12:30 Bekgi Berdiýew | |
BEKGI BERDIÝEW ■ Epigraf ýerine: TSSR Magaryf halk komisarlygynyň kollegiýasynyň çleni Bekgi Berdiýewiň Moskwa, «Hlopkoma» işe ugradylmazynyň öň ýany TSSR HKSniň başlygy Gaýgysyz Atabaýewiň TK/b/P MK ýazan hatyndan: «Biz medeni we hojalyk güýçlerine adatdan daşary garyp. Şonuň üçinem işgärler paýlanylanda ýada merkezi edaralardan alnanda, ilki bilen, şu nazarýetden ugur alynmalydyr. Türmen milletiniň emele gelýän şu döwründe Magaryf halk komissarlygyna uly wezipeler degişlidir. Bu işlere dogry düşünýän ýeketäk adam bar. Olam Berdiýew. Şo sebäplem men onuň Moskwa işe ugradylmagyny unamok. Ony Magaryf halk komissarlygynyň ygtyýarynda goýmaly diýip hasap edýärin». Sprawkadan: «Berdiýew Bekgi Emirowiç, 1897-nji ýylda Mary şäherinde doglan, türkmen, SSSRiň graždany, pomeşik maş galasyndan, ýokary bilimli, käriuniwersitetiniň mugallymy. Graždan urşy döwründe Zakaspide aklaryň hökümetinde azyk ministry, ak go şynyň hatarlarynda Gyzyl Goşunyň bölümlerine garşy aktiw göreşen». ...1932-nji ýylyň fewral-mart aýlarynda Türkmenistan SSR niň GPU-sy tarapyndan «Türkmen azatlygy» diýlip atlandyrylan milletçi kontrewolýusion gozgalaňçy guramanyň üsti açyldy diýlip habar berilýär («Türkmen azatlygy» diýen guramanyň aslynda bol mandygyny okyjylara öňünden aýdasym gelýär – A.Ç.). Bu gurama bilen baglanyşykly 34 adam jenaýata çekilip, tussag edilýär. 1932nji ýylyň 15nji ýanwarynda bolsa bu guramanyň baştutanlarynyň biri hökmünde Bekgi Berdiýew ele salynýar. Sprawkadan: «Berdiýew «Türkmen azatlygy» milletçi kontrre wolýusion guramanyň çleni bolan döwründen guramanyň program masyny we taktikasyny, usullaryny işläp düzmäge aktiw gatnaşypdyr, ýokary okuw jaýlarynyň okuwçylarynyň arasynda kontrrewolýusion işi yzygiderli geçiripdir. Bu hakda günä ýöňkelýän A. Hojamberdiýew 1932-nji ýylyň 17-19-njy iýulynda edilen sorag döwründe öz eli bilen ýazyp, şeýle düşündiriş beripdir: «...Berdiýew we beýleki milletçi elementlerriň Bakuwdaky birinji türkologik gurultaýy döwründe prof. Çopan Zade, prof. Köprüli we başga türkologazerbaýjanlar bilen geçirilen ýörite ýygnakda türk dillerini birleşdirmek liniýasy türkmen delegasyýasy tarapyndan doly goldaw tapýar. Şonda azerbaýjan milletçileri tarapyndan türkmen intelligensiýasynyň bu babatda hemme taraplaýyn goldanyljakdygy wada berilýär. Bu zatlar milletçi toparyň kontrrewolýusion ideýa laryny amala aşyrmakda öz wezipelerinden we her bir mümkinçilikden peýdalanýandygyna güwä geçýär. Türkmen delegasyýasynyň Baku maslahatlary hakda Moskwadan Aşgabada gelen badyna maňa Orazmyrat Şamyradow gürrüň berdi». Günäkärlenýän O.M.Şamyradowyň 1932-nji ýylyň 1-nji dekabrynda sorag edilen döwründe beren görklezmesinden: «Türkologik gurultaý, öýlerine gaýdyp gelensoň, milletçilik meýilli elementler üçin täze güýç, täze görkezmeler bilen milletçilikli, kontrewolýusion işe başlamaga itergi berdi. Olar munuň üçin ylmyedebi jemgiýete perdelendiler. Gurultaý olaryň başyny bir ýere jem lemäge şert döretdi. Biziň aşgabatly delegatlarymyz ine, şu niýet bilen yzlaryna dolanyp geldiler...» Sprawkadan: «Bakuwda geçirilen türkologlaryň gurultaýyndan gaýdyp gelensoňlar, türkmen milletçileriniň ýolbaşçy ýadrosy Bekgi Berdiýew başlyklaýyn milletçi kontrrewolýusion guramany pygta landyrmak we onuň işini ýaýbaňlandyrmak ugrunda iş geçirýärler». Günäkärleýin Orazmyrat Şamyradowyň görkezmesinden 1932-nji ýylyň 16njy dekabry: «Delegatlar 1926-njy ýylda türkologlaryň gurultaýyndan gelmänkäler, şeýle hem Türkmenistanyň territoriýasynda ylmyedebi jemgyýet döredilmänkä dagynyk, bölekbüçek kontrrewolýusion we killer indi bir gurama birleşip, guramaçylykly iş alyp barýarlar...». 1932-nji ýylyň 17-nji iýulynda sorag edilende, günäkärlenýän Bektöre ylmyedebi jemgiýetiň işi barada has giňişleýin düşündiriş beripdir: «1927-nji ýylyň başlarynda men Bekgi Berdiýewiň öýüne çagyryldym. Barsam, öý eýesinden başgada M.Geldiýew, Kerbabaýew, Orazmyrat Şamyradow, Pereňliýew we beýlekiler oturan eken. «Biziň hemmämiz hem pikirdeş adamlar. Biziň syýasy garaýyşlarymyz, platformamyz we maksadymyz ne kommunistik partiýanyň programmasyna, nede Sowet häkimýetiniň syýasatyna gabat gelýär. Şonuň üçinem biz özümiziň syýasy ugrumyzy we garaýşymyzy amala aşyr mak maksady bilen zerur guramaçylyk formalaryny tapmalydyrys. B. Berdiýewiň pikiriçe, ylmyedebi jemgiýetiň öz içinde ýadro döretmek bilen, ol syýasy ýolbaşçylygy alyp barmalydyr. Onuň Sorag edilende günäkärlenýän Kakajan Berdiýewiň görkezmesinden (1932-nji ýylyň 4-nji marty): «1922-nji ýyldan soň, biz özbek kontrrewolýusion milletçi gu ramasynyň wekilleri bilen aýratynlykda milli kontrrewolýusion gura manyň MKsyny döretmek pikirine gelenimizden soň, Türkmenistan da şeýle guramany döretmäge girişdik. Günäkärlenýän Burunow bolsa 1932-nji ýylyň 23-24-nji aprelin- de sorag edilende, şeýle görkezme beripdir: «1926-njy we 1927-nji ýyllarda meniň öýümde Bekgi Berdiýew, Akmyrat Orazow, Bekjan Nazarow we başgalar ýygyýygydan du şyşdyk. Şo duşuşyklardaky gürrüňdeşliklerden Öwezbaýew bilen Bekgi Berdiýewiň Sowet häkimýetine bolan duşmançylykly garaýyşlary mesemälim boldy. Geçirilýän ähli çäreler tankyt edilýärdi we üstünden gülünýärdi. Sowady az daýhanlardyr işçileriň ýolbaşçy wezipelere çekilişine göwnüýetmezçilik edilýärdi. Sowet Russiýasy bilen buržuaz döwletiň arasyndaky urşuň hökmandygy, uruşdan soň gowy boljakdygy, sebäbi SSSRiň şol uruşda ýeňiljekdigi tekrarlanylýardy. Türkmen respublikasynyň döredilmegine garamazdan, onuň özygtyýarly däldigi, Türkmenistany türkmenler dälde, ýewropalylaryň dolandyrýandygy, olaryň hojaýynlyk satyp, edenini edip ýörendikleri hakda pikir ýöredýärdiler. Bu pikir esasanam Bekgi Berdiýew bilen Öwezbaýew tarapy ndan ýöredildi». «Guramanyň esasy maksady we wezipesi Angliýa bil baglamak bilen Orta Aziýanyň halklaryny Sowet häkimýetine tabyn bolmakdan azat etmekdir. Bu ideýany amala aşyrmagyň göreş taktikasy: öňünden taýýarlyk görmek bilen ýaragly gozgalaň – munda interwensiýanyň bolmagynyň ähtimaldygy göz öňünde tutuldy. 1932-nji ýylyň 17-19-njy iýulynda günäkärlenýän Abdylla Hojamberdiýewiň öz eli bilen ýazan düşündirişinden: «1927-nji ýylda bu guramanyň işgärleriň we ýaşlaryň arasynda alyp baran işleriniň maksady maňa aýdyň boldy: taktiki nuk daýnazardan hemem seresaplylygy elden bermän, guramanyň baştutany Bekgi Berdiýew ähli çlenleriň gatnaşmagynda guramanyň umumy ýygnagyny çagyrmady. Onuň planlary we metodlary bilen çlenleriň hemmesi tanyşdyrylmady. Diňe özüniň oňat tanaýan çlenlerine aýratyn tabşyryk berdi. Men guramanyň edebiýat, metbugat we pedagogika babatda alyp baran işleri bilen tanyş bolsamda, beýleki ugurlara beletçiligim ýok. Ýöne Bekgi Berdiýewiň, Geldiýewiň hem de Gulmuhammedowyň üsti bilen bu milletçilikli guramanyň metod lary bilen azdakände tanyş boldum». Sprawkadan: «Bekgi Berdiýew « Türkmen azatlygynyň» üsti bilen özbek milletçi guramasy bolan «Milliistiklal» bilen gatnaşyk saklapdyr...» Bu barada günäkärlenýän Şewki Bektöre 1932-nji ýylyň 7-nji iýulunda şeýle düşündiriş berýär: «Daşkente gelmezinden öň Bekgi Berdiýewe özbek we gazak milletçileriniň wekilleri bilen gatnaşygy ýola goýmak nabşyrylýar. Ikimiziň aramyzda bolan gysga gürrüňdeşlikde B. Berdiýew özüniň diňe özbekler bilen (Münewer Kary, Fitrat, Baty, Çolpan, Alýawy) gatnaşygy ýola goýandygyny we olara Türkmenistanda kontrrewolýüsion guramasynyň döreilendigini habar berendigini aýtdy...» Günäkärleýän Bekgi Berdiýewiň 1932-nji ýylyň 16-njy iýunynda sorag edilendäki görkezmesinden: «Türküstandaky (belki, Türkmenistandyr – A.Ç.) ylmyedebi jemgiýeti meniň görkezmäm boýunça döredildi. Sowet häkimýetiniň ýoly bilen gidip, milli garaşsyz Türkmenistany döretmek bilen, men onuň üsti bilen, türkmen milli medeniýetini döretmek ideýasyny ama la aşyrmagy niýet edinýärdim. Muny sowet apparatynyň üsti bilen amala aşyrmalydygy barada biz soň gazak ýoldaşlarymyz bilen mas lahat edemizde şeýle pikire geldik. Sprawkadan: «Türkmen azatlygy» guramasy iňlis razwedkasy tarapyndan yzygiderli pul kömegini alypdyr». Bu barada Kakajan Berdiýew 1932-nji ýylyň 22-23-nji fewralynda sorag edilende şeýle düşündiriş berýär: «Üç-dört gezek 150-200 müň manat möçberinde Maşatdan Allanuruň üsti bilen alyndy». 1932-nji ýylyň 26-njy fewralynda ol şeýle düşündiriş berýär: «1929-njy ýylyň aýagynda ýada 1930-njy ýylyň başynda «Türkmen azatlygynyň« Aşgabat şäher guramasynyň döredilmegi bi len, Manyş obasynyň üsti bilen Maşatdaky iňlis konsullygyndan bäş ýüz müň manat alyndy. Pulyň ýaňy bilen Jepbarowyň direktiwasy bar eken. Onda bu pullaryň guramaçylyk işlerine – pagta möwsümine, sowhoz işlerine, aýratynam dowarçylyk sowhozlaryna garşy, nebit gözleg işlerine päsgel bermäge, balyk senagatyna garşy iş alyp barmakda sowet işgärlerini satyn almak üçin niýetlenmelidigi görkezilipdir. Onuň 22-23-nji fewraldaky düşündirişinden: «Bekgi Berdiýew ikimiz Daşkentde Seýit Nasyr bilen bolan ýyg nakda programma hemde ustawy gutarnykly kabul edenimizden soň, 1922-nji ýylyň ahyrynda iňlisler bilen gatnaşygy ýola goýduk. Ony 1925-1926-njy ýyllardaky işleri hakynda Bekgi Berdiýew öz eli bilen şeýle düşündiriş beripdir /1932nji ýylyň 3-nji iýuny/: «GSU-yň başlygy hökmünde Türkmenistana işe gelenimden soň milli galkynyşyň tolkuny bilen öz garaşsyzlygymyzy gazanmagyň ugruna çykdym. 1932-nji ýylyň 1-njy iýunyndaky soragyndan. Bekgi Berdiýew öz eli bilen şeýle düşündiriş berýär: "... 1925-1929-njy ýyllardaky işlerimiň platformasy. Bekgi Berdiýew görkezmesinden (1932-nji ýylyň 20-nji apreli): «... Gizlin kružoklara gatnaşygym: B.Berdiýew özüne ýönkelýän günäleriň käbirini boýun alýar. Berdiýew öz dogany K.E.Berdiýewiň, G.Burunowyň, O.Şamyradowyň we beýlekileriň görkezmeleri netijesinde günäkärlenýär. Ýeri gelende aýtsak, olaryň özlerem jenaýatçy hökmünde 3 ýyldan 10 ýyla çenli möhlet bilen zähmet-düzediş lagerlerine iberilipdir. Sprawkaldan: 1. Zaki Walidow 1935-nji ýyla çenli Stambulda ýaşaýar. Şo ýerde uniwersitetiň professory bolup işleýär. Nemes razwedkasy bilen aragatnaşyk saklaýar. 1935-nji ýylda Mukden şäherine gidip, «IdealUral« at bilen geçirilen gurultaýa gatnaşýar. «Men gurply maşgalada doglan. Ýöne ýaman ada eýe boldum. Çünki 1917-1919-njy ýyllarda aklaryň Zakaspi frontunyň koman duýuşisi Oraz Serdar, onuň orunbasary Öwezbaýew bilen bilelikde Sowet häkimýetine garşy göreşe gatnaşdyk. Emma iňlis goşunlarynyň Zakaspi oblastyna okkupasiýasyny ýüregimden goldamaýardym... 1924-nji ýyldan başlap, men TSSR Magaryf halk komissarlygynda işledim. Rus dilinde okadylýan orta mekdepleri we ýokary okuw jaýlaryny açmak hakda iş alyp bardym. Şu maksat bilenem yl my-edebi jemgiýeti döretdim. Ýöne muňa respublikanyň partiýa ýolbaşçylarynyň talabyna dogry gelmeýän zat hökmünde nädogry düşündiler. Meni günäkärlediler, şonuň üçinem işimi taşlap, Özbegistana göçüp gaýtdym. 1932-nji ýylda haýsydyr bir gurama üçin tussag etdiler. Häzire çenlem Uhtada spesposeleniýede ýörün. Gürrüň edilende, Bekgi Berdiýew özüniň iňlis razwedkasy bilen, Zaki Walidow bilen gatnaşyklary hakda hiç zat aýtmandyr. Türkmen emigrantlarynyň adyny agzamandyr. Sprawkadan: «Ol özüniň Moskwa gatnaşyklary we Wladimir oblastynda ýaşaýan Antonina Wasilýewna Turçanowa bilen alşan şubheli hatlary dogrusynda hiç zat aýtmady». Bekgi Berdiýewiň düşündirişinden: «... Men şol köne garaýyşlarymda galýan. Ýurdumuzda edilen we ediýän işler dogrusynda men teoretiki taýdan ýlalaşýan. Ýöne näme üçin Krym tatarlaryny Özbegistana sürgün etdiler. Men Aşgabatda boldum. Türkmenistanyň şäherlerinde ruslar, ermeni, azerbaýjan agdyklyk edýär. Emma häkimiýet organlarynda türkmenler barmak basyp sanaýmaly. Men özümiň Türkmenistana iberilmegime rugsat berilmegini haýyş etjek. Öň başlan golýazma işlerimi ýazyp gutarmakçy. Türkmenleriň arasynda ýaşamagym meniň ylmy işlerimi ýazmagyma uly goltgy bolardy. Bu meniň üçin gaty zerur. «Ol meni gowy tanaýandyr». Eýsemde bolsa, öz halkynyň garaşsyzlygy, diliniň arassalygy, medeniýetiniň, edebiýatynyň bütin dünýäde ykrar edilmegi ugrunda göreşen, halkym diýip öz şirin janyny pida eden Bekgi Berdiýewi öz ili bir gowy tanaýarmyka? 1990 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |