00:11 Mete han we Atilla | |
METE HAN WE ATILLA
Taryhy şahslar
Taryhy Hytaý ýazuw çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, taryhda Beýik Hun döwleti uly yz galdyrypdyr. Orhon we Selenga derýalarynyň boýlarynda ýaşan hunlar miladydan öňki IV ýüzýyllykda güýçli döwlet bolup ýetişýär. Hunlara gadymy Hytaý ýazuw çeşmelerinde “Hsiung-nu” diýlip görkezilen hem bolsa, sogdy we günbatar ýurtlarynyň ýazuw çeşmelerinde “hun” görnüşinde beýan edilipdir [2, 533-535 sah]. Taryhda hunlar – hun, sýun, hunna, ak hunlar ýaly dürli atlar bilen ýatlanylýar. Olaryň ilkinji patyşasyna berlen “Şanýu” – “beýikleriň beýigi” atly patyşalyk unwanyny göteren Duman begiň Teoman, Touman, Tuman atlary hem bolupdyr. Hunlarda “Şanýu” – han, hökümdar, patyşa bolup, ol “giňişlik”, “älem”, “asmanyň astyndaky ähli ýerler” manysynda bolupdyr. Duman begiň iki ogly bolupdyr. Uly oglunyň adyna Mete han diýipdirler. Gadymdan dowam edip gelýän rowaýata görä, kakasy ýogalandan soň miras uly ogla ýetýär. Şol sebäpli hem hytaý ýazuw çeşmelerinde berilýän maglumatlardan Duman beg bilen Mete hanyň gatnaşyklary barada iki hili netije çykarmakmümkin. Birinjisinde, Duman beg tagty Metä galdyrmajak bolup, goňşuçylykdaky Ýüweýjileriň döwletiniň köşgüne “şol ýerde öldüriler, tagta geçmeklik kiçi ogluna rahat galar” diýen niýet bilen iberipdir diýilýär. Hakykatda, ol ogluny öldürtjek bolan däl bolaýmagy mümkin, diňe ony kyn ýagdaýlardan baş alyp çykarmaga synaga iberen bolaýmasyn diýen garaýyş hem bar. Eger onuň ogluny öldürmek niýeti bolan bolsady, onda ibermänem ýok edip bilerdi. Çüňki Mete edermen ýigit bolupdyr. Hytaý taryhçysy Syma Sýanyň taryhy ýazgylarynda görkezilişi ýaly, ol ýueji serdarynyň münýän atyna münüp gaçypdyr we aman sag öýlerine dolanypdyr. Duman beg oglunyň edermenligine buýsanypdyr we onuň ygtyýaryna on müň atly beripdir [2, 37-38 sah]. Mete hakyky serkerde bolup ýetişipdir. Ýöne ol hakykatdan hem kakasyna erbet garaýyşda bolupdyr. Şol sebäpli hem Duman (Teoman) beg awa gidende, miladydan öňki 209-njy ýylda Mete han kakasyny öldüripdir. Şeýdibem,Oguzlaryň Beýik Hun döwletiniň tagtyna münýär [2, 38 sah; 4, 61 sah]. Mete han miladydan öňki 209-174-njy ýyllarda jemi 35 ýyl Oguzlaryň Beýik Hun döwletinde patyşalyk edipdir. Taryhçy A.H.Bernştam taryhy ýazuw çeşmelere salgylanyp, hunlaryň taryhyna bagyşlan işinde Oguzhan bilen Mete hany bir şahs edip görkezjek bolsa-da, beýan edişinde käbir bärden gaýtmalar duýulýar. Ol Reşideddiniň, Hondemiriň, Abylgazynyň eserlerindäki Oguz hanyň bir Beýik Taňra ynanmak ynanjyny “Yslam dini bilen bagly bolup bilmez” diýip, meseläniň “Yslam dini” däldigine özi-de düşünmändir ýa-da ondan sowa geçipdir. Ol türkmenleriň Gök Taňrysynyň, ýagny Asman bir Taňra ynanjynyň bardygyny görkezmeýär we Hytaý çeşmelerinde ýer alan Oguzhany mif (erteki gahrymany) edip görkezmäge çalyşýar [4, 63-65 sah]. Musulman taryhçylarynyň ýazuw çeşmelerinde türkmenleriň nesilbaşysy bolan Oguzhan kakasyna garşy çykanok, ol awa gidende Garahan ogluny öldürmek üçin onuň üstüne gidýär we gylyç ýarasyndan ýogalýar. Mete han bolsa onuň tersine kakasy Duman beýik (beg), ýagny Teoman awa gidende onuň üstüne gidip öldürýär. Oguzhan bilen Metehanyň döwlet gurmak, türkmen tire-taýpalaryny birikdirmekde-de bir meňzeşlik bolupdyr. Oguzhan ähli türkmen taýpalarynyň bitewi agzybir bolmaklaryny ogullarynyň mysalynda olaryň eline ýaý okuny berip, synagdan geçiren hökümdardyr. Metehan bolsa Merkezi Aziýada ýaşan halklaryň döwlet bitewiligini saklamak üçin ençeme işleri durmuşa geçiripdir. Onuň özüniň aýtmagyna görä, ok atyp, ýaý çekip bilýän kowumlary bir millete birleşdiripdir [5, 558-559 sah]. Mete hanyň döwründe hunlar Merkezi Aziýada imperiýa derejesine çenli beýgelen döwlet bolandygy sýunlaryň, ýagny hunlaryň taryhyny beýan edýän hytaý ýazuw çeşmelerinde, şol çeşmeleri çapa taýýarlan we oňa sözbaşy ýazan, terjime eden we düşündiriş beren B.S.Taskina tarapyndan bellenilýär [3, 3-17 sah]. Munuň şeýledigini Hytaý (Han) imperatorynyň miladydan öňki 162-nji ýylda Hun patyşasyna: “Goňşuçylykda ýaşaýan Han we Hun döwletleriniň güýçlüligi deň derejededir” [3, 4 sah] diýip hat ýazypdyr. Hunlaryň döwletiniň gülläp ösen wagty Metehanyň hökümdarlyk eden döwri hasaplanylýar. Şol wagtlar Hytaýyň Han imperiýasynyň we Tangut döwletiniň hunlara tabyn bolan wagty bolupdyr. Mete hanyň neberelerinden miladydan öňki 27-nji ýylda başlan ýörişlerden soň hunlaryň tagtyna täze münen hökümdar Hulugy (96-85 ýý) 90-njy ýylda täzeden Hytaýaýöriş geçirýär we parahatçylykly şertnama üçin wino, tüwi, ýüpek matalaryny bermeklerini talap edýär [4, 74-75 sah]. Hunlarda harby tertip-düzgün örän berk bolupdyr. Ýaý atanda sykylykly gidýän peýkamy oýlap tapan hem Mete han bolupdyr. Hunlarda tagta çykmak hökümdaryň uly ogluna degişli däp bolup, uzak ýyllaryň dowamynda saklanyp galypdyr. Dabaraly oturluşyklarda uly ogly hökümdaryň çep tarapynda oturupdyr. Däp boýunça hun patyşalary agşam aýa, irden dogýan güne çokunypdyrlar [6, 98 sah]. Olar ýylda asmanyň hatyrasyna üç gezek sadaka beripdirler. Şol sadakada düýe ýaryşdyrypdyrlar, at çapdyrypdyrlar, altyn gabak atdyrypdyrlar it, goç, horaz uruşdurypdyrlar. Ýetginjekler göreş tutupdyrlar, nyşana ýaýdan peýkam atypdyrlar, ýaglyga towsupdyrlar. Ata babalarymyzdan däp bolup gelýän jenaýat işleri boýunça günä geçmek däbi hem hunlarda bolupdyr. Olar sadaka dabaralarynda jenaýatlar boýunça günä geçmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşypdyrlar. Berk tertip- düzgün bolany sebäpli, hunlarda tussag az bolandygy hytaý ýazuw çeşmelerinde bellenilýär. Şeýle hem. şol ýazuw çeşmelerde Beýik ýüpek ýolunyň gözbaşynda Hunlaryň patyşasy bilen Hytaýyň Han patyşalyklarynyň arasynda dostlukly gatnaşuklary barada wajyp maglumatlar galdyrylypdyr. Olar bir-birlerine dostlukly myhmançylyga gidipdirler. Hunlaryň hany Huanýe miladydan öňki 5-nji ýylda Hytaý imperiýasynyň Uýun etrabyna gelip, özüniň Hytaý imperatorynyň köşgüne barmakçydygyny aýdypdyr. Hytaý imperatory köp sanly paýtun we her etrabyň ýolunyň iki tarapynda iki müň atly hatara durzup, dabaraly ýagdaýda garşylamagy buýrupdyr. Köşgüň özünde bolsa Hun hökümdary has dabaraly garşylanyp, oňa kellä geýilýän telpek, bilguşak, geýim-gejim, ýaşyl bagjykly altyn möhür, sapy ýaşma daşy bilen bezelen gylyç, hanjar, ok-ýaý, paýtunlar, köp sanly at esbaplary, on bäş at, 77 laý geýim, 8 top ýüpek, köp mukdarda ýüpek mata we ýüpek süýümi we başga-da ençeme sowgatlar berlipdir. Iki döwletiň arasynda baglaşylan şertnama: “Şu günki günde we mundan bu ýana-da Han we Hun bir maşgaladan durýarlar, olar hiç wagt biri-birleriniň üstüne çozmaly däldirler. Ogrular barada taraplar biri-birlerine mälim edip, bilelikde jezalandyrmalydyrlar, ogurlanan zady gaýtaryp bermelidirler. Ýurtlaryň üstüne keseden çozuş edilse, birek-birege harby kömek edilmelidir. Ylalaşygy ilkinji bozan tarap asman Taňrysy tarapyndan jezalandyrylsyn. Biziň neberelerimiz nesilden-nesle şu kasama eýersinler” [2, 35-38 sah] diýen ýaly ýakymly sözler aýdylýar. Iki döwletiň arasynda käwagtlar dartgynly ýagdaýlar hem bolupdyr. Ýöne iki döwletiň ilçileriniň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary saklap, bir-birlerini parahatçylykly ýaşaýşa çagyrýan hoşniýetli hatlary ýazandyklary şaýatlyk edýär. Aýratyn hem, Hytaýyň Han imperatorynyň hunlar bilen gowy gatnaşyklar saklamak üçin ençeme tagallalar edendikleri Hytaý ýazuw çeşmelerinde bellenilipdir. Şol ýazylan hatlaryň birinde: “Biziň iki döwletimiziň arasynda garyndaşlyk gatnaşyklara daýanyp, parahatçylyk ýola goýulsa, iki tarap hem lezzet alar, dostluk berkär, uruşlar bes ediler, esgerlere dynçlyk, atlara iým berler, nesiller gülläp öserler, abadanlaşarlar, ylalaşyklar höküm sürer we ýaşaýyş täzeden janlanar. Durmuş parahatçylyk bilen bagly, akylly adamlar her gün kämillige goşant goşýarlar. Goýberilen ýalňyşlyklary düzedýärler, nädogrulyklary düzedýärler. Ýaşlar endigan öser ýaly, garrylar gowy dynç alar ýaly, bir söz bilen aýdanyňda her kim egninde kellesini saklap biler ýaly we Biribar Asman adamlara näçe ýaş eçilen bolsa, şonça-da ýaşap bilerleri ýaly şert döretmeli. Asman adamlary tapawutlandyrmazdan, hemmesiniň üstüni örtýär, ýer bolsa olary göterýär. Geçmişde nähili agzalalyk, öýke-kine bolanam bolsa, olary ýatdan çykaralyň. Iki döwletiň halklary adalatly beýik ýol bilen gidip, bir maşgalanyň çagalary kimin ýaşar ýaly, geljegiň hatyrasyna geçmişdäki gahar-gazaby ýok edeliň” [6, 98- sah] diýen ýaly parahatçylyga çagyrýan sözleriň bolmagy, olaryň biri-birleri bilen gowy gatnaşykda bolmagynyň şaýadydyr. Günbatar we rus, sowet alymlarynda hunlary köplenç ýagdaýlarda çarwalar, göçüp-gonup ýören, keseki ýurtlary talap, belli bir ýerde mekan tutmadyk sergezdanlar hökmünde görkezjek bolanlary hem bar. Onuň şeýle däldigini görnükli orheolog professor L.R.Kyzlasow geçiren barlaglarynyňnetijesinde subut etdi. Ol Sibirde, Abakan derýasynyň çep kenaryndaky şäherlerde hunlaryň köp otagly köşkleriniň, Zabaýkalýede (Baýkalyň aňyrsynda)Hakas-Munisiň çöketliginde şäherleriň hünärmentçilik obalarynyň, goşun üçin niýetlenen gala toplumlarynyň, ekerançylyk bilen meşgul bolmak üçin suwaryş ýaplarynyň bolandygyny ýüze çykardy [7, 17-19 sah]. Şu getirilen mysallar oturumly halka mahsusdyr. Mümkin hunlar oturumly durmuş, ekerançylyk bilen bir hatarda çarwaçylyk bilen hem meşgul bolup, ýaşaýyş durmuşynda hojalygyň utgaşdyrma görnüşini hem peýdalanan bolmaklary mümkin. Çüňki, olaryň hojalygynda maldarçylyk möhüm orun eýeläpdir. Olar gylýalçylyga uly üns beripdirler. Ýazuw çeşmelerinde – Hunlaryň mydama at üstünde bolandyklary, at üstünde ukularyny hem alyp bilendikleri olaryň atdan aýry bolmandyklarynyň alamatydyr. Hunlar çapyp barýan atyň üstünde söweşmäge, şol söweşde yzyna, gapdala ýaý çekmäge, gylyç urmaga ezber bolupdyrlar. Hunlaryň metal işläp bejermek usuly has ösen bolupdyr. Olaryň uzak aralyga atýan ýaýlary bolupdyr. Bu bolsa garşydaşlaryndan üstün çykmaga ýardam edipdir [7,17-19 sah]. L.N.Gumilýewiň bellemegine görä, bir hun söweşijisiniň duşmanyň 20-sine taý gelýändigi nygtalýar. Şeýle hem, hytaý taryhçysy Go Mo-Jonuň nygtamagyna görä, Hytaýda hunlardan ýesir alyp bilen esgere ýeňillikler berlipdir. Ol esgerölüm jezasyna höküm edilen hem bolsa, onuň günäsi geçilipdir [8, 114sah]. Hunlaryň ýaşan ýerlerinden, aýratyn hem, şäherdir obalardan, gonamçylyklardan tapylan haly önümleri, ýüpek parçalary, haýwanlaryň derisinden taýýarlanan zatlar olarda senetçiligiň, hünärmentçiligiň ösendigine we ösen medeniýetleriniň bolandygyna şaýatlyk edýär. Hunlar Beýik ýüpek ýolunyň gözbaşynda, ýagny Hytaý sebitlerinde we Merkezi Aziýada ýaşan döwürlerinde, Mete hanyň ýolbaşçylygynda Altaý daglaryndan başlap, Aral kölüniň aralygynda uly bolmadyk 26 döwleti Oguzlaryň Beýik Hun döwletine birleşdirmegi başarypdyr [5, 554 sah]. Bu döwlet imperiýa derejesine ýetip, Merkezi Aziýada Kuşan we Parfiýa döwletleri bilen bäsleşipdir. Miladydan öňki II asyryň maglumatlaryna görä, hunlaryň ilatynyň sany şol döwürde 1,5 milýon adam bolup, olardan 300 müň adamdan ybarat göşuny bolupdyr. Şolardan bolsa 60 müň ýaý atyp bilýän atly esgeri bar eken. Taryhçy A.H.Bernştam türkmenleriň hunlaryň mirasdüşeridigini belläp, beýleki türk dilli milletleriň hem gelip çykyşlarynda hunlaryň uly orun tutandyklaryny we şeýle hem, ýueçji taýpasynyň hem häzirki türkmenleriň düýeçi taýpasynyň ata-babalarydygyny belleýär [2, 38 sah]. Türkmenlerde bolşy ýaly, hunlarda dakylma däbi hem bolupdyr. Ony A.H.Bernştam ykdysady bähbitler bilen baglaşdyrýar. Biziň pikirimizçe, onuň, diňe bir ykdysady bähbidi bolman, adamkärçilikli, ynsanperwerlikli tarapy bolmagy hem mümkin. Çagalary ýetim goýup, çagalaryndan aýyrmazlyk, dul galan aýala hossar çykyp, miwelemäge mümkinçilik döretmekden hem ybaratdyr. Türkmenlerde meşhur bolan gurnama agaç ak, gara öýi oýlap tapanlar hem hunlardyr. Hunlaryň taryhynda, makalanyň adynda-da ady geçen iki beýik patyşanyň – Mete hanyň we Atillanyň döwürlerine bagyşlanan şu makalada Mete hana aýratyn orun berilýär. Ýokarda-da bellenişi ýaly, Mete han akylly, paýhasly, edermen, özdiýenli imperator bolup, Hytaý bilen goňşuçylykly-parahatçylykly gatnaşyklary alyp barypdyr. Şolaryň parahatçylykly gatnaşyklarynyň esasynda, Gündogar bilen Günbataryň arasynda “Beýik ýüpek ýoly” açylypdyr. Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Ylmy-barlaglaryň Çyn-Maçyn bilen Ortaýer deňiz döwletlerini birikdiren Beýik ýüpek ýolunyň şahalarynyň Taklamekan şahalaryndan başlap, esasan, iki ugur boýunça hereket edendigini tassyklady: Birinji ugur Demirgazyga sary rowana bolup, Týanşanyňugry bilen Tarim derýasy boýunça Kaşgara, soňra Pamir dagynyň üsti bilen Fergana jülgesine, Samarkant etraplaryna, Amula, soňra Amyderýanyň aşak akymy bilen Aral deňzine, Wolganyň aşak akymlarynyň üsti bilen Gara deňziň Demirgazyk etraplaryna we ondan aňyrky şäherlere uzap gidýär; ...” [1, 14 sah]. Miladydan öňki174-nji ýylda Mete han ýogalandan soň, Oguzlaryň Hun döwleti pese gaçyp ugrapdyr. Soňky hanlar Mete han ýaly güýçli bolup bilmändirler. Netijede, olar gowşapdyrlar we miladynyň 48-nji ýylynda Oguzlaryň Demirgazyk Hun döwletine we Oguzlaryň Günorta Hun döwletine bölünipdirler. Demirgazyk Hun döwleti miladynyň 55,62-nji ýyllarynda Hytaý bilen urşupdyr we Hytaý imperatoryny parahatçylykly şertnama baglaşmaga mejbur edipdir. Günorta Hun döwletiniň ilaty bolsa, 350-nji ýyllaryň töwereklerinde Altaý daglarynyň arka tarapyndan Gazagystanyň günortasyna gelipdirler. Şol ýerden bolsa hunlar miladynyň IV-V asyrlarynda Merkezi Aziýadan Günbatara göçüş eden wagty “Halklaryň Beýik göçe-göçlügi” döwrüne gabat gelýär. Hunlar miladynyň370-420-njiýyllarynda Demirgazyk Kawkazyň üsti bilen Gara deňziň demirgazyk sebitlerine gelip, birnäçe türk dilli taýpalar bilen birleşip Hun ýaranlygyny emele getiripdirler [9, 85 sah]. 425-nji ýyldan Hun ýaranlygynyň başyna Rugul geçipdir. Ol 433-nji ýylda aradan çykandan soň, döwleti dolandyrmak hökümdaryň ýegenleri- doganlar Bledanyň we Atillanyň eline geçipdir. Taryhy çeşmelerde, hat-da A. N. Bernştam hem doganlar we Manzukyň ogullary diýilse-de, başga bir ýerdeolşol wakadan 100 ýyl çemesi soň ýaşan taryhçy Iordana salgylanyp,olaryň doganoglandyklaryny tassyklaýan maglumat getirip, Bledanyň Rugul bilen bilelikde hökümmdarlyk eden Aktaryň ogludygyny nygtaýar.Iki hökümdar oňuşmandyr. 445-nji ýylda Bleda ýogalýar.Onuň ölüminde Atillanyň eliniň bardygyny taryhçy Iordan belleýär [4, 153-154 sah]. Atilla (433-453) şondan soňra ýeketäk dolandyrýan hökümdar hökmünde Oguzlaryň Beýik Hun ýaranlygynyň döwletiniň başyna geçýär. Onuň hökümdarlyk eden wagty döwletiň gülläp ösen döwri hasaplanylýar. Atilla Dunaý derýasynyň boýundaky ýerleri,Bolgaryýany, Wengriýany eýeläpdir. Ol umuman, 70-den gowrak Ýewropa şäherlerini öz döwletine birikdiripdir. Atilla henizler şazada döwründe, döwletara ylalaşygyna görä, ol Rim imperiýasynyň köşgünde girew hökmünde bolup, şol pursatlary özi üçin ýerlikli peýdalanypdyr. Ol latyn dilini, rimlileriň harby tärlerini, döwlet gurluşyny öwrenip, olaryň artykmaçlyklaryny we ýetmezçiliklerini bilipdir. Oguzlaryň Hun ýaranlygynyň hökümdary Atilla Günbatar ýurtlaryna garşy aýgytlaýjy hereketler edipdir. 395-nji ýylda ikä bölünen Rim: Gündogar (Wizantiýa)-paýtagty Konstantinopol we Günbatar (Rim) –paýtagty Rim imperiýasy Atilla salgyt tölemeli bolupdyr. Wizantiýanyň imperatory Feodesiy II Atilla bilen gowy gatnaşykda boljak bolup, oňa köp mukdarda altyn pul sowgat iberipdir. Wizantiýa ilçileri birnäçe gezek Atilla bilen duşuşypdyrlar we peýdaly ylalaşyk gazanypdyrlar. Atilla ýaranlyga degişli tabynlygyndaky adamlaryň-gullaryň garşy tarapa gaçgak bolup gitmeklerini islemändir. Ol ony, ýagny ýaranlygy gowşadar hökmünde kabul edipdir. Ikinji bir tarapdan hem gaçgaklary jezalandyrmak niýeti bilen däl-de duşmana garşy esger hökmünde ulanmagy niýet edinipdir we olary yzyna gaýtarmak üçin uly tagalla edipdir.Şol sebäpli hem, Atilla Feodosiyiň gaçgaklary yzyna gaýtarmagy ret edeni üçin tozduryjylykly ýörişler geçirýär. Rim imperiýasy özi üçin agyr şertli şertnama baglaşmaga razy bolýar. Şertnamanyň şertine görä, Rim imperiýasy birbada 6 müň litr altyn, her ýylda bolsa 2100 litr altyn tölemeli bolupdyr. Şeýle hem, her bir gaçgak harby ýesir gul üçin 12 altyn tölemeli bolupdyr ýa-da gaçgak guly yzyna gaýtarmaly edilipdir. [4, 154-155 sah]. Oguzlaryň Beýik Hun ýaranlygynyň döwleti Atillanyň başda durmagynda Ýewropa çuňňur aralaşypdyrlar. Ýewropalylary gorky gaplap, özaralaryndaky oňşuksyzlyklary ýatdan çykaryp, birleşen güýç bilen Atilla garşy durmagy niýet edinipdirler. 451-nji ýylda Şampanyň golaýyndaky Katalon meýdanyndaky uly söweşde Atilla Wizantiýanyň we gotlaryň birleşen goşunyndan ýeňlipdir we Şampandan yza çekilmäge mejbur bolupdyr. Şondan soňra Atilla birnäçe üstünlikliýörişler geçirýär. Ýöne, 454-nji ýylda onuň burgundylardan bolan aýaly tarapyndan öldürilmegi, Ýewropada Oguzlaryň Beýik Hun ýaranlygynyň döwletiniň dargamagyna getirýär [4, 161 sah]. Hunlar döwlet gurluşynda we özleriniň beýik ýörişlerinde uly yz galdyryşlary ýaly, baý medeniýetleri-de bolupdyr. Olarda senetçilik we hünärmentçiligiň ösendigine şaýatlyk edýän at esbaplary, şaý-sepleri hil we çeperçilik taýdan ýewropalylaryňkydan ýokary derejede bolupdyr. Hunlaryň durmuş (sosiýal ) gurluşynyň (gatnaşyklarynyň), iýmitleriniň ýewropalylaryňkydan has ýokarydygy günbatar taryhçylarynyň arheologiýa maglumatlaryndan belli boldy. Hunlar Orta Aziýanyň, Hytaýyň beýik döwlet gurluş, dolandyryş düzgünini özleri bilen getirdiler. Bir akyldaryň: “Ölüp barýan Ýewropany hunlar gelip silkeledi, oýardy, halas etdi” diýýär [4, 162-163 sah]. Hunlaryň mazarçylyklaryndan tapylan şaý-sepler türkmen gelin-gyzlarynyň şaýlaryna meňzeş [10,32-34 sah]. Tarynçy A .Terri Atillany dünýäniň iň ýokarda durýan akyldarlary bilen bir derejede goýmak bilen, ony Isgender Zülkarneýne (Aleksandar Makedonla) we Ýuliý Sezara egindeş hasaplaýar [4, 153 sah]. Atilla bagyşlanylyp Ýewropa ýazyjylarynyň çeper eserlerinde onlarça romanlar ýazylypdyr, teatr sahnalarynda dürli görnüşli (sazly drama, opera-balet) oýunlary goýlupdyr we häzir hem dowan edýär, sazlar düzülipdir, kino sahnalarynda dürli rejissorlaryň sahnalaşdyran filmleri, multfilmler görkezilýär. Umuman, Ýewropadan, Merkezi Aziýadan we Altaý sebitlerinden Hun medeniýetine degişli tapylan tapyndylar dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşupdyrlar. Türkmenleriň beýik şahsyýetleri Atilladan soň hem Ýewropa ýurtlarynda we onuň çeper eserlerinde, şekillendiriş sungatynda öz ornuny tapypdyr. Oňa mysal Salahedin Eýýubyny “meşhur Saladin” görnüşinde ýa-da türkmenleriň gaýy boýundan bolan Türkmenleriň Osmanlylar imperiýasynyň meşhur soltany Süleýman Kanunyny adalatly we dogruçyl, kanuny goraýjy hökmünde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kongresiniň mejlisler jaýynda “ajaýyp kanunçy Soltan Süleýman” diýip, çekilen suraty (portreti) asylgy dur. Biziň geçmişde şöhratly taryhymyzyň we baý medeniýetimiziň bolandygyny Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň welilik bilen aýdan aşakdaky jümlelerinden hem görmek bolýar: “Bu günki gün Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy biziň ählimizi öz halkymyzyň taryhyna ýaňadan nazar aýlamaga iterýär, şeýle-de milli äheňlere uçursyz ähmiýet bermezden, beýleki halklaryň medeniýetine düşünmegi öwredýär ýa-da Beýik Ýüpek ýoluna dahylly ähli taryhyň medeniýetiň özara gatnaşygyna daýanýandygyny aýdyň görkezýär” [1, 21 sah]. ■ Salgylanylan edebiýat we çeşmeler: 1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. – Aşgabat, Türkmen döwlet neşirýat gullugy. 2017 ý. 2. Материалы по историисюнну (по китайским источникам). Москва, Издательство “Наука”, 1968 й. 3. Материалы по истории сюнну (по китайским источникам). Москва, Издательство “Наука”, 1973 й. 4. Бернштам А.Н.Очерк истории гуннов. Ленинград, 1951й. 5. Genel türk taryhy. Ankara, 2002 ý. I jilt . 6. Гумилев Л.Н. Хунну. – М. 1960 й. 7. Кызласов А.Р. Очерк по истории Сибири и Центральной Азии. – Красноярск, 1992 й. 8. Şamyrat Döwlet ogly. Türkmenistanyň gadymy ilaty hakynda taryhy rowaýatlar. Aşgabat, 1993 ý. 9. Овез Гундогдыев. Огузы, туркмены и Россия. Ашхабад: “Рух”, 2001 й. 10. Засецкая И.П. Золотые украшения гуннской эпохи. – Л., 1975 й. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |