15:36 Baýdeniñ külleri bilen Trampyñ odunyñ arasyndaky dünýä | |
BAÝDENIÑ KÜLLERI BILEN TRAMPYÑ ODUNYÑ ARASYNDAKY DÜNÝÄ
Publisistika
Dünýä üstümizdäki aý Germaniýada geçirilen we häzirem dowam edýän futbol ýaryşynyñ oýunlaryna tomaşa etmek bilen birlikde ABŞ-da prezident Jo Baýden bilen onuñ bäsdeşi öñki prezident Donald Trampyñ arazyndaky çekeleşige tomaşa etdi. Dünýäniñ iñ güýçli ýurduny dördi Donald Trampda, dördi Jo Baýdende - jemi sekiz ýyllap dolandyran iki adamyñ özüni alyp barşy hakyky ýetmeli derejesinden kän kemter gaýdýardy. Bularyñ hakyky bahasyny bermek, haýsysynyñ dil we beden dili taýdan has güýçli we gallaw, tomaşaçylaryñ üstünde has köp täsire eýedigi deñeşdirmesine esaslanýar. Umuman alanda aradan geçen bu sekiz ýyl adamzat taryhynyñ iñ kyn geçen ýyllarydy: Ýewropanyñ ortarasynda ýüze çykan, ýadro urşunyñ bäri gyrasynda duran we uzak wagtlaýyn uruş dowam edip dur. Gazäniñ uzak wagtlaýyn, örän ýykgynçylykly we gandöküşikli, ýaýrama ähtimallygy güýçli we ot-ýalyny Babyl-Mendebe çenli uzaýan sebitleýin urşuñ gyrasynda dur. Prezident Baýdeniñ bagtyna bu ýyllaryñ iñ gyzgyn ýeri onuñ häkimiýet başynda oturan wagtynda boldy we bu onuñ dünýäni dolandyrmaga mynasyp lider däldigini mälim eden test boldy, onuñ işlän ýyllarynda hiç bir gyzgyn konflikt sowadylmady. Dünýäniñ hiç bir durnuksyz sebitinde üstünlik gazanylmady. Hasam beteri ABŞ-nyñ tutuş kontinenti galkyndyrmaga ýeterlik harçlama eden, emma hemmesiniñem ýele sowrulan ýeri Owganystandan masgara bolup çykanda bolup geçenlere meñzeş şowsuzlyk bolup geçdi. Donald Tramp prezidentlik eden ýyllarynda ABŞ-nyñ öñ hatarynda çaknyşdy. Nyrhlar we edilýän çykdajylar boýunça düşünşip bilmeýän telekeçi ýaly hereket edip, ýurdunyñ howpsuzlyk we harby ýarany NATO bilen gatnaşygyna pitiwa etmedi. Ýakyn Gündogarda onuñ üçin "Asyryñ ylalaşygy" ady bilen ylalaşyk taýýarlandy we ol muny yglan edip, almytyny aldy. Ylalaşyk uly global meseläni çözmäge niýetlenmändi, gaýtam ol ýangyny möwjetmek we ylalaşygyñ awtory Netanýahuny goldamak üçindi. Tramp palestinalylaryñ we siriýalarynyñ kisesinden alyp, oña jomartlyk bilen eçildi. Golany, Beýtulmukaddesi we Günbatar Şerianyñ üçden birinden gowragyny oña berdi. Ikinji gezek saýlanan bolsa dagy, ýene nämeleri etjekdigini bellisi ýokdy! Tramp saýlawlarda asgyn gelenden soñ Latyn Amerikasyndaky goñşularynda bolup geçen harby döwlet agdarlyşyklaryna we ýewropa diktatorlyklaryna meñzeş amerikan obrazyny döretdi. Ýewropada mejlise kürsäp urýan we mejlisiniñ zalynda ok ýagdyrýan ofiser görmedikmi näme? Edil şolar ýaly ýagdaý Kongresde-de gaýtalanyp, saýlaw sandyklaryndan çykan netijäni üýtgetjek bolup ok atylmadymy näme? Tramp gitdi we dünýäniñ aglaba bölegi muny baýram etdi, onuñ garşydaşy Baýden bolsa batly sesler we uly howp-hatarlar bilen Ak Tama girdi. Baýden barada aýdanda, onuñ möhletiniñ tamamlanmagyna birküç aý galanda nämeler bolup geçdi? Hytaýyñ soñky beren duýduryşyna çenli dünýäniñ ketdeligini edýän ABŞ dünýäniñ iñ esasy sebitleri bolan Ýewropada we Ýakyn Gündogarda jemlenen ähli ýakyp-ýandyryjy meselelerde asgyn we täsirsiz bolup göründi. Baýden Ukrainada ikirjiñlendi we agsady. Zelenskiý ondan nägile. Putinem ony halap baranok. Supergüýç Ýakyn Gündogarda hyýalbent ysraýyl sagçylarynyñ atlarynyñ başyny çekýän araba öwrüldi. Şeýdibem Baýdeniñ hökümeti XX-XXI asyrlarda ýönekeý ilatyñ we çagalaryñ iñ gorkunç formada öldürilmeginde gönüden-göni şärikdeş bolup göründi. Hökümet tomaşa görkezýän ýaly uruş gidýän ýerde bolmaga üns berdi. Şeýdip ýörüşlerine Ak Tam tasdanam Ýakyn Gündogara göçýärdi. Blinken, Bill Barns, Jeýk Salliwan ýa-da Hokstaýn ýygy-ýygydan gelip-gitse-de, birküç günlük ok atyşygy bes edýän arakesmäni üpjün edip bilmedik hallaryna Tel-Awiwde, Kairde, Dohada, Beýrutda özlerine aýratyn iş otagyny edindiler diýsek, hiç bir tarapdan öte geçmeris. Dialog derejesiniñ uly ýurda we dünýäniñ iñ güýçli, iñ esasy iki prezidentiniñ bolşuna gelişmeýän çekeleşmäniñ yzyndan supergüýjiñ bütin dünýäniñ üstündäki täsiriniñ azalýandygyny aýdanlaryñ sany iki esse köpeldi. Dostlary we soýuzdaşlary ýaranlyklarynyñ gowşaklyklaryny we nähili peýdaly bolup biljegini has gowy duýdular. Şol bir wagtyñ özünde sebitleýin emele gelmeleriñ özlerine ynanma, baýlyk, içerki durnuklylyk we her ýurduñ arassa bähbitlerine esaslanýan deñagramly gatnaşyklar gurma azatlyklaryna meýilleri-de güýçlendi. Munuñ özi bir bitewilikde arenanyñ ýeke-täk oñyn tarapy bolup biler. Çekeleşigiñ öñüsyrasy we gidýän wagty señselän dünýä çekeleşikden soñam Baýdeniñ külleri bilen Trampyñ odunyñ arasynda galar. Nebil AMR, Palestinaly syýasatçy we žurnalist. Sişenbe, 02.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |