23:32 Bedew atym-ganatym / erteki | |
BEDEW ATYM-GANATYM
Ertekiler
Ir döwürlerde bir adam tutuş ömrüni at seýislemäge bagyşlapdyr. Onuň seýiçlän atlary ýüwrükligi we owadanlygy bilen tapawutlanypdyr. Atlaryň içinde Garlawaç atly baýtal goja seýisiň göz guwanjy, iň gowy görýän aty eken. Ol toý-tomaşalarda baýrakly orunlara mynasyp bolupdyr. Agtygy çapyksuwar bolany üçin seýis at çapmagy oňa ynanýar eken. Goja seýis: Alabarsy, ýylany, şiri, bürgüdi, Allahym ýaratdy sähel pursatda, Ýüwrüklik, parasat, güýç we görgürlik, Ählisi jemlendi ol bedew atda - diýip, at barasynda hiňlenmegi gowy görer eken. Argyş kerwenleri Garlawajyň at-owazasyny alys ülkelere alyp gidipdirler. Şondan soň dor bedewi görmek we ýakyndan synlamak üçin dürli ýurtlardan belli atşynaslar, seýisler hem gelipdirler. Olar ýaraşykly, ýyndam ata haýran galyp, şeýle bedewiň özlerine hem nesip etmegini arzuw edipdirler. Günleriň birinde oba çet ýurtdan bir tütjar baý gelipdir. Ol Garlawajy satyn almak üçin köp möçberde altyn-kümüş berjekdigini seýise duýduranda seýis atyň satlyk däldigini mälim edipdir. Seýis baýtaldan dogjak indiki taýy agtygyna sowgat bermegi ýüregine düwüpdir. Baharda keramatly bu sebite üýgeşik bir ýagyş ýagypdyr. Kyrk ýyldan bir gezek gaýtalanýan ýagyşyň ýedi damjasynyň düşen ýerinden täsin bir ösümlik gögerermiş. Şony iýen atyň taýy adatdan daşary ýaraşykly we ýüwrük bolýarmyş. Baýtal taýlapdyr. Ýaraşykly taýçanagy görenler onuň haýranymyş. Goja seýis täsin taýy agtygyna sowgat bermegi ýüregine düwüp ýör eken. Günleriň birinde oba talaňçylar dökülipdir. Şonda baýtal taýçanagy bilen olaryň oljasy bolupdyr. Şol günden başlap seýis hassalapdyr. Ol Garlawajy hatyralap çar tarapa habar ibersede netijesiz bolupdyr. Günleriň birinde: -- Taýjagaz indi gunan çykandyr. Ony tapmak we getirmek barasynda berk karara geldim--diýip, agtygy atasyna aýdanda, ol ak ýol arzuw edipdir. Çapyksuwar köp ýurtlara aýlansa-da ne baýtalda ne-de bir taýjagazdan derek tapmandyr. Ol lapykeç halda çeşmäniň başynda gama batyp otyrka, argyş kerweni şu ýerde goş ýzdyrypdyr. Şonda kerwenbaşy ondan beýle gamgyn hala düşmeginiň sebäbini soranda wakany birin-birin gürrüň beripdir. --Seniň bagty getirdi. Ol gunan dagyň etegindäki bir galada saklanýar —diýen kerwenbaşy ol ýeri salgy beripdir. Belent gaýanyň depesinde bürgüt hüwürtgesi ýaly buluda direnip duran galany görende çapyksuwaryň şatlygy zym-zyýat bolupdyr. Şonda onuň täze dosty taýyň dag gowagynda saklanyp, şol ýerdäki ýaýla otlamaga çykarylýandygyny aýdypdyr. Emma onuň berk goralýandygyny aýdyp, meseläni hile bilen çözmegiň ýoluny salgy beripdir. Şeýlelik bilen çaryksuwara talaňçylary ahmallyga salmak, belent dagyň gowagynda buky ýerde saklanýan taýy alyp gaçmak başardypdyr. “Ahalteke bedewleri ganaty bolýarmyş diýenleri hakykat eken”-diýip, gaýalardan uçup geçen üsti ýaş ýigitli bedewi we taýy bilen gören adamlar aýdypdyrlar. Giç habary bolan talaňçylar ýyldyrym kimin ýyndam bedewiň yzyndan ýetip bilmejegine göz ýetirip, kowgyny bes edipdirler. Dagdan aşan çapyksuwara bedewi we taýy bilen dogduk mekana aşmak nesip edipdir. Şonda hossarynyň howlusyna gelen bedew çarpaýalap taýly gezek kişnäpdir. Tanyş owaza goja seýis hassalygyny unudyp düşekçesinden galanyny duýman galypdyr. | |
|
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |