15:13 Bedew wepasy / hekaýa | |
BEDEW WEPASY
Hekaýalar
Orazgeldi seýis Keýik atly bedewiň ýataklaýanyny aňdy. «Sen, janawer, şu gün agşam bir taýjagaz sowgat edersiň-ow» diýip, içini gepletdi. Ol indi üç-dört gün bäri Keýige iým bermeli däldigini, oňa diňe gury-guty bede bermegi tabşyrypdy, suwuny welin, gysganmaly däldi, näçe içse beribermelidi. Iň esasy bolsa, bu janaweriň gezimini ahmal etmeli däldi. Atbakarlaryň bu işi kemsiz ýerine ýetirýändigi goja seýsi kanagatlandyrdy. Ol şol agşam öýüne gaýtmady. Merdan bilen bu ýerde galdy. Seýsiň çaky dogry çykdy, wagt ýarygijä golaýlaberende atlara aýlanyp gelen Merdan akja taýyň doglandygyny buşlady. — Höwri köp bolsun, köşek, hany göreli o janaweri. Olar tirkeşip bedewiň ýanyna geldiler. — Piriňe döneýin janawer, azarsyz-bizarsyz geldiňmi ýagty jahana — diýdi-de, seýis täze bolan taýyň burnuna taýly gezek üfledi. Atbakar täze bolan taýyň burnuna üflemelidigini bilýärdi, ýöne onuň näme üçin şeýdilýändigini bilmeýärdi. — Muňa näme at dakarys, seýis aga? — Munuň ene-sä Keýik, atasam Ganat, Garlawaçdan gaýdýar. Şonuň üçinem bu bedewe Gutlyaýak dakaýaly. Goý, onuň aýaklary bagt getirsin! — Şeýle bolsun, seýis aga. — Ýör indi, ikimiz çaý içeli, onsoň, ýatmankak ýene bir aýlanarys, ýör hany, enesi taýçanagyny gabanyp başlady. Şeýlelik bilen Gutlyaýak athananyň durmuşy, atbakarlar bilen öwrenişip başlady. Taýçanak Merdan bilen has-da ysnyşdy, ony gördügi gulaklaryny keýerdip, athanadan çykmaga howlukdy. Bu ýagdaý Orazgeldi seýsiň gözünden sypmady. Ol taýçanagyň Merdan bilen höwrügýändigini duýdy. Merdan olaryň ýatagyny arassalaýan, ideg edýän pursatlary taýçanak atbakar bilen oýun eden bolardy. Taýçanak iki ýaşyna golaýlaberende, oňa kelleki geýdirip, münüş öwretmeli bolanda Gutlyaýak beýleki atbakarlary ýanyna-da getirmedi. Ol Merdanyň hökümli sesine boýun bolýardy. Ýöne münüşi welin juda ýokuş görýärdi. Şeýle-de bolsa, atbakaryň erjelligi Gutlyaýagyň kejirliginden rüstem çykdy. Bedew indi çapuw ýodasyna çykyp başlady. Seýsiň sargydy boýunça Merdan Gutlyaýagy şol gaýraky ýeketuda tarap sürdi. Onuň geçýän menzili gün-günden artdyryldy. Wagt tutup, müň metr aralyga darym ýetirildi. Gutlyaýagyň görkezýän wagty barha gowulaşyp başlady. Ine-de, ýetginjek çapyksuwarlaryň ýazky çapyşyklary başlandy. Gutlyaýak möwsümiň başynda topbaga-da goşulyp bilmedi. Soňabaka ol bu ýagdaýa öwrenişdi. Onuň aýaklarynyň ýazylýandygy bildirip ugrady. Gutlyaýak ýazky möwsümiň soňky çapyşyklarynda ýeňiş yzyna ýeňiş gazandy. Orazgeldi seýis ýazky möwsüm tamamlanandyram, Gutlyaýagy seýislemäge çynlakaý girişdi. Ýöne bedew Merdan bilen şeýle bir öwrenişipdir. Ol bu atbakardan başga hiç kimi özüne eýe hasaplamaýardy. Oňa iým bolsun, bede bolsun — diňe Merdan bermelidi, hat-da ony suwa ýakylanda-da Merdan bedräni elinde saklamalydy. Suwly bedräni ýerde goýsaň suwsuzam bolsa Gutlyaýak oňa eňek basmaýardy. Ine, bedewiň şu bolşuny seýis birhiliräk görýärdi. Çapyşyklaryň güýzki möwsüminde Gutlyaýak has-da ýyndamlyk görkezdi. Ol möwsümiň ahyryna çenli iki ýaşar bedewleriň arasynda aýlawy baglan hasaplanyldy. Güýzki çapyşyklardan soň seýis atlaryň otuny, iýmini bol berdi. Bedewler ýylmandylar, olaryň juda zerurlyk bolaýmasa ýerinden turaslary gelmeýärdi. — Seýis aga, atlar semräýjek öýdýän — diýip, atbakarlaryň biri biynjalyk edýän sowalyny seýsine berdi. — Çapylýan atlar semremez, ýöne endamy ýylmanar, kuwwatlanar, bu hem olar üçin bähbitli bolar. Sen olaryň işdäsini kemmezligini dile, galany atbakarlara hem seýse bagly. Seýis atbakarlar bilen seýisçiligiň oňyn ugurlaryny ulandylar. Mart aýyndan başlap, çapylýan atlaryň gezdirilýän menzili artyp başlady. Atlar hyjuwyna bäs gelip bilmeýän syrdam bedewlere öwrüldiler. Bedew baýramçylygynda guralan toý çapyşygynda hem Gutlyaýak ýeňiji boldy. Orazgeldi seýis Gutlyaýagy hemme çapyşyga goşmady. Şeýle-de bolsa, ony güýçlendirilen usulda seýisledi. Merdanam hemişe onuň ýanyndady. Güýzki çapyşyk başlandyram, seýis Gutlyaýaga Merdany mündürdi. Indi olar yzygiderli bile bolýardylar. Güýzki möwsümiň aýgytlaýjy tapgyry gelip ýetdi. Bu gezek jemleýji çapyşykda ýaryşyň baş baýragy ugrunda bäsleşik boljak. Üç ýaşar bedewleriň arasynda geçirilýän bu çapyşyga Gutlyaýagam bellige alyndy. Ýöne çapyşyga üç gün galanda, Merdan syrkawlady. Ol athanada derläp, daşaryk köýnekçe çykypdyr, güýzüň çigrek şemaly süňňüne ornapdyr. Orazgeldi seýis ony soramaga baranynda Merdan ýorgan-düşekli ýatyr. — Şu gezekki dümew bekräk degäýipdir — diýip, ejesi onuň daşynda kökenek. — Irden hem agşamlyk lukman gelip, em edip gidýär, ine-de dermanlary, çapyşygym bar diýip sap-sadylla bolup otyr-da balajygym — diýip, naçar ene sözüniň üstüni ýetirdi. — Sen, başga zadyň pikirini etme-de ýagşy gutul köşek, entek biz, nesip bolsa, kän çapyşyklara gatnaşyp, baýraklary ýüzümize sylarys. Sen lukmanyň diýeni bilen boluber, sag otur onda, sag boluň, Alla şypa bersin, tiz gutulsyn. — Wah, gorkuly zat ýok-la, özüni ýylysaklasa gutular balam. Ýöne, men, aýlawa gitjek diýiberýär. — Sen saglygyňa seret, başga zat barada pikir etme. Orazgeldi seýis athana gelip, Gutlyaýagyň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Atbakarlar onuň keýpiniň ýokdugyny aýtdylar. Seýis iňkise gitdi. Örän jogapkärli çapyşygyň öňüsyrasynda bedewiň beýdip durmasy bolmaýar. Ýaryşda dokuzyň düzüw bolanda-da, ýeňiş gazanaýmak aňsat däl. Dynç güni säher bilen Orazgeldi aga Gutlyaýagyň ýanyna geldi. Bedewiň şol bir bolşudy. Ol Merdanyň gelerini isleýärdi. Seýis muňa düşünip otyrdy, ýöne nätsin, Merdan syrkaw ýatyr ahyryn. Atbakarlar bedewiň ýanyna geldiler. Olaryň biri jübi telefonyna märekäniň şowhunyny ýazypdyr. Ol şol sesi eşitdirdi. Gutlyaýak bu sese diňşirgendi, başyny belende galdyryp, hokrandy. Athananyň içinde aýlanyp başlady. Seýis bu ýagdaýa begendi. Ol dessine bedewi eýerlemegi tabşyrdy. Eýerlenen Gutlyaýagy daşary çykardylar. Oňa ýaş çapyksuwarlaryň biri atlandy. Bedew çapyksuwara gaňrylyp-gaňrylyp seretdi, keýpsizlik bilenem bäsleşik geçirilýän tarapa ugrady. Baş baýrak ugrundaky çapyşygyň başlanýandygy yglan edilende bedewler tomaşaçylaryň öňünden geçip başladylar. Olar agzybirlik bilen badalga ýerine geldiler. Iň soňky taýýarlyk işleri görlensoň, jaň sesi eşidildi. Şeýlelik bilen jemleýji çapyşyk başlandy. Gutlyaýak çapyşyga goşulmaýan ýalydy, bu gezek olar tomaşaçylaryň öňünden iki gezek geçmeli. Atlar märekäniň golaýyna gelip, şowhun galyp ugranda, Gutlyaýak muňa göterilen ýaly etdi. Ol aýak urşuny üýtgetdi. Şeýle-de bolsa ol, öňe saýlanmady, bir depginine gidiberdi. Bedewler topbak bolup baryşlaryna, ikinji gezek märekä golaýlaşdylar. Ine-de, iň soňky dört ýüz metrlik menzil. Gutlyaýak märekäniň sesine ýene ekezlendi, ol öňe geçip başlady. Indi öňde diňe bir at bardy, Gutlyaýak onuň bilen hem deňleşen ýaly etdi. Ýöne pellehanadan geçenlerinde Gutlyaýagyň ýarym boýun yza galandygy belli boldy. Gutlyaýak özüniň ýeňiş gazanmandygyna juda gynandy, onuň yzyna dolanasy gelmedi. Şol pursat Orazgeldi aga gelip ýetdi. Ol: «Bar oglum, sen eýeri sypyr-da baýrak berilýän ýere baryber, bu gezek ikinji orna hem baýrak berilýändir, bedewi özüm alyp bararyn». Şeýdip, seýis Gutlyaýagy idip ugraberdi. Ýöne bedewiň baýrak berilýän meýdança giresi gelmedi. Orazgeldi aga ony öz erkine goýberdi-de, çapuw ýodasy bilen ýöräberdi. Gutlyaýagy gören märekäniň şowhuny artdy. Bedew birneme daýawlandy, başyny belent tutdy, ýöreýşini üýtgetdi. Şol pursat çapyksuwar ylgap gelýärdi, onuň elinde baýrak berlen haly bardy. Ol gelşine halyny Gutlyaýagyň gerşine ýapdy. Gutlyaýagyň bolsa ugry athana tarapdy. Goja seýis atynyň namys edýändigine düşünip, oňa gaty-gaýrym zat diýmän öz erkine idip barýardy. Munuň özi ynsan gylykly bedewiň özüne ýakyn adamlara wepasynyň aňyrdandygyny aňladýan görnüşdi. Gylyçmyrat GURBANOW. | |
|
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |