18:25 Bedrana / hekaýa | |
BEDRANA
Hekaýalar
Bekir Ýyldyz 1933-nji ýylda Urfa şäherinde doglan. Romançy, nowellaçy, publisist. Tipografiýa mekdebini gutaryp, çaphanaçy bolup işledi. Döredijilik işine 1966-njy ýylda başlady. Birinji kitaby – “Türkler Germaniýada” 1973-nji ýylda Bekir Ýyldyz Aziýa we Afrika ýurtlarynyň ýazyjylarynyň V konferensiýasynda Türkiýäniň wekili boldy. Bekir Ýyldyzyň eserleri rus dilinde ençeme gezek neşir edildi. * * * Ertirden bäri gazaply ýel şuwlaýardy. Ysgynsyzy-ha öňüne salýardy, ejizem ýere pylçaýardy. Birdenem gar ýagmaga başlady – ilki ýeri örtdi, soňam gömüp taşlady. Garadagyň üstüni ýalanan ýaly edip, Meçmenbahar obasyna möjeklere ýol açdy. Bedrana ýorganyny dyzyndan aýyrdy. Ojakdaky közi dörjeledi. Ot çala ýylpyldaýardy. - Gowusy ýataýyn – diýdi. Naif kellesini galdyrdy. Aýalyna üns bilen seretdi. - Ody öçürme. Şu gije ol iş bilen bellisini etmeli – diýdi. Näme üçindir onuň dodaklary tibirdeýärdi. Aýaly howsala düşdi. Ol: - Ol haýsy iş? – diýip, birden saklanyp bilmän sorady. – Oduň bilen girip, külüň bilen çykaýyn, gaýdyp agzamasana şony. Zenanyň ýüzi ak tam boldy. Başyny egdi. Ýüregi gürsüldäp urmaga başlady. Naif ojagyň ýanyndan beýleräk süýşdi. Gurşan aýaklaryny owkalaşdyrdy. Kellesini galdyrdy. Bedrana welin ärinden gözüni aýranokdy. Bütin göwresini gorky basýanyny duýýardy. Ol äri bilen geçiren birinji gijesini ýatlady. Şol gije-de beýle gorkmandy: megerem, äri ol gije mähirli bolandyr? - Hm – diýip, Naif uludan demini aldy. “Gaty bir howlugyp hem oturmaly däl” diýip, ol içinden pikirlendi. Naif gapyny daşyna serpdi. Dumly-duşuň ap-ak gardy. Şonuň üçinem gije ýagtydy. Ol bir hdep mundan ozal ýasawullaryň yzyndan iberilen adamyň giden ýoluna tarap seretdi. Möjekler uwlaýardy. Bu gün olar öten agşamka garanda, has golaýa gelipdi. Naif dişini gyjyrdadyp, gapyny bat bilen ýapanda, Bedrananyň ýüregi jigläp gitdi. Naif iç işikdki gemreden alyp, ody ölçerdi. Ojagyň ýanynda güýmenip ýörkä-de, Bedrana ondan gözüni aýranokdy, uky zym-zyýat bolupdy. Olaryň nazary sataşdy. Şemal tamyň diwaryna bat bilen güwläp urulmaýan bolsady, olar biri-biriniň dem alşyny hem eşiderdiler. - Nämä jiňkerýäň? Bedrana başyny dyzynyň üstünde goýdy. - Men senden gorkýan – diýip, ol ýuwaşja aýtdy. – Gözleriňden gorkýan. - Hm... Ölen bolsaň, gowy bolardy... – diýip, Naif hüňürdedi. – Köçä çykarlygym ýok: uly iliň gözi sende. Özümi öldüräýmeklerem mümkin. Iberen adamymyz entegem gelenok. Ýollaram gar basdy... Bedrana: - Sabyr et, ertir irdenjik geler, gitjek ýeri bolmaz. Belki, ýasawullary hem ýany bilen getirer – diýdi. Naif gaşyny çytdy. - Wah, gün kelte. Bu garda, bu aýazda häkim ýerindenem gozganmaz... Belki, ol şähere-de ýeten däldir. Ýolda möjekler... - Men günäkär däl ahyry! – diýip, Bedrana gürrüňe başlady. – Men ol işe kes-kelläm razy däldim. Bu ýagdaýyň nähili bolandygyny uly ilem bilýär... Naif sapançany çykaryp, oajagyň ýanynda goýdy. Bedrana tarsa böküp, tamyň burçuna gysyldy. - Gorkmasanaý – diýip, Naif parahat äheňde aýtdy. Seni öldürmerin, söz berýän. Men Şahin Kado däl. Geçen gezek nähili bolanyny gördüň-ä, ol ýigid-ä türmä basdylar, onuň üstesine-de, şu hili kanun bar diýýärler. Bedrananyň göwnünde ynanç uçgunjygy ýylpyldap gitdi. - Gördüňmi! – diýip, ol äriniň sözüni böldi. – Meniň ol işi edesim gelmedi, şonuň üçinem maňa zat diýmezler, ol nejisi welin, türmä dykarlar. - Hany, ýasawullar niredekä? – diýip, Naif gaharly gygyrdy. Bedrana äriniň ýanyna emedekläp geldi. - Ynha, görersiň, olar gün dogan dessine gelerler... Seniň üçin ölmäge-de taýyn, ýöne garaş, gün bir dogsun... - Gelerler, bu zatlar Alla tarapyndyr... Ata-babalarymam häkimlere gulak asmandyr. Şahin Kado häkimleriň eline düşende, tas hemmämiz däliräpdik... Şäheriň kanunlary biz üçin hökman däl. Ol dymdy. Indi olar biri-birine seredenokdylar. Bedrana ýygrylyp, şol öňe baka seredip otyrdy. Naif howlukman sapançany aldy. Aýaly äriniň elindäki ýaragy göreninden, ýylan çakan ýaly zöwwe ýerinden galdy. Ýöne, Naifiň kellesine täze bir pikir gelen bolmaga çemeli. Sapançany ýerinde goýdy. Ol häzir parahatdy... äriniň hereketlerini synlap oturan Bedrana uludan demini aldy. Naif gözüni asmana dikdi. Bedrana-da ýokaryk seretdi, petikdäki gaňyrçagy sallançak üçin niýetläp goýupdy, bu sallançakda ol dünýä injek çagasyny üwrejekdi, ol günem indi daşda däldi. Bäş-alty aý bäri göwrelidi. Onýança-da adamsy ondan: - Şu beladan sag-aman gutulasyň gelýärmi? – diýip sorady. Bu sapar onuň sesi has mylaýym eşidildi. Bedrana onuň golaýragyna bardy-da: - Dagy näme, hökümdarym. Seniň üçin hemme zada taýyn, ýöne gan dökülmese bolýar – diýip, ýuwaşja gürledi. Naif gözüni süzdi. - Onda diňle, Bedrana – diýip, ol hem pessaý söze başlady. - Sen maňa belet, ýeriň aşagynda ýylan gäwüşese bilýän. Özümiňem tüýs diýen wagtym, aklymam, zehinimem daşy deşýär. Onsoň häkimlere-de, oba-da şeýle bir oýun görkezerin welin, edil agzyňy açarsyň. - Wah, şo haramylaň barsyny ýer hopsun-da – diýip, Bedrana boýurgandy. - Sen özüňi asarsyň! Daşarda ýagyp duran gar hakyt Bedrananyň ýüregini gömen dek boldy. Ol zordan: - Bu ölüm ahyry – diýdi. Naif başyny ýaýkady. - Ýok-laý, walla, ýalandan, göz üçin... - Ýüpe-de ýalanan sallanarynmy? Naif ýyrşardy-da: - Düşün, Alla bize ýagtylyk eçilmese nätjek, tüm garaňkylyk ahyryn – diýdi. – Biziň ömrümiz, keýwanym, gapaksyz pitiden bişirilen duzsuz çorba ýaly tagamsyz... Aýal diýilýän dar köwüş ýaly bir zatdyr. Eger gyssa – zyňylaýýandyr, ýöne äriniň namysyna degilse welin, ýöne-möne sypýan däldir. Kakaň bilen agaň arkaňy alyp durlar. Eger men günäňi geçäýmesem, olar geçmez. Näçe gündür daşam çykyp bilemzok? Bütin ba meniň namys-ar astynda galmazlygymy isleýär... Bedrana galpyldap oturyşyna aamsynyň diýýän zatlaryny diňleýärdi. Äri sesini kesende ol az-kem demini dürsedi... Naif ojagyň beýle ýanynda ýatan sapançany alyp, biline dakdy. - Gulak as, keýwany – diýip, ýene täzeden gürrüňe başlady: - Oba – şäher däl. Daglardan ýaňa ýollarymyz petik. bizi diňe biri ölende ýatlaýarlar... Häkimler Şahin Kada näme diýipdirler, şony bilýäňmi? Olar oňa: “Aýalyň başga kişi bilen ýatanyny bileňde, galmagal turumzaly däl eleniň. Bize aýdan bolsaň, elinje gelip, üstünde tutardyk...” diýipdirler. Akmaklar diýsäni! Ýasawullar bärik aşýançalar bir gün, bir hepde, bir aý geçmegem ahmal... Naif ýene dymdy. turup, birnäçe ädim ädip, ýokardan asylgy gaňyrçagyň aşagynda sägindi. - Ýogyn ýüpümiz barmy? Naçar gelin sandyrap, erbet galpyldap ugrady, ýalandan aýdan bolsa-da, bu sözler gaty aýylgançdy. - Bar – diýip, ol zordan jogap jogap berdi. – Geçen güýz eşegimiz üçin uzyn ýüpi özüň alypdyň-a... - Bar, onda getir-dä. Taýynlyk görmeli. Gün dogan badyna özüňi asarsyň... Ýalandan... Häzir welin ölçäli... Bedrana onuň aýagyna ýykyldy. - Gorkýan – diýip, ol gözýaş dökdi. Başgarak çykalga ýokmy, hökümdarym? Günämiň ýokdugyny bilýärsiň ahyry. Uly ilem bilýä... Naif ony beýleräk itdi. - Başgarak-da bolýar: seniň bilen näme etmelidigini özüm çözmeli. Bir zady bek belle, nähili bolaýanda-da, kakaň bilen agaň seniň diri gezeniňi islänoklar. Olar muny üç-dört gün mundan öň aýtdylar. Ähli oba gürrüň edýär. Şahin Kado häkimleriň eline düşmedik bolsa, men seni şol bada öldürerdim. Ýasawul oňä: “Siziň adatlaryňyz ösüşi bökdeýär’ diýýär. Şahin Kado welin: “Biziň kanundan başymyz çykanok, obamyzda sowatly adamam ýok, şol kanunlary bilenimizi gowy görýän bolsaňyz, ähli oba jar çekäýiň...” diýip jogap berýär. - Onsoň ýasawul näme diýýä? – diýip, Bedrana howlugýar. - Ýasawulam kanuny bilmezlik jenaýaty aklanok diýýär. - Indi Şahine näme bolarka? Ömrüň uzak bolsun, hökümdarym. - Kakasynyň hasaby boýunça, ol türmeden garranda çykmaly. - Şeýle diýsene... - Hä, näme? - Aý, hiç. Menem, senem, agamam, kakamam günä gazanaýmarys-da? Ýalandan asylmak bir gowumyka? Wah, şu şäheri ýer ýuwdaýbilsedir! Munuň kada-kanunlary biz üçin däl-ä... Ynha, asyldymam-da... Onsoň, eý, gözümiň göreji, yzy näme?.. - Möjekler indi gaty ýakyndan uwlaşýardylar. Olar göýä gapy açylyp, edil häzir içerik dazlaşyp giräýjek ýalydy. Gün dogup gelýärdi. Ojak sowap galypdy. Bedrana ärinden gözüni aýyrman, soragyny gaýtalady. Naif ahyry: - Bir zada düşün, bir okda iki towşany awlajak: häkimiýetem aldasym gelýär, gara tegmilimem aýrasym gelýär. Gün dogup-dogmanka, halkany boýnuňdan asyp, asylan kişi bolarsyň: “Bedrana özüni asypdyr” diýerler. Şol bada-da seni halkadan çykararyn. Ýatan ýeriňde ýuwaşjadan gymyldap ugrarsyň – hamala, özüňe gelýän ýaly... Biziňkilerem seniň bu bolşuňy görüp, berekella, öz janyna kast edipdir, ýöne Allajan ýol bermändir diýerler... Şeýdip, gan talap etmeklerinem goýarlar... – diýdi. - Bardy-geldi häkimler geläýse nähili bor? – diýip, Bedrana sorady. - Onuňam pikirini ederis, häzir welin ýüpi getir, ölçäp bir göreli... Bedrana ýerinden gozganmady. - Gördüňmi, ýalandanam ölesiň gelenok – diýip, Naif igendi. Ýa-da ýalbarmalymy? - Ykbalymyň beýle ajy bolşuny diýsene – diýip, Bedrana horkuldap, gözünden boýur-boýur ýaş döküp, ýüp getirmäge gitdi. Naif bolsa şu iki arada öýdäki bar ýassyklary gaňyrçaga gabatlap üýşürip goýdy. Bedrana geldi. - Bol bakaly, keýwany, ýüpüň bir ujun-a gaňyrçakdan ildir, beýlekisinem kelle sygar ýaly edip halka ýasa. Bedrana pahyrjyk doňup galdy. Elleri titräp, ýüregi agzyndan çykaýjak bolýardy. Ol ýuwaşja: - Jan diýilýän zat süýji zat ekeni. Göz üçin edilse-de, gaty aýylganç. Ýüpi gaňyrçakdan ildirip, halkany özüň düwäý. - Ýo-ýo-ýo, maňa bolmaýa, seniň özüňjik, öz eliň bilen etmeli. Bar işem şonda-da... Bedrana, zordan ellerini titredip, halka ýasama başlady. Başyny ýokary galdyryp, gaňyrçaga seretdi. Naif aýalynyň güýçli, ýaşajyk göwresini göterip, örüklen ýassyklaryň üstünde goýdy. Aýayna diňe elini uzadyp, ýüpi gaňyrçakdan asaýmak galdy. Bu zatlary edenden soňam ol bökjek boldy, emma Naif ony saklady: - Dur entek. Indi daň. Ol ony ýokarrak galdyrdy. Aýaly ýüpi daňdy. - Ynha, boldy – diýip, Bedrana haýaljak gürledi. – daň atan badyna men asylmaly, şeýlemi? Onsoň... Naif ony gürletmedi. Indi onuň özem titräp başlapdy, ýöne aýaly bu zatlara üns bermän sowalyny gaýtalady: - Daň atan badyna men asylmalymy? - Hawa, hawa – diýip, Naif howlugyp jogap berdi. Häzir welin barlap görmeli, ir bilen bökdençsiz, ýasama bolmaz ýaly barlap göreli. Eý, meniň gara gözli jerenim... Bu zenanyň gözleri hakykatdanda jereniň bigünä gözlerini ýadyňa salýardy. Ýöne welin bu gözlere ýagty jahany görmek miýesser etmändi... Bedrana halkany boýnuna ildirdi. - Şu durşy gowumy? - Ýene kelläňi birazrak uzat, indi boýnuňdaky ýüpi dzüedişdir... Bedrana düzedişdirdi. - Ynha, indi boldy... Ol şar gara owadan gözlerini gyrpman ärine bakyp durdy. Olaryň nazary sataşdy... Möjekleriň sesi kem-kemden daşlaşýardy... Naif bu işi bireýýäm özüçe çözüpdi,onuň üçinem horazlar gygyrmanka bahymrak dynasy gelýärdi. Ol bat bilen aýagynyň aşagyndaky ýassyklary depdi. Bedrana birhili titräp-titräp gitdi. Naif saklanyp bilmän çyrany öçürdi... Bekir ÝYLDYZ, türk ýazyjysy. Terjime eden: Kemal YKLYMOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1988 ý. | |
|
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |