13:14 Jelaleddin Meňburny Watan goragynda | |
JELALEDDIN MEÑBURNY WATAN GORAGYNDA
Taryhy makalalar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow: “... bu ýerde Çingiz hanyň goşunlaryna garşy göreşijileriň esasy daýanjy bolupdyr [1,255 s.].” 1043-nji ýylda doganlar Muhammet Togrul beg bilen Dawut Çagry beg Horezmi eýeländen soň Horezm tabyn döwlet hökmünde Türkmenleriň Seljukly döwletiniň düzüminde bolýar. Hörezmiň tabynlyk döwründe hökümdary Anuştegin Garja bolupdyr. Ol ilki Gaznanyň hökümdary Bilgäniň hyzmatynda eken [5., 109 s.; 2.,75 s.]. Mälikşanyň döwründe ol öz başarnygy bilen köşk wezipeleriniň birine çekilýär. Ol özüniň pähim-paýhasly, akyllylygy, wepadarlygy bilen Mälikşanyň ynamdar adamlaryndan birine öwrülýär. Şol sebäpli hem Mälikşa ony Horezmiň hökümdary edip belleýär [5., 109 s.]. Anuştegin oguzlaryň ``begdili`` urugyna degişli bolupdyr [8., 6 s.]. (Türkmen – türk taryhçy alymy Faruk Sümer özüniň “Oguzlar – türkmenler” atly kitabynda Reşideddiniň “Oguznamasyna” salgylanyp, begdilileri hökümdar çykaran bäş boýdan biri hasaplap, Horezmşalar hanedanyny hem şu boýdan çykandygyny nygtaýandygyny hem aýdýar. Meşhur alymyň belleýşine görä, XV1 asyra degişli 23 ýer (şäher, oba, ýer-Türkiýede) adyna duş gelinýändigini belleýär. Şeýle hem, Begdili Demirgazyk Siriýadaky türkmenleriň bozok goluna bagly. XV1 asyryň ikinji ýarymyna degişli resmi kitapdaky türkmen boýlaryna we neberelerine degişli bölümde begdilileriň hem ady bar. Begdililer Sefewiler döwletiniň gurulmagyna hem gatnaşyp, olaryň uly bir bölegi Eýrana, Azerbaýjana gidipdir.Olar Dupräniň spisogy boýunça Sawede we Kumda 2000 adam, Azerbaýjanda 3000 adam ýaşapdyrlar [11, 406 s.]. Anuştegin Garjanyň türkmenleriň begdililer boýuna degişlidigini Buniýatow Reşideddiniň hem-de Hafizi Abrunyň golýazmalaryna salgylanyp, belläp geçýär[ 8, 6 s.]). Anuştegin ömrüniň ahyryna çenli Seljuklylara tüýs ýürekden hyzmat edýär. Ýöne ol Horezme häkim bellense-de, Mälikşanyň köşgünde has wajyp wezipeleri ýerine ýetirýänligi sebäpli, Horezmi özüniň bellän adamlarynyň üsti bilen dolandyrypdyr[5, 109 s.; 12, 99 s.]. Mälikşa aradan çykandan soň, 1097-nji ýylda Anuşteginiň ogly Kutbeddin Muhammet (1097-1128) Horezme hökümdar bellenýär. Ol 30 ýyldan gowrak wagt Horezmde ``Horezmşa`` derejesini göterip, Türkmenleriň Beýik Seljukly imperiýasyna tabyn patyşa bolýar. Kutbeddin Muhammet bilimli-sowatly adam bolany sebäpli, güýçli syýasatçy, döwlet dolandyryjy, ylmyň, medeniýetiň, diniň goragçysy bolupdyr. Ol özüniň ähli hereketlerinde akylly-paýhasly, saldamly hereket etmäge çalşypdyr. Horezmşa ýurdy adalatly dolandyryp, raýatlarynyň hormatyna mynasyp bolupdyr. Ol özüniň hökümdarlyk eden 30 ýylynda-da merkezden boljak we bolan buýruklara boýun bolup, kakasy ýaly ilatyň ýaşaýyş durmuşyny gowulaşdyryp, bitaraplyga, parahatçylyga köp üns beripdir. Seljukly imperatory Soltan Sanjara wepalylyk edipdir. Şol sebäpli hem ol Soltan Sanjaryň ýörişlerine-de gatnaşypdyr. Merkezi döwlete tölemeli ýyllyk salgytdyr we başga pullary ýylba-ýyl iberip, ýa-da özi getirip, özüniň merkeze tabyndygyny bildiripdir[12, 99 s..]. 1128-nji ýylda Kutbeddin Muhammediň aradan çykmagy sebäpli, Horezmşalar döwletiniň tagtyna onuň 29 ýaşly uly ogly Gyzyl Arslan Atsyz (1128-1156) çykýar. Atsyz-da kakasy ýaly Merwde okap, bilimli-sowatly ýigit bolup ýetişýär. Atsyzyň hökümdarlyk eden ýyllaryny iki döwre bölmek bolýar. Onuň birinjisi 1128-1135-nji ýyllar bolup, bu döwürde Atsyz Soltan Sanjara tüýs ýürekden wepaly hyzmat edýär. Soltan Sanjar garahanly hanynyň garşysyna 1130-njy ýylda ýöriş edende, Samarkandyň hany Muhammet Arslan soltany öldürtmek üçin, jansyz iberip, dildüwşik gurnaýar. Dildüwüşijileriň soltanyň üstüne hüjüm edip, howp abandyryp duran wagtynda, Atsyz edermenlik görkezip, soltany ölümden halas edýär. Atsyz özüniň görkezen edermenligi üçin soltanyň ýakyn adamlaryndan biri bolup, onuň gün-günden abraýy ýokarlanýar. Şol bir wagtyň özünde Atsyzyň duşmanlary-da köpelipdir. Bahylçylyk edýän emirler, serdarlar Atsyzy soltan Sanjara ýamanlap başlapdyrlar. Soltan Sanjaryň Atsyza bolan sowuk-salalygy äşgär bolýar [5, 110 s.]. Soltan Sanjar 1147-nji ýylyň oktýabrynda Horezme ýöriş edýär. Atsyz berk Hazarasp galasyna girýär. Atamälik Juweýniniň bellemegine görä, gala soltanyň goşuny tarapyndan gabalýar. Şeýle ýagdaýda öz soltanlaryny öwgülere beslän şahyrlar hökümdarlarynyň ýanynda bolupdyrlar. Bu ýörişde şahyr Enweri hem Soltan Sanjaryň ýanynda eken. Ol: Eý, şahym, jahanyň mülki seniňki, Döwlet, ykbal, jahan keşbi seniňki, Bu gün Hazaraspy eýele-ertir, Horezmde ýüz müň ýylky seniňki – diýlen rubagyny ýazyp Soltan Sanjara berýär. Rubagy soltana ýarap, ony ony oka gysdyryp, galanyň içine zyňýarlar. Atsyzyň köşk şahyry Reşideddin Watwat Enwerini ýazan rubagysyna: Şahym, ýagyň Rüstem bolup gelse-de, Zor boldugy, eşek alyp bilse-de” - diýip, jogap ýazypdyr. Ol jogap rubagy Soltan Sanjara ýetirilipdir. Bu söweşde Atsyz ýeňlişe sezewar edilipdir. Alymlaryň, akyldarlaryň, dini adamlaryň uly töwellalary netijesinde, soltan Sanjar Atsyzy bagyşlaýar. Atsyz merkezi döwlete – Soltan Sanjara ýyllyk salgyt borjuny töläp, sowgat ibermek bilen çäklenýär [3, 15-16 s.]. Atsyz ýogalandan soň, onuň ogly Il Arslan 1156-njy ýylyň 23-nji iýulynda kakasynyň ornuna geçýär. Goşunyň hak-heşdegini ýokarlandyrýar. Il Arslanyň kakasynyň ornuna geçendigini Soltan Sanjar hem mübärekleýär. Il Arslan, Türkmenleriň Seljukly imperiýasynyň hemme ýerinde galagoply, dawaly döwründe, Horezmde özüni başarnykly hökümdar hökmünde görkezýär. Horezmi tertibe salýar. Ýurduny giňeldip başlaýar. Il Arslan agyr keselläp, 1172-nji ýylda Gürgençde aradan çykýar. Ilarslan ýogalandan soň, onuň ogly Tekeş (1172-1200) 1172-nji ýylyň ýanwarynda Gürgençde kakasynyň tagtyna çykýar. Tekeşiň hökümdarlyk eden ýyllary Türkmenleriň Horezmşalar-Anuşteginliler döwletiniň çägi Syrderýanyň aşak akymlaryndan Yraga çenli giňeldilýär. 1174-nji ýylda Nişapur, 1196-njy ýylda demirgazyk Eýran Türkmenleriň Horezmşalar-Anuşteginliler döwletine birikdirilýär. Şol wagtlar bu döwlet musulman äleminde iň güýçli döwlete öwrülýär. Şeýlelikde, Atsyzyň eden arzuwlary, tagallalary Ilarslanyň, Tekeşiň döwürlerinde hasyl bolýar. Türkmenleriň Horezmşalar-Anuşteginliler döwleti tabynlykdan çykyp, öz garamagyna bir topar welaýatlary birleşdirýär. Şol döwürde Gäwürgala, Galalygyr, Zamahşar, Şasenem we beýleki köne galalarda ýaşaýyş gyzgalaňly häsiýete eýe bolýar. Senetçilik, söwda, ekerançylyk, maldarçylyk çalt ösüp başlaýar. Döwletara gatnaşyklar gowulaşýar. Döwletler bilen ilçiler alşylýar Tekeş1200-nji ýylyň iýulynda Şähristanda demgysma keselinden aradan çykýar. Ol Gürgenje getirilip, özüniň gurduran aramgähinde jaýlanylýar. Tekeş görnükli hökümdar bolmak bilen, saz sungatyndan gowy başy çykyp, saz hem çalypdyr. Güýçli döwlet döredipdir. Mirasdarlaryna tertip-düzgünli, güýçli goşun bilen, garaşsyz döwlet galdyrypdyr [4, 371 s.]. Onuň ikinji ogly Alaeddin Muhammet II (1200-1221) 3-nji awgustda şa tagtyna çykarylýar. Alaeddin Muhammediň ejesi gypjak hany Jahankişiniň gyzy Türkan hatyn özdiýenli, höküm etmegi gowy görýän aýal bolupdyr. Şonuň üçin hem oglunyň döwlet dolandyrmagynda öz täsirini ýetirýär. Ol kähalatlarda özüni şadan hem ýokary goýupdyr. 1215-nji ýylda Muhammet şa tarapyndan Balh, Gazna,Gur welaýatlary Horezme birikdirilýär. Şa şol welaýatlary merkezi Gazna şäheri edip bir mäliklik döredýär we uly ogly Jelaleddin Meňburnynyň hökümdarlygyna berýär [7, 443 s.]. Türkmenleriň Horezmşalar-Anuşteginliler döwletiniň özbaşdak, garaşsyz döwlet bolup berkeýär. Bu döwlet köp döwletleriň ýerlerini özüne birikdirip, bütin Merkezi Aziýany, Owganystany, Demirgazyk Hindistany, Eýrany, Yragy öz tabynlygynda saklaýar. Onuň garamagynda 400-den hem köpräk şäher bolupdyr. Ýurt basylyp alnan ýerleriň, ýurduň içki parahatçylykly döwlet dolanyşykdan giren girdejileriň hasabyna has baýlaşýar, güýçlenýär. Ýurtda senetçilik, hünärmentçilik ösüpdir. Ýokary hünärli işçiler, hünärmentler Gürgençde toplanýarlar. Ylym, medeniýet ösüpdir. Ajaýyp şahyrlar, edebiýatçylar, taryhçylar, ylym adamlary Horezmde jemlenýär. Öz wagtynda Merwde iki ýyllap ýaşan, Gürgenji 1919-njy ýylda gelip gören arap geografiýaçysy Ýakut al- Hamawy Horezm ýaly ösen ýurdy hiç ýerde görmändigini belleýär[1,248 s.]. Şol döwürde ekerançylyk, maldarçylyk ösýär. Suwaryş kanallary çekilip, ekin meýdanlary giňeldilýär. Miweli agaçlaryň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Horezm ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşendigi sebäpli, Gürgenje dürli ýurtlardan täjirler, söwdagärler haryt getiripdirler. Olaryň getiren harytlary Horezmiň üsti bilen Aziýa, Ýewropa ýurtlaryna-da äkidilipdir. Türkmenleriň Horezmşalar-Anuşteginliler döwletinde haryt-pul gatnaşyklary hem rowaçlanýar. Altyn dinardan başga-da mis pullar hem söwda dolanyşygynda ýörgünli bolupdyr. Täjirler Wolga derýasynyň ýokary akymyndaky halklar bilen söwda aragatnaşygyny ýola goýupdyrlar. Ol ýerden dürli haýwanlaryň derilerini getiripdirler. Rus söwdagärleriniň Gürgençde söwda merkezleri bolupdyr. Türkmenleriň Horezmşalar-Anuşteginliler döwletinde şeýle bol-elinçilik, ilat durmuş taýdan gowy ýaşamagy, daşary ýurtlar bilen gowy gatnaşykda bolmak ýurduň içinde asudalyga, parahatçylyga, ylmyň-bilimiň, medeniýetiň ösmegine getiripdir. Günümizde hem eziz Garaşsyz Watanymyzda ýurt başymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny hem taryhy köklerimizden gelip çykýandygy bilen baglanyşdyrmak bolar. XIII asyryň başynda gündogarda Çingiz han peýda bolýar. Ol Hytaýy basyp alýar. Netijede, Muhammet şanyň Hytaýa etjek ýörişi baradaky arzuwy-da puja çykýar. Ýagdaýy bilmek üçin horezmşa Bahaeddin ar-Rosina diýen adamy Çingiz hanyň ýanyna ilçi iberýär. Han ilçini gowy garşylaýar. Ilçi dostlugy teklip edip, iki döwletiň arasynda söwda edilse, gowy boljagyny aýdýar. Iki tarapyň hem öz öňlerinde goýan maksatlary bardy. Olar biri-birlerini öwrenýärdiler. Çingiz han ``gara bulut`` ýaly yslam älemine süýşýärdi. Onuň öňünde durmaga akylly-parasatly edermen, kyn ýagdaýda müzzermän ondan baş çykarýan, harby tälimli eserdeň serkerde gerekdi. Muhammet şa 21 ýyllap hökümdarlyk edip, ýurduny ägirt imperiýa öwren hem bolsa, Çingiz hanyň agyr leşgeriniň öňünde durup bilmeýär. Mongollaryň ``tatarlar`` atlandyrylan taýpa serdary Temuçin kereit, merkit, naýman, tatar taýpalarynyň birleşmesinden bir döwlet emele getiripdir. Ol 1206-njy ýylda özüne Çingiz han adyny alýar. Çingiz han goşunynda berk tertip-düzgüniň bolmagyny talap etmek bilen ony onluga, ýüzlüge, müňlüge, on müňlüge bölýär. On müňlük goşun ýokardan ygtyýarsyz, özbaşdak hereket edip bilýän eken. Oňa tümen diýlipdir. Hytaýy basyp alandan soň, Çingiz han ünsüni Orta Aziýa tarap gönükdirýär. Türkmenleriň Horezmşalar - Anuşteginliler imperiýasynyň patyşasy Muhammet şa hem özüni Çingiz handan pes saýmaýardy. Onuň hem Hytaýy basyp almak arzuwy bardy. Ýöne Çingiz handan howatyrlanýardy. Çingiz han hem Horezme garşylyklaýyn ilçi iberýär. Ol Horezme iberen ilçilerine baştutan edip, asly horezmli Mahmyt Ýalawajy belläpdir. Çingiz han Muhammet şa ýazan hatynda Horezmiň ýurdy we şasy barada habarynyň bardygyny, horezmşanyň güýçli patyşadygyny ykrar edýändigini bellemek bilen, iki döwletiň arasynda parahatçylykly şertnama baglaşmak niýetiniň bardygyny nygtaýar. Çingiz han 1218-nji ýylda parahatçylykly şertnama baglaşmak niýeti bilen, Horezme uly kerwen iberýär. Şol kerwende 450 adam 500 düýe bilen birlikde ilçiler hem bar eken. Olar häzirki Günorta Gazagystandaky Otrar şäherine gelenlerinde, Muhammet şanyň gypjaklardan bolan harby goşuny kerwendäki adamlary öldürip, harytlary talaýarlar. Düýelere seredýän bir düýekeş gaçyp baryp, Çingiz hana habar berýär [5, 121-122 s.]. Çingiz han Muhammet şanyň paýhassyz eden işine haýran galýar. Ol Horezmşa tarapyndan mertebesi depelenen, urşa çagyryş hasap edýär. Şeýle-de bolsa, ol gahara ýol bermän, Muhammet şanyň huzuryna ilçi iberip, Otraryň häkiminiň özüne berilmegini, beýleki günäkärleri jezalandyrmagy talap edýär. Muhammet şa baş ilçini öldürip, ýanyndakylaryň hem sakgallaryny kesip, kowup goýberýär. Ilçiler ýagdaýy Çingiz hana aýdýarlar. Şeýle ýagdaýda Muhammet şa özüni ukypsyz, başarnyksyz şahs hökmünde görkezýär. Ýurdunyň ägirt betbagtçylyga duçar boljakdygyny aňmandyr. Çingiz han bolsa onuň tersine Horezmşalar döwletindäki ähli ýagdaý bilen tanyşýar. Ýurtda iki häkimiýetliligiň dowam edýändiginden, Türkan hatynyň Muhammet şa döwleti dolandyrmakda ähli ygtyýarlyklary bermeýändiginden, goşunyň söweş ukybynyň peselenliginden habarly bolýar. Çingiz han, ilki bilen, Ýedisuwy, Gündogar Türküstany basyp almagy özüniň görnükli serkerdesi Jebe noýona tabşyrýar. Ol ýerler basylyp alnandan soň, Horezme giň ýol açylýardy [5, 118-119,122 s.].Muhammet şa hem Gürgençde harby geňeş çagyrýar. Şol maslahatda Şyhabuddin Hywaky diýen serkerde ýeke-täk dogry maslahat berýär. Ol ähli goşunlary bir ýere jemläp, mongollary Syrderýa boýunda garşylamalydygyny aýdýar. Uzakdan ýadap gelen goşuna dynç almaga wagt bermezden, söweşe girmelidigini nygtaýar. Bu pikiri Jelaleddin hem goldaýar. Jelaleddin kakasynyň kyn günlerinde-de onuň ýanynda bolýar. Ol kakasynyň gelen netijesi bilen ylalaşmaýar. Kakasyna: ``Heniz duşman ýakyna gelmänkä we ýerinden gozganmanka leşgerleri ýurduň ähli künjegine ýaýratmaklyk we gaçyp gitmeklik betbagtlygyň we gorkaklygyň alamaty. Bu hereket maksada okgunlynyň we paýhasly kişiniň işi däldir. Eger soltan öňe çykyp, söweşip, aýgytly ädim ädip, garşylyk görkezip bilmejek bolsa, goý, gaýduwsyz goşuny maňa tabşyrsyn. Elden pursat gitmezinden öň, aýaklarymyň haýran we gorky batgalygyna çümmänkä, sakgyç ýaly ýazgaryş agyzlarynda çeýnelmänkäk agyr kynçylyklary çözmeklige ugraly``[5,123 s.] diýýär. Ýöne Muhammet şa nädogry ýoly saýlap alýar. Horezmşalar döwletiniň goşunlaryna bölünip, goranyş görnüşinde galalarda söweşmegi buýruk berýär. 1219-njy ýylda Çingiz han 150-200 müň aralygyndaky goşun bilen Orta Aziýa tarap ýörişe başlaýar. Ol ilki Otrary eýeläp, 1220-nji ýylyň fewral aýynda Buharany eýeleýär. 1220-nji ýylyň mart aýynda Çingiz han Samarkandy basyp alýar. 1220-nji ýylyň ýaz aýlaryna çenli Mawerannehir Çingiz hanyň goşunlarynyň eline geçýär. Ýurduň şäherleri yzly-yzyna Çingiz hanyň eline geçýän wagty Muhammet şa akylly-başly hiç hili çäre geçirip bilmändir. Ol goşun ýygnamak bahanasy bilen Antguýa gaçyp gidýär. Beýle ýagdaýdan Çingiz han hem habardar bolupdyr. Ol Jebe bilen Subedeýe 30 müňlük goşun berip, gaçgagy tutup getirmegi buýurýar. Horezmşa gaçyp, Kaspi deňzinde adam ýaşamaýan Abeskun (Aşyradada) adasynda gizlenýär. Şa şol ýerde öýkenine sowuk degip, dünýäden ötýär. Onuň ýanynda ogly Jelaleddin bar eken. Muhammet şa ölmänkä şalyk kemerini Jelaleddine tabşyrýar. Şeýle pajygaly döwürde Türkan hatyn bir wagt ýesir alnan häkimleriň ýigrimä golaýyny Amyderýa gark etdirýär. Özi bolsa agtyk-çowluklary, hyzmatkärleri, köşk emeldarlary bilen şalygyň gaznasyny alyp, ogly Muhammet şa ýaly gaçyp gidýär. Ol ilki ýazyrlaryň arasyna gelýär, soňra Mazenderana geçýär. 1220-nji ýylyň tomsunda Mazenderanyň Larijan, Ylal galalarynda ähli ýanyndakylar bilen bilelikde mongollara ýesir düşýär. Türkan hatyn Mongoliýa äkidilip, 1232-1233-nji ýyllarda ölüpdir. Mongollar Horezmşalar neslinden zürýat goýmajak bolup, bigünä çagalary-da gyrýarlar. Muhammet şanyň Jelaleddin, Ozlakşa, Akşa atly ogullary 1221-nji ýylda Gürgenje gelýärler. Gürgençde Türkan hatyn tarapyndan bellenilen gypjak serkerdeleri Jelaleddiniň şalygyny kabul etmeýärler. Onuň garşysyna her hili dildüwşikler gurulýar, ony öldürjek bolýarlar. Beýle ýagdaýy duýan Jelaleddin kiçiräk goşun bilen gizlinlikde Gürgençden çykyp, Horasana gidýär [9,116-118; 6, 283s.]. 1221-nji ýylyň fewral aýynda Çingiz hanyň goşuny Gürgenji gabaýar. Gürgenjiň ilaty mongollardan heder etmän, gahrymançylygyň iň ýokary derejesini görkezýär. Olar her köçe, öý üçin söweşipdirler. Şäherliler köpriniň üstüne çykan mongollary gabap, birbada 3 müňüsini öldürýärler. Köçelerde mongollaryň maslygy münner-münner bolýar. Mongollar henizler hiç ýerde şeýle garşylyk görmändiler. Şäheri goraýjylaryň hem aglabasy wepat bolýar. Çagalardyr, aýallar, garrylar hem urşupdyrlar. Ölüpdirler, emma duşmana boýun bolmandyrlar. Birnäçe aýlap gabawda bolup, soňra ýumrulan şäherde bir million adam ölendir diýip, taryhçylar ýazýarlar. Mongollar Gürgenjiň diri galan ilatyna rehimsizligiň iň ýokary derejesini görkezipdirler. Şäheri ýumrupdyrlar, talapdyrlar, oglanlary gul, gyzlary gyrnak edip, mongol söweşijilerine paýlapdyrlar. Garrylary, aýallary, çagalary uçdantutma gyrypdyrlar. Mongollaryň her söweşijisine 24 ýesir düşüpdir diýip, orta asyr taryhçylary ýazýarlar. Beýik alym Nejmeddin Kubra hem mongollara garşy söweşde wepat bolýar. Mongollar şol rehimsizliklerini-de az görüp, Amyderýanyň suwuny Gürgenjiň üstünden goýberýär. Jesetleriň arasynda gizlenip, diri galanlar hem gark bolýarlar. Horezmiň Dargan, Kät, Pitnek, Hazarasp ýaly gülläp ösen şäherleri ýumrulyp, weýran edilýär. Mongollar 1220-nji ýylyň güýzünde Horasana aralaşýarlar. Jelaleddiniň Gürgençden çykyp gaýdanyny eşiden Çingiz han ony ele salmak üçin Horasanda galalary ýumrup ýören goşunyna Merwden Şähryslama çenli harby bölümleri goýup, şazadany tutmagy buýurýar. Nusaýyň eteginde 300 atlyly Jelaleddin mongollaryň 700 atly goşuny bilen söweşe girip, olary derbi-dagyn edýär. Şol ýeňşe Nusaýyň ilaty begenip, ruhlanypdyr. Mongollar bilen türkmenleriň arasynda aldym-berdimli söweşler hemme ýerde bolupdyr. 1220-nji ýylyň güýzünde Muhammet şanyň ozalky weziri Merwe gelýär. Muňa türkmenler garşy bolmaýarlar. Ol ilki Merwiň goragyna gowy ýolbaşçylyk edip, mongol çozuşlaryny birnäçe gezek yzyna serpikdirmegi başarsa-da, soňabaka ol gorkaklyk edýär. 1221-nji ýylyň başlarynda Tulyý han Sarahsy, Abiwerdi basyp alýar. Soňra ol şäherleriň ilatyny Merwe gabaw işleri üçin sürüp getirýär. Mеrw mongollar tarapyndan 7 gün gabalýar. 1221-nji ýylyň fewral aýynda şäher mongollar tarapyndan eýelenýär. Mongollar Merwden köp olja edinýärler, köp sanly goýun sürüleri bilen birlikde 60 müň at olaryň eline düşýär. Şol döwrüň alymy Jüweýniniň bellemegine görä, şäher ilatyndan ýesirlige äkidilen 400 senetçi we başga-da 5 müň adam diri galypdyr. Merwde öldürilenleriň sanyny 1 mln 300 müň adama ýetipdir. Jelaleddin Gazna baryp, 70 müňe golaý goşun jemleýär. Ol şol ýerde özdiýenli serkerdeleriň agyzlaryny birikdirmegi başarýar. Jelaleddiniň goşuny bilen mongollaryň goşuny Owganystanyň Penjşir jülgesinde garpyşýar. Iki gije-gündiz dowam eden söweşde mongollar ýeňilýärler. Olardan az sanly mongol gaçyp, Çingiz hanyň ýanyna özlerini atýar. Şol söweşde köp olja Jelaleddiniň eline düşýär. Ýöne gynansakda, serkerdeler oljanyň üstünde oňuşmaýarlar. Olaryň bir bölegi Seýfeddiniň ýolbaşçylygynda Jelaleddiniň goşunyndan bölünip gidýär [7,510 s.]. Jelaleddiniň garşysyna Çingiz hanyň özi uly goşun bilen gelýär. Jelaleddin goşuny bilen Sind derýasynyň boýuna çekilýär. Şol ýerde bolan gazaply, san taýdan deň bolmadyk söweşde Jelaleddin ýeňilýär. Jelaleddin ejesini, aýalyny, çagalary gämä mündürip, derýanyň beýleki tarapyna geçirmegi buýurýar. Ýöne gämi daşa degip, olar derýada gark bolýarlar. Jelaleddiniň 7 ýaşly ogly duşmanyň eline düşýär. Ony Çingiz han ölüme buýurýar [7,513]. Jelaleddin agyr ýaragly şaý-sepleri bilen atly özüni owsun atýan derýa urup, beýleki kenara geçýär.Bu ýagdaýy gören Çigiz han Jelaleddiniň edermenligine haýran galyp: ”Ine, atanyň ogly şeýle bolmalydyr!” diýip, ýüzüni ogullaryna öwrüpdir[Juw.,138 s.]. Jelaleddin 3 ýyllap Hindistanda bolup, hemme ýere hat iberip, wagşy, duşmana garşy bilelikde herekete çagyrypdyr. Ol şeýle çagyryş bilen Bagdat halyfyna-da ýüz tuýar. Jelaleddine goşun ýygnamak üçin goşun, harajat gerekdi. Şol sebäpli hem birnäçe ýerleri özüne birikdirmegi zerurdy. Ol 1225-nji ýylda Azerbaýjany eýeleýär. Ermenistany-da özüniň mülküne birikdirýär. 1226-njy ýylda Tiflis şäherini eýeleýär. Ol 1227-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Yspyhanda mongol goşunyny derbi-dagyn edýär. Olaryň günbatara herekedini duruzýar. Şol bir wagtda Jelaleddiniň garşysyna-da bileleşik döredilýär. Ol 1230-njy ýylyň 30-njy awgustynda Alaeddin Keýkubadyň we Mälik al-Eşrefiň bilelikdäki goşunyndan ýeňilýär. Onuň ýeňlendiginden habarly Hulagu han ony yzarlap başlaýar. Şonuň üçin ol kürtleriň bolýan daglyk ýerinde gizlenmeli bolýar. Şol ýerde 1231-nji ýylyň 16-njy awgustynda bir kürt duýdansyzlykda onuň yzyndan naýza urup öldürýär. Ol barada Muhammet an-Nesewi: ``Ol garaýagyz, ortadan uzyn boýly ýigitdi, zybany türkmendi, emma pars diline-de suwarady. Onuň batyrlygy, edermenligi barada aýdyp tükedip bolmaýar, ýöne ýokardaky beýan eden söweşlerimiz hem onuň niçiksi gerçekdiginden habar berýändir. Ol arslanlaryň arslanydy, gaýduwsyz, garadangaýtmaz edermen ýigitleriň içinde iň bir gaýduwsyzydy. Danady, gaharlanmaýardy, käýinmek-sögünmek oňa ýatdy. Ol örän salyhatlydy, hiç haçan gülmeýärdi. Ol diýseň adalatlydy, adalaty söýýärdi, emma onuň zamanasy bulagaýlyklaryň, uruş-gowgaň örjelen zamany bolansoň, onuň häsiýetine täsirini ýetirdi. Ol raýatlarynyň durmuşyny ýeňilleşdirmegiň aladasy bilen ýaşaýardy, ýöne döwletiň, agyr soltanlygyň synýan pursaty bolanyndan soň, güýje daýanyp, zorluk etmäge-de mejbur bolupdy``[9,455 s.] diýip ýazýar. Türkmenleriň Horezmşalar - Anuşteginliler imperiýasynyň güýçli, ösen döwründe, guran döwletleriniň çäkleri has giňäpdir. Olar dürli ýurtlaryň halklary bilen gatnaşykda bolupdyrlar. Şäherler, galalar bina edilipdir. Şäherlerde binagärçilik ösüp, halkyň hal-ýagdaýy gowulaşyp başlapdyr. Senetçiligiň, hünärmentçiligiň, döwletara, halkara gatnaşyklarynyň ösmegi neijesinde, söwda hem ösüpdir. Türkmen topragynda yslam dininiň kabul edilmegi bilen metjit-medreseleriň, gümmezli jaýlaryň, kerwensaraýlaryň gurluşygy ösýär. Olaryň töwereklerinde dürli ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Şäherara kerwensaraýlar hem bina edilýär. Horezmden Amula gidilýän ýoldaky Tahyryýa galasyndaky Daýahatyn kerwensaraýy XII asyryň başlaryna degişli.. Türkmenlerde saz sungaty hem ösüpdir. Horezmşa Muhammediň köşgünde Mahmyt atly zehinli sazanda bolupdyr. Bäş kirişli saz guralynda saz çalmakda oňa taý gelen bolmandyr. Mongollaryň wagşyçylykly çozuşlary döwründe ol Türkiýä gidip, Möwlana Jelaleddin Rumynyň howandarlygyndan peýdalanypdyr. Gündogaryň beýik alymlary Gürgençde ýaşap, özleriniň ylymlaryny artdyryp, dünýäde meşhurlyk gazanypdyrlar. Ildeşlerimiz - Biruny, Ibn-Sina, Hoja Ahmet Ýasawy, Omar Haýýam dünýä ylmyna öz goşantlaryny goşan beýik alymlar, şahsyýetlerdir. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Zamahşar şäherinde doglan Abul Kasym Ahmet az-Zamahşary (1075-1144) ömrüni ylma bagyşlapdyr. Beýik alym 65-den hem köp ylmy kitap ýazypdyr. Şondan 30 kitaby dürli ýerlerde we dürli dillerde neşir edilipdir. Gürgenjiň ylymlar köşklerinde ýerli alymlar bilen bilelikde dünýäniň çar tarapyndan gelen görnükli alymlar iş alyp barypdyrlar. Şolardan Ýakut ``Ýurtlar sözlügi``, ``Edebiýatlar sözlügi`` ýaly ensiklopedik eserleri döredipdir. Gürgençde Horezmşa Tekeşiň köşgünde işlän alym Fahraddin Razy 1179-njy ýylda ``Ylymlar ýygyndysy`` atly ylymlaryň 57 pudagyny öz içine alan ensiklopedik eser ýazypdyr. Geograf Muhammet Najyp ibn Bekran bolsa dünýäniň kartasyna düşündiriş ýazypdyr. Horezm topragynda dünýä inen Nejmeddin al-Kubra (1145-1221) sopuçylyk taglymatyny ýöreden meşhur sopularyň biridir. Ol bilim almak üçin Müsüre gidýär, soňra bolsa okuwyny Eýranda dowam etdirýär. Okuwyny tamamlandan soň, Gürgençde öz mekdebini açýar. Nejmeddin al-Kubra ``Kubrawiýe`` derwüşler jemgyýetini döredýär. Ol jemgyýet sopuçylygyň esasylaryndan hasaplanýar. Nejmeddin Kubra ``On esas``, ``Ýaşaýşyň çeşmesi``, ``Owadanlygyň ýakymly ysy we beýikligiň başlangyjy``, ``Ýol eseri`` ýaly birnäçe eserleri ýazypdyr. Ol ajaýyp rubagylary döredipdir [12, 131 s.]. Horezmşalar döwletiniň hökümdarlygynyň hökmürowanlyk eden döwürlerinde zehinli şahyrlaryň ençemesi çeper döredijilik bilen meşgullanypdyrlar. Olardan şahyr Reşideddin Watwat Horezmşa Il Arslanyň we soňra 13 ýyllap Atsyzyň köşgünde köşk şahyry we kätibi bolup işläpdir we ajaýyp rubagydyr şygyrlary, hadyslary döredipdir[ 10, 172 s.]. Horezmşalar-Anuşteginliler imperiýasynyň iň soňky soltany Jelaleddin Menguberti (Meňburun) barada onuň kätibi Muhammet Nesewi “Soltan Jelaleddin Meňburnuň ömür beýany” atly kitabynda”:”Ol garaýagyz ortadan uzyn boýly ýigitdi, zybany türkmendi, emma pars diline-de suwarady. Onuň batyrlygy, edermenligi barada aýdyp tükedip bolmaýar. Ol arslanlaryň arslanydy, gaýduwsyz, garadangaýtmaz edermen ýigitleriň içinde iň bir gaýduwsyzydy. Danady, gaharlanmaýardy, käýinmek-sögünmek oňa ýatdy. Ol örän salyhatlydy, hiç haçan gülmeýärdi, diňe ýylgyryp oňaýýardy. Köp gürlemeýärdi. Ol diýseň adalatlydy, adalaty söýýärdi. Ol raýatlarynyň durmuşyny ýeňilleşdirmegiň aladasy bilen ýaşardy” [9,455 s.] diýip, onuň beýikligini nygtaýar. Onuň başyna soltanlygynyň iň kyn döwri düşýär. Ol Bagdat halyfyny-da, sebitdäki han-begleri, patyşalary, soltanlary agzybirlige çagyryp, ganym duşman bolan Çingiz hanyň garşysyna agzybir çykyş etmäge çagyrypdyr. Muhammet Nesewi soltan Jelaleddiniň ýokary derejede medeniýetli adamdygyny hem belleýär. Onuň aýtmagyna görä, soltan Abbasy halyfy bilen arasynyň gowy däldigine garamazdan, oňa hat ýazanda kakasynyň döwründäki ýaly:”Onuň (halyfyň) diýen ediji hyzmatkäri Meňburny, soltan Sanjaryň ogly” [9,455 s.] diýip ýazardy. Muhammet Nesewi özüniniň soltanynyň pajygaly ýagdaýda ýogalany barada:”Soltan ýigrimi sekizinji ýylyň şawwal aýynyň ortasyna (1231 ý.) wepat boldy, onuň ölümi dünýäniň başyndan inen örän eýmenç pajygady. Hatda al-elwan säher owadan şalyny jyrrym-jyrrym edip bagryny paralaýanda-da, mamlady, çünki soltan zeminiň öwezini dolup bolmajak pidasydy. Hatda asmandaky dolan Aý dyrnaçaklap ýüzüni pers-ala edäýeninde hem mamlady, soltan Aý bilen Günüň bar-bar bagyranyna degýän soltandy! Eger asman mawy şalyny aýryp, gara şaldan ýas-matam geýmini geýip, arşyň ýyldyzlary kül bolup gidäýeninde hem boljakdy, asman öz astynda diri gezip ýören adamlaryň arasynda iň beýik kişini, asmanyň eradasy bilen gelen soltany ýitirdi. Eger daglar jünbüş eýläp, gögüň ýyldyzlary zemine ýagyp, bu uly ýitginiň hatyrasyna aglaýanynda hem ol agy tükedip bolmajak agydy” [9,456-457 s.] diýýär. Şahyr Abu Tammam bolsa öz şygrynda beýik bir pajygany: - Ýigidiň gursagyndan urulyp naýza, Gylyç salnyp, keýbir oklar atylýar. Ýok, ýigit ölmedi, Onuň ölümi Beýik Ýeňiş bolup ýurda ýaýrady. Seni Hak sylaýyp, Alla ýalkasyn Eý, merdana, gerçek ogly halklaryň - [9,457 s.] diýip, beýan edýär. Jelaleddin Siriýanyň hökümdary Mälik Eşref bilen duşmançylykly ýagdaýdady. Haçanda ony soltanyň ölümi bien buşlanlarynda ”Meni [Siz] Jelaleddiniň ölümi bilen gutlaýaňyzmy? Siz entek bu etmişiňiziň miwesini iýersiňiz. Alladan ant içýärin, Jelaleddiniň ölümi mongollaryň yslam ýurduny almagy ahyry. Indi içimizde Horezmşa Jelaleddin ýaly – Äjit-Mäjitler bilen arada pena bolup biljek beýik serdar ýok” [9,578 s.] diýip, garşydaşynyň beýik gahryman soltandygyny nygtapdyr. Danalaryň, Soltanlaryň, parahatçylygy, garaşsyzlygy, bitaraplygy söýüji eziz Watanymyzyň halkynyň eden talaşlary, arzuwlary indi çärýek asyrdyr Bitarap watanymyzda hasyl boldy. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen durmuş-ykdysady tarapdan bolelinlige gidip, ýurtda ylym-bilim täze üstünliklere gadam basýar. • Peýdalanylan edebiýatlar: 1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. Aşgabat. Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017 2. Almaz Ýaberdiýew. Gürgenç-Gündogaryň orta asyrlar döwrüniň ylmy we medeni merkezi – A.: TDNG, 2018; 3. Atamälik Juweýni. Älem eýeleýjiniň taryhy. 2-nji jilt. A.: “Miras”, 2005 4. Bartold W.W. Mogol istilasina kadar Türkistan.- Ankara: Türk taryh kurumu Basimewi, 1990; 5. Ekäýew O. Türkmenistanyň taryhy. A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020 6. Ibrahim Kafesoglu. Harezmşahlar dewleti tarihi. Ankara.Türk tarihi kurumu Basimewi, 2000 7. Бартольд В.В.Сочинения.т.1. М.: Издательство Восточной литературы.1963. 8. Буниятов З. М. Государство Хорезмшахов – Ануштегинидов.- Москва: Издательство «Наука», 1986. 9. Mухаммет Несеви. Солтан Желаледдин Меӊбурнуӊ өмүр бейаны. A.: ”Рух”, 2001 10. Рашид ад-Дин Ватват. Сады волшебства. Москва. Издательство «Наука»,1985 11. Фарук Сүмер. Oгузлар– түркменлер.-A.,1999. 12. Экаев О. История Туркменистана.-А:ТГИС, 2020. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty O. Ekäýew. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |