň günbatar tarapynda gök öwsüp duran Bagyr obasy. Obanyň üstüne abanyp duran beýik daglaryň Deşikli derýa diýilýän ýeri. Şo ýerde gara türkmen öýi peýda boldy. Ol gara öýler ilkinji türkmen kino sungatynda surata alnyp başlanyp, «Ýatdan çykaryp bolmaz» diýen filmiň kino işgärleriniň ýaşaýan ýeridi. Şol wagtlar basmaçylar bilen söweşip gelen üç dost Wasiliý Gorajka, Annaberdi Geldiýew (meniň kakam), Bäşim Abdyýew üçüsi,ilkinji bolup şo taýyk artist hökmünde seçilip alnypdy. Ynha, olaryň gapdalynda Garagul molla diýýä, Sähetmyrat Gökleňow diýýän Aşyr Meläýew diýýä, olaram goşuldylar. Bagyrda şol film surata alnyp gutarylansoň, başga-da täze filmler başlanmalydy. 1935-nji ýylda ürgün çägeleriň arasynda, Garagumda nebit gözläp ýören adamlar hakda «Ýedi ýükek» atly filmi surata düşürmeklik makul bilindi. Şonda rollarda saýlap-seçip başladylar. Moskwadan bir topar artist çagyrdylar. Milli aktýorlarymyz hem gatnaşmalydy. Ýatlap geçen adamlarymyza degerli rollar paýlanyp berildi. Şonda oba Sowetiniň başlygynyň roluna kimi bellemeli diýen sowal ýüze çykdy. Kakam dagy Bäşim aganyň hudožnikdigini, hünärment adamdygyny gowy bilýärdi. Şonuň üçin ol «Kinodanam çetde durmasyn» diýip, Bäşimi salgy berdi. Bäşim Nuraly filmde baş rollaryň birini oýnamalydy. Ol kinoda surata düşmäge uly höwes bildirdi. Üstesine-de işden boş wagtlaram boş durup bilmezdi. Tamyň ýüzüne mähnet bir matany ýazyp, aýly gijede suwa düşüp duran gyzdy öýdýän. Şonuň suratyny çekip başlady. Wagtyna ýitirmegi halamazdy. Nähili etmeli bolsa, hemişe kellesinde, öňünden ölçelip goýulan ýalydy. Ýadyma düşýär, çägäň arasyndaky tamyň äpişgeleri, gapysy açyk durandyr. Oglanjyklaram üýşýändir hyryn-dykyn. Özümem şo taýda praktikada bolamsoň, şol kino gatnaşýardym. Tehnikumda okaýardym. Daşyndan syn eder durarsyň. Oglanlar bolsa onuň eýlesinden bir geçer, beýlesinden bir geçer: «Aý Bäşim aga, ine, beýdende nähili, şuny eýdende nähili?» diýip soraýandyrlar. «Surat çekmäni öwredäýiň-de?» diýerler. Garazhaý, onuň başyny aljyradardylar. Emma ol şonda-da hiç gatyrganmazdy. Olaryň sowallaryna ýeke—ýekeden düşündirip, olaryň göwnünden turardy. Şondan soň ol «Oglanlar, bir çen bolmadymyka, gidip, menem azajyk işläýin. Ine, kinosýomka-da başlanýar. Şoňa-da barmalydyryn. Oňa çenli ojuk-bujuk ýerini çyrşaşdyryp, çyzyp çykaýyn» diýerdi. Şeýdip, oglanlaryň göwnüni ýykman goýbererdi. Film ekranlara çykandan soň, uly üstünlik bilen gitdi. Bäşim aga welin, soňam birnäçe filmde surata düşdi diýip – Annamuhammet Geldiýew sözüni soňlady. Bäşim aganyň uly zehini köp gyraňlydy. Onuň şahyrçylykdan hem başy çykýan ekeni. Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwinde onuň mehaniki ýazgyda sesi saklanýar. Onuň sesi ýazylan bary-ýogy bu ýeke-täk mehaniki ýazgyda Bäşim Nuraly Gazagystana bagyşlap ýazan goşgusyny okaýar. Bu goşgyny bolsa, biz okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildik. Gazagystan seniň waspyň sözlesem, Uzak ala garly daglaryň seniň. Belli gülüň bardyr bahar bolanda Ýüz dürli iýmişli baglaryň seniň. Seniň baýlygyň köp, giňdir Watanyň, Halkyň zähmetsöýer, bolmaz ýatanyň, Köp bolar duşundan ýyndam öteniň, Agzybir şahandaz illeriň seniň. Tertipli, sarmykly otag ýollaryň, Şamda seýle çykar inçe billeriň, Köpdür şahyrlaryň, süýji dilleriň. Sungatda bellidir illeriň seniň. Ýylka münüp, dombar çalar bagşylar Kim-kimi halaşsa, söýüşer, alar. Kim hudožnik, kimse artist bolar, Leninçidir aýtsam, illeriň seniň. Nuraly diýr, gördüm Almaataňy, Belli şähri, Gazagystan Watany, Gelen köpdür, gonak gelip ýatany. Seýil edip gezýäris ýollaryň seniň. 1988 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |