06:37 Bedew edebi / hekaýa | |
BEDEW EDEBI
Hekaýalar
Athanada Melegaýdar atly bedewe aýratyn gadyr goýulýardy. Sebäbi bu bedewiň düşbüligi zadyň çeni däldi. — Seýis aga, men şu bedewiň häsiýetine haýran galýan-da — diýip, Öwezguly çapyksuwar aty idip barşyna Annabaýram seýse habar gatdy. — “Ynsan gylykly” diýlip ýöne ýere aýdylýamy näme, bu janawarlar bir gürläp bilenoklarа. Öwezguly, sen onuň boýnundaky alajany biraz gowşat, gysýan ýalymy şol? — Hä, bolýa — diýdi-de, çapyksuwar atyny saklap, alajany giňeltdi. — Indi haýdadyber, Nowruz baýramy mynasybetli uly çapyşyk boljak, şoňa taýýarlaly, Ýeketutdanam aňyrdan aýlagyn, gelýänçä ýagşy çygjarsyn. — Gelip, ýuwaýsamam bolara? — Bolar, geleňden onýigrimi minut geçensoň ýuwgun, ýöne gerşine suw degräýmegin. Öwezguly Melegaýdara atlandy-da, gaýralygyna sürdi. Ol bedewi gorgun ladyp barşyna süýji hyýallara çümdi: «Nesip bolsa, Melegaýdar ýeňiji bolar. Ony teleýaýlymlarda görkezerler. Şonda Jennetem görermikä? Öz-ä her aýlawa seredýän diýipdi. «Seni görmek üçin...» diýermikä öýtdüm welin, diýmedi-dä» diýip, içini gepledip barýan Öwezguly ýylgyranyny-da duýmady. — Heý, Öwezguly, eýeriň gaşynda näme gülkünç zat gördüň? — diýen sözler ony özüne getirdi. Görse, goňşy athanasynyň atbakarlary. Öwezguly näme jogap berjegini bilmedi. Oglanlaryň biri ony duzlap galdy. — Aý, alabahar-da, indi ýetginjek bolsaň, yşkyň oýanar. Oglanlaryň aýdanlary jogapsyz galdy. Öwezguly Melegaýdary Ýeketutdan has aňyrdan aýlady. Bedew ýagşy çygjardy. Bir günem seýis Nowruz baýramçylygy mynasybetli geçiriljek at çapyşyklarynyň belli edilendigini, baş baýraga gatnaşýan bedewleriň kesgitlenendigini, oňa Melegaýdaryňam goşulýandygyny habar berdi. — Melegaýdaryň ýanynda haýsy atlar bar, seýis aga? — Jemi on at goşulýar. Geldi aga nyň Dordepeli, Hojam aganyň Ýelhany bar... Öwezguly Dordepeliň adyny eşi dip, iňkise gitdi. Ol: «Bäh, Dordepel-ä eýgertmese gerek, ol örän kuwwatly hem juda ýyndam-da» diýip içini gepletdi. Ertir baýram diýlen güni bedewleri darym etdiler. Şonda Dordepeliň görkezen wagtynyň Melegaýdaryňkydan biraz gowrakdygyny Öwezguly eşitdi. Ol bu barada seýsine gürrüň berdi. — «At çapmaz, bagt çapar» diýlenidir, köşek, sussuňy pes tutma, ony Melegaýdar duýsa-ha, gümansyz, galarsyň. Çapyksuwara ussatlygam zerurdyr welin, ilkinji gerek zat ynamdyr. Atlar badalga tarap geçip başladylar. Şonda Öwezguly Dordepeli içgin synlady. Kuwwatly bedewiň buýsanjy ýetikdi, ol ullakan kellesini talawladyp, parahat ýöräp barýardy. «Guýrugy dagy soň oturdylan ýaly» diýip, Öwezguly içini gepletdi. Inede, badalga enjamlary bedew menzillerine ýol açdy. Topbak bolup barýan atlaryň arasyndan Melegaýdar öňe geçip başlady. Bu onuň endigidi, şeýdibem saýlanyp pellehanadan geçmelidi. Ýöne Dordepel ony sypdyrar ýaly däldi. Ol Melegaýdara ýaplanyp diýen ýaly gelýärdi. Soňky dört ýüz metrlik menzil başlandyram, Dordepel Melegaýdaryň deňi bilen çapyp baş lady. Öwezguly bar güýjüni sarp edip, bedewi gyssaýardy. Melegaýdar aýaklaryna şunça agram bersede, garşydaşyndan ýarym boýun yza galdy. Pellehanadan geçip yza dönenlerinde, Melegaýdary synlap, Öwezguly haýran galdy. Adatça şunuň ýalyda bedewiň gözünde ýaş bulduraýardy, çapyksuwardanam, seýsindenem öýkelärdi. Bu gezek welin beýle bolmady. Melegaýdar hiç hili galagopsuz baýrak berilýän ýere geldi, özüne degişli baýrak berlensoň, athana tarap gönükdi. Ýazky möwsümde seýis Melegaýdary ýene-de Dordepeliň gatnaşýan çapyşygyna goşdy. Seýisleýiş usuly üýtgedildi. Baýrakly çapyşyga gatnaşýan atlar märekäniň öňünden geçip başladylar. Melegaýdar ikilik belgide, Dordepel üçünjidi. Alypbaryjynyň: “Ikinji belgide Melegaýdar atly mele bedew, ol...” diýen sözlerini eşidip, Öwezguly bedewi gyssady. Ol Dordepeliň yzyna düşüp barýardy. Ýöne bedew çapyksuwaryň emrini berjaý etmedi. Öwezguly Melegaýdary Dordepeliň öňüne geçirjek bolup, elinde baryny etdi, ýöne bedew ýörişinem üýtgetmedi. Alypbaryjy oňa üns bermän, çapyşyga goşulýan atlaryň sanawyny yglan edýärdi. Bu ýagdaýy synlap duran ýaşuly seýis öz ýanyndan: «Mert bedew ýeňijä hormat goýýar» diýenini duýmady. Atlar goşuldylar. Olaryň topbagy derrew sozuldy. Ýygy-ýygydan ýerlerini çalşyp başladylar. Melegaýdar barha öňe dyzaýardy. Bu gezek Dordepelem öňdäki orny sypdyrman barýardy. Melegaýdar oňa ýakynlaşyp başlady. Soňky öwrüme ýakyn barlanda, atlar ýenede bir topbak boldular. Olar şol durşuna iň soňky tapgyra gönükdiler. Ýöne ýagdaý üýtgedi. Ýyndam bedewler saýlanyp başlady. Indi öňde diňe Dordepel bardy. Melegaýdar Dordepeliň deňinden geçýän ýalydy. Bu, dogrudanam, şeýledi. Ol eýýäm ýarym boýun geçipdi, ýuwaşýuwaşdan öňede saýlandy. Ol barmanada pellehananyň nalyň şekili oturdylan sütüniniň deňinden geçildi. Märekäniň şowhuny aýlawy göçürip barýardy. Bedewler pellehanadan ep-esli geçip, yzyna dolandylarda, baýrak berilýän meýdança tarap ýöneldiler. Bu gezek welin Melegaýdar Dordepeliň deňinden buýsançly başyny dik tutup, arkaýyn geçip gitdi. Gylyçmyrat GURBANOW. | |
|
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |