05:59 Baýram Han | |
TÜRKMEN WE HINDI HALKLARYNYÑ BEÝIK OGLY HANLAR HANY BAÝRAM HAN
Taryhy şahslar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: "Garagoýunly türkmenlerinden gelip çykan hanlar hany Baýram hanyň, onuň ogly Abdyrahym hanyň Beýik Mogollar şadöwletiniň berkemeginde we gülläp ösmeginde bitiren hyzmaty çäksizdir. Halkyň jümmüşinden çykan beýik serkerde şahyr Baýram han Türkmen galamyň we kelamyň güýji bilen uly işleri bitiripdir, halk bähbidiniň hem-de adalatyň goragçysy bolupdyr. Şahyranalyk we pelsepewi paýhas bitewiligi, ynsanyýetiň waspy we adam mertebesini ýokary götermek hakyndaky müň öwüşginli garaýyşlar şahyryň döredijiliginiň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ynsanperwerligiň, dostlugyň, ýagşylygyň, gözelligiň waspnamasy hökmünde umumadamzat şygryýet hazynasyna giren Baýram hanyň edebi mirasy biziň milli buýsanjymyzdyr. Jemgyýetimiziň galkynýan täze taryhy döwründe özüniň öçmez-ýitmez şygyrlary bilen türkmen halkynyň ruhy dünýäsini äleme ýaýan serkerde şahyr Baýram hanyň adyny, mertebesini şöhratlandyrmak biziň mukaddes borjumyzdyr". * * * Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda baý medeni we ruhy mirasymyzy öwrenmeklige çuňňur çemeleşilip, bu ugurda önjeýli netijeler gazanylýar. Türkmen taryhynda uly yz galdyryp giden beýik şahslarymyz baradaky bize belli bolan we täze anyklanylan gymmatly maglumatlary halka ýetirmek, biz taryhçylaryň öňünde durýan mukaddes borçdur. Şol esasda, türkmenleriň baharly taýpasynyň wekili, halkyň jümmüşinden çykan beýik döwlet işgäri, serkerde şahyr Baýram han Türkmeniň durmuşynda we döredijiliginde şahyranalyk we çuňňur pelsepewi danalyk, ynsanyýetiň gymmaty, adalat ugrunda jan çekýän we göreşýän, adam mertebesine hormat goýýan şahsyýetdir. Aslyýetinde Baýram han taryhy sahnada nähili peýda boldy, oguz nebereleriniň haýsy şahasyndan gaýdýar? Mogol imperiýasynyň (Baburylaryň) Owganystanda, Hindistanda, Päkistanda XVI asyrda dörän döwründe türkmenler häzirki Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda-da döwlet gurupdyrlar we dagynyk ýagdaýda ýaşapdyrlar. Baýram han bolsa, Türkmenistandan daşarda ýaşan türkmenleriň wekilidir. Ol barada we onuň bilen bagly Mogol imperiýasynyň ilkinji üç patyşasy barada gymmatly maglumatlar ýazuw çeşmelerinde ýazylypdyr. Deli uniwersitetiniň professory Ram Kişore Pandi «Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we edermenlikleri» atly işinde: «Başga serdarlaryň hiç biri-de batyrlykda, döwleti dolandyrmak ussatlygynda, alymlykda, edebiýaty oňat bilmekde we söweş tejribesinde Baýram han bilen bäsleşip biljek däldi, çünki ol mogol däl-de, türkmendi, oňa görä-de mogol hökümdarlarynyň köşklerinde onuň duşmanlary-da bardy» diýip belläpdir. Bahar, Bahar ili, Baharly türkmeniň gadymy taýpalarynyň biri bolup, özüniň gözbaşyny Oguz hanyň bäşinji ogly Dag handan we onuň ogly Imrden alyp gaýdýar. Imr boýy, hususan-da onuň baharly şahasy taryha beýik şahslary berendir. Olardan Ýunus Emre, Baýram Hoja, Gara Ýusup, Jahanşa Hakyky, Baýram han hanhanan, Abdyrahym hanhanan, Aly Şeker (Şükür) beg, Soltanguly Kutubşa, Emir han Mosully, Magrupy we başgalar bar. Türkmenleriň bu taýpasynyň wekilleri taryhda Garagoýunly, Kutubşalar döwletlerini döredenlerdirler. Hindistandaky Beýik Mogollar döwleti bolsa türkmen halkynyň beýik akyldary, şahyry we döwlet işgäri Baýram han Türkmeniň aýratyn tagallasy bilen imperiýa derejesine ýetirildi. Baharlylaryň gatnaşmagynda döredilen döwlet Türkmenleriň Garagoýunly döwletidir. XIII asyryň başlarynda, mongollaryň zulmunyň aşagynda galmajak bolup, Mawerannahrdan – Türkmenistandan günbatara akym bolup giden türkmenleriň arasynda baharlylar hem bar eken. Garagoýunlylaryň taryhyna bagyşlap eser ýazan Faruh Sümer taryhy çeşmeleri öwrenip, olaryň Anadola gelişleri hakynda iki rowaýatyň bardygyny belleýär. Olaryň birinjisinde akgoýunlylaryň doganlary garagoýunlylar bilen Türküstandan Azerbaýjana gelip, garagoýunlylaryň Erzinjan, Siwas, Wan böleklerinde ýurt tutandyklary nygtalýar. Faruh Sümeriň «Taryhy Türkmanyýýa» atly işe salgylanyp getirýän ilkinji rowaýatyna görä, garagoýunlylar Töre- beg atly serdarynyň ýolbaşçylygynda, mongollaryň basgysynyň astynda galmajak bolup, Türküstandan Eýranyň üsti bilen Gündogar Anadola göçüp gelipdirler. Olaryň sany 30 müň öýlüden hem köp eken. Döwletşa-da öz tezkiresinde Isgender mürze bilen bagly wakalaryň üstünde duranda, baharlylaryň gadymy ýurtlary barada gürrüň gozgap, olaryň asyl Watanynyň Türküstanda Gazgurt diýen ýerdigini nygtaýar. Abulgazy «Şejereýi Terakime» (Türkmenleriň nesil daragty) atly işinde Döwletşanyň pikirini tassyklap, ony has-da ösdürýär. Türkmenleriň-oguzlaryň ata Watany gündogarda Yssyköl, Almalyk, günortada Saýram, Gazygurt dag, Garajyk dag, demirgazykda Uly dag, Kiçi dag, günbatarda – Syrderýanyň aýagy, Ýaňykent şäheri we esasan Garagumyň töweregi – şu giň aralyk bolup, olar 4-5 müň ýyl ozal şol ýerlerde ýaşapdyrlar we gaýy, baýat, salyr, imr boýlaryndan uly döwletler döredipdirler» diýýär. Baharlylar beýleki taýpalar bilen birleşip, Garagoýunly ady bilen XIV asyryň ikinji ýarymynda taýpanyň serdary Baýram Hoja «Garagoýunly ýaranlygyny (taýpasyny)» esaslandyrypdyr. Çünki olaryň baýdaklarynda gara goýnuň suraty şekillendirilipdir. Döwletiň merkezi şäheri Töwriz hasaplanypdyr. Bu döwletiň görnükli patyşasy Gara Ýusup Baharly, Jahanşa Hakyky bolupdyr. Biziň şu mysallary getirmegimiziň esasy sebäpleriniň biri hem Jahanşa Baharlynyň görnükli serdarlarynyň we döwlet işgärleriniň biri hem Baýram hanyň nesil daragtyny dünýä ýaýradan, Alyşükür begiň gyzyndan dörän neberesinden bolan Baýram hanyň aýaly Selime Begimdir. Selime Begim eje tarapyndan Jahanşa Baharlynyň neberesindendigi taryhy çeşmelerde tassyklanýar. XV asyryň ahyry, XVI asyryň başy türkmenler üçin galagoply döwrüň başlanan döwri bolupdyr. Mawerannahry eýelän, asly Deşti-Gypjakdan bolan Muhammet Şeýbany han Türkmenistana gandöküşikli ýörişleri geçirip başlaýar. Soňky temirilerden bolan Fergananyň häkimi Zahyreddin Muhammet Babyr ençeme gezek olar bilen söweşip, netijede ýeňlip, kakasynyň Kabuldaky mülkünde ornaşýar. 1467-nji ýylda Garagoýunly türkmenleriň ýaranlygynyň döwletiniň we döwleti dolandyran Baharly hökümdarlygynyň dargadylanlygy sebäpli, Hemedanda, Töwrizde, Günorta Azerbaýjanda ýaşaýan baharlylar Eýrana, Horasana göçüp başlaýarlar. Şolardan Baýram han Baharlynyň kakasy Seýfaly, atasy Janaly töweregindäkiler bilen Badahşanda ýerleşýärler. Zahyreddin Muhammet Babyr bilen türkmenleriň baharly taýpasynyň wekilleri ýakynlaşýarlar. Alyşükür begiň Paşa begim atly gyzyndan bolan Salyha Begim 1516-njy ýylda Zahyreddin Muhammet Babyra durmuşa çykarylypdyr. Temiriler bilen baharlylaryň arasyndaky öňden dowam edip gelýän garyndaşlyk has hem berkäpdir. Babyryň we Salyha Begimiň ikisinden bolan Gülruh begim Nagyşbendi hojalaryndan bolan Mürze Nureddin Muhammet Nagyşbendä durmuşa çykarylypdyr. Bu geleşikden 1538-nji ýylda Selime Begim dünýä inipdir. Baýram hanyň hem ejesi Nakyba hanym nagyşbendi hojalaryndandyr. Babyryň agtygy Gülruh begimiň gyzy Selime Begim Humaýunyň wesýetine görä, 1557-nji ýylyň dekabr aýynda Baýram han bilen durmuş gurýar. Netijede, bu iki beýik şahsyň hem nesil daragty Jahanşa Hakyky Baharly bilen Alyşükür beg Baharla baryp ýetýär. Henizler Zahyreddin Muhammet Babyr Beýik Mogollar döwletini döretmänkä, Baýram hanyň atasy Janaly begiň dogany Piraly begi Soltan Hüseýin Baýkara öldürenden soň, ol Owgan-Türküstanyndaky Gunduz şäherine 1480-nji ýylda göçüp barypdyr. 1498-1499-njy ýyllarda Babyr Gunduz şäherini eýeläpdir we Janaly beg baharlylar bilen Babyryň ygtyýaryna giripdirler we Babyryň söweşlerinde esasy orunlarda bolupdyr. Baharlylar Babyryň esasy goşun daýanjyna öwrülýärler. 1497-1498-nji ýyllarda Badahşan welaýatynyň Gala-i Zafar diýen ýerinde Baýram han dogulýar. Ol ýaş wagtynda ejesi Nakyba hanym aradan çykýar. Oňa terbiýe bermekde atasy Janaly begiň baştutanlygynda hossarlary ähli mümkinçilikleri döredipdirler. Garyndaşlary Baýram hany Balha äkidip, medresede okadýarlar. Baýram hanyň kakasy Seýfaly beg we atasy Janaly beg 1504-1505-nji ýyllarda Zahyreddin Muhammet Babyryň hyzmatynda bolupdyr. Ýatlap geçilen Alyşükür begiň gyzy Paşa begim Baýram hana enekelik edipdir. Ol geljekki beýik şahsyýete baharly hanedanlarynyň emirleriniň maşgalasyna mahsus bolan terbiýäni beripdir. Baýram han ylahyýet ylymlaryny, edebiýaty gowy öwrenýär. Türkmen, pars dillerini suwara bilip, sowatly adam bolup ýetişýär. Baýram han harby sungat bilen hem gyzyklanýar. Ol şygyr düzmekde kämillik derejä ýetýär. Baýram hanyň saz çalmakdan hem oňat başy çykypdyr. Baýram hanyň kakasy Seýfaly 1508-nji ýylda Gazna göçüp gelipdir we Zahyreddin Babyryň adyndan Gaznanyň häkimi bolupdyr. Ýöne ol 1526-njy ýylda söweşde agyr ýaralanyp ýogalýar. Onuň maşgalasy garyndaşlarynyň ýanyna Balha göçmeli bolýar. Baýram han ýuwaş-ýuwaşdan kämillige ýetip başlaýar. Ol Zahyreddin Muhammet Babyryň hyzmatynda bolýar. Beýik patyşanyň söýgüsine we hormatyna mynasyp bolýar. Baýram han 16 ýaşa ýetende Babyryň ogly Humaýunyň hyzmatyna geçýär. Çünki Babyr Baýram hanyň ata-babalary bilen gowy aragatnaşykda bolupdyr we olara uly hormat goýupdyr. Babyr özüniň ýatlamalarynda Baýram hany ogly ýaly görýändigini nygtapdyr. Baýram hanyň edermenligini, başarjaňlygyny gören Babyr patyşa 1523-nji ýylda ony ogly Humaýuna terbiýeçi we janpena belleýär. Ogly Humaýuna bolsa, Baýram hanyň aňyrsynyň türkmen beglerindendigini, onuň bilen mylakatly, hormatly bolmalydygyny tabşyrýar. Baýram han ýaş şazada tüýs ýürekden hyzmat edýär. 1530-njy ýylda Babyr patyşa ýogalandan soň, onuň ornuna 22 ýaşly Humaýun tagta geçýär. Baýram han bolsa baş weziriň wezipesine bellenilýär. Ol şol bir wagtda goşunbaşy wezipesini hem ýerine ýetirýär. Döwleti dolandyrmakda Humaýunyň ýakyn kömekçisine öwrülýär. Zahyreddin Babyr ölmeziniň öň ýanynda Humaýuny mirasdar belläpdir. Humaýun Babyr patyşanyň uly ogludy, akyllydy, parasatlydy, kakasynyň ynamyny ödäpdi. Babyryň beýleki ogullary – Kamran, Hindal, Esgeri dagylar Badahşanda, Kabulda häkimlik edýärdiler. Olaryň her haýsysy özüni mirasdüşer hasaplaýardy. Humaýuny ykrar etmändi. Humaýunyň garamagyndaky içki we daşky gapma-garşylyklar güýjäpdir. Goşunyň içinde hem agzalalyk emele gelipdir. Şeýle kyn ýagdaýda Humaýuna Baýram han halasgär bolupdyr. Ol Humaýunyň ýakyn, ynamdar adamlarynyň birine öwrülipdir. Harby ýörişlerde esasy meseleleri Baýram han çözüpdir. Humaýunyň köşgünde onuň ýakyn adamlarynyň arasynda agzalalyk hem bolupdyr. Welaýatlary dolandyrýan hökümdarlar biri-birleri bilen çaknyşypdyrlar. Şeýle ýagdaý imperiýany pese gaçyrypdyr. 1539-njy ýylda Biharyň häkimi owgan asylly Şirhan Humaýuna garşy gozgalaň turuzýar. Ol beýik Mogollar döwletiniň tagtyny eýeleýär. Humaýuny halas etmek üçin, Baýram han Şirhanyň esgerlerine ýesir düşýär. Soňra ol ýesirlikden gaçýar. Oňa diňe iki ýyldan soň, köp bolmadyk esgerleri bilen gahrymanlarça söweşip, Humaýunyň ýanyna gelmek başardýar. Baýram han uly syýasy-diplomatik işleri alyp barypdyr. Humaýuny doganlary bilen ylalaşdyrýar. Baýram han Beýik Mogollar döwletiniň Hindistanda patyşasy bolmak umydyny ýitiren Humaýunda ynam döredýär. Ony Sefewi türkmenleriniň döwletiniň patyşasy Tahmasp I-niň ýanyna äkidip, Şirhana garşy harby kömek soraýar. Hikmet Baýuryň Babyryň gyzy Gülbeden hanyma salgylanyp aýtmagyna görä, Humaýun 1543-nji ýylyň ahyrynda, çykgynsyz ýagdaýda Baýram han bilen Hilment derýasyndan geçip, Horasana Tahmasp şanyň ýanyna barýar. Çünki Humaýun tagtyny elinden giderenden üç ýarym ýyldan soň, köne duşmanlarynyň we doganlarynyň elinde ölmek howpunyň abanandygyny duýup, şeýle etmäge mejbur bolýar. Abul Fadlanyň maglumatyna görä, Humaýunda göwniçökgünlik emele gelip, Haja gitmekçi bolýandygy aýdylýar. Gülbeden hanym Baýram han barada: «Humaýunyň iň ýakyn begi, çuňňur akyl hojasy (halypasy) we Beýik Mogollar döwletiniň Hindistanda ikinji gezek dikeldilişiniň hakykatdan hem gurnaýjysydyr. Tahmasp şa Humaýuny diýseň gowy garşylaýar. Ony şäherden şähere, nahardan nahara çagyrýar we uly hormat goýýar. Humaýunda şaha «Kuhy nur» atly gymmat bahaly almaz bilen 250 Badahşan ýakutyny sowgat berýär» diýip belleýär. Baýram hanyň Humaýunda Hindistanyň tagtynda ikinji gezek oturjagyna ynam döretmegi we Eýrana Tahmasp şanyň ýanyna getirmegi, bu beýik türkmen şahsynyň öňdengörüjiligini, döwlet döretmekde we dolandyrmakda uly şahsdygyny görkezýär. Iki patyşanyň hökümi esasynda Baýram hana «Hanlar hany» derejesi berilýär. Ol Şirhanyň garşysyna gitjek iki goşunyň hem serdary edilip bellenilýär. Patyşalar tarapyndan Baýram hana ähli türkmenleriň ýaşulusy diýen hormatly ady bermek pikiri orta atylýar. Baýram hanyň kömegi bilen 1554-nji ýylda Humaýun ikinji gezek Beýik Mogollar döwletiniň tagtyna geçýär. Humaýun Baýram hany özüne iň ýakyn adam hasaplap, ogly Ekbere atalyk belleýär. Baýram han Ekbere ynsanperwerlik terbiýesini, ylym-bilimi, harby tälimleri öwredýär. Ekber ony hormatlap, Han Baba diýýän ekeni. 1555-nji ýylda Baýram han ýene-de Humaýun tarapyndan goşun başlygy wezipesine bellenilýär. Şol ýylda ol Penjabyň hökümdary Isgenderiň 80 müňlük goşunyny Mahçiwar diýen ýerde derbi-dagyn edýär. 1555-nji ýylyň ahyrynda Baýram han Isgenderiň üstüne ýöriş geçirende ýanynda Ekber hem bardy. 1556-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda Humaýunyň tarpa-taýyn ölendigi baradaky habar Baýram hana Penjabyň Kalanur diýlen ýerinde gowuşýar. Ýaňy 13 ýaşyny dolduran Ekber şol ýerde imperator diýlip yglan edilýär. 1557-nji ýylyň ahyrynda Baýram han Babyr patyşanyň gyzyndan bolan agtygy Selime Soltan Begime öýlenýär. Selime Soltan Begim hem meşhur garagoýunly emiri Alyşükür beg Baharlynyň çowlugydyr. Humaýun patyşa ölenden soň, 1556-1560-njy ýyllar aralygynda Beýik Mogollar döwletini Baýram hanyň özi dolandyrýar. Baýram han Kandahardan Hindistana gidenden soň, şol ýerde 1557-nji ýylda uly gozgalaň turýar. Kandahar Baýram hanyň mülki bolanlygy üçin, Tahmasp şa dostuna kömek etmek maksady bilen, gozgalaňy basyp ýatyrmaga goşun iberýär. Baýram hanyň mekir duşmanlary ýagdaýdan peýdalanyp, «Beýik Mogollar döwletini eýelemäge synanyşýar» diýip, Baýram hany ýamanlaýarlar. Şol sebäpli hem, 1560-njy ýylda Baýram han köşkden daşlaşdyrylýar. Ýöne Ekber Baýram hanyň günäsiz, wepaly serkerdedigine düşünip, oňa täze wezipe hödürleýär. Baýram han hödürlenen wezipelerden ýüz dönderip, Mekgä Haja gitmäge rugsat soraýar. Ol Mekgä sapara çykýar. Patan diýen ýerde birnäçe günläp dynç alýar. Şol ýerde hem Baýram hanyň ganym duşmany, haýyn Mübärek Loha diýen adamyň ýolbaşçylygyndaky topar 1561-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda ony gapyllykda öldürýärler. Baýram han ilki Şyh Hysamuddin gonamçylygynda jaýlanylýar. Soň bolsa Delä getirilýär. Baýram hanyň ýegeni Huseýinguly han 17 ýyldan soň daýysynyň jesedini Maşada getirip, Şyh Gedaý metjidiniň ýanynda jaýlaýar. Baýram han Beýik Mogollar döwletini berkitmekde, ony Şirhan eýeländen soň, döwleti täzeden gaýdyp almakda we dikeltmekde uly işler bitirýär. Ol Humaýuna dost hem dogan hökmünde wepadar bolupdyr. Baýram han bolmadyk bolsa, Humaýunyň, Ekberiň döwürlerinde Beýik Mogollar döwleti hem bolmazdy. Baýram han imperiýanyň hemme ýerinde tertip-düzgünli goşun birikmelerini döredýär. Şol birikmeleriň söweşjeň ukybyna aýratyn üns berýär. Goşundaky bölümleriň serkerdeleriniň ylym derejesine, ukybyna, esgerlere bolan garaýyşlaryna-da üns berýär. Baýram han Baharly türkmenleriň ajaýyp şahyry we beýik serkerdebaşysy bolupdyr. Ol akylly-başlylyk, parasatlylyk, edermenlik, wepalylyk, ylymly-sowatlylyk, adamkärçilik ýaly gowy häsiýetleri, sypatlary özünde jemläpdir. Baýram han Türkmen Garagoýunly döwletiniň synmagy bilen baharly türkmenleriniň watanyny ýitirip, sergezdançylyga duçar bolup, agyr durmuşy başlaryndan geçirýändiklerine tüýs ýürekden gynanýar. Humaýun bilen Tahmasp I-niň razylygyny alyp, Horasandaky we Hemedandaky baharly türkmenleri Kandahara göçürip getirmegini-de şonuň bilen düşündirmek bolar. Baýram hanyň beýik döwlet işgäridigini, akyldar-paýhasly şahyrdygyny dünýä ykrar edýär. Onuň ildeşleri ata Watanymyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz welaýatlarynda-da, Türkiýede, Eýranda, Yrakda, Siriýada, Azerbaýjanda, Owganystanda, Päkistanda, Hindistanda ýaşaýarlar. Türkmenistan öz döwlet Garaşsyzlygyny alandan soň, Baýram hanyň şahsyýetine, döredijiligine, aýratyn-da, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe köp üns berlip başlandy. Bu beýik şahsyň 500 ýyllyk senesi 2000-nji ýylda dabaraly ýagdaýda bellenildi. Baýram han urdu, hindi, türkmen we pars dillerinde ajaýyp şygyrlar ýazypdyr. Onuň eserlerini ilkinji çapa taýýarlan iňlis alymy gündogarşynas Denison Ross: «Ýyldyz kimin ýagtylyk berýänleriň arasynda parlak ýyldyzlaryň biri bolup, Humaýunyň, Ekberiň köşklerine ýagtylyk beripdir. Onuň ismi XVI asyryň durmuşyny görkezip, Hindistanyň taryhynda uly mertebesi bar» diýýär. Baýram han Beýik Mogollar döwletinde wezir bolan döwründe we 1556-1560-njy ýyllarda Ekberiň atalygy bolup, onuň adyndan döwleti dolandyran döwürlerinde-de ýurdy ykdysady taýdan ösen döwletleriň hataryna ýetirýär, onuň goşunynda özgertmeler geçirip, berk tertip-düzgün girizýär. Döwlet dolandyryş diwanynda, kanun çykaryjy edaralarynda, kazyýetde we beýleki ýokary wezipeli gulluklarda işlär ýaly halkyň arasyndan abraýly, zehinli, halk üçin alada edýän ugurtapyjy adamlary gözläp tapypdyr we işe belläpdir. Olardan adalatly bolmagy talap edipdir we şonuň bilen birlikde olara işlemäge şert döredipdir. Ol il içinde uly abraýdan peýdalanan alymlary, görnükli dini hadymlary, adygan şahyrlary köşge çagyryp, olar bilen söhbetdeşlik gurapdyr, maslahatlaryny alypdyr. Alymlara, binagärçilik bilen meşgul bolýanlara, taryhçylara, şahyrlara howandarlyk edipdir. Baýram hanyň döredijiligi barada ilkinji iş ýazyp maglumat goýup giden Zahyreddin Muhammet Babyryň gyzy Gülbeden hanymdyr. Ol özüniň dogany Humaýuna bagyşlap ýazan «Humaýunnama» atly kitabynda Baýram han we onuň maşgalasy barada gowy hatyralar goýupdyr. XVI asyrda pars dilinde ýazylan bu kitap 1900-nji ýylda londanda iňlis alymy Beberij tarapyndan iňlis diline geçirilip neşir edilipdir. Şonuň ýaly hem 1606-njy ýylda Muhammet Kasym Fereşte tarapyndan pars dilinde ýazylan «Taryhy Fereşte» atly iş hem iňlis diline terjime edilipdir. Baýram hanyň durmuşyna we döredijiligine bagyşlanyp iňlis dilinde ýazylan işlerden Ram Kişore Pandiniň «Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we edermenlikleri» at bilen 1990-njy ýylda neşir edilen iş bellenmäge mynasypdyr. Iňlis alymy Denison Ross Baýram hanyň şygyrlaryny 1910-njy ýylda Kalkuttada neşir etdirýär. Baýram hanyň ady we onuň bilen bagly wakalar Hindistanyň, Orta Aziýanyň, Eýranyň, Horasanyň, Türkmenistanyň şol döwürdäki taryhy bilen bagly wakalarda agzalyp geçilýär. Şeýle işlerden Gülbeden Begimiň «Humaýunnama», Abdulkadyr Bedeunyň «Muntahabut-tawarih», «Taryhy Fereşte», «Tekmili Ekbernama», «Taryhy Humaýunşahy», «Taryhy Hakky», «Ekbernama» we başga-da birnäçe eserleri görkezmek bolar. Baýram hanyň şygyrlaryny türkmen halkymyza ýetirmekde G.Alyýewiň aýratyn hyzmatynyň bardygyny bellemek gerek. G.Alyýewiň bellemegine görä, Baýram han pars we türkmen dillerinde diwan ýazypdyr. Onuň pars dilinde ýazan diwany 1216 setirden we türkmen dilindäkisi 750 setirden ybaratdyr. Bu setirlerde Baýram han gazallar, rubagylar, kasydalar, kytgalar we ferdler döredip, olar many-mazmuny we tematikasy taýdan dürli-dürlidir. Baýram hanyň saýlanan eserleri 1969-njy ýylda rus dilinde we 1970-nji ýylda M.Kösäýew, R.Alyýew tarapyndan ýörite kitap bolup çykýar. Türkmenistan Garaşsyz we Bitarap döwlet bolandan soňra, onuň şahsyýetine we döredijiligine köp üns berlip başlandy. 2000-nji ýylda Türkmenistanyň Milli golýazmalar instituty Baýram hanyň türkmen diwanyny neşir etdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen 2009-njy ýylyň 17-19-njy iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty we Türkmenistanyň Bilim ministrligi «Baýram han we Mogollar şadöwleti» atly halkara ylmy maslahat geçirdi. Oňa 40-a golaý döwletden 60-a golaý daşary ýurtly alymlar gatnaşyp, ýerli alymlar bilen Baýram hanyň döredijiligi we şahsyýeti barada gyzykly we gymmatly çykyşlar etdiler. Olaryň çykyşlarynyň gysgaça beýany neşir edildi. Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň «Ylham» seýilgähinde Baýram hanyň heýkeli oturdyldy. Orta mekdepleriň okuw kitaplaryna Baýram han we onuň döredijiligi sapak bolup girdi we neşir edildi. Magtymguly şaýolunyň ugrunda Baýram han seýilgähi bolup, onuň ajaýyp oturdylan heýkeli ildeşlerimizi her pursatda garşylap dur. Merdana halkymyzyň taryhynda görnükli orny eýeleýän Baýram han Türkmeniň adyny ebedileşdirmek maksady bilen, onuň ady täze döredilen harby bölümleriň birine dakyldy. Ony beýik döwlet işgäri we ajaýyp akyldar-şahyr hökmünde hemmeler hormat bilen ýatlaýarlar. Baýram han ynsan gymmatlyklaryndan söz açyp, her bir ýigidiň üç sany zady bilmelidigini belläpdir: 1. Häkimleriň ýanynda özüňi alyp barmagy başarmaly; 2. Garyp-gasarlaryň göwnünden turup, olara duýgudaşlyk etmeli; 3. Alymlaryň ýanynda aýtjak sözüňi bilip aýtmaly. Türkmen halkynyň beýik ogly Baýram hanyň döredijiligi edebiýat ylmynyň dürli ugurlary, pelsepesi, şahsyýeti we onuň beýik döwlet işgäri hökmünde öwrenilmäge mynasypdyr. Orazpolat EKÄÝEW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň Orta asyrlaryň taryhy bölüminiň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |