21:10 Abul Hasan Aly ibn Musa Ryzanyň mübärek gadamy türkmen topragynda | |
ABULHASAN ALY IBN MUSA RYZANYÑ MÜBÄREK GADAMY TÜRKMEN TOPRAGYNDA
Taryhy makalalar
Abul Hasan Aly ibn Musa Ryza 766-njy ýylda Medinede eneden bolýar. Bu beýik alym ömrüni yslam ylahyýet ylmyna bagyşlapdyr we ylmyň dürli ugurlaryndan şägirtler taýýarlapdyr. Akyldar türkmenleriň arasynda «Ymam Ryza», «Gyzyl Ymam» atlary bilen meşhurdyr. Ol Muhammet pygamberiň Patma gyzy bilen doganoglany hezreti Alynyň bilelikdaki neslinden bolup, 12 ymamyň sekizinjisidir. Hezreti ymam Ryza 35 ýyllap kakasy Musa al-Kazymyň ýanynda bolup, ylmyň, bilimiň dürli ugurlarynyň gizlin syrlaryny öwrenip, ýokary derejelere yetipdir. Kakasy ýogalandan son, 800-nji ýyldan başlap 20 ýyl Medinede Muhammet pygamberiň «Nebewi» metjidiniň baş ymamy bolupdyr. Özüni syýasatdan daşda goymaga çalşypdyr. Ýöne halyf Mamunyň еnçеmе gezek çagyrmagy we talap edip yzyndan 816-njy ýylda Raja ibn Zahhak bilen Ýaser Hademi ibermegi netijesinde, 818-nji ýylyň başynda Medineden Merwe gelýär. Halyf Mamun onuň hormatyna Merwde 33 müň adam ýygnaýar we olaryň öňünde hezreti ymam Ryza çykyş edýär. Mamun «Siz halyflyga meniň ogullarymdan hem has mynasypsyňyz» diyip, halyf bolmagy oňa teklip edýär. Hezreti ymam Ryza halyfyň teklibini kabul etmeýar, şonda halyf ony halyflyga özüne mirasdüşer belleýär. Muňa-da hezret ymam Ryza kynlyk bilen razylaşyp: «Men mirasdüşerlige razylaşsam-da, hökümdaryň adyndan gadagan edýän we rugsat berýän buýruklara gatyşmak, olary tassyklamak we olar barada pikir ýöretmek, kimsäni işinden boşatmak ýa-da döwlet dolanyşygynda hiç-hili üýtgeşmeler etmek hyýalymyň ýokdugyny duýdurýaryn. Şolardan meni halas ediň» diyipdir. Halyf onuň Aly adyna «Ryza» lakamyny goşandan soň, resmi yagdaýda onuň ady Aly ibn Musa Ryza diylip tutulyp başlanypdyr. Halyf öz ady bilen bilelikde, Aly ibn Musa Ryzanyň adyna-da altyn pullary zikgeledipdir. Ol ymam Ryzanyň hormatyna öz gara baýdagyny ýaşyl baydaga öwrüpdir. Mamun gyzy Umma Habybany hezreti ymam Ryza we Ummalfazlyň gyzyny bolsa hezreti ymam Ryzanyň ogly Muhammede nikalap beripdir. Ymam Ryza bolan şeyle hormat Bagdatdaky Abbasy halyf nesline ýaramandyr we olar halyf Mamunyň garşysyna gozgalaň turzupdyrlar. Mamun uly goşun bilen Ymam Ryzany-da alyp, Bagdada ýöriş edýär. Olar Tus şäheriniň golayyndaky Nukan obasyna gelenlerinde, Ymam Ryza üzümden zäherlenip, 819-njy ýylda ýogalyar. Halyf ymam Ryzanyň ölümine gamgynlanyp, uly ýas tutýar we Nukan obasyny onuň hormatyna «Maşat» diyip atlandyrýar. Şol döwürden başlap, hezreti ymam Ryzanyň aramgähi musulmanlaryň köpçülikleýin zyýarat edýän ýerine öwrüldi. Taryhy çesmeleriň berýän maglumatlaryna görä, hezreti ymam Ryza hadys, şerigat (kanunçylyk), lukmançylyk ylymlaryndan uly derejeli alym bolupdyr. Ol ahlak taydan arassa, adamlara elmydama ýylgyryp, mähirli garapdyr. Yoksullara kömek berip, syrkawlary sorapdyr, myhmansöýer adam bolupdyr. Hezreti ymam Ryza hiç wagt adamlary parhlandyrmandyr. Ymam Ryza köp dilleri bilýän alym adamdyr. Ol Injili, Töwrady asyl nusgasynda okap, terjime edip bilipdir. Ymam Ryza ýewreýler bilen iwritde, otparazlar bilen pars dilinde, wizantiýalylar bilen şolaryň dilinde gürleşer eken. Hezreti ymam Ryza ynha şeýle mübärek pähimleri bize miras goýupdyr: – Geplemezlik akyllylygyň dür dänesidir. Akyl her kime dostdur, nadana duşmandyr. – Iň agyr jebir-dostuň nadanlygyna göz ýetirmekdir. – Medeniýetsizligiň iň aşaky nokady – özüňi öwmeklikdir. – Özüňden ulyny ataň ornunda bil. – Hakykaty gözleseň – ýalandan daş dur. – Bir-birinden habar tutup durmak-dostlugy berkider. – Gysgançlyk we nebsewürlik adamyň mertebesini we namysyny ýere sokar. – Gowy iş hiç wagtda ýatdan çykmaýar. – Iň erbet adam – hemişe naharyny ýekelikde iýýän adamdyr. Ymam Ryzanyň kakasy – ymam Musa al-Kazym akylly, sowatly adam bolupdyr. Alymlar ymam Musanyň gowy häsiýetleri ymam Ryza geçipdir hasaplaýarlar. Ymam Musa şeýle ajap pentleri bize miras goýupdyr: – Wezipeparazlygyň ýoly betbagtlyga getirer. – Adama täsin sowgat – ol akyldyr. – Gijäňi nadanyň mejlisinde geçireniňden, ukuda geçireniň gowudyr. – Iň erbet adam – ikiýüzli adamdyr. Çünki, ol adam ýüzüňe sen barada gowy zatlary aýdyp, arkaňdan erbet zatlary aýdýandyr. Hezreti ymam Ryza ahlak we ruhy taýdan päk, täsin adam bolupdyr. Ol mähirli we merhemetli adamkärçilige ýugrulan şahsyýet bolup, hemişe hassalary sorap durupdyr. Ymam hiç wagtda adamlara ýakymsyz söz aýtman, elmydama güler ýüzli, hemmelere hoş söz aýdar eken. Ol sada we myhmansöýer adam bolupdyr. Ol: “Myhmana hormat goýup gowy garşylamak, öýüňde hyzmat etmekden ýokardadyr” diýer eken. Hezreti ymam Ryza wezipeli adamlaryň, baý bilen garybyň, adamlaryň reňk tapawutlylygynyň arasynda parh goýmandyr, olar bilen bir saçagyň başynda iýip-içipdir. Ol hemişe: “Gowy häsiýetli, mähirli, ak göwünli adamlar, Allatagala aýratyn ýakyn adamlardyrlar” diýer eken. “Meniň bu dünýä höwesek bolmazlygym, Allatagala kalpdan hyzmat etmekligim, ahyryýetiň gazabyndan dynmak üçindir” diýerdi. Hezreti ymam Ryza hakykaty aýtmak üçin hiç kimden çekinmändir. Ol halyf Mamun bilen gürleşende: “Allanyň guludygyma buýsanýaryn, bu dünýä höwessizligim, Onuň gazabyna duçar bolaýmaýyn diýmegiň alamatydyr. Rugsat edilmeýän zatlardan daşda durmagym, baky hakykata duçar bolmak üçindir. Bu dünýädäki sadalygym, Beýik Allanyň hormatynamynasyp bolmak üçindir” diýipdir. Ymam Ryza Maryda iki ýyl ýaşapdyr. Şol yerde ol ylym bilen hem meşgul bolupdyr. O1 musulmanlaryň dürli toparly ugurlara bölünmegini ýazgarypdyr. Okuwçylary bilen bilelikde dürli musulman toparlaryny bir ýere jemläpdir, öz pikirini aýdypdyr, ylym bilen bagly soraglara jogap beripdir. Ymam Ryzanyň ylahy ylymdan başga-da matematika, himiya, astronomiya, takyk ylymlardan, kosmografiyadan, lukmançylyk ylymlaryndan başy çykypdyr. Ol grek, musulman pelsepesinden, ýeke hudaýlykdan, materializmden ylmy teklipler bilen çykyş edipdir. Onuň pelsepesi öwrenilip, orta atan meseleleri Maryda çekişmeler arkaly ara alnyp maslahatlaşylypdyr. Ol bu ugurlardan uly üstünlik gazanypdyr. Ymam Ryzanyň Merwdäki öýi ylmyň, bilimiň öýi bolup, alymlaryň üýşýän merkezine öwrülipdir. Onuň Türkmenistandan, Gündogaryň köp ýurtlaryndan zehinli şägirtleri bolupdyr. Olardan: Ebrahym Ahmet, Abu Muhammet Horasany, Muhammet ibn Abdulla Horasany, Abu Seýit Horasany, Fath ibn Ýezid Jürjany, Abulkasym Farsy, Muhammet ibn Yshak Telegany, Ahmet ibn Hatam Mahyýe Gazwini ýaly şahslary görkezmek bolar. Türkmenler Muhammet pygamberiň gyzy Patma bilen doganoglany Alynyň nikasyndan galan nesline uly hormat goýýarlar. Onuň şeýledigini “Ýa Aly senden medet” diýip kömege çagyrmaklary, şonuň ýaly hem doga-töwir edenlerinde “Kerbelada şehit bolan ymam Hüseýiniň ruhuna bagyşladyk” diýip Kuran okap, sogabyny oňa bagyşlamaklary çuňňur hormatyň alamatydyr. Türkmenler Abul Hasan Aly ibn Musa Ryzany «Gyzyl Ymam»-diýip atlandyrýarlar we onuň aramgähine zyýarat edýärler. Nusgawy türkmen şahyrlary hem hezreti Ala we onuň neberelerine uly hormat goýup, özleriniň eserlerinde ýatlap geçýärler. Türkmeniň akyldar, şahyr, serkerde ogly hanlaryň hany Baýram han hezreti Ala bagyşlap kasyda, şygyr ýazypdyr. Onuň ýazan “Aly ibn Abu Talyp aleýhissalam” atly şygryny dolulygyna görkezmegi müwessa bildik: Seniň yşkyň indi meni özüne çekýär Aly, Nejep şasy, özüň rehm et, bizge medetkär Aly! Bir seniň mähriň bolmasa bagtlylaryň köňlünde, Ýer ýüzünde adyň-ismiň bolarmydy, bar Aly?! Meger, söýgiň her sadabyň göwheri bolmazdy ýa, Köňül känim göwheri bir saňa intizar, Aly. Bu göwherim düşelse-de itlerňiziň ýoluna, Maňa uly hormatdyr ol, eýlemen inkär, Aly. Halat burçunyň ýyldyzy, lafer bukjam göwheri, Munşurufa-hazyna, lewküşfe şasuwar Aly. Sapa gülşenniň güli, wepa bagnyň serwisi, Innema ýol görkeziji, başym häkisar, Aly. Daň-sähere intizarlar müşderisi ger seni istemese, Gije-gündiz zowal tapar, özüm hyrydar, Aly! Pelek öz ömri boýuna adam agtardy welin, Hiç eneden doglany ýok sen deý ýadygär, Aly! Baýram, ynam ýoluna gir, gül ömrüň eýleme har, Sen öz illeň ýollaryna kylgyl ygtyýar, Aly! Bu şygyrda hem Baýram hanyň hezreti Ala goýýan hormaty duýulýar. Beýik Magtymguly bolsa özüniň “Turgul diýdiler” goşgusynda özüniň keramata gowşanyny Hezreti Aly bilen baglaýar: “Alydyr diýdiler tutdy destimden, Borýa düşegimi aldy astymdan, Men bilmedim, bir zat guýdy üstümden, “Ýolugan döwranyň sürgül!” diýdiler. Ýa-da onuň “Bagyşla bizni” goşgusynda: Resul damadydyr, öz arslanydyr, Ýa, Ymam Alyýa, bagyşla bizni. Çeşmi çyragymdyr, nury aýnymdyr, Ýa,Ymam Hasana, bagyşla bizni. Ýalan dünýä kime berdi wepany, Ahyretde olar, sürer sapany, Şemr ile ol Ýezit berdi jepany, Ýa, Ymam Hüseýna bagyşla bizni. Nasry-Seýýar, Merwan hökmi döwründe, Ymamlar galdylar jepa jebrinde, Çaýa atdyrdylar Dymyşk şährinde, Zeýnulabydyna bagyşla bizni. Patma-Zähradyr anyň enesi, Zatynda bir zerre ýokdur günäsi, Humaýun dagydyr ahyr binasy, Muhammet Bakyra bagyşla bizni. Kemaly pelekden, aşypdyr arşdan, Başa goýdy jeddi geýdigi täçden, Üç keramat bile galdy Hajjajdan, Ýa, Ymam Jafara bagyşla bizni. Kim biler işinde niçiksi syr bar, Akyl oňa ýetişmez gudratly Jepbar, Duşmanyňa dostuň etdi giriftar, Ýa, Musa Kazyma bagyşla bizni. Deň-duşlar ýanynda bir bi kemalam, Aşygy Mejnunam, şikeste haläm, Sine-ýi-Horasan, zäwwary älem, Ýa, Ymam Ryzaýa bagyşla bizni. Ymamlar yşkynda maňa bergil jam, Açaýyn zybany okaýyn kelam, Allahy behäk-e ol Patmaýy kyýam, Muhammet Tagyýa bagyşla bizni. Dünýäde çekdiler ýüz derdi-dagy, Magşar güni münerler saýlap byragy, Hakykat ýolunyň şemgy, çyragy, Aly al-Nakyýa bagyşla bizni. Ýakyn köňül bile muştakam bende, Ýadyňyz eýlärem tä baram zende, Ady günden meşhur olmuş jahanda, Ýa, Ymam Eskere bagyşla bizni. Kap dagyndan ýol açylsa mäjuja, Dünýä ýüzi dolar zulm ile güýje. Zaman ahyrynda geler hyruja, Ýa, Sahypzamana bagyşla bizni. Magtymguly aýdar, men häki-paýam, Ymamlar ýolunda hem jan pidaýam, Kemine bende men, kelbi-gedaýam, Ýa, Apbas Alyýa bagyşla bizni. Türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň Muhammet pygamberiň Patma gyzyndan we doganoglany hem-de giýewsi hezreti Alydan bolan ymamlara uly hormat goýýandygy duýulýar. Şahyr hezreti ymam Ryzanyň aramgähini “Horasanyň sinesinde ýerleşýän älemiň zäwwary (zyýarat edilýän ýeri)” hasaplaýar. XVIII asyrda ýaşap geçen başga bir türkmeniň beýik nusgawy şahyry Gurbanaly Magrupy hezreti Alynyň yslam dinini ýaýmakdaky gahrymanlygyna uly duýgudaşlyk edip we ol hezretleriň ogly, Muhammet pygamberiň agtygy hezreti ymam Hüseýniň Kerbela çölünde öldürilenine gynanç bildiripdir: Çoh müňni aldady dünýäniň mähri, Bir gün talh eder agzymy zähri, Ol Pumy-Haýbaryň mohtäşäm şähri. Alynyň zarbyndan iman getirdi. Aldag bilen Ýezit geçdi daşyna, Rehm etmedi gözden akan ýaşyna, Kerbelada Ýezit, Hüseýn başyna, Göýä, diýr sen, ahyrzaman getirdi. Ymam Hüseýniň Kerbela çölünde öldürilenine 1300 ýyldan hem (Aý hasaby bilen 61-nji hijri-kamary ýylynda) köp wagt geçen hem bolsa, türkmenler onuň şehit bolan gününi, ýagny Aşyr aýynyň (Moharrem) 10-y gününi ýatlap, pişme paýlaýarlar, çagyryşyk edip, onuň ruhuna Kuran okap, sogabyny onuň ruhuna bagyşlaýarlar. Pikirimizi jemläp aýtsak, hezreti ymam Ryza beýik ymam, akyldar, alym şahsyýetdir. Ol yslam ylmyny, bilimini we başga-da ýokarda agzalyp geçilen ylmy pudaklary çuňňur bilen adamdyr. Onuň çuňňur manyly eserleri arap, pars, türkmen halklaryny Beýik Alla bolan ynanjyň üsti bilen dostlukly baglaşdyrýan köpri bolup hyzmat edýär. Orazpolat EKÄÝEW, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh institutynyň Orta asyrlaryň taryhy bölüminiň müdiri, taryh ylymlarynyñ kandidaty. # Eýran Yslam Respublikasynyñ "Haweran" žurnaly, 2014 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |